69 يﻟﺎﻫﺎﺑ نئﺩرئويﺯرئﺯ
ﮓنئسيئﮔ ﻥﻭﻭﺩ نئﺩرئﺯ ﻭ ميﺳ
نئﺩرئللئﺩ رئكئﺷ يدهﺷ
نيلئﮔ ﺯوﮔ ﺍﺭﺎق هﻟﺯوﺳ
7-nji gönükme. Bular haýsy harplar?
ﺍ ﺩ
ﺫ
ﺭ
ﺯ
ﮊ
ﻭ
Bu harplar nähili atlandyrylýar?
ﻕ ﻑ ﻡ ﻝ ﻩ ی ﻥ ﭖ ﺕ ﺏ ﺝ
Olaryň atlaryny aýdyň we şol harplary içinde getirip sözleri düzüň.
«Sat» harpy صـ ـصـ ﺻ ﺹ Köne türkmen ýazuwynda diňe arap diline mahsus bolan harplar
bar. Biz ol harplaryň üçüsi bilen geçen sapaklarymyzyň dowamynda ta‑
nyş bolduk. Olar
«zal», «si» we
«hi» harplarydyr. Beýle harplara indiki
geçjek «sat», «zat», «taý», «zaý» çekimsiz harplarymyz hem‑de bokur
-
dak sesini berýän «aýn» harpy‑da degişlidir. Hatdatlyk sungatynda kä
-
tipler bu harplara «ýat harplar» diýip at beripdirler. Bu harplaryň şeýle
atlandyrylmagynyň sebäbi, olaryň aýdylyşyndaky kynçylyklar bilen bag‑
lanyşyklydyr. Harplaryň dogry aýdylyşyny öwrenmek üçin uzak wagtlyk
türgenleşik, gaýtalamak gerekdir. «Ýat harplaryň» sany sekiz sanydyr:
ع (aýn) ظ (zaý) ط (taý) ﺹ (sat) ض (zat) ﺡ (hi) ث (si) ذ (zal) Ýokarda görkezilen harplaryň üç sanysy– zal, si, hi (
ﺙ ﺡ ﺫ
)
harp lary bize tanyş harplardyr. Indiki tanyşmaly harpymyz «sat» har
-
pydyr. «Sat» harpy «s» sesini aňladýar, ýöne bu «s» sesi türkmen di
-
line mah sus däldir. «Sat» harpynyň aňladýan «s» sesi dilarka çekim
-
siz sesi bolup, diliň arka tarapynyň ýumşak kentlewüge degip, diliň
ujunyň ýokary galyp, alyn dişlere ýakynlaşyp, agyz boşlugynyň howa
bilen doldurylyp aýdylmagy bilen hasyl bolýar. Bu harp iki bölek
-
den ybaratdyr, birinji bölegi setir çyzygynyň üstünde, ikinji bölegi
setir çyzygyndan aşak düşürilip ýazylýar. Ol dört görnüşlidir. Harp
birikmesiniň başynda we ortasynda ýazyl ýan görnüşi setir çyzygynyň
70 üstünde, ahyrynda hem‑de özbaşdak gel ýän görnüşiniň ikinji bölegi
setir çyzygyndan aşak düşürilip ýazyl ýar.
Hasyl, sabyr, pasl, halas ýaly sözlerde ýazylýar. «Sat» harpynyň goşulyşy: