T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə57/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Z
ذ
ز
ض
ظ
S
ث
س
ص
H



T
ت
ط
Arap we pars dillerinde birmeňzeş ses aňladýan harplaryň biri‑bi
-
ri bilen ýeriniň çalşylyp ulanylmagy sözüň manysyna täsirini ýetirýär. 
Meselem, 
sapar
sözüni 
رفص
görnüşinde «sat» harpy bilen ýazsaň, ol 
kamary aýlaryndan ikinji aýyň adyny, 
رفس
şekilinde «sin» harpy bi len 
ýazsaň 
syýahat
manysyny berýär. Bu bolsa köne türkmen ýazuwyn da 
sowatly ýazmak üçin arap we pars dillerini hem bilmegi talap edýär.
1-nji gönükme.
Nokatlary aşagynda goýulýan harplaryň her bi
-
rine degişli bäş sany söz ýazyň.
2-nji gönükme.
Nokatlary ýokarsynda goýulýan harplaryň her 
birine degişli bäş sany söz ýazyň.
3-njy gönükme.
Nokatsyz harplardan düzülen on sany söz ýazyň.


83
4-nji gönükme.
Aşakdaky nokatly harplardan düzülen sözleri 
okaň we depderiňize göçüriň. Özüňizden şolara 
meňzeş sözleri tapyň.
نيبيﭼ نيريﺷ شيقيﭼ قيزيق تخﺑ تخﺗ قيشيﭘ
زيﺗ شيغ ﭗيكﭼ
5-nji gönükme.
Birmeňzeş ses aňladýan harplaryň her birine 
degişli mysallary getirip depderiňize ýazyň.
Sanlar
Köne türkmen ýazuwynda ýazylan golýazma eserlerine ser sa‑
lanyňda olaryň käbirinde sahypalaryň sanlar bilen belgilenilendigini, 
käbirinde bolsa ýörite bellikleriň ulanylandygyny görmek bolýar. Hä
-
zirki wagtda 
arap sanlary
diýlip atlandyrylýan sanlaryň taryhy örän 
gadymy döwürlerden gaýdýar. 
Gadymy döwürlerde häzirki sanlar sözler arkaly berlipdir. Soň‑
lugy bilen jemgyýetiň, ykdysadyýetiň ösmegi netijesinde san belgile
-
ri, hasaplaýyş ulgamlary kemala gelipdir.
Taryhy maglumatlardan mälim bolşy ýaly, sanlary aňladýan ilki 
belgiler wawilonlylara we müsürlilere degişli hasaplanylýar. Biziň 
eý ýamymyzdan öňki 3000–2500‑nji ýyllarda Müsür ieroglif belgile
-
rinde sanlary aňlatmak üçin dürli belgiler peýda bolupdyr. Soň şol 
belgiler Müsür ýazuwynyň esasynda beýleki halklaryň ýazuwlarynyň 
nusgalaryna aralaşypdyr. Bu döwürde hasaplamagyň onluk ulgamy 
giňden ýaýraýar. Hindiler noly aňladýan belgini oýlap tapyp, san bel
-
gilerini häzirki ulanylyşy ýaly ýazypdyrlar. Biz ol san belgilerini 
arap 
sanlary
diýip atlandyrýarys. Sebäbi bu sanlar araplaryň arasynda has 
giňden ýaýrapdyr. Aslynda araplar bu san belgilerini hindilerden 
alypdyrlar.
Biziň häzirki ulanýan san belgilerimiz oýlanyp tapylýança Hin‑
distanda başga belgiler hem ulanylypdyr. Mälim bolşy ýaly, şol dö‑
würde giň ýaýran «gwalior» san belgileri arap san belgileriniň döre
-
megine esas bolupdyr. 


84
813‑nji ýylda halyflyk tagtyna çykan Mamun öz kakasy Harun 
er‑Reşidiň Merwde gurduran, alymlary hem‑de terjimeçileri özüne 
jemlän ylmy merkezini – «Hazanat ul hikmeti» 817‑nji ýylda Bag
-
dada göçürýär. Soňra «Beýtul‑hikmet» ady bilen şöhratlanan we uly 
meşhurlyk gazanan bu ylmy merkez diňe bir terjime işleri, hatdatlyk 
bilen meşgul bolman, eýsem ylmy saparlary hem geçiripdir. 
Şol ylmy saparlaryň birine Musa al‑Horezmi ýolbaşçylyk edýär. Bu 
saparda olar 830‑njy ýylda Günbatar Hindistanda, soň Wizantiýada, Ho‑
rezmde bolup ylmy barlaglar geçirýärler. Maglumatlara görä Horezmi 
no luň kömegi bilen ýüzlükleri ýasamagyň usullary bilen tanyşýar, san‑
lar ulgamyny öwrenip, olary sadalaşdyrýar hem‑de giňeldýär. Ol mu ny 
özünin arap dilinde ýazan «Arifmetika» kitabynda beýan edýär. Ho‑
rezminiň hindi san belgilerine bagyşlanan bu kitaby ilki bilen arap Gün‑
dogaryna ýaýraýar. Soňlugy bilen latyn diline terjime edilip, X asyrda 
Ispaniýada, XVII asyrda bütiň Ýewropada meşhurlyk gazanýar. Diý
-
mek, Horezmi hindi san belgileriniň esasynda arap san belgilerini döre
-
dip, onuň bütin dünýäde ýaýramagyny amala aşyran beýik alym dyr. 
Bu san belgileriniň aýry‑aýry şekilleri we goşma san görnüşleri‑
ni emele getirişleri häzirki san belgilerden onçakly tapawutlanmaýar. 
Köne türkmen ýazuwynda ulanylýan san belgilerine aşakdakylar 
degişlidir: 
1
–1 
2
–2 
3
–3 
۴
–4 
۵
–5 
۶
–6 
7
–7 
۸
–8 
۹
–9 
۰
–0
Goşma sanlar ýazylanda, hat ýazuwyň tersine, çepden saga tarap 
ýazylýar. Köne golýazma kitaplarynyň sahypalarynda sahypala ryň 
tertibini saklamak üçin sanlara derek «paýgirler» goýlupdyr. 
«Paýgir» sözi pars sözi bolup, «
pa
» (aýak) we 
giriftän
(bolmak) 
sözlerinden emele gelýär. Bu «
aýak bolmak
» , «
hutma-hut gelmek
» 
manylaryny berýär.
«Paýgir» sahypalaryň gatyşmazlygyna, tertipli durmagyna kö mek 
edýär. Onda indiki sahypadaky birinji söz onuň öňündäki sahy pa nyň 
aşak burçuna keseligine ýazylýar. Bu belgä köne türkmen ýazuwynda 
«garawul» hem diýilýär. Şu nikdaýnazardan paýgir ýazuw ýadygär‑
liklerinde sahypadaky san belgileriniň hyzmatyny ýerine ýetir ýär.


85
Köne türkmen ýazuwynda onluk, ýüzlük, müňlük we ş.m san
-
laryny düzýän birlik sanlar çepden saga ýazylýar:
10–

13–
13
16–

19–

40–
۴۰
11–
11
14–

17–
17
20–

50–
۵۰
12–
12
15–

18–

30–

60–
۶۰
100 –
1۰۰
1000 –
1۰۰۰
2250 –
22۵۰
110 –
11۰
1170 –
117۰
6798 –
۶7۹۸

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   53   54   55   56   57   58   59   60   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin