Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə36/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   72

Egni ak redaly, yaşyl nykaply,

Ugraşdy bir ajap är bizim sary.

Iygenim awy sandym, geygenim reda bildim.

Rey (p.) ري – eyranyň gadymy şäherlerinden biri. Onuň ady awestada «rakay» ya-da «raga», «töwratda» «rajis» şekilinde gabat gelyär. Grekler oňa «raga» ya-da «ragayy» diyipdirler. Ahamenidler döwründe-de onuň ady «rajis» bolupdyr. 150 yyl biziň eramyzdan öň bu şäher birinji arşakyň paytagty bolupdyr. Yslam döwründe-de ol möhüm şäherlerden biri haspalanypdyr. Seljuklar köp wagt şol şäherde bolupdyrlar. Togrul beg şol erde jaylanypdyr. Bu şäheriň käbir harabalary häzirki wagtda tähran bilen şaabdylúazymyň aralygynda galypdyr. Ol erde birnäçe patyşanyň gubury erleşyär.

Küwfäni jöwenek, rey şährin ab,

Rey ülkesin dilnip er harap eylär.

Reygan (p. Ra:yga:n) رايگان – 1) mugt, bahasyz, pulsuz, pul tölemän alynyan ya-da pul alman berilyän zat; 2) biderek, puç.

Gaygy-gamda eziz ömrüm solduryp,

Şum pelek azabym reygan eyledi.

Reyis (a. Rei:s, ks. Roasa:) رئيس – başlyk; serdar; yolbaşçy, kowum başlygy we yolbaşçy.

Reyis bolan paekiden pul alar,

Bermese, boynyga gyl arkan salar.

Reyhan i (a. Reyha:n, ks. Riya:hi:n) ريحان – 1) göm-gök we hoşboy ösümlik; 2) iyilyän gök otuň bir hilisi; 3) gül ady.

Gül yüzüňe perwana men, gayry reyhan istemen,

Açyldy zemin lälesi,

Üşbu dünyä reyhan bu gün.

Reyhan ii (a. Reyha:n) ريحان – «görogly» eposynyň gahrymanlarynyň biri.

Görogly reyhana niçik yalbardy,

«amandyr» diene diyanat yagşy.

Rekap (a. Rika:b) ركاب – ser. Rikap.

Rekegat (a. Reka’at) ركعت – namaz okalan wagtda bir gezekeglip galmak.

Kyldy du rekagat namaz.

Remezan (a. Remeza:n) رمضان – araplaryň kamary (ay) aylarynyň dokuzynjysy; oraza ayy.

Yigrimi tört sagat on iki ayda,

Remezan dierler ayyň yagşysyn.

Remka (a. Remka:) رمكا – köne düşünjeler boyunça, edi gat eriň (ser.) Birinji gatynyň ady. Bu erde on sekiz müň älem yaradylypdyr. Ol adamzadyň jayy hasaplanyar. Şu erde edi yklym (ser.), edi deňiz hem-de dört derya yaradylypdyr. Deňizler: 1) baky; 2) gulzum; 3) çyn; 4) bahr; 5) hurmuz; 6) muhyt; 7) umman. Deryalar: 1) nil; 2) furat (ewfrat); 3) jeyhun (amyderya); 4) seyhun (syrderya). Şu gat eriň ady käbir çeşmelerde «zuhka» şekilinde gabat gelyär. Bu gat erde etmiş müň perişde saklaw bar.

Ilki gat zeminiň ady remkadyr,

Akym atly yowuz jaylar anda bar.

Renj-u elem (p-a. Rej we elem) رنج و الم – ser. Renç.

Renç (p. Renj) رنج – azap, zähmet, ezúet, azar; renji azym – azaby uly; renj-u elem – azap we gaygy.

Renji azym, rahatny köp, şeyle bil,

Sözleri hadysdyr, ayaty delil.

Renj-u elem çekdim, tenim sargardy.

Reň (p. Reng) رنگ – 1) her bir zadyň göze görünyän daşky görnüşi, meselem, gök, ak, gara, gyzyl, yaşyl we ş.m.; 2) gm. Hile, hokga, pirim; 3) gm. Peyda, bähbit; 4) azap, mähnet, renç (ser.) 5) syr (kraska); reňgi-syya – gara reň, gara syr (kraska); reňňi-surh – gyzyl reňk.

Pyragynyň däli köňli,

Reňgi-syya sünbül istär.

Reňňi-surhuň solduryp, ganyňny berseň az heniz.

Reňbe-reň (p. Reng-be-reng) رنگ برنگ – dürli-dürli, dürli reňkde, dürli reňkli; reňbe-reň lybas – dürli reňkli geyim.

Baharda açylan reňbe-reň güller.

Reňbe-reň bihasap güller açylan.

Açylmyşdyr anda reňbe-reň güller.

Reňgi-syya (p. Reng-e siya:h) رنگ سياه – ser. Reň.

Reňňi-surh (p. Reng-e sorh) رنگ سرخ – ser. Reň.

Resa (p. Resa:) رسا - «residen – etmek, etişmek» işliginden; 1) etişyän; eterlik; 2) doly; bitin; bitewi; 3) kämil; 4) gaty (ses hakda); 5) payhasly; etişen.

Hakyň özi bilen sözleşen musa,

Ol wagtda yok idi anyň dek resa.

Resim (a. Resm, ks. Rosu:m) رسم – 1) däp, dessur, adat, düzgün; 2) nyşan, alamat, eser.

Gündiziň pikirdir, oydur agşamyň,

Bu resme geçirdim wagtyn eyyamyň.

Resul (a. Resu:l, ks. Rosol) رسول – 1) ilçi, iberilen; biriniň sargydyny başga birine etiryän adam; 2) pygamber, huday tarapyndan iberilen; resul ummaty - pygambere uyyanlar.

Käfirler kast etdi resul janyna,

Resul doga kyldy dünúe malyna.

Eger bolajak sen resul ummaty.

Gol göterip, resul aglar.

Resul ummaty (a-t. Resu:l ommaty) رسول امتي – ser. Resul.

Resulalla (a. Resu:l alla:h) رسول الله – hudayyň ibereni, allanyň ilçisi, hudayyň pygamberi.

Paşmagy täç olmuş gök kellesine,

Ya, muhammet – resulalla haky üçin.

Resulalla aytdy: «ya şahy-merdan!».

Retka (a. Retka:) رتـقا – köne düşünjelere görä, edi gat asmanyň bäşinji gatynyň ady. Bu at käbir çeşmede ارقيا (erkyya) görnüşinde gelyär. Munuň asly gyzyl altyndan yaradylypdyr. Uly perişdeleriniň ady saftayyl, käerde bolsa astafayyl diylip görkezilipdir.

Bäşinji gat gögi sorasaň menden,

Ady retka, asly gyzyl altyndan,

Perişdesi bardyr horaz sypatly,

Beyikleri bardyr saftayyl atlyg.

Refg (a. Ref’) رفع – 1) galdyrmak, yokary götermek; galma; göterme; 2) ayyrmak, yzyna gaytarmak, aradan ayyrmak, yok etmek; bes etmek; refg eylemek (etmek) - yok etmek, ayyrmak, yzyna gaytarmak.

Aç gözüň, ybrat bile, topraga dolmasdan burun,

Gutlug efnasy bile refg eylegey men mäúmen.

Refga (a. Ref’a) رفعه – köne düşünjelere görä, edi gat asmanyň birinji gatynyň ady. Bu at käbir çeşmelerde رفيقا görnüşinde gabat gelyär. Ol ay, gün, yyldyzlar bilen bezelipdir; reňki gök zümerret yaly. Onda köp sanly perişde bar, olaryň iň ulularynyň biriniň ady ysmayyl, beyleki biri bolsa ragt. Bular we yagmyryň wekili hasaplanyar. Birinji asmandan ikinji asmanyň arasy bäş yüz yyllyk yolmuş.

Ilki asman tutmuş ahtardan zynat,

Perişdesi bardyr sygyr suratlyg.

Ady refga, asly yazyl zümerret,

Beyikleri bardyr ysmayyl atlyg.

Refna (a. Refna:) رفنا – gadymy düşünjelere görä, edi gat asmanyň altynjy gatynyň ady. Bu at käbir çeşmede فنا (fena) görnüşinde duş gelyär. Munuň asly sary yakutdan bolmaly. Bu asmandaky perişdeleriň ululygyny hudaydan başga hiç kim bilmeyär, olaryň hemmesi hudayyň gazabyndan gorkup, kyyamata çenli aglap yörlermiş. Ol perişdeleriň ady abayyldyr, käbir çeşmelerde bolsa rumayyldyr. Altynjy gat asman bilen edinji gat asmanyň aralygy bäş yüz yyllyk yoldur.

Altynjy gat gögi söylesem yatdan,

Ady refna, asly saryg yakutdan.

Refref (a. Rafraf) رفرف – 1) guşuň, gonmak üçin ganat kakmagy; 2) näzik we nepis owadan geyimler; 3) yazylyan düşek; saçak; 4) sowuk şemal; tiz ösyän el; 5) ysrafyl perişdäniň orny; 6) at (konü), dini düşünje boyunça, göyä, muhammet pygamberiň asmana uçan aty ya-da saçagy. Ol, göyä, ilki byrag münüp, soň asmandan gelen saçaga (refrefe) münüp uçyar.

Byrag aty mündi, galdy asmana,

Refref münüp, magraç aşan günler hey!

Refref münüp, magraç aşdy muhammet.

Refrefil (a. Refrefi:l) رفرفيل – yrakda bir gadymy eriň ady.

Mekgeden keşt eylediň şähri-welayat käni seni,

Refrefil, küwfe tarap, basra, halap, şirwany sen.

Reft (p.) رفت - «reften – gitmek» işliginiň öten zaman düyp işligi; gitdi; reft-amed – gitdi-geldi, gidim-gelim, baryş-geliş; reft-amed kylmak – baryş-geliş etmek.

Reft-amed kyl, mydar eyle,

Söweş etme şir biläni.

Reft-amed (p. Reft we a:med) رفت و آمد – ser. Reft.

Reftar (p. Refta:r) رفتار – gylyk, häsiet; tär, hereket, amal etmeklik täri, hereket ediş täri.

Yigit köňlüne sygynan,

Atyň görki reftarydyr.

Özni bilgen üşbu dek reftara bolgay naskeş.

Reftara (p. Refta:r) – ser. Reftar.

Refyg i (a. Ref’) رفع – ser. Refg.

Refyg ii (a. Refi: ’) رفيع – 1) belent, yokary, beyik; beygeldilen, yokary galdyrylan; 2) belent mertebeli, gadyrly, yokary derejeli; refyg-alla – allatagalanyň yokary derejä etireni.

«refygy kim?» diyp, gahry gitmezmiş.

«refyg-alla» diyip, resul galdylar.

Refyk (a. Rafy:k, ks. Rofaka:) رفيق – ser. Rapyk.

Reh (p.) راه - «rah» (ser.) Sözüniň gysgalan formasy; yol yoda; ser. Rah.

Rehber (p. Reh-ber) رهبر//راهبر - yolbaşçy, baştutan, başlyk, yol görkeziji; ser. Rahber; rahberi-ruzy-jeza – kyyamatda yolbaşçylyk ediji.

Rehberi-ruzy-jeza bolgan muhammet mustapa.

Hakykatyň yoluny rehbersiz gezmek olmaz,

Jemal istän aşyga görmeyin gyzmak olmaz.

Rehem (a. Rehim, ks. Erha:m) رحم – 1) ayallaryň yatgysy, garynda çaganyň erleşyän eri; 2) garyndaşlyk, dogan-garyndaşlyk; sileyi-rehem – birleşik, dogan-garyndaşlaryň baglanyşygy, dogan-garyndaş bilen oňat gatnaşyk etme.

Ata bilinden düşdüm, ene rehemne geldim,

Kyrk-küwen (?) Bilen çykyp, bir zerre gana geldim.

Rehzen (p. Reh-zen) رهزن – ser. Rahzen.

Bölüp, rehzenlere paylamayynmy?

Rehim (a. Rahm) رحم – mähribanlyk, yuka yüreklilik, merhemet, yürek awamaklyk; rehim kylmak – yürek awamak, merhemet etmek; rehimsiz – doňyürek, zamun.

Ozal taňry rehim kylsa,

Ne ten, ne janda dert bolmaz.

Rehm eyleyip, yagmyr yagdyr, subhanym.

Üstümizde rehimsiz han.

Rehimsiz (a. Rahm-siz) رحم سيز – arapça «rahm» we türkmençe yoklugy aňladyan «siz» sözlerinden düzülen goşma söz; ser. Rehim.

Rehmanda (p. Reh-ma:nde, ra:h-ma:nde) ره مانده//راه مانده - yolda galan, yadaw, yadan; ejiz; hor-homsy; rehmanda bolmak - yolda galmak, ejiz düşmek; yadamak.

Rehmanda bolup mahrum,

Galdym-la men waweyla.

Rehne (p.) رخنه – 1) deşik; gädik; gowak; jayryk; diwaryň jayrygy; 2) gm. Yykyk we bozuk er; 3) gm. Zyyan, zelel; 4) gm. Gabyr.

Kyrkdan öter bolanda, gitdim elli yaşyma,

Geldi ölüm nyşany, rehne girdi düyşüme.

Рехнема (p. Reh-nema:, ra:h-nema:) رهنما - «rah - yol» we «nemuden – görkezmek» işliginiň häzirki zaman düyp işliginden (ya-da buyruk formasyndan) yasalan goşma söz; yol görkeziji, yol görkezyän adam, belet; yolbaşçy; rahnema (ser.) Görnüşde hem ulanylyar.

Din anyň dini erur, gümrahlara rehnema.

Ummatyga rehnema bolgan muhammet mustapa.

Rehnemun (p. Reh-nemun) رهنمون - «reh» we «nemun» sözlerinden düzülen goşma söz; yolbaşçy, yol görkeziji, birine yol görkezyän, belet, ser. Rehnema.

Hem abubekr-u omar, osman çü bolgaç rehnemun,

Boldy kapyr zit saňa ism mukarrabyň müúmünin.

Rehröw (p. Rehrew, ra:hrew) رهرو//راهرو - «rah - yol» we «reften – gitmek» işliginiň buyruk formasyndan (ya-da häzirki zaman düyp işliginden) yasalan goşma söz; yolagçy, yola gidyän.

Rehröw idim, manda bolup oturdym,

Keremiňe sygnyp, pena getirdim.

Reşit (a. Reşi:d) رشيد – 1) dogry yola düşen; durnuklylyk bilen hereket eden; 2) etginjek yaşyna eten; 3) batyr, edermen; 4) adam ady.

Ol kim idi dünyäde reşit pirini gördi,

Ol kimdir, ötendir hem tyg, hem burrany dört.

Reşk (p.) رشك – göriplik, bahylçylyk, görübilmezlik, içigaralyk; bäsdeşlik; reşk etmek – göriplik etmek.

Reşk edip, rakyplar geçer daşyna,

Tokuş etse kim başarmaz işine.

Ri (a. Ra:) ر – arap-pars elipbiyiniň on ikinji «r» harpy. Ebjet hasabynda – 200. Bu harp kämahal «lama» öwrülyär. Mes.: surah – sulah, diwar – diwal, çynar - çynal.

«ri» - rahmet bahrydan yhlas umyt tutmak gerek.

«zal» - zumrayy-günähe, «ri» - rehmiň merhem eylär.

Ribat (a. Riba:t) رباط – 1) kerwensaray; myhmanhana; yolda ya-da çölde yolagçylara düşelge üçin tayyarlanan jay; 2) pakyr-pukaralaryň yaşamagy üçin salnan jay; 3) pugta bina; 4) baglanyşyk; yüp, tanap; ribat yapmak – kerwensaray salmak.

Dünyä bir köne ribat, ilni kerwen eyledi.

Müňde bir ribat yapynça,

Hakdan dile, öwlat galsyn.

Rig (p. Ri:g) ريگ – ser. Rik.

Gümgümiň rigine dolmak yaraşmaz.

Riet (a.) رية - öyken, ynsanda we haywanda esasy dem alyş organy.

Göwsüň üzre gürzi üzer rietiň,

Ajalyň jellady kakança bolmaz.

Rijaly-gayp (a. Rija:l-e gayb) رجال غيب – görünmeyän adamlar; ser. Nujeba.

Rize (p. Ri:ze) ريزه//ريز – ownuk, owunjak, zerre (ser.), her bir kiçijik zat, gyryndy, saçyndy, mayda, bölejik.

Zer zowkun jan howpy rize terk etmiş,

Menşeyi-bela-u menzili-mäúwa.

Rik (p. Ri:g) ريگ – ownuk daş, çagyl; gum, çäge.

Saragty merg bozar, merwi rik basar.

Rige girsem-de, guwwas yüzer men.

Rikap (p. Rika:b) ركاب - üzeňňi; 2) atly adamyň yany, gapdaly.

Ömrüň olsun bäş yüz yyldan zyyada,

Rikabyňda duşman yörsün pyyada.

Erenler jem bolup, başyň daldarlar,

Hyzyr, ylyas rikabyňyz eldärler.

Risman (p. Ri:sma:n) ريسمان – yüp, tanap; bag, yüňden işilip edilen tanap.

Er astynda mesgen tutan ol syrat,

Daglar kimin yüz müň risman dakarlar.

Riş i (p. Ri:ş) ريش – sakgal.

Ömrüm edalandy, agardy rişim.

Uyalmadyň hakdan, agardy rişiň.

Riş ii (p. Ri:ş) ريش – 1) yara, baş; 2) yaralanan, yaraly.

Adam wähm etmez rişinden,

Gorkar yatanda düyşünden.

Rişwet (a.) رشوت – para, parahorluk, nähak işi hak etdirmek üçin döwlet işgärine berilyän pul; rişwet almak – para almak.

Patyşalar rişwet diyip dem ursa,

Pakyrlara gün-nefaga hal olar.

Kazylar hökmüni riya eyledi,

Rişwet alyp, yüzün gara eyledi.

Rişde (p. Rişte) رشته – ser. Rişte.

Rişt رشت – 1) endik, adat, gylyk, häsiet; 2) pars dilindäki «rişten – egirmek» işliginiň öten zaman düyp işligi.

Gapyl galdym, yaranlar, öz-özümden riştim yok.

Hakdan gayry hiç erde penahym yok, puştum yok.

Rişte (p.) رشته – 1) yüp, tanap, bag; 2) unaş; 3) egrilen işilen; 4) gm. Baglanyşyk; 5) nähoşlugyň ady, kesel ady.

Şirin jan riştesi tende osaldyr.

Tow berilgen rişte dey çyrmaşyban çolaşmak.

Riya (a. Riya:) رياءِ – ikiyüzlülik, gözboyagçylyk, özüňi yalandan erbet işlerden saklanyan edip görkezmek, özüňi yalandan dogruçyl görkezmek. Bu söz «yrya we ryya» şekilinde-de gabat gelyär.

Ujp, riya, kibir, hasat metagyn,

Bölüp, rehzenlere paylanmayynmy?

Kylganyň küfürdir, bilgeniň riya.

Riyazat (a. Riya:zet) رياصت – 1) maşk etme; nebsiňi päk etmek ya-da bedeniňi güyçlendirmek maksady bilen kynçylyklara, zähmete döz gelmek; terkidünyälik; takwalyk; pikirlenmek, ybadat etmek we takwalyk üçin halkdan daşlaşyp ekelikde yaşamak; 2) nebsiň islän ayşy-eşretinden saklanyp, özüňi gynamaklyk; asketizm; berhiz tutmak.

Riyazatda bilin baglap oturgan...

Niçe erde bigam gülen-de bardyr.

Ebabekir geçdi riyazat bilen.

Riyazatnyň yüküni arkan-yüzin sal göter.

Riyakär (a-p. Riya:ka:r) رياكار – ikiyüzli, hilegär, mekir, gözboyagçylyk edyän.

Nas çekmeklik has yamandyr, zyna-yu gybat-yalan,

Yüz delil, sed mekr ile riyakäre bolgan naskeş.

Riyahyn (a. Riya:hi:n, bs. Reyha:n) رياحين – ser. Reyhan.

Rowa (p. Rewa:) روا – 1) «reften – gitmek» işliginden yasalan häzirki zaman ortak işligi; 2) layyk, mynasyp; 3) rugsat berlen, yol berlen; yol bererli; mümkin; 4) yaramly, gelşikli; rowa görmek – mynasyp görmek, layyk görmek.

Gardaşlary yusup deyin janana,

Rowa görmediler jayyň yagşysyn;

Rowa kylmak – erine etirmek, berjay etmek; dözmek.

Hak erer sen, birligiň çün hajatym kylgyl rowa;

Rowa bolmak – kabul bolmak, erine etirmek.

Hajatym senden rowa bolmas erse ger muddaga;

Rowa ermes – mynasyp däldir, layyk däldir.

Her binamaz ölse aňa hatmy-doga ermes rowa.

Rowan i (p. Rewa:n) روان - «reften – gitmek, akmak» işliginden yasalan ortak işlik; 1) gidyän; akyan, akar, akyjy; 2) yöreyän, gezyän; rowa eylemek (etmek) – akdyrmak.

Gözde yaşyn rowan eylär.

Gözde yaşyn rowan etsin;

Rowan olmak – 1) ugramak, gitmek; 2) dökülmek, akmak.

Mekgeden çykdy bir gözel,

Medinäge rowan oldy.

Eşk gözden rowan boldy.

Pyragy, göz ornundan yyglap gan rowan oldy;

Tagty-rowan – hereket edyän tagt gm. Tabyt (grob).

Geyimlerim soyuldy, tagty-rowana geldim.

Rowan ii (p. Rewa:n) روان - jan, ruh.

Rowana (p. Rewa:ne) روانه – gidyän, yola düşen; rowana etmek – ibermek, yola salmak.

Jebrayyldan wahy inderip rowana,

Kapyrlara şahy-merdan yaratdy.

Rowaç (a. Rewa:j) رواج – 1) ötgür, geçginli (haryt); 2) yörgür (bazar); 3) yayramaklyk, yörgünlilik; rowaç bermek – işini yörgünli etmek.

Birewni şah eder, berer köp rowaç,

Birniçeler yyglar, bir pula mätäç;

Rowaç tapmak – yörgünli bolmak; yayramak.

Işi rowaç tapar bet iş tutanyň.

Hiç rowaç tapmadyň sözüň bazarna;

Rowaç bolmak – yörgünli bolmak.

Her bazarda rowaç bolmak isleseň.

Işiň rowajy yokdur bitmäge.

Rowayat (a. Rewa:et) روايت – 1) gürrüň; wakany düşündirmeklik, halk arasynda agza düşen söz; 2) hadys (ser.); dessan; rowayat bermek – hadysadan delili getirmek.

Yaranlar, aydayyn täze hekayat,

Nusgalarda gördüm şeyle rowayat.

Bir pul üçin müfti berer rowayat,

Müftüler mal alyp, rowayat berer.

Roz (p. Ru:z) روز – 1) gün, gündiz; 2) wagt, zaman; 3) gün dogandan yaşyança aralyk wagt; ser. Ruz.

Rozy-jeza yoldaş aňa, bet işleriň puşmanydyr.

Roza (p. Ru:ze) روزه - «ruz – gün» sözünden; ertirden gün yaşyança iymek-içmekden saklanmak; esasan remezan (ser.) Ayynda roza tutulyar.

Butparazlar kylsa roza, namazy.

Ömür az, döwran deraz, ne roza bar, ne namaz.

Namaza uydurmaz, roza, namazy.

Rozugär (p. Ru:zga:r) روزگار – 1) yaşayyş, durmuş; 2) dünyä, asyr, zaman, wagt, pasyl, möwsüm; ser. Ruzgär; türk dilinde el, şemal manyda hem gelyär.

Dünyä bir kerwensaraydyr, ötdi mundan subh-u şam,

Her kime takdyry-kysmat rozugär etgen kerim.

Magtymguly, niçik geçse rozugär.

Rozy (p. Ru:zi:) روزى - «ru:z – gün» sözünden; 1) gündelik iymit; 2) rysgal, ryzk, azyk; 3) göyä allatagala tarapyndan her bir ynsana berilyän gündelik azyk; rozy kylmak – bagyşlamak, paylamak.

Owwal demde aman, ahyr imanym,

Rozy kylyp, bize berse gerekdir.

Roy (p. Ru:y) روى – 1) yüz (liöo); 2) üst, bir zadyň üsti; royy-zemin – eriň yüzi; gül roy – gül yüzli; owadan, gözel.

Agtaryp tapmadym royy-zemini.

Royuň erer şemsi-kamar, ol mahy-taban istemen.

Gül royuna günd yanyp, ança pyganym bar meniň.

Royy-zemin (p. Ru:y-e zemi:n) روى زمين – ser. Roy.

Röwende (p. Rewende) رونده - «reften – gitmek» işliginiň hal formasy; gidiji, gidyän; röwende-yu aende – gidyän-gelyän.

Röwende-yu aende,

Zyban seni güende.

Röwende-yu aende (p. Rewende we a:ende) رونده و آينده – ser. Röwende.

Röwşen (p. Rewşen) روشن – 1) yagty, nurly, parlak; yanyan, yagtylyk salyan; 2) açyk, äşgär, aydyň, ayan; röwşen bolmak – yagtylanmak, yagty bolmak.

Ya çyragmyň, ya röwşenmiň, näme sen?

Rahy-zulmat boldy röwşen ayatyň görgeç resul.

Dünyäde röwşen gözüň enduhgin boldy başyň.

Röwüş (p. Rewiş) روش – 1) yol, yörelge; metod, usul, tär; 2) däp, adat, resim; gylyk, häsiet.

Akyl et jahanyň rahyn, röwüşin.

Eger berjay kylsaň üşbu röwüşde.

Ru (p. Ru:y) رو//روى – 1) yüz, adamyň yüzi (liöo); 2) üst, bir zadyň üsti, bir zadyň daş tarapy; ser. Roy; weji-ruyy – yüz keşbi, yüz tarapy; wejhi-ruyy wazzyha – yüz keşbi aydyň, yüzi açyk, yüzi yagty (adam).

Wejhi-ruyy wazzyha,

Serwi-rowanym geldi;

Ruyy-zemin – eriň yüzi.

Magtymguly çeker yaryň gamyny,

Gezip tapabilmez ruyy-zemini;

Ruyy-riya – ikiyüzlülik, gözboyagçylyk keşbi.

Takatyň kany seniň ruyy-riyadan gayry;

Ruyy-syya – yüzi gara, gara yüzli.

Günäden gorkmagan ruyy-syyadyr.

Rugsat (a. Rohsat) رخصت – 1) arzanlyk, eňillik, aňsatlyk; 2) hukuk, hak, bir zat barada alnan ya-da berlen ygtyyar; ejaza.

Köňlüme edi töwr sowal geçildi,

Diydim: «rugsat bolsa, gelsin zybana».

Rugsat bolmay, aça bilmen, neyläyin?!

Ruz (p. Ru:z) روز – 1) gün, gündiz; 2) wagt, zaman; gün dogandan yaшyança aralyk wagt; ser. Roz; ruzy-jeza - jeza güni, ahyrъet, kyyamat güni.

Müúmünleriň muzdy ruzy-jezadyr.

Gözleriň ruzy-jeza hunbar bolmasdan burun;

Ruzy-magşar – kyyamat güni, ahyrъet.

Suratym nisyandadyr, istihanym häk ola,

Tä olynça ruzy-magşar, ahy-zarym galmaz-a;

Ruzy-ezel – başlangyjy bolmadyk gün, owwaly bolmadyk zaman, iň gadym döwür (dini düşünjelere görä, adamzat yaradylmazyndan öňki döwür).

Ruzy-ezelde yaratdy,

Resul jesedinde jany.

Her tende yşk olmasa, ruzy-ezel mematdyr;

Ruzy-şeb – gije-gündiz.

Emriňe mutyg et eyran zemini,

Ruzy-şeb nalyşym budur hudaya.

Ruza (p. Ru:ze) روزه – ser. Roza.

Ruza tutmaz bendelerni hak jähennemde yakar,

Suraty hynzyr sypat nagşy bedenler andadyr.

Ruzugär (p. Ru:zga:r) روزگار – 1) yaşayyş, durmuş; 2) dünyä; zaman, asyr, wagt; pasyl, möwsüm; ser. Rozugär.

Ruzugär geçse halaldan,

Aryflar söhbeti gerek.

Magtymguly, niçik geçse ruzugär,

Haka şükür et, barma namarda, zynhar.

Ruzy (p. Ru:zi:) روزى – 1) basym birinji bogna düşürilip okalsa, «bir gün, günleriň birinde» dien manyny beryär. Eger basym ikinji bogna düşse, «rysgal, rysk, gündelik iymit» dien manyny aňladyar; ruzy kylmak – bermek; gündelik naharyny bermek, ryskyny etirmek.

Ruzy kylyp, bizge berse gerekdir.

Hyzyr yaşyn ruzy kylsa gezmäge.

Ruzy-jeza (p-a. Ru:z-e jeza:) روز جزا – ser. Ruz.

Ruzy kylmak (p-t. Ru:zi: kylmak) روزى قيلمق - ser. Ruzy.

Ruzy-magşar (p-a. Ru:z-e mahşar) روز محشر - ser. Ruz.

Ruzy-şeb (p. Ru:z we şeb) روز و شب - ser. Ruz.

Ruzy-ezel (p-a. Ru:z-e ezel) روز ازل - ser. Ruz we ezel.

Ruybil (a. Ru:ybi:l) روى بيل – yakup pygamberiň on iki oglunyň biriniň ady. Yusubyň doganlarynyň biri. Bu at rawyl şekilinde-de gabat gelyär.

Şemgun, ruybil atly ondur gardaşy,

Yusupny bir çaha atdy, yaranlar.

Ruinten (p. Ru:i:n-ten) روئين تن – 1) «mis beden», endamyndan ok geçmeyän; 2) gm. Güyçli, zorly; edenlek; 3) firdöwsiniň «şanamasynyň» gahrymanlaryndan biri bolan ispendiyaryň lakamy.

Ispendiyar ruinten, rüstem zalynda,

Şam, nejepde, mekge, dymyşk ilinde.

Ruyy-zemin (p. Ru:y-e zemi:n) روى زمين – ser. Ru we roy.

Ruyy-riya (p-a. Ru:y-e riya:) روى ريا – ser. Ru.

Ruyy-surh (p. Ru:y-e sorh) روى سرخ – ser. Surh.

Ruyy-syya (p. Ru:y-e siya:h) روى سياه – ser. Ru.

Rukaba (a. Rokaba, bs. Raky:b) رقبا - öwlüyäleriň on iki uly pirine berlen at; ser. Nakyp.

On iki är bardyr – rukaba diyrler,

Onki işi boynuna dakyp oturmyş.

Rukga (a. Rok’a) رقعه – 1) biyz mata; 2) kagyz; hat; arzy-hal, towakga, hayyş haty; 3) edi gat asmanyň birinji gatynyň ady.

Ady rukga, asly yaşy zümerret.

Beyikleri bardyr, ysmayyl atlyg.

Rukn (a. Rokn, ks. Erka:n) ركن – ser. Erkan.

Rukug (a. Roku:’) ركوع – 1) namaz okalanda dyzy epip egilme; 2) kiçi göwünlik üçin baş egmek, tagzym etmek; rukuga iynmek – baş egmek, tagzym etmek.

Ey, emriňden asman iyndi rukuga.

Kyl duta puştuň rukugda jibheyi-jandan süjüt.

Rum (a. Ru:m) روم – 1) gadym döwürde aziyada, ewropada we afrikada köp erlere höküm süren beyik imperatorlyk, italiya-da onuň bir bölegi hasaplanypdyr. Rum imperiyasy 395-nji yylda iki bölege: günbatar we gündogar ruma bölünyär. Günbatar bölegi 441-nji yylda özbaşdaklygyny elden beryär we birnäçe этраба bölünyär. Gündogar rum konstantinopolda we kiçi aziyada hem-de afrikanyň demirgazygynda höküm sürüpdir, paytagty konstantinopol (häzirki stambul) bolupdyr. Gündogar bölegini 1453-nji yylda soltan muhammet fatyh basyp alyar we osmanly imperiyasyna biriкdiryär; 2) rim şäheri; 3) greöiya bilen wizantiya berilyän umumy at; 4) anadoly yarymadasy; 5) kiçi aziya. Käbir taryhçylaryň yazmagyna görä, rum ülkesini ilkinji gezek rum ibn ays ibn yshak ibn ybrayym abat edip, oňa öz adyny goyupdyr, onda oňat jaylar saldyryp, adalatly kanunlar, göwnejay düzgün-nyzamlar yöredipdir. Geçmişde rum ilaty köp sanly hem-de uly at-abraya ee bolan halk bolupdyr. Olar köplenç ak yüzli we görmegey bolupdyrlar. «zeňgi» sözüniň «gara» dien manyny berşi yaly, «rumy» diymek-de «ak» diymekdir. Gadym döwürde bu yurduň ilaty günparaz bolupdyr, soň ewrey, ondan soň bolsa hristian dinini kabul edipdir. Yslam dini dörände rumlular musulman bolupdyrlar. Apbasy halyfalygyndan soň rumy seljuklar, soňra bolsa 691-nji hijri (1291-1292) yylynda osman beг ibn tekin ibn tugrul ol ülkäni basyp alyar.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   32   33   34   35   36   37   38   39   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin