Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə31/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   72

Nefyg yokdur saňa masewalladan,

Kimse günin, kimse yatyp baradyr.

Nehayat (a. Niha:et) نهايت – ser. Nahayat.

Neheň (p. Neheng) نهنگ – ser. Näheň.

Neçjar (a. Nejja:r) نجّار – agaç ussasy, plotnik (r.).

Öz döwründe nuh pygamber,

Neçjar işin tutup geçdi.

Neçün نه اوچين//نچون - «näme üçin», «ne üçin» sözüniň gysgaldylan formasy.

Neçün biliňni guçmadym, men tapyp düzden seni,

Isterem hakdan, gowuşdyrgay maňa tizden seni.

Magtymguly, neçün gapyl yörer sen.

Neşir (a. Neşr) نشر – 1) yayratma, yayma; çykarma (mes. Kitap, makala); 2) kyyamatda hemme ynsanlaryň direlmesi; haşr-u neşir – kyyamat güni ölüleriň yygnanyp dagymaklary.

Haşyr-neşir bolsa, alarlar hasap.

Magşaryň neşiri yaňlyg ten-jan kibi boluşmak.

Nigaran (p. Nigera:n) نگران - «nigeri:sten – seretmek» işliginden; 1) seredyän, göryän; 2) gözi yolda; gaygyly; intizar çekyän; 3) gorky, howsala; aşyky-nigaran – intizar çekyän aşyk, garaşyan aşyk.

Seyh ol näzeniniň jemalyn görüp,

Aňa şeyh aşyky-nigaran bolup.

Nigehdar (p. Nigehda:r) نگهدار//نگاهدار – saklayjy, gorayjy, sakçy, gorap saklayan; nigehdar bolmak – gorayjy bolmak, gorap saklamak.

Yüzüm yokdur aydarga halymny, men şermisar,

Sen bolmasaň nigehdar, kimdir maňa medetkär.

Nigär (p. Niga:r) نگار – 1) surat, nagyş; 2) gözel, söygüli, yar; 3) gyz ady.

Köyüňni istäp, ey, nigär, men barmyşam yoldan-yola,

Berdim ki sowt-u namyňny jan birle her goldan-gola.

Çeň şowkundan ol nigär ne nalaga düşdi nay.

Nida (a. Nida:) ندا – 1) ses, owaz, gykylyk, çagyryş; ahy-nala gatyşykly ses; yüzlenme; 2) doga; nida kylmak - çagyrmak, gygyrmak, gygyryp çagyrmak.

Ol şahy-düldül suwar,

Nida kyldy ganbary.

Nida kylmak (a-t. Nida: kylmak) ندا قيلمق – ser. Nida.

Nije نيجه – nähili, nätüysli.

Diydim: «ya reb, kethudalyk nijedir?»,

Diydi: «hepde-aşret, gaygy galan sal».

Nik (p. Ni:k) نيك – yagşy, oňat, gowy, yakymly; nik-u bet – oňat we erbet yagşylyk we yamanlyk, yagşy-yaman.

Bir nygmatdan egdir saglyk mazasy,

Bar gullukdan nikdir hakyň ryzasy.

Nikat (a. Nika:t, bs. Nokte) نكات – ser. Nükte.

Nil (a. Ni:l) نيل – 1) asly sanskrit dilinden alnan. Hindistan yaly yssy yurtlarda bityän köp yyllyk ösümlik, şonuň şahalaryndan mawy reňkli madda alynyar, şoňa «nil» diyilyär; 2) demirgazyk-gündogar afrikadaky meşhur derya. Ol dünyäniň iň uzyn deryalaryndan biri hasaplanyar. Onuň uzynlygy edi müň kilometre golay. Nil iki şahadan ybarat, olardan başga-da birnäçe ownuk şahalary bar. Niliň käbir erinde gämi hem yöreyär. Niliň kenarynda yolbars, pil, wagşy sygyr yaly haywanlar yaşayar, suwunda bolsa krokodil, suw aty yaly haywanlar bar. Müsür ilatynyň yaşayşy gadymdan bäri nile bagly bolany sebäpli, müsürliler ony mukaddes hasaplapdyrlar, her yyl iň gözel gyzlardan birini gurban edip, oňa taşlapdyrlar. Niliň ady edi müň yyl mundan öňki yazgylarda gabat gelyändigi aydylyar. Iňlisler 1880-nji yylda otuz yyl derňewden soň niliň gözbaşyny tapypdyrlar.

Türkmenler, baglasak bir ere bili,

Gurudarys gulzumy, deryayy-nili,

Teke, yumut, gökleň, yazyr, alili,

Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

Nim (p. Ni:m) نيم – yarym, yarty, iki bölünen zadyň bir bölegi.

Nim züryat (p-a. Ni:m zorri:ya:t) نيم ذريات – yarym perzent, mayyp perzent. Magtymguly şu setir goşgusynda süleyman pygamberiň ölşi we mayyp çagasynyň bolandygyny yatlayar. «kuruanda» we rowayatlarda aydylyşyna görä, süleyman pygamber ölenden bir yyl geçenden soň bilinyär (ser. Süleyman). Onuň dokuz yüz ayaly bolupdyr, emma oňa ekeje mayyp çaga nesip edipdir.

Kimdir - ölüp, bir yyldan soň bilindi,

Dokuz yüzden dogan nim züryat nedir?

Nisar (a. Nisa:r) نثار – 1) saçma, sepme, saçyş; 2) gurban, pida; 3) toyda seçilyän pul; 4) saçyjy, saçyan; nisar etmek (kylmak) – saçmak, sepmek; gurban etmek, pida etmek, bagyşlamak.

Magtymguly aydar, tende bu janyň,

Yolunda nisar et şahy-merdanyň.

Bendelerge rehmetin her dem nisar etgen kerim,

Kylmyşam bihet nisary.

Nisbet (a.) نسبت – degişlilik; degişli, yöňkemeklik, baglanyşyk; nisbet etmek – degişli etmek, baglanyşdyrmak, yöňkemek.

Ezrayylny bendäge

Nisbet etgen alladyr.

Nisb (a. Nisf) نصف – ser. Nysf, nisf we nim.

Nist (p. Ni:st) نيست - yok, yokluk, yok bolan. «bar» dien manyny beryän «häst» sözüniň antonimi; nist bolmak - yok bolmak; nist etmek - yok etmek.

Serigat nist bolar, bet iş set bolar.

Ykbalyň nist eder dogry gelmezi.

Niçeler bar yigitlikde nist olar.

Nister (p. Ni:st-ter) نيست تر - yograk; düypden yok bolmaklyk. «nist - yok» we pars dilinde sypat derejesini aňladyan «ter – rak-räk» goşulma bilen düzülen söz; bolganyň yagşy nister - yok bolanyň oňadrak.

Pikir eyläň, kim bardyr eyämden özge doster,

Bendelikde bolmasaň, bolganyň yagşy nister.

Nistlik (p-t. Ni:st-lik) نيست ليك - yokluk; yok bolmaklyk.

Yokluga yandyryp, menlikden sagyn,

Eşkimden suwarsam nistligiň bagyn.

Nisf (a.) نصف – ser. Nysf we nim.

Nisyan (a. Nisya:n) نسيان – unutma, yatdan çykarma, düypden unutma; nisyan etmek – unutmak, yatdan çykarmak.

Suratym nisyandadyr, istihanym häk ola.

Tä olynça ruzy-magşar, ahy-zarym galmaz-a.

Nifret (a. Nefret) نفرت – ser. Nefret.

Niçik نيچيك – neneň, nähili; nädip.

Bizi beyle niçik terk edesiň bar?

Bu yol bihudadyr, bir gidesiň bar.

Öz halyň niçikdir, bir pikir eyle.

Nişapur (p. Ni:şa:pu:r) نيشابور – eyranyň horasan welayatynda bir mähelläniň (şähristanyň) we onuň merkezi şäheriniň ady. Ol maşadyň günbatar tarapynda erleşyär. Bu şäher taryhy we gadymy medeni merkezleriň biri hasaplanyar. Onuň taryhy yadygärlikleri: feridetdin attaryň mazary, omar hayyamyň we kemal-ul-mülküň mazarlary we b.

Nişapur gadymy şäherleriň biridir. Ony sasanid patyşasy şapur birinji saldyrypdyr dien maglumat bar. Xı asyrda nişapur seljuklaryň paytagty bolupdyr. Mongollaryň hüjüminde düypden weyran edilipdir. «hududyl-älemiň» (x asyr) awtory «nişapur horasanyň iň uly şäheri, ini-boyy bir ferseň» (ser.) Diyip yazyar. «suwunyň köpüsi çeşmeden, onda yüň we pagta köp, on üç obany we dört hanlygy öz içine alyar» diyip belleyär. «ferheňgi-reşidi» atly sözlükde bu sözüň asly «neh şapur» bolupdyr, yagny «şapuryň şäheri» diyip bellenyär, çünki «neh» sözi gadymy pars dilinde (fors-e gadym) şäher diymegi aňladyar. Soňabaka ol söz neşapur, nişapur şekiline öwrülyär. Bu barada şahyr nasyr husrow-da bir şygrynda yatlapdyr. Bu at nişawur şekilinde hem gabat gelyär.

Huruş eyläp tursa mawur,

Permana geler nişawur.

Nişe (ne i:şe) نه ايشه – ne işe, näme işe, nähili işe.

Sen bu derdi yawutmazdyň özüňe,

Owwaly gerek däl nişe düşüp sen.

Nişäst (p. Nişest) نشست – 1) oturyş, oturma; 2) yygnak; 3) terbie, oturyş-turuş däbi; nişäst bermek – terbie bermek.

Gutgaryp mundan meni, bergil öz elgiňde nişäst,

Te ki bilim tobasyna zünnar bolmasdan burun.

Niyaz (p. Niya:z) نياز – ser. Nyyaz.

Haka eyleyip niyaz,

Diydi: «eya, çäresaz!».

Nobat (a. Nawbat) نوبت – gezek, kere, sapar, yola, oçeredü (r.).

Bu nobat köplerden geçip galandyr.

Bu nobat çohlardan gelip gidendir.

Now (p. New) نو – täze, ter, her bir zadyň täzesi.

Hazan degdi, now gunçany yoldurdy.

Nowa (p. Newa:) نوا – 1) ses, owaz; heň; 2) baylyk, gurp; peyda; hayyr; nowa çalmak – heň etmek, saz çalmak; binowa – gurpsuz, garyp.

Niçe mährem binowalar tapdylar andan nowa,

Bir nagmakäri niçe nowalar çalyp, ötdi,

Mejnuny görüň, çäki-giriban bolup ötdi.

Nowayy (p. Newa:i:) نوائى – ser. Alyşir nowayy.

Nowaly (p-t. Newa:-ly) نوالى – barly, gurply, baylykly.

Nowaly binowa bolar.

Nowbahar (p. New-baha:r) نو بهار – ala yaz, täze yaz, yazyň täze başlanan wagty; ebri-nowbahar – ala yazyň buludy; (adatça ol köp yagyşly bolyar).

Nowbahar paslynda saba el gözlär.

Gözümden yaş giderdi misli ebri-nowbahar.

Nowwap (a. Nowwa:b, bs. Na:ib) نوّاب – ser. Nayyp.

Nowjuwan (p. New-jewa:n) نو جوان – etginjek, täze yigitlik yaşyna eten, yigdekçe.

Daglar, buysanmagyl daşdan berkiňe,

Nowjuwan, dayanma yüzde görküňe.

Nowmyt (p-a. Nowmi:d) نوميد//نا اميد - «na:omi:d» sözüniň gysgalan formasy; umytsyz, tamasyz; ser. Namut.

Nowmyt etme şepagatdan, rahmetden,

Dermanda goymagyl, ya züljelalym.

Nowmyt eken nazarym,

Gördi ki helalan.

Nowruz i (p. New-ru:z) نوروز – täze gün. Eyranlylaryň täe yylynyň birinji güni (gije-gündiziň deňleşyän güni). Biziň häzirki kalendarymyz boyunça 21-22-nji marta gabat gelyär. Eyranda nowruz güni bayram edilyär. Bu bayram örän gadymy döwürden bäri (yslamdan hem öň) dowam edip gelyär. Gadym eyyamlarda nowruz yaz aylarynda bellenilmän, tomusda 22-nji iyunda belleniler eken. Nowruz bayramy başga-da ençeme halk tarapyndan tutulyar.

Geldi nowruz, jümleyi-älem gülüstandyr bu gün.

Diydiň: «ötsün gyş, tapar men täze nowruzdan seni».

Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peyda.

Nowruz ii (p. New-ru:z) نوروز – pars-täjik şahyry haju kirmanynyň we özbek şahyry lutfynyň «gül we nowruz» (ser.) Atly poemasynyň baş gahrymany.

Aşyk nowruz gülbahary,

Söwen dek söwmüşem seni.

Nowha (a. Newhe) نوحه – agy, eňreme, möňňürme, zaryn aglama, nala; towuş, ölä aglama; nowha düzmek (baglamak) – aglap aytmak üçin goşgy düzmek, elegiya yazmak. Muňa seydi hojanyň «goşa pudagym» dessanyndaky nowhalary görkezmek bolar;

Nowhager – nowha edyän, towuş edyän, ölä goşgy arkaly aglayan.

Ot dey gyzgyn demir düşek ornuna,

Nowhagerniň başy deger burnuna.

Nowhager (a-p.newhe-ger) نوحه گر – ser. Nowha.

Nowça (p. Newçe) نوچه – yaş yigit, uly pälwanyň elinde terbielenen yaş pälwan.

Gülgüzar, nowça bileňli.

Pelek nowça güller yolar.

Nowşirwan adyl (p-a. Newşi:rwa:n a:dil) نوشيروان عادل – eyranyň sasanid dinastiyasynyň 21-nji patyşasy. Onuň ady husrow bolup, anuşirwan (ya-da nowşirwan) hem lakamydyr. Araplar oňa kesra (hökümdar) diyyärler. Kakasy kubat ölenden soň, 531-nji yylda patyşa bolyar. Bu patyşa däp boyunça adalatlylygyň simwoly hökmünde suratlandyrylyar. Gündogar hronologlary onuň adyny «adyl» epiteti bilen tutyarlar. Ol öz kakasynyň döwründe dörän mezdekileri köp gyryar, olaryň baylardan, feodallardan alan mallaryny yzyna gaytaryp beryär. Paytagty tisfun şäheri bolyar. 540-njy yylda rimlileri eňyär. Emeni-de basyp alyar. Alymlara hormat goyyar. Gundyşapur (jündişapur) şäherinde mediöina mekdebini açyar, ol soň uniwersitete öwrülyär. «kelile we dimne» kitaby şonuň döwründe pehlewi diline terjime edilyär. Muhammet pygamber şonuň döwründe dünyä inipdir. Ol 579-njy yylda tisfunda aradan çykypdyr.

Nowşirwan wagty dek jahan yayylsyn.

Jemşid-u isgender, kany nowşirwan?

Hay-hay bu ne takatdy-yu toty şekeristan,

Nowşirwan adyl, hatamy-tay, rüstemi-destan.

Nogsan (a. Noksa:n) نقصان – zelel, zyyan; kemçilik, etmezçilik; azlyk, azalma; yokluk; nogsan etmek – zyyan etmek.

Öter dünyä üçin ömrüňni satma,

Bu nogsanyň düybi görnüp durupdyr.

Imanyňa nogsan eter zyyandan.

Musulmanlar gylyç ursa bir-bire,

Döwlet dönüp, dinler nogsana gelgey.

Noş (p. Nu:ş) نوش – 1) içiş, içme; 2) tagamly, datly, süyji; noş etmek (kylmak) – içmek, jana siňdirmek; datmak.

Magtymguly, noş etdim gam badasyn iki tas.

Noş edipdir muhapbetiň gandyndan.

Bir käse mey içip, jana noş oldy.

Nöker (p. Nawker) نوكر – 1) hyzmatkär, gulam, bende; 2) han-begleriň garamagynda gulluk eden adam.

Üç müň nayzabazy bardyr nökerden...,

Duşmanyň namardy, merdi bilinmez.

Nujeba (a. Nojeba:, bs. Neji:b) نجبا – 1) asyllylar, päkler, hayalylar, namyslylar, asylzadalar; 2) öwlüyäleriň bir topary, olaryň sany kyrk. Olara «rijaly-gayb» hem diyilyär; ser. Öwlüyä. Bular hakda döwletmämmet azadynyň käbir eserinde hem maglumat berilyär.

Atlary nujeba, özleri çilten,

Arbagynda mydam okyp otyrmyş.

Nuzul (a. Nozu:l) نزول – inme, düşme, gonma; durma; aşak inmek; yola gidilende bir erde düşlemek; nuzul olmak – inmek, gelmek, gelip düşmek, gelip gowuşmak.

Hakdan nuzul oldy musaga «töwrat»,

«injil» waspyn isa eyledi isbat.

Nukaba (a. Nokaba:, bs. Naky:b) نقبا – 1) kowum başlyklary, bir taypanyň başlygy ya-da wekili; 2) sopuçylygyň iň uly pirleri we yolbaşçylary, olaryň sany üç yüz adam. Olara «ebrar» hem diyilyär; ser. Öwlüyä.

Edinji guruwhy nukaba, biliň,

Üç yüz ärdir, söze bir gulak salyň.

Nukaba diyrler, üç yüz eren ugraşdy.

Nuksan (a. Noksa:n) نقصان – ser. Nogsan.

Ahyr nuksan geler dünyä sudundan.

Nun (a. Nu:n) ن – 1) arap-pars elipbiyiniň yigrimi dokuzynjy «n» harpy. Ebjet hasabynda – 50, 2) gm. Bükük, bükülen. Gündogar klassyk şahyrlary tarapyndan söygüliniň eňegi «nun» harpyna, eňekdäki çukurjyk-da «nunuň» nokadyna meňzedilipdir.

«mim» - myradyň isteyip ajyzlygyň yat eylegil,

«nun» - nury-rahmatyndan çyn umyt etmek gerek.

«mim» - men magny aňlanga, «nun» - nygmatyň bes dälmi.

Nunbayyl (a. Nu:nba:yyl) نونبائيل – köne düşünjä görä, dördünji gat asmanyň perişdeleriniň iň ulusy; ser. Magun.

Nur (a. Nu:r, ks. Enwa:r) نور – yagtylyk, yşyk, şöhle, yalkym; parlaklyk; güneş; aydyňlyk; şan, şöhrat.

Nuruň inip, er yüzüne saçylsyn;

Nury-ayn – 1) gözüň yagtylygy; 2) iň söygüli şahs, ogul-gyz, perzent, çaga; söyülyän, iň gowy görülyän (ogul-gyz).

Hezreti-yakubyň nury-aynyny,

Gullar hojasyga eltdi, yaranlar.

Çeşmi-çyragymdyr, nury-aynymdyr;

Nurly-ala-nur – 1) nur üstüne nur, yagtylyk üstüne yagtylyk; 2) gm. Gülala-güllük, alla-näme, ajayyp, örän oňat, ol has-da gowy.

Megerem, eyäm istese, bolgay nury-ala-nur,

Eter tarpatyl-aynda mähjur bolup düşen du:r;

Nury-dide – 1) gözüň nury, görejiň yagtylygy; 2) gm. Göz guwanjy; iň söyülyän, iň gowy görülyän (çaga, perzent); ekiz.

Nury-didäm yagtysy, gözüm agy, garasy;

Nury-tejelli – yagtylyk öwüşgini; ser. Tejelli.

Kyldy aňa hak rahmet,

Nury-tejelli gudrat;

Nury-ylahy – allanyň nury, huday öwüşgini.

Gudrat bilen dörän nury-ylahy,

Şeyle mugjuzatlar mundan geçipdir;

Nury-enwer – has yagty nur.

Köňül gözgi kimin nury-enwerdir,

Dünyä edi başly yalmawuz mardyr.

Nurana (nu:ra:ne) نورانه//نورانى – 1) nurly, şöhleli; 2) keşbi hormata mynasyp, şanly; mübärek görnüşli.

Uzyn boy, hoş sakal, yüzi nurana,

Şoňa duçar bolsaň, işiň yol alar.

Nurata (a-t. Nu:r-ata) نورآتا – häzirki özbegistanyň buhara welayatynda bir eriň ady. Şol erde türkmenler hem yaşayar.

Nurata, baba dargan,

Degresi derya, gorgan.

Nurbayyl (a. Nu:rbayyl) نوربائيل – köne düşünjelere görä, edi gat asmanyň perişdeleriniň iň ulusy, käbir çeşmelerde «turayyl» diyil yär; ser. Ajap.

Nurbat (norbat) نوربت – haray, aman.

Yamanlyk eyleen geler,

«nurbat!» diyp, amana, gökleň!

Atarman, çaparman algyr yigide,

Eri gelse aman-nurbat yagşydyr.

Yarlygy yörigen nurbatsyz begler.

Nurlanmak (a-t. Nu:r-lanmak) نورلانمق – yagtylanmak; açylmak.

Behişt bina köşgünden,

Göz nurlanar müşkünden.

Nury-ayn (a. Nu:r-e ayn) نور عين – ser. Nur.

Nury-ala-nur (a. Nu:ren ala: nu:r) نور على نور - ser. Nur.

Nury-dide (a-p. Nu:r-e di:de) نور ديده//نور چشم - ser. Nur.

Nury-tejelli (a. Nu:r-e tejelli) نور تجلى – ser. Tejelli.

Nury-çeşim (a-p. Nu:r-e çeşm) نور چشم - ser. Nury-dide.

Nury-ylahy (a. Nu:r-e ila:hi:) نور الهى - ser. Nur.

Nury-enwer (a. Nu:r-e enwer) نور انور - ser. Nur.

Nusrat (a. Nosrat) نصرات – 1) yardam, kömek, yardam etme, kömek etme; 2) eňiş, üstünlik, eňmeklik, üstünlik gazanmaklyk;

Desti-nusrat – kömek eli, yardam eli, yardam bermek eli;

Fathy-nusrat – eňiş kömegi.

Düşdi bir hoşluk jahana nusratyň görgeç resul.

Kadyr alla, dökgün nusrat baryny.

Lutf ediban, bergeç ol musaga fathy-nusraty.

Galmady mazlumlara desti-nusratdan nyşan.

Nufus (a. Nofu:s, bs. Nefs) نفوس – ser. Nebis.

Nuh (a. Nu:h) نوح – gadymy ehudy (ewrey) pygamberlerinden biri, oňa ikinji adam hem diyilyär. Nuh samyň, hamyň we yafesiň kakasydyr. Ol agaç ussaçylyk käri bilen meşgul bolup, elli yaşynda özüni pygamber diyip yglan edyär. Emma halk köpçüligi onuň sözüne ynanmanlygy sebäpli, göyä hudayyň emri boyunça, maşgalasyny hem-de oňa iman getiren adamlary we ähli haywanlardan bir jübtini alyp, öz yasan gämisine salanmyş. Nuh gämä münenden soň, kyrk gije-gündiz yagyş yagyar, bütin er yüzüni suw alyar. Er yüzündäki adamlaryň we haywanlaryň hemmesi suwa gark bolup, heläk bolyarlar. Soňra nuhuň gämisi ararat (judy) dagynyň etegine baryp etyär, tupan yatyar, suw çekilyär, gäminiň içindäki adamlar, haywanlar ere çykyarlar. Rowayata görä, dünyädäki hemme ynsanlar nuhuň neslinden döränmiş. Nuh uzak wagt ömür süryär, rowayatlara görä, ol dokuz yüz elli yyl öz kowumynyň arasynda galyar, yüz elli yaşynda pygamber bellenyär. Nuhuň lakamy nebiulladyr. «töwratyň» rowayatlaryna görä, onuň üçünji ogly yafesiň nesli ewropa yurtlaryna gidip, indi-ewropa halklaryny emele getiryärler. Aziya kowumlary sama we garayagyz kowumlar bolsa hama degişlidirler.

Nuhuň ady «kurúanyň» yigrimi sekiz süresinde agzalyar. Onuň başdan geçirenleri barada «agraf», «huwt», «müúminun», «şuara», «kamar» we «nuh» sürelerinde köpräk maglumat berilyär; nuhy-nebi – nuh pygamber.

Nuh pygamber, nazar eyle bir nepes.

Sorsaň, habar berer nuhdan.

Öz döwründe nuh pygamber,

Neçjar işin tutup geçdi.

Meger goldar nuhy-nebi.

Nuşah (p. Nu:şah) نوشه – eyranyň horasan welayatynda bir eriň ady. Onuň başga atlary habuşan, guçan, kuşan bolmagy ähtimal.

Sapar edip barsak nuşah mülküne,

Köňül isläni dek yaylahlary bar.

Nükte (a. Nokte, ks. Nika:t) نكته – 1) yiti manyly söz, çuň manuly söz; yiti many, ajayyp söz; nükteyi-towhyt ile - «la ilaha illallah» (ser.) Dien çuň manyly sözi aytmak bilen.

Ukdayy-lebden gireh aç nükteyi-towhyt ile,

Göz açyp, saňa dilin herze gülmesden burun.

Nükteyi-towhyt (a. Nokte-ye tawhi:d) نكتهء توحيد – ser. Nükte we towhyt.

Nygam (a. Ny’am, bs. Ny’mat) نعم – ser. Nygmat.

Nygmat (a. Ny’mat, ks. Ny’am) نعمت – 1) oňat yaşayyş üçin gerek-yarak zatlar; tagam; her dürli iymit; 2) yagşylyk; keypi-sapa.

Tükenmez nygmaty bardyr behişdiň.

Elwan nygmat iyip, al-yaşyl geyip.

Nyzam (a. Niza:m) نظام – düzgün, tertip; kanun, kada; usul; nyzam tapmak – düzgüne girmek, tertibe girmek; nyzam bermek – düzgüne salmak, kadalaşdyrmak.

Älem anyň sözünden tapdy nyzam-u karar.

Nyzam berdiň serhetlere hat bile.

Köpelse, her iliň seri-serkary,

Nyzamy bozulyp, weyrana gelgey.

Nyzamy i (a. Niza:mi:) نظامى – abu muhammet ylyas ibn yusup gündogaryň beyik şahyrlarynyň biri. Takmynan 1141-nji yylda genje şäherinde doglup, 1209-njy yylda-da şol erde aradan çykypdyr. Ol eserlerini pars dilinde yazypdyr. Azerbayjan edebiyatynyň klassygy hem hasaplanyar. Esasy eserleri: «hamsa» we liriki şygyrlardan ybaratdyr. «hamsa» giryän poemalar: «husrow-şirin», «edi gözel», «leyli-mejnun», «isgendernama». Soňky poema iki bölümden duryar: «şerefnama» we «ykbalnama», «syrlar hazynasy».

Abu sagyt, omar hayyam, hemedany,

Firdöwsi, nyzamy hafyz perwany.

Nyzamy ii (a. Niza:mi:) نظامى – magtymgulynyň «yusup die-die» dien gazalyna tahmys yazan bir näbelli şahyryň tahallusy. Tahmysyň soňky bendi şeyle:

Sorsa nyzamy dünyäde aňşyrar yagşy sözüden,

Tapmay küşat ynjytdy dil talyg ile yyldyzydan,

Görse wepalarny mundag her kim turup öz-özünden,

«magtymguly dost yüzüden, durmaz, akar yaş gözüden,

Bilbil olup, yar sözüden okam yusup die-die».

Nykap (a. Nika:b) نقاب – 1) perde, yüze tutulyan perde, yüz örtgüsi; 2) yaşmak; perenje; nykaply – yüzi perdeli.

Nykabyň yüze salan,

Yüz görsetip jan alan.

Egni ak redaly, yaşyl nykaply.

Nyrh (p.) نرخ – baha, gymat, hökümet tarapyndan her bir zada bellenen baha.

Bilmäne hiç, bilen kişä nyrhy köp.

Zaman öter, nyrh çöwrüler.

Tanyr sen şol zaman duş gelen nyrhy.

Nysar (a. Nisa:r) نثار – ser. Nisar.

Nysf (a.) نصف – yarty, her bir zadyň yary, yarysy.

Hak yary ak bolur, bir nysfy garar,

Gara yüzli belli biiman geler.

Nyşan (p. Nişa:n) نشان – 1) belgi, alamat; maksat; 2) söz birigmesinde gelende «duran, erleşen, galan, degilen, görkezen, döreden» manylarda hem gelyär. 3) görkezilen hyzmat üçin berilyän köplenç gyzyl, kümüş ya-da başga metaldan yasalan belgi.

Bak: olardan ne nam galdy, ne nyşan.

Edi günden soňra anyň jayyndan,

On günden äleme bu nyşan geler.

Nyşana (p. Nişa:ne) نشانه – 1) alamat,belgi, bellik; yadygärlik; 2) maksat; ok atmak üçin goyulyan belgi; nyşanayy-kyyamat – ahyrzamanyň alamaty.

Bir pul üçin müfti berer rowayat,

Bil, bu işler – nyşanayy-kyyamat.

Nyşanayy-kyyamat (p-a. Nişa:ne-ye kyya:met) نشانه قيامت – ser. Nyşana.

Nyhan (p. Niha:n) نهان – ser. Nahan.

Nyyaz (p. Niya:z) نياز – 1) hajat, hayyş, meyil; 2) derwüşleriň sowgady; 3) yalbarma, dileme, ötünç; umyt; 4) mätäçlik, bir hajaty bitirmek üçin berilyän nezir (ser.); nyyaza durmak – doga etmek, yalbarmak, dileg etmek.

Gol göterdim, durdum nyyaza, nezre,

Diydim: «rugsat bolsa, aydayyn sowal.

Durdular nyyaza, nezre.

Yalan sözläp, ilden alar nyyazyn.

Her güwşede nyyaz okun gizlegin.

Näalaç (p-a. Na:-ala:j) ناعلاج – nälaç, alaçsyz; çäresiz; dermansyz.

Kimler çäre tapmaz, öter näalaç,

Her kime yüz elem goyar bu dünyä.

Nägadyr (p-a. Na:-kadr) ناقدر – gadyrsyz, gadyr bilmeyän, ätibarsyz, gadyr-gymmatsyz.

Gadyr bilenden daş etme,

Nägadyra yoldaş etme.

Nägeh (p. Na:geh) ناگه - «nägäh» (ser.) Sözüniň gysgaldylan formasy; ser. Nägäh.

Nägehan (p. Na:geha:n) ناگهان – tötänden, birden, birdenkä, duydansyzlykda.

Nägehan üç äre nazarym düşdi.

Çykdy gapa nägehan, geldi bir sayyl duçar.

Nägehan ugrady ayralyk dagy.

Nägehan geldiler üşbu mekana.

Nägä (p. Na:ga:h) ناگاه – 1) birden, birdenkä, tötänden; 2) bimahalçak, bihabar; ser. Nägäh.

Halk andan bolup ägä, kabul etdiler näge.

Nägäh (a. Na:ga:h) – ser. Binägäh, nägehan, nägä.

Nägäh hudayym el tutar,

«essabry miftahyl-jenan».

Nädejek (nä:-dejek) ناده جك - «etmek» işliginiň mälim geljek zaman sorag formasy; näme etjek sen? Näme edersiň?

Ajal saňa etse güzer,

Habaryň ber, nädejek sen?

Näz (p. Na:z) ناز – 1) özüňi halatmak üçin edilyän yasama hereket; kereşme, yşwa (ser.); 2) nygmat (ser.), bolçulyk, keypi-sapa.

Murassag halgalar, näzik hülleler,

Tükenmez nygmaty, näzi behişdiň.

Näzenin (p. Na:zeni:n) نازنين – 1) näzli; gözel, söygüli; gelin-gyz; 2) näz edyän; 3) tanyş, belli, aşna.

Dünyä görki näzeninler, ne janlar,

Dul gözüne garry näzenin bolar.

Näzigär (p. Na:z-ga:r) نازگار – näzli dien manyda ulanylypdyr. Bu söz yasama, toslanyp tapylan, diňe kapyya yasamak üçin toslanypdyr; pars we türki dillerde şeyle söz yok. Ol diňe magtymgulynyň ady bilen yazylan we soňky döwre degişli bolan bir yazgyda gabat gelyär.

Pelek, görüň bazygärdir,

Bazy bilen ruzygärdir,

Peri mekan, näzigärdir,

Sözlegil, zybanyň galdy.

Näzik (p. Na:zok) نازك – inçe, yuka; näzik bil – inçe bil.

Goluň urduň nähak gözde sillere,

Kyrk gamçydan buyrup näzik billere.

Näzik bil (p-t. Na:zok bi:l) نازك بيل – ser. Näzik.

Näzperwer (p. Na:z-perwer) – näz bilen terbielenen, lälik, näzini çekip ulaldylan; bolelinlikde ulalan.

Netey, magtymguly, ötdi jahandan köp suhanwerler,

Guçup häki-mezellet, yatdylar kim näzperwerler.

Näkabyl (p-a. Na:-ka:bil) ناقابل – layyk däl, mynasyp däl; nälayyk; ukypsyz.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   27   28   29   30   31   32   33   34   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin