Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə41/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   72

«kurúanyň» «mömünler» (20-nji ayat) we «injir» (2-nji ayat) sürelerinde aydylyşyna görä, hezret musa öz yaranlary (beni ysrayyl) bilen müsürden yzyna öwrülip gelyärkä, tur dagyna baryar. Şol erde allatagala tarapyndan göyä oňa birnäçe höküm gelenmiş; tury-musa – musanyň huday bilen göyä gepleşen eri bolan tur dagy.

Baryp raz aydyşan sina dagynda,

Tury-musa kelimulla haky üçin.

Sina ii (a. Si:na:) سينا – abu aly sinanyň atasynyň ady.

Sind (p.) سند – 1) pakistanyň günbatar welayatlarynyň biri, merkezi şäheri keraçy; 2) sind ya-da hindu günbatar pakistanyň deryalaryndan biri. Ol günbatar gimalay daglaryndan gözbaş alyar. Sind jülgesinde oňa penjap (bäşsuw) atly bäş derya goşulyar we birnäçe şaha bolup, umman deňzine guyyar.

Gayrasy horram hytay, gypjak, pereňi jamyyan (?),

Şarky, garby hind-u sind, dekendir döwri-jahan.

Siňir سينگير – ynsan we haywanlaryň bedenlerinde etiň içinde yayran çee we birleşdiriji sary myşöa, nerw.

Pikir kyldym er-göge biakyl jan içinde,

Gördüm janym alla diyr et, siňir, gan içinde.

Sip (p. Si:b) سيب – alma (miwe ady); sibi-zanahdan – söygüliniň alma meňzeyän yaňagy, eňegi.

Kamaty serwi dek näzik bedenler,

Sibi-zanahdanly, gunça dahanlar.

Sir (p. Si:r) سير – 1) dok, doygun, garny iymitden dolan, doyan; 2) gm. Bizar, doygun; sir bolmak – 1) doymak; 2) bizar bolmak.

Bu jahandan doymaz gözüň, sir bolmaz,

Her yolbarsdan gaplaň bolmaz, şir bolmaz.

Kän namarda mal berip sen, sen dünyä,

Gözi gökde, gaygysy yok, sir gider.

Sirap (p. Si:r-a:b) سيراب - «sir – dok» we «ab – suw» dien sözlerden yasalan goşma at, sypat; 1) suwdan ganan, suwdan doyan; 2) suwly, ter; sirap etmek – gandyrmak.

Joşar sen, her sözi peyda eder sen,

Jan bilbilin sirap, şeyda eder sen.

Sirket (p.) سركه - üzüm, kişmiş, hurma we ş.m. Suwly miwelerden bejerilip, nahara, sogana we salada sepilyän turşy tagamly suwuk önüm, uksus.

Sirke aydar: «bal menem»,

Nebit özün yag sayar.

Sirke ii سركه – bitiň tohumy, bitiň owunjak akja yumurtgasy.

Bagzy gözel sirkä basdyr saçyny,

Artmaz, yuwmaz tabygyny, daşyny.

Sistan (p. Si:sta:n) سيستان – eyranyň horasan welayatynyň günorta-gündogarynda erleşyän uly etrap. Ol bulujystan bilen birlikde uly bir welayaty emele getiryär. Sistanyň merkezi şäheri zabuldyr. Sistan örän gadymy yurt bolup, taryhda meşhurdyr. Gadymlar oňa sagistan (saglaryň yurdy) we segistan (arapça sejistan) diylipdir. Nimruz ya-da nemrudyň şäheri hem-de zabulystan diylen çeşmeler-de bar. Sasanylar döwründe zerdoştylaryň iň uly ybadathanalary sistanda bina edilipdir. Eyranlylar gadymda sistan bilen azerbayjany mukaddes mekanlardan hasaplapdyrlar. Sistan araplaryň arap basybalyjykly syyasatyna garşy çykan ilkinji welayatdyr. Sistanyň gahrymany yakup leys saffary ayaga galyp, araplara garşy göreşip, eyranyň özbaşdaklygyny täzeden dikeldyär. Sistanyň howasy örän yssy, tomsuna elli gradusa çenli etyär. Bu yurduň köp böleginde hasyl emele gelenok. Onuň ilatynyň ençemesi soňky yyllarda türkmensähra göçüp gelipdir. Şäherleri: zabul, nusratabat,seküwh. Deryalary: hirment (owganystan gelyär), hezarrut, ferahrut (owganystandan gelyär).

Sistan şährinde batyr zal bilen.

Sitayyş (p. Sita:yiş) ستايش - «sotuden - öwmek» dien sözden; öwgi, taryp, wasp, sena (ser.); biriniň yagşylygyny aytmak; sitayyş aytmak (etmek) - öwmek, taryplamak, biriniň oňat gylyk-häsietini yatlamak; şükür etmek.

Magtymguly aydar, haka sitayyş,

Her müşgil işime sen-sen küşayyş.

Sitr (a. Sitr) ستر – 1) örtme, yapma, bassyrma; gizleme; 2) perde, örtgi, örtyän zat; sitr eylemek (etmek) - örtmek, üstüni örtmek, üstüni basyrmak, gizlemek.

Gerçe oldum günäkär,

Sitr eyle, aybym, setdar!

Siçjin i (a. Sijji:n) سجّين – 1) berk, gayym, gaty; 2) günäkärleriň we şeytanlaryň etmişi yazylan kitap; 3) dini düşünjelere görä, jähennemde bolan bir çöl er; 4) eriň edinji gatynda bolan bir gaty daş.

Edi gat erde kylmyş sakar dowzahy,

Weyildir guyusy, siçjin bulagy.

Özüň siçjin atly jayda baglarlar.

Siçjin ii (a. Sijji:n) سجّين – köne düşünjelere görä, edi gat eriň altynjy gatynyň ady. Dini düşünje boyunça, göyä şu erde imansyz adamlaryň amallarynyň - eden etmişleriniň jezasy beriljekmiş. Allatagala göyä munda bir derya yaradypdyr, otly yylandan. Eger hemme deryalara şonuň suwundan salsaň, onuň zäheriniň ajylygyndan şol deryalaryň suwy-da zähere dönjekmiş. Bu gat eriň ady käbir çeşmede «ajiba» şekilinde gelyär.

Altynjy gat eriň ady siçjindir,

Tamuglyk bolajak janlar andadyr.

Siyap (a. Siya:b, bs. Sawb) ثياب – geyimler, egin-eşikler, eginbaşlar, lybaslar.

Maly siyap bolsa, akyly dana,

Tartylar asmana bady yigidiň.

Sowal (a. Soa:l) سؤال – 1) sorag, sorama; 2) soralyan zat; 3) dilenme, dilegçilik.

Gol göterdim, durdum nyyaza, nezre,

Diydim: «rugsat bolsa, aydayyn sowal».

Bendesinden kylgusy bir-bir sowalyny huda.

Sowap i (a. Sewa:b) ثواب – 1) jeza, alkyş; 2) hudayyň razylygyny gazanmak üçin edilyän hayyr iş; hayyr işiň öwezine berilyän jeza.

Bir yolda günä bar, bir yolda sowap.

Sowap mundan ötmez, tapsaň nan bergil.

Sowap ii (a. Sewa:b) صواب – 1) dogry, dogrulyk; 2) dogry iş, dogry amal, hak, hakykat; 3) layyk; antonimi: hata.

Sowaba şatlyk bar, jurma hyjalat.

Taňry sowabyndan alar jerime.

Sowat (a. Sewa:d) سواد – 1) gara reňk, gara, garalyk; 2) pars dilinde yazmagy we okamagy başarmaklyk ukyby; yazmagy we okamagy başarmaklyk; sowady-küfr – dinsizligiň garaňkylygy, hudaya ynanmazlygyň garaňkylygy.

Alma zenahdana, bu kümüş yüze,

Zülpüň syya, sowady-küfrdür dökümli.

Sowga سوغه – sowgat, peşgeş. Bu söz özbek dilinde şu formada köp ulanylyar.

Halka salyp gaygylygyň sowgasyn,

Başa büräp zalymlygyň söwdasyn.

Sowgat (sawgat) سوغات – 1) bir erden sylag üçin birine getirilip berilyän zat; 2) birine bagyşlap iberilen zat; 3) käbir sözlükde bu söz birine bagyşlanan zady ibermek dien manyny aňladyan «sawg» (arap dilinde) sözünden emele gelipdir diyilyär. Şeylelikde, sowgat sözi-de arapça bolup çykyar. Emma köp sözlüklerde onuň türki sözdügi nygtalyar. Pars dilinde-de ulanylyar.

Ne dogry gelene mähriň inderdiň,

Ne gelmäne sowgat-salam gönderdiň.

Sowm (a. Sawm) صوم – oraza, agyz bekleme; sowm-u sala – oraza we namaz.

Dergahyňa, ey, kirdigär, kylsam ybadat yok karar,

Etgenime yok ygtybar, sowm-u saladan, ya reb!

Sowmak ساومق – 1) harçlamak, sarp etmek, harçlap gutarmak; 2) bir işi geçirip gutarmak; 3) başga tarapa öwürmek, ugruny üytgetmek.

Mal üçin ynjadyp gardaş-doganyň,

Az bildiň tylladan satyp, sowanyň.

Sowp (a. Sabw, ks. Siya:b we eswa:b) ثوب – ser. Siyap we eswap.

Sowt (a. Sawt, ks. Eswa:t) صوت – 1) ses, üyn, seda (ser.); towuş, owaz; 2) gykylyk; bagyrma, gygyrma; bisowti – sessiz, sessiz-üynsüz; bisowt-u seda – sessiz-sedasyz.

Sandywajy-sermestem, bergimden juda boldum,

Bergimni hazan çaldy, bisowat-u seda boldum.

Sowulmak ساويلمق – 1) ayrylmak, geçmek, geçip gitmek; 2) gutarmak, bolup geçmek; 3) başga tarapa öwrülmek.

Yalançyda yaylap, tä ki ölinçä,

Sowulmady yazy döwletalynyň.

Sowut ساويت – demir don, uruşda geyilyän polat zynjyrdan yasalyan geyim; ser. Jöwşen we zireh.

Jüpbe, jöwşen, zireh, sowut,

Keserli gylyç, arap at.

Çarayna baglayyp, geygen sowutlar.

Sogap (a. Sewa:b) ثواب – dini düşünje boyunça, oňat işiň deregine alla tarapyndan berilyän sylag, öwez; oňat iş; ser. Sowap i.

Soltan (a. Solta:n, ks. Sala:ti:n) سلطان – 1) häkim, hökümdar, patyşa; delil, sebäp; gudrat, hökmürowanlyk. Takyklayjylar bu sözüň soltan mahmyt gaznawynyň döwründen başlap «patyşa» manysynda ulalylyandygyny belleyärler. «kurúanda» iki manyda: «delil» («engam» süresinde) hem-de «patyşalyk, gudrat, dabara» («ybrayym» süresinde) manysynda gelyär. Hezret aly özüniň «nähjul-belaga» atly eserinde «soltan» sözüni «patyşa» manysynda ulanypdyr.

Bu dünyäde soltan başyň

Ne söwdalar görejekdir.

Bu dünyä mülkünde soltandyr, şadyr,

Kysmatyna kayyl bolsa adamzat.

Soltan weyis (a. Solta:n weys) سلطان ويس – ser. Weysil-karan.

Soltan weyis pähliwany,

Hekim ata – süleymany.

Soltan üweys (a. Solta:n uweys) سلطان اويس – ser. Weysil-karan.

Sona سونه – yaşyl başly wagşy ördek, erkek ördek.

Sonam el bermedi, saldym bazymy,

Laçyn aldy, garga kowdy gazymy.

Yaşylbaş sonalar, gazlar garkyldar,

Haly harap düşer köli bolmasa.

Soňudagy (soňy-da:gy:) – köpetdagyň gyzyletrek etrabynda süynüp gutaryan eri; dagyň soňy. Bu at magtymgula yöňkelyän käbir goşguda soňdag we soňudag görnüşinde nädogry berlipdir.

Ey söwdügim, soňudagy,

Dagdanlydyr biliň seniň.

Sopy (a. Su:fi:) صوفى – 1) takwa, dindar, namazhon, dinçi; 2) sufizm taglymatyna uyup, terkidünyä bolan adam. Sopular irimçik yüň matadan geyim geyyändikleri üçin, şeyle at alypdyrlar, çünki ol sözüň asly goyun yüňi manysyndaky «sowf» sözündendir; 3) käbir çeşmelerde bu sözüň asly hikmet-filosofiya manysynda gelyän grek sözi bolan «sufiya» sözünden hasaplanyar; 4) derwüş.

Altmyş yaşan, etmiş yylky sopular,

Az galypdyr ay-günüňiz batmaga.

Hoja ahmet yasawy yüz sopy bile,

Keşdisiz deryadan şeyle geçdiler.

Soraglamak (so:raglamak) سوراغلامق – sorag etmek, sorap gezmek, soraşdyryp agtarmak, gözläp gezmek.

Derdiniň dermanyn soraglap gezip...

Panydan bakyya göçe başlady.

Soragçy (so:ragçy) سوراغچى – sorag edyän, ynsan ölenden soň, gabyrda ondan sorag edyän iki perişde: münker we nekir.

Iki soragçy gelende,

Başda akl-u huşuň galar.

Soramay (so:ramay) سوراماى – soraman, sorag etmän.

Bir para sopular «sopy men» dier,

Soramay, zalymlar tagamyn ier.

Sormak i (so:rmak) صورمق – 1) demiňe çekmek, başyňa çekmek, içmek, demiňe çekip yuwutmak; 2) öpmek, gaty ogşamak.

Dünyä zeňdir, köp oynaşly, äri bir,

Bir öpüşde etiň, ganyň sorubiyr.

Sormak ii (so:rmak) سورمق – soramak, soraşmak, sorag etmek, sowal etmek.

Aryflar bar, başa baglap keçeler,

Içgin-içgin sorsaň, many seçeler.

Söwda i (p. Sewda:) سودا – alyş-beriş, alyş-çalyş, alyp satma, aluw-satuw.

Şirwan hanyň söwdasy ne ajayyp söwdadyr,

Gyldan bir yan agdarsaň, kyyamat gün ryswadyr.

Söwda ii (a. Sewda:ú) سوداء – 1) yşk, söygi, küy; 2) yşk zerarly peyda bolyan nähoşluk; 3) hyyal, oy, pikir; 4) höwes, arzuw, güyçli meyil; 5) derdeser; waka.

Bu dünyäde soltan başyň,

Ne söwdalar görejekdir.

Bilmedim ne söwda, niçik hal boldy.

Az ömrümi köp söwdaya salyp men.

Söwdegär (p. Sewda:-ger) سوداگر - «söwda – alyş-beriş» we «ger» goşlumasyndan yasalan goşma at; hususy söwda edyän, hususy alyş-çalyş edyän, alyp satyan.

Bir bezirgenem, menem yşkyň matagyn sataram,

Şähriňize gelmişem, bes, söwdegärem dogrusy.

Söwdügim سوديگيم – söenim, halanym; söyşenim.

Dawudyň üynünde otuz yaşynda,

Her kim öz söwdügin alsa gerekdir.

Puşman edip ayagyňa yykyldy,

Ady belli, arap tilli söwdügim.

Söwer سَوَر – söygüli, söyülyän, gowy görülyän, halanyan; aşyk bolnan; söwer yar – söygüli yar, söyülyän yar (ayal).

Ayyrdy söwer yarymdan,

Yüregimni yara kyldy.

Gözden ganly yaşym döküp,

Ol söwer yardan ayryldym.

Söweş صاواش – 1) uruş, yaragly çaknyşyk, jeň; 2) göreş, güyç synanyşma; 3) gowga, jenjel, dawa; 4) gm. Yaryş; 5) milli sportuň bir görnüşi.

Magtymguly, söweş bolar,

Yigidiň syry paş bolar.

Öyünde lap urar her kim,

Batyr söweşde bellidir.

Söwmek سومك – ser. Söymek.

Misli ybrahym sarany

Söwen dek söwmüşem seni.

Söwp i (a. Sawb, ks. Eswa:b we siya:b) ثوب – geyim, eşik, eginbaş, lybas ser. Eswap we siyap.

Söwp ii (a. Sawb) صوب – 1) tarap, ugur; sebit; 2) dogry, dürs, ras; antonimi: hata.

Söwt (a. Sawt, ks. Eswa:t) صوت – ser. Sowt.

