UMRANYŇ BEÝANY
Umranyň sözlük manysy: bir abat ýere gitmegi niýet etmek. Şerigatda manysy: mahsus işleri bitirmekdir. Şol mahsus işler yhram (Beýtulla şerife zyýarat etmekligi niýet etmek), towaf (Beýtullanyň daşyna aýlanmak), sagy (Safa we Merwäniň arasynda gezmek), saçyňy syrmak ýa-da ony gyrkmakdyr. Şu işleri etmeklige umra diýlişi ýaly, Hajy asgar (Kiçi haj) diýip-de aýdylýandyr. Şu umra muhtar kowla görä (dogry we saýlanyp alnan gepe görä), umra hem gurbaty çatýan adamlar üçin bir gezek sünneti mu'äkkidedir (güýçlendirlen sünnetdir). Umranyň yhramynyň hökümleri göýä hajyň yhramlarynyň hökümleri ýalydyr. Şonuň ýaly umranyň paryzlarynyň, wajyplarynyň, sünnetleriniň, haramlarynyň, mekruhlarynyň, mufsidleriniň, yhsarynyň1, umrany başga umra bilen birikdirmekligiň, umrany başga birine söýemekligiň we taşlamaklygyň hökümleri göýä hajda bolan hökümler ýalydyr.
UMRANYŇ HAJA TERSLIGI
Umranyň haja tersligi ýokdur, diňe şu zatlarda tapawut bardyr:
1.Umra parz däldir. Emma haj parzdyr.
2.Umra üçin belli wagt ýokdur, ýylyň hemme günlerinde dogrudyr, diňe bäş günde umra etmek mekruh tahrymadyr (harama ýakyn bolan mekruh). Gurban aýynyň dokuzy güni daň atandan, tä on üçi güni Gün batýança. Emma haj diňe Gurban aýynyň içinde berjaý edilýändir.
3.Umra hiç wagt föwt bolýan1 däldir. Emma haj föwt bolýar.
4.Umrada hutbalar okamak, Arafatda durmak, Müzdelefä gelmek, namazlary birikdirmek we daşlar atmak ýokdur. Emma hajda şularyň hemmesi bardyr.
5.Umra üçin towafy kudum ýokdur. Emma hajda bardyr.
6.Umrada towafy sadar ýokdur. Emma hajda bardyr.
7.Umrada bedene (düýe ýa-da sygyr) wajyp bolmaz, ýagny umrany bozmak bilen bedene wajyp bolmaz, belki şah (goýun) wajyp bolar. Emma hajda wukufdan soňra, halkdan soň Towafy Zyýaratdan öň jymag etse (jübütleşse) hajy bozulmaz ýöne bedene çalmak wajyp bolar.
8.Umranyň towafyny jünüp ýa haýzly, ýa-da nifasly bolan ýagdaýynda etmek bilen bedene wajyp bolmaz, goýun wajyp bolar. Emma hajda bu ýagdaý bilen Towafy Zyýarat etmek bilen bedene wajyp bolar.
9.Umranyň mikaty hemme adamlar üçin Hyldyr. Emma hajyň mikaty Mekgeliler üçin Haramdyr.
10. Mugtemir (umra edýän adam) telbiýesini towafa başlanda kesmeli. Emma haj edýän adam Jemre Akabanyň ilkinji daşyny atanda kesmeli.
11.Umranyň towafynyň jenaýaty üçin sadakanyň täsiri ýokdur. Emma hajda täsiri bardyr.
UMRANYŇ PARZLARY.
Umra üçin parz bolan işler şulardyr:
1.Yhram baglamak.
2.Yhramda telbiýe aýtmak.
3.Beýtulla towaf etmek.
4.Umra towafyny niýet etmek.
5.Öňi bilen towaf edip, soňra sagy etmek.
UMRANYŇ WAJYPLARY.
Umra üçin şu işleri etmek wajypdyr:
1.Safa bilen Merwäniň arasynda sagy etmek.
2.Sagy tamam bolandan soňra saçyňy syrdyrmak ýa gyrkdyrmak.
UMRANYŇ SÜNNETLERI.
Umra üçin şu işleri etmek sünnetdir:
1.Yhram jähtli gusul etmek.
2.Telbiýäni birden köp aýtmak.
3.Sagy edýän adamyň owratyny örtmegi.
4.Istilam etmek.
5.Hajar eswediň garşysynda tekbir aýtmak.
6.Towafyň aýlawlaryny yzba-yz etmek.
7.Sagynyň aýlawlaryny yzba-yz etmek.
8.Erkek adamlar üçin towafyň owalky üç aýlawlarynda raml etmek.
9.Erkek adamlar towafda yztybag etmek.
10.Sagy edýän erkek adamlar iki ýaşyl sütüniň arasynda loňkuldamak.
Bulardan başga-da haj hökümlerinde aýdylan düzgünleriň birnäçeleri isle sünnet bolsun, isle mustahab bolsun şu umra hem degişlidir. Şunuň ýaly haj babynda aýdylan haramlar we mekruhlaryň birnäçeleri şu umrada hem tapylýandyr. Oňa görä buýrulan işleri etmek we buýrulmadyk işlerden gaçmak hökman gereklidir.
UMRANY NIÝET EDÝÄN ADAMYŇ ETMELI IŞLERI.
Her zatdan öň umra bilen hajyň biri-birilerine baglanyşygynyň bardygyny bilmek gerklidir. Hezreti Resulekrem s.a.w özüniň göwher bahaly gepleri bilen beýan edip aýdypdyr:
تَابِعُوا بَيْنَ الحَخِّ وَ العُمْرَةِ
Terjime: Siz haj bilen umranyň arasyny birikdiriň, ýagny her wagt haj etseňiz yzyndan umra ediň, parzyňyzy bitirip-de sünnetiňizi bitirmän goýmaň. Her wagt umra etseňiz-de yzyndan haj ediň. Sünnetiňizi bitirip-de parzyňyzy bitirmän goýmaň.
Sünnet bolan umra Haj asgar (Kiçi haj) diýdiler. Parz haja Haj ekber (Uly haj) diýdiler. Haj ekberi niýet edýän adamyň etmeli işlerini aýdyp geçdik. Haj asgara hem şol ýagdaýlar bilen ýüzlenmeli, ýagny günäleriňden toba etmeli, halal pul bilen gitmeli, telbiýesini öwrenmeli, her bir bölekleriň hökümlerini ruhanylaryndan sorap durmaly, edara we haja gidýän kerwene degişli işlerinde kerweniň müdirinden maslahat almaly. Ugramaly bolanda arassalanyp täze lybaslaryny geýip ähli hojalygy bilen hoşlaşyp öýünde iki rekagat sapar namazyny okap metjide gelmeli, metjitde hem iki rekagat namaz okap doga etmeli. Metjitden çykanda bir adam haj saparyna gitjek adamyň ýeňsesinde durup azan aýtmaly. Ondan soňra il-güni bilen hoşlaşyp ýola düşmeli. Bu ýagdaýlaryň her birinde etmeli dogalar we tertipler hajy ekberde aýdyşymyz ýalydyr. Şol kada-kanunlary ýatdan çykarman dykgat bilen amal etmelidir.
UMRA YHRAM BAGLAMAK
Mugtemir öňi bilen Mekge Mukerremä gitjek bolsa aeroportda yhram baglamaly. Eger ilki Medine Munewwerä gitjek bolsa, aeroportda yhram baglamak gerek däl. Medine Munewwerä baryp, hezreti Resulekrem s.a.w-e we beýleki sahabalara zyýarat etmeli. Ol zyýaratlaryň tertibini we giňişleýin gürrüňini yfrat hajyň yzynda aýdyp geçdik. Şol Mufrid Medine Munewweredäki zyýratlary nähili berjaý etmeli diýip aýdylan bolsa, şu mugtemir-de göýä şonuň ýaly berjaý etmeli.
Mugtemir Medine munewwerede sekiz gün galyp, kyrk namazyny jemagat bilen Mesjidin-Nebi sallallahu tagala aleýhi wessellemde okandan soňra, Mekge Mukerremä gitmekçi bolsa, umranyň yhramyna girmeli. Yhrama girmezinden öň gusul etmeli we täret almaly, endamlaryna atyr çalmaly, endamyndaky hemme lybaslaryny çykaryp diňe izärini biline orap, owratlaryny örtmeli, ridäni iki gerdenine oklap, Gün ýakmaz ýaly we sowuk üşetmez ýaly bokurdagyndan aşagyny ýapmaly we şol gusulda alan täreti bilen iki rekagat yhram namazyny okamaly (s-m).
Namaz okap salam bereninden soňra, oturan ýerinden turman, Kybla bakyp, ýüregini diline barabar edip, ýagny ýüregindäki niýetini diline getirip, şular ýaly niýet aýtmaly:
اَللّهُمَّ اِنِّى اُرِيدُ الْعُمْرَةَ وَنَوَيْتُهَا وَاَحْرَمْتُ بِهَا لِلهِ تَعَالَى فَيَسِّرْهَا لِى وَتَقَبَّلْهَا مِنِّى
Terjime: Eý bar Hudaýa! Hakykatdanam, men umra etmekligi isleýärin we umrany niýet edýärin we umra yhram baglaýaryn Taňry tebärek we tagalanyň razyçylygy üçin. Sen şu umrany meniň üçin aňsat et we menden kabul et.(f-m).
Niýetiň yzyndan gaty ses bilen gygyryp, telbiýe aýtmaly (f-m). Umra yhram baglamaklygyň owalky telbiýesiniň yzyndan bir gezek “Lebbeýike biumra”-ny goşmaly (m).
Terjime: Umra etmek bilen emriňe boýun boldum.
Umra niýet edip, yzba-yz üç gezek telbiýe aýdandan soňra, hezreti Resulekrem s.a.w-e salawat aýtmaly. Ondan soňra doga etmeli. Taňry tebärek we tagaladan hajatlaryny dilemeli. Umra yhram baglap, telbiýe aýdandan soňra muhrim bolýar. Şu muhrim mugtemir buýrulan we buýrulmadyk işlerde göýä mufrid ýalydyr, ýagny mufride dogry bolan işler mugtemire-de dogrudyr we mufride dogry bolmadyk işler mugtemire-de dogry däldir.
Hatynlaryň umra yhram baglamaklary göýä erkek adamlaryň umra yhram baglamaklary ýalydyr, ýagny erkek adamlaryň etmeli işlerini hökman hatynlar-da etmelidir. Erkek adamlaryň etmeli däl işlerini hökman hatynlar-da etmeli däldir. Emma birnäçe işlerde, mysal üçin: tikinli lybas geýmek, kellesini örtmek, telbiýäni ýuwaş aýtmak, raml we yztybagy terk etmek, jorap we aýagyň ortasyndaky ýumurjany basýan köwşi geýmek, şular ýaly özlerine mahsus bolan işlerde erkeklerden saýlanýandyr, ýagny bu işler erkek adamlara dogry bolmasa-da, hatynlara dogrudyr.
Mugtemir her bir üýtgän ýagdaýlarda telbiýe aýdyp gezmeli, tä Mesjidi Harama girip, Hajar eswedi istilam edýänçä. Her wagt Hajar eswedi istilam etse telbiýäni kesmeli. Mugtemir Mekge Mukerremä baranda mufridiň edýän dogalaryny etmeli. Ondan soňra myhmanhanalaryna baryp, esbaplaryny ýerleşdirip, iýip-içip dynç alandan soňra, başga işlere meşgul bolman täret alyp Mesjidi Harama gitmeli. Köwüşlerni çykaryp, aýak ýalaňaç Babus salamdan ýa Babu umradan girmeli (m). Beýtulla şerifi görende üç gezek tählil (Lä ilälähä illalla), üç gezek tekbir (Allahu ekber) aýtmaly we doga etmeli.
Ondan soňra Beýtulla şerife bakyp, Hajar eswedi sag tarapynda goýup yztybag edip şu hili umra towafyna niýet etmeli:
اَللّهُمَّ اِنِّى اُرِيدُ طَوَافَ الْعُمْرَةِ سَبْعَةَ اَشْوَاطٍ وَنَوَيْتُهُ لِلّهِ تَعَالَى فَيَسِّرْهُ لِى وَتَقَبَّلْهُ مِنِّى
Terjime: Eý bar Hudaýa! Hakykatdan hem, men ýedi gezek umra towafyny etmekligi isleýärin we şol towafy niýet edýän Hudaý üçin, sen şuny meniň üçin aňsat et we menden kabul et.
Ondan soňra sag tarapyna garşy ýöräp, Hajar eswediň duşunda durup iki elini gulaklaryň deňine göterip we aýalaryny Hajar eswede bakdyryp şu gepleri aýtmaly:
"بِسْمِ اللهِ وَاللهُ اَكْبَرْ وَلِلّٰهِ الْحَمْدُ وَالصَّلَاةُ وَالسَّلَامُ عَلَى رَسُولِ اللهِ صَلَّى اللهُ تَعَالَى عَلَيْهِ وَسَلَّم"
Terjime: Beýik Taňrynyň ady bilen umra towafyny etmeklige başlaýaryn. Şol beýik Taňry ähli zatlardan uludyr we hemme öwgüler şol beýik Taňry üçindir, şol beýik Taňrynyň bize iberen Pygamberi Muhammet aleýhissalaty wessalama salawat we salam bolsun (s).
Ondan soňra baryp Hajar eswedi ogşamaly göýä mufridiň ogşaýşy ýaly, eger dykylyşyk bolup ogşap başarmasa, elini degirip şol elini ogşamaly, eger ony-da başarmasa, şonuň gabadynda durup, iki elini Hajar eswede garşy galdyryp şol iki elini ogşamaly. Bismillä, tekbir, tählil, hamd we salawat aýdyp, doga etmeli. Ondan soňra özüniň sag tarapyna ýöräp, Käbe şerifi sol tarapynda goýup, Käbe şerifäniň daşyna ýedi gezek aýlanmaly (f), Ýedi aýlawyň owalky üç aýlawynda raml etmeli (s). Mugtemiriň şu ýedi towafda etmeli işleri we etmeli däl işleri göýä mufridiň towaf kudumyndaky etmeli işleri we etmeli däl işleri ýalydyr.
Mugtemir towafyň ýedi aýlawyny tamam edenden soňra, yztybagyny aýryp Makam Ybrahymyň arkasynda iki rekagat namaz okamaly (w), soňra doga etmeli. Eger ol ýerde okamak aňsat bolmasa her bir amatly bolan ýerde okamaly. Ondan soňra Zemzemiň gyrantlaryna baryp suw içmeli we doga etmeli. Soň Multezeme baryp doga etmeli (m). Soňra mugtemir sagy etmeklige ýüzlenmeli. Sagy etjek bolanda Hajar eswedi sag tarapynda goýup, Käbe şerife bakyp şu hili niýet etmeli:
" اَللَّهُمَّ اِنِّى اُرِيدُ اَنْ اَسْعَى بَيْنَ الصَّفَا وَالْمَرْوَةِ سَعىَ الْعُمْرَةِ سَبْعَةَ اَشْوَاطٍ وَنَوَيْتُهُ لِلّٰهِ تَعَالَى فَيَسِّرْهُ لِى وَتَقَبَّلْهُ مِنِّى"
Terjime: Eý bar Hudaýa! Hakykatdan hem men Safa bilen Merwäniň arasynda ýedi gezek umra üçin sagy etmekligi isleýärin we şony niýet edýärin Hudaý üçin. Allahym şu sagyny meniň üçin aňsat et we menden kabul et (f).
Ondan soňra sag tarapa ýöräp Hajar eswede baryp, şony istilam etmeli. Eger başarmasa onuň ýerine durýan işleri berjaý etmeli, ýagny elini degirip ýa-da elinde hasasy bolsa ony degirip şony ogşamaly. Eger elini ýa hasasyny degirip başarmasa, onda iki elini galdyryp dogasyny edip iki elini ogşar. Soňra Babys Safadan çykyp Safa münmeli we Käbe şerife bakyp, iki elini iki gerdeniniň barabarynda saklap, gaty ses bilen gygyryp üç gezek tekbir, tählil, tähmid aýtmaly, Pygamber aleýhissalama salawat aýtmaly we özi üçin, ähli musulmanlar üçin howlukman, uzak durup kän doga etmeli. Ondan soňra Mesganyň1 sag tarapyna inip Merwä garşy ýöremeli. Ýaşyl sütüniň deňine baranda tä Merwe tarapdaky ýaşyl sütüniň deňine barýança loňkuldap gaty ýöremeli (s). Şu iki sütüniň arasynda yfradyň sagysynda okalýan dogany okamaly (m).
Ondan soňra tä Merwä barýança adatdaky ýöreýşi ýaly ýöräp gitmeli, gidip barýarka zikr we dogalar bilen meşgul bolmaly. Mugtemir Merwä ýakynlanda mufridiň şol ýerde okaýan aýatyny okamaly.
اِنَّ الصَّفَا وَالمَروَةَ مِن شَعَائِرِ اللهِ فَمَن حَجَّ البَيتَ اَوِ اعتَمَرَ فَلاَ جُنَاحَ عَلَيهِ اَن يَطَّوَّفَ بِهِمَا وَمَن تَطَوَّعَ خَيراً فَاِنَّ اللهَ شَاكِرٌ عَلِيمٌ.
Terjime: Hakykatdan-da Safa we Merwe Taňry Tebärek we Tagalanyň belgilerindendir. Her kim Beýtulla haj ýa umra etse, şonuň Safa we Merwä aýlanmagynda zyýan ýokdur. Haýsy bir adam höwes bilen haýyrly iş etse, hökman Hudaýtagala şoňa sogap berýändir, şonuň niýetini we amalyny bilýändir (m).
Her wagt Merwä münüp, tekizlige çykanda Safada eden işlerini şu ýerde hem etmeli. Merwede doga edip bolandan soňra, özüniň sag tarapyna çekilip Mesganyň sol tarapyna, ýagny metjit tarapyna inmeli. Şu tarapy Safadan başlanmak hasaby bilen çepi bolýandyr. Mugtemir Merweden etek inende, tä ýaşyl sütüne barýança adatdaky ýöreýşi ýaly ýöräp, Safa garşy gitmeli, zikr we dogalar bilen meşgul bolan ýagdaýda. Iki ýaşyl sütüniň arasynda öňki ýaly loňkuldap geçmeli we şondaky okaýan dogasyny şunda hem okamaly.
Ondan soňra zikr-senalara meşgul bolan ýagdaýda Safa garşy ýöremeli we Safa ýakynlanda geçen şu taýda Merwä ýakynlandaky aýaty okamaly (m). Ondan soňra Safa münüp öňki eden işlerini ýene şu ýerde etmeli (s). Mugtemiriň Safadan Merwä gelmekligi bir aýlawdyr we Merweden Safa barmaklygy-da bir aýlawdyr. Şonuň ýaly ýedi aýlaw sagy edmeli (w). Sagyny Safadan başlap Merwede soňlamaly (f). Mugtemir ýedilenji aýlawyny Merwede tamam edende, şol ýerde uzak durup köp-köp doga etmeli hem Allatagala zar we tezerruglar1 kylmaly, soňra metjide gelip iki rekagat sagy namazyny okamaly. Namazdan soň doga edip Allatagaladan haýyr-maksatlaryny dilemeli.
Ondan soňra kellesindäki saçlarynyň barysynyň uçlaryndan bir barmagynyň üçden biri ýalysyny gyrkdyryp yhramdan çykmaly. Eger ol mukdar almakdan saçy gysga bolsa, onda hökman saçynyň barysyny syrdyryp yhramdan çykmaly, gyrkdyran ýa-da syrdyran saçlaryny gömmeli (m). Kellesini syrdyrmazyndan öň sakgal we murtuna timar bermeli däl, dyrnaklaryny kesmeli däl we tikinli lybaslaryny geýmeli däl. Kellesini syrdyrýan adam kybla bakmaly, syrýan adam kellesiniň sag tarapyndan başlap syrmaly. Kelläni bütewi syrmaly ýa bütewi gyrkmaly (s), diňe dörtden birini aýyrmaklyga daýanmaly däl (mk).
Kellesini syrdyrandan soň ähli işler, meselem: sabyn çalyp suwa düşmek, tikinli lybaslary geýmek, hoşboý atyrlary çalmak, jymag etmek (jübütlenmek), dyrnak almak we yhramyň her bir gadagan eden işleri muňa halaldyr. Hatyn-da mugtemir bolsa towafyny, sagysyny edip, hemme saçlarynyň ujundan bir barmagynyň üçden biri ýaly gyrkdyryp halaly bolmaly we yhramdan çykmaly (w). Eger şol mukdar gyrkmazyndan öň ýa erkek adam kellesini syrdyrmazyndan öň jymag etseler, umralary fasyd bolmasa-da, dem wajyp bolýandyr. Ýene hatynlar üçin uly tabşyryk, elmydama owratlaryny örtüp gezmeli, ylaýta-da towaf edenlerinde örän habardar bolmaly, eger saçynyň ýa goşarynyň ýa injiginiň dörtden biri açylan ýagdaýda towaf etse, şoňa dem wajyp bolar, onuň üçin hatynlar kellelerine hijap görnüşli bir zat oranmaly we aýaklaryna jorap geýmeli hem-de owratlary açylmagyndan gaýgysyz bolar ýaly ýeňleriniň ujuny rezin etmeli.
Umrasyndan halaly bolan mugtemir ýene umra etmekligini niýet etse, özi üçin ýa ata-enesi üçin ýa her bir musulman dogany üçin, gusul edip we täret alyp hemme eşiklerini çykaryp diňe izär we ridä geýip, Mesjid-Tengyma baryp yhram baglamaly. Eger umrany özi üçin etjek bolsa, oňa yhram baglamagyň ýagdaýy göýä, şol Medine Münewweredäki ýalydyr, hiç parhy ýokdur. Eger umrany gaýry üçin etjek bolsa, ol iki rekagat namaz okamaly, salam berenden soňra kybla bakyp duran ýagdaýynda, şu gepleri ýüregi we dili bilen aýtmaly:
" اَللّهُمَّ اِنِّى اُرِيدُ الْعُمْرَةَ وَنَوَيْتُهَا وَاَحْرَمْتُ بِهَا عَنْ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بنِ آنَّا مُحَمَّد لِلهِ تَعَالَى فَيَسِّرْهَا لِى وَتَقَبَّلْهَا مِنِّى وَمِنْهُ"
Terjime: Eý bar Hudaýa! Hakykatdan-da men Annamuhammediň ogly Abdyrahmanyň tarapyndan umra etmekligi isleýärin we umrany niýet edýärin we umra yhram baglaýaryn beýik Taňrynyň razyçylygy üçin. Allahym, sen şol umrany meniň üçin aňsat et, menden we Abdyrahmandan kabul et.
Şunuň yzyndan üç gezek telbiýe aýtmaly (f-m). Owalky telbiýäniň yzyndan şu gepleri aýtmaly:
لَبَّيْكَ بِعُمْرَةِ عَنْ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بِنْ آنّا مُحَمّد
Terjime: Annamuhammediň ogly Abdyrahmanyň tarapyndan, umra etmek bilen emriňe boýun boldum.
Ondan soňra salawat aýtmaly we doga etmeli we Allatagaladan haýyr-maksatlaryny dilemeli. Ondan soňra telbiýe aýdyp, Mesjidi Harama garşy ugramaly. Baryp Babus salamdan ýa Babu umradan girip, ýedi aýlaw towaf we ýedi aýlaw sagy etmeli. Bu bedeli umranyň (başga biriniň ýerine umra etmegiň) hemme amallary göýä özi üçin eden umrasynyň amallary ýalydyr, hiç parhy ýokdur. Diňe parhy towafyň niýetlerinde we sagynyň niýetlerinde bedel edýän adamsynyň tarapyndan niýet etmeli. Meselem:
" اَللّهُمَّ اِنِّى اُرِيدُ طَوَافَ الْعُمْرَةِ سَبْعَةَ اَشْوَاطٍ وَ نَوَيْتُهُ عَنْ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بنِ آنَّا مُحَمَّد لِلهِ تَعَالَى فَيَسِّرْهُ لِى وَ تَقَبَّلْهُ مِنِّى وَ مِنْهُ"
Terjime: Eý bar Hudaýa! Hakykatdan hem men Annamuhammediň ogly Abdyrahmanyň tarapyndan ýedi gezek towaf umra etmekligi isleýärin we şol towafy niýet edýän beýik Taňrynyň razylygy üçin. Allahym sen şol towafy meniň üçin aňsat et, menden we Abdyrahmandan kabul et. Sagynyň niýetlerini-de şu hili aýtmaly:
" اَللَّهُمَّ اِنِّى اُرِيدُ اَنْ اَسْعَى بَيْنَ الصَّفَا وَ الْمَرْوَةِ سَعَى الْعُمْرَةِ سَبْعَةَ اَشْوَاطٍ وَنَوَيْتُهُ عَنْ عَبْدِ الرَّحْمَنِ بنِ آنَّا مُحَمَّد لِلهِ تَعَالَى فَيَسِّرْهُ لِى وَتَقَبَّلْهُ مِنِّى وَ مِنْهُ "
Terjime: Eý bar Hudaýa! Hakyatdan hem men Annamuhammediň ogly Abdyrahmanyň tarpyndan Safa bilen Merwäniň arasynda ýedi gezek umra üçin sagy etmekligi isleýärin we şony niýet edýärin beýik Taňrynyň razylygy üçin, Allahym Sen şol sagyny meniň üçin aňsat et, menden we Abdyrahmandan kabul et.
Bu bedel edýän mugtemir ýedi gezek towaf edenden soňra, iki rekagat towaf namazyny okamaly. Ondan soňra ýedi gezek Safa bilen Merwä sagy etmeli. Ondan soňra iki rekagat sagy namazyny okamaly. Soňra kellesini syrdyryp yhramdan çykmaly we halaly bolmaly. Eger kellesinde saçy bolmasa kellesiniň bar ýerine tyg (päki) ýöretmeli. Ýene bir kişä umra etjek bolsa onuň hem kada-kanuny göýä şu aýdyşymyz ýalydyr. Towaf we sagy tamam bolandan soňra kellesiniň hemme ýerine tyg ýöredip, yhramdan çykmaly. Ýene gitse ýene şeýtmeli, ýene gitse ýene şeýtmeli. Emma bir näçeler kellesini bütewi syrdyrman, her saparda kellesiniň bir gapdalyny syrdyryp, saçyny bölekläp goýýarlar, ol dogry däldir (mk). Ol işi hiç wagt etmeli däl. Yhramdan çykjak muhrim hökman kellesini bütewi syrdyrmaly. Eger saçy ýok bolsa, ýa ozal syrylgy bolsa, kellesiniň saç çykýan ýerine tyg ýöretmeli. Eger her günde ýüzlerçe umra etse-de onuň hökümi şu aýdyşymyz ýalydyr.
UMRA DEGIŞLI MESELELER
Umra muhtar kowla görä (dogry we saýlanyp alnan gepe görä) sünneti mu'äkkidedir. Emma Kazyhan we Sahybul Jewähira, Ymam Alauddin Abubekir bin Mashud Kesany ýaly käbir fykh alymlar: “Umra göýä fitr sadaka, witr namazy we gurbanlyk ýaly wajypdyr, diýdiler. Umranyň mikaty Haram şerifiň daşydyr, ýagny Hyldyr. Umra yhram baglamak üçin Hylyň iň gowy ýeri mälikileriň we şafygylaryň ýanynda Jugrana diýen ýerdir. Emma hanafileriň we hanbalylaryň ýanynda Hylyň iň gowy ýeri Tengymdyr. Mekgäniň ilaty üçin we Mekgede ýaşaýan mukymlar üçin we Mekgäniň daşynda we mikatlar içinde ýaşaýan halklar üçin Hajyň aýlarynda umra etmekleri mekruh tahrymadyr (harama ýakyn bolan mekruhdyr). Eger şol ýylda haj etmek niýetleri bar bolsa, çünki umra edip soňra haj etse mutemettig bolýar. Ol halklar temettugdan we kyrandan gadagan edilendir. Olaryň etmeli hajy diňe yfratdyr. Temetug we kyran mikatlaryň daşynda ýaşaýanlar üçindir. Eger şu iki aý on günüň içinde olardan biri umra yhram baglasa, mekruh tahryma bolan ýagdaýynda umra onuň boýnuna lazym bolar, diýmek şol mugtemire umrasyny taşlamak, günäkärlikden gutulmak jähtli wajyp bolar.
Eger şol mugtemir umrasyny taşlasa hajyň aýlaryndan soňra kazasyny almaly we umrany taşlamagy üçin dem çalmaly. Eger şol mugtemir umrasyny taşlamasa, umrasynyň amallaryny berjaý etse, günäkär bolan ýagdaýynda umrasy dogry bolar we boýnuna dem çalmak lazym bolar. Şunuň ýaly iki umranyň arasyny birikdirmek, mekruh tahrymadyr, diýmek bir adam umra yhram baglasa, şol umrasynyň bir awlawyny towaf etse ýa hemme aýlawlaryny towaf etse, ýa hiç bir aýlawyny-da towaf etmese, ondan soňra başga bir umra yhram baglasa, şonuň ikilenji umrasy taşlanar, hatda taşlamagy niýet etmese-de we şol mugtemire ikilenji umrasynyň kazasyny almak lazym bolar we taşlamagy jähtli dem çalmak-da lazym bolar.
Eger bir mugtemir umrasy üçin towaf, sagy edip hemme amallaryny berjaý eden bolsa, diňe kelle syrdyrmak galan bolsa, şol ýagdaýda başga umra yhram baglasa, soňky umrasy-da şonuň boýnuna lazym bolar we şony taşlamaly däl, gaýtam şonuň amallaryny berjaý etmeli we iki umranyň yhramyny birikdirmek jenaýaty üçin dem çalmaly (w). Bu ýerde halkyň (kelle syrmagyň) gijä galmaklygy üçin dem lazym däldir, çünki umrada halk üçin zaman, wagt bellenen däldir.
Eger ikilenji umrasyndan boşamazyndan öň, owalky umrasy üçin kellesini syrdyrsa, ikilenji umra jenaýat etmegi jähtli ýene bir dem çalmaly. Eger ikilenji umranyň amallaryndan boşandan soňra owalky umrasy üçin kellesini syrdyrsa, şoňa başga dem lazym bolmaz. Eger towafdan öň jymag edip, owalky umrasyny bozsa, ondan soňra ikilenji umra niýet baglasa ikilenjini taşlamaly we owalky umrasyny ýerine ýetirmeli. Eger owalkyny taşlap, ikilenjini etmekligi niýet etse-de, ol niýeti hiç zat peýda bermez, çünki munuň amaly diňe owalky üçin bolar, ondan başgasy üçin bolmaz.
Eger mugtemir dört aýlawyny towaf etmezinden öň jymag etse, şonuň umrasy bozular, mugtemir şol umrasyny göýä bozulmadyk ýaly ýerine ýetirmeli, ondan soňra kazasyny almaly we dem-de çalmaly. Eger dört aýlawyny ýa ondan köpräk aýlawyny towaf edenden soňra jymag etse, şol mugtemir dem çalmaly umrasy-da bozulmaýar. Eger şol mugtemir öňki oturan ýerinden başga-da bir oturan ýerinde ýene bir gezek jymag etse, ikilenji jymagy üçin hem dem çalmaly. Sagydan soňra, halkdan öň jymag etse, şonuň ýaly dem çalmaly.
Hezreti Allama Muhakkyk Hasanşa Muhajyr iki umrany birikdirmek hakynda şeýle diýipdir: “Eger mugtemir iki umra birden yhram baglasa, meselem: niýet kyldym iki umra etmekligi Hudaý üçin diýip telbiýe aýtsa, ýa iki umra yzba-yz yhram baglasa, meselem: niýet kyldym umra etmekligi Hudaý üçin diýip telbiýe aýdyp, bir umra yhram baglasa, ondan soňra şonuň yzyndan ýene-de niýet kyldym umra etmekligi Hudaý üçin diýip telbiýe aýdyp, başga umra yhram baglasa, ýa-da arasyny açmak bilen iki umra yhram baglasa, meselem: bir umra yhram baglap, şol umranyň amallaryna meşgul bolup, şonuň sagysyndan boşamazyndan öň ýene bir umra yhram boglasa, şu üç ýagdaýlaryň her birinde mugtemire iki umra etmek lazym bolar”.
Owalky suratda iki umranyň birini taşlamaly, ikilenji suratda ikilenjini taşlamaly. Ebu Ýusup rahmetulla görä taşlamaly wagty iki umranyň niýetlerini aýdyp bolan wagtydyr. Emma Ebu Hanyfa rahmetulla görä şu ikisiniň birinde Mekgede gezen wagtydyr, käbir alymlar umranyň amalyna başlanda taşlamaly diýipdir. Emma Ymammuhammet rahmetulla görä, owalky suratda diňe bir umra lazym bolar, ikilenji suratda owalky yhram baglan umrasy lazym bolar, ikilenji yhram baglan umrasyny taşlamaly we taşlamaklygy jähtli dem çalmaly (w) we taşlan umrasyny hem kaza etmeli, hatda şol ýylda-da bolsa, çünki bir ýylyň içinde umrany gaýtalamak dogrudyr.
Emma üçülenji suratda alymlaryň jemleşmekligine görä ikilenji yhram baglan umrasy lazym bolýar we şony taşlamaly däl, gaýtam şonuň amallaryny ýerine ýetirmeli we şu mugtemir iki umranyň yhramyny birikdirmekligi jähtli dem çalmaly (w). Eger ikilenji umrasynyň amallarynydan boşamazyndan öň owalky umrasy üçin halk etse, bu mugtemire alymlaryň jemleşmegine görä ýene bir dem çalmak lazym bolýar. Eger ikilenjiniň amallaryndan boşandan soňra halk etse, onuň üçin dem lazym bolmaz. Bir adam towaf we sagy niýeti bilen yhrama girse umra diýip, ýa haj diýip hiç bir at tutman towafa başlasa, ondan soňra umra yhram baglasa şol umrasyny taşlamaly, çünki owalkynyň-da umralygy belli boldy, diýmek bu adam iki umranyň arasyny birikdirýän adam boldy.
Muhrim her bir nüsükini (ybadat, buýruk, umra we haj) taşlasa şonuň üçin dem çalmaly we şol taşlanan nüsükiniň kazasyny-da almaly, eger şol nüsük umra bolsa, diňe kazasyny almaly, eger haj bolsa kazasyny almaly we umra-da etmeli. Haýsy bir muhrim özüne rafz1 lazym bolup-da rafz etmese, şoňa dem wajyp bolar. Şu rafz etmesizlik diňe haj bilen umrany birikdirmekde tapylar. Emma iki hajy ýa iki umrany bile niýet etmekde ýa yzba-yz niýet etmekde rafz etmesizlik tapylmaz. Emma arasyny açmak bilen ikisini birikdirmekde rafz lazym bolmaz, birikdirmek belli bolar. Her bir muhrime rafz lazym bolsa, şol rafzy niýet etmek gerekdir, haçanda wukufyň wagty geçmezinden öň, iki hajyň yhramyny birikdiren muhrime, ýa owalky umrasynyň sagysyndan öň iki umranyň yhramyny birikdiren mugtemire niýet etmek gerek däl. Şu iki suratda iki hajyň biri ýa iki umranyň biri Mekgä garşy ugramak bilen, ýa şu ikisiniň biriniň amallaryna başlamak bilen niýetsiz özi rafz bolýar.
Haýsy bir adam iki yhramyň arasyny birikdirse, rafzdan öň jenaýat etse, şoňa mufride wajyp bolan jerimäniň iki essesi bolar. Emma rafzdan soňra jenaýat etse diňe bir jerime wajyp bolar. Her bir dem birikdirmek sebäpli, ýa rafz etmek sebäpli wajyp bolsa dem jenaýatydyr, hatda muhrim garyp-mätäç bolsa-da oraza tutmaklyk şonuň ýerinde oturmaz, şol demden özi iýmekligi dogry bolmaz we baý adama iýdirmekligi-de dogry bolmaz. Emma dem şükür onuň tersinedir, ýagny özüniň iýmekligi-de we baý adama iýdirmekligi-de dogrudyr.
Umrany köp etmek mustahabdyr, ylaýta-da Remezan şerifde edilen umra beýleki wagt edilen umralardan afzaldyr. Emma towafy köp etmek umrany köp etmekden afzaldyr, towafyň özi aýratyn sogaply amal bolmaklygy jähtli we hemme wagtlarda dogry bolmaklygy jähtli we bir näçe alymlar bir ýylda köp umra etmekligi mekruh bilmekligi jähtli towaf etmek umra etmekden afzaldyr. Umranyň wagtlarynyň iň afzaly Remezan şerifdir, diýmek Remezan şerifde edilen bir umra haj bilen barabardyr. Şagbanda (Mered aýy) umra yhram baglap towaflarynyň köpüsini Remezanda etse, şol umra Remezanda edilen umra hasap ediler.
Dostları ilə paylaş: |