Haja we umra gidýänlere haj we umranyň düzgünlerini beýan etmeklikde zyýaratçylara sowgat تالیف: الحاج عبدالرحمن آخوند تنگلی طانا



Yüklə 2,02 Mb.
səhifə19/23
tarix30.10.2017
ölçüsü2,02 Mb.
#22583
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   23

IKI UMRANY BIRIKDIRMEK

Iki umrany birikdirmekligiň hökümi edil iki hajy birikdirmekligiň hökümi ýalydyr. Iki umranyň niýetini bile ýa yzba-yz aýtmakda, niýet eden umralarynyň barysy lazym bolmaklykda, birden başgasyny taşlamakda, her bir umrada iki zadyň birikmegi pikire gelýän işlerde iki hajy birikdirmekligiň hökümi ýalydyr.

Allama Molla Aliýýul Kary öz “Meslekindeˮ aýdypdyr: “Iki umranyň yhramyny birikdirmek üçin dem wajyp bolýanlygyna ähli fykh alymlar birleşdiler. Emma iki hajyň yhramyny birikdirmek üçin dem wajyp bolmagyna degişli iki rowaýat bardyr, iň dogruragy dem wajyp bolmakdyr. Eger bir adam umra yhram baglasa, sagydan öň ýene bir umra yhram baglasa, şonuň boýnyna ikinjini taşlamak, taşlany üçin dem çalmak we taşlanan umranyň kazasyny almak lazym bolarˮ (w).

Hormatly doganlar! Iki umrany birikdirmeklige degişli hökümleri umranyň babynda giňişleýin aýtdym, onuň üçin şoňa bakyň.


HAJ BILEN UMRANY BIRIKDIRMEK

Haj bilen umrany birikdirmek iki hilidir:



Owalkysy: Hajy umra goşmak, ýagny öňi bilen umra yhram baglap, umra üçin towaf etmänke ýa edenden soňra haja yhram baglamakdyr. Bu hili birikdirmek afakylar üçin dogry hem mustahabdyr. Emma Mekgeliler üçin mekruhdyr. Eger afaky umra yhram baglandan soňra umra üçin towaf etmezden öň ýa umranyň towaflaryndan azyny edenden soňra haja yhram baglasa, şol muhrim karyn bolýar dem şükür çalmaly (w).

Eger umranyň towaflaryndan dört aýlawyny towaf edenden soňra, haj aýlarynda haja yhram baglasa, şol muhrim mutemettig bolýar. Emma Mekgeli ýa mikatly, ýa-da afakylardan Mekgäniň raýaty bolanlar haj aýlarynda ýa haj aýlaryndan başga aýlarda umra yhram baglasa we umra towaf etmezinden öň haja yhram baglasa, alymlaryň jemleşmegine görä, umrasyny taşlamaly we rafz üçin hem dem çalmaly (w). Umrasyny taşlaman ikisiniňde amallaryny berjaý etse dogry bolar we iki nüsüki birikdirmek jähtli dem çalmaly (w). Eger umranyň towaflarynyň köpüsini edenden soňra haja yhram baglsa, alymlaryň jemleşmegine görä, hajy taşlamaly we dem-de çalmaly (w).

Eger umranyň towaflarynyň azyny edenden soňra haja yhram baglasa, hezreti Ymam Agzam rahmetullahi aleýhe görä, hajyny taşlamaly we dem çalmaly, eger şol ýylda haj etmese, soňra kazasy üçin bir haj we bir umra etmeli (f-w). Eger şol ýylda haj etse, umrasynyň işlerini berjaý edenden soňra yhram baglasa, oňa umra etmek gerek däldir. Eger hajy taşlaman ikisini-de bitirse, mekruhlyk bilen dogry bolar we iki nüsüki birikdirenligi jähtli dem çalar (w). Eger afaky umranyň yhramy bilen Mekgä girse towafdan öň jymag (jynsy gatnaşyk) edip umrasyny bozsa, ondan soňra şol umrasynyň amallaryny doly berjaý etse, ondan soňra Mekgede umra bilen haja yhram baglasa umrasyny taşlamaly we rafz jähtli dem çalmaly (w). Şol umrasyny-da kaza etmeli, çünki ol afaky Mekgä girenden soňra edil Mekgeli ýaly bolýar we Mekgeliler umra bilen hajy birikdirmeli däldigi üçin haj aýlary we başga aýlar tapawut etmez, gaýtam haj aýlaryndan başga aýlarda günäkärlik güýçliräkdir, sebäbi hajyň yhramy öz wagtyndan başga wagtda boldy. Eger Mekgeli haj aýlaryndan başga aýda umra yhram baglap towaflarynyň köp aýlawlaryny etse, ondan soňra haja yhram baglasa, şol adam dem çalmaly. Çünki Mekgeli üçin iki nüsüki birikdirmeklik ýokdur. Eger afaky şu işi etse, oňa hiç bir zat wajyp bolmaz, ýöne günäker bolar.

Ikinjisi: Umrany haja goşmak, ýagny öňi bilen haja yhram baglap, haj üçin towaf kudum etmänkä ýa edenden soňra umra yhram baglamakdyr. Eger muhrim Mekgeli bolsa, öňi bilen haja yhram baglap soňra umra yhram baglasa, şol muhrim her ýagdaýda umrasyny taşlamaly. Eger taşlaman amallaryny berjaý etse-de dogry bolar, emma dem çalmak gereklidir (w). Eger şol muhrim afaky bolsa, haja yhram baglandan soňra towaf kuduma başlamazyndan öň umra yhram baglasa, şol muhrim karyndyr, dem çalmaly (w). Munuň günäkärligi azyrak bolmagy sebäpli, şol çalan demi dem şükürdir.

Eger towaf kuduma başlandan soňra ýa towaf kudumy tamam edenden soňra umra yhram baglasa Mekgede ýa Arafatda şol muhrim hem karyndyr, dem çalmalydyr (w). Munuň günäkärligi köpüräk bolmaklygy sebäpli, şol çalan demi dem jebirdir (kemçiligini doldurmak üçin demdir) we şol umrasyny-da taşlamaly (m). Eger umra nahr günlerinde we teşryk günlerinde halkdan öň yhram baglasa, onda umrany hökman taşlamaly (w) we dem çalmaly hem-de kazasyny almaly (f-w).

Halkdan soňra yhram baglamagyň hökümi-de asah kowla görä şonuň ýalydyr, ýagny umrany taşlamaly (w), dem çalmaly we kazasyny almaly. Eger iki suratda hem umrany taşlamasa dogry bolar we dem-de çalar (w). Eger haj geçse, umranyň işleri bilen halaly bolmazyndan öň umra yhram baglasa, şonuň boýnuna şol umrany taşlamak lazym bolar.
UMUMY KANUN

Haýsy bir adama iki nüsüki birikdirmekde ýa bir nüsüki ol bir nüsüke goşmakda hajy taşlamak lazym bolan ýagdaýda şol adam rafz jähtli dem çalmalydyr we bir haj we bir umra etmelidir (f-w). Haýsy bir adam umrany taşalamak lazym bolan ýagdaýda, şol adam dem çalmalydyr we umrasyny-da kaza etmelidir (f-w). Haýsy bir adama rafz lazym bolup-da etmese, şol adam iki nüsüki birikdirmekligi jähtli dem çalmaly (w).

Haýsy bir adam rafz etmeli bolsa, rafz etmeklige niýet gerekdir, emma niýet gerek däldir, haçanda iki hajy wukufuň wagty geçmezinden öň birikdiren bolsa, ýa iki umrany owalkynyň sagysyndan öň birikdiren bolsa, şu iki suratda rafz niýeti bolmasa-da iki nüsükiň biri rafz bolar. Mekgä ugran wagtynda ýa şu iki nüsükiň biriniň amallaryna başlan wagtynda. Haýsy bir adam iki yhramyny birikdiren ýagdaýynda rafz etmezinden öň jenaýat etse, şol adam haj yfratda berilýän jerimesiniň iki essesini bermelidir. Emma rafzdan soňra jenaýat etse, ol adam diňe bir jerime bermelidir.

Birikdirmek jähtli ýa rafz jähtli wajyp bolan dem, dem jebirdir, oraza tutmak onuň ýerine oturmaz, hatda garyp-da bolsa we şol demden özüniň iýmegi we baý adama iýdirmegi-de dogry bolmaz. Emma dem şükür dem jebiriň tersidir, ýagny özüniň iýmekligi-de dogry we gaýra iýdirmekligi-de dogry, hatda baý bolsa-da.


HAJYŇ WE UMRANYŇ YHRAMYNY BOZMAK

Haja yhram baglan adam hajyň yhramyny bozup, haj amallaryny kesip we şol yhramyny hem amallaryny umra öwürmekligi, ýa umra yhram baglan adam umranyň yhramyny bozup, umranyň amallaryny kesip we şol yhramyny hem amallaryny haja öwürmekligi üç mujtehidiň mezhebine görä dogry bolmaz. Birinijisi: biziň mezhep başymyz hezreti Ymam Agzam rahmatullahi aleýh, ikinjisi: hezreti Ymam Mälik rahmätullahi aleýh, üçünjisi: hezreti Ymam Şafygy rahmatullahi aleýh. Emma hezreti Ymam Ahmet bin Hanbelden iki rowaýat bardyr: Birinji rowaýatda “haj yhramyny umra we umra yhramyny haja öwürmek dogrudyrˮ. Ikinji rowaýatda dogry däldir. Ahyrky rowaýata görä bir nüsükiň yhramyny bozup başga nüsüke öwürmek dört mezhebe görä-de nädogrudyr.



JENAÝATLARY ETMEK

Yhramly adam hiç bir uzury bolman, bilkastdan jenaýat bolan işi etse günäkär bolar, günäden toba etmekligi wajypdyr. Şol eden jenaýatynyň günäsini ýuwmak üçin jerimesini bermek-de lazymdyr (w). Emma şol jenaýat bolan işi bilkastdan bolman, ýalňyşyp etse ýa unudyp ýadyna düşmän etse, ýa gijä galyp mejbur bolup etse, ýa bilmän etse, ýa bir uzur sebäpli etse, şu ýagdaýlarda şol adamyň boýnuna eden jenaýatynyň jerimesi wajyp bolar, emma günäkär bolmaz.

Netijede haýsy bir yhramly adam uzursyz bolan ýagdaýynda, bilkastdan yhrama ters bolan işi etse, şol eden jenaýatynyň günäsini ýuwmak üçin jerimesini berse, şol beren jerimesi bilen şonuň günäsi aýrylýarmyka diýip we şoňa toba wajyp bolmaýarmyka diýip hyýal etmesin.

Ibni Jemagat mezheb başylary bolan dört ymamyň aýdanlaryny getirdi: “Muhrim bolan adam yhramyň tersi bolan işi bilgeşleýin etse, şol günäkär bolar. Şonuň fidýe1 bermekligi we fidýe bermeklige niýet etmegi, şony günäker bolmakdan çykarmazˮ.

Hezreti Ymam Newewi rahmatullah aýdypdyr: “Köp wagtlarda bir näçe ylymsyz adamlar muhrim özüne haram bolan işlerden bir işi edip, men onuň fidýesini berýän diýip aýdýandyr we fidýesini bermek bilen günäsiniň azabyndan gutulýarynmykam diýip pikir edýändir, onuň şu edýän işi anyk ýalňyş işdir we aňyrbaş nadanlykdyr. Hakykatdanam şol yhrama ters bolan işi etmek şoňa haramdyr. Yhrama ters bolan işi etse günäkär bolar we onuň boýnuna fidýe lazym bolar. Emma fidýe bermek şol haram bolan işi etmekligi mubah etmez. Şu işi edýän adamyň nadanlygy, göýä arak içip zyna edýän adamyň men arak içýän we zyna edýän gamçy meni günäden päklär diýip aýdyşy ýalydyrˮ. Haýsy bir adam özüne haram edilnen işlerden bir işi etse, ol adam özüniň eden hajyny haj mabrur (ýagşy görlen haj) bolmakdan çykarar.

Hormatly musulmanlar! Biliň we habarly boluň! Bir näçe adamlar haja gidýän topara hyzmat edýänçi bolup gidýärler. Yhramly bolan ýagdaýlarynda hiç bir uzury bolman, egin başly gezýärler we men bu edýän jenaýatym üçin dem çaljak diýip aýdýarlar, diňe dem çalmak bilen bilgeşleýin edilen jenaýatyň günäsi göterilmez. Onuň üçin olaryň eden hajlary haj mabrur bolmaz. Yhrama ters bolan jenaýatlarynyň haýsy birini etse, jerime bermelidir, bilip etsin ýa ýalňyşyp etsin, ýa birinjisi bolsun, ýa gaýtalaýan bolsun, ýa yhramlydygy ýadyna düşýän bolsun, ýa yhramlydygyny unudýan bolsun, ýa şol işiň nädogrylygyny bilýän bolsun, ýa bilmeýän bolsun ýa şol işi öz ygtyýary bilen etsin, ýa ygtyýary bolman gijä galyp etsin, ukuda bolup etsin, ýa oýalykda bolup etsin, ýa pyýan bolup akylsyz ýagdaýda etsin ýa akyly bolan ýagdaýda etsin, ýa ejizläp bihuş bolan ýagdaýda etsin, ýa huşa gelen ýagdaýda etsin, ýa uzurly bolan ýagdaýda etsin, ýa uzursyz bolan ýagdaýda etsin, ýa baý bolan ýagdaýda etsin, ýa garyp bolan ýagdaýda etsin, ýa özi etsin, ýa gaýra etdirsin, şu aýdylan suratlaryň barysynda jerime bermelidir (w).

Şu beýan edilen kanunlar hanafi mezhebimiziň ýanynda kanundyr, köp wagtlarda şu kanunlar üýtgeýän däldirler. Oňa görä şu kanunlara dykgat etmek hökman gereklidir. Yhram üçin jenaýat bolan işler, öz jynslarynyň hasaby bilen ýedi bölümdir. Her bölümde bolan hökümleri ýeke-ýeke açyklap öz ýerlerinde düşündireris, Inşä Allahutagala.

BIRINJI BÖLÜM: LYBAS GEÝMEGIŇ HÖKÜMLERI

Yhramly erkek adam tikinli lybas geýmeli däl (h). Tikinli lybas diýdigi tikinliligi sebäpli daňylmasa-da we saklanmasa-da endamy örtüp, endamda özi durýan bolmaly. Haýsy bir tikinli zat endamy örtmese, saklamasaň ýa daňmasaň durmasa, ol tikinli boldygy hasap däldir, ony geýmek jenaýat däldir. Eger tikinli lybasyny bir günläp geýse ýa bir gijeläp geýse ýa şu ikisiniň her biriniň mukdary ýaly geýse, meselem: günortadan tä gijäniň ýaryna çenli geýse, ýa gijäniň ýaryndan tä ertir günortana çenli geýse, şonda dem çalmaly (w). Şu aýdylan mukdar uzyn wagtlap baglanylan yhramdadyr. Emma gysga wagtlaýyn baglanylan yhramda lybas bilen bir nüsüki doly ýerine ýetirse, meselem: içki balagyny çykarman umra etse dem çalmaly (w).

Hezreti Allama Abdulgany Mekgi, Şeýh Abdullah Afif, Allama Abdullah Efendi Ytaky, Allama Tahyr Sunbul we Allama ibni Abidin şu fykh alymlary hem dem wajyp bolýanlygyny golladylar.

Eger bir adam uzurly bolup ýa uzursyz bolup tikinli lybasyny bedeninden aýyrman köp günler geýse-de diňe bir dem çalmaly (w). Emma şol geýmekleriniň birnäçesi uzur jähtli bolsa we birnäçesi uzursyz bolsa, onda iki dem çalmaly. Owalky üçin demi-tahýiir (özygtyýarly dem) çalmaly, ýagny dem çalmak ýa tagam bermek ýa oraza tutmak şularyň haýsy hem bolsa birini etmeli. Ikinjide dem-hatmi (hökmany bolan dem) çalmaly (w). Tikinli lybasy köp günler geýen adam, arasynda şol geýenligi üçin dem çalsa, ondan soňra bir gün geýmese, şol adam ýene bir dem çalmaly.

Eger bir gün mukdarly geýen bolsa, ondan soňra çykarsa, ondan soňra ýene geýse, ondan soňra çykarsa owalky çykarmaklygy geýmezlik niýet bilen bolsa, şol adam ikilenji geýmekligi üçin-de jerime bermeli (w). Eger geýmezlik niýeti bilen çykarmadyk bolsa ýa şol lybasyny ýene geýmek niýeti bilen çykaran bolsa, ýa-da başga bir lybas bilen çalşyrmak niýeti bilen çykaran bolsa, onda ikilenji geýenligi üçin jerime lazym däldir. Eger lybasyň hemme görnüşlerini geýse, meselem: köýnek, balak, tahýa, selle, don, jalwar, jorap, mesi bir gün geýsin ýa köp gün geýsin, geýenliginiň sebäbi bir bolsa şularyň barysy üçin diňe bir dem çalmaly (w).

Eger geýenliginiň sebäbi bir agzada birden köp bolup, hökman bir lybas geýmek zerurlygy bolan agzada iki lybas geýse, meselem: bir köýnek geýmeli ýerde iki köýnek geýse, ýa bir könek bilen bir don geýse, ýa diňe tahýa geýmek ýetik bolýan ýerde tahýa bilen selle geýse, şu ýagdaýlarda asyl jenaýatyň edilmegi zerurlyk bolýanlygy sebäpli, bir keffarat1-yhtyýaryýýa bardyr, ýagny jenaýaty özygtyýarly edenligi sebäpli, şol jenaýat üçin bellenen keffaraty bermeli. Eger bir ýerde iki hili lybas geýmek zerurlyk bolýanlygy üçin geýse, meselem: selle we jurmuk (mesiniň bir görnüşi) ikisini-de uzur jähtli geýse bir keffarat bermeli. Şu keffarat zerur bolup edilen jenaýatyň keffaraty bolýanlygy üçin we geýmek-de bir görnüşde bolýanlygy sebäplidir.

Eger geýenliginiň sebäbi dürli agzada birden köp bolsa, ýagny bir agzada zerurlyk jähtli geýse we başga bir agzada zerurlyk bolmadyk jähtli geýse, meselem: hökman selle geýmekligi zerurlyk bolanda selle-de geýse we köýnek-de geýse, ýa köýnek geýmekligi zerurlyk bolanda könek geýse we iki mesisini-de geýse, şu adam iki keffarat bermeli birinjisi: keffaratu-zeruriýýe (zerur bolup edilen jenaýatyň keffaraty)– muhrimi bu ýagdaýda jerimäniň haýsy bir görnüşlerinden birini bermek onuň öz ygtyýaryna goýuldy.

Ikilenjisi: keffaratu-ygtyýara (özygtyýarly edilen jenaýatyň krffaraty) – muhrimi bu ýagdaýda jerimäniň haýsy bir görnüşlerinden birini bermek onuň ygtyýaryna goýulmady, ol hökman şol belli edilen jerimäni bermeli.

Bir adamda gün aşa gyzdyrma keseli bar bolsa, tikinli lybasyny bir gün geýip bir gün çykarýan bolsa ýa şol adamy duşmany gabasa şolar bilen ölüşmek üçin geýmeklige mätäçligi bolsa, duşmana garşy çykanda, ýa duşman muňa garşy çykanda geýse, ýa duşman mundan sowulsa, ýa bu duşmandan sowulanda çykarsa, ýa düýpden çykarmasa, eger duşman sowulsa-da ýa duşman sowulmasa ýöne bir wagt geýip bir wagt çykarsa sebäbi-de ýerinde duran ýagdaýda, ýagny duşman gitmese, ýa şol adama duşman gabamakdan başga zerurlyk tapylsa, şol zerurlyk sebäpli gündiz mätäç bolýanlygy jähtli geýse we gije mätäç bolmaýanlygy jähtli çykarsa, sowuklyk jähtli ýa başga bir zerurluk jähtli gije geýip, gündiz çykarsa, ýa şol lybasyny çykarmasa, geýmekligiň sebäbi-de tapylyp duran ýagdaýda, hatda geýmeklige mätäçligi bolmasa-da sebäbiniň hemişelik galmaklygy zerurlygyň ornundadyr. Diýmek uzuryň galan möhletiçe, şu aýdylan suratlaryň barysynda geýmeklikler birleşip bir geýmegiň ornunda bolar, onuň üçin şol geýenleriniň boýnuna diňe bir keffarat bermek lazym bolar we şony özygtyýaryna goýlar, haçanda geýmekligiň uzury anyk aýrylsa şonda çykarsa bir keffarat lazymdyr. Eger çykarmasa başga bir uzur tapylyp şonuň üçin geýse, ýa uzur tapylman şol öňki geýmekligini dowam etse, şunuň üçin başga keffarat lazym bolar, haçanda şol uzuryň aýrylmaklygyna şek edip geýmekligini dowam etse lazym bolmaz. Onuň boýnuna diňe bir keffarat lazym bolar tä şol uzuryň aýrylýanlygyny anyk bilýänçä. Eger donuny iki gerdenine oklap we iligini ötürip bir gün gezse, hatda iki elini ýeňine sokmasa-da alymlaryň birleşmegine görä dem çalmaly (w). Emma donuny gerdenine oklap iligini ötürmese, onda jerime ýok mekruhlygy bardyr. Eger balakdan başgsa izär tapmasa, şol balagyny ýyrtman geýmekligi dogry bolar, eger ýyrtman geýse meşhur rawaýata görä, şoňa dem çalmaly (w). Emma köýnegini ýyrtman geýmek dogry bolmaz başga uzur bolmasa. Kelle bilen ýüzden başga endamyna bir zat daňsa, onda jerime ýokdur. Emma uzursyz daňmaklygy mekruhdyr. Aýalyň tikinli lybas geýmekliginiň zyýany ýokdur.




HABARDARLYK.

Kä wagtlarda geýmek bir bolsa-da, bäş iş sebäpli jerimesi birden köp bolýar:



Birinji: Muhrim tikinli lybasyny geýse we şol geýenligine keffarat berse, ondan soňra çykarman şol geýmekligini dowam etse, ynha şu ýerde iki keffarat bermeli. Biri keffaratdan öňki geýmekligi üçin, ol biri keffaratdan soňky geýmekligi üçin.

Ikinji: Keffaratyň sebäbi birden köp bolsa, meselem: iki ýerde geýse, birini uzur jähtli, ol birini-de uzursyz geýse, ýa ol birini hem başga bir uzur sebäpli geýse, şu ýerde iki keffarat bermeli. Biri uzur jähtli geýenligi üçin, ol biri uzursyz geýenligi üçin, ýa aýry uzur jähtli geýenligi üçin.

Üçünji: Uzur aýrylandan soňra şol öňki geýmekligini dowam etse, şu ýerde hem öňki ýaly iki keffarat bermeli. Biri uzur jähtli geýenligi üçin, ol biri-de uzur aýrylandan soňra uzursyz geýenligi üçin.

Dördünji: Öňki uzurdan başga-da bir uzur tapylsa bu ýerde hem iki uzur biri-birinden başga bolanlygy jähtden her biri üçin bir keffarat bermeli.

Bäşinji: Erkek adam hoşboý ysly reňk bilen reňk berlen tikinli dony geýse, ynha şu ýerde hem iki keffarat bermeli. Biri tikinli lybas geýenligi jähtli, ol biri-de hoşboý ysdan haýyrlanmaklygy jähtli. Emma bu hili dony aýal geýse diňe bir keffarat bermeli, ol hem hoşboý ysdan haýyrlanmaklygy jähtlidir.

Üç iş jähtli geýmek köp bolsa-da keffaraty bir bolar:



Birinji: Sebäp bir bolsa, meselem: endamyny örtse, iki ýeri örtmek jähtli, ikisi-de uzur bilen ýa ikisi-de uzursyz bolsa.

Ikinji: Sebäp bir bolup, tikinli donuny çykaran wagtynda taşlamak niýeti bolmasa.

Üçünji: Geýmekleriň barysyny bir ýerde ýa bir günde üýşürse. Gijäniň hökümi-de edil gündiziň hökümi ýalydyr. Diýmek bir gije doly geýmek bilen dem çalmalydyr (w). Şu aýdylan geplerden diňe bir gündiziň doly özi bolmaklygy bilen dälde, eýsem şol lybas geýmekligi bir gündiziň mukdaryça bolsa-da dem çalmalydygy belli bolýar.
KELLÄNI WE ÝÜZI ÖRTMEK

Yhramly erkek adam üçin kellesini örtmek we yhramly aýal üçin ýüzüni örtmek haramdyr. Erkek adam kellesiniň ýa ýüzüniň barysyny tikinli ýa tikinsiz mata bilen bir gün ýa bir gije, ýa-da şu ikisiniň her biriniň mukdary ýaly wagt örtse dem çalmaly (w). Kelläniň we ýüzüniň her birinden dörtden biriniň örtülmekligi, edil barysynyň örtülmekligi ýalydyr. Onuň üçin, hezreti Ymam Agzama görä dörtden biriniň örtülmekliginde hem dem çalmak gerekdir. Eger bir gün ýa bir gijäniň mukdaryndan az wagt örtse sadaka bermeli (w).

Eger bir gije ýa bir gün kellesiniň ýa ýüzüniň dörtden birinden azyny daňsa, munda hem alymlaryň jemleşmegine görä sadaka bermeli. Eger adatda kellä örtmek üçin niýetlenilen zady kellä goýsa mysal üçin: don, aba atly giň don ýaly zatlar, munuň üçin-de jerime bermeli dem ýa sadaka (w). Eger adatda kellä örtmek niýetlenilmeýän zady kellä goýsa mysal üçin: legen, ýa ýüküniň bir taýy, ýa çuwal, ýa çelek, ýa tas, ýa daş, ýa löňňe, ýa mis, ýa demir, ýa çüýşe, ýa agaç, ýa gyzyl, ýa kümüş, ýa şulara meňzeş zatlar kellesiniň hemmesini örtsün ýa birnäçesini örtsün, örtmek niýeti bolman bu işleri etmekde hiç bir zyýan ýokdur. Emma örtmek niýeti bilen bu işleriň her birini etse, onda jerimesini bermeli (w).

Eger palçyk bilen kellesini örtse jerimesi lazym bolar. Eger hyna bilen kellesini suwasa onda iki fidýe bermeli, biri kelläni örtmekligi üçin, ol biri-de hoşboý ysly bolýanlygy üçin, şu aýdanymyz hyna doň bolan ýagdaýdadyr, emma hyna suwuk bolsa, onda oňa örtmek jähtli jerime ýokdur, diňe hoşboý ysly bolmaklygy jähtli jerime bar. Yssyz ýelmeşýän zatlar bilen saçlaryny üýşürip kellesine ýapyşdyrsa, şonuň-da jerimesini bermeli (w). Eger aýal bir gün mukdarly ýüzüne nykab geýip ýa ýaşmak tutut bürenip gezse dem çalmaly (w), eger bir gün mukdardan az ol işleriň birini etse sadaka bermeli (w).


AÝAKGAP GEÝMEK

Yhramly erkek adam aýagynyň ortasyndaky ýumurjany1 basýan aýakgaby geýmegi dogry däldir (h). Köwüş bolsun ýa mesi bolsun, ýa ädik bolsun ýa çoky bolsun, ýa jorap bolsun ýa şypbyk bolsun eger aýagynyň ýumurjasyny basýan aýakgaby bir gün geýse dem çalmaly, eger bir günden az geýse, sadaka bermeli. Eger aýagynyň ýumurjasyny basýan aýakgap ýumurjany basmaz ýaly edip kesilse, ony geýmek dogry bolar, emma ýumurjany basmaýan aýakgap tapylyp duran ýagdaýda abat aýakgabyny kesmek mekruhdyr.



HABARDARLYK

Yhramly erkek adam üçin hiç bir aýakgaby geýmegi dogry bolmaz, diňe muhrimiň özüne niýetlenen wetnamka, ýa şoňa meňzeş ýumurjany basmaýan aýakgaby geýmek dogry bolar. Emma yhramdan çykyp halaly bolan ýagdaýda her hili aýakgaby geýmekligiň zyýany ýokdur.

Hişäm bin Abdullah Razi aýdypdyr: “Men Ebu Ýusup rahmetullahi tagalany aşak gyralaryna demirden bolan çüýler kakylan köwşi geýýänini gördüm we ondan bu hili köwşi geýmekligiň zyýany ýokmy? - diýip soradym. Ol zyýany ýokdur diýip aýtdy. Men Sufýan we Söwür bin Ýezid şol köwşi geýmekligi mekruh görýärler we ony geýmeklikde hristiýan alymlaryna meňzemek bardyr diýip aýdýarlar diýdim. Şonda Ebu Ýusup rahmetullahi tagala aýtdy: Pygamberekrem sallallahu aleýhi wesellem içi ýüňli köwşi geýerdi we şol köwüş-de kapyrlaryň geýýän köwşüdiˮ.

Ynha şu meselede Hezreti Ebu Ýusup rahmetullahi tagala yşarat etdi, bendelriň bähbidi bolan işlerde kapyrlara meňzemekligiň zyýany ýokdur.

Allamah Şeýh Nyzam özüniň Fetawasynda agaçdan wetnamka ýasamak bidgatdyr diýip aýtdy. Allama Ebul Kasym Essaffary aýdypdyr: Gyzyl reňkli köwüş Firgaun kapyryň geýýän köwşi, ak reňkli köwüş Hämän kapyryň köwşi, gara reňkli köwüş takwa alymlaryň geýýän köwşüdir. Men Balh ýurdunyň fykh alymlaryndan ýigrimisine sataşdym. Şolaryň hiç biriniň gyzyl köwüş, ýa ak köwüş geýenlerini görmedim. Hem şolaryň gyzyl köwüş, ýa ak köwüş saklýanlaryny eşitmedim. Hezreti Resulekrem s.a.w özüne sowgat berlen bir jübüt gara köwşi kabul edip aldy we geýdi, şol jübüt gara köwşi saklady diýip rowaýat edildi.

IKINJI BÖLÜM: TYBYŇ HÖKÜMLERI

Tyb diýýäni ‒ özüniň ýokumly ysy bolan zatdyr. Mysal üçin: müşk, käfur, anbar, awd, galiýah, sandal, gül, wirs, zagpyran, asfar, hyna, haýry, kazi, ban, binäfsej, jasmin, zenbak, kast, reýhan, nerjes, nesrin, gülüň suwy, arassa zeýtun ýagy, arassa künji ýagy, hytmy we her bir şular ýaly gowy ysyň eýesi bolan maddalar.

Yhramly bolan erkek we aýal şu zatlardan hiç birini endamyna ýa izärine ýa-da ridäsine we başga lybaslaryna we düşegine çalmaklygy dogry däldir (h).

Emma tyby endamyna ýa egin başlaryna ýapyşdyrman ysgamaklykda ýa ysly miweleri ysgamaklykda jerime bolmasa-da mekruhlygy bardyr. Eger tyb bilen bedeniniň bir agzasyny doly hoşboý ys bilen yslandyrsa dem çalmaly (w). Eger bedeniniň bir agzasyndan az bolan ýeri hoşboý ys bilen yslandyrsa, onda onuň üçin sadaka bermeli (w). Ynsanyň göwresinde bolan agzalar kelle, sakgal, murt, el, aýak, uýluk, injik, çigin, we şulara meňzeş bolan göwräniň bölümleri, eger tyby az bolsa bedeniň bir agzasynyň hasaby bilendir, eger tyby kän bolsa bedeniň bir agzasynyň hasaby bilen däldir, diňe tyb bilendir (sahyh kowla görä). Onuň üçin muhrim azajyk tyb bilen bedeniniň bir bütin agzasyny hoşboý ys bilen yslandyrsa ýa köp tyb bilen bir beden agzadan azajyk ýerini hoşboý ys bilen yslandyrsa dem çalmaly (w).

Eger azajyk tyb bilen bir beden agzadan azajyk ýerini hoşboý ys bilen yslandyrsa sadaka bermeli (w). Sadakada iki şert bar, biri tyb azajyk bolmaly, ol biri-de çalnan ýeri bedeniň bir bütin agzasyndan az bolmaly.



Bägül suwundan iki aýa mukdarly bolsa, müşkden we galiýehden (atyryň ady) bir aýa mukdarly bolsa köp boldugydyr. Demde diňe bir şert bardyr, hatda beden agzasynyň käbir bölegi bolsa-da tyby köp bolmaly ýa tyb azajyk bolsa-da, bir beden agza doly bolmaly. Eger hemme beden agzalaryny bir ýerde hoşboý ys bilen yslandyrsa diňe bir dem çalmaly. Eger köp ýerde hoşboý ys bilen yslandyrsa, her beden agzasynyň öz başyna keffarat bermeli. Owalkysy üçin keffarat beren bolsun ýa bermedik bolsun tapawudy ýok. Şeýheýne görä şol yslandyrylan her bir beden agzasyna keffarat bermeli bolýar. Emma Ymam Muhammet rahmatullaha görä owalky üçin keffarat bermedik bolsa, barysyna bir keffarat beräýmelidir. Eger endamynda azjyk, aýry-aýry köp ýerleri hoşboý ys bilen yslandyrsa barysy üýşürlende bir doly beden agzasyna ýetjek mukdarda bolsa, şoňa bir dem çalmaly. Eger bir doly beden agzasyna ýetmejek bolsa, onda sadaka bermeli, eger şol tyb birje sagatlyk galsa-da.

Eger muhrim Beýtulla şerifiň burçlaryny sypalanda, ogşanda eline ýa agzyna degen haluk1 köp bolsa dem çalmaly, eger az bolsa sadaka bermeli. Eger özüniň lybasyna müşki ýa şoňa meňzeşi daňsa, ýapyşýanlygy sebäpli jerimesi wajyp bolar, eger awd daňsa, ýapyşmaýanlygy sebäpli jerimesi wajyp bolmaz, eger lybasyny atyr bilen yslandyrsa we atyr-da lybasa köp ýapyşsa dem çalmaly, eger az ýapyşsa sadaka bermeli. Eger bir öýe girse ol öý-de tyb bilen hoşboý ys bilen yslandyrylan bolsa, şol tybyň ysy munuň lybaslaryna siňmekligi bilen, tybyň edil özi bilen peýdalanmaýanlygy sebäpli, hiç bir keffarat ýokdur. Emma tyby bilgeşleýin ysgamak mekruhdyr.


Yüklə 2,02 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   23




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin