Teşdit (
ّ )
sözlerdäki ýanaşyk gelýän iki çekimsiz sesi aňlatmak‑
da ulanylýar. Sözdäki iki çekimsiz sesiň biri ýazylyp, üstünden teşdit
belgisi goýulýar. Şol goýlan teşdit harpy iki gezek okamalydygyny
görkezýär. «Teşdit» sözi
ikilendirmek, goşalandyrmak manyla ry ny
ber ýär. Esasan, arap we pars dillerinden alnan sözlerde ulanylýar.
ﺎّنآ ینﺍّﺭﺩ ﻭﺭّد
Sokun ( ـْــ ) arap sözi bolup,
saklanmak, säginmek, hereket et- mezlik ýaly manylary berýär. Bu belgä türkmen dilinde
säkin diýilýär.
Sokun belgisi harpyň üsuňden goýulýar hem‑de şol harpdan soň çe
-
kimli harpyň okalmaly däldigini bildirýär.
ﺎي ْﺭﺩ ﻩرْﻫﺯُ یدْﺗآ ﻡﻭُر ْحَﻣ
1-nji gönükme. Berlen sözlere degişli hereketleri goýup, köne
türkmen ýazuwynda depderiňize göçüriň:
Terbiýe, beden, darbaz, arzuw, döndi, durna, zäher, bahar, bir. 2-nji gönükme. Aşakdaky söz we harp birikmelerini okaň we
«teşdit» belgisini goýup, köne türkmen ýazu‑
wynda göçüriň:
Dürrany, berre, derrew, anna. 3-nji gönükme. Aşakdaky sözlere «sokun» we «teşdit» belgile
-
rini goýup depderiňize göçüriň:
ﺭونﻣ ﺩلاﺟ رسيﻣ ملعﻣ بيﺗرﺗ ﺩﺍدﺷ مﺻﺭ ﺭﺍديﺩ
4-nji gönükme. Aşakdaky sözleri köne türkmen ýazuwyna ge
-
çirip, sözlere «sokun» belgisini goýup depderi‑
ňize göçüriň:
Nusga, hatdat, syýah, mümkin, müddet, nakgaş, syrdaş, per - waz, pagta, tagta, parlak, sarpa.