Haja we umra gidýänlere haj we umranyň düzgünlerini beýan etmeklikde zyýaratçylara sowgat تالیف: الحاج عبدالرحمن آخوند تنگلی طانا



Yüklə 2,02 Mb.
səhifə22/23
tarix30.10.2017
ölçüsü2,02 Mb.
#22583
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   23

AWLARY SALGY BERMEK

Haram şerifde-de we Hylda-da muhrimiň muhrime awlary salgy bermekligi haramdyr. Haram şerifde bolsa muhrimiň halala-da salgy bermekligi haramdyr. Emma salgy bermekligi bilen jerime wajyp bolmaklygy üçin 6 şerti bardyr:

1.Şol salgy bilen aw öldürilmeli, eger salgy alan adam awy öldürmese, salgy berýäne hiç bir jerime ýokdur. Eger öldüräýse, salgy beren we öldüren her biri doly jerimesini bermelidir (w).

2.Salgy berýän muhrim yhramly bolmaly, tä salgy alan adam şol awy öldürýänçe, eger salgy berýän yhramdan çykandan soňra, salgy alan adam şol awy öldürse salgy berýäne jerime ýokdur, günäkärlik bardyr.

3.Aw salgy berlenden soňra gaçmaly däl, eger aw owalky salgyda eýgertmän gaçyp gutulan bolsa, ondan soňra ikilenji nobatda awçy ol awy tutsa başdaky salgy berýäne hiç bir jerime ýokdur, diňe günäkärlik bardyr.

4.Salgy berlen adam awy bilmeýän we görmeýän bolmaly, eger salgy berlen adamyň özi şol awy görüp we bilip duran ýagdaýynda salgy berilse, şol salgy berýäne hiç bir jerime ýokdur, emma şol işi etmek mekruhdyr.

5.Şol salgy berýäne salgy berlen adam ynanmaly, eger ynanman şol awyň yzyndan gitmese, hatda başga bir adam salgy berse şoňa ynanyp, şonuň salgy bermegi bilen öldürse, soňky salgy beren jerime bermeli. Eger birinji salgy beren adama ynanmasa we şonuň gepi ýalandyr hem öýtmese, onuň salgy beren gepi bilen awy görmän, başga bir adamyň salgy bermekligi bilen şol awy agtaryp öldürse, iki salgy berýäniň her biri, edil awy öldürýäniň jerime berşi ýaly jerime bermeli.

6.Salgy berýän muhrim bolmaly, eger halaly bolsa Haram şerifiň awy bolsun ýa Hylyň awy bolsun salgy berýäne hiç bir jerime ýokdur. Emma şu işi etmeklik haramdyr. Salgy berilýän adam muhrim bolmagy şert däldir, eger muhrim Hylda halaly adama awy salgy berse, ol hem şol awy öldürse salgy berýän jerime bermeli. Öldürene hiç jerime ýokdur.

Eger muhrim başga bir muhrime awy öldür diýip buýursa, ol buýrulan muhrim hem başga bir muhrime buýursa, üçülenji şony öldüräýse jerimäni ikilenji buýran we şol awy öldüren bermeli, owalky buýran jerime bermeli däl. Eger owalky ikilenjä awy salgy berse we öldür diýip buýursa we ikilenji-de üçlenjä buýursa, üçülenji şony öldüräýse jerimesini üçüsi-de bermeli. Eger muhrim bir muhrimi başga bir muhrime iberip, pylan ýerde pylan hili aw bar diýip aýtsa, o-da gidip şonuň gepi bilen şol awy öldürse şonuň üçüsi-de jerimesini bermeli bolar. Eger muhrim şol diwaryň aňyrsynda bir aw bar diýip salgy berse we onuň aňyrsynda hem köp awlar bar bolsa, salgy berlen adam gidip şol awlaryň barysyny öldüräýse, şol salgy berýän öldürilen awlaryň her biri üçin jerime bermeli (w). Eger halaly Hylda muhrime awy salgy berse ýa öldür diýip buýursa eden işinden toba etmeli, estagfirulla aýtmaly we şondan başga hiç bir jerime ýokdur.
AWLARY SATMAK, SATYN ALMAK SOWGAT ETMEK WE ZOR EDIP, BASYP ALMAK

Muhrimiň awy satmaklygy Hylda we Haramda dogry bolmaz. Halalynyň-da Haram şerifde satmagy dogry bolmaz, emma satyn almak ikisinde-de dogry bolmaz, ýagny muhrimiň we halalynyň muhrimden hem halalydan satyn almaklygy dogry bolmaz. Eger yhramda ýa Haram şerifde muhrim awy satsa ýa satyn alsa, awy diri bolsun ýa bogazy çalnan bolsun şol söwda nädogrudyr. Eger aw satylandan soňra, müşderiniň elinde heläk bolaýsa, eger iki söwdä edýänleriň ikisi-de muhrim bolsalar, ýa ikisi-de Haram şerifde halaly bolsalar ikisi-de jerime bermeli. Eger ikisi-de Hylda bolup biri muhrim bolsa diňe şol muhrim jerime bermeli we müşderi satyja tölemeli. Eger awy muhrime sowgat berse, ol hem muhrimiň ýanynda heläk bolsa, özüne sowgat berlen adam awyň jerimesini bermeli we sowgadyň eýesi üçin-de töleg tölemeli, eger şondan iýäýse üçülenji jerimäni bermeli, emma sowgat berýän diňe bir jerime bermeli.

Eger awy Haramdan çykaryp Hylda muhrime ýa halala satsa, şol satuw nädogrudyr we şonuň ýaly Hylyň awyny Haram şerife salsa, ondan soňra Haram şerifden çykaryp soňra satsa, şol satuw nädogry bolar. Eger muhrim bir halalyny awy satmaklyga wekil etse, ol halaly satsa hezreti Ymam Agzama görä dogry bolar, emma Ymameýne görä bu-da haramdyr. Eger bir halaly adam başga bir halalyny satuwa ýa satyn almaga wekil etse, ondan soňra yhram baglasa müşderi kabul edip almazyndan öň dogry bolar. Eger satyjy Haramda bolan ýagdaýynda, öz Hyldaky awyny halala satsa şol söwda dogry bolar, ýöne şol awy Haramdan çykandan soň gowşurar.

Eger bir halaly adam başga bir halaly adamyň awyny zorluk bilen basyp alsa, ondan soňra basyp alan adam şol awy elinde bolan ýagdaýda yhram baglasa, ol şol awy goýbermeli we onuň eýesine-de bahasyny bermeli (w). Eger awy goýbermän eýesine gaýtarsa, bahasyny tölemekden gutular, emma jerimesini bermekden gutulmaz we günäkärçiligi bardyr. Eger awyň eýesi yhram baglasa, ondan soňra basyp alan adam şol awy gaýtaryp berse, onda şu ikisiniň her biri jerime bermeli, eger aw eýesiniň eline gelmezinden öň heläk bolsa, eýesine jerime ýokdur.



HARAMYŇ AWYNY AWLAMAK

Haram şerifiň awyny awlamak muhrime we halala haramdyr, meger, şerigatyň awlamaklygy dogry eden haýwanlaryny, meselem: ýylan, içýan, syçan, pyşbaga, ýarak it, we başga-da erbet we zyýany köp bolan haýwanlary awlamak haram bolmaz. Eger muhrim Haramyň awyny öldürse, yhram sebäpli diňe bir jerime bermeli. Haramyň jerimesi yhramyň jerimesine girýänligi sebäpli, Haram üçin jerime ýokdur. Eger halaly Haramyň awyny öldürse, ol hem Haram sebäpli, diňe bir jerime bermeli.

Eger bir adam Haram şerifde eýeli, aw awlamaklygy öwredilen haýwany öldürse, şonuň eýesine öwredilen ýagdaýynyň bahasyny bermeli we Haram üçin öwredilmedik ýagdaýynyň bahasyny bermeli. Eger muhrim ýa halaly Hylyň awyny Harama salsa, onuň hökümi-de edil Haramyň awynyň hökmündedir, ýagny şol awy goýbermek lazymdyr. Eger öldüräýse jerimesini bermelidir. Eger Hylyň algyr guşuny tutup eltip Haramda goýberse, ol hem Haramyň kepderisini öldürse, hiç bir jerime ýokdur, eger Haramyň kepderisini öldürmek üçin goýberse, onda onuň jerimesini bermeli bolar, çünki ol algyr bilen Haramyň awyny awlady. Eger awyň özi Haramdan çykyp Hyla girse awy awlamak dogry bolar. Eger bir adam awy Haramdan Hyla çykarsa ony awlamak dogry bolmaz.

Eger Hylyň awy özi Harama girse, onuň hökümi Haramyň awynyň hökmündedir. Bir adam Hylda aw awlamak üçin algyryny iberse, algyr Harama girip awy öldürse, şonuň üçin hiç bir jerime ýokdur. Eger itini Haramyň möjegini tutmak üçin iberse, ýa möjegi tutmak üçin Haramda duzak gursa, şol it awy tutsa ýa şol duzaga aw düşse, şonuň üçin jerime ýokdur. Eger bir halaly Haramyň awyny tutsa, ondan soňra şony başga bir halala berse, ol halaly-da başga bir halala berse, şonuň ýaly her näçe adamyň eline düşse-de iň ahyrky şol awy öldürse şolaryň her biri doly bahasyny bermeli.



ÇEKIRTGE WE BITI ÖLDÜRMEK

Bir adam yhramly wagtynda ýa Haram şerifde çekirtge öldürse, azajyk-da bolsa tagamdan bir mukdar sadaka bermeli. Eger çekirtgäni bilkastdan ýa bilmän depelese şonuň üçin jerime bermeli, emma çekirtge gaty kän bolup ýoluňy tutsa onda jerime ýokdur. Eger çekirtgäniň bahasyny töländen1 soňra şonu gowrup iýse, iýenligi üçin hiç bir jerime ýokdur we tölemezinden öň şony satmak mekruhdyr. Emma töländen soňra satmak dogrudyr.

Eger muhrim biti öldürse ýa endamyndan alyp taşlasa, bir döwüm çörek sadaka bermeli. Eger bit iki ýa üç bolsa onda bir penje bugdaý bermeli. Ondan her näçe artykmaç bolsa onda ýarym sag2 bermeli. Eger muhrim bitleri heläk etmek niýeti bilen lybasyny güne serse ýa lybasyny ýuwsa ýarym sag jerime bermeli, eger heläk etmek niýeti bolmasa hiç jerime ýokdur. Biti oklamak edil öldürmek ýalydyr. Eger muhrim bir halala şu biti menden aýyr diýse ýa şuny öldür diýse, ýa şony salgy berse ol halaly-da şony öldüräýse, şol buýuran yhramly jerime bermeli, salgy bermeklik hem jerime bermeli edýändir. Eger muhrim gaýrynyň bitini öldürse ýa halaly adam Haramda öldürse hiç bir jerime ýokdur.
ÖLDÜRMEK BILEN HIÇ BIR JERIME ÝOK BOLAN ÝAGDAÝLAR

Yhramly adama aw ýa ýyrtyjy haýwan topulsa, ýa halaly adama Haramda topulsa şony öldürmeklikde hiç bir jerime ýokdur. Möjek, it, ýylan, içýan, syçan, togusman, ezýet berýän garynja, pyşbaga, sakyrtga, kirpi, pişik, çybyn, büre, siňek, ary, eşek aňňyrdy, düýe, sygyr, goýun, towuk, elleki gaz şu haýwanlaryň her birini öldürmeklikde hiç bir jerime ýokdur.


HARAM ŞERIFDE ZEBH3 ETMEK

Muhrim Hylda ýa Haramda awy zebh etmekligi we halaly adam-da Haramda awy zebh etmekligi haramdyr we şonuň bahasyny-da tölär (w). Şol awy damak çalýana we başga birine iýmek hem dogry bolmaz, şol awy çalýanyň özi awlasyn ýa başga biri awlasyn tapawudy ýok. Eger muhrim bolan damak çalýan şonuň etinden iýse, az iýsin ýa kän iýsin, ýa-da bahasyny bermezinden öň iýsin, ýa bahasyny berenden soňra iýsin, şol iýen etiniň bahasyny bermeli. Eger damak çalýandan başga biri şundan iýse, muhrim bolsun isle halaly bolsun estagfirulla aýtmakdan başga bir jerime ýokdur. Eger halaly adam Haramda zebh eden awynyň jerimesini berenden soňra, şonuň etinden iýse şonuň üçin-de hiç bir jerime ýokdur. Eger awy halaly adam awlap şony muhrim zebh etse ýa muhrim bolan adam awlap halaly adam zebh etse, ýa-da şol awy bir adam halaly ýagdaýynda awlap, muhrim bolan ýagdaýynda zebh etse, ýa muhrim bolan ýagdaýynda awlap halaly bolan ýagdaýynda zebh etse, ol çalnan mal haramdyr. Ondan iýmek dogry däldir (h). Eger muhrim ýumurtgany ýa çekirtgäni gowursa, ýa awy sagsa we şonuň jerimesini berse, ondan soňra iýse estagfirulladan başga hiç bir jerime ýokdur, ýagny şol muhrim awyň süýdüni, ýumurtgany we çekirtgäni iýmekligi mekruh bilen dogry bolar, emma şol muhrimden bşga bir muhrimiň ýa halalynyň iýmekligi mekruhsyz dogry bolar.

Eger muhrim awy ýa haram ölen haýwany iýmeklige mätäç bolsa iýmeli, ondan soňra jerimesini bermeli. Halaly adamyň özi üçin Hylda awlan awy ýa muhrim üçin awlan awyny halaly adam zebh eden bolsa, muhrimiň şondan iýmekligi dogry bolar. Eger şol awy tutan halaly adama muhrim adam salgy bermedik bolsa ýa öldür diýip buýurmadyk bolsa, ýa-da kömek bermedik bolsa, eger şu işlerden birini eden bolsa, onda muhrimiň şondan iýmekligi dogry bolmaz.
ÝEDINJI BÖLÜM: HARAMYŇ AGAÇ WE OTLARYNYŇ HÖKÜMLERI

Haram şerifiň agaçlary we otlary dört görnüşde bolýandyr.



Birinjisi: adatda adamlaryň gögerdýän zatlaryndan bolup adam gögertse, meselem: ekinler; ikinjisi: adatda adamlaryň gögerdýän zatlaryndan bolman adam gögertse, meselem: erak agajy, ýagny miswak edilýän agaç; üçünjisi: adatda adamlaryň gögerdýän zatlaryndan bolup, özi gögerse, şu üç görnüşli agaçlary we otlary kesmek, goparmak we şulardan peýadalanmak dogrudyr. Dördünjisi: adatda adamlaryň gögerdýän zatlary bolman özi gögerse, meselem: Ummu gaýlan diýilýän agaç, şuny kesmek we goparmak muhrime we halala dogry däldir, şol agaç eýeli bolsun ýa eýesiz bolsun kesmeli däl, haçanda gury bolsa kesmekligiň zyýany ýokdur. Şunuň ýaly Yzhyr diýilýän oty ýygmaklykda zyýan ýokdur, gök bolsun ýa gury bolsun ýygsaň bolýar.

Eger Haramyň özi gögeren gök agajyny goparsa ýa özi gögeren gök otuny ýygsa, şonuň bahasyny bermeli (w). Eger şol agaç ýa ot eýeli bolsa, onda iki baha bermeli, biri: şerigatyň haky üçin, ol biri: eýesiniň haky üçin. Özi gopup ýatan gury agajyň köki ýerden suw içmeýän bolsa, şony kesmekligiň zyýany ýokdur. Eger bir agajy ýa şahasyny kesse we şonuň bahasyny berse, ondan soňra şony ýene ýerinde dikse ol-da öňküsi ýaly gögerse, ondan soňra şony kesse şonuň üçin hiç zat ýokdur. Emma öňki ýerde dikmän başga ýerde diken bolsa, onda ony tölär. Eger agajyň köki Hylda bolup şahalary Haramda bolsa şol agaç, Hylyň agajyndandyr. Eger köki Haramda bolup şahalary Hylda bolsa ol agaç Haramyň agajyndandyr. Eger kökleriniň käbirleri Hylda bolup we käbirleri Haramda bolsa, şol agajy ätiýäçlik sebäpli, Haramyň agajyndan hasap etmeli.

Haram şerifiň kömelek we domalanyny almak, guran ýa döwlen agajyny we otuny ýygmak we şolardan peýdalanmak halaldyr. Emma tikenleri kesmek haramdyr we şonuň üçin jerimesi hem ýokdur, ýöne toba etmek lazym bolar. Eger Haramda çörek bişirmek üçin tamdyr gyzdyrsa ýa täret üçin çukur gazsa ýa çadyr dikse ýa ot ýaksa ýa öz aýak ulagy bilen ýörese we şol işleri sebäpli otlardan bir zady ýolunsa, şonuň üçin hiç bir jerimesi ýokdur. Haramyň gök iraklaryndan (miswak edilýän agaç) we başga gök agaçlaryndan miswak etmek dogry däldir. Gök agajyň ýapragyny almak dogry bolar, eger agaja zyýan bermejek bolsa we şonuň jerimesi-de ýokdur. Eger Haramyň otundan muhrim aýak ulagy otlasa, barýan wagtynda ýa duran wagtynda onuň üçin hiç bir jerime ýokdur.

Haramyň otundan goparylan ýa kesilen otlary peýdalanmak mekruhdyr, hatda ozal onuň bahasyny beren bolsa-da, eger muhrim ýygan otlaryny satsa, şonuň satuwy mekruhlyk bilen dogrudyr. Şol otlaryň barabaryna alan pullaryny sadaka bermeli. Emma müşderi üçin satyn alan otlaryndan peýadalanmaklygy dogry bolar we mekruhlygy-da ýokdur. Haram şerifiň agaçlarynyň hökümi muhrim bilen halaly üçin birdir we muhrim karyn-da bolsa diňe bir jerime bermeli, çünki jerime bermekligiň sebäbi Haram şerifiň hormatyny depelemekdir, o-da birdir.



WESÝET

1. Hormatly türkmen doganlarym! Haj buýrugy diniň uly sütünidir we beýik parzdyr. Her kimiň boýnuna düşse, şol buýrugy gowy, ýerbe-ýer bitirmekligi lazymdyr. Şony bitirjek bolsaňyz hem haj möwsümi gelmänkä, şu “Menäsikul-hajˮ kitabyny başdan aýagyna çenli okamagy dowam edersiňiz. Diňe haj wagtynda okanyňyz bilen hemme hökümlerine ýetik bolup bilmersiňiz. Onuň üçin şu kitap siziň dertleriňiziň dermany we ýürekleriňiziň melhemidir.

2.Hormatly ruhany we onuň kömekçileri bolan doganlarym! Siz hem hökman boýun alan işiňizde özüňizi borçly bilip we dykgat edip äkidýän hajylaryňyza gowy ähmiýet berersiňiz, olaryň işlerine dykgat edip “Menäsikul hajdakyˮ düzgünleri düşündirersiňiz. Haj hökümlerini gowy öwredersiňiz.

3.Hormatly müdir we müdiriň kömekçisi bolan musulman doganlarym! Siz hem şu kitaby okap hajyň hemme hökümlerine ýetik bolarsyňyz. Yfrad kerweni hajyň yhramyna ters bolan işlerden saklamak üçin ýagşy zähmet çekersiňiz, tä haj möwsümi sowulýança. Hajylara hoşboý ysly naharlary we hoşboý ysly miweleri iýdirmersiňiz. Hajathanalarda, hammamlarda her görnüşli sabynlary suwuk bolsun, gaty bolsun, ysly bolsun ýa yssyz bolsun, şolary goýmarsyňyz. Olaryň hiç birlerini ulanmaklyk dogry däldir.

4.Hormatly hyzmat edýän doganlarym! Elbetde siziň wezipäňiz hajylara hyzmat etmek bolsa-da yhramly bolan ýagdaýlaryňyzda gaty ähmiýet bermeli işiňiz öz şerigat wezipäňizdir. Yhrama ters bolan işleri etmek dogry däldir. Ylaýta-da lybasly gezmek uly günäkärçilikdir. Soň dem çalmak bilen onuň günäsi aýrylmaz we ol ýagdaý bilen edilen haj-da asla kabul edilen haj bolmaz. Onuň üçin habardar boluň, şular ýaly jenaýatlara baş goşmak.

5.Hormatly lukman doganlarym! Elbetde siziň wezipäňiz saglyga seretmek, yfrad kerwenini sag-salamat äkidip getirmek bolsa-da, adatdan başga etmeli işlerde ruhanylar bilen maslahatlaşyp, mümkin boldugyça yhrama ters bolmaz ýaly we muhrima jenaýat düşmez ýaly işleri etjek bolmaly. Yhramly adamlara hoşboý ysly dermanlary bermeli däl we erkek adamlara mesi geýdirmeli däl. Eziz doganlarym pursatyňyz bolsa şu “Menäsikul-hajˮ kitabyny okap, şondan peýdalanmagyňyzy umyt edýärin.

6.Hormatly aýal doganlarym! Haj edeniňizde hökman mähremleriňiz öz ýanyňyzda bolsun. Mähremsiz hiç bir sapara gitmäň. Maşynlara müneniňizde, towaf we sagy edeniňizde, Arafata we jemerata gideniňizde mähremleriňizden aýrylmaň. Elmydama owratlaryňyz örtülen bolsun. Ylaýtada yhramly wagtlaryňyzda saçlaryňyz görünmesin. Injikleriňiz we goşarlaryňyz açylmasyn. Elmydama aýaklaryňyza jorap geýiň. Metjide baraňyzda aýallaryň setirlerinde duruň, erkekleriň setirlerinde ymama uýup, olaryň namazlaryny bozmaň. Hormatly aýal doganlar! Şu aýdylan buýruklary berjaý etmeseňiz ybadatyňyz we zyýaratyňyz kemçilikdedir we jenaýatlar boýnuňyza düşüp, günäkär bolup dolanmagyňyz mümkindir.

7.Hormatly haj edýän musulman doganlarym! Her wagt Harameýni şerifeýnä (Mekge, Medine) baranyňyzda gözleriňiz onuň beýik köşklerinde, owadan bazarlarynda we soňky çykan obadan maşynlarynda bolmasyn, ol toprak hezreti Resulekrem s.a.w-iň basalan topragy we mubärek sahabalaryň ýaşan ýeri we Şerigat-Wahysynyň inen ýeridir, onuň üçin başlaryňyz aşakda, ýürekleriňiz pikirde, dilleriňiz zikrde bolsun. Elmydama ol mukaddes ýerleriň hormatyny saklap, edepleriňizden bihabar bolmaň. Ol ýerde gören işleriňizi aýyp etmäň we hiç zadyna dil ýetirmäň.

8.Hormatly haj edýän musulman doganlarym! Elmydama gujur-gaýratly bolup, hajyň has gowusyna yhram baglaň, ýagny mümkin bolsa karyn boluň, ony başarmasaňyz mutemettig boluň, ony-da başarmasaňyz mufrid boluň. Başarsaňyz gujur-gaýratly bolup, buýrulan hökümleriň, işleriň sogaplyraklaryny etjek boluň, gujursyz bolup rugsatly tarapyna seretmäň. Beýtulla şerife metjidiň üstünde towaf etmäge rugsat bolsa-da, aşakdan aýlanmak has gowudyr. Oňa görä başarsaňyz metjidiň üstünde towaf etmäň, aşakda towaf ediň we Käbe şerifä gaty daşdan aýlanmaň, ýakynragyndan aýlanyň, çünki ýakynragy enbiýalaryň, öwlüýäleriň, sahabalaryň we mujtehitleriň aýlanan ýeridir. Örän mübärek ýerdir.

9.Hormatly haj edýän musulman doganlarym! Elmydama her bir zadyň asyl özüne ähmiýet beriň, uzursyz ýerden ol zadyň öwezine oturýan ýeňilliklere ýapyşmaň. Oňa görä Safa, Merwä sagy edeniňde asyl mesga1 aşakdadyr emma üçegiň üsti onuň bir bölegidir, hatda köp alymlar şol üçegiň üstünde sagy etmäge rugsat berseler-de, birnäçeler şol ýerde sagy etmegi dogry görmediler. Oňa görä ätiýaçlyk aşakda sagy etmekdir. Hem-de aşak Allatagalanyň dostlarynyň gezen ýeridir. Örän teberruk ýerdir.

10.Hormatly haj edýän musulman doganlarym! Jemeratlara daş atmak ýagdaýlarynda hem şol asyllaryna dykgat etmek erbet bolmaz. Daşlary aşakda atmaklykda hiç bir şübhe ýokdur, çünki Pygamber alehissalam we onuň ýaranlary we ähli geçen gowy adamlaryň atan ýerleri aşakdyr. Oňa görä siz-de şol serwerleriň basan ýerlerine basyp we olaryň ýörän ýerlerinden ýöräp, aşakdan baryp ramy etmegiňiz hakykat ýoluny yzarlaýanlygyňyzdan alamatdyr. Ýokarky etajlardan atmaklyga alymlar fetwa berseler-de başarsaňyz aşakdan atjak boluň.

11. Hormatly Harameýni-Şerifeýne gadam basmaklyk nesip eden mähriban doganlarym! Siz bagtdan paý alyp, şol mukaddes mekana gadam basmak nesip edenlerden bolduňyz. Şol Mukaddas mekanlarda we dogalar kabul bolýan ýerlerde umumy we hususy dogalar etmekleriňizden gaýra durmaň, haýsy gün baýram edip şükrana çalan bolsaňyz, şony öz içeri maşgalaryňyza habar beriň, jaň ediň, olar-da şol güni baýram edip gurbanlyk çalar ýaly we fazylet (artykmaçlyk) derejesine eýe bolar ýaly.
Şu “Menäsikul hajyˮ kitaby okap, munuň meselelerinden peýdalanan sowatly doganlarymyzyň bizi öz haýyr dogalarynda unutmazlygyny umyt edýärin!

تمت ولله الحمد وصلی الله علی سیدنا محمد وعلی آله و اصحابه وسلم. تاریخ اتمام بقانون اباجد غُتِلا (1431).

Tämmät we lillähil-hamd we sallalahu alä säýýidinä Muhammädiw-we alä ilihi we äshabihi we sällim.

Şu kitabyň ýazylyp gutaran wagty ebjet hasaby1 bilen غُتِلا Gutilä diýen söze gabat gelýär. Gutilä hijriniň 1431-hji ýylyna deňdir.

MAZMUN

Giriş 2



1.Haja degişli sözlük we düşündirişler 5

2.Hajyň manysy 20

3.Özlerine höküm degişli bolan ýerler 20

4. Meke mukerreme 21

5.Şu şäheriň fazylaty (artykmaçlygy)

hakda rowaýat bolan hadyslar 23

6.Käbe şerife 24

7.Käbe şerifäniň atlary 29

8.Käbe şerifiň fazylaty hakda

rowaýat bolan hadyslar 30

9.Şazyrwan 32

10.Hajar eswed 33

11.Hajar eswediň artykmaçlygy

hakda gelen hadyslar 33

12.Hatym 35

13.Hatym, " Hijri ysmaýyl" hakda

rowaýat bolan hadyslar 36

14.Ruknu Ýemäni 39

15.Ruknu Ýemäniniň fazylaty

hakda gelen hadyslar 39

16.Multezem 41

17.Multezem hakda

rowaýat bolan hadyslar 41

18.Makamy Ybrahym 43

19.Makamy Ybrahymyň

fazylaty hakda gelen hadyslar 45

20.Bi'ru zemzem 46

21.Zemzem guýysynyň atlary 47

22.Zemzem guýysy hakda

rowaýat bolan hadyslar 50

23.Zemzem guýusyna mahsus

bolan ýagdaýlar 54

24.Mesjidi Haram 56

25.Mesjidi Haramyň gapylary 59

26.Mesjidi Haram hakynda

gelen hadyslar 61

27.Safa 63

28.Merwe 63

29.Mileýni ahzaraýn 64

30.Safa we Merwe hakynda

rowaýat bolan hadyslar 65

31.Mina 66

32.Mina mahsus bolan bäş alamat 67

33.Minadaky teberruk ýerler 67

34.Mina hakynda gelen hadyslar 68

35.Arafat 70

36.Arafata "Arafat" diýilmeginiň sebäbi 70

37.Arafatyň fazylaty hakda

rowaýat bolan hadyslar 71

38.Jebelur-rahme 73

39.Muzdelefe 73

40.Muzdelefä “Muzdelefeˮ

diýilmeginiň sebäpleri 73

41.Muzdelfäniň fazylaty hakda

rowaýat edilen hadyslar 75

42.Jemerat 79

43.Daş atmaklygyň fazylaty

hakda gelen hadyslar 80

44.Muhassab 82 45.Tengym 82

46.Tengym hakda rowaýat

bolan hadyslar 82

47.Haram 83

48.Harama "Haram"

diýilmeginiň sebäbi 84

49.Haramyň çägi hakynda rowaýatlar 85

50.Haram şerifiň fazylaty

hakda gelen hadyslar 86

51.Hyl 87

52.Mewäkyt 88

53.Mikatlar hakynda rowaýat

bolan hadyslar 91

54.Amallara degişli hökümler 92

55.Yslam dininiň beýik sütünleri 93

56.Hajyň hilleri 95

57.Umranyň hilleri 97

58.Hajyň parzlary 98

59.Hajyň wajyplary 99

60.Hajyň sünnetleri 101

61.Hajyň mustahablary 103

62.Hajyň mubahlary 106

63.Hajyň mekruhlary 110

64.Hajyň haramlary 115

65.Amallary bozýan işler 119

66.Bedene wajyp edýän işler 120

67.Iki dem wajyp edýän işler 121

68.Bir dem wajyp edýän işler 122

69.Hökümler üçin bellenen belgiler 127

70.Hajy niýet edýän adamyň etmeli işi 128


71.Haja ady çykyp, gitmeli diýlen

adamyň etmeli işleri 133

72.Saparda namazlaryň ýagdaýy 140

73.Saparda namazlary birleşdirmek 140

74.Haja gidýän adamyň aeroportda etmeli işleri 142

75.Hajyň görnüşleri 142

76.Yfrat haja yhram baglamak 143 77.Hatynyň yhram baglamagy 146

78.Muhrimler üçin gerekli tabşyryklar 148

79.Mufridiň Mekgede etmeli işi 151 80.Tawafu-kudum etmekligiň ýoly 153

81.Sagy etmekligiň ýoly 163

82.Hatynyň towaf bilen sagysy 168

83.Mufridiň sagydan soňra bolmaly ýagdaýy 169

84.Gurban aýynyň ýedilenji güni etmeli iş 174

85.Gurban aýynyň dokuzylanjy güni etmeli iş 175

86.Arafata degişli hökümler 180

87.Arafa gününiň ýalňyş düşmegi 184

88.Hajylar üçin habardarlyk 186

89.Muzdelefä degişli hökümler 188

90.Iki namazy birikdirmegiň tapawudy 190

91.Nahr gününde etmeli işler 191 92.Kelle syrmaklyga degişli hökümler 194

93.Towafu Zyýarata degişli hökümler 194

94.Towafu Zyýaratyň şertleri 196

95.Towafu Zyýaratyň wajyplary 196

96.Towafu Zyýaratdan soňra etmeli işleri 198

97.Ramynyň şertleri 202

98.Jemeratdan soňky işler 206

99.Mufridiň Mekgeden gitmekçi

bolanda etmeli eşi 209

100.Towafu sadara degişli hökümler 210

101.Pygamber aleýhissalamyň zyýaraty 214

102.Mesjidin-Nebidäki fazylatly sütünler 221

103.Bakygyň beýik kişileri 224

104.Uhud dagyndaky şehitler 226

105.Gabyrlara zyýarat etmegiň düzgünleri 227

106.Medine munewweräniň guýulary 228

107.Medine munewweräniň teberruk metjitleri 232

108.Medinede bolanyňda etmeli işler 237

109.Medineden gaýdýan adamyň etmeli işleri 239

110.Temettug hajyň şertleri 240

111.Temettug haj üçin ihram baglamak 244

112.Kyran hajyň şertleri 247

113.Kyran haj üçin yhram baglamak 250

114.Umranyň beýany 253

115.Umranyň haja tersligi 253

116.Umranyň parzlary 254

117.Umranyň wajyplary 255

118.Umranyň sünnetleri 255

119.Umrany niýet edýän adamyň etmeli işleri 256

120.Umra yhram baglamak 257

121.Umra degişli meseleler 265

122.Başga biriniň adyna haj etmek 270

123.Wesýet edilen haj 289

124.Harj etmekligiň ýoly 292

125.Bedel haja degişli hökümler 296

126.Iki hajy birikdirmek 298

Iki umrany birikdirmek 300

127.Haj bilen umrany birikdirmek 301

128.Umumy kanun 303

129.Hajyň we umranyň yhramyny bozmak 304

130.Jenaýaylary etmek 304

131.Birinji bölüm:Lybas geýmegiň hökümleri 307

132.Habardarlyk 310

133.Kelläni we ýüzi örtmek 312

134.Aýakgap geýmek 313

135.Habardarlyk 313

136.Ikinji bölüm: Tybyň hökümleri 314

137.Tybly sürme çalmak 316

138.Tybly zady iýip-içmek 316

139.Tyb bilen derman etmek 317

140.Tybyň bedende ýa lybasda

hemişelik galmagy 318

141.Lybas we bedene tyby we

gaýry zatlary çalmak 319

142.Üçünji bölüm: Kelle syrmak we

tüýi aýyrmagyň hökümleri 321

143.Peýdalar 324

144.Dyrnaklary kesmek 325

145.Dem we sadakanyň ýagdaýlary 326

146.Dördünji bölüm: jymag

we dawagylaryň hökümleri 328

147.Bäşinji bölüm: Haj işlerinde bolan jenaýatlar

1.Towaf Zyýarat jenaýaty 333

2. Towaf sadar jenaýaty 337

3.Towaf kudum jenaýaty 339

4. Umra towafynyň jenaýaty 340

5. Sagynyň jenaýaty 342

6.Muzdelifäniň jenaýaty 343

7.Zebh we halkyň jenaýaty 344

8.Ramynyň (Daş atmagyň) jenaýaty 344

148.Altynjy bölüm: Aw awlamaklygyň

hökümleri 345

149.Awy tutmak we goýbermek 347

150.Awlary salgy bermek 349

151.Awlary satmak, satyn almak sowgat

etmek we zor edip, basyp almak 351

152.Haramyň awyny awlamak 352

153.Çekirtge we biti öldürmek 354

154.Öldürmek bilen hiç zat

ýok bolan ýagdaýlar 354

155.Haram şerifde zebh etmek 355

156.Ýedinji bölüm: haramyň agaç

we otlarynyň hökümleri 356



157.Wesýet 358

1Kadym – owaly ýok, öňden bar bolan.

2Sena – öwgi, magtama.

3 Ryzk ‒ rysgal, gündelik imit; Hudaý tarapyn her bir adama berilýän gündelik nygmat; imit, azyk.

4 Salawat – Allanyň merhemeti.

5 Durud – doga, salam; rehmet, sena, ýagşylyk isleme, ýagşylyk dogasy.

6 Mujtehid – zähmet çekip, aýat-hadysdan mesele, hökümler çykaran din alymy. Dört mezhep başylar hezreti Ymam Agzam, Ymam Şafygy, Ymam Ahmet bin Hanbaly, Ymam Mälik ýaly ulamalr.

7 Fykh (a) – yslam dininiň hökümlerini (buýrulan we buýrulmadyk işlerini) öwredýän ylym. Yslamyň hukuk bilimi.

1 Meşaýyh – Şeýh sözüniň köplügi bolup, bu ýerde ahun, ruhany, pir, işan diýen manylarda.

2 Abyd – Hudaýa gullyk edýän; sopy; dindar.

3 Takwa – Allanyň et diýen işini edip, gadagan eden işlerinden daş durýan adam.

4 Beýtulla şerif – Allanyň öýi. Mekgedäki mukaddes Käbäniň ady.

1 Hakyr – kiçi göwünli, biçäre.

1 Arap dilinde üç hili “Hˮ harpy bar . 1)

Yüklə 2,02 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   23




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin