Mämmet yrza
…Tarhanyň oýunyň orruk-ortarasyndaky guýynyň töweregine egele bolup oturan bäş oýnam öýli, çaklaňja gum obasynyň üstünde mazaly garaňky gatlyşypdy. Towşan guỳrujaklaryny saklaýan köne düwünçegini öňüne alyp, ütelgisine1 berjek iỳmiti mazaly siňenden soň ýuwutdyrar ýaly gaýaw2 taýýarlaýan goja mürüşgär3 edip oturan işini gözleri kesmejek bolýandygy üçin, gapdalyndaky nebit çyranyň peltesini azajyk galdyrdy. Işini boldum eden Amanmämmet aga düwünçegini gaỳtadan düwdi-de, gaýawyny bir gyrada goỳdy. Daşary sowuk bolandygy zerarly gara öýüň tärimine golaýda dikilen tuguň4 üstünde gözlerini ýumjukladyp oturan hemrasynyň ýanyna bardy. Ysgynsyz elleri bilen soňky bäş-alty ýylyň dowamynda bile aw eden elguşynyň arkasyny sypady. Goja mürüşgär hemrasynyň gerşiniň ysgynsyzlyk bilen ýeňiljek sandyraýandygyny aýasy bilen syzdy. Dözmedi. Gyýyldy.
-Äý, hawa-da! Meỳdanda guran toruma düşeniňde-de sen eỳỳäm esli ỳaşan guşduň-da! Onsoň näme, sen haýwan bol, ynsan bol, guş bol, ahbetin Biribaryň dünýäsinde bir ýerden şully gözlerini nemlendirip, üç aýakly, itenek-çomanak garrylyk hem geläýýär-dä! Birmahal inişine awuny kakyp geçýän, oljasyna dalaş etseler, bürgüt diýmän, böri diýmän, sagynman üstüne topulyp bilýän, ütelgim, bu gün, ine, öz göwräň agramyna tap getirip bilmän, saňňyldap otyrsyň!-diýip goja mürüşgär pyşyrdady. Soňra köne edähetine eýerip, elguşynyň aýagyndaky salar bagyny barlaşdyrdy.
-Häzir janawerim, men saňa gaýraky goňşy, Atamyrat çopanyň agtyjagynyň getirip giden goýun etindenem dograşdyryp, bereýin! Awdan galanymyza birküç ýyl bolanam bolsa, il-gün seniň bilen uruş ýyllarynda awjagaz awlan bolup, oba ölmez-ödi getirip duranymyzy, biziň şojagaz teperrigimiziň hem köpleri açlykdan halas edendigini unutmaýar. Goýun soýanam, aw edenem jylkaja ýerinden saňa niýetläp getirip durlar.-diýip Amanmämmet aga jowur ak sakgalyna siňdirip hümürdedi-de, tärime söýelgi çuwalyň ýanyna ýöneldi. Çuwalyň üstündäki agzy gapakly çanagy aldy. Içindäki ep-esli bölek jylka etden şapbat ýalysyny kesip aldy-da, “hyk-çoklap” aşak oturdy. Etini dogramak üçin gapagyň üstünde goýdy. Şol pille-de göýä onuň guşuna aýdan ýaňky gürrüňlerini göwnüne alyp, indem özüniň-de juda garrandygyny duýdurmakçy bolýan ýaly, ýüregi gursagynda ynjyly alas-gopaslyk döretdi. Amanmämmet aga pyçak ýöretmesini goýdy-da, böwrüne diň saldy. Kükreginde dörän ýiti agyra gahary gelen ýaly, ynjyly gaşyny çytdy-da, ýene-de pyçagyny ýöredip başlaýşyna içini hümledip ugrady.
“Näme, ýürek! “Jahanyň ýüzünde gaty kän ýaşadym, öte köp işledim, indi bahymrak dynç alasym gelýär” diýmek isleýärsiňmi? Heý ýürek, ýürek! Togtajak bolsaň, durjak bolsaň, öň näme işlediň, sen?! Ýumruk ýaly oglanlykda, ýaňy on üç-on dördümde nägehan ýagy galamyzy başymyza ýumrup, enem-atamdan, dag ýaly iki erkek doganymdan jyda düşürip, ýurdumy daban astyna alanda, näme üçin sen, elheder alyp togtamadyň?! Soňam-a jahan urşy diýdi, ynkylap diýdi, gyrgynçylyk diýdi, açlyk-keselçilik diýdi, ýene-de bir gör-lähet diýdi, görmedigim görde galdy. Şonda-da sanjyp-sanjyp darka ýarylaýman, özbaşyňa urduň ýördüň, ýaşatdyň ýördüň meni! Ýogsa şol wagtam-a bir pille ekeni. Soňky öý-öwzaryňy, halalja mal-halyňy gözüňe basyp, eliňden gaňryp alyşlaryny, iliň öňüne düşen adamlaryň tut-ha-tutlugyny, wa-ah milletiň gülüni gyryşlaryny dagy diýsene, ondan soňky aýylganç urşy görmezlik üçin şonda-da bir ölüp gidäýmek Hudaýyň berdigi ekeni…Heý ýüregim, heýhatly zamananyň apy-tupanlaryna iki sany, ner kimin, her biri ýüze taý oglumy aldyrdym, körpämden nyşan galdy diýip ýörenjäm, keşbinden nur dökülip duran körpe agtygym aýylganç urşuň odunda ýanyp, kül boldy. Didary gözüme gün bolup görünýän balamyň balasynyň derek boýunyň, guwanyp-söýünip, doýup bolmaýan kaddy-kamatynyň öwezine: “gahrymanlarça…” diýen sygryň dili ýaly kagyz gelende, asman üstüme inip, günäkär tenimi zemin hopdumyka diýipdirin. Aldy şol kagyzjyk, elli ýyllap ajyny-süýjüni bölüşen ýassykdaşymy, ahbetin alyp ýatdy! “Basmaçy” diýip, ata-babalarymyzyň dessuryna eýerip, watan üçin, erkinlik üçin ata çykan uly oglumy ýuwdan ynkylap alyp bilmedi, “halk duşmany” diýip körpämi dereksiz ýitiren tut-ha-tutluk alyp bilmedi, emma körpämden ýadygär galanja ýalňyz uçgunjygymyzy söndüren sygryň dili ýaly kagyz welin, ahyry aldy, ony!... Indi senem, şol zatlardan soň, men, daş göwüniň näzini segsen ýyllap çeke-çeke, bu günki gün, ykbalyma kaýyl bolup, agtyk-çowluklaryň arasynda birsellem şolaryň ösüp-örňeýişlerine guwanaýyn diýsem, maňa öz şikaýat kagyzyňy somlaýarsyňmy?! Munyň-a bolmaýar, bolmaýar-ow, bolmaýar!”
Azsalymdan soňra goja mürüşgär eti dograp boldy-da, şakäsä saldy. Ýene-de kuwwaty giden dyzlaryna agram salyp, ýerinden galdy. Guşuna tarap ýöneldi. Onuň şakäseden owunjak et böleklerini çokalap alyp, iýşine sabyrlylyk bilen tomaşa edip ugrady. Şol wagtam üç-dört ýaşlaryndaky tokarja çowlugy ala-güpürdi bolup, içerik kürsäp girdi:
-Ata, ata-how!-diýdi-de, dogumlyja bezzatjyk elguşa gözi düşen badyna özüniň näme üçin garry atasynyň ýanyna gelendigini huşundan uçurdy. Amanmämmet aga:
-Näme, ballym?!-diýende, pelteli çyranyň ýagtysyna gözjagazlary türkmen köpeginiň güjüjeginiň gözleri ýaly garagol batyrlyk bilen ýyldyraýan bezzat, düýbünden başga zat peltekledi:
-Ata-how, şu geýek algyýguşa men etjik beýäýsemmikäm?!
Bezzatlygy zerarly agtyk-çowluklarynyň içinde iň ezizleýäni bolandygy zerarly garagoluň bazzyk-buzzugyna Amanmämmet aga monça boldy. Jowur ak sakgalyna siňdirip, mys-mys güldi-de, şakäsäni çowlugyna uzatdy:
-Aý köşek, bize maslahat salýan bolsaň-a, beräýseňem bolman durmaz! Häý ataňa, kakaňa çeken diljagazyňa döneýin seniň, batyrjam!
Garry atasynyň elinden şakäsäni alan bezzat dünýäni undup, daraklygyna galdy-da, özüne uzadylýan şakäseden göwnübir ýaly et çokýan ütelgä daňyldy.
Birhaýukdan soň gara öýüň işiginde ýaşy durugşan zenanyň başy başatgyçly sudury göründi. Uly oglunyň gelnine nazary kaklyşan Amanmämmet aga ardynjyrady-da, çowlugynyň tahýalyja başyny sypady:
-Oglum-a, bu eneň yzyňdan gelipdir-le, bar garry ataňa näme aýtmakçy bolýar, bil derrew!
Gyzykly işine kellesi gyzan oglanjyk nädip:
-Duýsana-how, atam senem-ä?! Bu etjigini gutaýmasa, algyýguş düwüneý-ä!-diýenini duýman galdy. Ýeser bezzadyň bu gürrüňine garry mürüşgär hezil edip güldi:
-Ýak garagolum, senem-ä, bir zatlar tapaýýarsyň! Bar hany, eneňi işikde garaşdyryp goýma, näme diýýändigini bil-de, onsoň ýene-de algyrguşuň höregini beriber.
Alňasaýan oglanjyk ylgap enesiniň ýanyna bardy-da:
-Näme-how, ene! Aýtsana bahymýak, atam hemme wagt algyýguşa etjik beýdiýenog-a, senem ene, şu wagt geýýäň-de, bimaza edýäň! Häziý atam, getiý käsäni diýäýse näme?-diýip, jedirdedi.
Enesi oglanjygyň gulagyna garşy egildi-de, ýaşmagynyň aňyrsyndan pyşyrdap ugrady. Bar ünsi elguşuň ýanynda galan oglanjygam enesiniň näme diýýändigine-de düşünmän sözme-söz gaýtalap ugrady:
-Aý ogýan, “gaýýy gaýynym ezizýeýäý” diýip saňa zat diýiýmeýäý (diýilmeýär) weýin, haýys başyna gidipsiň-ýe…Wiý, ata muny enem maňa käýýeýäý-ýaý (käýýeýär-laý)!-diýip ýalňyşanyny bilen oglanjyk dilini dişledi. Bezzadyň gürrüňine Amanmämmet aga arkan-ýüzin gaýşyp, gülmäge durdy. Oglanjygyň enesi hem gözlerini güldürenini duýman galdy. Emma salyhatly zenan bada-bat çynlakaý keşbe girdi-de, oglanjygyň oýlukçasyndan çekiberip goýberdi:
-Aý oglan, kilçerme-de, akyllyja bolup, garry ataňa aýt! Ilerki Orazmämmet aganyň ogly hem dolanypdyr. Ýaňy tebärek çykardýandyklaryny aýdyp gitdiler. Garadaşaýak obadan bagşy hem getiripdirler. Birsellem oturyp gaýtsa… “Kiçi atamam gitdi” diýip aýt!
Uly gelniniň pyşyrdysyny eşiden Amanmämmet aga gülküsini kesdi:
-Haý-haý, gyzym, syýyndan-beýlekisinden çekiberip, bujagaza beýle dözümli darabermäň häli! Körpämiziň ady dakylanjadyr bi, tarhandyr bi! Orazmämmetlere bolsa hökmän görneris, bagşam diňläris elbetde! Özümem giç öýlän onuň otuz dokuzda harby gulluga alnan oglunyň ýedi ýyldan soň sag-aman dolanandygyny eşitdim. Gidermen bolup otyrdym, ýöne şu algyryma agşam höregini berjek bolup eglenäýdim. “Ortanjym gitdi” diýdiňmi, gelin?
Oglanjygyň enesi: “hawa” diýen terzde baş atdy.
-Hä onda menem häzir barýaryn, käsäni-beýlekini ýygnaň, gyzym!-diýdi-de Amanmämmet aga donuny düzedip, daş çykdy. Bäş sany öý gala ýaly bolup, Amanmämmet aganyň öýüniň daşyna egele bolup otyrdylar. Bu onuň ortanjy oglunyň hem-de agtyklarynyň öýleridi. Goja mürüşgär ortanjy oglunyň öýüniň deňesinden geçip barýarka, gyzlaryň läle kakýan owazyny eşitdi.
Lä-le-lä-le, lä-le ja-na,
Gyzlar kaksyn, läle jana!
Sary ýüpek sozula-ra.
Sary ýüpek sozulsa-la,
Gyzyň göwni bozula-ra.
Läle-läle, läle jana,
Gynanma sen, Gökdepä-mä,
Ýagyň jaýy bozula-ra.
Duşman jaýy bozulsa-la,
Türkmen ýurdy düzele-rä.
Lä-le-lä-le, lä-le ja-na,
Gyzlar kaksyn, läle jana!
Läläniň Gökdepe galasy hakynda tanyş sözleri gulagyna ilende, ýene-de Amanmämmet aganyň ýüregi sanjyp-sanjyp gitdi. Kalbynyň jümmüşinde, ýedi gat gulpuň aňyrsynda temmelenip saklanýan ýatlama, towlanyp-jowranyp, erkinlige çykmak üçin urnup ugrady. Omürboýy unutmaga çalyşsa-da undup bilmeýän wakasyny özüniň demir erk-ygtyýarynyň zynjyryndan sypdyrmajak bolup, goja müruşgär bolanja güýç-gaýratyny bir ýere jemledi. Sähel salym säginip durdy-da, özüne basalyk berdi. “Gerek däl, gerek däl, oýansa ýene-de köşeşýänçäň müň bir gezek ölüp-direlmeli bolar. Öňem saly suw üstündäki bala-çagalarymy gorkuzaryn. Gerek däl, gozganma, gerek däl!” diýip Amanmämmet aga öwrendikli oýlar bilen özüni köşeşdirdi. Göz açyp-ýumasy salym şeýle halda doňňara-daş bolup durandan soň, ýaşuly rahatlandy. Ortanjy oglunyňka ümä üýşen gyzlaryň lälesine üns bermezlige çalşyp, Amanmämmet aga küren obanyň ileri çetindäki Orazmämmet agalaryň öýlerine ýöneldi. Olara ýakynlanda gapdalky öýden dutaryň owazyny we bagşynyň aýdymyň soňky setirlerine gygyrýan sesini eşitdi. “Eýýäm saz-söhbete başlapdyrlar-ow! Birsellem menem aýdym-saz diňläýsem-ä kem ýaramajak ýaly. Göwnüm açylardy.” diýip oýlanan ýaşuly ädimini ýygjamlatdy. Emma saz-söhbet edilýän öýe bäş-alty ädim galanda bagşynyň aýdymyny tamamlap, gepläp başlamagy näme üçindir Amanmämmet agany gadam urşuny haýallatmaga mejbur etdi. Ol bagşynyň:
-Şu aýdym…1881-nji ýylda Gökdepe urşunda…-diýen sözlerini eşidip, sakga durdy. Durşy bilen gulaga öwrülip, içerden gelýän bagşynyň agrasdan ýakymly owazyny diňlemäge ugrady:
-…Gala ýarylanda…adamlar bosgun bolup gaýralygyna gaçypdyrlar…
Meger öz aýdýan wakasyna bagşynyň özi-de tolgunýan bolara çemeli, ol sözüniň arasyny bölüp-bölüp gepleýärdi:
-Şonda Mämmet atly bir ýigit hem öz ýekeje uýasyny atynyň arkasyna alyp…gaýralygyna gaçypdyr…şonda Ar hojam jan öwlüýäsiniň ýanynda olaryň daşyny gara geýimli dag atlylary alypdyr…şonda uýasy wagşy ýagynyň penjesine diri düşüp, namys astynda galmazlyk üçin…umuman Mämmet ak saplysyny uýasynyň haýyşy boýunça onuň gursagyndan…umuman Mämmediň uýasynyň ady-ha belli däl welin, halk “Mämmet yrza” atly namysjaň ýigit bilen onuň uýasy hakynda aýdym döredipdir… Oňlasaňyz…şony aýdyp bereýin, adamlar!
Amanmämmet aga doňňara-daşa öwrülip durşuna, nädip:
-Altynjemal jan, uýasynyň ady!-diýip, biygtyýar pyşyrdanyny hem duýman galdy. Şol pille-de hälki ýatlamazlyga çalşylýan waka, özüniň temmelengi ýedi gulpyny-da çym-pytrak edip, bentlengi ähli zynjyrlaryny-da gyrym-gyrym gyryşdyryp, görmedigi görde galan gojanyň göwnüni harasatdan doldurdy. Onuň göwnüne bolmasa, niredendir bir ýerden ýalňyz siňlisiniň: “Mämmet jan yrzadyryn!” diýip soňky deminde gygyrýan sesi gelen ýaly boldy. Gojanyň kalby lerzana geldi. Şol pursadam öýden eşidilip ugran aýdymyň sesi ony agyr ukudan açylan ýaly etdi.
Gökdepe gowgasy dünýä ýaň salar,
Biperwaý namyssyz namarda ýazar,
Gazaply-gowgaly geçmişi bilen,
Jigermi para-para, paralan gyz!
Amanmämmet aga bu aýdymy-da, rowaýaty-da ömründe ilkinji gezek eşidýärdi. Ol geň galdy. “Ol ýerde ýagynyň atlylaryndan we Altynjemal ikimizden özge yns-jyns ýokdy ahyry. Men ömrüme şol waka barada ýeke ynsanyň ýanynda-da dil ýarmadym. Il-gün meniň ömrümiň pajygasy barada nireden bilip ýörkä?!” Şol müddet ýaňlanan aýdymyň indiki bendi Amanmämmet aganyň kalbyny agdar-düňder edip, onuň oýlanmak ukybyny ýom-ýok etdi:
Ur pyçagy dogan, göwsümden meniň,
Mämmet yrza dogan, edenňe seniň.
Tyg girip, jan çykdy, boş galdy teniň,
Duşmanlardan namysyny goran gyz!
Goja mürüşgär misli bir sarsmaz gaýa bölegine dönen dek, doňňara-daşa öwrülip durdy. Gözlerinden biygtyýar çogup çykýan ajy gözýaşlar hem zire-zire bolup, ýaňaklarynyň gasyn-gasyn hamynyň üstünden togalanyp, ak sakgalyna siňýärdiler. Hakydasynda bolsa tilsimi köp duşmanyň hilesi bilen bir ganaty asmana sowrulandan soňra, möjekden azan gelegurtlaryň ordasyndan goranýan ýaraly gaplaňa dönen galanyň ýeňşe umytsyz darkaşa girip, soňky deminde ýaga gaýtawul berşi janlanýardy. Uly agasynyň atynyň ýalyny al ganyna boýap işiklerine gelşi, “Mämmet janym, neberämiziň erkek göbeklisinden bir sen aman galdyň, Altyn jany hem al-da, meniň atyma atlanyp, guma garşy gaçyň! Hernä Hak sizi penasynda saklasyn-da!” diýip, atyndan agyp, jan berşi, gözi girýan, bagry girýan ýalňyz uýasynyň golundan çekip, gana boýalan, ýadaw bedewe mündürmäge çalyşýan, on üç-on dört ýaşly oglanjyk – onuň özi, baş-başa-da jan-jana bolup barýan bosgunlaryň arasy bilen gaýralygyna garşy gaçyşlary, yzlaryndan gyrgy kimin gaýyşyp, garawsyz aýal-ebtatlary, oglan-uşaklary, garry-gurtylary bir ujundan gylyçdan geçirip barýan ýagynyň atlylary, esasanam gana suwsan, wagşy gara geýimliler, soňra ýagydan arany açdyk hasaplap, haýsydyr bir çaklaňja gonamçylygyň ýanynda demlerini dürsemek üçin säginişleri…Bu zatlaryň bary aýdym-saz ýaňlanýan öýden bäş-alty ädim daşlykda, garaňkynyň içinde, hiç kimiň gözüne ilmän, iki dünýäniň arasynda hallan atýan seňňi-mugallak deýin, ysgynsyz, garry göwresi gyş gijesiniň assaja şemalyna-da yraň atyp duran gojanyň gözüniň öňünden hakydasynyň göze görünmeýän iňçejik sapagyna düzülip birme-bir geçip durdy, geçip durdy…
…Gabawda bolan döwürleriniň horlugy-hunabasy ýaňy on alty ýaşan gyzyň näzik ýüzüni hazan ýeli uran bägül güle dönderipdi. Ol howlukmaçlyk bilen körpe jigisiniň uzadan mytarasyndan suw içýärdi. Altynjemal suwy içip boldy-da, Mämmede uzatdy.
-Jigim indi näderis? Hossarymyzym-a galmady.-diýip galadan çykyp, gaçyp gaýdanlary bäri mertsiräp gelýän gyz hamsykdy. Agasynyň atynyň boýnuna ýaplanyp, bar gazabyny gözlerine üýşürip duran ýetginjek, uýasy aglap başlasa özüniňem saklanyp bilmän, ejizlejekdigini duýup:
-Aglama!-diýip gaharly pyşyrdady:-Ýyglama diýýän, saňa! Bäş-üç gün ýagy Gökdepe galany taşlap gidýänçä, çölde bolarys. Özümiziňkileri taparys-da, şolary penalaýarys. Soňra yzymyza baryp, agalarymyzy, goňşy-golamlarymyzy ýere duwlarys. Soň bolsa…
Oglanjygyň bogazy doldy. Ol gepläp bilmän dymdy. Şol pille-de:
-Gara geýimliler!-diýdi-de, Altynjemal gorkuly pyşyrdady.
-Hany? Nirede?-diýip uýasy üçin gorkudan ýaňa heýýaty başyndan uçan Mämmet daş-töweregine ýaltaklanda, hol allaowarradan gelýän, bir kowçum duşman atlysyna gözi düşdi. Ol syçrap atyna atlandy-da, Altynjemala elini uzatdy.
-Bol, uýajygym, gaçaly, hanha, olar bölünişip, öňümizi gyýalap ugradylar. Bol çaltrak, gabamaga çalyşýarlar.
Şol wagt Altynjemal jigisiniň garaşmadyk hereketini etdi. Onuň bilindäki ak saplyny sogrup aldy-da, kükregine diredi:
-Mämmet jan, jigim, atyň ýadaw! Ikimizi alyp çykmaz! Ýeke gitseň gutular umydyň bar. Bile gitsek ikimiz hem ýagynyň oljasy bolarys-diýip Altynjemal pyşyrdady. Mämmediň huşy başyndan uçdy. Ýalňyz uýasynyň hereketinden hem gorkdy, hem oňa gahary geldi.
-Bol ahyry, Altynjemal, ýetip gelýärler ahyry, mün bejit, atyň syrtyna!
-Mämmet jan, çekeleşige pursat ýok! Çal ata, jüp gamçyny! Sen diri galsaň, tohumymyz dowam eder! Türkmeniň tohumy tükenmese, türkmen dowam etse, ony hiç bir ýagy ýeňip bilmez, ahyry bir gün kasasyny kyýamata goýman, erkinligini tug edip depesinde parladar. Git, bahymrak! Ýöne men naçaryňy, ýabany gara geýimliniň eline diri berme! Olaryň girisine naçar bolup ilseň nätjeklerine beletsiň.
Aljyran Mämmet düşünmedi. Ol çapyksuwarynyň tolgunjyny süňňi bilen syzyp agyzdyrygyny çeýneýän bedewiniň jylawyny uýasyna garşy towlady-da:
-Näme diýip dursuň, uýam? Mün ahyry!-diýdi. Şol pille-de ýalňyz siňlisiniň nazaryna nazary kaklyşdy. Mämmet bada-bat ähli zada düşündi. Düşünmeginden ýaňa-da onuň depesinden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Ol atyndan böküp düşdi-de, uýasynyň elindäki pyçaga ýapyşdy:
-Ýok, ýok, men başarmaryn, gowusy ber, pyçagy! Eger-de ikimiz-de sypyp bilmejek bolsak, men iň bolmanda agalarym ýaly olaryň üstüne at goýup bir öleýin!
-Sen düşünmediň, Mämmet jan! Sen biziň neberämiziň soňky erkek göbeklisi! Sen ýaşamaly, jigim!
Mämmet sakga durdy. Ýüzüni sallady. Birdenem daşdan çapylana dönen ýüzüni göterdi-de, Altynjemalyň gözlerine dikildi:
-Näme edeýin, uýam?!-diýende oglanjygyň aýgytly sesi onuň özi üçin güňleç eşidildi.
-Namys astynda galmaly, jigim! It şunuň sapyndan, özümiň bognum ysmaz!-diýip, Altynjemal ak saplyny kükregine diredi…
…Çagalygynyň pajygaly wakasy hyýalynda gaýtalanýan Amanmämmet aga tutuş süňňi bilen elenýärdi. Ýaşy segsene ýeten goja şol çykalgasyz hasratly wakany özüniň uzak ömründe gör eýýäm näçenji gezek başyndan geçirýärdi. Ol ýene-de on üç-on dört ýaşly oglanjyga öwrülip, kükreginden ak saply dikilgi halyna gana bulaşyp ýatan ýalňyz uýasyny yzynda galdyryp, bedew atynyň üstünde gyrmyzy donuny şemala galgadyp:
-Wa-aý dogan! Waý dogan-eý, aý dogan-eý! Aýa-güne taý dogan-eý! Yrza bol, menden! Eger, sähel uly bolan bolsam, agalarym ýaly pälwan bolsam, iň bolmanda elimde ýaragym bolan bolsa, gara geýimliniň müň janyny seniň dabanyň ýekeje yzyna gurban ederdim! Waý dogan-eý! Yrza bol, ýalňyz siňlim, yrza bol! Yrza bol, menden-n-n-n!!!-diýip yzyna garaman, bagyryp barýardy. Duşman atlylarynyň ýeňsesinden atýan gülleleri bolsa “şuwlaşyp” onuň gulagynyň duşundan geçýärdi. Üstündäkiniň janyna howp düşenini syzyp, bolanja güýç-kuwwatyny jemläp, guş deýin uçmaga dalaş edýän bedew bolsa her näçe çalt çapsa-da, gana bulaşyp ýatan gyzyň soňky demi bilen bilelikde kükreginden sogrulan gykylyk olaryň yzyndan galmaýardy.
-Mämmet jan, ýalňyz arkadagym, o dünýe bu dünýe yrzadyryn-n-n-n! Mämmet, yrza-a-a-a!!!
…Öýden başga aýdymyň sözleri eşidilip ugrandan soňra Amanmämmet aga tisginip gitdi-de, hasratly ýatlamalaryň ummanyndan sogruldy. Ol gözýaşa ýuwlan ýüzüni süpürişdirdi-de, bolanja ysgyny-da gaçan aýaklaryny zordan süýräp, öýüne dolandy. Öýe girende törde ojagyň ojar ody bilen ýanyp durandygyna, emma içerde hiç kimiň ýokdugyna üns bermän, donuny, galyň ýüň jorabyny çykardy-da, ýazylgy düşegine geçdi. Başyny ýassyga goýdy. Emma her näçe uklamaga çytraşsa-da, hiç köşeşip bilmedi. Ýalňyz naçarynyň soňky owazy kalbynda şol ýaňlandy durdy. Ahbetin ymyzganyp bilmejekdigine göz ýetirip, Amanmämmet aga täzeden geýindi-de, daş çykdy. Tarhanyň oýunyň gaýra çetinde ýerleşen belent gum depesine garşy ýöneldi. Depäniň üstüne çykdy-da, çäge öte sowuk bolsa-da, aşak çökdi. Hiç-hili oýsuz-pikirsiz galan köňlüni dym-dyrs edip, ýumşak jada beslenen türkmen çölüniň oý-pikirlerdendir, duýgulardan ýaňa yrňyldap duran gijesini diňläp ugrady. Birsellem şeýdip oturandan soň bolsa goja mürüşgär, özi hem duýman kalbynda üznüksiz gaýtalanýan sözleri pyşyrdap başlady:
-Türkmen namysynyň hatyrasyna, ýalňyz uýam, men günäkär doganyňdan yrza bol! Siziň üçin şirin janlaryny pida eden enem-atamyň, doganlarymyň, il-günümiň, ýalňyz uýam Altynjemal janyň hatyrasyna, ata Watan, ene toprak, yrza bol! Türkmeniň dowam etmegi üçin gurban bolan ýalňyz siňlimiň hatyrasyna, il-gün, men ejiz bendeden yrza bol! Türkmen dowam edýär, hemmäňiz yrza boluň!
Asman-zemin, garaňky gijelik, dym-dyrslyga beslenen çöl-beýewanyň sazaklary, ojarlary, ýeňsesindäki oýda tümlüge beslenip ýatan oba, henizem ýaňlanyp duran bagşynyň owazy… umuman Hak Perwerdigäriň döreden dünýäsiniň ähli zatlary goja mürüşgäriň pyşyrdysyna tutuş durky-düýrmekleri bilen dymyp, diň salýan ýalydy. Şol dymmaklygy bilenem Mämmet yrzanyň çar ýanyny gallaýan tükeniksiz türkmen diýary, özüniň ähli zady bilen:
-Türkmen dowam edýär! Yrzadyrys!-diýip, pyşyrdap jogap berýäne çalym edýärdi.
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2009-njy ýylyň
9-njy ýanwaryndaky sany
Ak at
…Aýaklary bilen tutuşlygyna ak keçä basyrylyp saralan, gunduz kimin ak at gözüňi gamaşdyryp, teblede horguryp durdy. Beýleräkde ak gümmez kibi güberip oturan sekiz ganat ak öýüň aklygy bolsa töwerek-daşa güpüläp düşen gar örtüginiň aklygy bilen bäsleşýärdi.
Gyş gününiň gyzgyny ýok şöhleleri şady-horramlyk bilen garyň ýüzünde oýnap çar ýany älemgoşar öwüşginli ýylpyldylardan doldurýardy. Öýüň keçesindäki gar gyrawy bolsa kuýaş nuruna hünji owuntygy deýin öwşün atýardy. Säheriň tämiz çigreginde iýmtorbasy bilen gümra bedewiň ýyly demi bugarýardy-da, birenaýy bolup, howada eräp, ýitip gidýärdi.
Işigiň deregine ötügine asylan kendir çuwaldan serpigiň ýyrtyklaryndan garaňky töri hoňkaryp, gorkunç bolup görünýän buz ýaly sowuk ýerkümäniň agyzjygynda duran üç-dört ýaşlaryndaky oglanjyk bolsa göýä sowugy-beýlekini duýmaýan ýalydy. Ýogsa ol ýarym-ýalaňaçdy. Eşik ugrundan diňe dyzjagazynyň aşak ýanyna ýetip duran, ýakasynyň kiri damagyny çalaýyn diýýän esgä öwrülip giden şalha köýnegi bardy. “Bit düşmesin” diýip golaýda syrylan ýumruk ýaly kellejigi bolsa kütek päkini çalmaga ýaltanylandygy zerarly kesim-kesimdi. Diňe şol ganjaryp duran ýaralar gyş ertiriniň aýazyna awuşaýan bolara çemeli. Oglanjyk aňkaryp aty synlap durşuna aram-aram ýyrtyk ýeňi bilen depesini sürtenini duýman galýardy. Onsoňam käte bir çorluja. Ýalaňaç aýaklaryny gezekli-gezegune injigine oýkaýardy.
Onuň bu mahal bar küýi-köçesi iki ädim beýle ýanynda bentlenen ýaz ahyrynyň ak asmanyna reňkdeş bedewdedi. Gözlerini şakäse ýaly tegeläp, agzyny açyp aty synlaýardy. Ýöne bir synlamagam däl, öňünde duran uçmahy gudratyň her bir hereketinden, bedeniniň her bir dynnym ýalyjak nokatjygyndan görüp, doýup, ganyp bilmän, doňňara-daşa öwrülip dünýäni undup durdy. Kämahalam özüne nahar deregine berilýän ýuwundynyň öten agşamdan bäri dodajygynyň çetlerinde doňup galan çyrşaklaryny ýalaýardy.
“Owadandygyny-y-y!” diýip oglanjyk süýkdirip oýlandy. Şol pille-de oglanjygyň bu pikiri daş-töwerekde garry adamyň gurak pyşyrdysy bolup, ýaňlanyp gitdi. Oglanjyk allaniçigsi boldy. Tisgindi. Çar-ýanyna ýaltaklady. Şonda-da niredendir bir ýerden peýda bolup, ýeňsesinde abanyp duran hyrsyz garasakgaly gördi. Onuň ýüzi eňşäp durdy. Oglanjygyň durkuny hiç zat bilen deňeşdirip bolmajak wehim gaplap aldy. Ol simap kimin sandyrap, gamyş kimin galdyrady:
-Halmyrat akga?!!
-Näme, doňduryp öldüripdirler diýip ile gybat etdirjek bolýarmyň?! Gir, sümelgäňe, ýetimek!-diýip ol ýylan ýaly haşşyldady-da, oglanjygy depip goýberdi.
Oglanjyk çamalagy çaşan köne telpek deýin zyňlyp, ömralla içinde ot ýanyp görmedik, sogan saklanýan ýerkümä düşdi…
…Eli “patylap” gapdalynda duran çäýnege degen goja çopan der basyp oýandy. “Owf! Ýene-de gara basdy-ow!” diýip oýlandy-da, ol düşeginde dik oturdy. Takyr kellesindäki ýatanda daňynýan gyraly ýaglygyny sypyryp, gara der bolan ýüzüni süpürdi. Birküç ýola uludan demini aldy. Emma ýaňky düýşüniň gorkusyndan saplanyp bilmedi. Süňňi sandyrap durdy. “Öte gorkuzypdyr-ow, Ezraýyl almyş, Halmyrat!” diýip oýlandy-da, ol:
-Suw bir owurtlaýyn-la!-diýip pyşyrdady. Tamyň çüňkünde ýazylyp-ýaýrap ýatan jahyl agtygyny oýarmajak bolup, assyrynlyk bilen çäýnekden çaý guýundy. Buz ýaly çaýy owurtlasa-da owurtlady welin, dadanyna puşman etdi.
-Päheý “demini alan çaýyň men gurbany, çäýnegi çüýreder sowan çaý” diýip çaýkeşler ýöne ýere aýtmaýarlar ekeni…
Ol käsesini ýerde goýdy. Biraz wagt geçenindenmi, ýa-da ünsi başga zada sowlanyndanmy nämemi, az-owlak kalby köşeşdi.
-Päheý-de welinim, diýmäýin, diýsem! Halmyrada “Ezraýyl almyş” diýäýdimmi?! Adamyň-a nemesidi welin,… onda-da näme, gulagy göründen bendäniň! Ýumruk ýaly ýetimkäm eden zulumy üçin o dünýäde hasaplaşar-da! Men bir ölen bendä gargap, günägaby bolmaýyn.
Goja çopan şeýle diýip pyşyrdaşdyrdy-da, aýagyna ýüň jorabyny sokdy. Oýlugyny geýdi. Üstündenem içmegini ýelbegeý atyndy. Ädigini sokdy.
-Gowaldaň geýäýmeli ekeni! Sowuga az-maz ýygrylypdyr, gysjak bolýar.- diýip ol ädigi hakynda murtuna siňdirip, hümürdedi.Telpegini kellesine atybam, köne çopan tamynyň gapysyny seresaplylyk bilen, jygyldatman açdy-da daş çykdy. Ädenindenem dyzyna çenli gara çomdy.
-Mazalyja ýagypdyr-ow, gurbany gitdigim! Peýşinde latga-latga bolup gaçyp ýaňy kiparlan bolara çemeli.
Ol “gütürt-gütürt” edip, üsti bassyrmaly, müň goýun sygar çemesi agyla tarap ýöneldi. “Birneme çökderräk çykdaýjy hem boldy welin, geçen tomus oglanlar bilen şuny gurup oňarypdyrys. Dowar janawerler hezil edýändirler. Guryja ýer, böwürlerinden hazan ýeli hazylap duranok… Geçen ýylyň doňaklygynda burnumdan gelen soň şu ýyl öňünden gaçdym-da…Wah!”
Goja çopan hyrçyny dişledi:
-Diňe geçen ýyldan awunyp tejribe toplamaly däl-le, biz! Öňden okuwly-la biz! Bi Garagumuň özümi bilelim bäri aňzagy arkamda doňup, epgegi egnimde gowruldy-la welin, näme öň pylan edeýin diýeniň bilen ýol berýärlermi diýsene?!…”Galhoz, bar zat halkyňky, köpçüligiňki…” diýip mähelleli ýygnaklaryň münberlerinde tozan peşediler…Özlerem diýmäýin diýsem, bärde atasynyň maly bar ýaly, hepde-de gelip: “kolhoz başlygynyň aýalynyň çebiş iýesi gelýär, raýkomyň ýegeniniň öweç iýesi gelýär” diýip daşadylar durdylar. “Eýle-beýle” diýjek bolsaň, gaýta saňa-da “men alyp gitdi diýip, aýyr bäş-alty kelläni, näme goňşyň zadymy, bu!? Gitse bagdan gidýär, saňa nä?” diýip haramlyk hödürleýärler… Toba estagpyrylla! Ýene-de müň kerem toba! Kişi malyna-da bir el urup bolarmy? Eliň-gözüň şel açmazmy, eýsem?… Çoluk döwürlerim Gurban aga pahyr—ýatan ýeri ýagty bolsun, imany hemra bolsun, Hudaý jan, Alla jan! Eden ýagşylyklaryny neberelerim hem ata-baba unutmazlar—şol görgüli baş çopanym, şeýle diýerdi: “Köşegim, haramy gazanmak ýeňildir! Edil egilibildigiň alybermelidir. Ýöne näçe bassaň basyber, kyrk gezek Karunyň kyrk şäheriçe toplasaň-da haram baýlyk bir adam ömrüne, aňry gitse, iki arka gider. Onsoň ol zomap bir ýeriňden çykar. Özüň görmeseň çagalaryň görer. Soňky süpükdenem on esse beter süpürgä dönerler. Bu gägirip gözi gyzaranlaryň gününe bolsa guwanmagyn… Allatagalanyň berenje yrsgaly bilen oňňut edibergin. Şonda özüňem, çagalaryňam “ýamanlyk ýüzüni görmäweriň” diýleni bolarsyňyz, oglum!” diýerdi, pahyr. Öwran-öwranam gaýtalardy.
Hak sözünem aýdypdyr, görgüli! Hudaýa şükür, il-gün zulmatdan çykdy. Ine saňa ýer! Ine saňa mal! Mülk! Mümkinçilik! Işle, der dök, gazan, baýa! Gazananyňa dawa etjek, işleseň “elleme” diýjek ýok. Harama ýanaşmasaň, halallykdan kemal tapsaň towugyňa tok diýjek ýok. Birhili ýarak itiň agzyndan sypan ýaly bolaýdyk. Çagalary hem Gurban aganyň aýdyşy dek : “halallygyň hamyrmaýasyna ýugrup” terbiýeländigimiz zerarly, Allaha müň-de bir alkyş, pak çykany ýok. Çüýrük çykany ýok. Bir şü: “ogullarymyň hiç haýsy kesbime eýermedi, garaşsyzlygyň soňky bäş ýylynda azap edip ýygnanja sürim amanadymy tabşyrsam eýesiz galjak” diýip gynanyp ýördüm. Onda-da päk Perwerdigär alnymdan diredi. Nowbaharymyň ortanjy ogly-agtygym: “atam, çöl, mal” diýip ýapyşyp ýatyr. Kowubam gidirip bolmaýar. Elbetde bu düňle çöle, giň sähralara teşneligi, menden geçendir-dä… Äý, onsoňam bu sadagasy boldugyma nädip aşyk bolmajak ahyry!”
Goja çopan agyla golaýlap ugranda synyny silkip, garyny kakdy. Sagynyp, töweregine göz aýlady. Daş-töwerekde garyň aklygy bilen gije garaňkylygy garyşyp birgeňsi ümsümlikden dolup, ýaýylyp ýatyrdy. Ol gaňşyrawugyňy tütedip gelýän aýazly, arassa howadan öýkenini dolduryp dem aldy.
-Jana derman ahyry, gurbany boldugym!-diýip pyşyrdady-da kellesini göterdi. Syýareňk gökde ýekeje übtük bulut ýokdy. Ak patrak bolup dogan ýyldyzlar bolsa oraksypat aýyň ýagtysyna, göýä Allatagalanyň ojagyndan syçran uçgunjyklar dek ýylpyldaşyp görünýärdiler.
“Asman açyk welin, şatylap doňar-ow!” diýip çopan içini hümletdi. Şol mahalam aňyrdan selkildäp gelýän daýaw, gara kelle goýun itinde öz söýgüli Garabaşyny tanady. Hemişe bolşy ýaly, ony görende söýündi.
-Wah, boýuňa döneýin, janawerim!
Gartaşyp ugran köpek suwjarmady. “Arslan garnuwly’ diýilýän türkmen goýun itleriniň asyllylygy bilen eýesine birki ädim ýetmän saklandy. ”Näme hojaýyn, ukyň tutmaýarmy? Goýun üçin-ä bimaza bolma, özüm bar!” diýýän ýaly, akylly gözleri bilen dikanlap seretdi. Çopan golaýlap, itiniň başyna aýasyny goýdy. Sypalady.
-Hä, janawerim, “Men oýa, hatyrjem bol!” diýýärmiň? Seniňem görmedigiň görde galandyr-la, janawerim! Möjek sürüsi bilen döwüşdiň, ogry-jümri bilenem garpyşdyň, harasat-syrgynlardan hem bile çykdyk. Azaşybam gördük… Garaz ähli hunabalary bile çekişdiň. Oba, oglanlaryň ýanyna ugradaýyn diýsemem, sensiz galmaga ýüregim edenok. Äý, asla ugradaýanymda-da ol taýda durasyň hem ýok-la. Iki günden yzyňa gelersiň.
Çopan hümürdäp durşuna, köpegiň kesik gulagyny ýeňsesini gaşady-da, agylyň işigine tarap ýöneldi. Baryp söýendi. Aýyň ýagtysyna gözleri bilen goýunlaryny tükelledi. Ol müňe ýeter-ýetmez janlysynyň her birini diýen ýaly tanaýardy. Ählisiniň diýen ýaly ene-atasyna çenli belet bolandygy sebäpli goýunlar onuň üçin adamlar ýalydy. Hersiniň özüne mahsus alamaty bardy.
-Ertir-ä sürä ýatakda ýandak beräýsek öýdýän. Hudaýa şükür, ýandagym, bede-samanym-a ýetik, gyssansak iýmimiz hem ýeterlik bar. Onsoňam sürini çykarsak, ol kelek geçiniň yzyna düşýän topar goýunlar bilen bogaz ene goýunlar galan süriniň yzyna eýgermez. Äý, galyberse-de garam galyň düşüpdir, çöp başy görünmeýär.-diýip goja çopan daşyndan oýlandy.
Soň ýene-de ýataga göz aýlady. Mallar bolsa ony ysyndanmy, sypatyndanmy tanap, göwnübir ýaly ýatyrdylar. Öreýin-ürkeýin diýmeýärdiler. Goja çopan elini aşak sallanda Garabaşyň öl tumşugyna degdi. Ol biygtyýar, köpegi ýene-de sypady. Näme üçindir ýene-de kakasynyň inisi Halmyrat ýadyna düşdi.
-Doganoglan agaň, kakaň ornuna bolmaly adam diýjeksiň welin, ine, şu haýwança bolup bilmedi.-diýip hüňürdedi. Emma bada-bat dilinden sypan sözlere ökündi:
-Wah-eý! Ýaňyja-da ýatlamaýyn diýip durdum welin, ýene-de aýatda ýok bendeden närazy boldum-da…
Ýöne şonda-da ökünenine-beýlekisine garaman, ýyldyrym çaltlygynda onuň aňyndan çagalyk ýatlamalary zymdyrylyp geçip gitdiler.
…Otuz ýedide kakasy bilen ejesiniň gürüm-jürüm bolmagy. Kakasynyň inisi Halmyratnyň elinde galyşy. Agasy bilen ýeňňesiniň zulumy…
Horja eginlerini gysyp, ýalňyz ýyrtyk jindesini şemala galgadyp duran arryk oglanjyk göz öňüne gelende gojanyň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Bokurdagy doldy... Şonda daşkyrak garyndaşlary bolan Gurban aga gelip ýany bilen çöle äkitmedik bolsa, meger şol doňýürekleriň elinde ölüp giderdi… Pahyr, eşeginde, öňüne alyp barýarka gujagyna gysyp-gysyp, onuň gyzyletene guşuň göwrejigi ýaly, galpyldaýan bedenjigini bagryna basyp-oýkap baý, hamsygypdy, görgüli!
-Eý Biribar, hiý beýle-de bir doňbagyrlyk bolarmy?! Neresse çagany nädäýpdirler-ä, bu gpu-lar!-diýip gözlerinden boýur-boýur togalap samyrdapdy.-Ýeri işleseň işläpsiň-dä “gpu” diýilýän jellathanada. Mollum agaňa, bigünä ýeňňeňe “halk duşmany” diýip, şyltak atyp başlaryny iýenleri üçin, Allanyň ak guşy ýaly çaga munça sütem edäýmek bolarmy? Dözmän: “Çölde el-aýak gerek, alyp gidäýeýin-le!” diýsem, gaýta: “äkit çopan, käte bir işek taşlap dursaň bolar” diýip, gul söwdasyny eden ýaly, bujagaz neressä nyrh kesýär ahyry… Hudaý göz görkezer, Halmyrat! Haktagala seniň gözüňde ot ýakar! Küpür gepleýän-de bolsam, bujagaz neressäniň gargyşy seni tutmasa, Taňryňam Taňry bolmadygy. Yzyň dagar, Halmyrat! Bu wagtky demiň degirmen aýlaýandygyna, gumda agyp-dönýän, haramdan toplan akly-garaly goýunlaryňa, tebläňe iltelgi ak bedewiňe guwanma. Wagt geler, bir gysym külçe-de bolmarsyň!
…Ajy ýatlamalary hakydasyndan syryp aýyrjak bolýan dek, goja çopan maňlaýyny owkalady. “Gurban aganyň soňky sözleri hakyýt welilik bolup çykdy. Halmyradyň özündenem, neberesindenem derek-didiwat galmady. Ogullaram, agtyklaram iliň gözünden düşdüler. Goýun-da galmady, ak öý-de, ak at hem…
“Ak at” diýende ýene-de şol aýaklaryna çenli tutuş endamyna ak keçe saralan jowur ak bedew göz öňünde janlandy.
“Eý Allam, adam pahyr näçe ýaşasa-da, näçe görse-de çagalykda küýsäp, ýetmedik, kemsinen zady ömürbaky ýüreginden çykmajak ekeni. Şunça ýyl geçdi welin, henizem şol ak at kalbymdan gidenok. Entegem wagtal-wagtal düýşüme girýär… Şol mahallar çagakam, sogan saklanýan, tüm-garaňky, sowuk ýerkümede ýarym-ýalaňaç bolup ýaşaýarkam, Halmyradyň ak atyna şeýlebir höwes ederdim. Ony elläp görmek, ýalyndan sypalamak, maňlaýyndan, tumşugyndan öpmek, gije-gündiz arzuwymdy. Gijeler düýşümde görerdim. Gündizler bolsa çuwal serpigiň yşlaryndan ogrynça ak aty doýup bilmän synlardym. Oňa gözüm düşende açlygy-horlugy, sowugy-sütemi unudardym. Göwnüme bolmasa atyň alnyna alnymy ýaplap, hamsygyp, enem-atamyň gaýdyp gelmegini, Halmyrat akgamdan halas etmeklerini diläýsem kabul bolaýjak ýalydy. Ak at meniň gözüme hut Haktagalanyň özi bolup görnerdi. Allany agzasalar aňymda ak atyň şekili peýda bolýardy… Ýöne Halmyrat bendede, gulagy göründen-le welin, öte ýowuzdy, atyny elletmeg-ä beýlede dursun, seredenimi hem gysganardy. Göýä men atyna göz degräýjek ýaly, gabanardy. Soňra eşidip otursam ol atyny şol öz “gpu-jellathanasynda” has ulurak wezipä geçmek üçin ulurak başlyklarynyň birine sowgat beren ekeni. Edil beýdäýmeli däl ekeni, ol! Iň bolmanda öz kolhozymyzyň athanasyna tabşyranam bolsa, eden günäleriniň ýarsyna-ha ýuwardy! Wah, ýöne beýtse Halmyrat hem adam bolardy-da…
-Wah, diýmäýin diýsem, ol bendäni ýene-de ýamanlykda ýatladym-ow!-diýip ol içki pikirini daşyna çykaranyny duýman galdy.
Şondan soň ol ýene-de birsellem oýurganyp durdy. Ahbetinem köpegine:
-Garabaşym, göz-gulak bolaweri! Ýöne üşeme, goşuň töwereginde bolaýgyn!-diýip jaýa garşy ýöredi. Içerik giribem, eşiklerini çykardy-da, düşegine geçdi. Birdenem bir zat huşuna gelip, täzeden turdy. Çaklaýşy ýaly agtygynyň üsti açykdy. Ýogsa üşäp bir gysym bolup ýatyrdy.
-Munuň edähetini diýsene!-diýip goja göwnaçyk käýindi-de, agtygyny ýorgany bilen örtdi. Soňra ýerine geçdi. Içinden:
“Alla jan, özüň gora! Özüň rahatlyk berewer, Allam!” diýip dileg edibem, gözlerini ýumdy…
…Asmanyň ak buludyna çalymdaş bedew, teblede daňylgy duran ýerinden kämahal toýnagyny ýumşak gara urup bir tokga gary hol allaowarra atyp goýberýärdi. Mes at arpadan doýanyndan soň, öz sarçlygyny, keýpihon ýagdaýyny äleme aýan etjek bolýan ýalydy. Birdenkä atyň bäş-on ädim daşlygyndaky ýerkümäniň serpigi serpildi-de, ondan horja, kirlije oglanjyk emedekläp çykdy. Tazylaryň penjesine düşüp, dalanýan möjek çagasy ýaly, howatyrly gözleri bilen çar-töweregi dörüp çykdy. Birdenem ýürejigine bire baglandyr-da, ör boýjagazyna galdy. Güýjünde baryny edip ata garşy ylgady. Geň galaýmaly zat, bedew ondan ürkmedi. Gaýta oňa garşy tumşugyny uzatdy. Oglanjyk bärden guş bolup uçup barşyna, bedewiň tumşugyny garsa gujaklady. Göýä zeminiň ýüzünde şu janawerden eziz, şundan mähriban jandary ýok ýaly, ýüzjagazyny atyň öl tumşugyna ýelmäp, doňup galdy.
Atyň tumşugy onuň gujagyna zordan sygýardy. Ýaňyja gar peşäp, gazygyny goparaýjak bolup dyzaýan sarç bedew bolsa misli, öz ýürekdeşine sataşan dek, käte bir hokranyp parahat durdy.
Oglanjygyň ysgynsyz pyşyrdysy bolsa kirlije ýaňaklaryndan syrygyp gaýdýan begenç gözýaşlaryna gatylyp-garylyp, bedewiň tumşugyna gaçýardy.
-Alla jan, Hudaý jan, adamlara biri-birine mähir ber! Ýurdumyza asudalyk, agzybirlik ber!-diýip goja çopan düýşünde samrap ýatandygyny duýman pyşyrdaýardy:-Monjukgöz çagalar ýetim galmasyn, Halmyrada meňzeşler bolmasyn! Ulus-iliň bagty bilen meniň çagajyklarymyň hem bagty gülläp-gül açsyn, Allam! Ylaýym, halk üçin, ýurt üçin, il-gün üçin ýaşaýan, köňülleri köşkli, kalplary güneşleri ilogullarynyň işleri rowaç bolsun! Ömürleri uzak bolsun, ol gerçekleriň! Gurban aga ýaly perişdesypat, pygamber göwünli adamlaryň hem jaýlaryny jennet edewer, Ýaradan Hudaýym!
Arzyly maksadyna ýeten oglanjyk goja sesi bilen pyşyrdap ak bedewi gujaklap durşuna eşretden ýaňa şol yranyp durdy, şol yranyp durdy…
“Edebiýat we sungat” gazetiniň 2005-nji ýylyň
22-nji aprelindäki sany
Dostları ilə paylaş: |