Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə40/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   72

Şeylelikde, magtymgulynyň yatlan wakasynyň aňyrsynda uly dessan bar, özi-de bir tarapy, şahyryň belleyşi yaly, şol semengan şäheri bilen baglanyşykly. Şoňa görä, şahyryň yygyndylarynda şol sözüň gelyän setirleriniň:

Namangan şährinde batyr zal bilen,

Döw bilen jeň salan rüstemi gördüm, -

Şekilinde berilmegi düypden nädogrudyr, çünki, namangan şäheri özbegistanda erleşyär we rüstemiň ol ere baryp, döw bilen urşandygy hakda hiç hili maglumat yok. Galyberse-de, yatlanan yygyndynyň çykgydynda «senegal şäherinde dien nusga hem bar» diylip berilmegi-de yapa degenok. Göçürijileriň goyberyän görnetin, hatalaryny suratlandyrmak ne neşir edijilere, ne-de okyjylara hiç hili peydasy yok bolsa gerek.

Semender (p.) سمندر – alaka meňzeş mifiki bir janawaryň ady. Ol ataşkedelerde (zerdoştylaryň içinde ot yakylyan ybadathanalarynda) bolyarmyş. Göyä otdan çykan badyna ölyärmiş. Bu söz aslynda «samandar» bolup, onuň manysy «oduň içinde» diymekdir. Çünki pars dilinde «sa:m» diymek «ot» we «ender» diymek-de «içinde» dien manyny aňladyar; rusçasy: samandra. Bu haywanyň derisinden telpek we başatgyç tikipdirler. Şular kirlän mahaly oda taşlananda, göyä, kiri yanyp, arassa bolyarmyş. Käbir sözlüklerde «semender» guşuň ya-da ganatly bir haywanyň ady, özi-de otda yanmayar diylip düşündirilyär. Bu söze arap dilinde-de «semekder» diyilyär.

Çekdigim naladyr, yüregim gamkeş,

Höregim ataşdyr semender bile.

Degirmen dey baňňyr men, semender dey ataşhor,

Yandym, bişdim, ya dostlar, örtendim, eda boldum.

Sement (p. Semend) سمند – 1) dor at, gyzyl bilen boz aralygyndaky reňkdäki at; 2) yyndam at; 3) peykamly ok.

Başa baglap diwanalyk kemendin,

Segredip etişdim yşkyň semendin.

Semer i (a. Semer, ks. Sima:r) ثمر – 1) miwe, hasyl, iymiş; nesil; netije, peyda, nep. Bu söz şu görnüşde köplük san aňlatsa-da, ol ene-de köplük san goşulmasyny kabul edip, «esma:r» şekilinde hem ulanylyar; semer almak – netije almak, peyda görmek.

Amalsyz alymlar bagdyr semersiz,

Yagmaz bulut – asylardyr habarsyz.

Şejerler gögerip, semer, gül berdi.

Sagy kyl, algyl bahar-u payyzy-hakdan bir semer.

Semer ii (a. Semer, ks. Esma:r) سمر – 1) gije; gijäniň garaňkysy; 2) gije aydylyan erteki; erteki; 3) gije erteki aytmaklyk; 4) dünyä, döwür, asyr; 5) gm. Söz.

Kehkeşana çykyp dürli semerler,

Müň dürli miweler, horram şejerler.

Sena (a. Sena:) ثناء – 1) öwgi, magtama, taryplama, wasp etme, hormat bilen taryplama; 2) doga, alkyş, şükür etme; senaly – dogada, şükür edyän, alkyş aydyan.

Erden çykan agaçlar,

Tili senaly guşlar.

Turaç tili senada,

Ördek tili dogada.

Senayyg (a. Sena:yi’, bs. San’at) صنايع – ser. Sungat.

Senaly (a-t. Sena:-ly) ثنالى – ser. Sena.

Senem (a., ks. Esna:m) صنم – 1) but, butparazlaryň çokunyan yasama hudayy; 2) gm. Söygüli, magşuk; gözel; yar; 3) gyza dakylyan at; zyba senem – görmegey magşuk, owadan söygüli, gözel gyz.

Badam gabak, alma yaňak,

Bir zyba senem islärin.

Üç yüz altmyş senem käbede öldi,

Yslam dini soňra kuwwatly geldi.

Senet i (a. Sened, ks. Esna:d) سند – ynanylyan zat, biriniň bergi ya-da algysyny belleyän yazgy; delil, dayanç; 2) subutnama; dokument; 3) awtoritet, awtoritetli çeşme ya-da adam.

Sözi senet boldy, galdy dillerde.

Senet ii (a. San’at, ks. Sana:yy’) صنعت – hünär, kär, iş, pişe; senet sewa – başga hünär, başga iş, ayry kär.

Magtymguly, binowa,

Özlemez senet sewa.

Senet sewa (a. Sened sewa:) صنعت سوا – ser. Senet ii.

Senjap i (p. Senja:b) سنجاب – 1) pişikden kiçiräk uzyn we gür tüyli uzye guyrukly gemiriji janawar. Onuň reňki mawy we kül reňk, derisi-de yumşak we nepis. Ol köplenç tokaylarda we agajyň üstünde yaşayar. Ony derisi üçin awlayarlar awysiydik; 2) awysiydigiň derisi; 3) awysiydigiň derisinden tikilen geyim, don; senjap jüpbesi – senjam (kül reňkli awysiydik) derisinden tikilen üstki don.

Magrur olma senjabyňa, samryňa,

Ajal dodagyny goymuş damryna.

Ussa jafar işi, senjap jüpbesi,

Ispyhanda gurlan yayy gözel sen.

Senjap ii (p. Senja:b) سنجاب – mawerannahrda (ser.) Gadymy bir şäheriň ady.

Dört müň saklap, senjap, dört müň zeňistan,

Göyä geçip bargan sildir bu dünyä.

Senjap jüpbesi (p-a-t. Senja:b jobbesi) سنجاب جبّه سى – ser. Senjap i.

Senjide (p. Senji:de) - «senjiden - ölçemek, deňeşdirmek» sözünden 1) ölçenen, çekilen, ölçegi alnan; deňeşdirilen; 2) ölçegli; 3) gm. Oňat düşnükli, erlikli; päk; oylanyşykly.

Sarp kyl, päk tiliňni hulky-hoş bügzide bol,

Kyl duta puştuň amaldan, biriya senjide bol!

Sensizin سن سزين – sensiz, senden ayra; senden başga.

Eger misgin, eger bir bay, taparmy sensizin hiç ray,

Yamandyr ayralyk, «ey way!» arap labzynda «weyladyr».

Seň (p. Seng) سنگ – daş (kamenü); syya seň - gara daş; seňgi-hara – granit.

Her kimde bolmasa iman eseri,

Yüregi erimez, syya seň bolar.

Zemin seňe döndi, asman hem delwe.

Seňgi-hara (p. Seng-e ha:ra:) سنگ خارا – ser. Seň.

Seňgistan (p. Sengista:n) – ser. Seňistan.

Seňistan (p. Sengista:n) سنگستان – 1) daşlyk er; 2) gm. Gaygy, gam, gussa; saht seňistandan – daşlyk erden-de gaty.

Mynapygyň köňli saht seňistandan,

Ähli-kanyg meňzär bahry-ummana.

Seňriklemek سنگريكلمك – abanmak, üstüne abanmak, gyralaryna abanyp durmak.

Seňrikläp, abanyp duran gayalar –

Öňri-ardy, sagy-soly gürgeniň.

Sepi (a. Sefi:h) سفيه – nadan, akmak, akylsyz; däli, diwana.

Her sepige saçma derdiň, sözüňni,

Hasrat ody jismiň yakança bolmaz.

Sepil (a. Sefi:l) سفيل – 1) hor-homsy, pes düşen, garyp, pakyr, ezilen; 2) sergezdan; sepil bolmak – horlanmak; sergezdan bolmak.

Sepil boldum, jümle jahany yörip.

Şunça sergerdan-sepil-u raya aşyk bolmuşam.

Sepine (a. Sefi:ne, ks. Sefa:in) سفينه – 1) gämi, naw; 2) goşgular yygyndysy.

Endişe deryasyna sürdüm sepinesin.

Sabyr sepinesini syndyrdy şowkuň sili.

Sepit (p. Sefi:d) سفيد//سپيد – ser. Sefit.

Sepitpoş (p. Sefi:d-pu:ş) سپيد پوش – ser. Sefitpoş.

Sepmek سپمك – yayratmak, sepeläp yayratmak, dökmek; guymak.

Her nersäni ere sepseň,

Sepdigiň er behim eder.

Ser (p.) سر – 1) beden agzasy, baş, kelle; 2) her bir zadyň başy, owwaly; 3) bir zadyň ujy; 4) yokary, depe, üst; 5) başlyk, uly wezipeli adam; serden aşmak – hetden geçmek, hetden aşmak; serden geçmek – pida etmek, jandan geçmek; batyrlyk görkezmek.

Magtymguly aşdyň serden.

Muhammetni ser eyleyin jahana.

Serimizde söwda guran,

Gözel hakyň pelegidir.

Goçaklar serinden geçdi.

Öňünde belent dag, serinde duman.

Sera i (a. Sera:) سرى – gum, toprak, er; täht-as-sera – 1) eriň asty, eriň aşagy; 2) gm. Mifiki eriň ady.

Gamgam gylyç bile, düldül at bile,

Täht-as-sara deňiç bargan alydyr.

Sera ii (p. Sera:) سرا – 1) öy, jay, mesgen, mekan; 2) köşk; hökümdarlaryň işleyän we yaşayan eri; 3) dünyä; ser. Sara, saray.

Serap (p. Ser-a:b) سراب – 1) suwuň başy, saka; çeşme; 2) suwuň, çeşmäniň golayyndaky bag we er; 3) çöldäki şorluk er; 4) salgym.

Seraba düşen kerwen bäş günden soň göçer bir gün.

Serbelent (p. Ser-bolend) سربلند – iki sany «ser – baş» we «belent – beyik» dien sözlerden emele gelen goşma at, sypat; 1) beyik, uly mertebeli, şöhratly, atly, meşhur, görnükli; 2) buysançly; öwgüli.

Birin pest eyledi, birin serbelent,

Birin pakyr eyläp, birin döwletment.

Serbent (p. Ser-bend) سر بند - «ser – baş» we «besten – baglamak, daňmak» işliginiň häzirki zaman düyp işligi bolan «bend» sözlerinden emele gelen goşma at; 1) başa daňylyan yaglyk; 2) alajyny edyän; yola salyan.

Yaradan züljelal bar.

Magtymguly bir gedaydyr,

Bar işe serbent hudaydyr.

Serbeser (p. Ser-be-ser) سربسر – 1) boydan-başa, bütinley, başdan ayak, kämil suratda; 2) gm. Azat, erkin. Deňeşdir: seraser we sertaser.

Yüz yigrimi garyn perzent getiren,

Adam howa bile serbeser geçdi.

Serbeser doly jahana bu bet apatdan nyşan.

Isteseň serreştesini bu jahanyň serbeser.

Serw (p.) سرو – türki dillerde serwi, selwi, selbi şekilinde-de gabat gelyär; 1) yapraklary mydama gök bolan dim-dik ösyän owadan bir agajyň ady; kiparis (r); 2) gm. Gözel, söygüli; söygüliniň boyy; uzyn boyly söygüli; serwi-azat – 1) dik ösyän serwi agajy; 2) uzyn boyly gözel.

Peri-peyker, serwi-azat;

Serwi kamat – boyy serwi agajy yaly dim-dik we uzyn.

Yörseň, yarym, guwana men,

Serwi kamat boylaryňa;

Serwi-rowan, serwi-huraman – gözel yörişli söygüli, uzyn boyly gözel (gyz-gelin).

Serwer (p.) سرور – 1) baş, başlyk, yolbaşçy; taypa başlygy, yaşuly; görnükli şahsyet; 2) jenap, aga, hormatlanyan adam; serwer eylemek - yolbaşçy bellemek; serwer bolmak - yolbaşçy bolmak.

On iki ymam, biri-birinden serwer.

Boldy umata serwer.

Ol weliler serweri soltan weyis dek öwlüyä.

Muhammetni serwer eyläp jahana,

Diydi: «pygamberi-ahyrzamana».

Serwi (p.) سروى – ser. Serw.

Serwi-azat (p. Serw-e a:za:d) سروآزاد – ser. Serw.

Serwi kamat (p-a. Serw ka:met) سرو قامت – ser. Serw.

Serwi-rowan (p. Serw-e rewa:n) سرو روان – ser. Serw.

Sergezdan (p. Ser-gerda:n) سرگزدان – ser. Sergerdan.

Sergerdan (p. Ser-gerda:n) سرگردان – sergezdan, hayran; awara; ykmanda; başy aylanan.

Dünyä maly, işi üçin sergerdan,

Köňül guwanç eder artyk mal tapsa.

Sergeşte (p. Ser-geşte) سرگشته - «ser – baş» we «geşten – aylanmak» dien sözlerden emele gelen sypat, goşma at; 1) başy aylanan, hayran, çaşan; 2) sergezdan, awara, ykmanda; ser. Sergerdan.

Ne jeset içre jan bar, ne kuwwat galdy tende,

Hem sergeşte, hem hayran bu işe galdym men-de.

Sergüzeşt (p. Ser-gozeşt) سرگذشت - «ser – baş» we «gozeşten – geçmek, geçirmek» dien sözlerden emele gelen goşma at; bir adamyň başyndan geçiren wakalary; terjimehal; ahwalat, bolan waka; başdan geçirilenler.

Hal-ahwal soraşyp, gol boynuna salyşmak.

Bir-birge derdin döküp, sergüzeştin kylyşmak.

Serdefter (p-a. Ser-defter) سر دفتر – 1) «ser – baş» we «defter – depder» dien sözlerden emele gelen goşma at; 1) kitabyň, depderiň başynda bellenen; sözbaşy; iň başda bolan; iň öňe geçen; hemmeden öňde bolan; 2) yolbaşçy, başlyk; 3) resmi dokumentleriň registrirlenip gol çekilyän depderiň eesi, dolandyryjysy.

Nury-mähweş bolan gutlug habybym,

Adyň serdefterde, lewada belli.

Sere (p. Sereh) سره – 1) oňat, gowy, halanan; ayypsyz; 2) saylantgy, saylanan, tüys, arassa, halys.

Bir goçakdyr – söyünhanyň seresi.

Sözün tapmady sere,

Aglap oturdy naçar.

Serendip (a. Serendi:b) سرنديب – asly sanskrit dilinde suwarna-dipa. Arap geograflary öeylon adasyna şeyle at beripdirler. Hindiler dilinde oňa sengledin hem diyilyär. Hindistanyň günortasynda, hind okeanynda erleşyän ada – yurt. Ol er dünyäniň iň oňat erlerinden biri hasaplanyar. Hindileriň kitaplarynda aydylyşyna görä, geçmişde şol yurtda üç gije-gündizläp yagyş yagypdyr. Ol eriň hasyly, magdanlary juda köp bolupdyr. Rowayatlara görä, hezret adam behiştden kowulanda, şol ere gelip düşüpdir, onuň ayagynyň yzy bir daşyň yüzünde, göyä häzir hem barmyş. Erem bagy-da şol erde erleşyär dien maglumat bar. Ol erde iki yaz, iki güyz we iki tomus bolyar diyip hem aydylyar.

Biler ki gutulmaz gaçyp bir yana,

Serendipde baryp öler, yaranlar.

Serenjam (p. Ser-enja:m) سرانجام - «ser - yokary» we «enjam – soň» dien sözlerden emele gelen goşma at; 1) ahyr, soň, gutaryş, işiň soňy, işiň netijesi, başa düşen wakanyň netijesi; 2) tertip, düzgün; serenjam bermek – tertibe salmak, düzgüne salmak.

Solundaky ere serenjam biyrler,

Er enjamy bilen bakyp otyrmyş;

Serenjamlyk kylmak – netije çykarmak, işiň soňuny saygarmak.

Kämil bolup, serenjamlyk kylyp men.

Goşun serenjamyn, il serişdesin,

Padywan ogluna bilmek yaraşmaz.

Serenjamlyk (p-t. Ser-enja:m-lyk) سرانجامليق – ser. Serenjam.

Seretmek سرتمك – goramak, gözlemek, nazar salmak.

Owwal-a mal yagşy, maldan baş yagşy,

Baş döwletin tapan mala seretmez.

Serefraz (p. Ser-efra:z we ser-fera:z) سرافراز//سرفراز – ser. Serferaz.

Serjyda سرجيدا – nayza.

Ondan soňra ogul-gyza howandar,

Serjydasy, zülpükary gerekdir.

Arap at, serjyda, almaz tyg bile...

Gerek hoşroy perizady yigidiň.

Seri-serkär (p. Ser we ser-ka:r) سروسركار – ser. Serkär.

Serişde (p. Ser-reşte) سررشته – 1) «ser – baş, yokary» we «reşte – yüp» dien sözlerden emele gelen goşma at; 1) yüp ujy; bahana, mynasybet; 2) ökdelik, ussatlyk, işiň ugruny tapyjylyk, danalyk, bilimlilik; 3) mümkinçilik; gerek bolan zatlar, enjamlar, gurallar; 4) hasap depderi; 5) alaç, yol, çäre, sebäp; ajap serişde – geň yol, geň çäre.

Ayry söwdaya salyban rayyny her bendäniň,

Hoş ajap serişde birle murdanyň hem zindäniň.

Ajal – derya, boylar, başyndan aşar,

Serişdäň kem bolar, akylyň çaşar.

Serişte (p. Serişte) سرشته – hamyr bolan; garylan, goşulan, yugrulan; ser. Serişde.

Serkar (p. Ser-ka:r) سركار – ser. Serkär.

Serkemer (p. Ser-kemer) سركمر – 1) dag biliniň üsti, dagyň başy; 2) dag ady.

Serkemerdir deriň döken,

Yörseň hasar dagyndadyr.

Serkerde (p. Ser-kerde) سركرده - «ser – baş» we «kerde – edilen» dien sözlerden emele gelen goşma at; baş, başlyk, yolbaşçy, taypa başlygy; 2) goşun yolbaşçysy, komandir.

Sansyz ile serkerdedir, soltandyr.

Jeň erinde jellat, belki, arslandyr.

Serkeş (p. Ser-keş) سركش - «ser – baş» we «keşiden - çekmek; götermek» dien işligiň häzirki zaman düyp işligi bolan «keş» sözünden emele gelen goşma at, sypat; 1) baş bermezek, boyun egmezek; 2) yagy, topalaňçy, baş göteren; garşy; 3) kuwwatly, güyçli, zorly; serkeşlik – boyun egmezeklik, tabyn bolmazlyk.

Serkeşligin subhana meşhur etdi älemge,

Men nädeyin, ya dostlar, ugursyz ykbalymga.

Nefs eyleyip serkeşligi ten tagtynyň meyadanynda.

Serkeşlik (p-t. Ser-keş-lik) سركش ليك – ser. Serkeş.

Serkeşte (p. Ser-geşte) سرگشته - «ser – baş» we «geşten – dönmek, aylanmak» dien sözlerden yasalan goşma at, sypat; sergezdan, hayran; başy aylanan, çaşan; aňalyp yören; ser. Sergeşte.

Her serkeşte, hem hayran, bu işe boldum bende.

Serkär (p. Ser-e ka:r) سركار - «ser – baş» we «kär – iş» sözlerinden yasalan goşma at; 1) iş başçysy; işe gözegçilik edyän, işiň üstünden seredyän; iş buyuryan; 2) döwlet işleriniň başlygy, iş başyndakylar; 3) birine yüzlenilende hormat üçin getirilyän söz; seri-serkäri – başy we başlygy, iş buyuryanlary, döwlet çinownikleri.

Köpelse her iliň seri-serkäri, -

Nyzamy bozulyp, weyrana gelgey.

Serma (p. Serma:) سرما – sowuklyk, howanyň sowuklygy, sowuk howa, aňzak.

Yssysy köydürer, öldürer serma.

Sermaya (p. Ser-ma:ye) سرمايه – 1) söwda we kesip-kär üçin ulanylyan pul, haryt, kapital; baylyk, maya, mal; 2) gm. Alnan ylym we maglumat, bilim, toplanan tejribe we bilim.

Bu jahanyň sermayasy,

Ryzk sebäbi, hak sayamy.

Sermek سرمك – 1) yaymak, açmak, açyp goymak, yayradyp goymak; 2) yatyrmak, ere urmak (duşmany).

Yşk hanjaryn çekibän, hijran yüregim yaryp,

Äleme destan edip, aftaba serdi meni.

Sermest (p. Ser-mest) سرمست – «ser – baş» we «mest – serhoş» dien sözlerden yasalan goşma at, sypat; serhoş, püyan, keypli.

Sandywajy-sermestem, bergimden jyda boldum.

Sag-salamat, sermest bolup gezen jan.

Sernegun (p ser-negu:n) – ser. Sernegüwn.

Sernegüwn (p. Ser-negu:n) سرنگون - «ser – baş» we «negüwn – aşagy, başaşak» dien sözlerden yasalan goşma at, sypat; 1) başaşak, düňderilen; aşaklygyna yykylan; 2) bozuk, bozulan; 3) gm. Bagtsyz, betbagt; sernegüwn bolmak – agdarylmak, düňderilmek; yykylmak.

Sernegüwn boldy senemler lemgatyň görgeç resul,

Sen ki geldiň dünyäge butlar bolundy sernegüwn.

Ummatymny ruzy-magşar kylmagay sen sernegüwn.

Serreşte (p.) سررشته – ser. Serişde.

Sert (p. Serd) سرد – sowuk; ser. Serma; antonimi: germ.

Otdan yakyjyrak, buzdan sert nedir?

Zäherden ajyrak nedir bu jana.

Serferaz (p. Ser-fera:z we ser-efra:z) سرفراز//سرافراز - «ser – baş» we «efrahtan – beygeltmek» dien sözlerden emele gelen goşma at; beygeldilen, saylantgy, buysançly; beyik mertebeli, başgalardan tapawutlanyan.

Ey, jahan mülkünde gezen serefraz,

Bir bende men, köp sözleyip bilmen az.

Serhat (p-a. Ser-hatt) سر خط – 1) setir başy, ilkinji hat; 2) hattatlaryň öwretmegi; 3) nökerlik günlerini belleyän yazgy.

Galam yazanda serhaty,

Asy yazmyş biz ummaty.

Serhet (p-a. Ser-hedd) سرحد – parsça «ser – baş» we arapça «hed - çäk» dien sözlerden yasalan goşma at; araçäk, iki eriň ya-da yurduň arasyny görkezyän nyşana, alamat, iki döwletiň arasyny görkezyän çäk.

Nyzam berdiň serhetlere hat bile,

Gamgam gylyç bile düldül at bile.

Serhoş (p. Ser-hoş) سرخوش - «ser – baş» we «hoş – şat» sözlerinden yasalan goşma at, sypat; 1) şerap içip şatlanan adam, püyançylygy hetden geçmedik adam; 2) şat, hoşal; 3) hemişe içip mes bolmaga endik edinen adam.

Şerap içip, serhoş bolup segresem,

Ganym janyn gyyym-gyyym dograsam.

Dünyä - bu dünyä diyp yatan serhoşlar.

Ölinçäň gezewer serhoş.

Serçemen (p. Ser-çemen) سرچمن - «ser – baş» we «çemen» sözlerinden yasalan goşma at; 1) çemeniň başy, gök otluk eriň üstünde; 2) gök otluk er, gyrtyç er.

Gülşenli serçemen diyip aglar men.

Ördek, guba gazlar çöli görmese,

Serçemenli kölüň gadryn näbilsin.

Set i (p. Sad) صد – ser. Sad.

Bar bolsa, muhammedi,

Paralarmyz set hezar.

Set ii (a. Sedd) سد – bent, böwet, päsgel; set bolmak – böwet bolmak.

Sünnüe sütündir, kapyrga setdir.

Yamandan yagşy set bolmaz,

Asly yagşylar bet bolmaz.

Set iii سد – däp, dessur; adat.

Gadymdan setdir yagşylyk,

Yagşy zatdyr yagşy gylyk.

Gadym setdir yzzat etmek ulusyn.

Şerigat nist bolar, bet iş set bolar.

Setayyş (p. Sita:yiş) ستايش – ser. Sitayyş.

Setdar (a. Setta:r) ستـّار - «sitr» sözünden; günäniň üstüni yapyjy, günäni basyryjy; günäni bagyşlayjy (köplenç hudayyň epiteti hökmünde ulanylyar), köp günäni geçyän (alla).

Gerçe oldum günäkär,

Sitr eyle aybym, setdar!

Sefayyn (a. Sefa:in, bs. Sefi:ne) سفاين – ser. Sepine.

Sefine (a. Sefi6ne, ks. Sefa:in) سفينه – ser. Sepine.

Sefit (p. Sefi:d) سفيد – ak, gar we süyt reňkindäki zat; sefitpoş – ak geynen, ak geyimli.

Iki yaşyl geymiş, bir sefitpoşdy,

Gözüm gördi, tilim gelmez permana.

Sefitpoş (p. Sefi:d-pu:ş) سفيد پوش – ser. Poş.

Seçmek i سچمك – saylamak, saylap tutmak, saylap almak; seçebilmek – saylap bilmek, saygaryp bilmek.

Bu munça müň yyllar halky seçen soň,

Syrat-köprüsinden aňry geçen soň.

Sayladym, seçdim, sonam, bir bölejik gyzdan seni.

Seçe bilmez, duman nedir, toz nedir.

Seçmek ii سچمك – sepmek, yayratmak, sepelemek, pytratmak.

Kimyany topraga seçeň,

Toprakdan zer bähim eder.

Seúy (a. Sa’y) سعى – ser. Sagy.

Si (a. Sa:) ث – arap-pars elipbiyiniň bäşinji harpy. Ebjet hasabynda – 500. Bu harp arap sözlerine mahsusdyr, häzirki zaman pars sözlerinde gabat gelmeyär. Gadymy pars dilinde bolupdyr.

«si» - subut gadam tutup, hak emrini tutmak gerek,

«ti» - toba eyläp, dünyäni unutmak gerek.

Sibi-zanahdan (p. Si:b-e zanahda:n) سيب ذنخدان – ser. Sip we zanahdan.

Sidre (a. Sidret) سدرة – dini düşünjelere görä, behiştde bolan bir mifiki agajyň ady; sidretil-muntaha – behiştde ya-da edinji gat asmanda bolan bir agaç. Ol göyä arşyň (ser.) Sag tarapyndamyş, isa pygamber şol gökde göyä heniz hem yaşap yörenmiş; sidreti-sähra (sidre sährasy) – 1) sidre agajynyň gögeryän eri; 2) gm. Dini rowayatlara görä, edinji gat asman.

Melek permana bakan,

Sidreti-sähra çykan.

Sidre sährasynda, isa şährinde.

Sidretil-muntaha (a. Sidret-al-montaha:) سدرة المنتهى – ser. Sidre.

Siziňdir سيزينگدور – siziňkidir, size degişlidir.

Sil (a. Seyl) سيل – köp we güyçli yagyş yagmagy netijesinde ya-da buzdur garyň eremegi zerarly garaşylmadyk erden gelyän güyçli köp suw. Pars dilinde «seylap» diyilyär; aby-sil – sil suwy.

Yagyşly, yagmyrly, ümürli daglar,

Siller senden geçer, duman eglenmez.

Dünyä bir aby-sildir, ömür bir eldir,

Ömre ygtybar yok, näge yatyp sen.

Silah (a. Sila:h,ks. Eslehe) سلاح – 1) yarag, uruş guraly; 2) gural, bir işe gerek bolan esbaplar.

Ot yakdyrdy nemrut, silah gurdular,

Ybrayym diyr: «oda düşen günler hey!».

Sileyi-rehem (a. Sile-ye rehim) صله رحم – ser. Rehem.

Silkmek سيلكمك – 1) tämizlemek, arassalamak; 2) tozanyny ya-da hapasyny ayyrmak; 3) yralamak, dartmak; 4) saylamak.

Hülle bolar silkip-silkip don berseň,

Saya bolar bir mätäje nan berseň.

Sillenmek سيل لنمك – sil yaly bolmak; sil yaly bolup akmak.

Magtymguly tillener,

Gözde yaşym sillener.

Sim (p. Si:m) سيم – 1) kümüş; 2) sim, süyndürlen metal; sim-u zer – kümüş we gyzyl; gm. Baylyk, pul, mal.

Dünyä görki sim-u zerdir.

Saçbagyň ujunyň simdir işmesi.

Her güwşede olup mukym,

Köňle getirsem gadry sim.

Sim-u zer (p. Si:m we zer) سيم و زر – ser. Sim.

Sima (p. Si:ma:) سيما – yüz, keşp, görk, sypat; maňlay; arap dilinde alamat we şekil manyda gelyär.

Maňlayy bir garyş, bolsun at yüzli,

Tawus guş simaly, ütelgi gözli.

Simag (a. Sima:’) سماع – 1) aydym, saz, hoş owaz, yakymly ses; 2) möwlewi derwüşleriniň aydym-saz we tans bilen zikir çekmegi; simag gurmak – zikir çekmek.

Nagralar çekdiler, simag gurdular.

Sedalar düzüldi, jan-jana geldi.

Simap (p. Si:m-a:b) سيماب - «sim – kümüş» we «ab – suw» dien sözlerden yasalan goşma at; rtut (r.).

Perwana ot görse, jan biyr, ayrylmaz,

Simap gyzyl tapsa, meges bal tapsa.

Simap kibi jan titrese, eşki aksa sil kibi.

Simin (p. Si:mi:n) سيمين – 1) kümüşden yasalan zat, kümüş..., kümüş yaly; 2) gm. Ak; simin uzar – ak yüzli, ak yaňakly.

Galmady darabyň, ne şähriyaryň,

Kany ol gülçihre simin uzaryň?

Simin zakan (p-a. Si:mi:n zakan) سيمين ذقن – ser. Zakan.

Simin uzar (p-a. Si:mi:n yza:r) سيمين عذار – ser. Simin.

Simleşmek سيملشمك – azmak, yaranyň azmagy, berçimek.

Pelek yara salsa, yokdur çäresi,

Simleşer, zor salar uran yarasy.

Simnar (p. Simna:r) سمنار – eyrana bakna bolan arap yurdy hayranyň patyşasy nuúman ibn munzaryň buyrugy bilen bähram guwr (w asyr) üçin «hawarnak» atly ajayyp köşgi salan meşhur ussa-arhitektoryň ady. Sasanylar silsilesinden bolan eyran şasy ezdigert öz ogly bähramy yaşlykdan nuúmanyň köşgüne iberyär. Bähram şol erde terbielenyär. Nuúman şoňa nietläp, şol köşgi saldyryar. «gyyasul-lugatda» yazylyşyna görä, köşk salnyp tamamlanandan soň, şoňa meňzeş köşgi başga erde salmaz yaly, nuúmanyň hökümi bilen simnar şol köşgüň üstünden aşak taşlanyp öldürilyär. Firdöwsiniň «şanamasynda», nyzamynyň «hamsasynda» bährama degişli rowayatlarda simnaryň ady gabat gelyär. Bu ada arap dilinde sinimmar diyilyär.

Simnar bolup sen üçin, tylla köşkler düzerem,

Gayry adalatly häkim, hany-soltan istemen.

«simnar» sözi şahyryň adyna berlen eke goşguda duş gelyär, golyazmalaryň hiç birinde yok. Mysalyň ikinji setiri birinji setir bilen baglanyşanok. «gayry adalatly häkim, han, soltan kim?».

Sin (a. Si:n) س – arap-pars elipbiyiniň on bäşinji harpy. Ebjet hasabynda – 60. Şin (ş) harpyndan tapawutlandyrmak üçin, muňa «sini-möhmele» we «sini-gayry-mankuta» (nokatsyz sin) hem diyilyär.

«sin» - subhanyňny yat et, gaflata uydurmagyn.

«sin» - säherler bidar et, sal çeşmimni oyaga.

Sina i (a. Si:na:) سينا – 1) arabystanyň demirgazygynda, müsür bilen arabystanyň aralygynda erleşyän bir yarymadanyň ady; 2) sina ya-da sinin şol yarymadada bolan pesräk daglar hatary. Onuň boyy iki mil, ini-de miliň üçden biri. Şu daglaryň iň beyik erine tur dagy diyilyär, ol demirgazyk tarapda erleşyär. Sina daglarynyň şu bölegine hristian ruhanylary geçmişde «höwrip» diyipdirler. Häzirki wagtda araplar oňa «safsafa» diyip at beryärler.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   36   37   38   39   40   41   42   43   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin