32
Çeper hat ýazmak işi ýetginjeklikden başlap ýörite okuwda, us
-
sat mugallymyň ýolbaşçylygynda öwrenilýär. Okuwçylar halypanyň
gözegçiliginde harplaryň dürli görnüşlerini gaýtalap ýazmak arkaly,
çeper hat ýazmagy öwrenipdirler. Kätipleriň göçürýän kitaplarynyň
sanynyň köpeldigiçe olaryň tejribesi artyp, ýazuwyň hem hili has ýo
-
karlanypdyr.
Kitaby göçürmek işi örän köp wagtyň dowamynda amala aşy‑
rylypdyr. Kätibiň işiniň irginsizligi we köp zähmeti talap edýändigi
aşakdaky rowaýatda aýdyň görünýär: «Abdyl Eziz han öz kätibi Hajy
Ýadygäre Hapyzyň goşgularyny göçürmegi tabşyrypdyr. Bir gün han
kätipden günde näçe setir göçürýändigini sorapdyr. Onda kätip: «Men
günde on setir göçürýärin» diýip jogap beripdir. Bu jogaby eşiden han
oňa seýle diýýär: «Men Uzak Gündogarda farfordan bir gaby ýasa‑
mak üçin kyrk ýyllap zähmet çekilýändigini eşitdim. Ýöne, Bagdatda
bir günüň dowamynda ýüz sany farfor gabyň ýasalýandygyny hem
bil ýärin. Şol ýasalan gaplary deňeşdireniňde olaryň haýsynyň gym
-
matlydygyny säginmän kesgitläp bolar. Bir günde ýasalýan ýüz gabyň
her biri adaty gapdyr. Kyrk ýylda ýasalýan gap bolsa sungat eseridir.
Ol gaýtalanmajak sungatdyr. Sen Hapyzyň goşgularynyň
günde on
setirini göçürseň onda nepislik, çeperçilik bolup bilmez. Günde iki
setir, bolmasa bir setir ýaz. Seniň hatyň gaýtalanmajak sungat bolup
galsyn». Hanyň bu sözlerinden ugur alan Hajy Ýadygär Hapyzyň di
-
wanyny ýedi ýylyň dowamynda göçüripdir».
Türkmen kätiplik sungaty, onuň meşhur wekilleri hakynda dür li
çeşmelerde maglumatlar berilýär. «Türkmen soltanlarynyň, hö küm‑
darlarynyň diwanynda dürli döwürlerde dürli‑dürli meşhur kätipler
hyzmat edipdirler. Olardan Gaznaly türkmen döwletiniň soltanynyň
diwanynda hyzmat eden Abu Nasr Utbyny, Seljuk türkmen döwleti niň
diwanynda hyzmat eden Muntajybeddin Bady Jüweýnini hem‑de Ata
Mälik Jüweýnini we Köneürgenç türkmen döwletiniň hökümdarlary‑
nyň diwanynda
hyzmat eden Reşideddin Watwaty, şeýle‑de Abdyl
Wasyl Jebeli we Şemseddin Perwanany ýatlamak bolar.
Muntajybeddin Bady Jüweýniniň seljuk hökümdarlarynyň adyn‑
dan taýýarlan resminamalar ýygyndysy
bir kitaba jemlenip, «Ata‑
33
baul kätiba» (Kätipleri kämilleşdirmegiň basgançaklary) ady berilýär.
Muntajybeddin Bady Jüweýniniň düzen bu resminamalary dün ýä
taryhynda görnükli orny eýeleýär. Eseriň aýratynlygy – resmi
hatlar
-
da kätiplik sungatyny, döwrüň, sebitiň we döwletiň syýasy dur muşyny
görmek bolýar» (K. Janbekow «Kätiplik syýasaty», «Ede biýat we
sun gat» gazeti, № 12, 2012‑nji ýylyň 23‑nji marty).
Türkmen kätiplik sungatyna degişli işler Müsür Arap Res pub‑
likasynyň Kair şäherindäki
Milli kitaphanada, Türkiýe Respub li‑
kasynyň «Süleýmaniýe» kitaphanasynda, Russiýa Federasiýasynyň
Gündogary öwreniş institutynda saklanylýar.
Dostları ilə paylaş: