رَبَّنَا آتِنَا فِى الدُّنْيَا حَسَنَةً وَفِى الْآخِرَةِحَسَنَةً وَقِنَا عَذَابَ النَّارِ وَاَدْخِلْنَا الْجَنَّةَ مَعَ الْاَبْرَارِ يَا عَزِيزُ يَا غَفَّارُ يَا رَبَّ الْعَالَمِينَ
Terjime: Eý bar Hudaýa! Sen bize şu dünýäde we ahyrýetde gowyny ber we Sen bizi ot azabyňdan sakla we Sen bizi gowular bilen jennete sal. Eý güýçli Taňry! Eý, günäleri örtýän Alla! Eý, hemme älemleriň Perwerdigäri! Metafyň hemme ýeri dogalaryň kabul bolýan ýeridir.
Hajar-eswediň gabadyndaky gara çyzyga müneňde bir aýlaw bolýar, şonuň ýaly ýene alty aýlaw aýlanmaly. Her gezekde gara çyzyga müneniňde durup, başdaky eden işleriňi etmeli. Towaf ediji ini haramlykdan we täretsizlikden päk bolmaly (w). Onuň üçin şu towafyň barysyny ýa köpüsini jünüp bolan ýagdaýda towaf edip, ony wagtynda gaýtalamasa dem çalmaly (w). Eger gusul alyp şol towafy wagtynda gaýtalasa dem boýnundan aýrylar. Emma şu towafyň hemme aýlawyny ýa köpüsini täretsiz bolan ýagdaýda towaf etse, ýarym sag (bir sagyň = 3,240 gram ) bugdaý sadaka bermeli (w).
Towaf edijiniň owraty örtülgi bolmaly (w). Oňa görä owrat bolan agzanyň dörtden biri açyk bolan ýagdaýda towaf etse, owratyny örtüp wagtynda şol towafy täzeden gaýtalamasa dem çalmaly (w). Eger owratyny örtüp şol towafy wagtynda gaýtalasa dem boýnundan aýrylar. Owrat bolan agzalaryň her biriniň dörtden birinden az mukdary açylan ýagdaýda towaf etse, şol açylan mukdarlaryň hemmesi üýşürlende dörtden bir mukdarly bolsa dem çalmaly (w).
Towaf ediji ýöremekligi başarýan bolsa, ýöräp aýlanmaly (w). Uzursyz araba ýa-da salaja1 münüp özüni aýlatsa, bu towaf dogry däl, ony täzeden öz aýagy bilen ýöräp towaf etmeli, eger wagtynda gaýtalamasa dem çalmaly (w). Towaf edijiniň endamy we eşigi nejasat hakykydan2 päk bolmaly (s). Towafyň aýlawlaryny yzba-yz etmeli, arasyna pursat düşmeli däl (s). Eger aýlawlaryň köpüsini etmänkä arasyna pursat salsa ýa şol towafy mekruh ýoly bilen eden bolsa, şol towafy täzeden gaýtalamaly (s). Towaf ediji mubah gepleri we Alladan gorkmaklyga ters bolýan işleri etmeli däl (s). Towaf ediji her aýlawlarynda edýän zikrlerini we dogalaryny edende, eger beýleki towaf edýänlere, ýa namaz okaýanlara päsgel berjek bolsa, hufýe (içinden) etmeli. (s). Towaf ediji mätäç bolanda mubah gepleri geplemekligi, salam bermekligi, petwa bermekligi, petwa islemekligi, hajat sebäpli çykmaklygy, içmekligi, zikrleri terk etmekligi, Kuran okamaklygy, gowy şygyrlar okamaklygy, uzur sebäpli araba ýa-da salaja münüp özüni aýlatmagy dogrudyr (mb). Towaf ediji tersinden aýlanmaly däl, jünüpli, ýa haýzly, ýa nifasly, ýa täretsiz, ýa ýalaňaç bolmaly däl. Uzursyz araba ýa-da salaja münmeli däl. Oturyp guýrugy bilen süýşüp gezmeli däl. Hatymyň içinden geçmeli däl. Aýlawlaryň köpüsini terk etmeli däl (h).
Towaf ediji mätäç bolmadyk ýagdaýda artykmaç gep geplemeli däl, söwdä etmeli däl, peýdasyz şygyrlary okamaly däl, Kuran okanyňda, zikr we dogalar edeniňde beýleki towaf edýänlere ýa namaz okaýanlara päsgel berjek mukdarda gaty gygyrmaly däl, nejasat degen eşik bilen towaf etmeli däl, raml, yztybag we istilamy sebäpsiz terk etmeli däl. Aýlawlaryň aralaryna köp salym salmaly däl, parz namaz, ýa hutba okalyp duran wagtynda towaf etmeli däl, iýmeli däl we täret gyssap duran ýagdaýda towaf etmeli däl, endamyňda we eşigiňde dirhem mukdardan artykmaç nejesat bolmaly däl (m).
Eger towafa umumy ýa bölek kemçilik ýetişse jerimesini bermeli, eger şol towafy wagtynda gaýtalasa jerimesi boýnundan aýrylýar. Jerime bermekden gaýtalamak has gowudyr, gaýtalaman ýa jerime bermän öýüne gelse, hökman öwrülip gitmeli ýa jerimesini ibermeli. Öwrülip gitmekden jerimesini ibermek has gowudyr. Towaf ediji ýedi aýlawyny tamam edenden soňra, ýagny ýedilenji aýlawynyň iň soňunda gara çyzygyň üstüne münüp, Hajar-eswediň gabadyna gelip, başdaky aýdylan tertip boýunça istilam etmeli (s). Ondan soňra yztybagy aýyrmaly (s). Soň Makamy-Ybrahymyň arkasynda iki rekagat namaz okamaly (w). Şu namazy yztybag bilen okamaly däl (mk). Owalky rekagatda Fatyha bilen Käfirun surany goşmaly, ikilenji rekagatda Fatyha bilen Yhlas surasyny goşmaly. Onda soňra doga etmeli (m). Şu ýer doganyň kabul bolýan ýeridir. Şol namazy Makamy-Ybrahymyň arkasynda okamaklyk miýesser etmese, her bir miýesser bolan ýerde okaýmaly, emma Mesjidi-Haramda okamak has gowudyr. Towaf namazyny terk edeniň üçin jerimesi ýokdur, ýöne şu iki rekagat namaz hatda ýyllar geçse-de gerdeniňden aýrylmaz, ölmänkäň haýsy wagtda we haýsy ýerde okasa boýnundan aýrylar (mk). Bu namazy uzursyz gijä goýmaly däl (mk). Eger ikindi namazdan soňra towaf eden bolsa, hokman agşamdan soňa goýmaly (w). Birinji agşamyň parzyny okamaly, ondan soň iki rakagat towaf namazyny okamaly, ondan soňra iki rakagat sünnetiňi okamaly.
Towaf namazyny okaman, başga towafa başlamaly däl (mk). Eger başga towafa girişse, bir aýlawy tamam bolmazyndan öň ýadyna düşse, towafy taşlamaly, iki rekagat towaf namazyny okamaly. Eger bir aýlawy tamam bolandan soň ýadyna düşse, towafyň ýedi aýlawyny doly edip, iki ýediniň her biri üçin iki rakagat namaz okamaly (w). Towaf namazyny okap doga edenden soňra, Multezeme gelip gursagyny, garnyny we sag ýaňagyny Multezeme ýabşyryp iki elini kellesinden ýokary göterip, Beýtullanyň perdesinden tutmaly ýa iki aýasyny Käbäniň diwaryna degirmeli. Şu ýerde aňrybaş peselip, aglap doga etmeli we Allatagala hamd we sena aýdyp, Pygamber a.s-ma salawat salmaly (m). Şu ýer doganyň kabul bolýan ýeridir.
Ondan soňra Zemzemiň gyrantlaryna baryp, Beýtulla bakyp, dik durup ýa oturup Zemzem suwundan içmeli. Zemzem suwuny we her bir suwy içeniňde üç gezek owurtlap içmeli. Birinji içeniňde, başynda “Bismillä”, soňunda “Älhämdulillä” diýmeli. Ikinji içeniňde başynda “Bismillähir Rahmänir Rahym”, soňunda “Älhämdulillähi rabbil alämin” diýmeli. Üçinji içeniňde başynda “Bismillähir Rahmänir Rahym”, soňunda “Älhämdulillähi rabbil aläminer Rahmänir Rahym” diýmeli. Zemzem suwuny içeniňde, “Bismillä” bilen “Älhämdulilläniň arasynda şu dogany okamaly:
اَللَّهُمَّ اِنِّي اَسئَلُكَ عِلماً نَافِعاً وَرِزقاً وَاسِعاً وَشِفَاءً مِن كُلِّ دَاءٍ وَسَقَمٍ بِرَحمَتِكَ يَا اَرحَمَ الرَاحِمِينَ.
Terjime: Eý bar Hudaýa! Öz rehmetiň bilen duş bolan ýagdaýymda, men Senden peýdaly ylmy we giň rysgaly we her bir keselden, dertden aman bolmagy dileýärin. Eý rehim edýänleriň has rehim edýäni bolan Beýik Taňrym.
Zemzem suwuny her içeniňde gabagyňy galdyryp Beýtulla seretmeli we köp-köp içip gowy ganmaly. Zemzem suwuny ýüzüňe, kelläňe we endamyň hemme ýerlerine çalmaly. Eger miýesser etse depäňden guýup tä dabanyňa çenli ýetirmeli. Bu işleri bitireniňden soň, Taňry tebäregiň hamd we senalaryny aýtmaly (m). Mufrid Towaf kudum edeninden soň, haj üçin sagy etjek bolsa, Zemzem suwundan içip, doga edeninden soňra, ýene gara çyzygyň üstüne münüp, Hajar-eswediň gabadynda durup başdaky aýdylan ýagdaýlar bilen istilam etmeli (s). Multezeme barmak bilen Zemzem suwuny içmeklik towaf namazyndan yzda goýulýanynyň sebäbi, towafyň ýedi aýlawy bitenden soň, hiç bir işe meşgul bolman, towaf jähtli wajyp bolýan namazy towafa ýapyşdyrmakdyr. Onuň üçin hanafylaryň beýik fyk alymy Muhammet Alauddin el-Haskefi-de “Tenwirul-ebsarˮ atly kitap üçin ýazan şerhinde şu, biziň aýdyşymyz ýaly aýdypdyr.
Şu aýdylan tertibiň harp bilen belligi “صمزˮ-dyr ص Sad harpy: towaf namazyna yşarat, م mim harpy Multezeme yşarat we ز zi harpy Zemzeme yşaratdyr. Şeýh rahimahulla Senediniň Menäsikinde aýdan tertibiniň harp bilen belligi “صمزˮ ýa “مصزˮ-dyr. Emma Alyýýul-Kary “Nikaýanyňˮ şerhinde “صزمˮ tertibi mustahab diýip aýdypdyr. Şunuň ýaly Ibni Humam “Fethul-Kadyrˮ diýen kitabynda we Muhammet Hasanşah “Ganiýýetun-Näsikˮ diýen kitabynda we Şeýh Nyzam “Fetaweý Hindiýýeˮ diýen kitabynda we Muhammet Derkäni “Yhtysarur-rawaýäˮ atly kitabynda we Abdulhamyd Mahmud Tahmazy “Fykhu hanafysyndaˮ we Ibni Abydyýn “Menhatul-Halyk we Raddul-Muhtarˮ diýen kitabynda “صزمˮ tertibi mustahab diýip aýdypdyrlar.
Emma käbir fyk alymlary “مصزˮ tertibini mustahab bilipdirler. Onuň üçin şu tertibi örän aňsat, örän gowy we şonuň bilen-de amal etmeli diýip aýdypdyrlar. Köp kitaplar “Nikaýaˮ, “Wakaýaˮ, “Hidaýaˮ, “Kuduriˮ, “Kenzud-Dekä'ikˮ, “Bedä'igˮ, “Nurul-Iýzahˮ, “Käfiˮ, “Multekyl-Ebhurˮ, “Mejmagˮ, “Muhtärˮ, “Muhyt Burhäniˮ we “Jewheratu Niradaˮ towaf namazyny okap Hajar eswedi istiläm edip Safa çykmaly diýip aýdypdyrlar. Multezem bilen Zemzemden gürrüň etmändirler.
Mufrid sagyny towaf kudumdan soň etmekliginden, towaf zyýaratdan soň etmekligi has gowudyr. Çünki sagy wajypdyr. Wajyb parzyň yz ýanyndan bolmaklygy, sünnetiň yz ýanyndan bolmagyndan has gowudyr. “Gunyýýeˮ, “Fethˮ, “Muhytˮ we “Tuhfeˮ diýen kitaplar-da şu aýdyşymyz ýaly aýtdylar. Emma Alyýýul-Kary bu meseläni dawaly görkezdi, ýagny afakylar üçin käbirleri öňe geçirmekligi has gowy gördüler we käbirleri yza goýmaklygy has gowy gördüler, Mekgeliler-de göýä afakylar ýalydyr, ýöne gowusy Mekgeliler hakynda sagyny gijä goýmakdyr. Sagynyň wagty giňişlik bolansoň, olar üçin zähmet ýokdur diýdi.
Huseýin bin Muhammet Sagyt Abdulganynyň aýtmagyna görä dawa karyn bolmadyk hajy hakyndadyr, emma karyn üçin sagyny öňe geçirmekligiň has gowulygynda dawa bolmady, gaýtam kitaplar karyn üçin sagyny öňe geçirmekligiň sünnetligini bildirýär.
Mufrid Towaf kudumy tamam edeninden soňra, sagy etjek bolsa eglenmän sagyny etmeli (s). Uzur ýa dynç almaklyk sebäpli gijä goýmaklygyň zyýany ýokdur, uzursyz gijä goýmaklykda jerime bolmasa-da günäkärçilik bardyr, sebäbi towaf bilen sagynyň yzba-yz bolmaklygy sünnetdir. Ol sünnet terk bolýar.
SAGY ETMEKLIGIŇ ÝOLY
Sagy – Safa we Merwäniň arasynda gezmek.
Towaf ediji towaf işlerini doly ýerine ýetirenden soňra, ýagny yztybagyny aýryp towaf namazyny okap, Multezeme baryp, Zemzem suwundan içip, doga edenden soňra gara çyzygy sag tarapynda goýup Käbä şerife bakyp şu hili niýet etmeli: “Niýet kyldym Safa bilen Merwäniň arasynda ýedi gezek sagy haj etmekligi Hudaý üçin. Eý, bar Hudaýa! Meniň üçin aňsat et we menden kabul et” (m).
Ondan soňra ýöräp gara çyzyga münmeli, baryp Hajar-eswedi istilam etmeli, eger istilam edip başarmasa deregini tutýan zatlary ýerine ýetirmeli (s). Ondan soňra Babu Safadan (Safanyň gapysyndan) Safa çykmaly (f), tä Beýtulla görünýäçä ýöremeli (s). Beýtullany görende Beýtulla bakmaly, iki elini iki gerdeniniň barabarynda goýmaly, ýagny sag elini sag gerdeniniň barabarynda, sol elini sol gerdeniniň barabarynda goýmaly we iki aýasyny açyp Asmana garşy sermeli, göýä beýleki wagtlar dogany şu ýagdaýda edişi ýaly (s).
Birnäçeler bilmän, iki ellerini gulaklaryna çenli üç gezek
galdyryp, her gezekde tekbir aýdýarlar. Olaryň bu edişleri sünnetiň tersidir. Sünnet ýoly Beýtulla bakyp iki elini iki gerdeniniň barabarynda saklap, gaty ses bilen gygyryp üç gezek tekbir, tählil, tähmid aýtmaly we Pygamber aleýhissalama salawat salmaly we özi üçin we ähli musulmanlar üçin howlukman uzak durup kän doga etmeli. Şu ýer dogalaryň kabul bolýan ýeridir.
Safada doga edip bolandan soňra, özüniň sag tarapyna çekilip Mesganyň1 sag tarapyna inmeli, adatdaky ýöreýşi ýaly ýöräp, doga, zikr edip we telbiýe aýdyp Merwä tarap ugramaly. Ýaşyl sütüniň deňine baranda, tä Merwe tarapdaky ýaşyl sütüniň deňine barýança loňkuldap gaty ýöremeli (s). Şu iki sütüniň arasynda loňkuldap ýörän ýagdaýynda şu dogany okamaly:
رَبِّ اغفِر وَارحَم وَاعفُ وَتكَرَّم وَتَجَاوَزَ عَمَّا تَعلَمُ اِنَّكَ تَعلَمُ مَا لاَنَعلَمُ اِنَّكَ اَنتَ اللهُ الاَعَزُّ الاَكرَم نَجِّنَا مِنَ النَّارِ سَالِمِينَ وَاَدخِلنَا الجَنَّةَ آمِنِينَ.
Terjime: Eý, bar Hudaýa! Sen günäleri ört, bendelere rehim et, ýazyklaryny ýalka we olara sahylyk et we öz bilýänleriňi bagyşla. Hakykatdan hem Sen biziň bilmeýän zadymyzy bilýänsiň. Hakykatdan-da Sen örän güýçli we örän sylagly Taňrysyň. Eý, bar Hudaýa! Bizi belalardan aman bolan ýagdaýymyzda otdan gutar we bizi azapdan aman galan ýagdaýymyzda behişde sal (m).
Şu iki ýaşyl sütünleriň arasynda ylgap we loňkuldap ýöremeklik sünnetdir. Eger şu iki sütünleriň arasynda loňkuldaman, adatdaky ýöreýşi ýaly ýöräp gezse ýa sagynyň barysyny loňkuldap gezse, dem ýa sadaka jerimesi bolmaz, ýöne günäkär bolar.
Märeke gaty kän bolup, dykylyşyp loňkuldamaklyga mümkinçilik bolmasa, tä giňişlik bolýança bir neme sabyr etmeli. Öňi açylyp ylgamaklyga ýer bolsa, ylgap loňkuldamaly (s). Ýaşyl sütünleriň deňinden geçenden soň, tä Merwä barýança zikr, doga we telbiýeler bilen meşgul bolan ýagdaýda adatdaky ýöreýşi ýaly ýöräp gitmeli. Sagy ediji her wagt ýaşyl sütünleriň deňinden geçip, Merwä ýakynlanda şu aýaty okamaly:
اِنَّ الصَّفَا وَالمَروَةَ مِن شَعَائِرِ اللهِ فَمَنْ حَجَّ البَيتَ اَوِ اعتَمَرَ فَلاَ جُنَاحَ عَلَيهِ اَن يَطَّوَّفَ بِهِمَا وَمَن تَطَوَّعَ خَيراً فَاِنَّ اللهَ شَاكِرٌ عَلِيمٌ.
Terjime: Hakykatdan-da Safa we Merwe Taňry Tebärek we Tagalanyň belgilerindendir. Her kim Beýtulla haj ýa umra etse, şonuň Safa we Merwä aýlanmagynda zyýan ýokdur. Haýsy bir adam höwes bilen haýyr iş etse, hökman Hudaýtagala şoňa sogap berýändir, şonuň niýetini we amalyny bilýändir (m).
Sagy ediji ýöräp Merwä çykyp tekizlige münende, Beýtulla bakmaly we Safada eden işlerini şu ýerde hem etmeli, ýagny iki elini iki gerdeniniň barabarynda saklap, gaty ses bilen gygyryp üç gezek tekbir, tählil, tähmid aýtmaly, Pygamber aleýhissalama salawat salmaly we özi üçin hem ähli musulmanlar üçin howlukman uzak durup kän doga etmeli. Şu ýer dogalaryň kabul bolýan ýeridir (s-m).
Merwede doga edip bolandan soňra, özüniň sag tarapyna çekilip, Mesganyň sol tarapyna inmeli. Şu Mesga Safadan başlanýandygy göz öňünde tutulanda sol bolýar. Sagy ediji Mesga inenden soňra zikr we telbiýe we dogalara meşgul bolup adatdaky ýöreýşi ýaly Safa tarap ýöremeli (w). Ýaşyl sütünleriň arasynda loňkuldap ýörän ýagdaýynda, geçen aýlawdaky dogany okamaly. Ondan soňra zikr, sena we telbiýe aýdyp adatdaky ýöreýşi ýaly Safa tarap ýöremeli we Safa ýakynlanda geçen aýlawda, Merwä ýakynlandaky okan aýatyny okamaly (m). Ondan soň Safa münüp öňki eden işlerini ýene şu ýerde etmeli (s).
Sagy edijiniň Safadan Merwä gitmekligi bir aýlaw we Merweden Safa barmaklygy-da bir aýlawdyr. Şunuň ýaly ýedi aýlaw sagy etmeli (w). Sagyny Safadan başlap Merwede tamamlamaly (f). Eger Meweden başlap Safada tamamlaýsa, şol owalky aýlawy hasap däldir. Şony täzeden gaýtalamaly, ýagny Safadan Merwä ýene bir aýlaw etmeli (f). Her aýlawda etmeli işler birinji aýlawdaky ýalydyr. Sagy doly ýerine ýetirilen towafdan soň, ýa köprägi edilen towafdan soň bolmaly (f). Eger towaf edilmän ýa-da towafyň azy edilenden soň etse dogry bolmaz.
Sagy yhramdan soň bolmaly (f), eger yhramdan öň bolsa dogry bolmaz. Sagynyň öňünden edilen towaf ini haramlykdan, haýzdan, nifasdan päk bolup edilen towaf bolmaly (f). Eger bu hapaçylyklardan päk bolman towaf edip soň sagy etse, ol sagysy dogry bolmaz. Emma Alyýýul Kary we Muhammet Hasan Şanyň aýtmaklaryna görä sagyny dogry bolan towafdan soňra etmeklik lazymdyr. Doly edilen towaf bolmaklygy gerek däldir. Onuň üçin jünüp ýagdaýda towaf edip, soňra sagy etse-de şol sagysy dogry bolar. Emma şol sagyny doly edilen towafdan soňra gaýtalamaly (w). Eger gaýtalamasa dem çalmaly (w).
Sagy haj aýlary girenden soň bolmaly (f). Eger Baýram aýyndan öň haja yhram baglap sagy etse, şol sagy dogry bolmaz. Sagynyň aýlawlarynyň köpüsi ýerine ýetirilen bolmaly (f). Eger dördüsi terk bolup üç aýlawy ýerine ýetirilen bolsa dogry bolmaz, eger dört aýlawy ýerine ýetirilip, üç aýlawy terk bolsa dogry bolar. Emma galanlary üçin sadaka bermeli (w). Sagyda öz aýagyň bilen ýöräp gezmeli (w). Uzursyz araba münse ýa götertse dem çalmaly (w).
Towaf bilen sagy yzba-yz bolmaly. Safadan Merwä we Merweden Safa barmak hem yzba-yz bolmaly we aýlawlar hem yzba-yz bolmaly (s). Aralaryna kän salym düşmeli däl (mk). Her günde bir aýlaw ýa ýarym aýlaw sagy etse hem sagysy biderek bolmaz. Emma uzursyz bu işleri etse sagyny başdan gaýtalamaly (m). Sagy edip ýören ýagdaýynda bäş wagt namazyň birine ýa jumga ýa jenaza durulsa sagyny goýup, namaza uýmaly, namaz tamam bolandan soňra sagynyň galanyny bitirmeli (m).
Sagy edijiniň owratlary örtülgi bolmaly. Owraty örtmek hemme wagtlarda parz bolsa-da, sagy jähtli-de örtmek sünnetdir. Owraty örtmek parz bolup durka sünnet diýmekligiň netijesi, owrat açmaklygy bilen dem ýa sadaka ýok, ýöne sagy edijä owratyny açmaklygy sebäpli, parzy terk etmeklik günäsi bilen bile sünnetini terk etmeklik günäsi bar. Sagy ediji ini haramlykdan, haýz we nifasdan päk bolmaly (s). Sagy ediji täretli bolmaly, endamy we eşikleri nejasatdan arassa bolmaly, elmydama zikr, doga we telbiýe aýdyp, pespällik bilen gezmeli (m). Sagy edijiniň iýip-içmekliginde we mubah gepi geplemekliginde zyýan ýokdur (mb). Emma pespällikden, doga-zikrlerden we aýlawlaryň yzba-yz bolmaklygyndan ýüz döndürdýän işleri we gürrüňleri etmeli däl (mk). Sagy ediji Safanyň we Merwäniň üstüne münmeli, çägine girip eteginden öwrülmeli däl we sagyny nahr günlerinden gijä goýmaly däl (mk). Sagy ediji sagynyň ýedilenji aýlawyny Merwede soňlap, şol ýerde uzak durup doga edeninden soňra, metjide gelip iki rekagat namaz okamaly (m). Bu namazyň okalyşy göýä towaf namazy ýalydyr. Sagy namazyny Merwede okamaly däl. Sagy namazyny okap doga etmeli we Allatagaladan haýyr maksatlaryňy dilemeli.
HATYNYŇ TOWAF BILEN SAGYSY
Hatynlaryň towaf we sagy etmek ýoly, göýä erkek adamlaryňky ýalydyr, ýöne hatynlar yztybag we raml etmeli däl we dogalaryny, telbiýelerini gaty ses bilen gygyryp aýtmaly däl, gaýtam ýuwaş ses bilen aýtmaly (h). Dykylyşykda Hajar-eswedi istilam etjek bolmaly däl we Makamy-Ybrahymyň ýakynynda namaz okajak bolmaly däl, tersine daşyrak-da bolsa erkeksiz, boş ýerde okamaly we dykylyşykda Safanyň-da iň üstüne çykjak bolmaly däl, gaýtam etegiräkde durup doga etmeli.
Iki ýaşyl sütüniň arasynda loňkuldap gezmeli däl, adatdaky ýöreýşi ýaly ýöräp gezmeli. Hatynlar üçin aýratyn tabşyryk, olar hemme wagtda owratlaryny örtüp gezmeli (f). Ylaýta-da towafda örtmeli (w). Owrat bolan agzasynyň dörtden biri açylan ýagdaýda towaf etse, eger şol towafy wagtynda gaýtalamasa, parz ýa wajyp towaf bolsa dem çalmaly (w). Eger parz we wajypdan gaýry towaf bolsa sadaka bermeli (w). Onuň üçin hatynlar towafda injikleri açylmaz ýaly hökman jorap geýmeli, we saçlary görünmez ýaly hijap oranmaly (w) we goşarlary açylmaz ýaly ýeňleriniň ujuny aýasynyň düýbünde rezin bilen bogup daňmaly (w). Towafda, sagyda we her bir dykylyşyk ýerlerde, eger ýykylsa galdyrar ýaly, ýarawsyz bolsa golundan tutup ýa goltugyna girip kömek berer ýaly hökman hatynyň mähremi1 ýanynda bolmaly (f). Hatyn yhramly wagtynda hemişe ýüzüni açyp gezmeli (w), hatda ýanynda gaýyn atasy ýa gaýyn agasy bolsa-da. Eger bir gün ýa bir gije ýüzüni büräp gezse dem çalmaly (w), her wagt gaýnyny görende ýüzüni büräp beýleki wagt açyp gezse, şonuň hemme bürenen wagtlary üýşürilende, bir gün ýa bir gijäniň mukdaryça bolsa dem çalmaly (w). Eger ol mukdardan az bolsa sadaka bermeli (m).
MUFRIDIŇ SAGYDAN SOŇRA BOLMALY ÝAGDAÝY
Mufrid yhram baglap, muhrim bolanda tä Gurban aýynyň 8-ne çenli Mekgede galmaly. Mekgä baran gününden tä Gurban aýynyň 8-ne çenli hasap etmeli, şol ikisiniň arasy 15 gün, ýa 15 günden kän bolsa mukym1 bolýar. Şol iki aralykdaky günler 15 günden az bolsa musafyr2 bolýar. Musafyr bolan hajylar Mekgäniň ymamlaryna uýman, özleri jemagat bolsalar ýa ýeke okasalar hökman dört rakagatly parzlaryny gysga edip iki rekagat okamaly (w). Emma iki rekagatly ýa üç rekagatly parzlaryny we sünnetlerini bütewi okamaly, gysgaltmaly däl (h-mk). Eger Mekgäniň ymamlaryna uýsalar, ýa mukym bolsalar, dört rakagatly parzlaryny-da bütewi okamaly (f). Döwlet ýa firma kararlary hajylary Gurban aýynyň başyna Mekgä eltip, 25-ne Mekgeden äkitmek bolsa, şol hajylaryň barysy musafyrdyrlar, çünki bularyň niýetlerinde Mekgede 15 günläp galmak ýok, Minada, Müzdelefede we Arafatda bolmak niýetleri-de bar. Mukymlygyň-da şerti diňe bir ýerde 15 gün galmakdyr. Oňa görä Mina gitmezinden öňki galjak günleri 15 güne ýetmeýär we Minadan gelip ýene Mekgede galjak günleri hem 15 güne ýetmeýär.
Emma kararlary aýyň başyna Mekgä eltip, aýyň aýagynda äkitmek bolsa, bu hajylar Mina gitmezinden öň musafyr bolsalar-da Minadan gelenlerinden soňra mukymdyrlar, çünki Minadan gelenlerinden soňra 15 günden köp Mekgede galmak niýetleri bar. Onuň üçin daşlaryny atandan soňra haýsy wagt Mekgä gelseler namazlaryny bütewi okamaly (f). 12-si güni Gün batmazyndan öň Mekgä gelenler eger fitre bermek wajyp bolýan adamlar Gurbanlyk-da çalmaly (w) we jumga namazyna hem barmaly (f). Gepiň gysgasy, Mukymlyk niýetini edip Mekgä gelen adam, tä Minada ýatyp dolanyp gelýänçä mukym bolmaz, ol Minadan öwrülip gelensoň mukym bolýar. Eger Arafata gitmezinden öň 20-sine ýa 25-ne gaýtmaklygy niýet etseler Arafatdan gelenden soň hem musafyrdyrlar.
Haj edýän adam Minadan gelenden soňra, Mekgede 15 gün galmaklygy niýet etse mukym bolar. 5 gün geçenden soňra gaýtmagy niýet etse, tä Mekgeden çykýança Mukymlygy aýrylmaz, ýagny namazyny bütewi okamaly (f). Her haçan Mekgäniň şäherinden çykyp ugrasa, şonda gysgaltmaly (w).
Isa bin Abanyň beýik fyk alymlaryndan bolmkalygynyň sebäbi şu meseledir. Isa bin Aban ömrüni hadys okamaklyga bagyş edip ýören alymdy. Ol günlerde bir gün ýoldaşy bilen haja gidende Gurban aýynyň başyna Mekge şäherine girdiler, tä Gurban aýynyň ahyryna çenli Mekgede galmaklygy niýet etdiler. Isa bin Aban namazlaryny bütewi okap ýören ýagdaýlarynda hezreti Ymam Agzam rahimahulla aleýhiň şägirtlerinden bir kişä sataşdy. Ol bulara aýtdy: “Siziň Mina we Arafata gitmek niýetiňiz bar. Oňa görä siz bu wagt mukym bolmaýarsyňyz. Siziň namazyňyzy bütewi okamaklygyňyz ýalňyşdyrˮ diýdi, “Haçan Minadan öwrülip geleniňizde mukym bolarsyňyzˮ diýdi. Bular Minadan öwrülip gelende Isa bin Abanyň ýoldaşy gaýtmajak boldy, Isa bin Aban hem ýoldaşy bilen bile soň gaýtmaklygy niýetine düwdi, şu ýagdaýda bular namazlaryny gysgaltdylar.
Hezreti Ymam Agzam Abu Hanyfa rahimahulla aleýhiň şägirdi ýene bulara aýtdy: “Siz öňki niýetiňiz bilen mukymdyrsyňyz, tä Mekgeden çykýançaňyz namazlaryňyzy bütewi okamalydyr, gysgaltmaklygyňyz ýalňyşdyrˮ diýdi. Şonda Isa bin Aban “Men bir meseläni iki ýerde ýalňyşypdyrynˮ diýdi. Ondan soňra hadysyň yzynda gezmekligini goýup, hezreti Ymam Agzam Abu Hanyfa rahimahulla aleýhiň şägirdi Ymammuhammet bin Hasan Şeýbanynyň mejlisine baryp, fykh okap beýik fykh alymlaryndan boldy.
Hormatly musulman doganlar! Şu wakadan köp maglumatlar hasyl bolýandyr:
1.Mukumlygyň müddeti iki ýere bölünse, mukumlyk kabul edilmeýär.
2. Minadan gelenden soňra, öňki niýeti bilen mukym bolýar, täzeden mukumlyk niýetini etmek lazym däl.
3.Mukymlyk müddeti tamam bolmazdan öň, gitmekligi niýet etse-de, tä gidýänçe namazyny gysgaltmaly däl.
4.Fykh okamasaň diňe hadys okamak bilen şerigaty bilip boljak däl.
5.Hakykaty bileniňde jedel etmän amal etmeli.
Mufrid tä Jemreýi Akaba daş atýança hemme ýagdaýda telbiýe aýdyp gezmeli, diňe towaf edýän wagtynda aýtmaly däl. Halan wagtlarynda nefil towaf etmeli (m). Emma raml we yztybag etmeli däl. Her ýedi aýlawdan soňra iki rekagat towaf namazyny okamaly (w). Şu iki rekagat namazy okaman başga towafa girişmeli däl, ýagny iki ýedi towafy birikdirmeli däl (mk). Nefil towafdan soňra sagy-da etmeli däl, çünki sagynyň nefili ýokdur. Nefil towaf afakylar üçin nefil namazyndan has gowudyr. Emma Mekgäniň ýaşaýjylary üçin nefil towafdan nefil namaz okamagy has gowudyr.
Her bir musulman Mesjidi-Haram bolsun ýa başga bir metjit bolsun tapawudy ýok, her wagt metjide girende igtikäf niýet1 etmeli (m). Mesjidi-Harama girýän adam towaf etjek bolsa onuň tahiýýätu-mesjidi1 ýedi gezek towaf etmekdir. Eger towaf etmek niýeti bolmasa onuň tahiýýätu-mesjidi iki rekagat nefil namaz okamakdyr (s). Mesjidi-Haramda oturanda ygtykat bilen sogap talap edip Beýtulla şerife kän bakmaly (m). Haramyň ýaşaýjylaryna hormat etmeli, başarsa oraza tutmaly, garyplara sadaka bermeli, hemişe zikr-pikir we Kuran okamak bilen bolmaly, hiç bolmasa bir gezek Kurany hatym etmeli, her görnüşli ybadatlary köp etjek bolmaly (m).
Dostları ilə paylaş: |