Haja we umra gidýänlere haj we umranyň düzgünlerini beýan etmeklikde zyýaratçylara sowgat تالیف: الحاج عبدالرحمن آخوند تنگلی طانا



Yüklə 2,02 Mb.
səhifə9/23
tarix30.10.2017
ölçüsü2,02 Mb.
#22583
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   23

SAPARDA NAMAZLARYŇ ÝAGDAÝY

81 km ýere gitmekligi niýet edip, ýaşaýan obasyndan ýa şäherinden çykan adam dolanyp obasyna gelýänçä dört rekagatly parzy iki rekagat edip okamaklygy wajypdyr. Haj sapary bolsun ýa haj sapardan başgasy bolsun topawydy ýok. Eger sapary adam mukyma1 uýsa we bir şäherde, ýa bir obada 15 gün galmaklygyny niýet etse, onda ol sapardaky adam namazyny hökman bütewi okar. Emma namazyň sünnetleri hakynda hanafiler mezhebinde üç gürrüň bardyr: birinjisi itmam, ýagny namazyň sünnetlerini kemeltmän bitewi okamak; ikinjisi kasr, ýagny öýläniň we jumganyň dört rekagatly sünnetlerini kemeldip iki rekagatly edip okamak; üçünjisi terk, ýagny sünnetleriň hiç birini okaman geçirmek. Emma bu üçüsiniň iň ygtybarlysy birinjisidir. Emma Harameýnde saparda bolan hajylar “Yhtyýaty zuhryˮ1 hökman okamalydyr we ony kasr etmelidir (w).



SAPARDA NAMAZLARY BIRIKDIRMEK

Sapardaky adamyň iki wagtynyň parzlaryny birikdirip bir wagtda okamagy dogry däldir, ýöne haj edýän adam Arafatda öýle bilen ikindisini birikdirip we Muzdelefede agşam bilen ýassysyny birikdirip okamaklygy dogry bolar. Hanafi mezhepde şu iki ýerden başga ýerde namazy birikdirip okamak dogry däl. Emma beýleki mezheplerde sapardaky adamyň öýle bilen ikindisini we agşam bilen ýassysyny birikdirip okamaklygy dogrudyr. Eger zerur bolsa, ýagny namazyny öz wagtynda okamakda bir muşakgatlyk tapylsa, şafygy mezhebine taklyt edip2 birikdirmekligiň zyýany ýokdur. Ýöne şafygy mezhebinde lazym bolan buýruklary göz öňünde tutmak hökman gereklidir. Meselem: Täreti niýetli we tertipli bolmaly, özüniň ujudyny we aýalyny sypalan bolmaly däl. Eger bu işleri eden bolsa täretini täzelemeli we uýujy bolsa Fatyha okamaly we bulardan başga şertlerini we rükünlerini göz öňunde tutmaly. Namazy birikdirmek iki bölek bolýar:

Birinji bölegi jemgi-takdym, ýagny ahyrky namazy owalky namzyň wagtynda okamakdyr. Şu birikdirme üçin üç şert gereklidir:

1.Owalky namazy ikilenji namazdan öň okamaly.

2.Owalky namazyň wagty tamam bolmazdan öň birikdirmekligiň niýetinde bolmaly.

3.Iki parzyň arasyny sünnet ýa sünnetden başga namazy okamak bilen açmaly däl.

Ikinji bölegi jemgi te'hir, ýagny owalky namazy ahyrky namazyň wagtyda okamakdyr. Jemgi te'hiriň şerti diňe owalky namazyň wagty geçmezinden öň birikdirmekligi niýet etmekdir.
HAJA GIDÝÄN ADAMYŇ AEROPORTDA ETMELI IŞLERI

Haja gidýän adam il-gün bilen hoşlaşyp, öýünden gaýdandan soň, näçe menzil ýollary ýöräp aeroporta geler. Haja gidýän eger öňi bilen Medine munewwerä barmakçy bolsa, bu ýerde hiç bir iş ýokdur. Emma Mekge mukerremä barjak bolsa, onda bu ýerde yhrama girmeli. Yhrama girjek bolsa hajyň görnüşlerinden haýsy birini ýüregine düwen bolsa, şoňa yhram baglamaly.



HAJYŇ GÖRNÜŞLERI

Haj üç görnüşlidir. Owalky görnüşi yfrad, ikilenji görnüşi temettug we üçülenji görnüşi kyrandyr.



Yfrad haj ‒ mikatdan1 diňe haj üçin yhram baglamakdyr. Yfrad haja yhram baglan adama mufrid diýilýär.

Temettug haj ‒ mikatdan diňe umra üçin yhram baglap, umradan halaly bolandan2 soňra, Haramda haja yhram baglamakdyr. Temettug haja yhram baglan adama mutemettig diýilýär.

Kyran Haj ‒ mikatdan umra we haja, ikisine bile yhram baglamakdyr. Kyran haja yhram baglan adama karyn diýilýär.

Mikatlar – yhram baglamaly ýerleriň iň ahyrky çӓklerdir. Mikatlara müňlerçe km ýetmӓn yhram baglamak hem dogrudyr.


YFRAD HAJA YHRAM BAGLAMAK

Yhram – Beýtulla șerife zyýarat etmekligi niýet etmek.



Izӓr – Beýtulla șerife zyýarat etmegi niýet edýӓn erkek adamyň balak deregine owratyny ýapmak üçin oraýan matasydyr.

Ridӓ – Beýtulla șerife zyýarat etmegi niýet edýӓn erkek adamyň köýnek ýerine gerdenine oklaýan matasydyr. Emma bilmeýӓn adamlar șol ridӓ bilen izӓre yhram diýip aydýarlar.

Haja gidýӓn adam aeroporta girip, ișgӓrler onuň goșlaryny we endamyny barlap aeroportyň zalyna girenden soňra gusul etmeli (s). Şol gusulda alan tӓreti bilen yhram namazyny okamaly (m). Namaz okamazdan öň endamyndaky eșikleriniň barysyny çykarmaly. Donuny, sellesini we tahýasyny, elligini we jorabyny, aýagynyň ortasyndaky ýumurjasyny1 örtýӓn köwșüni, köýnegini we balagyny, içki geýimlerini we bulardan bașga hem her bir tikinli eşigi bar bolsa, ony endamyndan aýyrmaly. Gusul edip bolandan soň, eger atyry bar bolsa endamyna atyr çalmaly (m). Eger atyry ýok bolsa ýoldașlaryndan dilӓp durmaz. Emma izӓrine we ridӓsine yzy hemişelik galýan atyr çalmaly dӓl.

Şu tikinli lybaslary endamyndan çykaryp çuw ýalaňaç bolandan soňra, izӓrini biline orap owratlaryny örtmeli. Gün ýakmaz ýaly we sowuk ötmez ýaly Ridӓni iki gerdenine oklap, bokurdakdan așagyny ýapmaly (s). Eger köpçülikde yhram baglansa, balagyny çykarman üstünden izӓrini orap, ondan soňra aşagyndan balagyny sypyryp aýyrmaly (w). Puluny saklamak üçin himýänini2 izӓriniň üstünden daňyp, izӓriniň gyralaryny himýäniniň düýplerine dykyp pugtalamak dogry bolar (mb). Izӓri we ridӓni endamynda duruzmak üçin biri-birine düwmeli dӓl. Knopka, ilik ýa skrepka we skoç urmaly dӓl ýa-da pulsuz himýan bilen daňmaly dӓl (mk). Izӓriň we ridӓniň tӓze bolmagy has gowudyr, tӓze bolman ýuwlan bolsa-da dogrudyr. Izӓr we ridӓniň reňki ak bolmagy has gowudyr, ak bolman gara ýa ýașyl, ýa gök bolsa-da dogrudyr. Izӓr we ridӓniň ýyrtygy ýamalan bolsa, ýa arkaýyn ýörär ýaly gyrasy dilnen izäriň diligi tikilen bolsa, ýa sökülmesin diýip gyralaryna maşyn sürlen bolsa zyýany ýok. Emma şu zatlaryň bolmazlygy has gowudyr.

Izӓr we ridӓni geýeniňden soňra “yhramˮ niýeti bilen iki rekagat namaz okamaly (s). Şu namazyň owalky rekagatynda Fatihadan soňra Kӓfirun surany, ikinji rekagatynda Fatihadan soňra Yhlas surany okamaly (s). Eger şol ýerde metjit bar bolsa, şu namazy metjitde okamaly (m). Yhram namazyny okap salam bereniňden soňra, oturan ýeriňden turman, Kybla bakyp ýüregi bilen dilini deň edip, ýagny ýüregindӓki niýetini diline getirip şu hili aýtmaly:



"اَللَّهُمَّ اِنِّى اُرِيدُ الْحَجَّ وَنَوَيْتُهُ وَاَحْرَمْتُ بِهِ لِلَّهِ تَعَالَى فَيَسِّرْهُ لِى وَتَقَبَّلْهُ مِنِّى"f-m) )

Terjime: Eý bar Hudaýa! Men Taňry Tebӓrek we tagalanyň razylygy üçin haj etmegi isleýӓrin we haj etmegi niýet edýӓrin we haja yhram baglaýaryn. Şu hajy meniň üçin aňsat et we menden kabul et.

Niýetiň yzyndan gaty ses bilen gygyryp telbiýe aýtmaly (f-m). Telbiýe:

وَالْمُلْك_لَا_شَرِيكَ_لَك'>لَبَّيْكَ اللَّهُمِّ لَبَّيْك لَبَّيْكَ لَا شَرِيكَ لَكَ لَبَّيْك اِنَّ الْحَمْدَ وَالنِّعْمَةَ لَكَ وَالْمُلْك لَا شَرِيكَ لَك

Telbiýe aýdanyňda لَكَ وَالْمُلْك lӓkӓ wӓl mulk diýip durup, dem almaly ondan soňra لَاشَرِيكَ لَكLӓșӓrikӓ lӓk diýmeli (m). Yhram baglamagyň telbiýesine لَبَّيْكَ بِحَجَّةٍ Lӓbbӓýkӓ bihäjjätin-i (ýagny haj etmek bilen emriňe boýun boldum) goșmaly (m). Şu sözleri diňe owalky telbiýӓniň yzyndan aýtmaly, soňky telbiýelerde gerek dӓldir. Telbiýӓni diňe ýürek bilen aýtmak ýeterlik bolmaz, hökman diliňe getirip aýtmaly (f). Niýet üçin bir gezek telbiýe aýdanyňdan soňra, ýene şol telbiýӓni gaýtalamaly (s). Yhram namazyny okaman yhram baglamaly dӓl (mk). Yhram namazyny nefil okamak mekruh bolan wagtlarda okamaly dӓl (mk), ýagny Gün dogup barýarka, günorta bolanda, Gün batyp barýarka, kese daň atandan soň, tӓ Gün bir naýza boýy ýa iki naýza boýy galýança, ikindi okanyňdan soňra, tӓ agșam namazyny okaýança. Şu wagtlarda yhram namazyny we ondan bașga nefil namazlary-da okamaly dӓl (mk).

Niýet edip üç gezek telbiýe aýdanyňdan soňra Pygamber s.a.w-me salawat aytmaly. Ondan soňra Allatagaladan her nӓme islegleri bar bolsa dilemeli (m). Haja niýet edip, telbiýe aýtsa muhrim, ýagny yhram baglan adam bolýar. Muhrim bolan adam telbiýӓni köp aýtmaly (m). Oturmakda, turmakda, ýatmakda, münmekde-düşmekde, ýöremekde, durmakda, girmekde-çykmakda, ertirde-agşamda, gündizde-gijede, giňişgenlikide-daryşganlykda, jemagatlara sataşmakda we olardan aýrylyşmakda we her bir üýtgelen ýagdaýlarda we bäş wagt namazlaryň yzlarynda telbiýe aýtmaly. Eger Eýýämut-teşrikde (10-11-12-13-i günlerde) bolsa, öňünden tekbir-teşrik1 aýdyp, soň telbiýe aýtmaly (w). Eger öň telbiýe aýdaýsa, ondan soňra tekbir-teşrik aýtmaly däl.

Eger mesbuk2 telbiýe aýtmakda ymama boýun bolsa, mesbugyň namazy bozular, emma tekbir-teşrik aýtmakda ymama boýun bolmagy bilen namazy bozulmaz.

Telbiýäni her wagt aýdanda yzba-yz üç gezek aýtmaly (m). Gygyryp talbiýe aýdýan adama salam bermeli däl (mk). Telbiýäni başga biriniň söz goşmagy bilen kesmeli däl. Telbiýe aýdýan adam özüne berlen salamy almasyzlygy dogrudyr. Özi bile Allatagalany ulaldýan her bir zikr telbiýäniň ýerine oturar. Mysal üçin: Tählil, tesbih, tahmid, tekbir we ş.m. Eger Allahumme diýse asah kowla3 görä dogry bolar. Telbiýäni arap dili, ýa pars dili, ýa-da türkmen dili bilen aýtmak dogrudyr. Yhram namazyny okaman parz namazyny okandan soňra-da yhram baglasa dogry bolar. Haja niýet edip telbiýe aýdandan soň, muhrim bolýar. Indi bu adam ýokarda aýdylyp geçilen haramlardan we mekruhlardan saklanmagy hökmandyr.

HATYNYŇ YHRAM BAGLAMAGY

Hatynyň haja yhram baglaýşy göýä erkek adamyň haja yhram baglaýşy ýalydyr. Erkek adamyň etmeli işlerini hatynlar-da hökman etmeli, erkek adamyň etmeli däl işlerini hatynlar-da hökman etmeli däl. Ýöne käbir işlerde başgaçadyr. Yhram baglaýan hatynlaryň hökümi şu aşakdaky işlerde yhram baglaýan erkeklerden aýrydyr. Muhrima hatyn (yhram baglan aýal) şu ýagdaýlarda bolup biler:



  1. Tikinli lybas geýer.

  2. Aýagyň ortasyndaky ýumurjany basýan köwşi geýer.

  3. Jorap geýer.

  4. Iki ellik geýer.

  5. Kellesini örter.

  6. Telbiýäni gaty sesi bilen gygyryp aýtmaz, gaýtam ýuwaşja aýdar.

  7. Towafda raml1 etmez.

  8. Yztybag1 etmez.

  9. Iki gök çyralaryň arasynda sagy etmez, ýagny loňkuldamaz.

  10. Halaly bolmakda kellesini syrdyrmaz, ýöne gyrkdyrar.

  11. Dykylyşykda Hajar eswedi istilam etmez2.

  12. Dykylyşykda Safanyň üstüne münmez.

  13. Dykylyşykda Makamy Ybrahymyň ýanynda namaz okamaz.

  14. Haýzy sebäpli Towaf Zyýaraty wagtyndan gijä goýmaklygy bilen dem çalmaz.

  15. Nifasy sebäpli Towaf Zyýaraty wagtyndan gijä goýmaklygy bilen dem çalmaz.

  16. Haýzy sebäpli Towaf sadary terk edenligi üçin dem çalmaz.

  17. Nifasy sebäpli Towaf sadary terk edenligi üçin dem çalmaz.

Hunsäniň3 hökümi yhram baglamakda göýä hatynyň hökümi ýalydyr. Eger hatyn yhram baglamazyndan öň haýz görse, gusul eder (suwa düşer) namaz okaman, niýet edip, telbiýe aýdyp yhrama girer. Hajyň towafyndan başga işleriniň barysyny edip biler. Emma iň gowusy saparda kynçylyklara düşmez ýaly haja gitmezinden öň, lukmanyň ýanyna baryp, tä gaýdyp gelýänçä haýz görmezlik üçin tabletkasyny ýa ukollaryny almaly. Hatyn hemişe öz mahreminiň ýanynda bolmaly. Towafda we sagyda, Arafatda we Jemeratda, maşynda we uçarda, hatda bazara-da ýeke gitmeli däl, başy aýlanyp yzyny tapman, heläk bolmagy mümkindir.

MUHRIMLER ÜÇIN GEREKLI TABŞYRYKLAR

1.Haj edýänler aeroportda yhram baglamaly bolanlarynda wagtlary gaty az bolýar. Her birine iki rekagat namaz okadyp, ýeke-ýeke niýet etdirmeklige wagt bolmaýar, oňa görä müdir we ruhany hajylary howlukdyrmaly, irräkden yhram baglamaga başlamaly (e).

2.Ruhany we olara bellenen ýolbaşçy öz hajylaryna, ylaýta-da hajyň ylmyny bilmeýän adamlara hajyň haýsy görnüşini niýet etdirendigini ýadynda saklamaly, şol hajyň amallaryny berjaý etdirer ýaly (e) .

3.Hajylaryň hemmesine aeroportyň namazhanasynda yhram namazyny okatmaly. Ondan soňra ýeke-ýeke niýetlerini aýtdyrmaly, eger hemmesine aýtdyrmak pursat bolmasa, galanlaryna uçara münüp ýerleşenlerinde aýtdyrmaly. Eger aýtdyrmak ýatlaryndan çykyp, mikatyň çäginden geçäýse dem çalmaly (w).

4.Bir niýet eden gaýtalap başga niýet etmeli däl, öň bir hajy niýet edip, soň ýene bir hajy niýet etse, ýa öň yfrad niýet edip soňra temettug ýa kyran niýet etse, şol niýet eden hajlary boýnuna lazym bolýar. Emma şol gezekde diňe owalky niýet eden hajynyň amallaryny berjaý etmeli. Beýlekilerini taşlap, dem çalmaly we geljek ýylda kaza etmeli (w-f).

5.Hajathanalarda goýlan ysly sabyn ýa-da ys goşulan suwuk zatlar bilen eliňi ýa başga beden agzalaryňy ýuwmaly däl. Eger ýuwsa şolaryň tyby (gowy ys, hoşboý zatlar) köp bolsa, dem çalmaly, eger köp bolmasa sadaka bermeli (w) .

6. Tyby köp bolan dermany ýarasyna çalmaly däl, eger bir ýa iki gezek çalsa, sadaka bermeli. Eger ondan köp çalsa dem çalmaly (w).

7. Tyb goşulan şerbet ýa içgileri içmeli däl, eger içse tyby kän bolmasa sadaka bermeli, eger kän bolsa dem çalmaly (w).

8.Yhram eşigi bilen ýüzüniň derini süpürmeli däl.

9.Elýaglyk bilen ýa salfetka bilen burnuny süpürmeli däl, ýa nahardan soň agzyny süpürmeli däl.

10.Uçaryň içinde namaz okamaly bolanda, eger mümkinçilik bolsa oturgyçlaryň arasynda dik durup, Kybla bakyp parzyny okamaly. Sünnetlerini bolsa oturgyçda oturyp okaýmaly. Eger mümkinçilik bolmasa, ýa uçardaky gözegçilik edýän işgärler goýmasa parzyny hem oturgyçda oturyp okaýmaly. Şu ýagdaýda Kybla bakmak-da gerek däl.

11. Uçara girmeli bolanlarynda basa-bas etmeli däl, gaýtam howlukman ýöräp, her kim öz bellenen ýerinde oturmaly (e).

12.Aeroportdan uçup, daglardan, bulutlardan ýokaryk çykyp, Allatagalanyň öýüne garşy ugrap barýanyna begenmeli we Beýik Perwerdigäriň şeýle mümkinçilikler berip, özüniň mukaddes eden mekanyna äkidýändigine köp-köp şükürler etmeli, elmydama dili telbiýede bolmaly. Eger ynsan öz eýesiniň eden ýagşylyklaryny ýadyna salsa we onuň beren nygmatlaryny göz öňüne getirse, çäresiz ýüregi pikirde, dili zikrde bolar. Uçardaky gözegçilik edýän işgärleriň aýdanlaryna gulak asmaly, kemeriňizi baglaň diýse baglamaly we olaryň etmäň diýen işini etmeli däl. Uçar sag-aman baryp gonsa, gözegçi işgärler rugsat bermänkä düşjek bolmaly däl. Olar rugsat berenden soňra howlukman arkaýyn düşmeli. Arabystan döwletiniň işgärleri pasportlary we ýükleri barlandan soňra, tä ýolbaşçy Mekgä gitmek üçin maşyn taýýarlaýança öz ýurdy üçin bellenen ýerlere baryp oturmaly (e).

14.Maşyn taýýar bolandan soňra, howlukman maşyna münmeli. Ilki zenanlary, ýaşulylary we ejizleri mündürmeli, ondan soňra ýaşlar we sagdynlar münmeli. Ýoldaşlara köp hormat goýmaly, ýolbaşçynyň, ruhanynyň aýdanlaryna boýun bolmaly (e). Maşyn ýöräp Haram şerifiň çägine baranda Allatagala ýanymdadyr we seredip durandyr diýip pikir etmeli, ýürege we ähli endamyňa şondan gorkmaklygy salmaly (m). “Eý bar Hudaýa! Bu ýer Seniň emniýetiň (adamlara bagyş eden parahat ýeriň) we Haram şerifiňdir her kim şuňa girse azapdan aman galýandyr. Oňa görä meniň etimi, ganymy, süňkümi we hamymy oda ýakma” – diýip doga etmeli. Salawat we telbiýe aýdyp, Allatagaladan haýyr maksatlaryňy dilemeli (m).

15.Hajy her wagt Mekge mukerremäniň şäherini görende “Eý bar Hudaýa! Şu mukaddes bolan şäheriňde maňa arkaýynçylyk ber we halal rysgal ber” – diýip doga eder (m).

16. Hajy Mekge mukerremä düşüp köçelerine girende “Eý bar Hudaýa! Şu Haram şerif Seniň Haramyň, şu şäher Seniň şäheriň we şu emniýet Seniň emniýetiňdir we şu bende hem Seniň bendäňdir. Men daş ýurtlardan kän günäler we erbet amallar bilen geldim, men ejiz bolan dilegçiler ýaly Senden dileýärin. Sen meniň günälerimi bagyşlap meni ýalkagyl” – diýip aýdar, tä metjidiň gapysyna barýança aglamak we peselmek bilen doga edip, telbiýe aýdar (m).
MUFRIDIŇ MEKGEDE ETMELI IŞI

Muhrim Mekgä gerenden soňra etmeli dogalaryny edip, myhmanhana baryp düşlemeli we özüne bellenen otagy tapyp, ýüklerini şoňa eltmeli. Ondan soňra Mekge mukerremä girendigi sebäpli gusul almaly (s), ýagny hammama girip diňe sowuk ýa gyzgyn suw bilen ýuwunmaly, sabyn ýa şampun ulanmaly däl (mk). Haýzly we nifasly aýal hem gusul etmeli (m). Muhrim iýip-içip dynç alyp ýadawlygy çykanda, Beýtulla şerife ýedi gezek towaf etmeli (s). Şu towaf birnäçe atlar bilen atlandyryldy:



1.Hajylar Mekgä gadam basan wagtynda, şu mukaddes ýere gadam basmaklygynyň şükranasy üçin edilýän towaf bolan soň Towaful-kudum diýildi.

2.Beýtulla şerife hormat üçin edilýän towaf bolansoň Towafut-tahiýýe diýildi.

3.Haj edýän adamyň ilkinji duşuşykda edýän towafy bolansoň Towaful-lika diýildi.

4.Şu towaf Beýtullany şaýat tutmaklyk üçin ilkinji edilen ähti-peýman bolansoň Towafu äwwäli ahdi bilbeýt diýildi.

5.Allatagalanyň öýi bilen täze ähti-peýman tapdyrmak bolansoň Towafu ihdäsil ahdi bilbeýt diýildi.

6. Daşdan Mekgä girýän adamyň edýän towafy bolansoň Towaful-wärid diýildi.

7.Mekgä girende Beýtulla edilýän towaf bolansoň Towaful-wurud diýildi.

Şu towafa ygtybarly kitaplaryň hemmesi sünnet diýipdirler. Emma Şeýh Ymam Hüseýin ibni Muhammet Semenkany özüniň “Hazanatul-Müftin” atly kitabynda Towaful-kudum asah kowla görä wajyp diýip aýdypdyr. Şu towaf diňe afakylar1 üçin sünnetdir. Emma Mekgeli ýa Mekgeliniň hökmünde bolan adam üçin sünnet däldir, ýagny Mekgede ýaşaýan we mikatlarda ýaşaýan, ýa Mekge bilen mikatlaryň arasynda ýaşaýan adamlar üçin sünnet däldir. Towaful-kudum tähiýýetu-mesjid namazynyň ornundadyr. Tähiýýetu-mesjit daşardan gelip metjidiň içine girýän adama sünnet bolup, metjidiň içinde oturan adama sünnet bolmaýşy ýaly, Towaful-kudum hem diňe mikatyň daşyndan gelýänlere sünnetdir. Mikatda we mikatyň içindäkilere sünnet däldir. Oňa görä Allama Muhammet Hasanşahul Muhäjir Şemsuddin Kahystanynyň mikatdakylara we mikatyň içindäkilere Towaful-kudum sünnetdir diýip aýtmaklygyň ygtybary ýokdur diýip aýdypdyr.

Towaful-kudumy mufrid bilen karyn etmeli. Mugtemir (umra ediji) bilen mutemettig etmeli däldir. Emma Mekgeli ýa Mekgeliniň hökmünde bolan adam haj aýlaryndan öň mikatdan daşyna çykyp, ondan soňra mufrid ýa karyn bolup dolansa, ol Towafu-kudum etmeli (m). Towafu-kudumyň wagty Mekgä gireniňden, tä Arafatda durýançaňdyr. Arafatda durmaly wagty gelse, towafu-kudum boýnundan aýrylýandyr. Eger wukuf bolmasa (Arafatda durmadyk bolsa), tä nahr güni (10-y güni) daň atýança wagtydyr, ýagny Towafu-kudum etmän 9-y güni Arafata baryp Towafu-kudum etmedigine ökünip, gaýtadan Mekgä dolanyp Towafu-kudum etse, eger Arafatdan gaýdan wagty günortandan öň bolsa, şol eden towafy dogry bolar. Eger Towafu-kudumy edip daň atmazyndan öň Arafata ýetişse, Arafatyň çägine ýetmän öwrülen bolsa, günortandan soňra-da bolsa dogry bolar. Emma Gün agandan soňra dolanman Arafata barsa, ýa Arafata ýetmän, dolanyp Towafu-kudum edip, Arafata öz wagtynda ýetişmese, onda onuň şol towafy dogry bolmaz. Çünki şol towafyň yzyndan wukuf bolmaýandygy sebäpli.

TOWAFU-KUDUM ETMEKLIGIŇ ÝOLY

Mufrid myhmanhanada iýip-içip dynç alandan soňra täret alyp, Mesjidi Harama tarap gitmeli, tä barýança telbiýe aýdyp doga etmeli. Metjide baranda köwşüni çykaryp, aýak ýalaňaç Babus-Salamdan girmeli (w-m). Beýtulla şerifi görende elini galdyrman üç gezek tählil (Lä ilähä illalla) aýtmaly we üç gezek tekbir (Allahu äkbär) aýtmaly (m). Pygamber aleýhissalama salawat aýtmaly we özüniň isleglerini şol ýerde Allatagaladan dilemeli (m). Şol ýerde doga kabul bolýandyr. Bu wagtda Tahhiýýetu-mesjid namazy ýa beýleki nefilleri okamaly däl. Emma parz namazy ýa jenaza namazy, ýa-da sünneti-mu'äkkitleri (güýçlendirilen sünnetleri) okamaly bolsa, onda towafyny bulardan yza goýmalydyr.

Emma muhakkyk Allama Muhammet Hasanşah Muhajir Mekki Hanafi özüniň “Guniýýätun-Näsik fi bägiýýätul menäsikˮ atly kitabynda: “Muhrim Beýtullany gören wagtynda ybadaty Beýtulla edilýän bolmaklygyny wehm etmek bilen bir görnüşli şirke1 düşmez ýaly, Beýtullanyň duşunda üç gezek tekbir we üç gezek tehlil aýdar. Ondan soňra iki elini göterip doga eder, çünki Pygamber a.s-yň Beýtullany görende iki elini göterenligi we mahsus doga edenligi dogrudyr we mezheb eýelerinden muhakkak alymlar el götermekligi mustahab gördüler. Kermany, Basruwi, Ibni Hamam, Alyýýul-Kary, Ymam Şafygy we Ahmet razyýallahu anhumler (Alla olardan razy bolsun) şol muhakkak alymlardandyrˮ.

Doga edip bolandan soňra ýöräp Hajar-eswed bilen Rukni-Ýemäniniň aralygynda, Beýtullanyň gabadyna gelip yztybag etmeli, ýagny sag gerdeni açyk bolup, sol gerdeni örtüler ýaly, ridäsiniň ortasyny sag gerdeniniň astyna salyp, iki tarapyny sol gerdenine oklamaly (s). Şu yztybagy özüniň yzynda Safa Merwäniň sagysy bolan towafda etmeli. Eger sagyny Towaf Zyýaratdan soň etjek bolsa, yztybag gerek däl. Ondan soňra Beýtulla şerife bakyp şu hili niýet etmeli: “Niýet kyldym ýedi gezek Towafu-kudum etmekligi Hudaý üçin. Eý, bar Hudaýa! Şu towafy meniň üçin aňsat et we menden kabul et” (f-m).

Aslynda niýet parzdyr, bu ýagdaýda niýet etmek mustahabdyr, ýagny Beýtulla bakmak we Hajar-eswed sag tarapyňda bolmagy mustahabdyr. Niýet edeniňden soňra sag tarapyňa garşy ýöräp Hajar-eswediň burçundan tä Metafyň1 ahyryna çenli çekilen gara çyzygyň üstüne münüp, Hajar-eswede bakyp durmaly. Ondan soň iki eliňi gulagyň deňine göterip, aýasyny Hajar-eswede bakdyryp şu gepleri aýtmaly.

بِسْمِ اللهِ وَاللهُ اَكْبَرُ وَلِلَّهِ الْحَمْدُ وَالصَّلَاةُ وَالسَّلَامُ عَلَى رَسُولِ اللهِ صَلَّى اللهُ تَعَالَى عَلَيْهِ وَسَلَّمَ

Terjime: Beýik Taňrynyň ady bilen Towaf kudum etmeklige başlaýaryn. Şol Beýik Taňry hemme zatlardan uludyr we hemme öwgüler şol Beýik Taňry üçindir. Şol Beýik Taňrynyň bize iberen pygamberi Muhammet s.a.w-e salawat we salam bolsun (s).

Ondan soňra baryp iki eliňi Hajar-eswediň üstünde goýmaly, iki eliň arasynda agzyňy goýup, sessiz ogşamaly. Üç gezek ogşap göýä sejde edýän ýaly bolup, hiç kime ezýet bermän ýüzüňi Hajar-eswede sürtmeli. Eger bu hili ogşap başarmasa, eliňi Hajar-eswede degirip, şol eliňi ogşamaly. Eger ony-da başarmasa, bir zady uzadyp Hajar-eswede degirip şol zady ogşamaly. Eger ony-da başarmasa, şol gara çyzygyň üstünde durup Hajar-eswede bakyp iki eliň aýasyny Hajar-eswede bakdyryp, göýä iki eliňi şonuň üstünde goýan ýaly bolup, yşarat etmeli. Ondan soňra şol iki eliňi ogşamaly. Bismillä, tekbir, tählil, hamd we salawat aýdyp doga etmeli, şol ýerde doga kabul bolýandyr.

Soňra özüniň sag tarapyna ýöräp, Käbäni sol tarapynda goýmaly (w). Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanmaly. Gara çyzykdan ugrap ýene gara çyzyga geleniňde bir aýlaw bolýar. Gara çyzykdan düşüp ugranyda raml edip1 gezmeli. Ýedi aýlawyň owalky üç aýlawynda, göýä uruş meýdanyna çykyp ýagy isleýän batyrlar ýaly, iki gerdeniňi silkip-silkip ýöremeli. Şu raml-da edil yztybag ýaly özüniň yzynda sagy bolan towafa degişlidir. Yztybag bilen raml tikinli eşik geýmän, towaf edýän adama degişlidir, ýagny yhramdan çykmaklygy, ýa uzur sebäpli tikinli eşik geýen towaf ediji towafynyň yzyndan sagy etjek bolsa-da, oňa yztybag we raml gerek däldir.

Yztybag we ramlyň iki sebäbi bar. Mekge kapyrlaryň elindekä musulmanlaryň yztybag we raml etmekleri özlerini kapyrlara daýaw we kuwwatly görkezmek üçindir. Mekge kapyrlaryň elinden alnandan soň, yztybag we raml etmekleri Allatagalanyň howpundan soňra, parahatçylyk nygmatyny berendigini ýada salyp, şonuň şükürini ýerine ýetirmek üçindir. Şu zamanda yztybag we ramlyň birinji sebäbi aýrylan bolsa-da, ikilenji sebäbi hemişelikdir. Oňa görä hökümide hemişelikdir (s).

Raml edeniňde ädimleriňi ýakyn-ýakyn ätmeli, ýortup we ylgap gezmeli däl. Towafa girişmezden öň towaf edýänler gaty kän bolup dykylyşyk bolsa, raml terk bolmaz ýaly towafa girişmän durar. Eger towafa girişeniňden soňra dykylyşyk bolsa, raml üçin durmaz, giňişgenlik bolan ýerde raml eder. Owalky üç aýlawyň barysynda raml etmek bilen gezmeli. Ramlsyz gadam ätmeli däl (s). Eger owalky aýlawda raml ýatdan çyksa, ikilenji we üçülenjide raml etmeli. Eger owalky iki aýlawda hem raml etmegi unudaýsa, diňe üçülenjide raml etmeli. Eger üçülenjide ýatdan çykarsa, beýleki dört aýlawlarda raml etmeli däl (mk). Ahyrky dört aýlawda ramly terk etmek sünnetdir. Eger mümkin bolsa Beýtullanyň ýakynragyndan ýöräp raml etmeklik has gowudyr. Eger Beýtullanyň ýakynragyndan ýöräp raml etmek mümkin bolmasa, ýagny dykylyşyk bolmagy sebäpden ramlsyz gezmeli bolsa daşdan aýlanyp raml bilen gezmek has gowudyr. Towaf ediji Şazyrwanyň daşyndan aýlanar (m), ýagny Şazyrwany depeläp gezmez we Hatymyň daşyndan aýlanar (w). Eger Hatymyň içinden geçse, onda ol towaf dogry bolmaz, ony gaýtalamaly ýa jerimesini bermeli (w). Özüni gaýtalamak wajyp bolan diňe Hatymyň içinden edilen aýlawlardyr, iň gowusy towafyň hemmesini gaýtalamakdyr. Towaf edýän Hatymyň daşyndan aýlanyp Rukni-Ýemänä baranda, Rukni-Ýemänini iki eli bilen, ýa diňe sag eli bilen sypalamaly (m), ogşamaly we sejde etmeli däl. Eger dykylyşyk sebäpli Rukni-Ýemänini sypalamakdan ejiz bolsa, onuň deregine durýan zat ýokdur, ýagny el götermeli däl we tekbir aýtmaly däl. Emma Muhammet rahimahulla Rukni-Ýemäniniň istilämi göýä Hajar-eswediň istilämi ýalydyr diýdi, ýagny ogşamaly, eger ogşamakdan ejiz bolsa, onuň deregine oturýan zat bar. Emma asah kowla görä Rukni-Ýemänini ogşamaly däl we onuň deregine oturýan zat-da ýok. Rukni-Ýemäniniň ýany doganyň kabul bolýan ýeridir.

Emma Rukni-Yraky bilen Rukni-Şamyda istiläm we onuň deregine durýan zat ýokdur, gaýtam bu işleri etmek dört mezhebe görä hem mekruh bolan bidgatdyr1. Towaf ediji towaf edip ýören ýagdaýlarynda elmydama zikrde bolmaly, doga etmeli, estagfirulla aýtmaly we Pygamber s.a.w-e salawat salmaly. Rukni-Ýemäniden tä Hajar-eswede barýança hemişe şu dogany okamaly:


Yüklə 2,02 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   5   6   7   8   9   10   11   12   ...   23




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin