Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə38/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   72

Istär men «şahnama», «sakynamany»,

Halyf omar birlen süleyman bolsam.

Sal i (p. Sa:l, ks. Sa:liya:n) سال – 1) yyl, eriň günüň töweregine aylanyan mütdeti. Ol mütdet on iki ay ya-da 365 gün we bäş sagat we 48 minut we 45 sekunddan ybaratdyr. Muňa şemsi yyly diyilyär; sene; 2) yaş; ömür; sal-u mah – yyl we ay.

Garrydykça goldan gitdi ynsabym;

Eya dostlar, ellä etişdi salym.

Ömür saly artar alkyş alanyň.

Yagşy gün, hoş sähet gelipmi salym.

Aklym hayrandadyr, etmişem puşman,

Bilmezlikde geçen salyma meniň.

Sal ii (sa:l) سال – deňizde, deryada yüzmek üçin ya-da deryadan geçmek üçin ulanylyan biri-birine baglanan birnäçe agaç ya-da gamyş daňylary.

Suw yüzünde gezdirer sen gämini,

Bir gün agdarar sen, saly, dünyä hey!

Müň agaç yol dagdyr, diwi-merdümhor,

Onda agyp baran saldyr bu dünyä.

Sala (a. Sala:t, ks. Salawa:t) صلاة – ser. Salat.

Etgenime yok ygtybar,

Sowm-u saladan, ya reb!

Salawat (a. Salawa:t, bs. Sala:t) صلوات – ser. Salat.

Salam (a. Sala:m) سلام – arapça «selime – saglyk, salamatlyk, sag-salamat bolmak» işliginden emele gelen bir at; 1) her hili kemçilikden we ayypdan arassa bolmak; 2) parahatçylyk, dynçlyk, rahatlyk; howpsuzlyk (şu manyda «silm» formasy köp ulanylyar); 3) saglyk, amanlyk, esenlik, soňy hayyrlyk (şu manyda «salamat» formasy köp ulanylyar); 4) dini düşünjelere görä, göyä mydamalyk bar bolan allatagalanyň epiteti; 5) pata berme, doga etme, «oň bolsun» diymek, öwmek.

Salam sözüni «salamun aleyk, salamun aleyküm» («size saglyk-salamatlyk, parahatçylyk bolsun!») şekilinde adamlar biri-birine sataşanlarynda ya-da yazyşyan hatlarynda ulanyarlar. Häzirki wagtda köplenç gysgaldylyp, «salam» şekilinde ulanylyar. Bu söz «kurúanda» ebedi saglyk we jennet dien manylarda-da gelipdir. Yslamdan öň salam sözüne derek ewrey we aramey dillerinde «şalom leka» sözleri ulanylypdyr.

Bizden salam bolsun durdy şahyra,

Ne mährapdyr, suzlap çykan ot nedir?

Salam aleyk (a. Sala:m aleyk) سلام عليك – ser. Aleyk we salam.

Salaman-absal (a. Sala:ma:n we ebsa:l) سلامان و ابسال – greöiya (yunan) patyşasynyň salaman atly görmegey ogly bilen onuň enekesi absalyň yşk-söygüsi hakdaky dessan. Absal yigrimi yaş salamandan uludygyna garamazdan, oňa aşyk bolyar we jadygöylük bilen ony özüne çekyär. Absalyň mugallymy magnitiň güyji arkaly salamy bir topbak oduny yakmaga,aşyk-magşugyň ikisini-de şol oda girmäge mejbur edyär. Netijede absal oda yanyp ölyär we salaman diri galyar. Kakasy täji-tagtyny oňa bagyşlayar. Şu dessan esasynda abdyrahman jamy 885-nji hijri (1480-1481) yylynda özüniň «salaman we absal» atly poemasyny döredipdir. Bu dessan iňlis diline-de terjime edilipdir.

Salaman absaly serhoş eyleyip.

Bähram güwri tutup, medhuş eyleyir.

Salamat (a. Sala:met) سلامت – 1) sag, saglyk, her kemçilikden, ayypdan we nähoşlukdan päklik; 2) howpsuzlyk; 3) oňat netije; 4) gutulma, halas bolma.

Syrat köprüsinden salamat geçer,

Haka gulluk eden jany biläni.

Sag-salamat baryp, gaydyp gelmäge,

Oňmady ykballar çowdur han üçin.

Salar (p. Sa:la:r) سالار – 1) serdar; başlyk, kowum yolbaşçysy; 2) kerweniň ya-da goşunyň serkerdesi.

Şalaryň salary, yslamyň zini,

Emriňe mutyg et eyran zemini.

Salat (a. Sala:t, ks. Salawa:t) صلاة//صلوة – 1) namaz; 2) pata berme; allanyň merhemeti; alkyş; 3) hudaya, pygambere bendeleriň doga etmegi, şolaryň yolunda namaz okamagy; «sala» (ser.) Şekilinde-de gabat gelyär.

Pygambere salawat diy,

Şowk etseň, şepagat bile.

Salaty-witr (a. Sala:t-e witr) صلاة وتر – ser. Witir.

Salatyn (a. Sala:ti:n, bs. Solta:n) سلاطين – ser. Soltan.

Saldyrmak سالديرمق – 1) gurdurmak, bina etdirmek, yasatmak; 2) jaylaşdyrmak, erleşdirmek.

Humayun gorganyn saldyran harun,

Dünyäni dört bölen kany feridun?

Sallamak صاللامق – 1) asmak, asyp goymak, aşak indermek, aşak goybermek; 2) tertipli suratda hereket etdirmek, oynatmak.

Golun sallap maral gabak periler,

Iner olumyndan däli gürgeniň.

Salmak صالمق – 1) gurmak, bina etmek; 2) bir zady başga bir zadyň içine girizmek, erleşdirmek; 3) döretmek; 4) ayyrmak, düşürmek; 5) dikmek; at salmak - çapmak; ylgamak; howlukmak; çozmak, hüjüm etmek.

Bedew ölse, meydan galar armanly,

Hak yşkyna at sal meydan yoluksa;

Gözden salmak - ünsden düşürmek, ayyrmak.

Halayyklar salmaz gözden yaşyny,

Tanyşar, soraşmaz kowmy-hyşyny;

Gowga salmak – galmagal döretmek.

Deçjal geler diyrler birniçe yyldan,

Äleme bir gowga salsa gerekdir;

Göz salmak – göz dikmek, göz aylamak.

Yarsyzlykdan yaman iş yok,

Göz salyp gezsem her yana;

Guş salmak – aw awlatmak üçin aw guşuny uçuryp goybermek.

Bedasyla beglik degse bir günde,

Salar guşun, alar awun aňlamaz;

Yada salmak – yatlamak, aňyna getirmek, yada düşürmek.

Murdayy-sad sal isem jana gelür men,

Bolsaydy bezm içre bir yada salmak.

Salyr سالير//سالور – türkmen taypalarynyň biriniň ady.

Teke, salyr yörüş etse yokardan,

Duşmanyň namardy, merdi bilinmez.

Salyh (a. Sa:lih) صالح – 1) dogruçyl, diniň dessurlaryny erine etiryän; takwa, dindar; 2) oňat, ey, yararly, gelşikli; 3) layyk, hakly; 4) hakykatçy, ak yürekli; 5) «kurúanda» görkezilişine görä, pygamberleriň biri. Ol ad kowumy yok bolup, olaryň erini samud kowumy eelände, şolaryň arasyndan döreyär. Huday tarapyndan pygamber bellenyär we samud kowumyny butparazlykdan el çekip, yalňyz hudaya uymaga çagyryar. Dini rowayatlara görä, ol doga edip, göyä dagyň daşyndan köşekli düe döredenmiş. Butparazlar ol düyäni öldüryärler, soň salyhy-da yok etmegiň ugruna çykyarlar. Emma allatagala olara möhlet bermeyär we agyr azaba duçar edyär, yyldyrym çakyp hemmesini jansyz jisime öwüryär. Salyh örän gamgyn bolyar hem-de gum-guk bolup yatan şähere we kowumyna yüzlenip şeyle diyyär: «ey meniň kowumym, men size nygtap we tekrarlap, allanyň tabşyrygyny etirdim hem-de nesihat bermek şertine-de amal etdim. Emma siz nesihat berijileri halamayarsyňyz!» («kurúan», 7-nji süre, 79-njy ayat).

Mugjuz ile salyhyň daşdan çykypdyr mayasy,

Nuh tupanynda tenha galdy nuhuň dayasy.

Salyhan (a. Sa:lihen) صالحاً – 1) oňat, gowy; 2) açyk göwünli, mähirli; 3) dogry; dogruçyl, hakykatçy, adalatly; päk; 4) kompetenöiyasy we haky bolan; diniň kada-kanunyna görä iş edyän; amalan-salyhan – oňat iş, adalatly iş, dogry iş.

Amalan-salyhan yagşy amal kyl,

Bir gün saňa rowan emri-jan gelür.

Salyhyň mayasy (a-t. Sa:lyhyň ma:yasy) صالحينگ مايه سى – samud kowumyndan dörän pygamber salyhyň görkezen möjüzesi. Ol allatagala doga etmek netijesinde, göyä, dagyň daşynyň içinden köşekli düe çykaranmyş. «kurúanda» (7, 11, 26-njy süreler) berilyän maglumatlara görä, samud kowmy ol düyäni öldüryär, salyh olary näletläp, bet doga edyär. Netijede asmandan elhenç ses eşidilip, yyldyrym çakyar, hemmeler ölyärler, diňe salyha iman getirenler sag-salamat galyarlar.

Mugjuz ile salyhyň daşdan çykypdyr mayasy,

Nuh tupanynda tenha galdy nuhuň dayasy.

Salyyan (p. Sa:liya:n, bs. Sa:l) ساليان – ser. Sal.

Saman i ( sa:man) صامن – döwlen bugdayyň, arpanyň galan gabygy, arpa-bugdayyň guran baldygy.

Ömrüň ahyr bolup, dolsa peymana,

Haşhaşyň samany başy syndyrar.

Saman ii (p. Sa:ma:n) سامان – 1) öy-öwzar, öy esbaby, yola gidilende gerek bolyan zatlar; 2) kömek, yardam; 3) hasyl; 4) tertip, düzgün; 5) güyç, kuwwat, gudrat; 6) aylyk, döwlet; biser-u saman - öysüz-ilsiz, öysüz-öwzarsyz, sergezdan, ykmanda.

Samarkant (a-p-t. Samarkand) سمرقـند – özbegistanyň günorta-günbatarynda erleşyän gadymy we taryhy şäher. Ol dünyäniň iň gadymy şäherleriniň biri hasaplanyar. Onuň iki müň bäş yüz yyldan gowrak taryhy bar. Gadymy döwürde häzirki samarkandyň erinde sugd döwletiniň paytagty merakanda şäheri erleşipdir. Emir teymur bu şäheri özüniň paytagty edyär, onuň mazary-da şol şäherde erleşyär. Bu şäheriň adyna käbir çeşmelerde semerkent hem diylipdir.

Samarkant sözüniň gelip çykyşy barada dürli düşündirişler bar. «gyyasul-lugatyň» awtory dürli sözlüklere salgylanyp, olarň birnäçesini getiripdir. «samar» bir patyşanyň ady bolup, «kant-kent» hem türki dilde şäher diymekdir, yagny samaryň şäheri. Başga bir wariant: «kant» sözi aslynda «gend», yagny «harap» bolup, «samar» bolsa şol şäheri harap eden patyşadyr. Şoňa görä, ol şähere samarkant diylipdir, häzir araplaşdyryp samarkant diyilyär. Ene bir wariant: bu söz aslynda şamarkant bolupdyr. Çünki şamar ibn yakuş ibn abraha (arap) sugd ilaty bilen urşup, ony basyp alyar, şäheri weyran edyär. Soň täzeden ony dikeldip, adyna şamarkant goyyar. Mahmyt kaşgary-da bu ady yatlap, ony «semer», yagny «semiz» dien gadymy türki sözi we «kent», yagny «şäher, oba» dien sözler bilen baglanyşdyryar. Her niçik bolsa-da, bu sözüň ikinji böleginiň türki sözi bolan «kent» - şäher, oba bilen baglanyşyklydygy şübhesizdir. Hajy zeynel-abidin şirwany-da özüniň «ryyaz as-syyahat» (xwııı-xıx asyrlar) atly kitabynda (ııı jilt) samarkant barada gymmatly maglumatlar beripdir. Onuň yazmagyna görä, bu şäheri ilkinji gezek gerşasp gurupdyr. Birnäçe wagtdan soň harap bolyar. Soň ony guştasp ibn luhrasp täzeden guryar. Soň aleksandr makedonskiy ol şäherde oňat binalar saldyryar. Ondan soň emen araplaryndan bolan basybalyjy şamar (şemer) ol şäheri düypden weyran edyär. Şonuň yanynda täze şäher gurup, adyna şamarkent goyyar. Bu at soň «samarkanda» öwrülyär.

Samarkant tagtynda gurlan yaylara.

Samarkandy kybty baglar, bek basar,

Tanjar şährin nan gahatlyk türk basar.

Samat (a. Samed) صمد – 1) ebedi, hemişelik; 2) hiç kime we hiç zada mätäç we bagly däl (huday); 3) häkim, hojayyn.

Ahatdyr, samatdyr ol hakyň ady,

Bir allanyň güyji, zory getirmiş.

Samsam ı سامسام – bolgusyz, yaňra, biderek, ugursyz, samahyllap yören.

Samsam adam bilen oturma, turma,

Zynhar namart bilen sen söhbet gurma.

Samsam ıı (a. Samsa:m) صمصام – kesgir gylyç, yiti gylyç; egrelmeyän gylyç.

Samsam gylyç bilen, düldül at bilen.

Tahty-sera degin bargan alydyr.

Samyr (p. Samu:r, ks. Sama:mi:r) سمور – 1) gyzyla yakyn goňur derili tilkiden kiçiräk yyrtyjy haywan; gunduz, ol köplenç demirgazyk taraplarda bolyar. Derisi geyime işlik üçin ulanylyar; 2) şu haywanyň derisinden tikilen geyim, ol gymmatbaha bolyar; 3) gm. Gara saç. Bu söz arap dilinde sammu:r şekilinde ulanylyar; rus dilinde sobolü diyilyär.

Magrur olma senjabyňa, samryňa,

Ajal dodagyny goymuş damryňa.

Samyra (a. Sa:merre) سامره//سامراء – yragyň taryhy şäherleriniň biri. Ol bagdadyň golayynda erleşyär. Bu şäher 221-nji hijri (835-836) yylynda apbasy halyfalaryndan bolan mugtasymyň buyrugy boyunça salnypdyr. Soň wasyk we mütewekkil-de ol erde köşk we metjit gurdurypdyrlar. Soňlar bu şäher kem-kemden harap bolupdyr. Ymamlar aly al-nagynyň hem-de hasan eskeriniň gabyrlary şu şäherde erleşyär.

Samyra deştine maşryk-magrypdan.

San (sa:n) سان – 1) mukdar we tertip görkezyän hasap; hasap; 2) gm. Adamkärçilikli garayyş; sana gelmek (geçmek) – hasap edilmek; adam hasap edilmek.

Eger ki hiç isem, sana geler men,

Höşk istihan isem, gana geler men.

Sangy (sa:ngy) صانغى – 1) pikir, oy, hyyal; 2) sergezdan, çaşgyn; sangy etmek – pikir etmek, oylanmak.

Köňle gelen her ne käri,

Sangy etmey edejek sen.

Ölüm bolar yadynda,

Sangy eder işinde.

Äre sangy artdyrar,

Kyrkdan aşyp, yaş gitmek.

Sangysyz (sa:ngysyz) صانغى سيز – pikirsiz, oysuz, pikir etmän.

Sangysyz söyüşdim, öysüz ayryldym.

Meydanda sangysyz her iş bitirge.

Sandywaç (sandywa:j) سندواج – bilbil.

Sandywajy-sermestem, bergimden jyda boldum,

Bergimni hazan çaldy, bisowt-u seda boldum.

Sandygaç (sandyga:j) سنديغاچ – bilbil.

Sebze içre sandygaç

Yüz dilde kylyp äheň.

Sanjar سنجر – soltan muyzzitdin abulharys ahmet. Mälik şanyň ogly, seljuklaryň edinji patyşasy (1086-1157). Onuň döwründe seljuklaryň häkimieti has pugtalanyar. Sanjar payhasly, batyr adam bolup, ylmyň, edebiyatyň ösmegine-de yardam beripdir. Ol ölenden soň häkimiet horezmşalaryň eline geçyär. Sanjaryň mazary marynyň golayynda erleşyär. Ol jomartlykda meşhur bolupdyr. Bu sözüň bir manysy «aw guşy» diymekdir.

Sanjar han, selim şa, edi welini,

Biri zähra, on iki ymamy gördüm.

Sanmak (sa:nmak) سانمق – 1) hasap etmek; bilmek, hasaplamak; 2) güman etmek; 3) deňeşdirmek; 4) pikirlenmek, saygarmak.

Gümrahy takwa sanyp, takwany inkär bildiler.

Iygenim awy sandym, geygenim reda bildim.

Zährin şypa sansam, salmaz mährini.

Sanyram ölmezden owwal tende janym galmaz-a!

Sansyz (sa:n-syz) سانسيز – köp, hetdenaşa, ummasyz, örän kän, juda köp, zyyat, biçak köp.

Ähli-hak bolsam, dier men, özge haly neylerem,

Bu sowulmaz dert sansyz galmagaly neylerem.

Sançmak سانچمق – 1) sokmak, batyrmak; 2) ere dikmek; 3) urup geçirmek; 4) oturtmak, goymak; per sanjan - jyga goyan.

Her jama garagan jemşide etmez,

Her başa per sanjan isgender bolmaz.

Sany (a. Sa:ni:) ثانى – 1) ikinji; 2) soň, soňky, birinjiden soň gelyän; sany surur – ikinji şatlyk.

Surur-u seda birle jahan yüzi abatdyr,

Magrury-surur olma, sany surur bibatdyr.

Sany surur (a. Sa:ni: soru:r) ثانى سرور – ser. Sany.

Sanyg (a. Sa:ny’) صانع - «sung» sözünden; 1) yaradyjy, dörediji, bir zat yasayan adam; 2) gm. Huday; sanygy-biçün – soragsyz yaradyjy, alla, huday.

Sanygy-biçün egäm erden nebatat öndürip.

Saňsar (p. Seng-sa:r) سنگسار – 1) daşlama, daşlanma; 2) yslam dininiň taglymaty boyunça günä iş eden adamy daşlap öldürmek; saňsar daşy – günäkäre zyňylyan daş.

Pelek saňa saňsar daşyn atypdyr.

Bir musulman gaçsa iki käpirden,

Kellesine saňsar daşy gerekdir.

Sap (a. Saff, ks. Sofu:f) صف - hatar, reje; sap gurmak (tutmak) – hatarlaşmak, hatara durmak, hataram düzülmek.

Sap gurup, meydanda dursa gerekdir.

Yüz yigrimi sap gurlar, her sapda müň gowgadyr.

Sapa ı (a. Safa:) صفاء – 1) arassalyk, päklik; 2) garynjasyzlyk; 3) hoşluk, horramlyk, şatlyk; keyp, eşret; sapa sürmek – 1) şadyyan yaşamak, şady-horram yaşamak; 2) keyp çekmek, lezzetli yaşamak.

Azady diyr, bile sapa süreli,

Eysem ibereli, synap göreli.

Olar yüz sapada, men müň hasratda.

Sapa ıı (a. Safa:) صفا – ser. Safa we merwe.

Sapar ı (a. Safar) سفر – syyahat, gezelenç, gezim, yola gitme, bir ere gitme; bir şäherden başga şähere gitme; yol aşma; sapar kylmak (etmek) – syyahat etmek, yola gitmek, bir erden başga ere gitmek, başga bir ere gezelenje gitmek.

Müşgil sapar bolar ölüm sapary,

Wehim çoh bolar, köpdür hatary.

Ahyry bir güni kylar sen sapar.

Sapar kylmak lazym, azygyň eyle.

Sapar ıı (a. Safar) صفر – hijri kamary yyl hasabynyň ikinji ayy.

Bisäheti sapar ayy,

Bezirgenim – ol ugrady.

Sapar ııı ساپار – gezek, yola, mertebe, nobat.

Bir sapar hatardan çykypdyr aly,

Seyl üçin sähraga çykypdyr weli.

Saparkeş (a-p. Safar-keş) سفركش – syyahat ediji; yola giden, başga bir ere gezelenje ya-da bir iş üçin giden.

Saparkeşler yyrak yoldan gaydanda,

Agyr yükli şütürleri haydanda.

Sapy (a. Sa:fi:) صافى - «sapa – safa» sözünden; 1) arassa, päk, tämiz; 2) goşantsyz, sap, garyndysyz.

Sopular, sapylar, häzir boluňlar,

Ajal bar-u hayat bar-u, wepat bar.

Sar-sar (a. Sarsar) صرصر – 1) güyçli sowuk şemal; 2) pars edebiyatynda yyndam at şoňa meňzedilyär.

Ysrafyl sur çalsa, er, gök eçilse,

Şeytan sar-sar ursa, daglar dagylsa.

Sara (a-p. Sa:ra:) سارا//ساره – 1) pars dilinde: päk, arassa, goşantsyz, köplenç müşk, anbar we zer sözleri bilen goşulyp gelyär; 2) ybrayym pygamberiň ayalynyň ady, yshagyň ejesi. Sara çagasy bolmayanlygy sebäpli, müsür häkiminiň oňa bagyşlan kenizi hajary ybrayyma nikalap beryär. Hajardan ysmayyl dünyä inyär. Iki yyldan soň sara hajar bilen ysmayyla göriplik edip başlayar hem-de olary uzak bir ere eltip taşlamaga ybrayymy mejbur edyär. Ybrayym olary äkidip, häzirki mekgäniň golayynda goyup gidyär. Hajaryň azygy, suwy gutaryar, ölüm howpy abanyar. Ol safa we merwe daglarynyň arasynda suw gözläp köp ylgayar. Öwrülip yaş ysmayylyň yanyna gelse, onuň ayak depirjiklän erinden bir çeşme joşup duran eken. Şoňa soň «zemzem guyusy» at galyar.

Sara etmiş ya-da togsan yaşa etende, bir ogly bolyar, oňa yshak at goyyarlar. Sara yüz yigrimi edi yaşap aradan çykypdyr.

Misli ybrayym sarany

Söen dek söymüşem seni.

Saragt (p. Sarahs) سرخس – 1) türkmenistanyň günortasynda bolan gadymy bir şäheriň ady. Onuň harabaçylygy häzirki saragt etrabynyň merkeziniň golayynda erleşyär; 2) eyranyň horasan welayatynda bir şäheriň ady. Ol maşadyň demirgazyk-gündogarynda türkmen-eyran araçäginde saragt etrap merkeziniň garşysynda erleşyär; 3) ösümlik ady, ol köplenç tokaylarda ösyär.

Saragty mergi bozar, merwi rik,

Şirazy türk, jöwgany (?) Mur harap eylär.

Saray (p. Sara:, sara:y) سراى//سرا – 1) öy, jay, uly öy; köşk; 2) hökümdarlaryň yaşayan we işleyän eri; 3) käbir sözlükde myhmanhana diylip-de yazylypdyr.

Berhem bolar, galar jayyň,

Bozular köşk-u sarayyň.

Ugrum bilmey, yoldan-yola azarkam,

Hup mekana, hup saraya sataşdym.

Saralmak (sa:ralmak) سارالمق – 1) sary bolmak, sary reňke öwrülmek; 2) bişmek; 3) gm. Horlanmak, gorkmak.

Kimi hakdan gorkup, reňňi saralyp,

Kimi dünyä kowar yüwürip, elip.

Sarartmak (sa:rartmak) سارارتمق – 1) saraltmak, sary etmek; 2) gm. Horlanmak.

Pakyrlar horlanyp, yüzün sarardyp...

Gamçysyndan ganlar saça başlady.

Sarahs (p.) سرخس – 1) bir hili ösümligiň ady; 2) er ady; ser. Saragt.

Sarahsyň arkasynda mejnun gurdy jadyny,

«bismilla» diyp çagyrdy, tapmady ustadyny.

Sarahsy merg bozar, merwi rik basar.

Sarban (p. Sa:rba:n) ساربان – ser. Sarwan.

Sarwan (p. Sa:r ba:n) ساربان – 1) düe çopany; düekeş, düe saklayan adam; kerwen başy. Iki sany «sar – düe» we «ban» dien sözlerden emele gelen at.

Göyä ki bir sarwan men, kerwen yzyn yitirgen,

Ugrum, yolum bilmeyin, yol üstünde oturgan.

Sarwanym azaşdy, dargady malym.

Sargarmak سارغارمق – 1) horlanmak, lagar düşmek, ejizlemek; 2) saralmak, peti gaçmak, yüz-gözi saralmak.

Niçeler yzynda sargaryp, solup.

Renj-u elem çekdim, tenim sargardy.

Sargartmak سارغارتمق – 1) saraltmak; 2) gm. Boyun burmak.

Magtymguly, haka tabşyr özüňni,

Her namarda sargartmagyn yüzüňi.

Sarkyt سارقيت – galyndy, iymitden iyilmän galan galyndy, iyilmän galdyrylan nahar.

Haram işden gaçar pirler,

Tilki sarkydyndan şirler.

Sarmak سارمق – saramak, dolamak, dolap almak, sarap daňmak.

Pelek bilegim towlap, çarhyna sardy meni,

Hyrydar gözi birle kim gelip gördi meni.

Sarp ı (a. Sarf) صرف – 1) harç, harç etme, yoyma; 2) ulanma, üytgetme; sarp etmek – harçlamak; ulanmak; yoymak.

Magtymguly, garap sözle daşyňy,

Jayyn bilip sarp et nany-aşyňy.

Sarp ederge jayyn tapmaz mal tapsa.

Sarp ıı (a. Sarf) صرف – morfologiya, grammatikanyň bir bölümi, ol sözleriň formasyny öwrenyär.

Sarpa (a. Sarfa) صرفه – 1) hatyra, hormat, abray; 2) peyda, nep, bähbit; köplük.

Ne agyr sarpadyr kaysy öwüçde,

Älem harap bolar niçe towuşda.

Amanat janyňa kylmagyl töhmet,

Sarpasy nedir, gel, sen imdi pähm et.

Sarsayyl (a. Sarsa:yyl) صرصائيل – köne düşünjelere görä, eriň eesiniň ady. Deryalaryň eesiniň ady bolsa karkayyldyr.

Magtymguly paş eyleseň syryň hem,

Eesi bar deryanyň hem, eriň hem.

Eriň begi bolsa sarsayyl atlyg,

Deryalar begi bar karkayyl atlyg.

Sarsmak صارصمق – 1) gymyldamak, oynamak, hereket etmek, titremek; 2) bozulmak, üytgemek; yranmak.

Gök opurlyp, daglar sarsar erinden,

Ysrafyl suruny çalsa gerekdir.

Sary ı (sa:ry) صارى – 1) tebigatda iň köp bolan reňk; kükürdiň we altynyň reňkine meňzeş reňk; 2) gm. Soluk, öçügsi.

Er göteren sary öküz,

Bilmen, niçe yaşyndadyr.

Sary ıı (sa:ry) سارى – tarap, ugur, yan; bizim sary – bize tarap.

Biziň sary öwrülmezmi, gelmezmi?

Jemalyň arz etse bir bizim sary.

Kararym yok oturmaga, turmaga,

Agzyn açyp durmuş er bizim sary.

Saryg (sa:ryg) ساريغ – sary, sary reňkli.

Altynjy gat gögi söylesem yatdan,

Ady refna, asly saryg yakutdan.

Sasy (sa:sy) صاسى – ser. Sasyg.

Sasyg (çagatayça sa:syg) ساسيغ//صاسى – 1) porsy, erbet ysly; 2) gm. Erbet, yaramaz adam; sasyg suw – porsy suw.

Naskeş iki jahanda bolmaz asla şadyman,

Burnundan zerdap ile sasyg suw akmyş her zaman.

Sasyk ساسيق – ser. Sasyg.

Sat (a. Sa:d) ص – ser. Sad ı.

Sataşmak ساتاشمق – 1) duşmak, tapyşmak, gowuşmak; 2) duçar bolmak, uçramak, sezewar bolmak.

Säher wagty seyran edip gezerdim,

Ajap menzil, gözel jaya sataşdym.

Satmak صاتمق – 1) bir zady puluň öwezinde bermek; 2) gm. Dönüklik etmek, hyyanat etmek.

Mal üçin ynjadyp gardaş-doganyň,

Az bildiň tylladan satyp, sowanyň.

Pelek bazarynda idigiň nana,

Adam ogly özün satmayyn galmaz.

Satyjy صاتيـجى - «satmak» sözünden; 1) satyan, alyjylara haryt satyan adam; 2) çalşyryan, öwüryän, çalşyryjy; satmakçy, satmakçy bolyan.

Aslyga dartadyr yüwrük, çamanlyk,

Yüwrükni çamanga satyjy bolma!

Safa ı (a. Safa:) – ser. Sapa ı.

Görerge safa men, taňyrga dilkeş,

Diwana hemdemim galandar bile.

Safa (a. Safa:) صفا – saud arabystanynda bir dagyň ady; ser. Safa we merwe.

Safa we merwe (a. Safa: we merwe) صفا و مروه – mekgäniň golayynda iki sany pesräk dagyň ady. Olaryň arasy dört yüz yigrimi metrden ybarat yol. Haja baran adamlar, däp boyunça, käbä togap edenlerinden soň, safa dagyna çykyp, şol erde käbä tarap bakyp, doga okayarlar, soň merwe dagyna tarap ylgayarlar. Şu amaly edi gezek tekrar edyärler. Muňa «safa we merwe» arasyna ylgamak däbi diyilyär. Bu däp araplaryň arasynda «jahylyet» («nadanlyk») döwründe-de berjay edilipdir. Şol döwrüň kanunyna layyklykda haja baryanlar şol daglaryň üstünde erleşdirilen «esaf» w «nayyla» atly iki sany buta ellerini sylmaly ekenler. «esaf» buty jurham kabylasyndan bolan esaf ibn ya’lanyň heykeli bolup, ol safa dagynyň üstünde erleşipdir. Nayyla buty-da şol kabyladan bolan zeydiň gyzy nayylanyň heykeli bolup, ol merwe dagynyň üstünde erleşipdir. Şol butlara çokunmagy ilkinji gezek perman beren emr ibn lahy hazayy bolupdyr. Araplaryň ynanjyna görä, esaf bilen nayyla käbäniň içinde pysk (bozgakçylyk) iş edipdirler. Şol sebäpli allatagala olary daşa öwrüpdir. Ilat bolsa köpçülige ybrat-görelde bolsun diyip, olaryň şol daş heykelini safa we merwe daglarynyň üstüne çykaryp goyupdyrlar. Emr ibn lahyyň zamanyndan başlap, şol iki heykele çokunmaklyk başlanypdyr, ilat gurbanlyk üçin eltyän goyunlaryny şolaryň yanynda soyupdyrlar. Bu yagday yslam dininiň döremegine çenli dowam edipdir. Muhammet pygamber mekgäni basyp alanda, ol iki buty döwdüripdir. Musulmanlar safa bilen merwe dagynyň arasynda ylgamak däbiniň «jahylyet» («nadanlyk») döwri bilen baglanyşykly bolany üçin, ol däbi erine etirmegi özlerine uslyp bilmändirler. Şonda allatagala tarapyndan «bakara» süresiniň 158-nji ayaty inyär. Şol ayatda bolsa, safa bilen merwäniň arasynda ylgamak däbi makullanyar.

Häzirki wagtda safa bilen merwäniň aralygy giň bir köçä öwrülip, haja barylyan döwürde ondan geçmek kynlaşyar. Şol aralygyň köp eriniň üsti basyrylgy, iki tarapynda bolsa uly dükanlar erleşyär.

Merwe sözüniň manysy «yaldyrawuk ak daş we çakmak daşy» diymekdir. Safa dagy abu kubays dagynyň dowamy we etegi, merwe dagy bolsa kynka’ dagynyň dowamy we etegidir. Safa sözi aslynda «arassa», «päk» dien manyny berip, bu erde «sap daşlar» diymegi aňladyar. Iki dagyň arasynda ylgamak safa dagyndan başlanyar.

Beytillanyň safa, merwe dagynda.

Aby-zemzem çeşmesi, safa, merwe arasy.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin