Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə37/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   72

Rum, pereň bolsa mülküň,

Heniz «azdyr», kän gerek.

Rum şäherni eylär sagyka harap.

Güyjüň artar rum zory dek.

Rum kabaly (a-t. Ru:m kaba:ly) روم قبالى – ser. Kaba.

Rumayyl (a. Ru:ma:yyl) رومائيل – köne düşünjelere görä, altynjy gat asmanyň perişdeleriniň iň ulusy; käbir çeşmelerde bu at «abayyl» görnüşinde gelyär; ser. Refna.

Rumustan (a-p. Ru:mista:n) رومستان – 1) rumlularyň yaşayan eri, ser. Rum we arzy-rumistan; 2) gm. Jelaletdin rumynyň mazary.

Magtymguly, rumustana,

Çaldy gylyç hindistana.

Öwlüyäler ummany,

Ol rumustany görsem.

Rusieh (p. Ru:-sieh) روسيه – ser. Rusyya.

Rusul (a. Rosol, bs. Resu:l) رسل – ser. Resul.

Rusum (a. Rosu:m, bs. Resm) رسوم – ser. Resim.

Rusyya (p. Ru:siya:h) روسياه//روسيه – 1) yüzügara, biabray; ryswa, uyatly, utançly; 2) gm. Günäkär, günäli; gysgalan formasy: rusieh; rusyya bolmak – günäkär bolmak, yüzügara bolmak; rusyya-şermende – günäkär we utançly.

Rusyya magtymguly, jamy-ajal içseň gerek.

Bir ot bolar etim malyn iene,

Rusyya-şermende bolar, yaranlar.

Haramdan gaç, kethudalar,

Rusyya bolmasdan burun.

Rusyya-şermende (p. Ru:siya:h şermende) روسياه شرمنده – ser. Rusyya.

Rutba (a. Rotbe, rotbet) رتبه – 1) dereje, orun, mertebe; 2) gadyr-gymmat; 3) her bir döwlet ya-da ylmy işgäre berilyän dereje; wasyl rutbasy - gowuşmaklyk derejesi.

«waw» - wasyl rutbasyn bir gizli bazar eylemiş.

Ruh (a. Ru:h, ks. Arwa:h) روح – 1) jan, rowan; 2) wahy; huday buyrugy; 3) perişde; ser. Arwah.

Gussa bilen saç-sakgalym agardy,

Ne ruhda şat, ne köňülde hoş galdy.

Ruhsar (p rohsa:r) رخسار – yüz; yaňak, keşp; surat; gül ruhsar – gül yüzli.

Arzuw eyläp gül ruhsaryň,

Gezdim dagynda ebraryň.

Ruhul-emin (a. Ru:h al-emi:n) روح الامين - jebrayyl perişdäniň lakamy.

Ruhul-emin jebrayyl hyzmat eder ustada,

Lutuň şähri zynadyr, bary gitdi berbada.

Ruhulla (a. Ru:h-alla:h) روح الله – 1) hudayyň ruhy; 2) hezret isanyň lakamy.

Gudratyň meşhurdyr merúem oglunda,

Ya, reb, isa beruhulla haky üçin!

Rüstem (a. Rostem) رستم – asly rutste hem bolsa-da, firdöwsi ony «şanama» eserinde ölçege dogry getirmek üçin rüstem şekilinde ulanypdyr. Zalyň we rudabanyň ogly. Eyranyň we ençeme gündogar halk rowayatlarynyň iň uly epiki gahrymany, käbil emiri samyň agtygy. Menuçihriň patyşalyk eden döwründe dünyä inipdir. Keygubadyň, keykawusyň we keyhusrowyň döwründe turanlylar bilen urşup, köp edermenlikler görkezipdir. Firdöwsiniň «şanamasynyň» baş gahrymany. Rüstem doglan wagtynda juda uly bolanдыгy üçin enesiniň garnyny kesip, ony çykarmaly bolupdyr. Entek yaş etginjekkä, bir pili öldüripdir. Semengan patyşasynyň tähmine atly gyzyna öylenyär, ondan suhrap atly ogul bolyar. Bähmeniň patyşalyk eden döwründe rüstemiň dogany şugat onuň yolunda garym gazyp, içini nayza, hanjar bilen dolduryp, üstüni basyryp goyyar. Rüstem şol ere gelende, garymyň içine düşyär, şol erden-de öz dogany şugady ok bilen atyp öldüryär, emma özi-de nayzalaryň yarasy zerarly ölyär. Rüstemiň edermenligi «şanamada» giňden beyan edilipdir. Onuň «тähеmten» (edenlek, güyçli) dien lakamy bar. Rüstem edebiyatda batyrlygyň, edermenligiň simwoly hasaplanyar.

Semengan şährinde batyr zal bilen,

Döw bilen jeň salan rüstemi gördüm.

Kerk bedewli, agyr gürzli rüstemiň,

Ajal jylawyndan tutdy yaranlar!

Rüstem-destan (p. Rostem-e desta:n) رستم دستان – destanyň, yagny zalyň ogly rüstem. Firdöwsiniň «şanamasynda» aydylyşyna görä, destan adyny rüstemiň atasy zala göyä symrug guşy berenmiş.

Rüstemi-destan kimin söweş kyldym merdana,

Kyrka etende ömrüm okyp, «kurúana» geldim.

Kany suhrap, burzu, rüstemi-destan,

Agmaly dönmeli, eser bu dünyä.

Ryza i (a. Riza:ú) رضاء – 1) razylyk; ylalaşyk; şatlyk; 2) isleg, erk, ygtyyar; 3) alla takdyryna boyun bolma. Bu söz türkmen dilinde kä halatda «yrza» şekilinde hem gelyär; ryzayy-mustagan – hudayyň razyçylygy.

Bende bolsaň, gözle hakyň ryzasyn.

Bar gullukdan nikdir hakyň ryzasy.

Yaratgandan etmiş edi yrza men.

Bu hayatyň içre hasyl kyl ryzayy-mustagan.

Ryza ii (a. Riza:) رضا – ser. Ymam ryza.

Ryzayy-mustagan (a. Riza:ye mosta’a:n) رضاى مستعان – ser. Mustagan.

Ryzwan (a. Rizwa:n) رضوان – 1) «kurúanda» aydylyşyna görä, behişt baglarynyň perişde sakçysy; behiştiň gapysynda oturyan sakçy perişde; 2) behişt; 3) şatlyk; razyçylyk.

Bizden jowap bolsun durdy şahyra,

Jebrayyl getirdi, ryzwanlar biçdi.

Ey jennet era bir gül,

Ryzwana gözüm düşdi.

Gullukçy ryzwanlar, iniçe şelleler.

Ryzk (a. Rizk, ks erza:k) رزق – 1) rysgal; gündelik iymit, rysk; 2) göyä, huday tarapyndan her bir adama berilyän gündelik nygmat; 3) iymit, azyk; ryzk bermek – iymit bermek; ryzkyny maksum etmek – hudayyň her bir adama ryskyny paylap bermek.

Halal ryzk ber, kesp bildir,

Kimya atlyg ot islärin.

Geljek ryzka gam iymen.

Ryzkyny maksum edip, tayyar eden rebbim jelili.

Rykgat (a. Rykkat) رقـّـت – 1) näziklik, yumşaklyk, mähribanlyk; yuwkalyk, inçelik; 2) gm. Rehim, täsirlenme; täsir.

Goydy meni yüz-müň azara pyrkat,

Gijäm uzyn boldy, daň atmak rykgat.

Ryswa (p. Roswa:) رسوا – şermende, masgara, biabray, betnam; gabahat işi paş bolup, il arasynda masgara bolan adam; ryswayy-has-u a:m olmak – ayratyn hukuklylaryň we köpçülik garamayaklaryň yanynda masgara bolmak, hemmeleriň yanynda biabray bolmak; ryswa kylmak – masgara etmek.

Älemde men dey ryswa,

Bolan barmy, yaranlar!

Huda-ya, kylma ryswa, keremiňden tilär men.

Ay dolar, enjüm batar, ryswayy-has-u a:m olur.

Ryswayy-has-u a:m olmak (p-a-t. Riswa:ye ha:s we a:m olmak) رسواى خاص و عام اولمق – ser. Ryswa.

Rysman (p. Ri:sma:n) – ser. Risman.

Rysmanyn berk edip, labyr salmayan,

Girdaba ugraşyp häzir bolmayan.

Ryhlat (a. Rihlat) رحلت – 1) göçme, göçmek, bir erden başga bir ere gitme; 2) yola gitmek, hereket, sapar; ugramak; 3) ölüm, ölmek, aradan çykmak, wepat bolmak; ryhlat kylmak (etmek) – aradan çykmak, ölmek; bagy-ryhlat - ölüm bagy; ryhlat çagy - ölüm wagty; tiri-ryhlat - ölüm oky.

Bagy-ryhlatdan nahalyň bergi solmasdan burun.

Baglaban rahty-safar ryhlat çagy tayyar bol.

Jüpbeyi-jan tiri-ryhlatdan sökülmesden burun.

Ryhlat kylmak (a-t. Rihlat kylmak) رحلت قيلمق – ser. Ryhlat.

Ryhlat çagy (a-t. Rihlat ça:gy:) رحلت چاغى – ser. Ryhlat.

Ryya (a. Riya:) ريا – ser. Riya. Bu söz türkmen dilinde «yrya» şekilinde hem gabat gelyär.

Işanlary yrya eylär namazyn,

Gaflatda ötürer gyş bile yazyn.

Ryyazat (a. Riya:zet) رياضت – ser. Riyazat; ryyazat bary – riyazat (ser.) Yüki.

Ryyazat baryny nebsim şütürne,

Yhlasa iytdirip, haylamayynmy?

Ryyazat bary (a-p-t. Riya: zet ba:ry) رياضت بارى – ser. Ryyazat.

Ryyakäre (a-p. Riya:ka:r) رياكار – ser. Riyakär.

Ryyan melek ريان ملك - «yusup-züleyha» dessanynda görkezilyän kenganyň patyşasynyň ady.

Patyşanyň ady ryyan melekdi,

Weziriniň ady azyz gerekdi.

Rähnet رهنت – eşret, lezzet, maza, rahatlyk, dynçlyk.

Birewge beripdir gaygy-gam mähnet,

Ömründe bir zaman görmedi rähnet.

- s -
Saba i (a. Saba:) صبا – gündogardan ösyän yuwaşja şemal; yakymly şemal, salkyn şemal, mylayym şemal; bady-saba – salkyn şemal, ertir irden ösyän salkyn şemal, daň şemaly.

Sabalar geler ummandan.

Bady-saba geler boldy.

Saba ii (a. Saba:h) صباح – daň, ertir, günüň başlanyan wagty, daň wagty, säher.

Magtymguly, her säherden, sabadan,

Haly galma bu nalyşdan, dogadan.

Her kişi zor ile mal alsa bu gün, bergey saba.

Saba iii (a. Saba:’) صباء – yaşlyk, çagalyk, oglanlyk.

Sabah (a. Saba:h) صباح – ser. Saba ii.

Saby (a. Sabiy:) صبى - çaga, oglan, erkek oglan; bala.

Niçe balyg geçdi, niçe sabylar.

Az bahaya satdy niçe sabylar.

Sabyk (a. Sa:byk) سابق - öň, öňki, owalky, ozalky, geçen, bolup geçen; döwri-sabyk - öňki döwür, geçen döwür, öňki zaman.

Döwri-sabykda ötenler, yar, jemalyň, çün emin.

«hi» - habybyň nuruny sabyk imkan eyledi.

Sabyr i (a. Sabr) صبر – 1) çydam, çydamaklyk; başa düşen agyr yagdaya çydam etme; garaşma, dayanma; saklanma; 2) sufizmiň birinji makamynyň bäşinji etapy; sabyr kylmak (etmek) - çydamak; garaşmak; dayanmak; sabyrly - çydamly, garaşyp bilyän; es-sabry miftahyl-jenan – sabyr, çydamlylyk jennetiň açarydyr.

Yamana sabyr kyl, yagşa şükür eyle.

Yüregim sabyrdan, gitdi karardan.

Sabyrly gul dura-bara şat bolar.

Es-sabry miftahyl-jenan.

Sabyr ii (a. Sa:bir) صابر – sabyrly, sabyr edyän, çydamly, çydam edyän, dözyän, dözümli; eyyuby-sabyr – sabyrly eyyup, çydamly eyyup.

Eyyuby-sabyr belalar tartdy gurtnyň zahmydan.

Sabyrly (a-t. Sabrly) صبرلى – ser. Sabyr i.

Saw, sawa (sa:w, sa:we) صاو//صاوه – 1) habar, bildiriş; 2) buşluk, hoş habar, begençli habar; sawçy – hoş habar aydyjy, buşlukçy, gelin edinmek üçin gyzyň ene-atasyna söz aydyan adam.

Hüthüt aydar: «ilçiem,

Süleymana sawçyyam».

Sawçy (sa:wçy) ساوچى//صاوچى – ser. Saw.

Sawymak (sawy:mak) ساويمق – 1) sowuk bolmak, gyzgyny gitmek; 2) sowuk almak; 3) gm. Ara açylmak; unutmak; söygüsi ayrylmak.

Dura-dura dosty sawyr,

Garyp galan barsyz ärden.

Sag i ساغ – sagdyn, diri, janly, saglygy oňat, nähoş däl, gurgun, gurat.

Magtymguly, yigitlik bir yaz görner.

Jany saga mydam söhbet-saz görner.

Sag ii صاغ – soluň ters tarapy, çepiň garşysy; antonimi: sol, çep.

Sag elinde bardyr musa hasasy,

Sol elinde möhri-süleyman geler.

Sagadat (a. Sa’a:det) سعادت – bagt, mübäreklik; bagtyyarlyk, hoşbagtlyk; bagtlylyk; sagadatly – bagtly, bagtyyar, hoşbagt.

Huda berse, sagadatly bir perzent,

Garrygan çagyňda yaş eder seni.

Eger bolsaň, bir ülkäniň patyşahy,

Owwal başdan bir sagadat gerekdir.

Sagadatly (a-t. Sa’a:det-ly) سعادتلى – ser. Sagadat.

Sagalmak ساغالمق – sag bolmak, sagdyn bolmak, gurat bolmak, dayanmak, syrkawlykdan gutulmak.

Eri sazdyr, hassa bolan sagalar,

Arryk, müflis, garyp bolan oňalar.

Sagaty (a-p. Sa:’ati:) ساعتى – bir sagat, eke sagat, birje sagat.

Eylemez sen sagaty endişeyi-ruzy-jeza,

Galgusy herniçe tutsaň, dosty bol darel-pena.

Sagdak صاغداق – ok salynyan torba, okdan.

Ol ne agaç altmyş iki pudagy,

Kyrk sekiz göz okuň on iki sagdagy.

Sagdy (a. Sa’di:) سعدى – muslihetdin abu muhammet abdylla ibn müşrifetdin sagdy pars-täjik edebiyatynyň iň görnükli wekilleriniň biri. Ol 1203-1210-njy yyllaryň aralygynda şirazda doglup, 1292-nji yylda-da şol erde aradan çykypdyr. Sagdy ruhany maşgalasyndan bolupdyr. Yaşlykda bagdada gidip, «nyzamye» medresesinde ylym alypdyr. Ilkinji çeşmelerde aydylyşyna görä, sagdy köp yurtlara, şol sanda yraga, şama, hyjaza, hindistana, türküstana, kiçi aziya, beytil-mukaddese hem-de дemirgazyk afrika syyahat edipdir, on tört gezek mekgä zyyarat edipdir. Şu syyahatlarda köp halklaryň, dürli gatlaklaryň durmuşy bilen tanşyp, uly tejribe toplapdyr. Köp kynçylyklary-da başdan geçiripdir. Otuz yyllap syyahat edenden soň, atabek abu bekir ibn sagd zeňginiň häkimlik edyän döwründe şiraza öwrülip gelipdir hem-de özüniň şygyr bilen yazylan «bustan» eserini şoňa bagyşlapdyr (1257). Sagdy bir yyl soň (1258) meşhur «gülüstan» eserini-de şol häkimiň adyna yazypdyr. Ol ençeme gazallaryň, kasydalaryň we başga eserleriň-de awtorydyr. Sagdy diňe bir eyranyň beyik şahyry bolman, bütin dünyäniň söz sungatynyň ussatlarynyň biridir. Ol hem kyssa-da, hem-de poeziyada köplere görelde bolup gelyär.

Okyp bildim sagdynyň men «bostanny».

Gör, ne ajap hakanynyň «medayny».

Sagdy-wakgas (a. Sa’d ebi: wakka:s) سعد بن ابى وقـّاص – 1) muhammet pygamberiň yaranlaryndan hem-de yslamyň meşhur we batyr serdarlaryndan biri. Ol on üçünji hijri (634-635) yylynda kadysyya dien erde eyran goşunlary bilen urşup, olary eňyär. Şu uruşda eyran goşunlarynyň serdary rüstem farruhzat öldürilyär. Sagd ibn ebi-wakgas eyranyň şol döwürdäki paytagty tisfuny eeleyär. Eyranda we orta aziyada onuň ady köplenç sagdy-wakgas şekilinde gabat gelyär; 2) yakyn gündogarda we orta aziyada duş gelyän hem-de muhammet pygamber, hezret aly, ganbar, patma, sagdy-wakgas yaly yslam dininiň uly şahsyetleriniň atlary bilen baglanyşykly bolan bir çeper eseriň ady. Xwiii asyrda döredilen bir poema. Onuň awtory nurmuhammet andalyp hasaplanyar. Yöne bu eseriň çeperçiligi andalybyň hut özüne degişlidigi anyk bolan beyleki köp eserlerinden has pesde duryar.

Namazga bermez köňül, her kimse biyhlasdyr,

Yaşy on tördüde oglun beren sagdy-wakgasdyr.

Sagy (a. Sa’y) سعى – 1) tagalla, çalyşma, jan çekme; 2) iş, iş etme; 3) niet etmek, ylgamak (haja degişli); sagy etmek - çalyşmak tagalla etmek.

Dergahyňdan derman dileney nije,

Uzyn ömrüm sagyyn sarp etdim hije.

Sagy kyl, algyl bahar-u payyzy-hakdan bir semer,

Bagy-ryhlatdan nahalyň bergi solmasdan burun.

Saglyk ساغليق - sagdynlyk, salamatlyk, dirilik, nähoş dällik.

Ayak bar yörmäge, el bar almaga,

Kany bende saglyk şükrün kylmaga.

Sagt (a. Sa’d) سعد – bagtyyarlyk, bagtlylyk; mübärek; bereket; täley, bagt; yagşylyk.

Yagşy gün sagt gelip mysalym.

Sagynmak (sa:gynmak) ساغينمق – 1) yaydanmak; saklanmak; 2) garaşmak; göresiň gelmek; 3) pikirlenmek, pikir etmek; yüregiň gysmak.

Yokluga yandyryp, menlikden sagyn,

Eşkimden suwarsam nistligiň bagyn.

Soňun gözläp, sagnyp sözlär, her işinde zyyan görse.

Sagyr (a. Sagy:r) صغير – 1) kiçi; çaga; yaş, etginjeklik yaşyna barmadyk oglan; 2) etim.

Yoluksa gözüňe güň-u sagyrlar,

Olaryň halyna gülüji bolma.

Sad i (a. Sa:d) ص – arap-pars elipbiyiniň on edinji harpy. Ebjet hasabynda – 90. Bu harp arap diline mahsus bolup, pars sözlerinde gabat gelenok. Diňe birnäçe pars sözünde «siniň» deregine ulanylypdyr. Mes.: sad (100), şast (60).

«şin» - şeytan yoluna, gel köňülni aldyrmagyn,

«sad» - sabyr eyle, sowabyň ataşa yandyrmagyn.

Sad ii (p.) صد – yüz (san); sad hezar – yüz müň.

Gamda köňlüm bikarardyr, başda derdim sad hezar;

Sad jan – yüz jan, yüz ruh.

Karun kylyp, malyn eda,

Sad jan erur bolsa pida;

Sad genç - yüz hazyna; yüz hili baylyk.

Her güwşeyi-weyranadan,

Sad genji-bipayan çykar;

Sad sal – yüz yyl; murdayy-sad sal – yüz yyl bäri ölen, ölenine yüz yyl bolan.

Murdayy-sad isem jana geler men,

Bolsaydy bezm içre bir yada salmak;

Sad aferin – yüz gezek berekalla, yüz gezek sag bol.

Hem pelek üzre melekler diydiler sad aferin,

Bu makamy-agla ile bu himmetiň görgeç resul;

Sad söwda – yüz hyyal, yüz oy-pikir; yüz derdeser; yüz waka.

Bolmuşam mesti-şeyda,

Hezar pişe, sad söwda.

Sad aferin (p. Sad a:feri:n) صد آفرين – ser. Sad ii.

Sad genç (p. Sad genj) صد گنج - ser. Sad ii.

Sad jan (p. Sad ja:n) صد جان - ser. Sad ii.

Sad söwda (p-a. Sad sawda:ú) صد سوداء - ser. Sad ii.

Sada i (a. Sada:ú) - ser. Seda.

Sözleseň bermez sada, sözlemeseň zar eyleyur.

Sada ii (p. Sa:de) ساده – 1) yönekey, çylşyrymly däl; 2) hoşnietli, göwni açyk, pespäl; 3) düşnükli, kyn däl; 4) bezeg berilmedik, yönekey; sada dil – dogruçyl, yönekey, mekir-hilesiz, düşbi; akyürek, göwni açyk.

Dil bilmez bela duş etme,

Sada dil bolsun – türkäne.

Sada dil (p. Sa:de-dil) ساده دل – ser. Sada ii.

Sadaga (a. Sadaka) صدقه – ser. Sadaka.

Sadaka (a. Ks. Sadaka:t) صدقه – 1) huday yolunda garyp-etime berilyän zat; pakyr musulmanlara bermek üçin toplanyan zat; 2) hayyr, berim, gurban etme, pida etme; sadaka kylmak (bermek) – 1) huday yoly bermek; 2) gurban etmek.

Sadkayy-ruhy bolay ol mustapany gördüm-ä.

Bahyllar pälin unudyp, sadaka kylmyş maly.

Sadakat (a. Sadaka:t) صدقات – ser. Sadaka.

Sadap (a. Sadaf, ks. Esda:f) صدف//صدفه – 1) suwda yaşayan kiçijik janawar, möjek. Ouň bedeni bir ak gabygyň içinde erleşyär, şol gabyga sadap diyilyär; 2) sadap birnäçe hili bolyar. Iň meşhury murwaryt (merwerit) sadabydyr. Ol öz bedeniniň içinde bir madda emele getiryär, şol madda kem-kemden gatap, merweride öwrülyär; 3) deňziň düybünden alynyan balykgulak; çaňňalyk; sadap dişli – sadap yaly ak dişli.

Şeker zyban, sadap dişli.

Sadat (a. Sa:da:t, bs. Seyyid) سادات – ser. Seyit.

Saddakna (a. Saddakna:) صدّقنا – tassykladyk (boyun egmek yagdayynda aydylyar).

Ämenna, saddakna mahşar günleri,

Bir gün alnymyzdan gelse gerekdir.

Sadranç (p. Sadrenç, şatranj) شترنج//سترنگ – bütin dünyäde belli bolan oynuň ady, küşt. Arap dilinde şitrenj شطرنج görnüşinde ulanylyar. Käbir derňewçiler bu sözüň aslyny «çitranga» diyip belläpdirler. Ol sanskrit dilinde «dört çlen» diymekdir (pil, at, araba, pyyada). «çatur» - dört, «ang» - çlen. Göçme manysy – paya, sütün, dereje. Şeylelikde, «çitrang» diyip dört sütüni, falangasy bolan goşun bölegine aydylypdyr (şa bile perziden (wezirden) başga: pil, at, ruh, pyyada). Käbir takyklayjylar bu sözüň aslyny «sadreňg» صدرنگ diyip yazypdyrlar we «reňg» sözüni «hile» diyip düşündiripdirler.

Sadranjy (küşdi) ilki oylap tapan, käbir çeşmelerde, lajlaç hekim dien adam hasaplanyar, käerde bolsa, sahsaha ibn wahyr diylip yazylyar. Ilkinji çeşmelerde aydylyşyna görä, bu oyny anuşirwan (nowşиrwan) adylyň döwründe hindistandan eyrana getiripdirler. Bu hakda köp rowayatlar hem bar.

Gäwdar ogly doňuz bilen it oynar,

Beg balasy sadranç oynar, nert oynar.

Sadyk (a. Sa:dyk) صادق – arapça «sydk» sözünden; 1) dogry, hakyky, dürs, yalan-yasama däl; 2) dogruçyl, wepadar, dogry sözli; söygüsi hakyky.

Yusup: «sadyk gul men» diydi merdana,

On sekiz yarmakga satdy, yaranlar!

Sadykayy-kübra (a. Sady:ka-ye kobra:) صديقه كبرى – ser. Patma.

Saz (p. Sa:z) ساز – 1) muzyka, çalgy; 2) muzyka guraly, çalgy gurallary; 3) ses, owaz; 4) işiň oňaylylygy; oňat, düzüw; 5) uruş yaraglary; esbap, gural; 6) «sahtan – yasamak» işliginiň häzirki zaman düyp işligi; söhbet-saz – şagalaň; toy-meylis.

Magtymguly, yigitlik bir yaz görner,

Jany saga mydam söhbet-saz görner.

Eri sazdyr, hassa bolan sagalar.

Say ساى – 1) tarap, yan; 2) yalpak (suw); akyan suw; 3) sagdyn, sagat, dayaw, saylama; 4) çöl, sähra; 5) gezek, sapar; adam say – adama tarap.

Adam say bir melik asmandan iner,

Yyglaşur, her serden sad efgan geler.

Saylamak سايلامق – 1) seçmek, köp zadyň içinden seçip almak; 2) birnäçe adamdan birini seçip görkezmek; 3) saygarmak.

Kimi yalançyda eşretde yaylap,

Kimisi haramdan halalny saylap.

Gara daşdan gara gylny saylan göz,

Çöňňeler gözleriň yüze myhmandyr.

Saymak (sa:ymak) سايمق – hasap etmek, hasaplamak.

Eşek özün egsik saymaz bedewden,

Gymmat etseň, at yanynda bellidir.

Daglar eriň myhydyr,

Depe özün dag sayar.

Sayray-sayray سايراى-سايراى – ser. Sayramak.

Sayram (seyra:m) سيرام – ser. Seyram.

Sayramak سايرامق – 1) hoş owaz bilen ses çykarmak (meselem, bilbil yaly); 2) gm. Çeper sözlemek; sayray-sayray – 1) sayrap-sayrap; 2) gm. Zeyrenip-zeyrenip.

Bir käkilik aldyrsa zürúwe balasyn,

Sayray-sayray gözlemeyin bolarmy?

Sayt (a. Sayd) صيد – 1) aw, şikär; 2) aw awlamak, şikär etmek; 3) awlanyan zat, şikär edilyän zat; sayt etmek – awlamak; sayt olmak – awlanmak, aw bolmak.

Zülpüň damyga sayt oldum, görüp halyn däne-däne,

Janym pida kylsam azdyr seniň kibi jana-jana.

Sayha (a.) صيحه – ses, gykylyk; galmagal, nagra, dat-peryat; sayha kylmak – ses etmek, gygyrmak, nagra tartmak.

Isa bilen mäti gelip, ötensoň,

Ysrafyl bir sayha kylar, yaranlar.

Sayy سايى – zaman, wagt; badyna, dessine.

Gördük sayy köňli sowyr,

Sabyrsyz, kararsyz ärden.

Sayyka (a. Sa:yka) صاعقه – ser. Sayka.

Sayyl (a. Sa:il) سائل – 1) sorayan, sorag edyän, sorayjy; 2) geday, dilegçi, ykmanda; sayyl bolmak – soramak; geda y bolmak.

Garyplygyň gamy köňlün çökermez,

Ayal istäp, sayyl bolsa adamzat.

Kimlere altyn täçdir,

Kimler sayyl mätäçdir.

Çykdy gapa nägehan, geldi bir sayyl duçar.

Sayyn (sa:yyn) سايـيـن – 1) tarap, ugur; 2) wagt aňladyan sözlere goşulyp, dowamlylygy bildiryän we sözüň soňunda gelyän kömekçi söz.

Baş dikip asmana sayyn,

Gurbandyr mukam gaşynda.

Sayynmak (sa:yynmak) سايـيـنمق – hasaplamak, hasap etmek, saymak, hasabynda görmek.

Muhannes giň erde akyl sayynar,

Dar erde akyly-huşy syndyrar.

Özüni är sayynar kim, artyk iş etse yaman,

Bu köňül yüz şowk eder nähak üçin tökmäge gan.

Sayyar (a. Seyya:r) سيّار – ser. Seyyar.

Sayyat (a. Sayya:d) صيّاد - «sayd – aw awlamak» dien sözden; köp aw awlayan adam, awçy, şikärçi; sayyat ajal – 1) awçy ölüm; 2) gm. Ölüm, hemmäni yokluga sezewar edyän ölüm, ajal.

Jan guşuny aldap tutar,

Şum pelek sayyat görüner.

Ol kim idi barçaga ölçeg donuny biçdi?...

Sayyat ajal dünyäde barçanyň donun biçdi.

Saka (a. Sika:) سقاءِ – 1) suw meşgi, süyt meşgi; 2) derya suwunyň bölünyän eri, yabyň suwunyň bölünyän eri; 3) ser. Sakka.

Yşk deryasy joşar geler sakadan,

Köňlüňi saklagyl yalan wakadan.

Sakar (a.) سقر – 1) dowzah, jähennem, tamy; 2) dowzahyň ady; giriftary-sakar kylmak – dowzaha duçar etmek, jähenneme salmak.

Hak ne erde kylmyş sakar-dowzahy,

Niçe guyusy bar, niçe bulagy?

Ummatymny kylmagay sen kim giriftary-sakar.

Sakar dien jaya seni salarlar.

Sakahum şeraben (a. Saka:hom şera:ben) سَـقـَاهُمْ شـَرَاباً – olara [huday] arassa şerap içirer («kurúanyň» 76-njy süresiniň 21-nji ayatyndan bölek).

Müúmüne hoş wagdadyr, «we sakahum şeraben»,

Diyse ol wagt käpirler: «ya leyteni turaben».

Sakka (a. Sakka:) سقـّا – suw beryän, suw paylayan, öylere suw eltip beryän, suwçy, suw daşayan adam, suwkeş.

Diyrlermiş, suw bermez düytkeşe sakka,

Hayypdyr janyňa, çilim çekmegil!

Saklaw ساقلاو – saklamak sözünden; bir eri gorap saklamak üçin goyulyan bir topar adam, esger. Bu söz pars dilinde «sahlaw» şekilinde ulanylyar.

Etmiş müň perişde onda saklawdyr,

Müň gayym burundyk baglar anda bar.

Saklamak ساقلامق – 1) duruzmak, togtatmak; tutmak; öňüni almak; 2) gm. Gizlemek, yaşyrmak.

Bu sözüm haywana yokmaz,

Adam saklar güwş üstünde.

Sakla gybatdan tiliňni, ugrunda gez ynsap edip.

Syr saklayan mähek daş zer yanynda bellidir.

Saklap (p-a. Sakla:b) سقلاب//صقلاب – 1) slawyan kowumy, hind-ewropa ya-da ariya kowmunyň uly şahalaryndan biri. Olar ilki karpat daglarynyň demirgazygynda we danup deryasynyň kenarlarynda yaşapdyrlar. Soň birnäçe taypa bölünipdirler: ruslar, polyaklar, çehler we başgalar. Şolara pars dilinde «sakla:p», arapça-da ”saklap” diylipdir; 2) slawyanlaryň yaşayan yurdy. Bu yurt we onuň halky barada «hudud-al-älemde» gyzykly maglumatlar berlipdir (177-178 s.).

Tört müň saklap, senjap, tört müň zeňgistan,

Göyä geçip bargan saldyr bu dünyä.

Saky (a. Sa:ky:) ساقى – 1) meylislerde käselere içgi (arak, şerap we ş.m.) Guyup paylayan adam; 2) suw beryän, suw paylayan; suw satyan; saky-köwser (köwser sakçysy) - jennet çeşmesiniň suwuny paylayan.

Bu et bize haramdyr,

Eya, saky-köwseri.

Köwser sakysyndan şerap içer sen.

Saky turdy, ses etdi,

Kim giç galdy, kim etdi;

Ajal sakysy (saky-ajal) – 1) ölüm paylayan; 2) gm. Jan algyç, ezrayyl.

Magtymguly, söz bakysy,

Garşyňda ajal sakysy.

Rusyya magtymguly, saky ajal içseň gerek.

Saky-ajal (a. Sa:ky:ye ajal) ساقى اجل – ser. Saky.

Saky-köwser (a. Sa:ky:ye kewser) ساقى كوثر – ser. Saky.

Sakynama (a-p. Sa:ky:-na:me) ساقى نامه – 1) klassyky şygryň bir görnüşi. Ol köplenç mesnewi formasynda we arzuwyň mutakaryp ölçeginde yazylypdyr. Şahyr şygryň her erinde saka (ser.), yagny şerap guyup saylayana yüzlenip, özüniň içki duygusyny hem-de joşgun-heyjanyny beyan edyär. Geçmişde sakynamalar köplenç liriki we sufistik häsiete ee bolupdyr. Sakynamanyň her bir bendiniň ahyrynda deslapky bendiň ahyryndaky beyt gaytalanyar; 2) hafyzyň «sakynama» eseri.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   33   34   35   36   37   38   39   40   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin