60
2-nji gönükme.
Aşakdaky sözleri okaň. «alahy» harpynyň ýazy‑
lyşyna üns beriň we depderiňize göçüriň:
هتخﭘ
هنﺍﻭرﭘ
ﻩدنﺑ
ﻩﺍوﺧ ريﻫ
ﻩﺎنﭘ
ﻥﺎهنﭘ
ﺭﺎهن
ﻩﺭﺎﭼ
ﻩﺯﻭﺍ
هني
هﭽين
تبيﻫ
تيﺍدﻫ
ﺍرﻫﺯ
هتخﺗ
هيدﻫ
هنﺎي
هنﺍﺩ
ﻩﺭﺎﭘ
ﻩﺩﺎﭘ
هﭼوﮐ
3-nji gönükme.
Düzüminde «alahy» harpy bolan on sany söz
düzüň hem‑de olary sözlem içinde getirip dep‑
deriňize ýazyň.
4-nji gönükme.
Geçilen harplary peýdalanyp sözlemleri düzüň.
5-nji gönükme.
Sözleri köne türkmen ýazuwyna geçiriň:
Baha, jahan, diwana, dana, hemme, hepde, hana, zynhar,
Hyrat, syýa, bahar.
6-njy gönükme.
Aşakdaky soraglara jogap beriň:
«Alahy» harpynyň «biý», «pi», «ti», «si», «re», «ze», «waw»
harplaryndan soňra haýsy görnüşi ýazylýar ?
«Sin» harpy
سـ
ـسـ
ﺳ
ﺱ
«Sin» harpy türkmen dilindäki «s» çekimsiz sesini aňladýar.
Onuň görnüşi iki bölekden ybaratdyr. Birinji dişli bölegi setir çy‑
zygynyň üstünden, «nun» harpyna meňzeş ikinji bölegi setirden aşak
düşürilip ýazylýar. «Sin» harpynyň dişsiz ýazylýan görnüşi hem
bardyr. «Sin» dört görnüşli ýazylýar. Harp birikmesiniň başyndaky
we ortasyndaky görnüşleri setir çyzygynyň üstünde ýazylýar, ahyr
-
daky hem‑de özbaşdak gör nüşleriniň ikinji bölegi setir çyzygyndan
aşak düşürilýär.
Söz
,
serdar, dost, ynsan
ýaly sözleriň ýazylyşynda
«sin» harpy ulanylýar.
«Sin» harpynyň görnüşlerinin biri‑birine goşulyp ýazylyşy:
سسﺳ ﺱ
ﻥﺎسنا تﺳﻭد رادﺮﺳ ﻥﺎﺳآ
1-nji gönükme.
«Sin» harpynyň her görnüşinden üç setir ýazyň.
|