Haja we umra gidýänlere haj we umranyň düzgünlerini beýan etmeklikde zyýaratçylara sowgat تالیف: الحاج عبدالرحمن آخوند تنگلی طانا


BÄŞINJI BÖLÜM: HAJ IŞLERINDE BOLAN JENAÝATLAR



Yüklə 2,02 Mb.
səhifə21/23
tarix30.10.2017
ölçüsü2,02 Mb.
#22583
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   23

BÄŞINJI BÖLÜM: HAJ IŞLERINDE BOLAN JENAÝATLAR

1.Towaf Zyýarat jenaýaty

Towaf Zyýarathajylaryň Arafatdan gelenden soňra edýän parz towafydyr.

Towaf Zyýaratyň hemme aýlawlaryny ýa köpüsini gusulsyz bolan ýagdaýda ýa haýzly, ýa-da nifasly bolan ýagdaýda etse bedene çalmaly (w). Şu jerime aýal maşgalanyň halaly bolmagy üçin hasap edilendir. Eger şol towaf saç syrmadan soňra edilen bolsa we şol üç ýagdaýlaryň her biri bilen towaf etmek günädir. Eger Mekgede bolan ýagdaýda, gusulsyzlykdan we täretsizlikden päklenip ol towafy gaýtalamak hökman gerekdir (w). Eger towafy gaýtalasa bedene çalmak gerek däl, emma günäkär bolmagy sebäpli, bedene çalyp keffarat berse-de toba etmelidir. Gusulsyzlykda eden towafyny gaýtalaman öýüne gitse, şol Towaf Zyýaraty gaýtalamak üçin öwrülip gelmegi hökman gereklidir (w). Emma täretsiz ýagdaýda eden towafyny gaýtalamak üçin gelmekligi hökman däldir.

Towaf Zyýaraty gaýtalaman öýüne gaýdan adam öwrülmekligi niýet etse, eger mikatdan geçen bolsa, täzeden yhram baglanyp öwrülmeli, eger mikatdan geçmedik bolsa yhramsyz öwrülmeli. Eger täzeden yhram baglanmaly bolsa umra yhram baglanmaly, Mekgä baryp öňi bilen umranyň towafyny etmeli ondan soňra towafy Zyýaraty etmeli, eger öwrülmän keffaraty üçin bedene iberse-de dogry bolar. Emma iň gowusy öwrülip towafy Zyýaraty gaýtalamakdyr. Emma “Muhytˮ atly kitapda: “garyplaryň bähbidi bolmagy üçin bedene ibermekligi gowyˮ diýip aýdypdyr.

Eger Towaf Zyýaraty gurbanlyk çalynýan günlerde gaýtalasa, hiç bir jerime ýokdur, eger gurbanlyk çalynýan günlerden soňra gaýtalasa, alymlaryň jemleşmegine görä bedene boýnundan aýrylar, emma goýun çalmalydyr (w). Şu mesele hezreti Ymam Agzam r.a-he görädir. Eger Towaf Zyýaratyň az aýlawlaryny jünüp (gusulsyz) ýagdaýda etse, şonuň her bir aýlawy üçin ýarym çanak bugdaý sadaka bermeli (w), eger aýlawlaryny päk bolan ýagdaýda gaýtalasa sadaka bermek aýrylar. Emma käbir kitaplarda gelipdir: “Eger Towaf Zyýaratyň az aýlawlaryny jünüp (gusulsyz) ýagdaýda etse, soňra şol aýlawlary päk ýagdaýda gaýtalamasa bir goýun çalmaly (w), eger gaýtalasa, Towaf Zyýaratyň az awlawynyň gijä galmaklygy sebäpli her bir aýlaw üçin ýarym çanak bugdaý sadaka bermeliˮ.

Eger Towaf Zyýaratyň hemme aýlawlaryny terk etse, ýa az aýlawlaryny edip köp aýlawlaryny terk etse, alymlaryň jemleşmegi bilen bu adam şol yhramy bilen hökman öwrülip gelmeli (w), Towaf Zyýarat etmeli (f). Towaf Zyýarat terk bolsa onuň ýerine hiç bir zat oturmaz, ýagny bedene çalmak bilen ol parz bitmez, onuň üçin Towaf Zyýaratyny terk eden adam hökman şol parzyny bitirmek üçin öwrülmeli, öýüne baran bolsun ýa barmadyk bolsun tapawudy ýok (f). Jünüp (gusulsyz) ýagdaýda edilen towafy gaýtalasa owalky eden towafy towaf hasabynda bolar, soňky edilen towaf owalkynyň kemçiligini doldurmakdyr, hatda owalky edeni hasap edilen towaf bolansoň, aýaly hem halal bolýandyr (alymlaryň jemleşmegine görä).

Eger Towaf Zyýaratyň hemme aýlawlaryny ýa köpüsini täretsiz towaf etse, şonuň üçin goýun çalmaly (w). Şol towafy-da gaýtalamaly (m). Eger şol towafy gaýtalasa şondan dem aýrylar, isle gurbanlyk çalynýan günde gaýtalasyn ýa gurbanlyk çalynýan günden soňra gaýtalasyn, gijä galanlygy sebäpli hiç jerime ýokdur. Käbir fykh alymlary şonuň gijä galandygy üçin dem çalmaly diýidiler, käbir fykh alymlary bolsa şonuň gijä galanlygy sebäpli her bir aýlawy üçin sadaka bermeli diýdiler. Eger Towaf Zyýaratyň az aýlawlaryny täretsiz etse, her bir aýlawy üçin ýarym çanak bugdaý sadaka bermeli we alymlaryň jemleşmegine görä, gaýtalamak-da boýnundan aýrylýar.

Eger Towaf Zyýaratyň aýlawlaryndan üç aýlawy ýa üç aýlawyndan azyny terk etse, ýa Towaf Zyýaratyň hemme aýlawlaryny ýa köpüsini araba matora münüp aýlansa, ýa bir adamyň arkasyna münüp aýlansa, emedekläp ýa guýrugy bilen süýşüp aýlansa, ýa lybassyz ýalaňaç aýlansa, ýagny şu işleriň barysyny uzursyz ýagdaýlarda etse, ýa tersine aýlansa, ýa Hatymyň içinden geçse, şu ýagdaýlaryň barysynda dem çalmaly (w). Eger towafy dogry ýagdaýda gaýtalasa, şondan dem aýrylýar, eger şol kemçilikli Towaf Zyýaratyny gaýtalaman öýüne gelse, Haramda çalmak üçin bir goýun ibermeli ýa bir goýnuň bahasyny ibermeli. Şoňa bir goýun alyp şony Haramda öldüriler ýaly (w). Şu işi etse öwrülmek lazym däldir. Eger öwrülmegi ygtyýar etse, mikatyndan geçen bolsa täzeden yhram baglanyp öwrülmeli.

Eger merizligi, bihuşlygy, däliligi, ýaşynyň has ululygy sebäpli şol işleri etse, ýagny araba mator bilen aýlansa ýa biriniň arkasyna münüp aýlansa ýa emedekläp, ýa-da guýrugy bilen süýşüp aýlansa şu uzurlaryň hiç birinde jerime ýokdur. Towaf Zyýaratyň hemme aýlawlaryny ýa köp aýlawlaryny gurbanlyk çalynýan günlerinden gijä goýsa, hezreti Ymam Agzama görä dem çalmaly (w). Eger Towaf Zyýaratynyň az aýlawlaryny gurbanlyk çalynýan günlerinden gijä goýsa şonuň her bir aýlawy üçin sadaka bermeli (w).

Eger haýzly aýal gurbanlyk çalynýan günleriniň ahyrynda päklense we şonuň üçin Towaf Zyýaratyň hemmesini ýa köpüsini etmek mümkin bolsa, ýagny Gün batmazyndan öň dört aýlawyny edip biljek bolsa şu ýagdaýy bilen-de etmän Güni batyrsa, gijä goýanlygy sebäpli dem çalmaly. Eger Towaf Zyýaratyň azyny ýagny üç aýlawyny etmek mümkin bolsa, şu ýagdaý bilen etmän Güni batyrsa, onuň üçin hiç bir jerime ýokdur. Emma iň gowusy başardygyna görä towaf etmekdir. Eger aýal haýz görmezinden öň Towaf Zyýaratynyň dört aýlawyny eder ýaly wagt tapyp-da etmese, gijä goýanlygy sebäpli dem çalmaly (w). Eger dört aýlawdan az aýlawlary eder ýaly wagt tapyp-da etmese hiç bir jerime lazym bolmaz.

Eger aýalyň gany derman bilen ýa dermansyz kesilse, ýa hiç hili kesilmese gusul edip ýa etmän Towaf Zyýarat etse, ondan soňra adat günlerinde gany gaýtalap gelse, Towaf Zyýaraty dogry bolar we şoňa bedene çalmaly bolar (w). Iki sebäpli hem günäkärlik bardyr, biri: haýzly ýagdaýda metjide girenligi üçin, ol biri: haýzly ýagdaýda Towaf Zyýarat edenligi üçin. Şol aýal päk bolan ýagdaýda şol Towaf Zyýaratyny gaýtalamaly, eger gaýtalasa bedene boýnundan aýrylar we eden günäkärligi üçin toba etmeli, hatda bedene çalan-da bolsa.




2. Towaf sadar jenaýaty

Towaf sadarafakylaryň1 öýlerine gaýtjak bolanda edýän towafy, şu towaf sadara towaf widag diýip hem aýdylýandyr.

Eger towaf sadary jünüp (gusulsyz) ýagdaýda etse şonuň üçin bir goýun çalmaly (w). Eger täretsiz ýagdaýda etse, şonuň her bir aýlawy üçin sadaka bermeli (w). Emma jünüp (gusulsyz) ýagdaýda edilen towafy gaýtalamak wajypdyr we täretsiz ýagdaýda edilen towafy gaýtalamak mustahabdyr. Eger towaf sadaryň hemme aýlawlaryny ýa köpüsini taşlasa şonuň üçin dem çalmaly (w). Taşlamak Mekge mukerremeden çykmak bilen bolar. Mekgede bolan ýagdaýlarynda Towaf sadar lazym däldir, tä sapar etmek niýetine münmese, eger Towaf sadary etmän Mekgeden çykyp gitse, eger mikatdan geçmedik bolsa hökman şol towafy etmek üçin öwrülmelidir (w), eger mikatdan geçen bolsa, dem çalmak bilen öwrülmekligiň arasynda öz ygtyýaryna goýuldy, ýagny halasa dem çalar öwrülmez ýa halasa täzeden umra yhram baglap Towaf sadary umranyň towafyndan soňra towaf eder dem-de çalmaz we gijä goýmaklygy üçin hiç bir jerime ýokdur.

Eger Towaf sadaryň az aýlawlaryny taşlasa her bir aýlawy üçin sadaka bermeli (w), eger Towaf Zyýaraty jünüp (gusulsyz) ýagdaýda edip Towaf sadary päk ýagdaýda etse, şol towaf sadar gurbanlyk çalynýan günlerde edilen bolsa, Towaf sadar terk bolmagy sebäpli dem çalmaly (w) we ol Towaf sadar Towaf Zyýarata öwrülýändir, eger Towafy Zyýaraty gurbanlyk çalynýan günlerde ikinji gezek etse, Towaf Zyýarat towaf sadara öwrülýänligi sebäpli hiç bir jerime ýokdur. Eger şol Towaf sadar gurbanlyk çalynýan günlerden soňra edilen bolsa, şonuň üçin hezreti Ymam Agzam rahmätullahi aleýhe görä, iki dem çalmaly. Biri: Towaf sadary terk etmekligi sebäpli, çünki ol Towaf sadar Towaf Zyýarata öwrülip edilmedik hasabynda boldy. Ol biri-de: Towaf Zyýaraty gijä goýmaklygy Towaf sadary taşlanlygy sebäpli.

Eger Towaf sadar sebäpli ikinji gezek towaf etse şondan dem aýrylar we şonuň ýaly nefil üçin towaf etmekde hem dem aýrylar, çünki nefil-de Towaf sadara öwrülýändir. Eger Towaf Zyýaraty täretsiz towaf etse we Towaf sadary päk ýagdaýda towaf etse, eger Towaf sadar gurbanlyk çalynýan günlerde edilen bolsa, şol Towaf sadar Towaf Zyýarata öwrüler. Ondan soňra Towaf sadar sebäpli towaf etse hiç bir jerime ýokdur we towaf nefil etmekligi-de şonuň ýalydyr. Eger ikilenji gezekde towaf etmese, Towaf sadary terk edenligi sebäpli dem çalmaly. Eger şol edilen Towaf sadar gurbanlyk çalynýan günlerden soňra bolsa, ol Towaf sadar Towaf Zyýarata öwrülmez we şol adam Towaf Zyýaraty täretsiz etmekligi sebäpli dem çalmaly.

Eger Towaf Zyýaraty täretsiz towaf etse we Towaf sadary jünüp (gusulsyz) ýagdaýda towaf etse şonuň üçin iki dem çalmaly. Biri: Towaf Zyýaraty täretsiz etmekligi sebäpli, ol biri-de: Towaf sadary jünüp (gusulsyz) ýagdaýda etmegi sebäpli. Eger Towaf Zyýaratyň köp aýlawlaryny terk etse, ondan soňra Towaf sadar etse, şonda Towaf Zyýarat kämilleşer we Towaf sadar kemçilikde bolar, şonuň üçin alymlaryň jemleşmegine görä iki dem çalmaly. Biri: Towaf Zyýaraty gijä goýmaklygy sebäpli, ol biri-de: Towaf sadaryň köpüsini terk etmekligi sebäpli.

Eger Towaf Zyýaratdan we Towaf sadardan ikisinden-de az aýlawlaryny eden bolsa Towaf Zyýaratynyň kemçiligini Towaf sadardan kämilleşdirmeli, ýagny seredip görmeli eger Towaf Zyýaratdan köp aýlawlar galan bolsa, şol aýlawlary towaf etmek parzdyr, hökman şony berjaý etmeli. Dem çalmak onuň ýerinde oturmaz we Towaf Zyýaratyny gurbanlyk çalynýan günlerden gijä goýmaklygy sebäpli dem çalmaly. Eger Towaf Zyýaratdan azajyk aýlawlary galan bolsa, şoňa dem çalmaly we sadaka bermeli (w). Meselem: Towaf Zyýaratdan üç aýlawyny aýlanan bolsa we Towaf sadardan iki aýlaw eden bolsa şu bäş aýlaw Towaf Zyýaratdan hasap bolýar, galan iki aýlawy üçin dem çalmaly ol berjaý edilen bäş aýlawyň ahyrky ikisi gurbanlyk çalynýan günlerden gijä goýmaklygy sebäpli, şonuň üçin sadaka bermeli we Towaf sadary terk etmekligi sebäpli dem çalmaly (w).




3.Towaf kudum jenaýaty.

Towaf kudum ‒ afaky mufridiň baran badyna ilkinji, karynyň-da umra edenden soňra edýän towafy.

Eger towaf kudumy jünüp (gusulsyz) ýagdaýda etse dem çalmaly (w). Käbir alymlar sadaka bermeli diýdiler (w). Eger täretsiz towaf etse her aýlaw üçin ýarym çanak bugdaý sadaka bermeli (w), haçanda şol bugdaýlaryň bahasy demiň bahasyna barabar bolsa, bir az mukdar kem etmek dogry bolar. Eger Towaf kudumy terk etse, onuň üçin hiç bir jerime ýokdur. Çünki Towaf kudum wajyp däldir, ýöne terk etmeklikde sünneti terk etmegi sebäpli, mekruh we günäkärlik bardyr (mk). Jünüp (gusulsyz) ýagdaýda ýa täretsiz ýagdaýda eden Towaf kudumyny päk bolan ýagdaýda gaýtalasa, şonuň üçin belli edilen jerime boýnundan aýrylýar. Her bir nefil towafyň hökümi edil Towaf kudumyň hökümi ýalydyr.


4. Umra towafynyň jenaýaty.

Eger umranyň towaflarynyň hemme aýlawlaryny, ýa köpüsini, ýa azyny, hatda bir aýlaw-da bolsa jünüp (gusulsyz) ýagdaýda ýa haýzly ýagdaýda, ýa nifasly ýagdaýda ýa täretsiz ýagdaýda towaf etse, bir goýun çalmaly (w). Umranyň towafynda köp bilen azyň ýa gusulsyz bilen täretsiziň hiç tapawudy ýokdur, çünki umranyň jenaýatynda bedene bermek we sadaka bermek ýokdur. Eger umranyň towafyndan birje aýlawy taşlasa dem çalmaly (w), eger gaýtalasa şol dem boýnundan aýrylýar. Eger umranyň towaflarynyň hemme aýlawlaryny ýa köpüsini taşlasa hökman şol towafy etmeli (f). Onuň öwezine oturýan zat ýokdur, çünki towaf umranyň parzydyr.

Eger karyn täretsiz bolup iki towaf etse, birini umrasy üçin, ol birini-de kudumy üçin we iki sagy etse, bogaz çalynýan günden öň towaf umrany gaýtalamaly, şonuň üçin hiç bir jerime ýokdur, eger gaýtalaman bogaz çalynýan günüň daňyny atyrsa, täretsiz ýagdaýda towaf umra etmekligi sebäpli we gaýtalamaklygynyň-da wagty geçmekligi sebäpli dem çalmaly (w), Towaf Zyýaraty-da, ramly-da gaýtalamaly. Towaf kudum täretsizlik ýagdaýda bolmaklygy sebäpli we Towaf Zyýaratdan soňra sagy-da etmeli (m). Eger raml bilen sagyny gaýtalamasa-da hiç jerime ýokdur. Eger gusulsyz ýagdaýda towaf edip sagyny gaýtalamasa şoňa dem çalmaly (w).

Eger täretsiz ýagdaýda umrasy üçin towaf etse, ondan soňra sagy etse we şol towafy gaýtalaman öýüne gelse, şol umra ediji towafda täreti terk edenligi sebäpli dem çalmaly (w). Emma sagyny gaýtalamanlygy üçin hiç bir jerime ýokdur. Eger towafy gaýtalap sagyny gaýtalamasa munda hem hiç bir jerime ýokdur. Käbir fykh alymlary towafy gaýtalap, sagyny gaýtalamaklygy terk etse dem çalmaly diýip aýtdylar. Eger endamynda ýa lybasynda dirhem mukdardan köpüräk nejasat bolan ýagdaýda farz ýa wajyp ýa nefil towafy etse mekruhdyr, başga bir jerime ýokdur. Käbir fykh alymlary: “Hemme ýagdaýlarda dem çalmaly, haçanda owratyny örter ýaly mukdar päk bolup, beýleki ýerleri nejis (hapa) bolsa, şonda hiç bir jerime ýokdurˮ diýip aýtdylar.

Eger parz towafy ýa wajyp towafy, ýa sünnet towafy ýa-da nefil towafy kemçilik bilen towaf etse, şonuň üçin dem çalmak ýa sadaka bermek gerekdir (w). Eger şol kemçilikli towafy gaýtalasa, alymlaryň jemleşmegine görä hemme ýagdaýlarda jerimesi aýrylar. Mekge mukerremede bolan ýagdaýlarynda jerime bermekden gaýtalamak afzaldyr (has gowudyr, artykmaçdyr), emma öýlerine dolanan adamlar üçin, käbir suratda hökman gelmelidir we käbirinde gelmek afzaldyr ýa gelmän jerimesini Harama ibermek afzaldyr.

Towafyň hemmesinde dem wajyp bolýan bolsa, şonuň köpüsinde-de dem wajyp bolar, emma azynda sadaka wajyp bolar, diňe umra beýle däldir. Umranyň towaflarynyň azy bilen köpüsi dem wajyp bolmakda deňdir. Towafyň yzynda okalýan iki rekagat namazy terk etmekde hiç bir jerime ýokdur. Şol iki rekagat haj edýäniň gerdeninden aýrylmaz tä okaýança, hatda ýyllar geçse-de we şol iki rekagatyny halan ýerinde we halan wagtynda okamaklygy dogry bolar, emma uzursyz gijä goýmak mekruhdyr.




5. Sagynyň jenaýaty

Sagy – Safa we Merwäniň arasynda gezmek.

Eger sagynyň hemme aýlawlaryny ýa köpüsini terk etse dem çalmaly (w), şonuň bilen hajy dogry bolýandyr. Eger uzur sebäpli terk etse, onuň üçin hiç jerime ýokdur. Eger sagydan üç aýlawyny ýa ondan azyny terk etse, her bir aýlaw üçin sadaka bermelidir, haçanda şol sadaka demiň mukdaryna ýetse, onda dem çalmak bilen, bir az kemeldip sadaka bermekligiň arasynda özygtgýaryna goýuldy. Eger sagynyň hemme aýlawlaryny ýa köpüsini uzursyz araba matory münüp ýa göterdip aýlansa şonuň üçin dem çalmaly, eger uzur sebäpli bu işleri etse, onda onuň üçin hiç bir jerime ýokdur. Eger sagynyň az aýlawlaryny uzursyz araba matory münüp ýa göterdip aýlansa her bir aýlaw üçin sadaka bermeli (w).

Eger towafdan öň sagy eden bolsa, ol sagy ygtybarsyzdyr, edil etmedik ýalydyr. Eger gaýtalamasa alymlaryň jemleşmegine görä dem çalmalydyr (w). Eger sagyny terk edip öýüne gelse, gaýtadan gidip şol sagyny etmekligini islese täzeden yhram baglap gitmeli, eger mugtemir bolsa (umra ediji bolsa) öňi bile umranyň işlerini berjaý edip, ondan soňra sagy etmeli. Eger haj edýän bolsa öňi bile Towaf kudum edip, ondan soňra sagy etmeli her wagt sagyny gaýtalasa şonuň üçin wajyp bolan dem aýrylýar, ýöne aslynda gaýtalanyňdan dem çalanyň gowudyr, çünki dem çalmakda garyplara peýda bardyr we baýlar üçin-de pul çykarmaklygyň kynçylygy bardyr diýip aýdypdyr.

Eger sagyny uzur sebäpli terk etse, müner ýaly araba mator ýa göterer ýaly adam tapmasa, onuň üçin hiç bir jerime ýokdur. Eger Safa we Merwäniň iň depesine çykmaklygy terk etse, ýa sagyny gurbanlyk çalynýan günlerden gijä goýsa, hatda aýlar we ýyllar geçse-de, şonuň ýaly umra sagysyny-da gijä goýsa, şu işleriň hiç birinde jerime ýok, emma mekruhlygy bardyr. Eger Safadan Merwä ugrap, aralykdaky ýoluň üç böleginden iki bölegini ýöräp, bir bölegi galanda yzyna öwrülse, ýagny Safa gitse şonuň ýaly ýedi gezek Merwä barman sagyny tamam etse şonuň üçin dem çalmaly (w).

Emma Allama Molla Alyýýul Kary aýdypdyr: “ Şonuň terk eden her aýlaw mukdary üçin sadaka bermekligi anykdyrˮ. Eger haj üçin Towaf Zyýarat etse, ondan soňra aýallar bilen jymag (jynsy aragatnaşyk) etse, ondan soňra sagy etse şonuň eden sagysy dogry bolar, çünki ol adam kelle syrdyrmak bilen we Towaf zyýarat etmek bilen yhramdan düýpli çykýandyr. Onuň üçin hiç bir kemçilik ýokdur.
6.Muzdelifäniň jenaýaty.

Eger uzursyz Muzdelifede durmaklygy terk etse dem çalmaly. Eger meriz bolup ýa has ejiz bolup Muzdelifede durmaklyga ýagdaýy çatmasa, aýal bolup erkek adamlaryň dykylşyklaryndan gorksa, şular üçin hiç bir jerime ýokdur. Eger Muzdelifede gije ýatmaklygy terk etse hiç jerime lazym bolmaz, emma uzursyz terk etmek mekruhdyr. Eger Muzdelifede durmaklygy goýberilmän saklanmaklygy bilen geçse şonuň üçin dem çalmaly (w).


7.Zebh1 we halkyň2 jenaýaty.

Hajda we umrada wajyp bolan demleri Haramyň daşynda çalsa şonuň boýnundan aýrylmaz, gaýtam onuň ýerine başga bir dem Haramda çalmaly (w). Karyn ýa temettug haj edýän zebhy gurbanlyk çalynýan günlerden soňra etse, hezreti Ymam Agzam rehmetullaha görä dem çalmaly (w). Eger mufrid bolsun ýa mutemettig bolsun ýa karyn bolsun halky Hylda1 etse, ýa gurbanlyk çalynýan günlerden gijä goýsa, Ymam Agzam r.a-ha görä şonuň üçin dem çalmaly. Eger mufrid ýa karyn ýa-da mutemettig ramydan öň halk etse, karyn ýa mutemettig zebhden öň halk etse, ýa-da şu ikisi daş atmazdan öň zebh etse, şular dem çalmaly (w). Eger şolar daş atmakdan we halkdan öň Towaf Zyýarat etseler şular üçin hiç bir jerime ýokdur. Emma terki sünnet bolmaklary sebäpli mekruhlygy bardyr.




8. Ramynyň (Daş atmagyň) jenaýaty.

Ony (10-y) gününde Jemre Akaba atylýan ýedi daşlaryň hemmesini ýa köpüsini terk etse, ýa gurbanlyk çalynýan günleriň beýleki günlerinde üç jemerata atylýan ýigrimi bir daşlaryň hemmesini ýa köpüsini terk etse, ýa-da başga günlere gijikdirse, şoňa dem çalmaly (w). Eger gündizdäki daşyny gijikdirip geljek gijesi atsa, onda hezreti Ymam Agzam r.a-ha görä onuň üçin hiç bir jerime ýokdur. Her günüň atmaly daşyny şol günde atmaly, eger şol günde atman onuň yzyndaky güne gijikdirse, geçenkisiniň kazasyny almaly we şony wagtyndan gijikdirenligi sebäpli dem çalmaly (w). Emma Ymameýne görä 10-y, 11-i, 12-si, 13-i şu dört günüň barysy ramynyň günleridir. Bir günüň ramysyny ol bir güne gijikdirmeklikde diňe kazasyny almaly dem çalmak lazym däldir. Eger şol günlerde daşlaryny atman dördülenji güni Güni batyrsa, alymlaryň jemleşmegine görä şoňa dem çalmak wajypdyr. Eger owalky günde 3 daş ýa ondan azyny gijikdirse we beýleki günlerde 10 daş ýa ondan azyny gijikdirse her bir daş üçin sadaka bermeli.

Eger ähli günleriniň daşlaryny terk etse şolaryň hemmesi üçin bir dem çalmaly (w). Wajyp bolan buýruklary uzur sebäpli terk etmekde bir jerime bardyr. Käbir fykh alymlar dem wajyp diýip aýtdylar, haçanda özi hakda aýat ýa hadys gelen ýerler bolmasa. Meselem: Muzdelefede durmaklygy terk etmek, Towaf Zyýaraty wagtyndan gijä goýmak, Towaf sadyry terk etmek, haýzly we nifasly hatyn üçin towafda we sagyda ýöremekligi terk etmek, kellede bolan keseli sebäpli halky (kelle syrmagy) terk etseň käbir alymlar: uzur bolsun ýa bolmasyn wajyp terk bolsa dem çalmaly diýdiler.

ALTYNJY BÖLÜM: AW AWLAMAKLYGYŇ HÖKÜMLERI.

Aw diýýänleri ‒ aslyýetinde adamlardan gaçýan dört aýakly ýa iki ganatly haýwandyr. Meselem: keýik, pil, kepderi ýa şulara meňzeşler ynsan bilen öwrenişseler-de awdyr. Düýe, sygyr, goýun, ýa bulara meňzeşler adamlardan gaçsalar-da aw däldir. Aw iki bölümdir. Biri: Düzüň awy, ol enesinden doganda diňe düzde dogýar, ýaşanda düzde ýaşaýar, ýa düzde we derýada ikisin-de hem ýaşap bilýär. Ol biri: Derýanyň awy, ol enesinden doganda diňe derýada dogýar. Ýaşanda isle derýada ýaşasyn ýa düzde ýaşasyn tapawudy ýok, awyň dogulýan ýeri hasaba alynýar, emma ýaşaýan ýeri hasaba alynýan däldir.

Suwuň içinde ýaşaýan awlaryň her görnüşi, meselem: balyk ýaly iýmekligi dogry bolan ýa gurbaga, pyşbaga, eşek aňyrdy, suw iti ýaly iýmekligi dogry bolmaýan derýanyň awyny halaly bolan adama we muhrim bolan adama hem awlamak halaldyr. Emma derýanyň guşlaryny awlamak halal bolmaz, sebäbi olar düzde dogýarlar we derýa iýmit gözläp girýärler.

Hylda we Haramda düzüň awyny awlamak muhrim üçin haramdyr. Halaly adam üçin hem Haram şerifde düz awyny awlamak haramdyr. Alagarga, syçan iýýän gara serçe, içýan, ýylan, syçan, ýarak it, çybyn, büre, sakyrtga, pyşbaga, topulýan haýwanlar, şulary öldürmeklikde hiç bir jerime ýokdur. Düzüň awlaryndan meselem: keýik, gulan, suwgun, towşan, kepderi, ördek, gaz, çekirtge, düýeguş we bulardan başga eti iýilýän haýwanlaryň barysyny awlamak alymlaryň birleşip aýtmagyna görä dogry däldir, haramdyr. Emma eti iýilmeýän, köp halatlarda özi ezýet berip başlaýan: arslan, gaplaň, ýolbars, möjek ýaly howply haýwanlary muhrimiň öldürmekliginde hiç bir jerime ýokdur.

Emma köp halatlarda aslynda özi ezýet berip başlamaýan haýwanlardan bolup, yza berip başlasa muhrimiň ony öldürmekligi bilen-de hiç bir jerime ýokdur. Emma yza bermän ýagdaýda muhrim ony öldürse, onda onuň üçin jerime bermek lazymdyr. Emma çöl syçany, gunduz1, ýabany pişik, awusiýdik (ýumşak tüýli haýwan, rus dilinde belka diýilýär), tilki, doňuz, maýmyn, algyr (el guşy), çakyr (guşuň ady), baýguş, garaguş (maslykçy guş), gara garga, bürgüt, alajagözen, pişik şularyň her birini öldürmeklikde jerime lazym bolar.

Eger muhrim Hylda ýa Haramda eýeli awy öldürse şonuň jerimesi üçin iki esse bahasyny tölemeli, birini keffarat jähtli garyplara bermeli, ol birini töleg sebäpli eýesine bermeli. Eger bir awy ürküzip gaçyrsa ol aw-da aýagy taýyp ýykylyp ölse, ýa şony ýolbars tutup heläk etse, ýa şol wagtda agaja ýa daşa uryp heläk bolsa, şony-da tölär. Eger muhrim gaçyrman awyň özi ürküp gaçanda büdüräp ýykylyp aýagy döwülse muhrime hiç bir jerime lazym bolmaz. Hylda ýa Haramda bir awy iki muhrim ýa ikiden köp muhrim bolup öldürseler, şolaryň her biri doly jerime bermeli (w).

Eger köp adamlar bolup Haramyň bir awyny öldürseler, şolardan diňe biri muhrim bolsa, ol muhrim doly jerimesini tölär, galanlary bolsa doly bir jerimäni deň paýlaşyp tölärler. Eger iki adam bolup öldürseler şolaryň biri muhrim bolsa, ol doly jerime bermeli we halaly ýarpy jerime bermeli (w). Düýeguşyň ýa ondan başga guşuň abat ýumurtgasyny döwse, şol ýumurtganyň bahasyny bermeli (w), eger guşuň ýumurtgasyny alyp towugyň aşagyna salsa, ýumurtga döwülse jerimesini bermeli (w), eger ýumurtgadan guş çykyp uçsa hiç bir jerime ýokdur.

AWY TUTMAK WE GOÝBERMEK

Muhrim Hylda awy tutsa ýa halaly Haram şerifde awy tutsa, şol awa eýe bolup bilmez. Şol awy goýbermelidir (w). Ol tutýanyň elinde bolsun ýa özüniň ýanyndaky kapasasynda bolsun, ýa-da öýünde bolsun tapawudy ýok, eger şol awy goýbermese, muhrim bolan ýagdaýda ýa halaly bolan ýagdaýda şol aw heläk bolsa, şonuň jerimesini bermeli (w). Eger şol awy başga bir muhrim onuň elinden alyp goýberse, şol goýberýäne we tutýana hiç bir jerime ýokdur. Eger şol awy başga bir muhrim öldüräýse, onda her biri doly jerimesini bermeli. Emma şol awy öldüren muhrim pul ýa zat bilen keffarat beren bolsa, şol tölän mukdaryny awy tutan muhrimden almaklygy dogry bolar. Eger oraza tutmak bilen keffarat çeken bolsa, onda tölegini almak ýokdur.

Eger öldüren çaga ýa däli ýa kapyr bolsa, ol awy tutan adam jerime bermeli we şonuň bahasyny öldürenden alyp biler, emma öldürene mukellef1 bolmaýanlygy sebäpli, jerime ýokdur. Eger şol awy haýwan öldürse, şonuň jerimesini bermeli we hiç kimden tölegini alyp bilmez, ýagny şol haýwanyň eýesindenem alyp bilmeýär, haýwany münýändenem alyp bilmeýär, şol haýwany sürýändenem we ony idýändenem alyp bilmeýär. Eger muhrim tutan awyny özi goýberse ýa muhrimiň elinden başga biri alyp goýberse muhrim halaly bolandan soňra, şol awy başga bir ynsanyň elinde görse, şol awy onuň elinden alyp bilmez. Halaly adam Hylda bir awy tutsa, ondan soňra şol awa eýe bolan ýagdaýynda yhram baglasa, eger şol aw öz elinde bolsa, şony goýbermeli. Öz awyna şikes ýetmez ýaly ýagdaýda, meselem: gapyny gulplap öýüne goýberer, eger goýbermese öz elinde heläk bolsa jerimesini bermeli.

Eger yhram baglan wagtynda aw öýünde ýa kapasada bolsa goýbermek lazym däldir, hatda goýbermän ýagdaýda öläýse sahyh kowla görä, şonuň tölegini tölemez. Eger şol awy başga bir ynsan şonuň elinden alyp goýberse, şol goýberen onyň bahasyny tölär. Eger şol awy halaly bolandan soňra başga bir kişiniň elinde görse, şol awy şonuň elinden almaklygy başarar. Halaly adam Haram şerifiň awyny awlasa, şol awy başga bir halaly şonuň elindekä öldüräýse her biri doly jerimesini bermeli we şol awy tutan öldürenden tölän jerimesini alyp biler. Eger muhrim awy satyn alsa, şony sährada ýa gaçmaklygy mümkin bolan ýerde goýbermeli (w), eger obanyň içinde goýberse tölegini tölemekden gutulmaz. Eger şol awy bir adam tutsa, şol muhrimiň we gaýrynyň iýmekligi mekruhdyr. Eger Haram şerifiň awyny tutyp Hylda goýberse, şol awy bir adam öldüräýse, şol tutýan şonuň jerimesini bermeli, eger öldürmese-de tölegden gutulmaz tä şol awyň sag aman Haram şerife barandygyny bilýänçä. Eger muhrim bir awy tutup saklasa, ol awyň özi ölse-de şonuň jerimesini bermeli (w).


Yüklə 2,02 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   23




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin