92
2-nji gönükme.
Gün harplaryny depderiňize ýazyň we ýat
tutuň.
3-nji gönükme.
Aý harplaryny depderiňize ýazyň we ýat tutuň.
4-nji gönükme.
Aşakdaky sözleri köne türkmen ýazuwyna geçi
-
rip depderiňize göçüriň.
El arab, el-kitab, enwerul-şems, essalam, darilfunun, Nej
-
meddin, nesihatul mülk, edebul arab.
Köne türkmen
ýazuwynda harplaryň
ýazylyşy
Köne türkmen ýazuwynda ulanylýan arap harplary ýazylanda
olaryň her biriniň öz ýazylyş aýratynlygy bolýar. Şunda harplaryň
bellibir böleginiň ilki, beýleki böleginiň bolsa soňundan ýazylma‑
lydygy göz öňünde tutulýar.Harplaryň biri‑birine birleşişi, olaryň
ölçegleri babatdaky kadalar asyrlaryň dowamynda kämilleşipdir.
Hat datlar öz şägirtlerine çeper ýazuwyň düzgünlerini yzygiderli öw‑
redipdirler. Ol düzgünler nesilden‑nesle geçirilip, şeýle‑de ýörite gol‑
lanmalaryň kömegi bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Biz arap elipbiýiniň harplaryny ýazanymyzda çagalygymyzdan
endik edinen kril we latyn harplarynyň ýazuw düzgünleriden düýbün
-
den başga kadalara gabat gelýäris. Harplary ýazanymyzda elimiziň
edýän hereketi ýazuwda uly ähmiýete eýedir. Harp ýazylanda näçe
köp hereket edilse, aýlawlaryň sany köp bolsa, şol harpy ýatda sakla
-
mak, ýazmak kyn bolýar. Şu nukdaýnazardan deňeşdireniňde arap we
latyn, kril ýazuwlarynyň arasyndaky tapawut örän azdyr.
Köne türkmen ýazuwynda ulanylýan arap harplary ýazylan
-
da olaryň arasyndaky birleşmelere üns berilýär. Haçanda, harpyň
yzyndan başga harp goşulmaýan bolsa, ol bükülmeler, aýlamalar bi
-
len gutarýar. Eger harp beýleki harplara birikýän bolsa, onuň soňy
göni çyzyk görnüşinde tamamlanýar. Biz harplaryň ýazylyşyny ýörite
çyzgylaryň üsti bilen berýäris.