100
1-nji gönükme.
Ýokarda görkezilen nusgalardaky ýazylan söz
-
leri depderiňize göcüriň.
2-nji gönükme.
Aşakdaky rowaýaty okaň
we köne türkmen
ýazuwynyň harplarynyň ýazylyşy bilen bagly
ýerine üns beriň.
Ibn Jezeri özüniň «Taryh» kitabynda şeýle rowaýaty getirýär:
«Maňa Abu Bekr ibn Dureýhim Isgardy we Aktaýyň
ussady Zeki
Ybrahym dagy şeýle gürrüň berdi: «Biz Seýfeddiniň öýündedik,
onuň ussady Aýbeg Türkmen soltan bolanda Seýfeddin bize oturma
-
gy buýurdy we münejjime pal atdyrdy. Ol: «Meniň ussadym Aýbeg
-
den soň kim baştutan bolar? Mongol‑tatarlary kim ýeňer? Şol barada
pal at» diýdi. Palçy pal atdy, biraz wagt hasaplap durdy we «Maňa
bäş sany nokatsyz hat görünýär» diýdi. Seýfeddin oňa: «Näme üçin
Mahmud ibn Mahmud diýeňok?» diýdi.(Arap harplarynyň käbiriniň
üstünde ýa‑da astynda nokat bolýar, ýöne «Mahmud» sözündäki
«mim», «ha», «dal» harplarynda nokat ýokdur.) Palçy: «Eý aga, bu
hut şeýle» diýdi. Onda Seýfeddin: «Mahmud ibn Mahmud mendirin.
Mongollary ýeňip, Horezmşahyň aryny hem men alaryn» diýdi.
(Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe dilleri we edebiýaty
okatmagyň nazary hem-de amaly esaslary. Aşgabat, 2012)
Ýyl hasaby. Kalendar
Taryhy çeşmelerden mälim bolşy ýaly, ilkinji ýyl hasaby müsür
-
lilere degişlidir. Ýurtda bolýan gurakçylyklar, hasylyň guramagy
müsürlileri mydama alada goýupdyr. (Ýeri gelende belläp geçsek,
Nurmuhammet Andalybyň
«Ýusup–Züleýha» dessanynda Ýusubyň
Müsürde şa bolan wagty bolýan gurakçylyk ýyllary edebiýatda beýan
edilipdir). Olar Nil derýasynyň suwunyň isrip bolup biderek ýere deň‑
ze akyp gitmezliginiň çäresini gözläpdirler.
Ahyrsoňunda Müsür akyldarlary iýun aýynyň 21‑i ýa‑da 22‑si
gününiň ýaz gijesiniň iň gysga güni bolýandygyny, şol günleriň biri‑
niň daňdany asmanda parlak Sirus ýyldyzynyň dogýandygyny, şunuň
netijesinde Nil derýasynda suwuň joşýandygyny anyklapdyrlar. Olar
Sirus ýyldyzynyň her ýylky dogýan wagtynyň arasyndaky günleriň
101
sanynyň 365 gündügini hasaplap, ony otuz günden ybarat on iki bö‑
lege bölüpdirler, galan günleri ýylyň ahyryna goşupdyrlar. Bu ha‑
sap lamada ýyldyzyň dogşy her dört ýylda bir‑gije gündiz üýtgäp
-
dir. Müsürliler günleri gaýtadan hasaplap, bir ýyly 365 gije‑gündize
hem‑de gije‑gündiziň dörtden birine (alty sagada) deň diýen netijä
gelipdirler. Bu kalendar köp wagtlap ulanylypdyr.
Miladydan öňki 46‑njy ýylda Rim imperatory
Ýuliý Sezar
ka-
lendara üýtgetme girizipdir. Onuň kalendarynda bir aý otuz günden,
ikinji aý otuz bir günden, diňe fewral aýy ýigrimi sekiz günden diýlip
bellenilipdir. Şol gysga aýa‑fewrala dört ýylda bir gün goşulyp, few‑
ral aýy ýigrimi dokuz günden ybarat edilip bellenilipdir. Bu üýtget‑
mä niň netijesinde bir ýyl 365 gije‑gündiz, alty sagatdan ybarat bol
-
man, 365 gije‑gündiz, bäş sagat, kyrk sekiz minut, on dört sekunda
deň bolupdyr. Ol hasaplaryň arasyndaky tapawut dört ýüz ýylda üç
gije‑gündizi emele getiripdir.
1582‑nji ýylda Rim papasy
Grigoriý XIII
kalendara gaýtadan
düzediş girizýär. Ýewropa döwletleri ýuwaş‑ýuwaşdan şol kalendara
geçip başlaýarlar. Ýöne Russiýada Ýuliý Sezaryň kalendary ulanyl‑
ýardy. 1918‑nji ýylda Ýuliý we Grigoriý kalendarlarynyň arasyndaky
tapawut on üç güne ýetýär. Şeýlelikde, 1918‑njy ýylyň otuz birinji
ýanwaryndan başlap, on üç gün taşlanylyp göni 14‑nji fewrala geçil‑
ýär. Soň hasaplanylyp görülse, täze kalendar hem doly anyk däl bolup
çykýar. Minutlar we sekuntlar ýygnanyp, tapawut üç müň üç ýüzünji
ýyldan soň bir gije‑gündize ýetýär ekeni. Häzirki döwürde alymlar
has anyk, kämil kalendary döretmegiň üstünde işleýärler. Biziň häzir
-
ki ulanýan kalendarymyz şeýle uzak taryhy ýoly geçip gelipdir.
Dostları ilə paylaş: