Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə39/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   72

Safakärlik (a-p-t. Safa:-gerlik) صفاكارليك – şadyyanlyk, ayşy-eşret, zowky-sapa sürmek; perwaysyzlyk, hiç zat perwayyna dällik.

Bilmedim sen kaysy bolduň belli bir iş tutmadyň,

Ne safakärlik bilen bolduň ne mollalyk bilen.

Safar (a.) صفر، سفر – ser. Sapar ı, ıı.

Safdar (a-p. Saf-der) صفدر – arapça «saff – hatar, sap» we parsça «deriden – böwüsmek, yyrtmak, parçalamak» sözüniň häzirki zaman düyp işligi bolan «der» sözünden emele gelen at; 1) hatary böwüsyän, yyrtyjy; 2) gm. Batyr, edermen; 3) hezret alynyň lakamlarynyň biri.

Ol şahy-safdar bildi,

Bir gökje kepder geldi.

Saftayyl (a. Safta:yyl) صفطائيل//صطفائيل – köne düşünjelere görä, bäşinji gat asmanyň perişdeleriniň iň ulusy; ser. Retka.

Safy (a. Safiy:, esfiya:) صفى – 1) päk, arassa, tämiz, garyndysyz; 2) saylanan, saylantgy, hemme zatdan arassa; 3) yhlasly dost, jana-jan dost, tüys yürekden dost; safy-ulla – 1) allanyň saylany; allanyň yhlasly dosty; 2) adam atanyň lakamy.

Keremiňden ykbalyma dest bergil,

Owwal adam safy-ulla haky üçin.

Toprak alnyp edi erden,

Adam safy-ulla boldy.

Safy-ulla (a. Safiy-alla:h) صفى الله – ser. Safy.

Saha (a. Saha:) سخا – sahylyk, jomartlyk, eli açyklyk, berimlilik.

Wepa yok binamazlarda, haya yok,

Saha yok, binamazlarda safa yok.

Sahaba (a. Saha:be, bs. Sa:hib we saha:bi:) صحابه – muhammet pygamberi gören onuň yaranlary we egindeşleri. Şolardan abu musa abdylla al-aş’aryny, abdylla ibn mesgudy, ibn abbasy, mykdad ibn emri, abu hurayrany we başgalary görkezmek bolar. Sahaba sözi aslynda köplük sanda bolsa-da, dilimizde birlik san manysynda ulanylyar. Bu söz «eshap» bilen sinonimdir.

Sünnileriň arasynda sahabanyň mertebesi örän yokarydyr. Sahabanyň sözi dini meselelerde «kurúandan» soňra iň ygtybarly çeşme hasaplanyar. Emma şygalar (şayylar) olara yigrenç we duşmançylyk bildiryär, çünki olar sahabany dört halyfanyň biri bolan hezret alynyň hem-de onuň maşgalasynyň hak-hukugyny ayak astyna almakda ayyplayarlar.

Hezreti-pygamber tutup golumdan,

Sahabalar bilen gowşan günler hey!

Ulug-kiçi sahaba,

Yygylmyşdy hem bary.

Sahaby (a. Saha:bi:, ks. Esha:b we saha:be) صحابى – muhammet pygambere iman getirenden soň, onuň bilen duşuşan we musulman halatynda aradan çykan adam; ser. Sahaba.

Sahawat (a. Saha:wet) سخاوت – sahylyk, jomartlyk, kerem, berim, eli açyklyk, bagyşlama.

Baylar baglap sahawatyň gapysyn,

Köpelder tamugyň möyün-apysyn.

Halayykda görelde yok, görüm yok,

Baylarynda sahawat yok, berim yok.

Saht (p.) سخت – 1) gaty, berk; 2) kyn, müşgil, çetin; 3) güyçli, kuwwatly; mäkäm, örän; 4) bahyl, husyt; saht seňistan – gaty daşlak er.

Mynapygyň köňli saht seňistandan,

Ähli-kanyg meňzär bahry-ummana.

Diydim gökden agyr, erden mert nedir?

Deryadan bay nedir, daşdan saht nedir?

Saht seňistan (p. Saht sengista:n) سخت سنگستان – ser. Saht.

Sahty-dil (p. Saht-dil) سخت دل – 1) doňyürek, daşyürek, 2) gm. Rehimsiz.

Sahty-dil kükregi hergiz boş bolmaz,

Her niçe şatlansa, köňli hoş bolmaz.

Sahy (a. Sahy:) سخى - jomart, eli açyk, berimli; sahylar yhsany çün - jomartlaryň yagşylygy üçin.

Sahylar şat bolar myhman gelende,

Sahylar yhsany çün,

Şehitleriň gany çün.

Sahyby-zülpükar (a. Sa:hib-e zulfika:r) صاحب ذوالفقار – ser. Sahyp.

Sahyby-kär (a-p. Sa:hib-e ka:r) صاحب كار – ser. Sahyp.

Sahyby-mansap (a. Sa:hib-mansab) صاحب منصب – ser. Mansap we sahyp.

Sahyp (a. Sa:hib, ks. Esha:b) صاحب – 1) ee, hojayyn; 2) yokary wezipedäki şahs; 3) dost, yar, söhbetdeş; 4) sahaba (ser.), muhammet pygamberiň yaranlary.

Ülkede sahyp bolmasa,

Arbaplar emire döner;

Sahyp jemal – gözellik eesi, görkli, görmegey, owadan; ser. Jemal.

Yusup sahyp jemal yakup oglunda,

Ajyz galdy gardaş-dogan elinde;

Sahyby-zülpükar – 1) zülpükaryň eesi; 2) hezret alynyň lakamy.

Ol şiriperwerdigär,

Ol sahyby-zülpükar;

Sahyp-kemal – kemal eesi, akylly, parasatly.

Bir akyl sahyp kemalyň goly birle iş tutan;

Sahyby-kär – iş eesi, häkim.

Öwlady-sufyandan ady kamyşa (?),

Ispyhany bir sahyby-kär harap eylär;

Sahyby-mansap – 1) dereje we çin eesi; yokary derejeli, yokary orunly, yokary çinli; 2) ofiöer.

Eger çendi bolsaň sahyby-mansap;

Sahyp usul – kanun eesi; ygtyyarly, asylly; mylayym.

Oşol demde gaydyp gelmiş resula,

Habaryn söylemiş sahyp usula.

Sahyp kemal (a. Sa:hib-kema:l) صاحب كمال – ser. Sahyp.

Sahyp usul (a. Sa:hib-osu:l) صاحب اصول – ser. Sahyp we usul.

Sahyp şejagat (a. Sa:hib-şeja:’at) صاحب شجاعـت – ser. Şejagat.

Sahypjahan (a-p. Sa:hib-jaha:n) صاحب جهان – 1) dünyä eesi, älemiň eesi, dünyä höküm süryän; 2) patyşa, hökümdar; 3) gm. Söygüli, magşuk.

Her kimsäge bagş edip sen yagşy-yaman bir güli,

Ol güllerden gayry bizge sahypjahan gerekmes.

Sahypjemal (a. Sa:hib-jema:l) صاحب جمال – 1) owadan, gözel, görmegey, görkli; 2) gözellik eesi; 3) gm. Söygüli; 4) şahyr «gördüňmi?!» dien goşgusynda bu söz arkaly muhammet pygamberi aňladyar.

Yagty salar gider zulmat tününde,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?!

Magtymguly uyalar,

Meniň sahypjemalym.

Sahypzaman (a. Sahib-az-zama:n) صاحب الزمان – 1) zamananyň eesi, döwrüň eesi; 2) patyşa, hökümdar; 3) hasan esgeriniň ogly muhammediň lakamy, şayylaryň on ikinji ymamy. Onuň künúesi abulkasym, başga bir lakamy mähdi (mäti). Ejesiniň ady nerjis. Ol ıx asyryň ikinji yarymynda, şagban ayynyň on bäşinde dogulyar. Dini rowayatlara görä, ol yaşlykdan gayyp bolup, häzir hem diri we bir erlerde gizlinlikde yaşap yörenmiş, göyä kyyamatdan öň peyda bolup, eriň yüzünde doly adalatly durmuş berkarar etjekmiş. Onuň huçjat ymam al-muntazar, ymam gayyp, ymam asyr dien lakmalary-da bar.

Zaman ahyrynda geler hyruja,

Ya sahypzamana, bagyşla bizni.

Mutyg oldy jümle älem,

Şeyle sahypzaman oldy.

Sahypkyran (a. Sa:hib-kyra:n) صاحبقران – 1) bagtly, ykbally, sähetli gün eneden bolan; 2) dabaraly, güyç-kuwwatly uly patyşalaryň epiteti; 3) zöhre yyldyzy bilen müşteri yyldyzynyň biri-birine gabat gelyän mahalynda doglan (şol wagtda doglan çaga bagtly bolyar hem-de uly mertebä etyärmiş dien düşünje bar); 4) emir teymiriň we başga-da käbir patyşanyň tituly; şahy-sahypkyran – bagtly patyşa, sähetli gün doglan şa.

Ne gulgula hem diwanlar guruldy,

Ança şahy-sahypkyran geçipdir.

Çawy düşüp hytay bile hotanga,

Bir emiri-sahypkyran yaratdy.

Saçmak ساچمق – 1) yayratmak, sepmek, seçelemek, pytratmak; 2) saygarmak, aňmak, saylap bilmek.

Magtymguly many saçar,

Her kim söz lezzetin içer.

Okyr men, görer men pöwzül-kelamy,

Manysyny saça bilmen, neyläyin.

Saçynmak ساچـيـنـمـق – 1) yayratmak, sepmek; 2) gm. Özüňe hayyr gazanmak; tohum saçynmak – gm. Oňat iş etmek, sogap gazanmak.

Dünyä ahyrъetiň keşti-käridir,

Tohum saçynawer, näge yatyp sen.

Saúy (a. Sa’y) سعى – ser. Sagy.

Sayka (a. Sa:’yka) صاعقه – yyldyrym; gök gürläp, yyldyrym çakmagy netijesinde döreyän ot.

Rum şäherni eylär sayka harap,

Emeni howlaç yykar, müsüri akrap.

Saya (p. Sa:ye) سايه – 1) kölege; 2) gm. Hemayat, yardam; saya dönmek – kölege geçmek, günortadan soň bolmak, gün agmak.

Bedasyl beg gullugynda galynçaň,

Asyl begiň sayasynda kül bolgul!

Wagt geçdi, saya döndi.

Beren nanyň saya bolsa gerekdir.

Sebat (a. Seba:t) ثبات – 1) subut etmek; 2) berkarar bolmak; durnuklylyk görkezmeklik.

Isa waspyn «injil» eyledi sebat,

Muhammet şanynda «furkan» yaratdy.

Sebze (p.) سبزه – 1) yaşyl, täze biten gök-yaşyl reňkli ösümligiň reňki; 2) maysa, gyrtyç, täze biten gök ösümlik; 3) yaşyl reňkli bir kysym kişmiş; sebze hylgat – yaşyl halat, yaşyl don.

Gara erden yaşyl sebze gögerdip,

Her agaçdan dürlük miwe çykardyp.

Dok dokuşar sebze hylgat geymäge.

Sebze içre sandywaç yüz tilde kylar äheň.

Sebze hylgat (p-a. Sebz-hyl’at) سبز خلعت – ser. Sebze.

Sebzebaz (p. Sebze-ba:z) سبزه باز – yaşyl geynen, yaşyl geyimli.

Bir dört atly geldi, bary sebzebaz,

Asalary yaşyl, aty teblebaz.

Sebzezar (p. Sebze-za:r) سبزه زار – 1) gök, gök gyrtyçly er, gök-yaşyl öwüsyän er, gök oty köp er, köp otly er; 2) çemenlik, yaşyllyk.

Zemin sebzezar olup, teninden ayrylar zeň,

Jünbendeler mest olup, göyä içmiş arak beň.

Sebzepoş (p. Sebze-pu:ş) سبزه پوش//سبزپوش – yaşyl geynen, gök örtünen. «sebz – gök, yaşyl» we «puşiden – geymek» işligini häzirki zaman düyp işligi bolan «puş» dien sözlerden emele gelen goşma at; ser. Poş.

Ol dördüň biri bar, mydam sebzepoş,

Kellesi buzdandyr, ayagy otdan.

Sebi (a. Sabiy:) صبى – ser. Saby.

Niçe mursal geçdi, niçe müň nebi,

Niçe balyg geçdi, niçe müň sebi.

Sebiz (p. Sebz) سبز – yaşyl; gök; täze biten gök otuň reňkindäki her bir zat.

Yaşyllar, sebizler, reňbe-reň güller,

Bir pasyl açylan yaza myhmandyr.

Sebükbar (p. Sebok-ba:r) سبكبار – 1) yüki eňil; 2) asuda; rahat, dynç; 3) şady-horram; 4) arassa, päk; 5) gm. Başy boş (erkek ya-da ayal).

Şazadalar guwanjy,

Diyban, tutdy sebükbar.

Sebäp (a. Sebäb, ks. Esba:b) سبب – asyl manysy yüp, tanap diymekdir; 1) bir zadyň, wakanyň yüze çykmagyna esas bolyan zat; delil; 2) bahana, mynasybet; 3) aruz ölçeginde şygryň iki harpdan ybarat bölegi.

Bu jahanyň sermayasy, ryzk sebäbi, hak sayasy,

Er diregi, gök payasy, derwüşleriň dogasydyr.

Sebäpkär (a-p. Sebäb-ka:r) سبب كار – sebäp bolyan, bir işe sebäp bolyan zat ya-da adam.

Ygtykat etse halal diyip, dini-yslamdan geçer,

Dini-yslamdan geçerge bir sebäpkärdir çilim.

Sewili سويلى – ser. Söyli.

Seg (p.) سگ – it seg ogly – it ogly (sögünç.

Seg bolupdyr, gören ilin dalady.

Pir bolup, peş orap, betpäl seg ogly.

Tilki özün gurt biler,

Garsak özün seg sayar.

Segparaz (p. Seg-perest) سگ پرست – ite çokunyan, ite sygynyan.

Etmiş iki millet gömer ölüsin,

Segparaz milleti läşi yandyrar.

Segremek سگرمك – 1) oynamak, gymyldamak; 2) joşmak, heyjana gelmek; 3) ylgamak, çalt hereket etmek; bökmek.

Şerap içip, serhoş bolup segresem,

Ganym janyn gyyym-gyyym dograsam.

Görogly dek sen segreyip,

Gyzyban her dem gopmaz sen.

Segretmek سگرتمك – 1) ylgatmak, yortdurmak, çalt ädim etdirmek; 2) bökdürmek; oynatmak.

Başa baglap diwananyň kemendin,

Segretdim, etişdim yşkyň semendin.

Sed (p. Sad) صد – ser. Sad.

Sed aperin (p. Sed-a:feri:n) صد آفرين – ser. Aperin.

Sed syyasat (sad-siya:set) صد سياست – ser. Syyasat.

Seda (a. Seda:ú) صداء – ses, owaz, üyn; gykylyk, galmagal; bisöwt-u seda – sessiz-üynsüz.

Köňül aydar gedaga,

Säher tursam sedaga.

Sözleseň bermez seda, söylemeseň, raz eyleyir.

«şypa ber, resul!» diyp, seda etişse.

Sejde (a.) سجده – 1) maňlayy ere goymak; namaz okalyan wagtda ya-da beyik mertebeli bir şahsyete boyun egijilik bilen hormat edilyän mahalda maňlayy ere goymak; 2) gm. Çokunma, ybadat etme; gulluk etme; sejde kylmak (etmek) – egilip, maňlayy ere goymak.

«kurúany» köydürip, butga kyl sejde.

Niçäniň sejde jay alnyna degmez.

Öz suratyn görüp, bäş sejde kyldy.

Sejde kylmaklykdan iba eyledi;

Sejdä goymak – baş egmek; başyňy ere goymak; namaz okamak.

Başyn sejdä goyar, galmaz zeminden,

«gal» diyp hakdan perman bolsa gerekdir.

Sezewar (p. Seza:wa:r) سزاوار – 1) layyk, yaraşykly, mynasyp; 2) duçar; sezewar bolmak – 1) mynasyp bolmak; 2) duçar bolmak, uçramak.

Pähm ediň, her erde bir päli azan,

Yowuz musallata sezewar bolar.

Seyik سيـيـك – 1) döwlen süňküň gapdalyndan goyulyan gamyş ya-da tagta bölegi; 2) gm. Kömek, yardam.

Mergenlere seyik bolar,

Barsaň, hasar dagyndadyr.

Seyit (a. Seyyid, ks. Sa:da:t) سيّد – 1) jenap, hojayyn, aga; beg, başlyk, öňbaşçy, serwer (ser.); 2) muhammet pygamberiň nesli. Muhammediň özi entek dirikä, onuň üç ogly we üç gyzy yaşlykda aradan çykyarlar. Diňe patma atly gyzy galyar. Ol hezret ala durmuşa çykyar. Muhammediň patma bilen alydan önen nesline seyit diyilyär. Soň şayy (şyga) mezhebiniň rowaçlanmagy we alyny hormatlamaklygyň güyçlenmegi bilen seyitler ayratyn gatlaga öwrülyärler we çuň hormata mynasyp bolyarlar. Seyitlere girdejiniň bäşden birini (humsuny) bermek däbe öwrülyär. Şeylelikde, olar kem-kemden ilatyň hasabyna yaşayan topara öwrülyärler we köp baylyk toplayarlar. Häzirki zamanda olaryň abrayy pese düşdi; seyyidi hatmy-resul – pygamberleriň iň soňkusy; muhammet pygamber; 3) hatam şahyryň lakamy.

Hoja, seyit, beg-u hanlar,

Ahyrsoňy ölejekdir.

Garakçymyň, ya seyitmiň, hojamyň?

Istyganat kyl aňa, ya seyyidi-hatmy-resul.

Seyyidi-hatmy-resul (a. Seyyid-e hatm-e resol) سيد ختم رسل – ser. Seyit.

Seyyit (a. Seyyid) سيّد – ser. Seyit.

Seykin (p. Sengi:n) سنگين – 1) agyr; 2) agramly, saldamly; 3) daşdan bolan; seykin basmak – saldamly ädim ätmek, sallanyp yöremek.

Näzli yarym seykin basyp.

Seyl (a. Seyr) سير – 1) gezme, tomaşa etme; 2) gitme, hereket etme, yöreme; gezelenç; seyl etmek – gezmek; tomaşa etmek.

Gezme dünyä meyil edip,

Bihuda erde seyl edip.

Jahanda näler görüner.

Seypelmelek (a. Seyf-al-molu:k) سيف الملك – orta we yakyn gündogarda giňden yayran «seypelmelek-medhaljemal» atly dessanyň baş gahrymany. Bu eseriň asyl çeşmesi halk döredijiligi we araplaryň «müň bir gije» ertekileridir. Dessanda şazada seyfulmulugyň (seypelmelegiň) şazada gyz badyguljemala (medhaljemala) bolan söygüsi hakda gürrüň gidyär. Bu temada xwi asyr özbek şahyry mejlisi «kyssayy-seyfulmuluk» atly dessan yazypdyr. Xwiii asyrda bolsa türkmen şahyry gurbanaly magrupy «müň bir gijäniň» we mejlisiniň eseriniň täsiri astynda özüniň «seypelmelek-medhaljemal» dessanyny döredipdir. «kyssayy-seyfulmuluk» özbek, tatar, täjik, gyrgyz, garagalpak, uygur edebiyatynda-da bar. Bu eser 1807-nji yylda çagatay dilinde gazanda neşir edilipdir. Gazak dilindäki wariantynyň biri w.w.radlow tarapyndan peterburgda 1870-nji yylda neşir edilipdir. Soň ony yusup beg şyhyslamow gazanda 1903-1908-nji yyllarda neşir etdiripdir. 1914-nji yylda-da seyit gereyiň şygyr bilen yazan gazak dilindäki «kyssayy-seyfulmulugy» gazan şäherinde neşir edilipdir.

Seypelmelek mahjemaly,

Söen dek söymüşem seni.

Perhat şirin bilen döwran sürmedi,

Seypelmelek gayra köňül bermedi.

Seyr (a.) سير – türkmençe «seyl» şekilinde hem ulanylyar; 1) gezme, tomaşa etme, gezelenç etme; aylanma; 2) syyahat etme; seyr etmek – gezmek, seyl etmek, syyahat etmek; seyre gezmek – hereketde bolmak, aylanmak, gezelenç etmek, aylanyp durmak.

Seyr edip bardym pelege, lamekana ugradym.

Seyr eden dokuz pelek asmany sen-sen, ey peri.

Mydam seyre gezer ol dört deňi-duş,

Bolar andan jümle älem yüzi hoş.

Seyram (seyra:m) سيرام – gazagystanyň orta asyrdaky iri şäherleriniň biriniň ady. Ol çimkent şäheriniň on iki kilometrliginde erleşyär. Mahmyt kaşgary «diwany-lugat-at-türk» atly eserinde ony esfijap diyip atlandyrypdyr. Xw-xwiii asyrlarda gazak hanlyklarynyň döwründe seyram uly söwda we dini merkez bolupdyr.

Hyrka geen hoja ahmet,

Seyramdadyr-seyramda.

Seyran (a. Seyra:n) سيران - «seyr» sözünden; 1) gezme, gerdiş (ser.), gezelenç, seyl etme; 2) tomaşa etme, seredip gezme; seyran eylemek (etmek, kylmak) – tomaşa etmek, gezmek, seyl etmek.

Säher wagty seyran edip gezerkäm,

Ajap menzil, ajap jaya sataşdym.

Seyran etsek niçe deň-u duş bile.

Perwaz eyläp, seyran etdim dünyäni.

Seyyar (a. Seyya:r) سيّار – ser. Nasr seyyar.

Sekwan (p. Sekwa:n) سكوان//سكاوند – taharystanyň balh bilen gaznanyň yolunda, häzirki owganystan respublikasynyň paytagty bolan kabul şäheriniň demirgazyk-günbatarynda erleşen bamyyan şäheriniň garamagynda bolan bir eriň ady. Onuň mäkäm galasy bolupdyr.

Lahurda, sekwan, kabul şährinde,

Jepa çekip, dinin açdy muhammet.

Sekiz arş (t-a.) سكز عرش – sekiz asman; asmanyň iň beyik eri.

Sekiz arşy göteren

«la ilaha!» werz dälmi?

Sekiz jennet (t-a.) سكز جنت – dini düşünje boyunça, «ol dünyäde» bolan sekiz behişt. Olaryň atlary şulardan ybarat: 1) huld; 2) daryssalam; 3) darylkarar; 4) adn; 5) jennetil-mäúwa; 6) jennetun-nagym; 7) ylliyin; 8) firdöws. Bular hakda döwletmämmet azadynyň «behiştnama» atly eserinde gürrüň berilyär.

Bil, nirde yaratdy sekiz jenneti,

Niçe binasy bar, niçe kümbeti.

Sekiz mekan (t-a. Sekiz meka:n) سكز مكان – sekiz jay. Ähtimal şahyr bu erde mekge we medinedäki metjitleri hem-de zemzem guyusyny ya-da sekiz behişdi göz öňünde tutyan bolsa gerek.

Zamana yakyn gelende, er-gögi suw alanda,

Alladan gayry ölende, ol sekiz mekan gitmezmiş.

Sekiz melek (t-a. Sekiz melek) سكز ملك – sekiz perişde. Olar aşakdakylar: 1) jebrayyl; 2) ysrafyl; 3) azrayyl; 4) münker; 5) nekir; 6) mikayyl; 7) keramiyl-kätibeyn (iki sany).

Gök göteren sekiz melek,

«la ilaha!» dilegidir.

Sekiz uçmah (sekiz uçma:h) سكز اوچماخ//سكز اوچماق – ser. Sekiz jennet.

Mesgeni mekge, medine, sekiz uçmah lälesi,

Her sözüň yzynda yüz müň gumry, bilbil nalasy.

Sekiz haywan (t-a. Sekiz haywa:n) سكز حيوان – musulmanlaryň düşünjesi boyunça, «ol dünyäde» behişde barjak sekiz haywan. Olar aşakdakylardan ybarat: 1) muhammet pygamberiň byragy; 2) hezret alynyň düldüli; 3) eshaby-kähfiň iti; 4) salyhyň düesi; 5) ysmayylyň goçy (goyun); 6) ybrahymyň glesi (sygyr); 7) süleymanyň bylkysa yollan ilçisi – hüthüt; 8) garynja (käbir çeşmelerde balyk, keyik, geçi, pil hem diyilyär).

Sekiz haywanyň mesgeni,

Diyrler: jennet bulagydyr.

Selaset (a. Sela:set) سلاست – hoşgylyk, yumşak häsietlilik, yumşaklyk; 2) eňillik, aňsatlyk; 3) çeper sözlülik.

Hoja, seyit selasetli,

Pakyrlara delalatly.

Seljermek سلجرمك – saygarmak, tapawutlandyrmak, ayyl-sayyl edip bilmek, parhlandyrmak.

Seljerer men indi agy-garany,

Dost, rakyp, gardaşym, haky, yarany.

Selim magtym (a. Seli:m mahdu:m) سليم مخدوم – döwletmämmet azadynyň doganynyň ady.

Atamyň dogany selim magtymyň,

Goysalar, giderin yany biläni.

Selim hoja سليم حوجه – ser. Eslem i.

Selim şa (a-p. Seli:m şa:h) سليم شاه – 1) osmanly patyşalarynyň üçüsiniň ady. Olaryň birinjisi osmanlylaryň dokuzynjy, ikinjisi on birinji, üçünjisi-de yigrimi sekizinji patyşasy bolyar. Bulardan soltan mustapanyň ogly selim üçünji (1761-1808) agamuhammet hanyň we fathaly şa gajaryň döwürdeşi bolup, magtymgulynyň ömrüniň soňky yyllarynda patyşalyk edipdir. Ol kakasyndan soň 1203-nji hijri (1788-9) yylynda 27 yaşynda tagta çykyar; 2) selim şa ibn şir şa hindistanda patyşalyk eden owganlardandyr. Ol dokuz yyl alty ay höküm sürüpdir.

Sanjar han, selim şa, edi welini,

Biri zähra on iki ymamy gördüm.

Selle (a.) سلّه – 1) musulman ruhanylarynyň kellelerine orayan uzyn matasy (ak, gara, yaşyl), peş, ammama; 2) sebet, miwe salmak üçin agajyň näzik şahalaryndan yasalyan gap; selle baglamak – peş geymek.

Magtymguly, başa baglap selleler.

Selle baglap başyna aç böri sopy-pirler.

Sellemek سلله مك – 1) alňasamak, alada etmek; agtarmak; 2) sergerdan bolmak.

Selläp gezer deşte malyn gaçyran.

Selman i (a. Selma:n) سلمان – selman parsy. Muhammet pygamberiň iň yakyn sahabalaryndan biri. Onuň asyl ady ruzbeh. Ol ispyhanda doglupdyr, ilki zerdoşt dininde bolup, soň hristian dinini kabul edyär. Rowayata görä, medinede muhammet pygamber ony osman ibn eşhel atly bir ewreyden satyn alyp azat edyär. Selman yslam dinini kabul edyär. Muhammet oňa selman al-hayr dien ady dakyar. «hendek» («garym») urşuna gatnaşyar, şonda selmanyň teklibi boyunça medine şäheriniň daşyna hendek (garym) gazylyar. Netijede duşmandan üstün çykylyar. Hezret omaryň halyfalyk eden döwründe selman medayynyň häkimligine bellenyär hem-de hezret osmanyň zamanynda 35-nji hijri (655-656) yylynda şol erde aradan çykyar.

Selim, baba selman buyurdy merde,

Pyyalany tutup, saldylar derde.

Selman ii (a. Selma:n) سلمان – 1) osmanly we eyran şahyrlarynyň birnäçesiniň ady, olar esasan xiw-xwi asyrlarda yaşapdyrlar; 2) selman parsydan başga dört sany sahabanyň ady. Olaryň doly atlary: selman ibn semama (?) Al-jagfy; selman ibn halyd al-haza’y; selman ibn rabiga al-bahyly (meşhur ady selman al-hayl), selman ibn amyr al-zaby. Bular pygamberiň döwründe küwfede, medayynda, basrada, şamda, rykgada yaşapdyrlar. Geçmişde selman atly başga-da ençeme adam bolupdyr.

Sowuldy rüstemler, selmanlar, şirler.

Selman ogly dawut älemde sürdi.

Selsebil (a. Selsebi:l) سلسبيل – 1) süyji we akar suw; 2) süyji şerap; 3) dini düşünje boyunça, behiştde bir fantastiki çeşmäniň ady.

Seyr etdi selsebil, zenjebil bile,

Köwser arygyndan içdi muhammet.

Sem i (a. Somm) صُمّ – ker, lal; güň; sem bolmak – 1) ker bolmak, lal bolmak; ümsüm bolmak, geplemän oturmak.

Bildigiňçe mydam yagşy sözlegil,

Yagşy söz tapmasaň, otur sem bolup.

Sem ii (a. Semm, ks. Somu:m) سمّ – zäher, awy.

Sema (a. Sema:, ks sema:wa:t) سماء – 1) gök, asman, pelek; 2) öyüň we her bir zadyň yokarysy, üçegi; suyy-sema – asmana tarap; asman tarapy.

Köňül turar, «huw!» diyr suyy-semaga,

El üzsem diyr, köwüş, muze, peşimden.

Isa kibi hylwat tutsam semada,

Idris kibi gulluk etsem zyyada.

Semawat (a. Sema:wa:t, bs. Sema:) سماوات – ser. Sema.

Semag (a. Sema:’) سماع – 1) eşitme, diňleme; eşidilme; eşitmek; 2) yakymly ses; aydym; 3) şatlyk, şadyyanlyk.

Semengan (p. Semenga:n) سمنگان – magtymgulynyň ençeme diwanlarynda duş gelyän «eyyamy gördüm» atly goşgusynda şeyle bent bar:

Karun bu dünyäni aldy mal bilen,

Iblis asy boldy, gelmez yol bilen,

Semengan şährinde batyr zal bilen,

Döw bilen jeň salan rüstemi gördüm.

Görşümiz yaly, beyik şahyr şu dört setirde üç sany uly takyk wakany – karunyň nädip dünyä malyna ee bolandygy, iblisiň (şeytanyň) günä iş edip, allatagalanyň gahar-gazabyna uçrandygy, şeyle hem batyr zal bilen bilelikde, rüstem päliwanyň döw bilen urşandygy hakda yatlanyp geçilyär. Elbetde, bu wakalaryň her biri ayratyn düşündiriş talap edyär. Yöne biz bu erde diňe soňky waka we semengan hakda gysgaça durup geçmek isleyäris, çünki bu at neşirlerde nädogry düşündirilipdir.

Semengan ady sözlüklerde we käbir taryhy we edebi çeşmelerde iki eriň ady hökmünde gabat gelyär. Bir eyran yslam jemhuryetiniň häzirki horasan welayatynyň merkezi maşadyň 96 kilometr golayynda, jam etrabynda erleşyän oba. Ikinjisi taharystanda bir şäheriň ady (arap çeşmelerinde semenjan formasynda gabat gelyär). Taharystan owganystanda balh bilen badahşanyň aralygynda erleşyän bir welayatyň ady bolup hem gelyär. Semengan şäheri häzirki wagtda eybek atlandyrylyar.

Sasanylar döwründe, soň araplaryň, bu yurdy basyp alan wagtlarynda, ol amyderyanyň kenarlaryndan tä hindiguş daglaryna çenli giňişligi öz içine alypdyr.

Şu sebit araplaryň hüjüminden soň, şolaryň eline geçyär, birnäçe wagtdan soň bolsa gurylaryň (bamyyanlaryň) hökümetiniň bir bölegi bolyar. Taryhçylaryň çaklamagyna görä, taharystan ady wii hijri (xiii milady) asyrdan soň ulanyşdan galypdyr.

Balhyň we baglanyň aňry tarapyndan bolan semenganyň ady firdöwsiniň «şanamasyndaky» rowayatda-da görkezilyär. Şol rowayata görä, rüstem öz yitiren aty rahşy agtaryp şol ere baryar we eržeňg döw bilen göreşip, ony eňyär, soň semengan patyşasynyň gyzy tähmine rüsteme aşyk bolyar, netijede, rüstem oňa öylenyär. Rüstem yzyna gidenden soň, tähmineden bir ogul dogyar, oňa suhrap at goyyarlar. Ol uyalyp, meşhur päliwan bolup erleşyär. Ençeme yyldan soň suhrap turanylar tarapynda bolup, eyran-turan urşunda öz kakasy rüstem bilen uruşyar, yöne olar biri-birini tananoklar. Netijede suhrap rüstemiň hanjaryndan ölyär. Boljak iş bolandan soň, rüstem suhrabyň geyim astyndaky golbagyny görüp, ony tanayar, emma giç bolyar. «şanamada» bu hakda yörite dessan bar.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   35   36   37   38   39   40   41   42   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin