Onunjysy: Jemeratlaryň aralaryndaky tertiplere dykgat etmeli. Käbir alymlara görä, ýagny ramynyň 2-3-4-lenji günlerinde, öňi bilen Jemreýi-Ulä, soňra Jemreýi-Wusta, soňra Jemreýi-Akaba atmaly. Sarahsynyň “Mebsutˮ atly kitabynda ýazylypdyr: “Eger ikilenji günde öňi bilen Jemreýi-Akaba atsa, soňra Jemreýi-Wusta atsa, soňra Jemreýi-Ulä atsa şol gün-de ýalňyşandygyny bilse, Jemreýi-Wustany gaýtalamaly, soňra Jemreýi-Akabany gaýtalamaly, emma Jemreýi-Uläni gaýtalamak gerek däl, çünki Akaba bilen Wustanuň ramysynyň ygtybary bolmasa onuň ramysy, owalky ramy bolýar, göýä Jemreýi-Ulä bilen başlan ýaly bolýarˮ. Köp alymlar jemeratlaryň aralaryndaky tertiplere sünnet diýdiler, oňa görä ýalňyşan ýagdaýlarynda, geçen tertip bilen gaýtalamak sünnetdir, wajyp däldir.
Bir adam Jemreýi-Uläni terk edip, beýleki ikisine atan bolsa barysyny dogry tertibi bilen gaýtalap atmaly. Eger her jemrä üç daş atan bolsa, öňi bilen Jemreýi-Ulä dört daş atyp, kämil etmeli. Ondan soňra Jemreýi-Wusta bilen Akabany ýedi daş atyp, doly gaýtalamaly (w-s). Eger her jemrä dört daş atan bolsa, her jemrä üç daş atyp kämilleşdirmeli, gaýtalamak gerek däl. Eger gaýtalap atsa afzaldyr. Eger üç jemeratlara daşlaryny atsa, birden görse, elinde dört daş galypdyr, şol dört daş haýsy jemeräniňkidigini bilmese, şolary Jemreýi-Ulä atmaly, beýleki iki jemrä täzeläp gaýtalap atmaly (w). Eger şol elindäki galan daşlar üç daş bolsa, onda her jemrä ýekän-ýekän üç daş atmaly. Eger elinde galan bir daş ýa iki daş bolsa, olary-da ýeke-ýeke öz tertibi bilen üç jemrä atmaly. Her jemrä bilgeşleýin ýedi daşdan artyk atmaly däl (mk). Hezreti Ymam Agzama görä ramyny halkdan öň etmeli (w). Ramy terk bolsa, kemçiligini doldurmak üçin ramynyň kazasyny wagtynda almaly (w). Eger kazany alman wagtyny geçirse dem çalmaly (w). Nahr gününde öýländen soň atmaly däl (mk). Beýleki günlerde öýländen öň atmak mekruhlyk bilen dogry bolar, ejiz rowaýatlara görä. Emma sahyh rowatda ortaky iki günde öýländen öň atmak asla dogry däldir, emma dördülenji günde öýländen öň atmak Hezreti Ymam Agzama görä mekruhlyk bilen dogry bolýar. Emma Ymameýne görä, asla dogry däl. Jemeratlary uly daşlar bilen atmaly däl, owratsyn ýa owratmasyn tapawudy ýok. Metjidiň daşlary bilen atmaly däl, jemredäki daşlar belen atmaly däl, nejis daşlar bilen atmaly däl, ýediden köp daşlar bilen atmaly däl, sünnet ýola bakmaklygy terk etmeli däl, ýakynragynda durmaklygy terk etmeli däl, käbir gepe görä jemeratyň tertiplerini terk etmeli däl we daşlary taşlamaly däl (mk).
JEMERATDAN SOŇKY IŞLER
Mufrid 3-ülenji gün ýa-da 4-ülenji gün jemeratlara daşlarny atyp bolandan soňra, Minadan çykyp Mekgä gaýtmaly ýolda, Muhassabda düşüp doga etmeli (s). Çünki kapyrlar şol ýerde üýşüp Pygamber aleýhissalama ezýet bermek üçin ant içdiler. Pygamber aleýhissalam olara göz edip, Allatagalanyň eden sylaglaryny we beren kömeklerini görkezmek üçin şol ýerde düşledi we dynç aldy. Onuň üçin şol ýerde düşlemek bize sünnet bolup galdy, göýä towafda ramlyň sünnet bolup galşy ýaly. Eger ol ýoldan gaýtmasa sünnet däl.
Mufrid Muhassabda düşüp doga edip dynç alandan soňra, Mekgä gelmeli teşrik günleri gutarandan soňra umranyň sünnetlerini bitirmeli. Eger öň umra etmedik bolsa, çünki umra etmek ömrüňde bir gezek sünnetdir. Umra etmek 14-lenji gijede mekruh däldir. Ol gije öňdäki güne degişli däl-de, yzyndaky güne degişlidir. Mufrid özüne umra edenden soňra, başarsa ata-enelerine we dogan-garyndaşlaryna umra etmeli. Mekgeden çykman Kuran kerimi okap hatym etmeli (m). Mekgede umra etjek adam Mesjidi-Tengyma baryp yhrama girmeli, ondan soňra gelip Beýtulla towaf etmeli we Safa-Merwä sagy etmeli, ondan soňra saçyny syrdyryp ýa gyrkdyryp halaly bolmaly. Umranyň doly hökümlerni we etmeli işleriniň açyklamasyny biljek bolsaňyz öz babyndan gözläň.
Mufrid Mekge mukerremede hezreti Hatyja enemiziň öýüne, Resulekrem s.a.w-iň doglan ýerine, hezreti Ebubekir Syddykyň öýüne, hezreti Alynyň doglan ýerine hezreti Omaryň musulman bolan ýeri Därul-Ärkam, Gar-Sura (Sur gowagyna), Gar-Hyra, Mesjidur-Raýä, Mesjidul-Jyna, Mesjiduş-Şejerä, Mesjidul-Ganeme, Mesjidu-Ijýäde, Mesjidu-Äbikabisa, Mesjidu-Tawa, Mesjidul-Akaba, Mesjidul-Jugrana, Mesjidu-Aýşä, Mesjidul-Kebeşä, Mesjidu-Nemrä, Meşgarul-Harama, Mesjidul-Haýfa, Garul-Murseläte, Ählul-Mäglä, Hezreti Hatyjatul-Kubra, Ata, Sufýan bin Uýeýne, Fuzaýla we Alyýýul Kara we beýleki sahabalaryň, öwlüýäleriň, alymlaryň we salyhlaryň gabyrlaryna zyýarat etmeli (m). Elbetde şu aýdylanlaryň birnäçeleriniň gabyrlarynyň yzy ýok bolsa-da, şol ýerde jaýlananlary niýet edip zyýarat etmeli (m). Şu beýik adamlary we bereketli ýerleri zyýarat edip, şolaryň töwereginde Kuran okap, zikr we sena aýdyp, dogalar edip bereketlenjek bolmaly. Hiç wagt Jumga we jemаgatdan galmaly däl. Sünnetleri we Yhtyýaty-zuhry terk etmeli däl (w).
Mufrit Mekge mukerremede bolan wagtlarynyň gadyryny bilmeli. Şol ýerde edýän her bir ybdaty 100000 (ýüz müň) bolup ösýändigini göz öňüne getirip zähmet çekmeli. Her zat edip şu mukaddes ýerde köpüräk galjak bolmaly. Şu mukaddes ýerde bolan wagtlaryny gyzyldan gymmat hasap edip, Mesjidi-Haramdan çykman geçirjek bolmaly. Şol ýerde igtikäf oturmaly. Kuran hatym etmeli, tesbih namazy okamaly, oraza tutmaly, sadakalar bermeli, ýagşylyklar etmeli, ýygy-ýygydan towaf etmeli, oturanda Beýtulla şerife seredip oturmaly, Beýtulla şerife bir sagat seretmek bir ýylky edilen ybadatdan afzaldyr, elmydam pikir we zikr bilen bolmaly we köp dogalar etmeli, ylaýta-da dogalaryň kabul bolýan ýerlerinde. Hajar-eswediň gabadynda, Hatymyň içinde, ternawyň aşagynda, Multezemde, Makamy-Ybrahymda, Rukni-Ýemäni bilen Hajar eswediň arasynda, Zemzemde, Safada we Merwede köp-köp dogalar etmeli. Bäş wagt namazy Mesjidi-Haramda jemegat bilen okamaly. Eger töwerekdäki zyýaratlara gitmekçi bolsa, ertir irden gidip hökman öýleden öň öwrülip gelmeli, Mesjidi-Haramyň jemagatyndan galmaly däl, Mekgäniň ýaşaýjylaryna hormat goýmaly we şolara elmydam hormat bilen seretmeli we muhabbet etmeli (w).
MUFRIDIŇ MEKGEDEN GITMEKÇI BOLANDA ETMELI EŞI
Mufrid Mekgeden gitmekligi ýüregine düwse Towafu-sadar etmeli, ýagny Rukni-Ýemäni bilen Hajar-eswediň aralygynda durup, Beýtulla bakyp şu hili niýet etmeli:
«نَوَيتُ اَن اَطُوفَ بِهَذَا البَيتِ اُسبُوعَاً كَامِلاً طَوَافَ الصَّدَرِ لله تَعالَي اَللهُ اَكبَر»
Terjime: Niýet kyldym Hudaý üçin şu “öýe gaýtmak towafynyˮ doly ýedi gezek etmekligi, Allatagala hemme zatlardan uludyr.
Şu Towafu-sadaryň bar ýagdaýy, ýagny başlamak, aýlanmak we doga etmek tertipleri göýä Towafu-kudum we Towafu-zyýarat ýalydyr. Ýedi gezek towaf edeninden soňra, metjidiň içinde, başarsa Makamy-Ybrahymyň ýanynda iki rekagat namaz okamaly. Ondan soň Zemzeme gelip suwundan içmeli we depesinden guýmaly. Şol ýagdaýda Beýtulla bakyp doga etmeli. Soňra Multezeme gelip, gursagyny we sag ýaňagyny diwara goýup, sag elini işige uzadyp tekbir-tählil, salawat, hamd we senalar aýdan ýagdaýynda aglap we pespällik belen doga etmeli.
Ondan soňra Hajar-eswedi istilam etmeli. Eger başarmasa niýabatlaryny ýerine ýetirmeli (ýagny elini ýa elinde hasasy bolsa ony, ýa-da başga bir zatlary uzadyp, uzadan zadyny ogşamaly). Soňra Beýtulla nazaryny dikip, aýrylyşyp barýandygyna hasrat çekip, arkalaýyn ýöräp aglaý-aglaý metjidiniň işiginde durup Mesjidul-Haram we onuň içindäki mukaddes zatlar bilen hoşlaşyp şu sözleri aýtmaly:
«اَلوَدَاعُ يَا كَعبَةَ الله، اَلوَدَاعُ يَا بَيتَ الله، اَلوَداعُ يَا قِبلَةَ المُسلِمِين، اَلوَدَاعُ يَا اُنسَ الطَّائِفِينَ وَالعَاكِفِين، اَلوَدَاعُ يَا حِجرَ اِسمَاعِيل، اَلوَدَاعُ يَا مَقَامَ اِبرَاهِيم، اَلوَدَاعُ يَا حَطِيمُ زَمزَم، اَلوَداعُ اَیُّهَا الحَجَرُ الاَسحَم، اَلوَداعُ اَيُّهَا المُستَجَارُ وَالمُلتَزَم، اَلوَداعُ يَا بِئرُ زَمزَم، اَلوَداعُ يَا اَرضَ الحَرَم، اَلوَدَاعُ اَيُّهَا المَسجِدُ الحَرامُ الاَعظَم».
Terjime: Hoş gal, eý Allatagalanyň Käbesi! Hoş gal, eý Taňry tebärek we tagalanyň öýi! Hoş gal, eý musulmanlaryň Kyblasy! Hoş gal, eý towaf edýänleriň we Mesjidi-Haramda bolanlaryň höwri! Hoş gal, eý hezreti Ysmaýylyň gömülen ýeri! Hoş gal, eý hezreti Ybrahymyň duran ýeri! Hoş gal, eý Zemzem we Hatym! Hoş gal, eý halklaryň günäsi bilen garalan Hajar-eswed! Hoş gal, eý özüne pena getirilýän Multezem! Hoş gal, eý Zemzemiň guýusy! Hoş gal, eý Haram-Şerifiň ýeri! Hoş gal, eý beýik, hormatly bolan Mesjedi Haram!
Ondan soňra aglap doga eder: Eý bar Hudaýa! Meniň Beýtulla şu gelşimi ahyrky gelmegim etme. Gaýtam ýene-de köp gezek gelmekligi maňa nesip eýle diýip, Taňry tebärek we tagaladan dilär.
TOWAFU SADARA DEGIŞLI HÖKÜMLER
(Towafu-sadar – Mykatlaryň daşynda ýaşaýan adamlaryň öýlerine gaýtjak bolanda edýän towaflary )
Towafu-sadar afakylar (afakylar – mykatlaryň daşynda ýaşaýan adamlar) üçin wajypdyr. Mufrid bolsun, mutemettig bolsun, karyn bolsun, erkek bolsun ýa aýal bolsun tapawudy ýokdur. Towafu-sadar umra edijä, Mekge, Haram, Hyl, mikat ilatlaryna, hajysy bitmän kaza galan adama, ýoldan yzyna gaýdanlara, dälä, çaga, haýz we nifasly aýala, hemişelik galmagy niýet eden afaka wajyp däldir. Towafu-sadaryň dogry bolmagynyň şerti umuman towafy niýet etmeli, ýagny niýet edeniňde Towafu-sadar diýip belli etmek şert däldir. Towafu-sadaryň dogry bolan wagty: Towafu Zyýaratdan şoňra tä ömrüniň ahyryna çenlidir. Mustahab wagty: Mekgeden gaýtmaga girişmeziniň öň ýanydyr. Ölmezinden öň haýsy bir wagtda Towafu-sadar etse, eger ýyllar geçenden soňra hem bolsa, öz wagtynda ýerine ýetirildigi bolar, kaza etdigi bolmaz.
Towafu Zyýaratdan soňra haýsy towafy etse, şol towaf sadar niýet etmese-de we nahr günleriniň owalky günleri bolsa-da Towafu sadardan hasap ediler. Gepiň gysgasy Towafu-sadar nahr günlerinde we nahr günlerinden soňra hem dogrudyr. Towafu sadar edenden soňra Mekgede galmagy uzaga çekip, Mekgäni Watan tutmasa, şol eden towafy dogry bolar, hatda Towaf sadardan soňra bir ýyl galsa-da. Emma afzal (has gowy) ýoly gaýtjak bolanda towaf etmekdir. Towaf sadar ikamat niýet etmek1 bilen boýnundan aýrylmaz, ýagny köp ýyllar galmagy niýet etse-de, Towafu-sadaryň wajyplygy boýnundan aýrylmaýar. Emma Mekgede ýa Mekgäniň töwereginde Watan tutmaklygy niýet etmek bilen boýnundan aýrylar. Eger teşryk günleriniň 2-lenji güni Gün agmazyndan öň niýet eden bolsa. Emma ikilenji güni Gün agandan soňra niýet etmegi bilen wajyplygy boýnundan aýrylmaz.
Eger teşryk günleriniň ikilenji güni Gün agmazyndan öň Watan tutunmagy niýet edip, soňra niýetinden dänse, ýagny teşryk günleriniň ikilenji güni Gün agmazyndan öň ol ýeri Watan tutunmagyny terk edip, başga ýere sapara gitmekligi-de niýet etse, Towaf-sadar şoňa wajyp bolmaz. Göýä Mekgeli adamyň sapara çykmagy niýet etmegi bilen wajyp bolmaýşy ýaly. Haýsy bir afaky Towafu-sadary etmän Mekgeden çyksa, eger mikatdan geçmedik bolsa, Towafu-sadar üçin yhramsyz öwrülip gelmegi wajypdyr. Emma mikatdan geçen bolsa, öwrülmek wajyp bolmaz, ýöne oňa dem wajyp bolar.
Eger mikatdan geçenden soňra Towafu-sadar üçin öwrülse hökman yhram bilen öwrülmeli, ýagny umra ýa haja yhram baglamaly. Mekgä baranda öňi bilen umranyň towafyny, soň Towafu-sadar etmeli. Gijä galmagy sebäpli dem ýa sadaka wajyp bolmaz, diňe günäkär bolar, onuň üçin toba etmeli. Emma gowusy mikatdan geçenden soňra öwrülmän, Harama dem ibermekdir, çünki dem garyplara peýdalydyr, haj edijä ýeňňillikdir we sogaply wagty hem geçendir.
Eger aýbaşly aýal Mekgäniň jaýlaryndan geçmezinden öň päklense, Towafu-sadar lazym bolar (w). Emma Mekgäniň jaýlaryndan geçeninden soň päklense, Towafu-sadar lazym (wajyp) bolmaz. Çünki Mekgäniň jaýlaryndan geçen wagtynda musafyr bolýar, namazyny gysgaltmaly (w). Onuň üçin ol aýala öwrülmek we dem çalmak gerek däldir. Eger 10 günden bärde päklense, gusul etmezinden öň ýa bir namazyň wagty geçmezinden öň Mekgeden çyksa öwrülmek gerek däldir. Çünki ol ýagdaýda haýzlynyň hökmündedir.
Emma Mekgeden çykmazyndan öň gusul eden bolsa, ýa bir namazyň wagty geçen bolsa, oňa hökman öwrülmek gerekdir (w), göýä şonuň ýaly 10 günden soň päklenen aýala hem öwrülmek gerekdir (w), gusul etsin, etmesin, bir namazyň wagty geçen bolsun, bolmasyn öwrülmek gerekdir (w). Eger aýal haýzly bolan ýagdaýda Mekgäniň jaýlaryndan geçenden soň päklense mikatdan geçmezinden öň Mekgä öwrülip gelse, Towafu-sadar etmeli (w). Çünki ol aýal Mekgä öwrülip gelmegi bilen, göýä Mekgeden çykmadyk ýaly boldy.
Nifasly bolan aýalyň hökümi şu aýdylan ýagdaýlarda, göýä haýzly bolan aýalyň hökümi ýalydyr. Gepiň gysgasy haýzly we nifasly bolan aýal Mekgeden gitmekçi bolsa, metjidiň gapylaryndan bir gapynyň daşynda gelip durmaly we doga etmeli hem sadaka bermeli (m).
Mufrid Towafu-sadary edip gitmekçi bolanda Zemzem suwundan öýüne äkitmeli (m). Haram şerifiň topragyndan, daşlaryndan, gury agaçlaryndan we yzhyr atly otundan az mukdar teberruk üçin äkitmekleriniň zyýany ýokdur (mb).
Mufrid Mekgeden çykyp Pygamber alehissalama zyýarat etmek üçin Medine Munewwerä gitmeli (s), tä barýança Pygamber alehissalama salawat aýdyp gitmeli (m).
PYGAMBER ALEÝHISSALAMYŇ
ZYÝARATY
Hezreti Resulekrem Muhammet Mustafa sallallahu tagala aleýhi weselleme (s.a.w) zyýarat etmek Allatagala ýakynlaşdyrýan işleriň iň ulusy we tagat-ybadatlaryň iň gowusydyr. Ýokary derejelere ýetmek üçin uly sebäp we beýik wesile1 hem wajybyň derejesine ýakyn bolan sünnetdir, hatda käbir alymlar wajyp diýip aýtdylar. Onuň üçin mufrid parz hajyny bitirenden soňra, hökman Pygamber s.a.w-me zyýarat etmek üçin birnäçe yşk we höwes bilen Medineýi-Munewwerä gitmeli. Salawatlar aýdyp we goşgular okap Pygamber aleýhissalamyň ululygyny ýürege salyp barmaly we Haramyn-Nebiýýä ýakynladygyça pes-pälligiňi artdyrmaly, salam we salawatlary köpeltmeli.
Medine Munewweräniñ garasy görnende, Medinäniň jaýlaryna we baglaryna gözi düşende Pygamber a.s-a salawatlar salyp, dünýäsiniň we ahyrýetiniň bähbidi üçin doga etmeli hem zar-tezerrug bilen Allatagala ýalbarmaly. Ylaýta-da Mesjidin-Nebi s.a.w-miň minaralary görnende örän täsirli bolup aglamaly. Her näçe edebini kämil edip Pygamber a.s-y ulaltsa-da we özüni ýere çalyp pes-pälligi köp etse-de boýnuna wajyp bolan buýruklarynyň käbirini bitirýändir, ýüze togsansyny bitirýän däldir.
Medine Münewweräniň şäherine girende şu dogany okamaly (m):
" بِسْمِ اللهِ مَا شَاءَ اللهُ لَا قُوَّةَ اِلَّا بِاللهِ رَبِّ اَدْخِلْنِى مُدْخَلَ صِدقٍ وَاَخْرِجْنِى مُخْرَجَ صِدقٍ اَللَّهُمَّ افْتَحْ لِى اَبْوَابَ رَحْمَتِكَ وَارْزُقْنِى مِنْ زِيَارَتِ رَسُولِكَ صَلَّى اللهُ عَلَيْهِ وَسَلّمَ مَا رَزَقْتَ اَوْلِيَاءَكَ وَاَهْلَ طَاعَتِكَ وَاَنْقِذْنِى مِنَ النَّارِ وَاغْفِرْلِى وَارْحَمْنِى يَا خَيْرَ مَسْئُولٍ"
Terjime: Allatagalanyň ady bilen şu mukaddes şähere girýärin, şu yzzat Taňry tebärek we tagalanyň maňa halap beren paýydyr. Bu abraýy gazanmaga mende hiç bir ýagdaý ýokdur, diňe beýik Taňrynyň kömek bermegi bilen bardyr. Eý bar Hudaýa! Sen meni şu mübärek, mukaddes şähere gowulyk we abraý bilen salgyn, şondan meni gowulyk we abraý bilen çykargyn. Eý bar Hudaýa! Sen meniň üçin rehmet gapylaryňy açgyn we öz eziz Pygamberiň zyýaratyny etmekden öz öwlüýäleriňe, tagat edýän adamlaryňa beren paýyňdan maňa-da paý ber. Sen meni oda düşmekden halas et, meniň günälerimi bagyşla we maňa rehim et. Eý özüne dileg salnanlaryň iň gowusy!
Pygamber aleýhissalamyň üstünde gurlan ýaşyl gümmezi gören wagtynda şonuň ululygyny göz öňüne getirmeli, çünki ol mukaddes ýeri alymlar şu hili wasp edipdirler:
اَفْضَلُ الْبِقَاعِ بِالْاِجْمَاعِ سَيِّدُ الْقُبُورِ بِلَا نِزَاعٍ وَاَكْرَمُ الْخَلْقِ عَلَى الْخَلَّاقِ بِالْاِطْلَاقِ
Terjime: Hemme mujtehitleriň birleşmekleri bilen şol Pygamber aleýhissalamyň ýerleşen ýeri ýerleriň iň gowusydyr we ähli gabyrlaryň seýýididir (başydyr), ähli älemleri ýaradan Taňry tebärek we tagalanyň ýanynda şeksiz we şübhesiz mahluklaryň-da iň sylaglysydyr, ýagny Käbäden-de we Käbäniň başgasyndan-da, şol ýeriň hormaty ýokarydyr.
Onuň üçin şol mukaddes şähere girýän adam içi-daşy bilen basylyp Haramun-Nebiniň hormatyny we ululygyny ýada salyp, şol mübärek ýeri ulaltmaly we şoňa hormat etmeli, göýä Pygamber aleýhissalamy gören ýaly bolup. Emma bu dünýäde görmek nisip bolman, Pygamber aleýhissalama sataşman, mübärek didaryndan mahrum galanyna gynanyp, gam-gussa batmaly. Eziz Pygamberimi bu dünýäde görüp bilmedim, belki ahyrýetde görmegim müşgil bolmawersin diýip, peselmek we aglamak bilen, myhmanhanasynyň gapysyna baryp düşmeli. Ýüklerini otaglaryna salyp ýerleşdirende iýip-içip ýadawlygy aýrylanda, istinja we täret gylyp, gusul etmeli. Ondan soňra arassa lybaslaryny geýip, hoşboý atyrlar çalyp, Pygamberekrem s.a.w-iň mübärek, päk bolan gabryna tarap gitmeli. Taňry tebärek we tagalanyň şu nygmaty nesip edendigine köp-köp şükür etmeli we köp-köp salawatlar we salamlar bilen maksat-myratlaryna ýetmek üçin hezreti Resulekrem s.a.w-iň dereje we mertebesini wesile karar bermeli (ýagny araçy tutmaly). Pygamber aleýhissalam aýdypdyr :تَوَسَّلُوا بِجَاهِى فَاِنَّ جَاهِى عِنْدَ اللهِ عَظِيمٌ Terjime: Siz Allatagaladan islegleriňizde meniň derejämi we mertebämi wesile tutuň. Hakykatdan-da meniň abraý we hatyram Allatagalanyň ýanynda örän uludyr. Onuň üçin Pygamber aleýhissalamy ara salyp haýyr-maksatlaryň barysyny Taňry tebärek we tagaladan dilemeli. (m)
Metjide girmeli bolanda Babus-salam atly gapydan girmeli. Hemme günäleriňden toba edip, pes-päl ýagdaý bilen, özünde ejizlik äşgär edip, hezreti Resulekrem s.a.w-me we onuň maşgalalaryna we sahabalaryna salawatlar we salamlar aýdyp: “Hudaýa we päk Perwerdigärim! Sen meniň günälerimi geç we rehmet gapylaryňy maňa açˮ diýip, sag aýagyň bilen metjide girmeli. Şol ýagdaýda şu hili niýet etmeli:
نَوَيْتُ الْاِعْتِكَافَ فِى هَذَا الْمَسْجِدِ مَا دُمْتُ فِيهِ خَالِصًا للهِ تَعَالَى
Terjime: Niýet kyldym şu metjitde ygtikäf oturmaklygy, şunuň içinde eglenen müddetimçe diňe Taňry tebärek we tagalanyň razylygy üçin (m).
Ondan soňra göýä yhram namazyny okaýşy ýaly, iki rekagat tahhiýýetu mesjit namazyny okamaly (s). Başarsa baryp Pygamber aleýhissalamyň okan ýerinde mihrapda okamaly (m). Eger dykylyşyk bolup, Mihrabun-Nebiýýä (Pygamberimiziň mihrabyna) baryp başarmasa, Rowzaý şerifede okamaly, çünki Rowzaý şerifäniň fazylaty üçin Pygamber aleýhissalam şu hadysy aýdypdyr:
مَا بَيْنَ قَبْرِى وَ مُنْبَرِى رَوْضَةٌ مِنْ رِيَاضِ الْجَنَّةِ
Terjime: Meniň gabrym bilen münberimiň arasy Jennetiň bossanlaryndan bir bossandyr, ýagny şol ýerde ybadat edýän jennet bossanyna girer diýdigidir.
Eger Rowzaý şerife hem dykylyşyk bolyp ýer tapmasa, Mesjidin-Nebiniň halan ýerinde okar, çünki hezreti Resulekrem s.a.w öz metjidiniň fazylaty üçin şu hadysy aýdypdyr:
صَلَاتُهُ فِي مَسْجِدِى بِخَمْسِينَ اَلْفَ صَلَاةٍ
Terjime: Her kimiň meniň şu metjidimde okan bir rekagat namazy Mesjidil Haramdan beýleki mesjitleriň içinde okan elli müň (50000) rekagat namazyna barabardyr.
Şu tahiýýetu mesjit namazyny okap salam berende Taňry tebärek we tagalaga şükür etmeli, bu beýik nygmata aňsatlyk bilen duşuryp, sag-salamatlyk bilen hezreti Resulekrem s.a.w-iň mübärek huzuryna ýetişdirip, uly begenç bermegi üçin hamdlar we senalar aýtmaly we Allatagaladan şu zyýaraty kämil ýolda bitirilip we hemme edepleri, düzgünleri bilen gowy ýagdaýlarda ýerine ýetirilip, öz dergähinde kabul bolmaklygyny dilemeli. Eger Mesjidin-Nebiýýä girende parz namaz üçin kamat aýdylsa ýa parz namazynyň gijikmeginden gorksa, tahyýýatu mesjit namazyny okaman, parzauýmaly. Şol parzyny okamak bilen tahhyýýatu mesjit bitýändir. Tahiýýetu mesjit namazyny bitireninden soňra hezreti Resulekrem s.a.w-iň mübärek we mukaddes gabryna tarap gitmeli, ýüregini dünýäniň hemme pikirlerinden boş edip we bütin durkuny we özüni Pygamber aleýhissalama bakdyrar. Özüniň kalbyny dogrulamak üçin we Pygamber aleýhissalamdan kömek talap etmek üçin haýsy bir adamyň ýüregi dünýäniň pikirlerinden we haý-höweslerden we erbet niýetlerden doly bolsa, ol ýürek Pygamber aleýhissalamyň nur-bereketinden we rehmetinden paý almakdan gaty daşdyr. Naguzu billähi min zälik (Şeýle ýagdaýa duş bolmakdan Taňry tebärek we tagaladan pena isleýäris). Diýmek şeýle
bolýan bolsa gaýrat etmeli, şol erbet gylyklary ýürekden çykarjak bolmaly. Çyndan çemeleşip, zähmet çekip birnäçe erbet gylyklaryň ýüregiňden aýrylmagyny olja bilip we ýüreginden aýryp başarmaýan erbet gylyklary üçin hezreti Resulekrem s.a.w-iň giň geçiriminden, aňyrbaş mähribanlygyndan kömek isläp utanç dilemeli. Ondan soňra ýürekden ýüzlenip we edeplerine üns berip, hezreti Resulekrem sallallahu tagala aleýhi wesellemiň gabadynda aňyrbaş peselip, tekkepbirligini aýryp, iki elini gowşuryp, sag elini sol eliniň üstünde goýup, gözlerini ýumup, pes-pällik bilen ýüregine gorky getirip, özüniň içinde gabyr şerif ýerleşdirilen Hüjreý şerifä iki metr ýetmän Pygamber aleýhissalamyň mübärek ýüzüne bakyp durmaly. Araçägi şondan ýakyn bolmaly däl. Başyny aşak salyp, günäkärligini boýun alyp, ýere seredip durmaly ýa-da Hüjreý şerifäniň diwarynyň düýbüne seredip durmaly. Diwaryň nagyşlanan gözeneklerine bakyp, hatlaryny okap, daşky bezeglerini görüp, Pygamberimiz bilen ruhy baglanyşygy kesip, Allatarapyn dökülýän rehmet-nurdan mahrum galmaly däl. Hyýalyňda hezreti Resulekrem s.a.w-iň suratyny getirip, hezreti Resul meni görüp dur, ähli ýagdaýlarymy bilip dur we meniň aýdan sözlerimi eşidip dur diýip ýüreginde şular ýaly duýgulary döretmeli.
Ol eziz serweriň ululygyny we mertebesini, beýik derejesini göz öňüne getirip ýuwaşlyk bilen salam bermeli, sesini belent edip, gaty gygyrmaly däl we başga adamlar-da salam ibiren bolsalar, şolaryň salamlaryny ýeke-ýeke gowşurmaly. Salam gowşurmaklygyň düzgüni şunuň ýalydyr. Meselem: Aýdaly, men haja gidýän musulman doganlarymdan Pygamber aleýhissalama salam iberýän we Pygamber aleýhissalamdan şefagat isleýän, şol haja gidýän musulman doganlarym meniň arzymy Pygamber alehissalama şular ýaly ýetirmeli:
اَلسَّلَامُ عَلْيْكَ يَا رَسُولَ اللهِ مِنْ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بِنْ آنا مُحَمَّد يَسْتَشْفِعُ بِكَ اِلَى رَبِّكَ فَاشْفَعْ لَهُ وَ لِلْمُسْلِمِين
Terjime: Annamuhammediň ogly Abdyrrahmanyň tarapyndan salam Saňa bolsun, eý Allatagalanyň bize iberen Pygamberi! Ol senden öz Perwerdigäriň ýalkamaklygy üçin,şefagat talap edýär. Sen şoňa we hemme musulmanlara şefagat et!
Eger salam aýdan musulmanlaryň atlaryny ýeke-ýeke sanamaklyga wagt bolmasa ýa olaryň atlary ýadyna düşmese, diňe ýada düşenlerini aýtmaly we başga-da musulman jemagatlar saňa köp-köp salam aýtdylar we senden şefagat islediler diýmeli we doga etmeli. Ondan soňra duran ýeriňden sagyňa garşy ýarym metr süýşüp, hezreti Abubekir Syddyka salam bermeli we doga etmeli. Ondan soň ýene ýarym metr saga süýşüp, hezreti Omara salam bermeli we doga etmeli. Pygamber aleýhissalama we onuň iki ýaranyna salam bermekligiň ýagdaýyny we etmeli dogalary terjimeleri bilen “Miftähus sagadat fi terjimäti muhahul-ybadat” atly ýazan kitabymda gowy açyklap aýtdym. Şol kitaby alyp şondan okap bilersiňiz.
Salamda, dogada elmydama zyýarat edilýän gabra bakmaly, kybla bakmaly däl. Biziň mezheb başymyz Ymam Agzam Abu Hanyfa en-Nugmänul-Kufi rahmatullahu aleýh özi “Musnet Abu Hanyfa” atly kitabynda hezreti ibni Omardan şu hadysy rowaýat edipdir:
Dostları ilə paylaş: |