104
barylýar we bir ýyl 365 (366) gije‑gündize deň bolýar. Ýöne bir aý
ýigrimi sekiz günden ybarat bolýar. Her dört ýylda bu aýa bir gün
goşulyp, öňki belläp geçişimiz ýaly, ýigrimi dokuz güne ýetirilýär. Bu
ýyl uzak ýyl hasaplanylyp, 366 günden ybaratdyr.
Hijri kamary ýyly hijri şemsi ýylyndan her ýylda 11
gün yza
galýar. Şol sebäpden hem hijri kamary ýylynyň birinji aýy
moharram
aýy hem ýylyň belli bir paslyna gabat gelmeýär. Ýylyň dowamynda
bellenilýän baýramçylyklar we ş.m her ýylda dürli döwürlere düşýär.
Hijri şemsi ýylynyň otuz iki ýyly hijri kamary ýylynda otuz üç ýyl
bolýar.
Mundan başga‑da, hijri ýylyna her otuz ýylda on bir gün düze diş
girizilýär. Ýagny aý kalendary Aýyň hakyky aýlanyşyndan minutlary
we sekuntlary hasaba alanyňda yza galýar. Olar ýygnanyp, otuz ýyl‑
da on bir güne ýetýär. Bu tapawudy aradan aýyrmak maksady bilen,
araplar her otuz ýyla on bir gije‑gündiz goşup, otuz ýylyň on dokuz
ýylyny 354 gün, on bir ýylyny 355 gün görnüşinde hasaplapdyrlar.
Şunda, her otuz ýylyň 2, 5, 7, 10, 13, 16, 18, 21, 24, 26, 29‑njy ýyl‑
lary uzak ýyllar hökmünde alnyp, 365 günden ybarat bolýar. Adatça,
uzak ýyly bilmek üçin ony otuza bölmek gerek.
Eger şonda galan
galyndy ýokardaky sanlaryň birine gabat gelse, şol ýyl uzak ýyldyr.
Meselem, 1423‑nji ýylyň haýsy ýyldygyny
bilmek üçin ony otuza
bölýäris, 1423 : 30 = 47 hem‑de galyndyda dört galýar. Dört ýokarda‑
ky sanlaryň arasynda ýok, diýmek, 1423‑nji ýyl uzak ýyl lara degişli
däldir. 1431‑nji ýyly otuza bölsek, 47,7 bol ýar. Galyndyda ýedi gal‑
ýar, ýedi ýokardaky sanlaryň içinde bolandy gy sebäpli, 1431‑nji ýyl
uzak ýyllara girýär.
Dostları ilə paylaş: