HATYM, " HAJRU YSMAÝYL " HAKDA ROWAÝAT BOLAN HADYSLAR
Şu mübärek Hajryň fazylaty hakda köp hadyslar rowaýat bolupdyr:
1 مَا مِنْ اَحَدٍ يَدْعُو تَحْتَ الْمِيزَابِ اِلاَّ اُسْتُجِيبَ لَهُ
Terjime: Hatymyň içine girip, ternawyň aşagynda durup doga edýän adamyň dogasy hökman kabul ediliner.
2 عَنْ عَلِى بِنْ اَبِى طَالِبٍ رَضِىَ اللهُ عَنْهُ اَنَّ رَسُولَ اللهِ صَلَّى اللهُ عَلَيْهِ وَ سَلَّم قَالَ لِاَبِى هُرَيْرَةَ رَضِىَ اللهُ عَنْهُ اِنَّ عَلَى بَابِ الْحَجْرِ مَلَكًا يَقُولُ لِمَنْ دَخَلَهُ وَ صَلَّى فِيهِ رَكْعَتَيْنِ مَغْفُورًا لَكَ مَا مَضَى فَاسْتَاْنِفِ الْعَمَلَ وَعَلَى بَابِهِ الْاَخَرِ مَلَكٌ مُنْذُ خَلَقَ اللهُ الدُّنْيَا اِلَى يَوْمِ يُرْفَعُ الْبَيْتُ يَقُولُ لِمَنْ صَلَّى وَ خَرَجَ مَرْحُومًا اِنْ كُنْتَ مِنْ اُمَّتِ مُحَمَّدٍ تَقِيّاً
Terjime: Hezreti Aly bin Ebi-Talyp razyýalahu anhuden rowaýat edildi. Hezreti Resulekrem s.a.w hezreti Ebi-Hureýre razyýalahu anhu-a aýtdy Hakykadan-da Hajru-Käbäniň gapysynda bir perişde bardyr, ol perişde Hajra girip iki rekagat namaz okaýan adama aýdar: Sen öňki eden günäleriňden ýalkanan ýagdaýyňda tur! Sen amalyňy täzeden başlagyn. Hajrul-Käbäniň beýleki gapysynda hem bir perişde bardyr, ol Taňry tebärek we tagala dünýäni ýaradandan, tä Beýtulla göterilýänçä durar. Şol perişde Hajra girip, namaz okap çykan adama aýdar: Sen Hudaýyň rehmetine duçar bolan ýagdaýyňda çyk, eger Muhammet s.a.w-iň takwa ymmatyndan bolsaň!
3 عَنْ عُثْمَانِ بِنْ عَفَّان رَضِىَ اللهُ عَنْهُ اَنَّهُ اَقْبَلَ ذَاتِ يَوْمٍ فَقَالَ لِاَصْحَابِهِ اَلاَ تَسْاَلُونِى مِنْ اَيْنَ جِئْتُ فَسَاَلُوهُ فَقَالَ كُنتُ قَائِمًا عَلَى بَابِ الْجَنَّةِ وَكَانَ قَائِمًا تَحْتَ الْمِيزَابِ يَدْعُو اللهَ عِنْدَهُ
Terjime: Hezreti Osman bin Affan razyýallahu anhudan rowaýat edildi: Hakykadan hem ol beýik halyfa1 bir gün özüniň ýaranlaryna ýüzlenip aýtdy: "Siz meniň nireden gelendigimi sorajakdälsiňizmi?" Şonda ýaranlary: "Sen nirden geldiň?" diýip soradylar. Hezreti Osman aýtdy: "Men jennetiň gapysynda durdym". Hezreti Osman razyýallahu anhu Hatymyň içine girip, ternawyň aşagynda durup doga ederdi.
4 اِنَّ اِسْمَاعِيلَ عَلَيْهِ السَّلاَم شَكَا اِلىٰ رَبِّهِ حَرَّ مَكَّةَ فَاَوْحَى اِلَيْه اَنّى اَفْتَحَ لَكَ بَابًا مِنَ الْجَنَّةِ فِى الْحَجْرِ يَخْرُجُ عَلَيْكَ الرَّوحُ مِنْهُ اِلَى يَوْمِ الْقِيَامَةِ
Terjime: Hakykatdan hem hezreti Ysmaýyl aleýhissalam Mekge mükerremäniň gyzgynyny, özüniň Perwerdigäri
bolan Taňry tebärek we tagala şikaýat etdi. Taňry tebärek we tagala hezreti Ysmaýyl aleýhissalama wahý etdi: Hakykatdan hem men Hajrul-Käbede seniň üçin jennetden bir gapy açaryn, tä kyýamata çenli şol gapydan bir mylaýym şemal çykar.
5 مَنْ قَامَ تَحْتَ مَثْغَبِ الكَعْبَةِ وَدَعَا اُسْتُجِيبَ لَهُ وَخَرَجَ مِنْ ذُنُوبِهِ كَيَوْمِ وَلَدَتْهُ اُمُّهُ
Terjime: Haýsy bir adam Käbe şerifäniň suw akarynyň aşagynda dursa, ýagny Hatyma girip, ternawyň aşagynda durup doga etse, şonuň eden dogasy kabul ediliner we günäden çykyp ýalkanar. Ýagny şol adamyň ähli eden günäleri bagyşlanyp, göýä enesi dogran gününde günäsiz bolşy ýaly günäsiz bolar.
RUKNU ÝEMÄNI
Ruknu ýemäni diýýäni Käbe şerifäniň günorta, ileri tarapynyň günbataryndaky burçudyr. Bu burça Ruknu ýemäni diýip aýdylýandygynyň sebäbi, Ýemen ilatynyň namazda bakýan tarapy şu burçdur.
RUKNU ÝEMÄNINIŇ FAZYLATY HAKDA GELEN HADYSLAR
Bu mübärek burçuň fazylaty hakda gelen hadyslar kändir:
1 يَبْعَثُ اللهُ الحَجَرَ الاسْوَدَ وَالرُّكْنَ اليَمَانىَّ يَومَ القِيَامَةِ وَلَهُمَا عَيْنَانِ ولِسَانٌ وشَفَتَانِ يَشْهَدانِ لِمَنْ اِسْتَلَمَهُمَا بِالوَفَاءِ
Terjime: Taňry tebärek we tagala Hajar eswedi we Ruknu Ýemänini kyýamat gününde direldip turuzar. Şu ikisiniň iki gözi, bir dili we iki dodagy bolar, şu ikisi özlerini istilam eden adama wepadarlyk bilen şaýatlyk berer.
Hajar eswedi istilam etmekligiň manysyny Hajar eswediň açyklamasynda aýtdyk. Emma Ruknu Ýemäniniň istilamy ‒ diňe sag eliň ýa-da iki eliň bilen sypalamakdyr.
2 اِنَّ مَسْحَهُمَا كَفَّارَةٌ لِلخَطَايَا
Terjime: Hakykatdan hem Hajar eswed bilen Ruknu Ýemänini sypalamak hemme günälere keffaratdyr1.
3 عَلَى الرُّكنِ اليَمَانِىِّ مَلَكٌ مُوَكَّلٌ مُنْذُ خَلَقَ اللهُ السَّمَوَاتِ وَ الاَرْضَ فَاِذَا مَرَرْتُم بِهِ فَقُولُوا : رَبَنَا آتِنَا فى الدُّنْيَا حَسَنَةً وَفِى الاَخِرَةِ حَسَنَةً وَقِنَا عَذَابَ النَّارِ فَاِنَّهُ يَقُولُ آمين آمين
Terjime: Taňry tebärek we tagalanyň asmanlary we Ýeri ýaradanyndan bäri, Ruknu Ýemänide bir perişde buýruk bilen goýlandyr. Her wagt aýlanyp Ruknu Ýemäniniň gabadyna barsaňyz, şonda şu dogalary aýdyň: "Eý, bar Hudaýa! Sen bize şu dünýäde we ahyrýetde gowyny ber we bizi oduň azabyndan aman sakla" Hakykatdan hem şol buýruk bilen goýlan perişde şonda: "Eý, bar Hudaýa! Şunuň dogasyny kabul et! Şonuň dogasyny kabul et!" diýip aýdar.
4 مَااَتَيتُ الرُّكنَ اليَمَانِىَّ اِلاَّ لَقِيتُ عِنْدَهُ اَلفَ اَلفَ مَلَكٍ لَمْ يَحُجُّوا قَبْلَ ذَلِكَ
Terjime: Men Ruknu Ýemäniniň ýanyna baranymda, heniz haj etmedik perişdeleriň bir millionysyna sataşdym.
5 مَا مِنْ اِنْسَانٍ يَضَعُ يَدَهُ عَلَى الرُّكْنِ الْيَمَانِىِّ وَيَدْعُو اِلاَّ اُسْتُجِيْبَ لَهُ وَاِنَّ بَيْنَ الْيَمَانِىِّ وَالرُّكْنِ الاَسْوَدِ سَبْعِيْنَ اَلْفِ مَلَكٍ لاَيُفَارِقُونَهُ هُنَالِكَ مُنْذُ خَلَقَ اللهُ الْبَيْتَ
Terjime: Elini Ruknu Ýemänä goýýan we şonda doga edýän ynsanyň dogasy hökman kabul edilýändir. Hakykatdan hem, Ruknu Ýemäni bilen Ruknu Hajar eswediň arasynda ýetmiş müň perişde bardyr, Taňry tebärek we tagala Beýtullany ýaradandan bäri,olar şol ýerde durandyrlar.
6 مَا بَيْنَ الرُّكْنِ الَيَمَانِّى اِلَى الرُّكْنِ الاَسْوَدِ قُبُورُ سَبْعِيْنَ نَبِيًّا
Terjime: Ruknu Ýemäniden Rukni Hajar eswede çenli, ýagny şu ikisiniň aralygynda ýetmiş Pygamberiň gabyrlary bardyr.
7 مَا بَيْنَ الرُّكْنِ اليَمَانِيِّ وَ الْحَجَرِ الاَسْوَدِ رَوْضَةٌ مِن رِيَاضِ الْجَنَّةِ
Terjime: Ruknu Ýemäni bilen Ruknu Hajar eswediň arasy jennetiň bossanlaryndan bir bossandyr.
8 مَن تَوَضَّاَ فَاَحْسَنَ الوُضُوءَ ثُمَّ اَتَي الرُّكْنَ الْيَمَانِيَّ لِيَسْتَلِمَهُ خَاضَ فِي الرَّحْمَةِ فَاِذَا اسْتَلَمَهُ غَمَرَتْهُ الرَّحْمَةُ
Terjime: Haýsy bir adam kämil görnüşde täret alsa, ondan soňra istilam etmek üçin Ruknu Ýemänä gelse, ol rehmete çümer, istilam eden wagtynda-da ony Allatagalanyň rehmeti örter.
MULTEZEM
Multezem diýýäni Käbe şerifäniň gapysy bilen Hajar eswediň aralygydyr. Onuň uzynlygy 2 metrdir. Multezem – özünde bir iş etmekligi lazym tutulan ýer diýen manydadyr. Hajylar towaflaryny tamam edenlerinden soňra, şol ýere gelip, ýüzlerini we gursaklaryny Beýtulla goýup, iki eli bilen Käbäniň örtüginden ýapyşyp peselep, ýalbaryp, aglap doga etmeklerini özlerine lazym tutunansoň, şoňa Multezem diýdiler.
MULTEZEM HAKDA ROWAÝAT BOLAN HADYSLAR
Şu mübärek Multezemiň fazylaty hakda köp hadyslar rowaýat bolupdyr.
1 مَا دَعَا اَحَدٌ بِشَئٍ فِي هَذَا المُلْتَزَمِ اِلَّا اُسْتُجِيْبَ لَهُ
Terjime: Bu Multezemde durup Allatagaladan dileg eden adamyň dilän zady hökman beriler.
2مَا بَيْنَ الرُّكْنِ وَالمَقَامِ مُلْتَزَمٌ مَا يَدْعُو بِهِ صَاحِبُ عَاهَةٍ اِلا بَرِئَ
Terjime: Hajar eswed bilen Makamy Ybrahymyň arasynda Multezem atly ýer bardyr, şol ýerde başyna bela gelen adam, öz belasynyň aýrylmaklygyny Taňry tebärek we tagaladan dilese, şol apat we beladan hökman basym gutular.
3عَنْ اِبْنِ عَبَّاسٍ رَضِيَ اللهُ عَنْهُ قَالَ سَمِعْتُ رَسُولَ اللهِ صَلَّي اللهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمَ يَقُولُ مَا دَعَا اَحَدٌ بِشَئٍ فِي هَذَا المُلْتَزَمِ اِلا اُسْتُجِيْبَ لَهُ
Terjime: Hezreti ibni Abbas razyýallahu anhudan rowaýat edildi. Ol: Men hezreti Resulekrem s.a.w-den eşitdim. Ol hezret: "Şu Multezemde durup doga eden adamyň dogasy, hökman kabul ediliner" diýip aýdardy.
4 قَالَ اِبْنُ عَبَّاسٍ: وَانَا فَمَا دَعَوْتُ اللهَ بِشَئٍ فِي هَذَا المُلْتَزَمِ مُنْذُ سَمِعْتُ هَذَا مِنْ رَسُولِ اللهِ صَلَّي اللهُ عَلَيْهِ وَسَلَّمْ اِلا اُسْتُجِيْبَ لِيْ
Terjime: Hezreti ibni Abbas razyýallahu anhumä: "Men şu hadys şerifi Pygamberekrem s.a.w-den eşidenimden bäri, şu Multezemde durup eden dogam kabul edildi" diýip aýtdy. Amyr bin Dinar: "Men şu hadys şerifi ibni Abbasdan eşidenimden bäri, şu Multezemde durup ähli eden dogalarym kabul boldy" diýip aýtdy. Hezreti Sufýan: "Men şu hadys şerifi Omar bin Dinardan eşidenimden bäri, şu Multezemde durup eden dogalarymyň barysy kabul edildi" diýip aýtdy. Hezreti Humeýdi: "Men şu hadys şerifi Sufýandan eşidenimden bäri, şu Multezemde durup eden dileg-dogalarymyň hemmesi kabul edildi" diýip aýtdy. Muhammet bin Idris: "Men şu hadys şerifi Humeýdiden eşidenimden bäri, şu Multezemde durup eden dogam kabul edildi" diýip aýtdy. Hezreti Ebilhasan Muhammet bin Hasan: "Men şu hadys şerifi Muhammet bin Idrisden eşidenimden bäri, şu Multezemde durup eden dogalarym kabul edildi" diýip aýtdy. Abu Usame: "Men şu hadys şerifi Hasan bin Raşykdan eşidenimden bäri, şu Multezemde durup eden dogalarym kabul edildi" diýip aýtdy. Azry: "Men şu hadys şerifi Ebu Usameden eşidenimden bäri, şu Multezemde durup eden dogalarymyň barysy kabul boldy" diýip aýtdy. Başga-da tejribe eden alymlar köpdür.
5 المُلْتَزَمُ مَوْضِعٌ يُسْتَجَابُ فِيْهِ الدُّعَاءُ مَا دَعَا اللهَ فِيْهِ عَبْدٌ دَعْوَةً اِلا اِسْتَجَابَهَا
Terjime: Multezem diýýäni dogalaryň kabul bolýan ýeridir. Şu Multezemde bir bende durup doga etse, Taňry tebärek we tagala şol bendesiniň dogasyny hökman kabul eder. Şu hadysy rowaýat edijileriň her biri: "Men şu Multezemde doga etdim, eden dogam kabul boldy" diýip aýtdylar.
MAKAMY YBRAHYM
Makamy Ybrahym diýýäni Käbe şerifäniň gündogaryndaky gapynyň gabadynda, iki gat aýnanyň içinde goýlan daşdyr. Beýtulla bilen arasy 13 metrdir şol daşda hezreti Ybrahym Halylullanyň mübärek aýaklarynyň yzlary bardyr. Golaý baryp sereden adam görüp başarar. Hezreti Ybrahym Halylulla a.s Käbe şerifäniň diwaryny öreninde, şol daşa münüp örüpdir. Käbe şerifäniň binasy ýokary galanda, şol daş hem Ybrahym halylulla bilen ýokary galarmyş. Käbe şerifäniň bir tarapy doly örülip bolanda, beýleki tarapyna aýlanarmyş. Hezreti Ybrahym Halylulla hem şol daşyň üstünde bolan ýagdaýynda, şol daş hezreti Ybrahym Halylullanyň eteginde hamyr ýaly ýumşap, onuň mübärek aýak yzlaryny alyp galypdyr.
Käbir rowaýatda hezreti Ybrahym Halylulla a.s-yň öz ogly Ysmaýyl a.s-y küýsäp, öýüne baranda, Ysmaýyl öýünde ýokmuş, Ysmaýylyň aýaly gaýyn atasyna düş diýip hormat edýär. Hezreti Ybrahym düşmekligi kabul etmeýär. Gelni aýdýar: "Eger düşmejek bolsaň rugsat ber, men seniň kelläňi ýuwup bereýin" diýýär. Hezreti Ybrahym kabul edýär. Şonda gelni bir beýik daşy getirip sag aýagynyň aşagynda goýýar. Hezreti Ybrahym a.s şol daşa daýanyp, sag tarapyna gyşaryp kellesiniň bir gapdalyny ýuwdyrýar. Şonda hezreti Ybrahymyň sag aýagy şol daşa çümüp yz goýýar. Ondan soňra gelin şol daşy çep tarapa geçirip, çep aýagynyň eteginde goýýar. Hezreti Ybrahym a.s daşa daýanyp, çep tarapyna gyşaryp kellesiniň beýleki gapdalyny ýuwdyrýar. Şonda şol daşa çep aýagy çümüp yz goýýar. Ynha, hezreti Ybrahym Halylullanyň mübärek aýaklarynyň yzlary näçe müň ýyllar boýunça mugjyza1 bolup, tä şu wagta çenli hiç üýtgemän durandyr. Emma käbir rowaýatlarda Beýtulla şerifiň binasy tamam bolandan soňra, hezreti Ybrahym Halylulla a.s-ma Ýer ýüzüni Beýtulla şerife zyýarat etmäge çagyr diýip buýruk bolanda, Ybrahym aleýhissalam bir daşyň üstüne çykyp ähli halklary zyýarat etmeklige çagyrdy. Şol daş hezreti Ybrahym Halylullanyň eteginde ýumşap mübärek aýaklary bir mukdar şol daşga çümüpdi. Makamy Ybrahym diýilýäni şu daşdyr. Şu wagta çenli, teberruk2 edip Mesjidu Haramda saklanyp durandyr. Gepiň gysgasy, şu üç rowaýatyň üçüsine görä-de şol daş bolmaklygy mümkindir.
MAKAMY YBRAHYMYŇ FAZYLATY HAKDA GELEN HADYSLAR
Makamy Ybrahymyň fazylaty hakda gelen hadyslar köpdür.
1 اِنَّ الرُّكْنَ وَ المَقَامَ يَاقُوتَتَانِ مِنْ يَاقُوتِ الجَنَّةِ طَمَسَ اللهُ نُورَهُمَا وَ لَو لَمْ يَطْمِسْ نُورَهُمَا لاَضَائَتَا مَا بَيْنَ المَشْرِقِ وَ المَغْرِبِ
Terjime: Hakykatdan hem Hajar eswed bilen Makamy Ybrahym ikisi jennetiň ýakutyndan3 iki bölek ýakutdyr. Taňry tebärek we tagala şol ikisiniň nurlaryny öürdi. Eger Alla tebärek we tagala şol ikisiniň nurlaryny öçürmesedi hökman şol ikisi gündogar bilen günbataryň aralaryny ýagtylandyrardy.
2 اِنَّ الرُّكْنَ وَ المَقَامَ مِنْ يَاقُوتِ الجَنَّةِ وَلَولا مَا مَسَّهُمَا مِنْ خَطَايَا بَنِي آدَمَ لاَضَاءَ مَا بَيْنَ المَشْرِقِ وَالمَغْرِبِ وَمَا مَسَّهُمَا مِنْ ذِي عَاهَةٍ وَلا سَقْمٍ اِلا شُفِيَ
Terjime: Hakykatdan-da Hajar eswed we Makamy Ybrahym jennetiň ýakutyndandyr. Eger şu ikisine Adam ogullarynyň günäleri degmedik bolsady, şu iki daş gündogar bilen günbatar aralygyny ýagtylandyrardy. Şu iki daşa kesellän we bela sataşan adam süýkense, ol hökman şypa tapar.
3الرُّكْنُ وَ المَقَامُ يَاقُوتَتَانِ مِنْ يَوَاقِيْتِ الجَنَّةِ
Terjime: Hajar eswed bilen Makamy Ybrahym ikisi jennetiň ýakutlaryndandyr. Hajar eswed we Makamy Ybrahym atamyz Adam a.s bilen jennetden gelen daşlardyr. Şu iki daş musulmanlaryň ýanynda iň gadymy bolan sylagly zatlardandyr. Taňry tebärek we tagala şu iki sylagly daşy hezreti Ybrahym Halylullanyň zamanyndan tä şu wagta çenli jahylyýet1 ybadatlaryndan saklady. Ýagny, jahylyýet zamanynda adamlar her bir daşy mukaddes görüp, şoňa ybadat etseler-de, Hajar eswed bilen Makamy Ybrahyma ybadat etmediler, göýä Beýtulla şerife ybadat etmeýişleri ýaly. Eger jahylyýetde şulara ybadat edilen bolsady, soňra yslam-da Beýtulla towaf etmeli, Hajar eswedi ogşamaly we Makamy Ybrahymyň ýanynda namaz okymaly diýip buýran bolsady, şonda mynafyklar we yslamyň duşmanlary: Yslam dini-de biziň birnäçe Butlarymyza hormat etmekligi buýurýar diýip aýdardylar we yslam dini-de şirkiň ysyndan arassa bolmazdy. Şu hikmetler jähtli, Taňry tebärek we tagala şu mukaddes zatlary jahylyýetiň ybadatlaryndan saklady we tä kyýamata çenli hem saklar. Inşä Allahutagala.
BI'RU ZEMZEM
Bi'ru zemzem diýýäni Mesjidi Haramda Käbe şerifäniň gündogar tarapynda bolan mübärek guýudyr. Ol guýy hezreti Ysmaýyl a.s-yň zamanyndan, tä şu wagta çenli suwy kesilmän akyp durandyr. Bir näçe ýyl mundan öň ol guýu aşak düşürilip, onuň üstüne gapak ýasalyp, şol gapagy hajylaryň towaf edýän ýerleri bilen deň edildi. Hajylar zemzem guýudan teberruk sebäpli suw içmekleri üçin ýeriň düýbünde iki bölek giň jaý salyndy. Sagdaky erkek adamlar üçin, çepdäki aýallar üçin. Suw içmek üçin hajylar dyklyşyk etmez ýaly, şol iki bölek jaýyň her birinde köp-köp grantlar we stakanlar goýuldy. Şol zemzem guýa girilýän agyz hajylaryň towaf edýän ýerleriniň aňry gyrasyndady. Soňky wagtlarda zemzem grantlaryny metjidiň aňyrky diwarynyň iç tarapynda goýuldy. Babu Ysmaýyl1 bilen Huneýniň2 arasynda erkekler üçin goýuldy we Babu Huneýin bilen Babu Bilal3 arasynda aýallar üçin goýuldy.
ZEMZEM GUÝUSYNYŇ ATLARY
Şu zemzem guýusynyň 15 sany atlary bardyr:
1. «زمزم»Zemzem – köp diýen manydadyr. Bu mübärek guýynyň suwy köp bolansoň, muňa «ماءٌ زَمْزَمٌ» Zemzem suwy diýdiler.
2. «شَبَّاعَة» Şebbäga – doýurýan diýen manydadyr. Bu mübärek guýynyň suwundan her kim doýmak niýeti bilen içende doýýan bolansoň, muňa «بئر شباعة» "Bi'ru şebbäge" doýurýan guýy diýip aýtdylar.
3. «مُرْوِيَة»Murwiýe – gandyrýan diýen manydadyr. Bu mübärek guýynyň suwundan içmek suwsamaklygy düýbünden aýyrýansoň, muňa «بِئْرٌ مُرْوِيَةٌ» "Bi'run murwiýe" gandyrýan guýy diýdiler.
4. «نَافِعَةٌ» Näfiga ‒ peýda berýän diýmekdir. Bu mübärek guýynyň suwundan içmeklikde köp-köp peýdalar bolansoň, muňa «بئر نافعة» "Bi'ru näfiga" peýda beriji guýy diýip aýtdylar.
5.«عَافِيَةٌ» Afiýe aňladýan manysy saglykdyr. Bu mübärek guýynyň suwundan içmeklikde köp kesellerden gutulyp sagalmak bolansoň, muňa «بِئرٌ عَافِيَةٌ» "Bi'run afiýe" sagalmak guýusy diýdiler.
6. «مَيْمُونَةٌ» Meýmune – manasy mübärek diýmekdir. Bu guýy ähli halklaryň teberruk edýän guýusy bolansoň, muňa «بِئرٌ مَيْمُونَةٌ»"Bi'run meýmune" Mübärek guýy diýdiler.
7. «بَرَكَةٌ» Berake – manasy köp haýyr diýmekdir. Bu mübärek guýudan öňki geçenler we soňky döränler köp-köp haýyrlanyp, özleriniň maksat-myratlaryna ýetensoň, muňa «بِئرٌ بَرَكَةٌ» "Bi'run berake" Haýyr guýusy diýdiler.
8. «بَرَّةٌ»Berra – manysy ýagşylyk diýmekdir. Bu mübärek guýunyň suwundan içmeklikde kän ýagşylyklar bolansoň, muňa «بِئرٌ بَرَّةٌ» "Bi'run berra" Ýagşylyk guýysy diýdiler.
9.«مَضْنُونَةٌ» Meznune – manysy gysganylan we gadagan edilen diýmekdir. Bu mübärek guýy örän arzyly we bahaly bolup, adamlar muny biri – birilerinden gysganansoň, muňa «بِئرٌ مَضْنُونَةٌ» "Bi'run meznune" Gysganylan guýy diýdiler.
10. «كَافِيَةٌ»Käfiýe – manysy ýeterlik bolýan diýmekdir. Bu mübärek guýynyň suwundan içýän adam ýagşy ganyp, başga suwlary islemänsoň, ýagny bu suw ýeterlik bolansoň, muňa «بِئرٌ كَافِيَةٌ» "Bi'run käfiýe" ýeterlik bolýan guýy diýdiler.
11. «مُعْذِبَةٌ» Mugzibe – manysy süýji bolan diýmekdir. Bu mübärek guýynyň suwy süýji bolansoň, muňa«بِئرٌ مُعْذِبَةٌ» "Bi'run mugzibe" Süýji guýy diýdiler.
12. «شِفَاءُ سَقْمٍ»Şifä'u sakm – manysy derdi gutarmak diýmekdir. Bu mübärek guýynyň suwy köp-köp dertlere derman bolup, derdi gutarýan bolansoň, muňa «بِئرٌ شِفَاءِ سَقْمٍ» "Şifä'u sakm" derdi gutarýan guýy diýdiler.
13 «طَعَامُ طُعْمٍ»Tagamu tugm – manysy iýmekligiň iýmiti diýmekdir. Bu mübärek guýynyň suwy göýä, iýmit ýaly aç adamy doýurýansoň, muňa «بِئرٌ طَعَامُ طُعْمٍ» "Bi'ru Tagamu tugm" Iýmekligiň iýmiti bolan guýy diýdiler. Şu mübärek guýynyň suwyny ajygan adam doýmak niýeti bilen içse, hökman doýýandyr.
14. «هَزْمَةٌ»Hezme manysy – çukur diýmekdir. Bu mübärek guýy çukur bolup, ýer tekizliginden aşakda bolansoň, muňa «بِئرٌ هَزْمَةٌ» "Bi'run hezme" Çukur guýy diýdiler.
15. «سُقْيَا اِسْمَاعِيْلَ» Sukýä Ysmagyl – manysy hezreti Ysmaýyl a.s-yň suw paýy diýmekdir. Bu mübärek guýy hezreti Ysmaýyl a.s-yň suw paýy bolansoň, muňa «بِئرٌ سٌقْيَا اِسْمَاعِيْلَ» "Bi'ru sukýä Ysmagyl" hezreti Ysmaýyl a.s-yň suw paýy bolan guýy diýdiler. Ýagny, Alla tebärek we tagala Zemzem guýusyny hezreti Ysmaýyl we onuň içeri-maşgalasyna mahsuslap berendir.
ZEMZEM GUÝYSY HAKDA ROWAÝAT BOLAN HADYSLAR
Zemzem guýusy hakda rowaýat bolup gelen hadyslar köpdür.
1 مَنْ طَافَ بِالبَيْتِ سَبْعَاً وَصَلَّي خَلْفَ المَقَامِ رَكْعَتَيْنِ وَشَرِبَ مِنْ مَاءِ زَمْزَمَ غُفِرَتْ لَهُ ذُنُوبُه كُلُّهَا بَالِغَةً مَا بَلَغَتْ
Terjime: Haýsy bir adam Beýtulla şerife ýedi gezek towaf edip, Makamy Ybrahymyň yzynda iki rakagat namaz okasa we Zemzem guýusyndan suw içse, şonuň ähli günäleri, her näçe kän bolsa-da geçiler.
Dostları ilə paylaş: |