Üçünjisi: Owal haja giden alym adam haj işleriniň ylmy we amaly ýagdaýlaryna ýetikdir, hatadan we jenaýatdan saklanmaklyga ýakyndyr. Onuň üçin bedele1 şu hili adam laýykdyr. Gepiň gysgasy özi üçin haj etmedik adama sarura diýýärler. Saruranyň öz boýnuna haj parz bolandan soňra, öňi bilen öz parzyny bitirmän bedele gitmekligi mekruh tahrimadyr2. Şonuň ýaly öňi bilen parz hajyny bitirmän özi üçin nefil haj etmekligi-de mekruh tahrymadyr. Emma Ibni Nejim hanafi özüniň “Albahrur-ra'ikˮ atly kitabynda aýdypdyr: “Özüne haj parz bolan sarurany bedele ibermekdäki bolan hak höküm, ämir üçin mekruh tenzih3 we me'mur üçin mekruh tahrimadyrˮ.
Hezreti Allama Şeýhzada özüniň “Mejmagul anhur fi şerhi multakyl abhurˮ atly kitabynda: “Bedele giden garyp sarura Käbe şerifäni gören wagtynda özi üçin haj etmek parz bolar. Oňa görä öz hajyny bitirmek üçin garaşyp geljek ýyla çenli Mekgede galmaklygy lazym bolar, hatda ol garyp bolsa-da ýa öýüne gidip öwrülip gelip öz puly bilen haj etmekligi lazym bolar. Diýmek bu hökümi gaýym bellemeli, adamlar bu hökümden habarsyzdyrlarˮ diýip aýdypdyr.
Şunuň ýaly Allama Molla Alyýýul Kary özüniň “Elmeslekul-mutakassyt fil-mensekil-mutawassytˮ atly kitabynda: “Sarura Mekge mukerremä barmaklygy bilen boýnuna haj parz bolarˮ diýip aýdypdyr.
Şonuň ýaly Allama Seýýid Muhammed Ýäsin Mirgini özüniň “Älmuntaki fi hillil multakiˮ atly kitabynda: “Saruranyň boýnuna owal haj parz bolmadyk bolsa-da Mekge mukerremä girende haj parz bolarˮ diýip aýdypdyr.
Şunuň ýaly Şeýh Muhammet Abid Ansari Senedi özüniň “Tawaligil Anwar alad-durrul-muhtarˮ atly kitabynda: “Owal özüne haj parz bolmadyk sarura gaýrynyň tarapyndan haj etmek üçin Mekge mukerremä girmekligi bilen boýnuna haj parz bolarˮ diýip aýdypdyr.
Şunuň ýaly Allama Asgad Muhammet Sagid Sagirji özüniň “Ättäýsir fil-fikhyl-hanafiˮ atly kitabynda: “Sarura Mekge mukerremä girmekligi bilen özi üçin haj etmeklige güýji ýetýändir, hatda ämiriň tarapyndan haj etmek bilen meşgul bolsa-daˮ diýip aýdypdyr.
Allama Abussagud bin Muhammedil Ymadyl-hanafi özüniň “Fetawasyndaˮ: “Sarura gaýrynyň hajyny bitirenden soňra, özüniň boýnuna parz bolan hajyny öwrülip gelip etmelidirˮ diýip aýdypdyr.
Şunuň ýaly Allama Seýid Ahmed Patyşah-da “Gaýrydan haj edýän saruranyň özüne-de haj parz bolýandyrˮ diýip fetwa berdi we şu hakda bir kitapça-da ýazdy.
Şunuň ýaly Ymam Alauddin Abubekir bin Masgud Kesäni hanafiniň “Bedä-igus-sanaig fi tertibiş-şaraigˮ atly kitabynda: “Sarura haj etdirmekde bir görnüşli mekruhlyk bardyr, çünki ol gaýrydan haj etmekligi bilen özüne parz bolan hajy terk edýän bolýarˮ diýmekligi gaýrydan haj edýän saruranyň Mekge mukerremä girmekligi bilen özi üçin haj etmeklige güýjüniň ýetýändigini bildirýär, hatda onuň wagty ämiriň hajy bilen meşgul bolsa-da şeýledir.
Gepiň gysgasy şu beýik alymlaryň garaýyşlaryna görä özüne haj parz bolmadyk garybyň başga biriniň tarapyndan haj etmekligi bilen, ýagny bedele gitmekligi bilen öz boýnuna hem haj parz bolýar. Emma Allama Huseýin bin Muhammet Sagyd Abdulgani Mekgi özüniň “Irşadus-sari Ilä mänäsikil Molla Alyýýul Karyˮ atly kitabynda: “Dogrusy, şol saruranyň boýnuna iki nüsükiň1 biri lazym bolar, çünki haj diňe gurbaty çatýan adama parz bolýar. Gaýrynyň tarapyndan haj edýän adam gaýrynyň yhramyna oranandyr, oňa özi üçin haj etmek mümkin bolmaz. Eger oňa haj parz boljak bolsa geljek ýyla çenli galmaly bolar we köp wagtlap galmaklyga gurbaty çatmaýar. Diýmek boýnuna lazym bolan buýrygy aýyrmak üçin umra etmekligi ýeterlikdir. Fykh alymlary-da Mekgä giren adama haj parz bolar diýip anyk nygtamadylar, umuman, sen habardar bolˮ diýip aýdypdyr.
Allama Abdulgany Annabulisi hem “Gaýrynyň tarapyndan haj edýän garyp sarura özi üçin haj etmek parz däldirˮ diýip fetwa beripdir we şu hakda hem bir kitap ýazyp aýdypdyr: “Ol saruranyň şu ýylda özi üçin haj etmekligi mümkin bolmaýar, Çünki onuň sapary ämiriň puly bilendir we ol ämir üçin yhram baglap we şonuň tarapyndan haj edýändir. Ol garyp saruranyň aýal we oglan-uşaklaryny yzynda idegsiz taşlap öz haj parzyny bitirmek üçin hökman geljek ýyla çenli, Mekge mukerremede galmaly diýip teklip etmek ýa garyp bolsa-da haj parzyny bitirmek üçin geljek ýylda hökman gelmelidir diýip teklip etmek gaty kynçylyk döretmek hem aňyrbaş müşgillik oklamakdyrˮ.
Irşadyň eýesi öz pikirini anyk edip aýdypdyr: “Lubabul-menasikde we onuň şerhinde garyp afaky mikata baranda edil Mekgeli ýaly bolar, eger ýöräp başarýan bolsa boýnuna haj parz bolar we ol kişi özüni garyp hasap edip nefil haj niýet etmeli däldir. Çünki oňa haj parz bolmaýany afaky bolan ýagdaýyndadyr. Emma ol kişi bu wagt Mekgeli bolandyr, onuň üçin oňa haj parz bolandyr. Eger nefil niýet etse, nefil hajyny bitirenden soňra ýene parz hajyny bitirmek lazymdyr diýilen gep, sarura garybyň hökümi-de şol afaky garybyň hökümi ýaly bolýanlygyna delil bolmaz. Çünki sarura garybyň haj etmeklige güýjüniň ýetýändigi özüniň gurbaty bilen däldir. Diňe gaýrynyň gurbaty bilendir, gaýrynyň gurbaty üçin ygtybar ýokdurˮ.
Emma garyp afakynyň güýjüniň ýetýändigi öz gurbaty bilendir ol diňe öz gurbaty bilen mikata ýetdi, hatda onuň sapary başda nefil bolsa-da, öz güýji bilen haj etmeklige ýetişdi. Gepiň gysgasy gaýrynyň ýerine giden garyp sarurany mikata baran garyp afaka deňäp şonuň-da boýnuna haj parz bolýandyr diýip aýtmaly däl. Allama Huseýn bin Muhammet Sagyd Abdulgany Mekgi hanafi özüniň Yrşadynda aýtdy: “Mekgä ýa mikata baran garyba haj parz bolýanlygyny alymlar anyk aýtdylar, ýöne onuň barmaklygy hajyň aýlarynda tapylmagy şertmi? ýa şert dälmi? Haçan baranda parz bolar? Mekgäniň ilaty-da şonuň ýalydyr, haýsy wagtda şolara parz bolýar? Men şonuň anyk hökmüni tapmadym we fykh alymlarynyň garyp mikata barsa diýip umumy goýmaklary hajyň aýlary bolmak şert däldigini bildirýärˮ.
Şunuň ýaly Ymam Tahawynyň sözi şu hakda anykdyr. Ýene fykh alymlarynyň ol garybyň boýnuna haj etmek parz bolmagy üçin, ol garybyň mikata haj edilýän wagtda barmagyny şert edendiklerinden, hajyň aýlarynda barmak şertdigi äşgär ýa belli edýär. Ýöne şonda köp yhtylaf bardyr. Gepiň gysgasy, hajyň günlerinde barmagyny şert eden fykh alymy haj aýlarynda barmagyny şert edýär we hajyň günlerinde barmagyny şert etmeýän fykh alymy haj aýlaryndan başga aýda barsa hem haj parz bolar diýip aýdýar. Diýmek şu giňişleýin açyklamada owalky garaýşa görä, haj aýlaryndan başga aýda umra eden adamyň haj aýlary gelende haja gitmäge güýji ýeter ýaly puly bolmasa şonuň üçin haj parz bolmaz. Emma ikilenji garaýşa görä haj parz bolar.
Emma ämir birine pul berip, şol ýylda haj edip gel diýip aýdan bolsa, me'mur şol ýylda haj etmän geljek ýyl haj etse-de dogry bolar. Eger bir adam öz tarapyndan haj edilmegi wesýet etse, şondan artykmaç gep aýtmasa, onuň nemaýendesi onuň tarpyndan haj etmekligi dogry bolar. Şol nemaýende wesýet edýäniň mirasdüşeri bolsa ýa ämir öz tarapyndan haj edilmek üçin puluny başga mirasdüşerine beren bolsa bu ýagdaýlarda nemaýendeniň haj etmekligi dogry bolmaz, haçanda beýleki mirasdüşerleriň barysy ulalan ýagdaýlarynda, şol nemaýendeniň öz ämiriniň tarapyndan haj etmekligini dogry bilip rugsat berseler dogry bolar. Eger öli öz nemaýendesine puluny meniň tarapymdan haj eder ýaly bir kişä ber diýip aýdan bolsa, ol ýagdaýda nemaýendeniň öliniň tarapyndan haj etmekligi umuman dogry bolmaz, ýagny mirasdüşerler laýyk görsün ýa laýyk görsmesin we mirasdüşerler kiçi bolsun ýa uly bolsun, hiç ýagdaýda dogry bolmaz.
WESÝET EDILEN HAJ
Her zatdan öň ynsan ölen ýagdaýynda öz malyna eýe bolmaklygyndan aýrylýandygyny bilmek gereklidir. Onuň hemme zady islese-islemese mirasdüşeriň mülküne geçýändir, diňe üç zada bolan eýeçiligi aýrylmaz.
Birinjisi: Tejhiz, ýagny ynsan ölende şonuň malyndan kepeniň bahasyny, ýuwmaklygyň we gabryny gazyp gömmekligiň kireýini almak özüniň hakydyr.
Ikinjisi: Kazau-duýun, ýagny tejhizden soňra galan zatlarynyň barysyndan adamlara bolan bergileriniň berilmegi öliniň hakydyr. Emma Allatagala bolan bergileri, meselem: zekat-uşur, fitre, keffarat bu hili bergilerini bermek üçin öliniň terekä giren mallarynda1 haky ýokdur, ýagny onuň Hudaýa bolan bergilerini bermek mirasdüşerlere lazym däldir.
Üçünjisi: Wesýet, ýagny bir adam men ölemden soňra meniň malymdan pylan işi ediň diýip wesýet eden bolsa, meselem: meniň malymdan sadaka beriň, metjit saldyryň, haj etdiriň diýip aýdan bolsa, şonuň wesýet eden işlerini bitirmek üçin hemme malynyň üçden biri tükenýänçä şol ýola sarp edilmegi öliniň hakydyr. Tejhizden we kazau-duýundan soňra galan mallaryny mirasdüşerleriň arasynda şerigatyň buýruşy ýaly bölmeli. Emma bir adam öz tarapyndan haj edilmegi wesýet eden bolsa we şonuň hemme mallarynyň barabarynda bergisi-de bar bolsa tejhizden soňra diňe şonuň bergisini bermeli, bergisini bermän wesýetini ýöretmeli däl we mallaryny hem mirasdüşerleriň arasynda bölmeli däl. Bir adam öz tarapyndan haj edilmegini wesýet etse, şonuň üçden bir malyndan haj etdiriler.
Eger meniň malymyň üçden biri bilen haj etdiriň diýip aýdan bolsa we şonuň malynyň üçden biri-de köp hajlar etmeklige ýetjek bolsa, eger bir haj etdiriň diýip anyk aýdan bolsa, şonuň tarapyndan diňe bir haj etdirip galan mallaryny mirasdüşerlerine gaýtarmaly. Eger bir haj diýip anyk aýtmadyk bolsa, onda köp haj etdirmeli tä şol üçden bir bolan maly tükenýänçe. Eger pulunyň belli bir mukdaryny aýdyp, şonuň barabaryna haj etdiriň diýip aýdan bolsa we şol mukdar pul bilen-de köp haj etdirip bolýan bolsa, onuň hökümi-de owalky ýalydyr, ýagny eger bir haj etdir diýip anyk aýdan bolsa, diňe bir haj etdirip galan mallaryny mirasdüşerlere gaýtarmaly. Eger bir haj diýip anyk aýtmadyk bolsa, onda şol mukdar pul tükenýänçä haj etdirmeli. Şu ýerde nemaýende üçin iki işiň her birini etmeklige ygtyýary bardyr, halasa şol öliniň tarapyndan bir ýylda köp adamy haja iberer, halasa her ýylda bir adamy iberer. Emma owalky afzaldyr.
Eger nemaýende yzyndan galan mallardan haj etdirer ýaly mukdaryny çykaryp galan mallary mirasdüşerleriň arasynda bölse, ondan soňra şol haj etmek üçin alnan pul ýitip ýa ogurlanyp, ýa-da ýanyp we ş.m bolup aradan aýrylsa, ol bölüşik biderek bolar. Emma wesýet puç bolmaz ony hökman ýerine ýetirmeli. Oňa görä tereke edilen mallary täzäden üýşürip, şol üýşen malyň üçden birinden haj etdiriler, eger ol üçden biri-de aradan aýrylsa, ýene täzeden üýşürip, şol üýşen malyň üçden biri bilen haj etdiriler, ýene aradan aýrylsa, ýene şeýle, tä şol gaýtadan üýşürilýän malyň üçden birine haj edip bolmaýan mukdara gelýänçä. Eger galan mallar azalyp şu mukdara ýetse, onda ol öliniň wesýeti Hezreti Ymam Agzam rahmatullahi aleýhe görä puç bolar. Emma Ymam Abu Ýusuf rahmatullahi aleýhe görä yzynda galan mallaryň üçden birinden bir zat galsa, şol malyň ýetäýjek Ýurdundan haj etdiriler. Eger şol galan mal hiç ýereden ýetmejek bolsa wesýet puç bolar. Emma Ymam Muhammet rahmetullahi aleýhe görä, nemaýendeniň eden bölüşi dogrudyr. Haj üçin çykarylan malyň aradan aýrylmagy bilen wesýet puç bolar. Şol yzda galan malyň üçden birinden bir zat galsyn ýa galmasyn.
Eger öli bir mukdar puly aýdyp, şonuň bilen haj etdiriň diýen bolsa, ol mukdar pul-da yzda galan mallaryndan üçden birine ýetmese, şol üçden biriniň ýetjek ýurdundan haj etdirler. Eger pylana müň dollar we garyplara müň dollar we müň dollar bilen hem meniň tarapymdan haj etdirmeli diýip wesýet eden bolsa, yzda galan malyň-da üçden biri diňe iki müň dollar bolan ýagdaýda, şol iki müň dollaryny üçe bölmeli, garyplaryň paýyny hajyň paýyna goşup öliniň tarapyndan haj etdirmeli, eger hajyň çykdajysyndan artsa, şony garyplara bermeli. Eger öliniň eden wesýetlerinde parz hajy, nezir hajy we nefil hajy bar bolsa öňi bilen parz hajyny, ondan soňra nezir hajyny, ondan soňra nefil hajyny etdirmeli. Eger öliniň wesýet eden hajlarynyň barysy wajyp haj bolsa ýa nefil haj bolsa, yzda galan malynyň üçden biri şol wesýet eden hajlarynyň hemmesine ýetmejek bolsa, öliniň aýdan tertibini berjaý etmeli, ýagny haýsy birini öň aýdan bolsa, öňi bilen şony etdirmeli, ondan soňra onuň yzyndaky, soňra onuň yzyndakyny etdirmeli.
HARJ ETMEKLIGIŇ ÝOLY
Gaýrynyň tarapyndan haj edýän adam iýjek-içjeklerinde, geýmeklerinde, münmeklerinde, myhmanhanalarda, hammama düşmeklerinde, lybaslaryny ýuwdyrmaklarynda, kelle syrdyrmaklarynda, atyr çalmaklarynda we bulardan gaýry edilýän işlerde ortaça harj etmeli, aňyrbaş baýlaryň harj edişleri ýaly hem bolmaly däl, aňyrbaş garyplaryň harj edişleri ýaly hem bolmaly däl. Gaty bolçulyk edip ysryba barmaly däl, hem gaty gysyp kemçilik-de ýetirmeli däl. Elmydama ortalyga üns berip gezmeli.
Tagamyna hiç bir kişini çagyrmaly däl we şol tagamdan sadaka bermeli däl we hiç kişä karz bermeli däl, täret alar ýaly we gusul alar ýaly suw tapmasa, pul berip suw satyn almaly däl, teýim etmeli, pul berip gan aldyrmaly däl we meriz boldum diýip lukmana gitmeli däl, eger özüniň ämiri giňişlik edip şu işleri etmeklige rugsat beren bolsa, onda me'muryň bu işleri etmekligi gapma-garşylyksyz dogry bolar.
Me'mur öz hyzmatkäriniň harjyny ämiriň malyndan bermeli däl, özi ýaşy uly bolup ýa-da ýaşy we derejesi-de uly bolup, öz işini edip bilmeýän adamlardan bolsa, şonda hyzmatkäriň harjyny bermekligi dogry bolar. Ýollarda Beýtulla barýan wagtlarynda hem-de öwrülip gelýän wagtlarynda tä öliniň öýüne gelýänçä, ortaça harj etmeli ysryp we kem-käsli etmeli däl. Eger hajyň wagtlarynda kerwene garaşyp bir şäherde on bäş gün ýa ondan az ýa köp galsa, şonuň harjy öliniň malyndan bolar. Eger kerwen şäherden çykandan soňra galsa, onda me'muryň öz malyndan bolar, eger haj işlerini ýerine ýetirenden soňra-da Mekgede ýa başga ýerde kerwene garaşyp galsa, hatda on bäş günden kän bolsa-da öliniň malyndan bolar. Emma başga hajaty üçin galsa, onda onuň harjy öz malyndan bolar. Emma bir näçe gün galandan soňra gaýtmaklyga pikirini öwrüp gaýtsa, onda öliniň malyndan bolar. Eger Mekgäni Watan tutup şonda on bäş gün ýa az galsa, ondan soňra gaýtmakçy bolsa, onda onuň harjy öliniň malyndan bolmaz, öz malyndan bolar. Eger Mekgede ýaşamak niýeti bolman bir näçe günler galsa, eger şol möhlet adatda galynýan möhlet bolsa, şonuň harjy öliniň malyndan bolar, eger adatda galynýan möhletden kän bolsa, onuň harjy öz malyndan bolar. Eger howlugyp Mekgä öň barsa tä Gurban aýyna çenli eden harjy öz malyndan bolar. Gurban aýy girenden soňra öliniň malyndan bolar.
Eger hajyň wagtlarynda özüniň hajaty üçin Mekgeden çykyp sapar mukdarly ýola gitse, öwrülip gelýänçä eden harjy öz malyndan bolar. Şonuň ýaly gelip öz hajatyna meşgul bolmagynda hem eden harjy öz malyndan bolar. Her wagt özüniň işini bitirip hajyň işlerine meşgul bolsa, şonda öliniň malyndan bolar.
Me'mur hajdan öwrülip gelenden soňra, hajyň çykdajysyndan artyp galan mal we başga galan zatlary öliniň mirasdüşerlerine ýa nemaýendesine gaýtaryp bermeli. Emma mirasdüşerler şol galan mal we beýleki galan zatlary me'mura peşgeş berseler ýa öliniň özi me'mura beriň diýip wesýet eden bolsa, ol ýagdaýda gaýtarmak gerek däldir, eýsem me'muryň özi almaklygy dogrudyr. Eger me'mur haja eden çykdajylaryndan artanyny özüm aljak diýip şert eden bolsa, bu şert nädogrydyr, galanyny mirasdüşere ýa nemaýendä gaýtaryp bermek wajypdyr. Emma iň gowusy ämir işini me'muryň özüne tabşyrmaly we “meniň tarapymdan haj yfrad ýa haj kyran ýa haj temettug haýsy birini etjek bolsaň öz ygtyýaryňdadyrˮ diýip aýtmaly we hajdan artan maly öz-özüne sowgat edinip alar ýaly “artan pulumy, sowgat etmeklige we şony özüňe kabul edip almaklyga men seniň özüňi wekil edýärinˮ diýip aýtmaly. Eger ämir şu gürrüňi ölüm ýagdaýynda bolup aýdýan bolsa, onda “şondan galany menden saňa wesýetdirˮ diýip aýtmaly, şu iki suratda galan pullary we zatlary me'muryň özi almaklygy dogry bolar. Şu aýdylan açyklama ämir bir kişini belli eden ýagdaýyndadyr. Emma ämir bir kişini belli etmän ýagdaýynda öz nemaýendesi üçin iýjek-içjeginden artan puluny halan adamyňa bergin diýip aýdar, şu ýagdaýda nemaýende şol puly özüniň belli eden adamyna bermekligi dogry bolar. Eger wesýet edýän bir kişini belli etmän iýjek-içjeginden galan pul me'mur üçindir diýse, bu wesýet nädogrudyr. Eger bir kişini belli etse, onda dogry bolar. Öliniň nemaýendesi ýa mirasdüşeri haj etdirmek üçin beren puluny me'murdan gaýtaryp almaklygy dogry bolar, eger me'mur haja yhram baglanmadyk bolsa. Eger me'murdan görlen açaçan hyýanat jähtli gaýtaryp alynýan bolsa öwrülip öýüne gelmekligiň harjy me'muryň öz pulundan bolar. Eger hyýanatsyz gaýtarylýan bolsa ýa me'muryň ejiz bolmaklygy jähtli gaýtarylýan bolsa, ýa-da me'mur hajyň düzgünlerini bilmeýän bolup, ondan gowurak adamy ibermek üçin gaýtarylýan bolsa, bu ýagdaýlarda öwrülip gelmekligiň harjy öliniň pulundan bolar, eger me'mur men haj etmekden gadagan edildim, meni ýoldan gaýtardylar (deport etdiler) diýip aýtsa, öliniň mirasdüşeri ýa nemaýendesi kabul etmese, şol me'muryň gepine ynanylmaz. Onuň üçin eden harjlaryny hem özi tölär. Emma onuň ýoldan gaýtarylmagyna güwä bolýan anyk maglumat bar bolsa, eden harjlaryny özi tölemez. Eger me'mur men öliniň tarapyndan haj etdim diýse, öliniň mirasdüşeri ýa nemaýendesi kabul etmese, me'muryň ant içmekligine ynanylar. Emma mirasdüşeriň ýa nemaýendäniň şol me'mur nahr gününde Mekge ýa Mekgäniň töwereginden gaýry pylan şäherde bolupdyr diýip şaýat çykarsa, şol şaýady kabul edilmez, emma şol mirasdüşer ýa nemaýende me'muryň men şol ýyl haj etmedim ýa öliniň tarapyndan haj etmedim diýip ykrar edenligine şaýat çykarsa, şony kabul ediler.
Eger haj edýän meniň ölä bergim bar öli maňa sen meniň şol algymdan meniň üçin haj et diýip buýurdy diýse, haj edýäniň bu gepi kabul edilmez, diňe şaýat bilen kabul ediler “Hazanatul Ekmelˮ atly kitapda ýazylypdyr: “Şol haj edýäniň gepi ant içmekligi bilen kabul ediler, emma mirasdüşer üçin ölide bolan algysyny talap edip duran adam bar bolsa kabul edilmez, ol ýagdaýda diňe şaýat bilen kabul edilerˮ.
Haja degişli ganlar, meselem: şükür gany; yhrama degişli ganlar, meselem: jenaýat gany, şularyň barysyny me'mur öz pulundan bermeli. Emma me'mur ýolda haja goýberilmän saklanan bolsa, şonuň ganyny diňe ämiriň malyndan bermeli, hatda ämiriň özi me'mura meniň tarapymdan haj kyran etgin ýa haj temettug etgin diýip buýran bolsa-da şonuň şükranalary diňe me'muryň öz pulundan bolar. Her wagt me'mur ýolda haja goýberilmän saklanan bolsa öliniň nemaýendesi şoňa öliniň pulundan hedi ibermeli (me'mur hem şony çalyp yhramdan çykar ýaly). Harjdan galan pullary nemaýendä gaýtaryp bermeli (ol hem şol pullar bilen ýeten ýerinden haj etdirer ýaly).
BEDEL HAJA DEGIŞLI HÖKÜMLER
Zahyr mezhebe1 görä, her wagt me'mur öz ämiriniň tarapyndan haj etse, şol haj ämiriň haj etdigi bolar. Şamsul-Ä'imme Sarahsynyň we köp muhakkyk fykh alymlaryň saýlap alan garaýyşlary hem şunuň ýalydyr. Me'muryň haj etmekligi bilen ämiriň boýnundan parzy aýrylýandyr, emma ähli fykh alymlaryň birleşmekleri bilen me'muryň öz boýnuna parz bolan haj gerdeninden aýrylýan däldir. Şu aýdylan höküm parz haj babatdadyr. Emma nefil hajda welin ähli alymlaryň birleşmekleri bilen, me'muryň nefil hajy bolýandyr, ämir üçin bolsa diňe iýjek-içjegini bermekliginiň sogaby bardyr.
Allama Şeýh Muhammet Kahistany “Nikaýaˮ üçin ýazan şerhinde aýdypdyr: “Hakykatdan hem nefil hajy ämiriň tarapyndan etmek dogry bolar, hatda şol ämiriň özi nefil haj etmekden ejiz bolmasa-da we iýjek-içjegini bermekliginiň sogaby ämir üçin bolar, hemme fykh alymlaryň birleşmekleri bilen. Emma me'mur eden nefil hajynyň sogabyny öz ämirine bagyşlamaly we her bir nefil ybadatyň, meselem: namaz bolsun, oraza bolsun ýa sadaka bolsun şonuň sogabyny başga birine bagyşlamak ähli sünnet wel jemagatyň ygtykatynda dogrudyr. Bir adam öz boýnuna haj parz bolup ölse we meniň tarapymdan haj ediň diýip wesýet etmedik bolsa, şonuň tarapyndan haj etmek ýa haj etdirmek mirasdüşerleriň boýnuna lazym däldir, eger şonuň mirasdüşeri ýa keseki şonuň tarapyndan haj edäýse dogry bolar we şonuň boýnundan parzy-da aýrylar, Inşallahutagala.
Allama Ibnu Abidin özüniň “Şifäul-alil we bellul-galilˮ atly kitabynda ýazypdyr: “Fykh alymlary aýtdylar: bir adam özüniň boýnuna parz bolan hajyny ediň diýip wesýet eden bolsa, şonuň mirasdüşeri peşgeş edip öz puly bilen şonuň tarapyndan haj etse dogry bolmaz, eger wesýet etmän ölen bolsa, şonuň mirasdüşeri peşgeş edip şonuň tarapyndan özi haj etse ýa şol mirasdüşer öz puly bilen başga birine haj etdirse hezreti Ymam Agzama rahmetullahi aleýh şol haj dogry bolar, Inşallahu tagala diýip aýtdy.
Hadys şerifde gelipdir:
«اِنَّ اللهَ تَعَالَي لَيُدخِلُ ثَلاثَةَ نَفَرٍ بِالحَجَّةِ الوَاحِدَةِ الجَنَّةَ، اَلمُوصِي بِهَا وَالمُنفِذ لَهَا وَالحَاجُّ عَنهُ»
Terjime: Hakykatdan hem Taňry tebärek we tagala bir gezek edilen haj sebäpli üç adamy jennete salar: “Meniň tarapymdan haj ediňˮ diýip wesýet eden adamy we şol wesýeti ýöredýän adamy, ýagny şonuň tarapyndan haja iberen adamy we şonuň tarapyndan haj edýän adamy.
Şu hadys şerifi Allama Abdurrahman Essuýuty özüniň “Äljamigus sagirˮ atly kitabynda, şular ýaly sözler bilen getiripdir.
«اِنَّ اللهَ تَعَالَي يُدخِلُ بِالحَجَّةِ الوَاحِدَةِ ثَلاثَةَ نَفَرٍ اَلجَنَّةَ اَلمَيِّتَ وَالحَاجَّ عَنهُ والمُنَفِّذَ لِذٰلِكَ»
Terjime: Hakykatdan hem, Taňry tebärek we tagala bir haj sebäpli üç adamy jennete salar. Öz tarapyndan haj edilnen ölini we öliniň tarapyndan haj edýän adamy we şol öli üçin haja iberýän adamy.
Şeýhul-Islam Muhammet bin Salim Elhanafi şu hadysyň şerhinde aýdypdyr: “Eger öli wesýet etmedik bolsa, bir adam şonuň tarapyndan haj etse, Taňry tebärek we tagala diňe şol öli bilen şonuň tarapyndan haj edýän adamy jennete salarˮ.
Gaýrynyň tarapyndan haj eden adam öwrülip gelende, iň gowusy öňi bilen haja iberen adamyň öýüne gelmeli, ondan soňra öz öýüne gelmeli.
IKI HAJY BIRIKDIRMEK
Jynslary bir bolan nüsüklerden ikisini ýa ikiden köpüsini niýetlerinde ýa amallarynda birikdirmek, ýagny iki umrany ýa iki parz hajy birikdirmek mekruhdyr. Afaky bolsun ýa Mekgeli bolsun tapawudy ýok, hatda käbir fykh alymlary muňa haram diýip aýtdylar. Eger iki haja ýa ikiden köpe birden niýet etse, meselem: 20 haja birden niýet etse, ýa öňi bilen bir haja niýet edip, ondan soňra ýene bir haja niýet edip, ondan soňra ýene bir haja niýet edip, şular ýaly köp haja tertip bilen niýet etse, şol niýet eden hajlarynyň barysy şonuň boýnuna lazym bolar.
Eger barysyna birden niýet eden bolsa diňe birini amal etmeli, birden başgasyny taşlamaly, eger tertip bilen niýet eden bolsa, owalkysyndan beýlesini taşlamaly, hezreti Ymam Agzamdan bolan zahyr rowaýata görä, Mekge mukerremä ugranda taşlamaly we ýene hezreti Ymam Agzamdan edilen başga bir rowaýata görä, hajyň amallaryna başlanda taşlamaly. Meselem: towaf etmek, ýa Arafatda durmak ýaly. Şu iki rowaýatyň tersi şu ýerde anyk bolar, meselem: bir adam iki haja yhram baglap Mekgä ugramasa ýa ugrasa-da heniz hajyň amallaryna başlamadyk bolsa, şol adam iki yhramyň eýesidir. Oňa görä şol ýagdaýda jenaýat etse ýa ýoldan gaýtarylsa, edil karyn ýaly iki dem çalmaly (w).
Emma iki haja yhram baglandan soň haja tarap ugramagy bilen ýa hajyň işlerine başlamagy bilen, iki yhramyň birini taşlandan soňra jenaýat etse diňe bir dem çalmaly (w), ondan soňra taşlanlygy üçin hem bir dem çalmaly (w). Taşlanan hajyň hem geljek ýylda kazasyny almaly we umrada etmeli (f-w). Eger şol adam taşlamadyk hajyny edip başarmasa, ol haj bitirilmän geçse, şol adam geljek ýylda iki haj bir umra etmeli (f-w). Eger şol adamyň haj etmesizligi ýoldan yza gaýtarylmagy jähtli bolsa, geljek ýylda iki haj we iki umra etmeli (f-w). Eger haja yhram baglasa we Arafatda hem dursa, ondan soňra başga haja yhram baglasa, eger şonuň ikilenji yhramy owalky hajdan halaly bolmak üçin kellesini syrdyrandan soňra bolsa, şu ikilenji haj şonuň boýnuna lazym bolar, özem dem we rafz1 ýokdur. Owalky hajyny bitirmeli we geljek ýyla çenli yhramly bolup durar.
Eger şonuň ikilenji haja baglan yhramy owalky haj üçin kellesini syrdyrmazyndan öň bolsa, bu haj-da onuň boýnuna lazym bolar. Öňki hajy berjaý eder we iki yhramyny jemlemekligi jähtli dem çalar (w). Şu dem kemçiligi doldurmak üçin lazym bolan demdir. Owalky hajy üçin ikilenji yhramdan soňra halk2 etsin ýa etmesin, oňa ondan başga-da ýene bir dem lazym bolar. Eger halk etse ikilenji yhram üçin jenaýat bolýar, eger halk etmän ikilenji hajyny etse, yhramynyň halkyny gijä goýanlygy üçin jenaýat bolýar. Eger nahr günlerinden soňra halk etse, şonuň boýnuna üçülenji dem lazym bolar. Eger bir adamyň hajy ýerine ýetirilmän geçse, ondan soňra başga bir haja yhram baglasa, şol adamyň boýnuna soňky hajy taşlamak we dem çalmak, umranyň işlerini edip halaly bolmak hem-de geljek ýylda iki haj bir umra etmek lazym bolar (f-w).
Dostları ilə paylaş: |