Söwüş سويش – gelen myhmany hormatlamak maksady bilen soyulyan mal; söwüş bilen garşylamak – mal soyup garşy almak.

Myhman geler alys erden,

Garşylasaň söwüş bile.

Söz سوز – 1) harplardan we hereketlerden yygnalyp, bir zady aňladyan gepleyiş birligi, keleme; 2) gep, gürrüň; 3) habar, hadysalar, myş-myşlar; 4) wada; 5) jedel; 6) çuň manyly çeper gep; söz bermek – wada etmek.

Magtymguly, sözüň bilene sözdür,

Bilmegen adama gury owazdyr.

Sözçin (t-p. Söz-çi:n) سوزچين – türkmençe «söz» we pars dilinde bolan «çiden – yygmak, yygnamak we saylamak» dien işligiň häzirki zaman düyp işligi bolan «çin» sözlerinden yasalan goşma at; gybatkeş, habarçy, söz gezdiryän, ara bulayan. Bu söz pars dilinde «suhançin» şekilindedir.

Zynaçylar, biliň, zulmatda segdir,

Sözçinni tilinden assa gerekdir.

Söy (sö:y) سؤى – sebäp, delil.

Yüzün sowup, gep alyşmaz çyn ärler,

Bir söy bilen yagşy dosty çep bolsa.

Söylemek سويله مك – 1) sözlemek, geplemek; 2) aytmak, diymek; 3) habar bermek, aňlatmak, ägä etmek.

Magtymguly söylär sözde,

Gayrat - ötde, haya – gözde.

Söyle, magtymguly, älem bilsinler.

Söyli (söwümli, söygüli) سويلى//سويگيلى – 1) söygüli, söyülyän; oňat, gowy; 2) asylly; payhasly; oňat neslinden.

Mert yigide az yagşylyk,

Az hem bolsa, söyli görner.

Söymek سويمك – 1) gowy görmek, halamak, söygi bildirmek, aşyk bolmak; 2) arzuw etmek, islemek (bir zady).

Yatma, magtymguly, eşretiň söyüp,

Ança yatajak sen kepeniň geyip.

Söyünhan (a-t. Hoseyn-ha:n) حسين خان – 1) halk rowayatlaryna görä, türkmenleriň ilkinji urug başlygy salyr gazan bolyar. Onuň söyün han we esen han dien ogullarynyň ady türkmenler arasynda gadymdan bellidir. Söyün hanyň «alp» dien lakamy bolupdyr. Türkmenleriň hemmesi özlerini söyünhan bilen esen hanyň neslinden hasaplayarlar. Öz nobatynda salyr gazan dag hanyň nesilinden bolup, dag bolsa oguz hanyň ogly bolupdyr; 2) bütin türkmenler.

Magtymguly, türküstanyň töresi,

Bir goçakdyr – söyünhanyň seresi.

Sökem سوكم - «sökmek» işliginden; sökeyin, sökyärin, aylanyp çykayyn. Işligiň buyruk formasynyň birinji yöňkemesiniň birlik sanynda gelen görnüşi, many jähtden isleg aňladyar.

Her tarapdan çülke-çülke, bulut oynar, salar kölge,

On iki dag, edi jülge, sökem yusup die-die.

Sökmek i سؤكمك – 1) bozmak, böleklemek; 2) aylanyp çykmak, birnäçe eri görüp çykmak.

Her tarapdan çülke-çülke, bulut oynar, salar kölge,

On iki dag, edi jülge, sökem yusup die-die.

Sökdi dere, dökdi ganlar.

Sökmek ii (sö:kmek) سوكمك – 1) birine sögünç söz aytmak, hapa söz aytmak; 2) käyinmek, käyinç söz aytmak.

Yat illerde mysapyrlyk çekenden,

Ursa, sökse, horlasa-da il yagşy.

Sölite (a. Seli:te) سليطه – yaramaz ayal, yaňra ayal, ajy dilli ayal, başarnyksyz, iş başarmayan ayal.

Gözel görmegen – sölite

Gözüne perizat görüner.

Sönmek سؤنمك – 1) öçmek, yanmasyny bes etmek; 2) gm. Yok bolmak, ayrylmak, aradan gitmek (meselem, hyjuw, meyil, höwes).

Yalynsyz yandyrar, elsiz ot eylär,

Bir zybana çekse, sönmez, yaranlar.

Söhbet (a. Sohbet) صحبت – 1) arkadaşlyk, hemdemlik, kömek, yardam; 2) mylayym gürrüň, gümür-yamyr; saz-söhbet – şagalaň, aydym-saz we gürrüň; toy-meylis.

Derwüşler köňli jem dursun namaza,

Yigitler yygylsyn söhbete, saza.

Söhbet içre söz lezzetin bilmeyän,

Aňabilmez mejlis nedir, saz nedir.

Söhbet-saz (a-p. Söhbet sa:z) صحبت و ساز – ser. Söhbet we saz.

Söhrap (p. Sohra:b) سهراب – ser. Suhrap.

Su, suy (p. Su:, su:y) سو//سوى – 1) tarap, ugur; yan; 2) gyra, kenar; 3) yagtylyk; 4) peyda, nep; suyy-asman – göge tarap, asmana tarap.

Hezreti-isadan, şahy-merdandan,

Hümmet istäp bakdym suyy-asmana;

Suyy-sema – asmana tarap, göge tarap.

Köňül turar, «huw!» diyr suyy-semaga,

El üzsem diyr, köwüş, muze, peşimden;

Suyy-häk – 1) topraga tarap, ere tarap; 2) gm. Gabra tarap.

Gassal golun çyzgayyp, meydini yuwdular päk,

Agaç ata mündürip, eltdiler ol suyy-häk.

Subut (a. Sobu:t) ثبوت – 1) mäkämlik; pugtalyk; ayak üstünde durmak; durnuklylyk; 2) takyk bolma, meydana çykma; şek-şübhesiz bolma; subut gadam – pugta ädimli, mäkäm, durnuklylyk, durnukly. Bu sözler «sa:bit gadam» şekilinde köp ulanylyar.

«si» - subut gadam turup, hak emrini tutmak gerek.

«jim» - jayyzdyr hoja gul gullugyn etmek gerek.

Subut gadam (a. Sobu:t kadam) ثبوت قدم//ثابت قدم – ser. Subut.

Subh (a. Sobh, ks. Esba:h) صبح – ertir, daň wagty, säher, günüň başlanyan wagty; subh-u şam – ertir we gijäniň başlanyan wagty.

Rast gitmese ya eger yhlas birle subh-u şam;

Subh-u şep – ertir we agşam.

Dünyä bir kerwensaraydyr, ötdi mundan subh-u şam,

Her kime takdyry-kysmat rozugär etgenk kerim.

Subh-u şam (a-p. Sobh we şa:m) صبح و شام – ser. Subh.

Subh-u şep (a-p. Sobh we şeb) صبح و شب – ser. Subh.

Subhan (a. Sobha:n) سبحان - «sobh» sözünden; 1) arassalyk, arassalamak; hudayy päklikde yatlatmak; hudayy şöhratlandyrma; adamzadyň her hili sypatlaryndan päk bolan (hudayyň epiteti); 2) şöhrat, öwgi; 3) huday, alla, taňry. Bu söz türkmen dilinde «suwhan» şekilinde köp duş gelyär; ya subhan – ey huday, ey alla.

Subhan söen derwüşler,

Döwrandadyr-döwranda.

Aşyk aydar: «ya, subhan!»

Diydi aly: «ya, subhan!» dalmynyp bakyp her yan;

Subhan syry – hudayyň syry.

Yaranlar, etmek yok subhan syryna.

Eriň, gögüň, arşyň, kürsüň subhany.

Subhana rebbiel-agla (a. Sobha:ne rebbi el-a’la:) سبحان ربّى الاعلى – belent mertebeli allam päkdir.

Ey, emrinden asman indi rukuga,

Senasy «subhana rebbiel-agla».

Suwdan ot çykmak سودين اوت چيقمق – 1) şu sözler arkaly şahyr «kurúanyň» «yasyn» süresiniň segseninji ayatynyň «ol siziň üçin gök agaçdan ot etdi, şonda siz ol agaçdan ot yakyarsyňyz» dien mazmunyny yatladyar diylip çak edilyär; 2) nebit çyrasyny göz öňünde tutan bolmagy-da ähtimaldyr, çünki suwuk nebitiň, yagyň üstünde peltäniň yanyp ot yaly bolup durmagy xwııı asyr türkmenleri üçin, geň zat hasaplanmagy mümkin.

Magtymguly her yan-her yana bakar,

Bu ne gudrat işdir suwdan ot çykar.

Suwlag (su:lag) صولاغ – ser. Suwlah.

Suwlah (su:lah) صولاخ//صولاغ – 1) suwy köp, suwy köp er; 2) suw içilyän er; 3) guşlar üçin suw guyulyan gap.

Üsti yapylgydyr kümüş kerpiçden,

Her kimiň özi üçin suwlahlary bar.

Behişdiň otlagyn yaylar,

Höwzi-köwser suwlagydyr.

Suwhan (a. Sobha:n) سبحان – ser. Subhan.

Sud (p. Su:d) – gazanç, peyda, nep, bähre (ser.), antonimi: zyyan, sud-u zyyan – gazanç we zyyan.

Imdi anyň baryn-yogun deň bildim,

Sud kaysydyr, zyyan kaysy bilmedim.

Bilmez sen sud-u zyyany.

Ederler haywanatga hem sud-u zyyan peyda.

Sud-u zyyan (p. Su:d we ziya:n) سود و زيان – ser. Sud.

Suz (p. Su:z) سوز - «suhtan – yanmak» işliginiň häzirki zaman düyp işligi; 1) yanma, ot alma; 2) yakyjy, ot beriji; 3) yakma, ot berme; 4) ot, yanyk, köyük; suz almak – ot almak, köymek, yanmak.

Bul sebäpden berf-u buz,

Bagra basar suz alan;

Suz bolmak – yanmak, köymek.

Toprak boldum, ataş boldum, suz boldum.

Soran bolsa, synam içre suzlar bar,

Yüz tümünden egdir niçe sözler bar.

Suzan (p. Su:za:n) سوزان - «suhtan» işliginden yasalan sypat; 1) yakyjy, yanyan halatda; yandyryjy; yanyp duran; 2) yanan, köen; ataşy-suzan – yandyryjy ot, yakyjy ot, yanyan ot.

Dowzah odundan beter ataşy-suzanym bar meniň.

Gamyndan örtenip, suzan,

Çeker men nala-u efgan.

Suzen (p. Su:zen) سوزن – iňňe, igne.

Aşyklara deger boldy suzenim,

Barysy telmuryp, gyzyp başlady.

Suzlamak (p-t. Su:zlamak) سوزلامق – yanmak; yakmak; suzlayan haly – yanyan wagty; yakyan wagty.

Bizden salam bolsun, durdy şahyra,

Ne mährapdan suzlap çykan ot nedir?

Eyle mahbup eylemäň, bir garaty-jandyr çilim,

Suzlayan haly demi bar afgyyy-mardyr çilim.

Suzlayan haly (p-t-a. Su:zlaya:n ha:ly) سوزلايان حالى – ser. Suzlamak.

Suy (p. Su:y) سوى – ser. Su.

Suyy-asman (p. Su:ye a:sma:n) سوى آسمان – ser. Su.

Suyy-sema (p-a. Su:ye sema:) سوى سماء – ser. Sema we su.

Suyy-häk (p. Su:y-e ha:k) سوى خاك – ser. Su.

Sulbat (a. Solbet) صلبة – 1) gaty, sart; 2) suwuklyk halatynda bolmadyk gaty zat; 3) nesil.

Adam atanyň sulbaty,

Edi eriň topragydyr.

Sulp (a. Solb, ks. Esla:b) صلب – 1) bil; oňurga, bil oňurganyň süňkleri; 2) nesil; perzent; tohum; 3) gaty.

Bu gün ataň yşk etdi,

Sulbundan joşa etdiň.

Suluw (sulu:) سولو – owadan, gözel, görmegey, zyba (ser.).

Her kim suluw men diyr, olmaz ygtybar.

Sünbül saçy, gylça bili bolmasa.

Sumum (a. Somu:m, bs. Semm) سموم – ser. Sem ii.

Sung (a. Son’) صنع – 1) yaratma, döretme; 2) amal, iş; eser; 3) yagşylyk, yhsan (ser.), yagşylyk etmeklik, rysgal.

Älem sunguňa möwjut, möwjuda gelen eşya.

Mäligi-mahluk her ne,

Kim etdi sunguň syryna.

Sungat (a. San’at, ks. Sana:yy’) صنعت – 1) iş kär, pişe; 2) hünär, ussatlyk; 3) çeperçilik, ussatlyk.

Magtymguly sözlär hakyň sungatyn,

Bende sen, hatyfnyň emrine köygün.

Sungulla (a. Son’ alla:h) صنع الله – hudayyň yaradany, hudayyň işi, allanyň döreden zatlary.

Kyl nazar asary-sungullaga çeşmi-did ile,

Gir hakykat yoluga bu jezbeyi-temhit ile.

Sunmak صونمق – bermek; uzatmak, hödürlemek; boyun sunmak – tabyn bolmak, boyun egmek; gulak asmak.

Ajal jamyn sunup, içhä-iç bolsa,

Jan ajygyn çeke-çeke gider sen.

Allanyň emrine sunup boynumy,

Begler, görüň, bu şem pelek oynuny.

Supra (a. Sofre) سفره – 1) saçak, çörek dolamak ya-da nahar iylende, üstünde iymit goymak üçin yörite bejerilen mahsus mata; skatertü (r.); 2) yolagçynyň iymit salyan yörite gaby; 3) gm. Tagam, iymit.

Supra yayyp, dökgül nanyň,

Bu dünyäde aşyň galar.

Çillekeş nerlerimiz barça ayylsyn,

Bir suprada eda bolsun aşymyz.

Sur i (a. Su:r) صور – ullakan şahdan yasalan surnay; sury-ysrafyl – dini düşünje boyunça, göyä, «kyyamat güni» ysrafyl perişdäniň, çaljak surnayy, şonuň sesini eşiden hemme ölüler direljekmişler.

Ysrafyl sur çalsa, eriň yüzüne,

Umytsyz häk tene täze jan geler.

Hakdan gayry jümle jandar galmazlar,

Ysrafyl jan tabşyr sur hem çalynmaz.

Sur ii (p. Su:r) سور – şatlyk, şadyyanlyk; toy-tomaşa, şady-horramlyk.

Alla biler, kimiň jayy dowzahdyr,

Togsan dokuz müň är surda gowuşdy.

Surayy (a. Sora:hi:) صراحى – 1) suw we çakyr guyulyan uzyn bokurdakly tüň, grafin; 2) arassa çakyr, garyndysyz çakyr; ser. Surayy çilim.

Surayy-taha (a. Su:re-ye taha:) سورهء طه - «kurúanyň» 114 süresiniň yigriminjisiniň ady. Ol 1341 sözden, 5242 harpdan we 135 ayatdan ybaratdyr.

Niçik ysbat etmiş surayy-taha.

«taha», «yasynynda» - sürede belli.

Surayy-towhyt (a. Su:re-ye tawhi:d) سورهء توحيد – ser. Towhyt.

Surayy çilim (a-t. Sora:hi: çilim) صراحى چليم – temmäki çekilyän uzyn bokurdakly tüň.

Hindistanyň reňkli gyzyl şişesi,

Surayy çilimniň nayy gözel sen.

Surat (a. Su:ret, ks. Sower) صورت – 1) yüz, keşp, daşky görnüş; 2) nagyş, bezeg, şekil; sypat; suraty-zyba – owadan yüz, gözel görk; suratlyg – suratly, şekilli, görnüşli.

Magtymguly, bir suraty-zybaga

Bakmagyl, olaryň payany bolmaz!

Perişdesi bardyr sygyr suratlyg.

Her kim bir suratda gopsa gerekdir.

Suratger (a-p. Su:ret-ger) – ser. Suratkär.

Suratkär (a-p. Su:ret-ger) صورتگر - «surat – yüz» we «ger» goşulmasyndan yasalan goşma at; 2) suratçy, hudožnik; 3) heykel yasayan ussa.

Alma zanahdana, bu kümüş yüze,

Syya zülpüň suratkärdir dökümli.

Suratlyg (a-t. Su:ret-lyg) صورتليغ – ser. Surat.

Perişdesi bardyr bürgüt suratlyg,


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   37   38   39   40   41   42   43   44   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin