Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə35/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   72

Porzor (p. Por-zu:r) پرزور – ser. Purzur.

Posa (p. Bu:se) بوسه - öpüş, ogşama, öpme, öpmeklik; posa almak - öpmek, ogşamak.

Sözlegen sözleri misli bal kimi,

Yaňagyndan posa alasyň geler.

Post (p. Pu:st) پوست – 1) deri, ham; 2) gabyk; 3) dereje, orun, wezipe; 4) jeset, meyit.

Hozuň daş postuny, azergüwn güli,

Suwuň saça çalsaň, gara reň bolar.

Erde hoşwagt yatar posty atamyň.

Her posta çolaşan galandar olmaz.

Pota (a-p. Fu:ta) فوته//فوطه – 1) yaglyk; bilbag; guşak; 2) pul we gymmatbaha zatlaryň saklanyan eri; 3) işde we hammamda bile baglanyan yörite bilbag; 4) selle; roymal; çargat.

Her bazarda rowaç bolmak isleseň,

Yagşylarnyň potasynda pul bolgul.

Tä ki bilim fotasy zünnar bolmazdan burun.

Poş (p. Pu:ş) پوش – pars dilindäki «puşiden – geymek» sözüniň häzirki zaman düyp işligi hem-de buyruk formasy; 1) gey; ört, örtün; geen, geynen, geyyän; örten, yapan; 3) gizlenen, örtülen; 4) eşik, geyim; sebzepoş – yaşyl geynen, yaşyl öwüsyän; gök örtülen; sefitpoş – ak geynen, ak eşikli; poş eylemek – yapmak, örtmek, bassyrmak, gizlemek.

Ol tördüň biri bar, mydam sebzepoş,

Kellesi buzdandyr, ayagy otdan.

Iki yaşyl geymiş, bir sefitpoşdy,

Gözüm gördi, tilim gelmez perwana.

Poş eyledim göz-royum.

Poşaş (p. Pu:şiş) پوشش – geyim, örtgi, poşaş eylemek – geydirmek, geyindirmek.

Hindi kimin egin-örtiň bolmasa,

Patyşalyk poşaş çigne saldym tut!

Pöwz (a. Fewz) فوز – 1) eňiş, üstünlik, eňiş gazanma; 2) bagtlylyk; halas bolmaklyk; boşamaklyk; pöwzül-kelam - «kurúan».

Okyr men, görer men pöwzül-kelamy,

Manysyny saça bilmen, neyläyin?!

Pöwzül-kelam (a. Fewz-al-kela:m) فوز الكلام – ser. Pöwz.

Pöwt (a. Fewt) فوت – ser. Föwt.

Nasy halaldyr diyp, beyle hyyalyn ham eder,

Föwt edip niçe deremni, köňlüni aram eder.

Puzun (p. Fozu:n) فزون – ser. Fuzun.

Pukara (a. Fokara:, bs. Faky:r) فقراء – ser. Pakyr.

Hatam tayyň özi idim,

Neyley, indi pukarayam.

Pul i (p. Pu:l) پول – aluw-satuwda nyrhyň ölçegini kesgitleyän döwlet tarapyndan döredilen metal ya-da kagyz belgi; zikge.

Bedew bar, pul berseň, bahasy etmez,

Bardyr bedew, salan juluňa degmez.

Pul ii (p. Pol) پل – köpri; geçelge; pul-syrat – dini düşünjelere görä, göyä kyyamatda dowzahda üstünden geçilmeli gyldan-da inçe bolan köpriniň ady.

Pul-syratdan asy gullar bir gadam yol dek geçer.

Pul-syrat üstünde oklarlar seni.

Pul-syrat (p-a. Pol syra:t) پل صراط – ser. Pul ii.

Pul-syrat üstünde, heyhat gününde,

Sopularny keramatly pir çeker.

Pur (p. Por) پر – ser. Pür.

Är yigit balasy bara pur bolar.

Purzur (p. Por-zu:r) پرزور – 1) güyçli, zory köp, kuwwatly; 2) edermen, batyr.

Kany suhrap, purzur rüstemi-destan,

Agmaly, dönmeli, loly bu dünyä.

Purkan (a. Forka:n) فرقان – ser. Furkan.

Gayyt yaman yoluňdan,

Gördüň purkan içinde.

Pursat (a. Forsat) فرصت – 1) bir işi erine etirmäge mynasyp wagt; nobat, amatly wagt, mümkinçilik; 2) özgeriş.

Geçer pursat, öter döwran,

Güymenewer tagat bile.

Habar biyrmiz saňa pursat jayyndan.

Segsen yyl pursat islärin.

Puryary (p. Pu:r-ya:ri:) پوريارى – ser. Päliwan puryary we mahmyt päliwan.

Pust (p. Pu:st) پوست – ser. Post.

Pusul (a. Fosu:l, bs. Fasl) فصول – ser. Pasyl.

Puta (p. Fu:ta) – ser. Pota.

Puç (p. Pu:ç) پوچ – 1) boş, içi boş, maňyzsyz, içi boş däne ya-da miwe; «puk» hem diyilyär; 2) biderek, bihuda.

Niçe akdy, dünyä, sen diyip derler,

Barysy puç boldy, boş galdy serler.

Puş (p. Pu:ş) پوش – ser. Poş.

Puşeyman (p. Peşi:ma:n) پشيمان - ökünç, ökünme, edilen işiň nädogrudygyna göz etirilensoň ökünmeklik; ser. Puşman.

Garrylyknyň apatydyr bu gahry-zemistan,

Her kimse bir iş ile puşeyman bolup ötdi.

Puşeş (p. Pu:şeş) پوشش - «pu:şi:den» işliginden; 1) bir zadyň üstüni bassyrmak; 2) geyim, geyilyän zat, bir zadyň üstüni bassyryan zat.

Esgi şaldan artyk puşeş geymedi.

Patyşalyk puşeş çigne saldym tut!

Puşeşim gam şalydyr, men dönmüşem perhat, hey.

Puşman (p. Peşi:ma:n) پشيمان - ökünç, ökünme; ser. Puşeyman; puşman etmek (eylemek) - ökünmek, ökünçde bolmak; puşmana gelmek - ökünmek.

Puşmanda men eden-etmiş kärimden,

Biperwayam bolan-bolmuş barymdan.

Aklym hayrandadyr, etmişem puşman.

Pelek bu pikirden puşmana gelgey.

Puşt (p. Poşt) پشت – 1) arka, syrt; yz, bir zadyň daşy; 2) gm. Arkadayanç, yardam beriji; yar, dost; 3) pena; puşty-penah – arkadayanç; gorayjy.

Hakdan gayry hiç erde penahym yok, puştum yok.

Kyl duta puştuň amaldan, biriya senjide bol!

Leyk bilmiş men seni günden era puşty-penah.

Puşta (p. Poşte) پشته – 1) depe, belentlik; 2) yük, daňy, bir arka; 3) topbak, topar.

Bu jahan bir puştadyr,

Kim zinde, kim küştedir.

Puştar-puşt (p. Poşt-der-poşt) پشت در پشت – arkaba-arka, nesilme-nesil, ata-baba.

Hor galmasyn puştar-puştum,

Berkarar döwlet islärin.

Puşty-penah (p. Poşt we pena:h) پشت و پناه – ser. Puşt.

Pür (p. Por) پر – 1) doly; köp; 2) gm. Akylly; etişen, huşly, akylly-başly; 3) goşma sypatlar sostawynda dolulygy we köplügi aňladyan söz.

Är ogul balasy bara pür bolar,

Gamçysy elinde, yaman zor bolar;

Pürgam - örän gamly, köp gaygyly, gamy köp, yüregi gamdan doly.

Yüregim pürgamdyr, gözlerim giryan;

Pürgünäh – günäden doly, köp günäli, köp yazykly.

Rahmatyňny, ey huda-ya, pürgünäh ummatga ber!

Pürzyya – nurdan doly, örän yagty, has röwşen, has açyk.

Ol çyragy-pürzyya bolgan muhammet mustapa;

Pürnem – gözyaşdan doly.

Kaddym ham, gözlerim pürnem;

Pürhatar – hatardan doly, howpdan doly, köp hatarly.

Pürhatar, ol yol yyrak, yşkyň geran, kuwwatym az;

Pürbar – köp miweli; ser. Bar i.

Pür-pudak (p-t. Por-pu:dak) پر پوداق – 1) agajyň, ösümligiň köp pudagy, köp ownuk şahalary; 2) pudakdan doly, köp pudakly, köp şahaly.

Gargyşym daşlary mum dey erider,

Pür-pudak yayradar alkyş kylanym.

Pürbar (p. Por-ba:r) پربار – ser. Pür.

Pürgam (p-a. Por-gamm) پرغم – ser. Pür.

Pürgünäh (p. Por-gona:h) پر گناه – ser. Pür.

Pürzyya (p-a. Por-ziya:) پرضياء – ser. Pür.

Pürnem (p. Por-nem) پرنم – ser. Pür.

Pürhatar (p-a. Por-hatar) پرخطر – ser. Pür.

Pygamber (p. Peygam-ber) پيغامبر – iki sany «peygam» ya-da «peyam» - habar we «borden» işliginiň häzirki zaman düyp işligi bolan «ber» - elt, äkit we eltiji, äkidiji dien sözlerden emele gelen goşma at; 1) habar eltyän, tabşyrygy etiryän; 2) dini düşünjelere görä, göyä huday tarapyndan habar getirip, onuň tabşyryklaryny we buyruklaryny er yüzündäki halklara etiryän adam; 3) resul (ser.), nebi (ser.).

Hakyň resuly pygamber,

Haybarda näçe uruşdy.

Zulum kylmak yaraşmaz sen kibi pygambere.

Pygan (p. Fega:n) فغان – ah-nala, dat-peryat; agy; iňňildi; ey way; pygan eylemek – ah-nala çekmek, aglamak, dat-peryat etmek.

Bilbil hüjüm eylän howaly baglar,

Bilbil senden geçer, pygan eglenmez.

Magtymguly pygan eylär.

Pygly-zişt (a-p. Fi’l-e zişt) فعل زشت – ser. Pygyl, zişt.

Pygyl (a. Fi’l, ks. Ef’a:l) فعل – 1) iş; etmiş, päl; 2) işlik (gram.); pygly-zişt – erbet iş, yaramaz etmiş.

Pygly-ziştinden yanyp her dem puşeyman eylegil.

Galtyşma kyldygym pyglyma meniň.

Dar köňül pyglyny tutujy bolma.

Pyjur (a. Foju:r) فجور – 1) günä, günä iş etme, hak işden boyun towlama; 2) yalan sözleme; 3) zyna (ser.) Etme; sinonimi: pysk (fysk), köplenç «pysk-u pyjur» (pyssy-pyjurlyk) görnüşinde gabat gelyär.

Ey yaranlar, dünyäde pysk-u pyjur işim meniň,

Dembe-dem hasrat bilen gözden akar yaşym meniň.

Pyzun (p. Fozu:n) فزون – ser. Fuzun we efzun.

Pynhan (p. Pinha:n) پنهان – gizlin, yaşryn; ogryn; pynhan kylmak – gizlemek; pynhan saklamak – gizlin saklamak, yaşryn saklamak.

Ile aydyp, özi birin tutmady,

Ilden pynhan günä kyldy, yaranlar.

Bardy pynhan-pynhan şirin sözümiz.

Paş eyle syryňny, saklama pynhan.

Pyragy (a. Fera:gy:) فراغى – 1) asuda bolma, rahat bolma; hiç bir işe meşgul bolman rahatlyk etme; 2) asudalyk, rahatlyk; 3) el çekme; 4) el çeken, dynan, rahat bolan, boşan. 5) magtymgulynyň edebi lakamy.

Pyragy diyr, yaman günler onda bar.

Magtymguly, adyň döndi pyraga.

Pyragy diyr, edi yklym, çöl galar,

Ne han galar, ne beg galar, gul galar.

Pyrak (a. Fira:k) فراق – ayralyk, jyda düşmeklik; söyşenleriň, aşyk-magşugyň biri-birinden ayrylmasy; derdi-pyrak – ayralyk azaby.

Ayralyk oda saldy, pyrak turdy, el etdi.

Ölüm asan erer dost pyrakyndan.

Gan edipdir pelek bagrym pyrakda.

Näler çekdim derdi-pyrak.

Pyraun (a. Fir’awn, ks. Fera:na) فرعون – 1) gadymy müsür patyşalarynyň umumy lakamy. Eyran şasy keyhusrow müsüri basyp almazyndan öňki döwür müsür şalaryna «fyrgaun» diylipdir, halk olara çokunypdyr. Fyrgaunlardan otuz dinastiya müsürde häkimlik edipdir. Birinjisi mens, iň soňkusy-da betalysa. Ol 342-379-njy yyllar biziň eramyzdan öň geçipdir; 2) gm. Ulumsy, örän gopbam adam.

Pyrgaun, haman, şetdat niçe kapyrlar.

Pyrgaun-u ezit ötdi, sürüp nemrud-u şetdat.

Pyrkat (a. Forkat) فرقت – ayralyk, jyda düşmeklik; pyrak (ser.).

Başymdan gitmedi pyrkat.

Aydyar magtymguly, bu pyrkatyň görgeç resul.

Pyrkat, waslat, her ne ki – aslyn ez huda bildim.

Şum pelekde yok utanç, saldy-la pyrkat hilesin!

Pysk (a. Fysk) فسق – 1) bozgakçylyk, ahlaksyzlyk; 2) günä işler; 3) hudayyň permanyndan çykma; erbet işler etme; pysky-pisat – pyssy-pyjurlyk, bozgaklyk, erbet işler.

Niçeler pysky-pisada kyldylar ömrün eda,

Dünyäge gelen gider bay-u pakyr, şah-u geda.

Pysky-pisat (a. Fysk-o fesa:d) فسق و فساد – ser. Pysk.

Pyşt (p. Poşt) پشت – ser. Puşt.

Kiçi namyslydyr el degse pyşta,

Hiç kes oňa kylmaz bir dostluk rişte.

Pyyada (p. Piya:de) پياده – 1) öz ayagy bilen yöreyän adam; 2) küşt oynunda bir malyň ady.

Ömrüň olsun bäş yüz yyldan zyyada,

Rekabynda duşman yörsüň pyyada.

Pyyala (p. Piya:le) پياله – käse, bulgur, jam; şerap içilyän käse.

Magtymguly hakdan pyyala çekse,

Pyyala joş berip, hyyala çekse.

Päk (p. Pa:k) پاك – 1) temiz, arassa; 2) ayypsyz, sap, halys, nogsansyz, hilesiz; 3) mukaddes, eziz.

Gassal golun çyzgayyp, meydimi yuwdular päk,

Agaç ata mündürip, eltdiler ol suyy-häk.

Päl (a. Fi’l) فعل – 1) ser. Pygyl; 2) niet, isleg; maksat.

Kimler girdi hak yoluna,

Yagşylyk düşdi päline.

Dembe-demden artdy bu yaman pälim.

Päliwan mahmyt (p-a. Pehlewa:n mahmu:d) پهلوان محمود – ser. Mahmyt päliwan.

Päliwan nuryary (p. Pehlewa:n pu:rya:ri:) پهلوان پوريارى – ser. Mahmyt päliwan.

Şiblini, mejnuny alyp gelmişem,

Päliwan puryary, weysi galandar.

Päheň (p. Pa:heng) پاهنگ//پارسنگ – tereziniň jamlarynyň birine beyleki tarapy bilen agramy deňleşer yaly goyulyan goşmaça daş; pars dilinde «pa:rseňg», «pa:seňg» we «pa:heňg» hem diyilyär.

Salsalar mizana, balkan dagy bolmazdyr päheň,

Aydadyr magtymguly ähdiň yalan, yokdur wepaň.

Pähim (a. Fehm) فهم – 1) düşünje, aň, bilim; zehin; aňlayyş, aňlama; 2) ylym, bilim; 3) düşünmeklik duygusy; pähim etmek (eylemek) – düşünmek, aňmak, göz etirmek.

Kimse pähm etmez bu derdim, bolmuşam dermanda men.

Pähm eyleen magtymguly sözüni;

Pähmi etmek – aňy etmek, akyly çatmak, düşünip bilmek, baş çykarmak.

Akyl äriň pähmi eter bu söze,

Hajat ermes habar almak ussatdan;

Pähmi-şumar – sanamaklyk pähmi, sanamaklyk düşünjesi, sanayyş başarnygy.

Pähmi-şumar ile kylyp ygtyyar,

Ussat bolsaň, bize mundan habar ber!

Pähliwan (p. Pehlewa:n) پهلوان – 1) göreş tutyan, göreşiji, böke, bil tutuşyan; 2) batyr, edermen, söweşjeň; 3) güyçli, gudratly.

Yslam üçin jan gynagan,

Ol hemze pähliwan kany?

Pähmi-şumar (a-p. Fehm-e şoma:r) فهم شمار – ser. Pähim.

Pähmide (p. Fehmi:de) فهميده - «fehmiden – düşünmek» işliginiň ortak işlik formasy; 1) düşünip, düşünen; 2) düşünjeli, aňly, bilimli, parasatly, payhasly; dana; merdümi-pähmide – düşünjeli halk, payhasly adamlar, bilimli adamlar; danalar.

Baky ömrüňni ki sarp et, merdümi-pähmide bol,

Makdamyda baş goyup, mäúyusy-merdüm-dide bol.

- r -
Rabat (a. Riba:t) رباط – ser. Ribat.

Bu rabatda bir diňlän yok, okan yok,

Başly bazar, bir gurulgy dükan yok.

Rawy (a. Ra:wi:, ks. Rowa:t, parsça ks. Ra:wiya:n) راوى – rowayat ediji, gürrüň beriji; hadysy (ser.) Ya-da başga bir taryhy wakany gürrüň beriji; biriniň sözüni, goşgusyny aydyp beryän; gürrüňçi, rowayat edyän, rowayat aydyp beryän.

Hadysadan, rawydan bir söz dieyin,

Hayhat günden, zulmat günden aman hey.

Rawyl (a. Ra:wi:l) روايل – ser. Ruybil.

Ragbat (a. Ragbet) رغبت – 1) meyil, höwes, isleg; arzuw, hayyş; 2) istemek, gowy görmek, oňat kabul etmek (bu söz häzirki zaman türkmen dilinde «rowgat» şekilinde hem gabat gelyär); ragbat kylmak – meyil etmek, höweslenmek; ragbat yok – meyil yok, höwes yok; gurp yok.

Üç içerge ragbat yok, çün jandan boldum halas,

Serimde sansyz söwda, içde waswasyl-hannas.

Ragd (a. Ra’d) رعد – gök gürrüldisi; yyldyrym çakyp, asmandan eşidilyän ses. Ragd-u bark – gök gürrüldisi we yyldyrym.

Köprük öterde alar,

Ragd dey öterler alar.

Ragd-u bark (a. Ra’d we bark) رعد و برق – ser. Ragd.

Ragna (a. Ra’na:) رعناء – asly arap dilinden «ar’an» sözüniň ženskiy rody bolup, «akmak, nadan, agzyna gelenini samrap, özüne bezeg berip yörеn ayal» manysynda. Pars we türkmen dillerinde «gözel, owadan; uzyn boyly; parlak, gelşikli; näzik; nepis» manylarda ulanylyar; gül ragna – yarysy gyzyl we yarysy sary gül, bu gül şahyrlar tarapyndan köp öwlüpdir we şygyrlarda meňzetme hökmünde getirilipdir.

Ey yaranlar, bir yüzi gül, aya aşyk bolmuşam,

Barçalar maksudy-gül ragnaya aşyk bolmuşam.

Raz (p. Ra:z) راز – syr, gizlin gürrüň, gizlin gep; gizlin zat; raz aydyşmak – gizlin syryňy aydyp äşgär etmek, ikiçäk gepleşip, gizlin syryňy açmak.

Baryp, raz aydyşan sina dagynda,

Tury-musa kelimulla haky üçin.

Çölde gezdi raz aydyşyp halyk bile.

Razdar (p. Ra:z-dar) رازدار – syr saklayan, biriniň gizlin syryny bilip, hiç kime aytmayan, syry paş etmeyän.

Razy-dillerni diyişgen razdaryň kaydadyr,

Pikir kyl, andag saňa kirdar bolmasdan burun.

Razlaşmak (p. Ra:z-laşmak) رازلاشمق – syr aydyşmak; derdinişmek.

Toty guşlar razlaşyp,

Hak emrini gözleşip.

Razy (a. Ra:zi:) راضي - «riza» sözünden; 1) ylalaşan, ylalaşyan, razyçylyk beren; garşy bolmayan; 2) hoşal, begençli.

Yol üstünde ölsem, yola atsalar,

Razy men üstümden basyp ötseler.

Yrya boldy köpüň okan namazy,

Taňry hiç birinden bolmady razy.

Razyk (a. Ra:zyk) رازق – 1) rysgal beriji, ryzk beryän, gündelik iymiti beryän; 2) hudayyň bir ady.

A:ma, ha:sa razyk sen,

Kysmat etgen alla sen.

Ray (a. Raúy, ks. A:ra:ú) راي – 1) pikir, oy; ynanç, garayyş; çäre; 2) görme, görüş; 3) meyil, isleg; 3) yol, tär; rayyny yykmak (gaytarmak) – aydanyny etmezlik, biriniň islegini erine etirmezlik; raya salmak - yola salmak; mugyra getirmek, eldeki etmek; rayyna gitmek – pikirine gitmek, aydanyny etmek.

Şu gez ibermeseň, köňlüm hoş olmaz,

Rayymyz gaytarma, goyber, azadym!

Pili raya salan adam,

Seni gurçuk iesidir.

Nebse uyma, şeytan rayyna gitme.

Raygan (p. Ra:yga:n) رايگان – ser. Reygan.

Rayyş (p. A:ra:yiş) آرايش – 1) «arayyş» (ser.) Sözüniň gysgaldylan görnüşi; bezeg, zynat; bezeme; 2) türkmen dilinde yabyň iki tarapyna çykarylan gum.

Perde tartyp yüzlerime,

Rayyş berip sözlerime.

Raks (a.) رقص – ser. Rakys.

Rakyp i (a. Raky:b; ks. Rokaba:) رقيب – 1) gorayjy, sakçy, garawul; 2) bäsdeş, konkurent; bir zada ya-da bir şahsa aşyk bolan iki adamyň her biri, çünki olaryň her biri magşugy beylekisinden gorayar, gabanyar; 3) keseki, yat; 4) duşman; 5) häzirki zaman türkmen dilinde mähirli; rehimli; rakyby-şermende – hayasyz bäsdeş, bihaya duşman.

Gardaşy, dogany – yalňyz özüdir,

Hiç yokdur rakyby, yary dilberiň.

Rakyp goymaz dogrulyban gelmäge.

Hak götersin aradan, şaed, rakyby-şermendeni.

Aralykda bir şum rakyb bar bolsa.

Rakyp ii (a. Raky:b; ks. Rokaba:) رقيب – sufizm taglymaty, on iki öwlüyäniň her birine şeyle at berilyär; ser. Rukaba.

Rakys (a. Raks) رقص – tans, oyun; oynama; rakys etmek – tans etmek; oynamak.

Magtymguly ol mekanda meks etdi,

Şyhlar turdy, yigitler dey raks etdi.

Ram (p. Ra:m) رام – 1) aram, parahat; 2) boyun egmeklik; boyun egen; tabyn bolan; ram olmak – boyun bolmak; ram etmek – köşeşdirmek, aram etmek.

Diydim: «andan nefsim nije ram olur?»,

Diydi ki: «bir ölen ile güwşmal».

«fi» - feragat wagt eken, nefsiňni ram etmek gerek.

Rapyg (a. Ra:fi’) رافع – 1) yokary göteren, yokary galdyran; yokary göteryän, yokary galdyryan; beygeldiji; 2) beyik, belent; 3) adalat isläp, arza-şikayat ediji. Neşir edilen wariantynda «rafe» görnüşde yalňyş berlipdir.

Zeminiň rapygy, gögüň diregi,

Lowhul-mahfuzda hem semada belli.

Rapyk (a. Rafy:k, ks. Rofaka:) رفيق – 1) yoldaş, hemra, gürrüňdeş; dost; 2) şahs ady.

Söeni söy, söene sen bol rapyk,

Söymedikden yyrak eyle özüňni.

Rast (p. Ra:st) راست – 1) göni, dogry; 2) çyn; rast kylmak – dograltmak; rastguy – dogry sözli, dogry aydyan, dogry sözleyän.

Nadan köňli yalgan söze rast diyr.

Yigit bolan rastgu y gerek, düz gerek.

Rastguy (p. Ra:st-gu:y) راستگوي – ser. Rast.

Raster (p. Ra:st-ter) راست تر - «rast – dogry», «ter» - pars dilinde artykmaçlygy (rak, räk) aňladyan sypat goşulmasy; dogrurak, gönüräk; çyna yakynrak.

Gardaşlar gulak berse, aytsam sözüm raster.

Ne derwüş men, ne molla, ne sopy ähli-destar,

Gulak berse dostlarym, diysem, sözümni raster.

Ratka (a. Ratka:) رتقا – ser. Retka.

Rafyg (a. Ra:fi’) رافع – ser. Rapyg.

Rafyk (a. Rafy:k, ks. Rofaka:) رفيق – ser. Rapyk.

Rafyk dälmi söwer hemrasy bolan?

Namyssyz yigitler gümana geler.

Rah (p. Ra:h) راه – 1) yol; yoda; 2) ugur, yörelge (gysgalan formasy «reh»); 3) meslek, usul, resim; rahy-rast – dogry yol.

Istegil rahy-rastny,

Gönülik bir terz dälmi?;

Rahy-zulmat – garaňkylyk yoly; rahy-zelal – azaşmaklyk yoly, azgynlyk yoly.

Rahy-zulmat boldy röwşen ayatyň görgeç resul.

Kimleri gümrah kylyp, berdi aňa rahy-zelal.

Akyl et jahanyň rahyn, röweşin,

Ygtybar etmegin dünyä duruşyn.

Rahat (a. Ra:hat) راحت – 1) dynç, asudalyk, dynç alyş; 2) aljyraňsyzlyk, aramlyk.

Biakyllar heňňam gurar,

Aşret istäp rahat bile.

Janyň barlygynda hayyr gazansaň,

Rahat yatjak eriň - kümmet yagşydyr.

Rahber (p. Ra:h-ber) رهبر//راهبر - «rah - yol» we pars dilindäki «borden - äkitmek» işliginiň häzirki zaman düyp işligi ya-da buyruk formasy bolan «ber - äkidiji» dien sözlerden emele goşma at; yola äkidiji, yolbaşçy, başlyk, baş tutan; yol görkeziji.

Gijeler, magtymguly, yör, agtaryp bir rahber,

Goyma biyoldaş gadam, menzil uzakdyr, yol hatar.

Rahbin (p. Ra:h-bi:n) راه بين - «rah - yol» we pars dilindäki «diden – görmek» işliginiň häzirki zaman düyp işligi (ya-da buyruk formasy) bolan «bin – görüji, gör» dien sözlerden emele gelen goşma at; yol görüji, yoluny göryän; yol görkeziji.

Haybar-u hyrat ile leklahory, sekwany sen,

Rahbin bu älemniň soltany sen-sen, ey peri.

Rahzen (p. Ra:h-zen) راهزن//رهزن - «rah - yol» we pars dilindäki «zeden – urmak» işliginiň häzirki zaman düyp işligi (ya-da buyruk formasy) bolan «zen» sözlerinden emele gelen goşma at; yol urujy, garakçy, galtaman, yol kesen, gysgaldylan formasy «rehzen» (ser.).

Imanym matagyn aparan yolda,

Rahzenler goymagyl yoluma meniň.

Rahman (a. Rahma:n) رحمان – 1) mähriban, geçiriji, bagyşlayjy, rehimli, köp rehimli; 2) allatagalanyň epitetleriniň biri. Bu söz رحمن görnüşinde hem yazylyar.

Rahym sen, rahman sen, kerem kän sende.

Rahman aydar: «nebs umydyn üzegoy».

Rahmet (a. Rahmet) رحمت – 1) mähribanlyk, mähir, şepagat, berim, merhemet, yagşylyk etme, yhsan (ser.); 2) yuka yüreklilik; 3) allatagalanyň ölenleriň günälerini bagyşlamagy; 4) gm. Peydaly yagyş; rahmet bahry – mähribanlyk deňzi, yagşylyk deňzi, merhemet deňzi; alla rahmet etsin – huday yalkasyn, huday rehim etsin.

Rahmetiň işigi arşdan açylsyn.

Her kim alsa hakdan rahmet.

«alla rahmet etsin» diyip dargarlar.

«ri» - rahmet bahrydan yhlas umyt tutmak gerek.

Kyldy aňa hak rahmet,

Nury-tejelli gudrat.

Rahmet bahry (a-t.) رحمت بحري – ser. Rahmet.

Rahnema (p. Ra:h-nema:) راهنما – ser. Rehnema.

Rahröw (p. Ra:h-rew) راهرو – 1) koridor; 2) ser. Rehröw.

Raht (p.) رخت – 1) geyim, eşik, egin-eşik; 2) her bir geyilyän zat; 3) öy esbaby; yola gidilende gerek-yarak zatlar; rahty-safar - yola, syyahata gidilende gerek zatlar.

Gülden puşeş yaraşypdyr,

Ajap raht boylaryňa.

Baglaban rahty-safar ryhlat çagy tayyar bol.

Rahty-safar (p-a.) رخت سفر – ser. Raht.

Rahy-zelal (p-a. Ra:h-e zela:l) راه ضلال – ser. Zelal we rah.

Rahy-zulmat (p-a. Ra:h-e zolmat) راه ظلمت – ser. Rah.

Rahy-rast (p. Ra:h-ra:st) راه راست – ser. Rah.

Rahym (a. Rahy:m) رحيم – 1) rehim ediji, mähriban, merhemetli; 2) iň sahy, jomart; 3) hudayyň epitetleriniň biri; rahymy-çäresaz - çäre tapyjy alla; alaç ediji huday.

Rahym sen, rahman sen, kerem kän sende.

Ey rahymy-çäresaz,

Günähim güzeşt eyle.

Rahymy-çäresaz (a-p. Rahy:m-e ça:re-sa:z) رحيم چاره ساز – ser. Rahym we çäresaz.

Raya salmak (p-t. Ra:ya salmak) رايه سالمق//راهه سالمق – ser. Ray.

Pili raya salan adam,

Seni gurçuk pesidir.

Reb (a. Rebb, ks. Arba:b) رب – 1) huday, alla, taňry; 2) ee, hojayyn, aga; ya reb – ey alla, ey huday.

Kerem eyle, ya reb, gudratly subhan,

Ya reb, habar bilerinmi, yar, senden.

Rebbany (a. Rebba:ni:) ربّاني – arapça «reb» (ser.) Sözünden; allatagala degişli, allanyňky; bar pikirini we yüregini huday bilen baglanyşdyran adam. Käbir çeşmelerde bu söz siriya (suryany) dilindäki «rebban» sözünden alnan hasaplanyar, manysy-da şerigat ylmynyň ussady diylip berilyär. Ibn el-esir ol söze «din ylmynyň ymykly alymy» ya-da «amal edyän alym» diyip düşündiriş beripdir; rebbany melekler – hudayyň perişdeleri, allaya degişli perişdeler.

Rebbany melekler gürzüni tutmuş,

Terezi gurulmyş, gün nury gitmiş.

Rebbena (a. Rebbena:) ربـّنا – hudayymyz, ey allamyz!

Her zat okyr bir sena,

Otlar hem diyr: «rebbena!».

Rebbi-al-agla (a. Rebbi-al-a’la:) ربّي الاعلي – meniň beyik mertebeli allam, meniň iň beyik hudayym.

Ey, emriňden asman indi rukugga,

Senasy subhany-rebbi-al-agla.

Rebbiel-agla (a. Rebbi-al-a’la:) – ser. Rebbi-al-agla.

Rebbiküm (a. Rebbekom) ربّـكـم – siziň hudayyňyz; elestu berebbiküm – men siziň hudayyňyz dälmi? («kurúanyň» 7-nji süresiniň 171-nji ayatyndan bölek).

Yokdan bara getirdiň, men anda guluň boldum,

Diydiň: «elestu berebbiküm!» ol demde guluň bolduň.

Rebbil-ybat (a. Rebb-el-yba:d) رب العباد – bendeleriň hudayy, ynsanlaryň allasy.

Magtymguly, çagyr rebbil-ybady,

Bu dünyä, ahyrъet bergil myrada.

Rebbim (a-t. Rebbi:m) ربّيم – meniň rebbim, meniň allam, meniň hudayym.

Amalsyz alymlar tillerin çeynär,

Any rebbim şeyle kylsa gerekdir.

Rebi (a. Rebi: ’) ربيع – yaz, yaz pasly.

Rebi gül üstünde ol perwanalar,

Nowbahar paslynda saba el gözlär.

Reda (a. Rida:ú) رداء – derwüşleriň omuzlaryna atyan we gerek erinde namazlyk we yorgan deregine ulanyan yüň matasy; 2) don, ruhanylaryň geyim üstünden geyyän dony; 3) sufizmde bir makamyň edinji etapy; ak reda – ak don.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   31   32   33   34   35   36   37   38   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin