Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə27/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   72

Mikayyl (a. Mi:ka:i:l) ميكائيل – dini düşünjelere görä, göyä adamlara gündelik iymit-azygyny etiryän hudaya yakyn perişdeleriň biri.

Mikayyl, ysrafyl, ezrayyl atlyg,

Dördünjisi bardyr jebrayyl atlyg.

Mil (a. Mi:l) ميل – 1) igne (iňňe) yaly inçe we uzyn demir gural; 2) göze sürme çekmek üçin yörite süňkden ya-da pil dişinden yasalan gural; 3) yaranyň içine sokulyan mediöina guraly; göze mil çekmek – kör etmek.

Bilermiň tamugnyň çekilen mili,

Habar ber aslyny, pul syrat nedir.

Milel (a., bs. Millet) ملل – ser. Millet.

Millet (a., ks. Milel) ملـّت – 1) yol, yörelge; 2) şerigat, din, «kurúanda» hem şu manyda gelyär; 3) bir yurtda yaşap, gelip çykyşlary bir bolan adamlar, halk.

Etmiş iki millet gömer ölüsin,

Segparaz milleti läşi yandyrar.

Haywan, ynsan şanyňda, ajal bardyr.

Deçjal dünyä inende başga millet din dörär.

Mim (a. Mi:m) م – arap-pars elipbiyiniň yigrimi sekizinji «m» harpy. Ebjet hasabynda – 40.

«mim» - myradyň isteyup ajyzlygyň yat eylegil.

Her kişi hoşhal olupdyr jim-u lam, mim atyga.

Miman (p. Mihma:n) مهمان//ميهمان – 1) gonak, biriniň öyüne wagtlayyn görme-görşe baran adam; 2) toy-meylise çagyrylan adam.

Yalançynyň bolmaz anty-imany,

Bir ak öe barsaň, almaz mimany.

Min rebbik (a. Min rebbike) مِنْ رَبِّـكَ – hudayyňdan. Bu sözlem eger «men rebbik?» مَنْ رَبِّـك diylip okalsa, onuň manysy «hudayyň kim?» bolyar.

Müňker-nekir girgende «min rebbik» diyp sorganda.

«min rebbik!» diyp müňker-nekir gelerler.

Mina (a. Mina:) منا//منى – mekgäniň gündogar tarapyndaky daglarda bolan bir eriň ady. Haja gidenler züljaçja (gurban ayy) ayynyň sekizinde şol ere baryp çadyr (palatka) guryarlar, agşamdan ertire çenli şol erde galyarlar we gurbanlyk, daş atmak däplerini erine etiryärler. Minada üç sany gara daş bar, olara «jemrat» diyilyär, zyyarata baranlar şol daşlara tarap daş zyňyarlar, her gezek edi sany ownuk daş zyňyp, şu amaly üç gezek gaytalayarlar, daş zyňylyan wagtda bolsa «lebbeyk, allahum, lebbeyk» dien sözleri gaytalayarlar. Daş zyňmak däbine arapça «remi» رمى diyilyär. Şundan soň gurban ayynyň (zülhaçjanyň) onunda gurbanlyk kesmek däbi erine etirilyär, şonuň bilen-de hajy bolmak proöessi tamamlanyar. Ybrayym öz ogly ysmayyly minada gurban etjek bolanda, göyä allatagala oňa bir goç iberip, ysmayylyň deregine şony gurbanlyk etmegi buyranmyş. Şondan soň hem haja baranlaryň bir goyun gurbanlyk çalmak däbi galanmyşyn.

Ysmayyl gurbanyň boldy minada,

Ya, ybrayym – halylulla haky üçin.

Minara (a. Mena:re, ks. Mena:ir) مناره - «nur» sözünden; 1) metjitleriň depesinde çyra yakyp goymak we azan aytmak üçin gurlan jay, sütün; 2) yagtylyk jayy.

Kimler döwlet bilen saldy minara,

Minara üstünde düşüpdir para.

Kelte diňden bolmaz beyik minara.

Minewwer (a. Monewwer) منوّر – ser. Münewwer.

Minel-hak (a. Min-al-hakk) من الحق – hudaydan, alladan (sopularyň şygarynyň bir bölegi).

Lazym oldy okymak, «enel-hak-u» «minel-hak»,

Mey içip meyhanadan, mestana boldum imdi.

Minen (a., bs. Minnet) منن – ser. Minnet.

Minnet (a., ks. Minen) منـّـت – 1) yagşylyk, yhsan (ser.), kerem (ser.); 2) edilen yagşylygyň gadryny bilmeklik; 3) şükür, öwgi; 4) görlen bir yagşylyga hoşallyk bildirmek duygusy; 5) iygenç, teene.

It zeriň minnetin çekmez,

Aňlamaza sözüm yakmaz.

Mir (a. Mi:r) مير//امير - «emir» sözüniň gysgaldylan formasy; hökümdar, başlyk, yolbaşçy.

Namartdan mert olmaz, mertden mir olur.

Miras (a. Mi:ra:s, ks. Mewari:s) ميراث - «irs - ارث» sözünden; 1) ölen adamdan yzyndakylara galan mal, mülk, baylyk; 2) her bir halkyň gadymdan galan medeni baylygy.

Bu ölmek, ayrylmak galypdyr öňden,

Peder bize miras goydy bu derdi.

Bize olardan mirasdyr,

Her dostuna degip geçdi.

Mirewwet (a. Morewwet) مروّت – ser. Mürewwet.

Mirkülal (a-p. Mi:r kola:l) مير كلال – seyit emir kulal (xıw asyr) belli sopularyň biri. «tuhfatuz-zayyryn» atly sufizme degişli kitapda berilyän maglumata görä, ol buharanyň suhar obasynda önüp-ösüpdir we hoja babanyň iň oňat şägirtleriniň biri bolupdyr hem-de küyzegärlik işi bilen meşgullanypdyr. Onuň dört ogly (seyit emir burhan, seyit emir şah, seyit emir hemze, seyit emir omar) we bir yüz on dört şägirdi bolan. Olaryň iň zehinlileri: bahawetdin nagyşbendi, şyh yadygär, şemsetdin kulal.

Dehistanyň bayrynda,

Bady-sabany görsem;

Behawetdin, mirkülal,

Zeňňi babany görsem.

Mirúat (a. Mirúa:t) مرآت – 1) ayna, gözgi; 2) görkeziş, görkezme, mirúaty-haya – haya aynasy, utanç aynasy.

Etmiş müň yyl oşol menzilde galdy,

Mirúatyl-hayaga bir nazar saldy.

Müúmüne mirúatyň myrada manzar.

Mirúatyl-haya (a. Mirúa:t al-haya:) مرآت الحيا – ser. Mirúat.

Mis (p. Mis) مس – 1) gyzgylt-sary reňkli yumşak metal, ondan yuka sahypalar-listler we näzik simler yasalyar; 2) gm. Galp, yasama.

Almaza kümüş mis görüner,

Dula gyrnak tüys görüner.

Miswäk (a. Miswa:k) مسواك – diş arassalanyan gural, diş çotkasy.

Ol mübärek gollaryda hem asa, miswäkni,

Ymmatym diygey meniň dek asy-u bibäkni.

Misgin (a. Iski:n, ks. Mesa:kin) مسكين – 1) biçäre, pakry; garyp; geday; 2) gm. Derwüş.

Misgin, magtymguly, yakaň tutawer,

Hayr eyleyip, al şerapdan yuwtawer.

Magtymguly, misginem, köňlüm öyi nämagmur.

Misli, misil (a. Misl-e, misl) مثل – yaly, kimin, dek; meňzeş; misli-polat – polat yaly.

Gözi-nerkes, boyy-şemşat,

Kirpikleri misli-polat.

Misli-gurbanlyk soyarlar özüňni binamaz çirkin.

Miftah (a. Mifta:h, ks. Mefa:tih) مفتاح – açar, gulpy açyan gural, essabry miftahyl-jan – sabyr behiştiň açarydyr.

Ey ähli-derwüş, bilgil,

«essabry miftahyl-jenan».

Miftahyl-jenan (a. Mifta:h al-jena:n) مفتاح الجنان – ser. Miftah.

Mihen (a., bs. Mihnet) محن – ser. Mähnet.

Mişe (p. Bi:şe) بيشه – ser. Bişe.

Mogeylan (p. Mogy:la:n) مغيلان – ser. Mugylan.

Molla (a. Molla:) ملاّ – asly arapça «mawla» sözünden; 1) hojayynlyk eesi; beyik kazy; jenap, aga; 2) sapak alan, okan, sowatly, ahun, alym; 3) doly, ylymdan doly; 4) dini ylym alan; 5) ee, hojayyn, bir işe gatnaşmaga haky bolan adam.

Mollalar ahyrъet sözün söylärler,

Müňkü olma, gerçek işdir, eylärler.

Daň atsa mollalar çagyrar azan,

Bozulmazdyr hergiz kysmatda yazan.

Monjuk مونجوق – 1) gymmatly ownuk daşlardan, jäjekden we çüyşeden edilip, geyime, saça dakylyan bezeg; 2) baydagyň başyna dakylyan bezeg. Bu söz şu görnüşde pars dilinde-de ulanylyar.

Eşek monjugna biyr ya-da akyga,

Biçäre çopanlar yakut-lagl tapsa.

Mosul (a. Mawsul) موصل – yrakda tigr deryasynyň gyrasynda erleşyän bir şäheriň ady. Ol erde nebit magdanlary köp.

Ezt, kirman, şam, mosul bolardy bagyan,

Gayrasy horram haty, gypjak pereňi jamyyan.

Möwji-derya (a-p. Möwj-e derya:) موج دريا – ser. Möwç.

Möwjudat (a. Mawju:da:t, bs. Mawju:d) موجودات – ser. Möwjut.

Möwjut (a. Mawju:d, ks. Mawju:da:t) موجود – bar zat, yaradylan, döredilen; möwjuda gelmek – yaradylmak, döredilmek; dünyä gelmek.

Älem sunguňa möwjut, möwjuda gelen eşya.

Hamdyňa möwjudat bolupdyr ezber.

Möwla (a: mawla: ks. Mawa:li:) مولا//مولى – 1) allatagala; 2) ee, hojayyn, jenap, aga, yaran, dost, hemayat beriji; 3) bende, gul; 4) azat edilen gul; ya möwla ey huday! Möwlana – biziň agamyz, biziň jenabymyz, biziň yaşulymyz (käbir beyik alymlara, şahyrlara we şyhlara berilyän titul. Mes.: möwlana jelaletdin rumy, möwlana jamy we b.).

Jepa urma özüň, çagyr möwlany.

Sejdeden ser yolmaz, aydar, ya möwla!

Yarganat diyr: «ya möwla!...

Sakla pynhan içinde».

Möwla jamy (a-p. Mawla: ja:mi:) مولا جامى – ser. Jamy.

Şyhy-sagyt, möwla jamy,

Ol edi soltan içinde.

Möwlam (a-t. Mawla:-m) مولام – 1) ee; alla, huday; 2) jenap, aga, hojayyn, yaran, arka duryan; dost; hemayat beriji; 3) gul, bende; azat edilen gul. Sözüň asly: möwla-m, yagny meniň allam, meniň jenabym... Bolup, türkmen dilinde şu görnüşde hem möwla – huday... Manysynda ulanylyar.

Magtymguly, möwlam jandan yakyndyr.

Möwlam nazar salsa, döwlet yar olar,

Gam senden sowular, derdiň du:r olar,

Yalňyz möwlam özi galsa gerekdir.

Möwlana (a. Mawla:-na:) مولانا - «möwla» we «na – biziň» dien sözlerden; ser. Möwla.

Möwsüm (a. Mewsim, ks. Mewa:sim) موسم – 1) her bir zadyň wagty we zamany; 2) yylyň belli bir wagty, pasyl.

Möwsüm güli solar, guryr, öçer sen.

Gülüň möwsümi dek döwran tapylmaz.

Bir gün öter yigitligiň möwsümi.

Möwt (a. Mawt, ks. Emwa:t) موت - ölüm, ölme, aradan çykma, merg (ser.); möwt bolmak - ölmek, aradan çykmak.

Mundan «men» diygen adam möwt agusyn içer bir gün.

Dünyä gelen gidejekdir möwt bolup.

Ahyr möwt-u gubur, bu boş hyyaly neylerem.

Möwç (a. Mewj, ks. Emwa:j) موج – tolkun, gom; möwji-derya – deňiz tolkuny; möwç urmak – tolgunmak, ynjalyksyzlanmak.

Köňlümiň deryasy möwç urup gaynar.

Derya girdim, möwje düşdüm.

Göyä bir näheň sen möwji-deryaya.

Yüregim möwç urdy, dolup-daşmadym.

Möy-möjek (möy-mö:jek) موى موجك – 1) iki sany yyrtyjy haywanyň ady; 2) gm. Yyrtyjy häsietli; hapa, näpäk, kitüwli.

Sopulyk eswaby hoşdur, gey, içiňni sap edip,

Bolsa möy-möjek içim, bu esgi şaly neylerem.

Möhri-süleyman (a. Mohr-e soleyma:n) مهر سليمان – ser. Süleyman.

Möhüm (a. Mohim) مهم – 1) kyn iş, ähmietli iş; uly iş; 2) wajyp, gerek.

Bahyla ugramaň, güler yüz bermäň,

Möhüm bitirmäge kipayat yagşy.

Möhür (a. Mohr) مهر – 1) yüzüne bir adamyň ya-da edaranyň ady gazylyp yazylan metaldan ya-da lastikden yasalan tagma, peçatü, ol hatlaryň, şertnamalaryň aşagyna gol çekilende goluň (podpisiň) deregine ulanylyar; 2) agzy yapyk kise; möhri-süleyman – rowayata görä, süleyman pygamberiň möhüriniň içindäki biri-biriniň içinden geçen iki sany uçburçlygyň şekili.

Pygamber, patyşa, halyfa bolup,

Goluna möhr alyp, nesihat kyldy.

Her kim öz adyna möhür gazdyrar.

Soň elinde möhri-süleyman geler.

Muazzem (a. Mo’azzem) معظم – ser. Mugazzem.

Muap (a. Moa:f) معاف - «awf - عفو» sözünden; bagyşlanylan, günäsi geçilen, awf edilen.

Edilleyi anyň köňül tutganyň muap,

Namarda mert olan kişi il bolmaz.

Mubaryz (a. Mo’ba:riz) مبارز – uruşujy, söweşiji, söweşjeň, uruş üçin meydana çykan.

Mubaryzlar tutabilmez özüni,

Pil hem durar baglasalar gyl bile.

Muwaşşah (a. Mowaşşeh) موشّح – 1) bezelen, bezegli, owadanlanan; 2) her beydiniň ya-da miragynyň (setiriniň) ilkinji harplary jemlenende, bir şahsyň adyny ya-da belli nakyly emele getiryän şygyr, ol eser köplenç gazal formasynda bolyar. Muňa andalybyň «perizady» gazalynda «hojanyyaz jan» dien adyň, seyitnazar seydiniň «pyrkatyň» we «mestnayy» atly gazallarynda «sapar jan» we «gayypnyyaz jan» dien atlaryň muwaşşah şekilinde getirilişini görkezmek bolar; 3) şygyr düzmekligiň bir formasy. Munda şygryň esasyny bentleriň ilkinji iki setiri tutyar, soň özara kapyyalaşyan birnäçe misrag gelyär, iň soňra bolsa, ilkinji beydiň kapyyasy gaytalanyar. Muwaşşahyň dürli-dürli görnüşleri bar. Magtymgulynyň şu formada yazan «meňzär hökümli» eserinden bir mysal:

Köňüller köşgünde hyyalyň hany,

Öwlady-hüňkäre meňzär hökümli.

Aşyk çeker nalany,

Yada salar läläni,

Erde beşer patyşany,

Hudayymyň halany,

Gamzaň garakçysy salar talany,

Kirpigiň ok, gaşyň yaydyr çekimli.

Beyleki bentleri-de şu formada dowam edyär.

Mugazzem (a. Mo’azzem) معظم – 1) beyik, uly; iri; ulalan, uly hasaplanan; 2) tagzymly; uly ähmietli.

Bilmedim ne bahr, erdir, ne mugazzem dagydyr,

Aldy köňlüm, gitdi aklym, ten mydam näçagydyr.

Mugallak (a. Mo’allak, ks. Mo’allaka:t) معلـّـق – ser. Magallak.

Mugallym (a. Mo’allim) معلـّـم - «ylym» sözünden; ylym öwrediji, bilim beriji, taglym beriji, öwrediji.

Ol ne göwher, bolsun anyň beyany,

Ya mugallym, bize mundan habar ber.

Mugjuz (a. Mo’jiz, mo’jize, ks. Mo’jiza:t) معجز//معجزه – 1) geň galdyryan, hayran galdyryan; 2) adam güyjünden daşary, göyä pygamberler tarapyndan görkezilyän ya-da edilyän geň iş, keramat; 3) täsin, ajayyp iş; 4) geň galdyryjy, hayran galdyryjy; mugjuz görmek – geň we hayran galdyryjy bir zady görmek.

Patyşa bir mugjuz gördi düyşünde.

Kany musa kelim, mugjuz asasy.

Yajuç-mäjuç diyrler bir mugjuz gopar.

Mugjuza (a. Mo’jize, ks. Mo’jiza:t) معجزه – mugjuz sözüniň ženskiy rody; ser. Mugjuz.

Mugjuzat (a. Mo’jiza:t, bs. Mo’jize) معجزات – ser. Mugjyza we mugjuz. Bu söz köplük sanda bolsa-da, türkmen dilinde birlik hökmünde ulanylyar.

Gudrat bilen dörän nury-ylahy,

Şeyle mugjuzatlar mundan geçipdir.

Mugrabat (a. Mo’raba:t, bs. Mo’rab) معربات – ser. Muúrabat.

Mugt (p. Moft) مفت – 1) pulsuz, zähmetsiz we dereksiz ele alnan zat; peşgeş; 2) gm. Arzan, gymmat däl, örän arzan.

Bir misgin telmuryp, yyglap garasa,

Baha gurma, mugt bergin malyňny.

Mugtaber (a. Mo’taber) معتبر – 1) ähtibarly, ygtybarly; hormatly; 2) sözi geçyän; kabul edilen; 3) ynamly, ynançly, ynanylan.

Yatsa kerwen yaman erde,

Serdar mugtaberlik eylär.

Mugtakyt (a. Mo’takyd) معتقد – ynançly; ygtyyarly; imanly, bir pikire, ideya ynanyan adam, bir pikire, ideya ynanjy bolan adam.

Gerdişi şanyna galan mugtakytlardan yagyn,

Gullugynda gün hyjalat içre galmyş hem zemin.

Mugylan (p. Mogy:la:n) مغيلان – bir hili tikenli agajyň ady, tikenleri ilki gök, soň garalyar. Bu sözüň asly arap dilinde «umgylan» bolup, manysy-da «döwleriň ejesi» diymekdir.

Eşk gözden rowan oldy,

Göyä degmiş mugylan.

Mugyr (a. Mokyr) مقر – ser. Mukyr.

Muddaga (a. Modda’a:) مدّعا//مدّعى – 1) dawa edilen zat, dawa sebäp bola zat; 2) talap, isleg; maksat, myrat; dileg; 3) islenen, arzuw edilen.

Hajatym senden rowa bolmas erse, ger, muddaga.

Ya reb, ol bir biwepanyň çoh muddagasyr köňül.

Mužda (p. Možda) مژده – buşluk, hoş habar, söwünç.

«süreyi-ykra» saňa mužda geltürdi jebrayyl,

Ol hatyja tapmayyn imana geltürdi meyil.

Mujella (a. Mojella:) مجلاّ - «jela» - parlaklyk, yaldyrawuklyk sözünden; parladylan, yaldyradylan; parlak; gm. Aydyň, açyk.

Her ismiň bir sypat le,

Men talyba mujella.

Muze (p. Mu:ze) موزه - ädik, çyzma, uzyn gonçly ayakgap. Arapça «mawzaj», köplük sany-da «mawa:zi:j» bolyar.

Köňül turar, «huw!» diyr suyy-semaga,

El üzsem diyr, köwüş, muze, peşimden.

Muzt (p. Mozd) مزد – zähmet haky, kirey, iş haky.

Bolar ahyrъet muzdy,

Bihasab-u, bişumar.

Muztar (a. Moztarr) مضطر – mejbur bolan, alaçsyz, biçäre, hayran galan, aljyraň; muztar kylmak – biçäre etmek, hayran etmek, aljyratmak.

Ki aygan sözleridir şähd-u şeker,

Kyyamat günde, ya reb, kylma muztar.

Muy (p. Mu:y) مو//موى – gyl; saç, zülp; dummuy – gyl guwruk.

Her muyy bir tire meňzär.

Dummuň çykyp seyrana,

Gezer meydan içinde.

Mukaddar (a. Mokadder) مقدّر – ser. Mukatdar.

Mukaddes (a. Mokaddes) مقدّس – 1) päk, mübärek, ayypdan päk; 2) takwa.

Mukaddes şähriň diwary

Muhammet le magraç aşdy.

Mukam (a. Maka:m) مقام – 1) bir erde erleşmek, orun tutmak, ynjalmak; 2) heň, sazyň tony, saz; hezar mukamly – müň dürli heň edyän, müň hili owazly.

Hezar mukamly bilbil,

Beyik baglar galmazlar.

Mukarrabin (a. Mokarrabi:n, bs. Mokarrab) مقرّبين – ser. Mukarrap.

Mukarrap (a. Mokarrab, ks. Mokarrabi:n) مقرّب – yakyn, garyndaş, bir uly adamyň yanynda abraya ee bolup, şoňa yakyn adam, biriniň yakyn garyndaşy.

Çün mukarrap bargah bolgan çü mikayyl haky.

Bu mukarraplar besi babähredir bu zowkdan.

Mukasat (a moka:sa:t) مقاسات – 1) azap çekmek, horluk çekmek, azaba döz gelmek; 2) behiştde bir çeşme ady.

Mukasat dierler – ajap bulagdyr,

Heftayyl ebwabyn aşyklar açdy.

Mukatder (a. Mokadder) مقدّر – yazgyt; dini düşünje boyunça allatagala tarapyndan göyä adamyň maňlayyna yazylyan zat, täley; nesibe; mukatdar eylemek – maňlayyna yazmak.

Ryzkyňa kepildir alla, mukatder.

Kimge tabşyrmakny eyläp mukatdar,

Öz köňlünge şeyhni berja eyledi.

Ryzk bir mukatdardyr şah-u gedaga.

Mukatyl (a. Moka:til) مقاتل – 1) uruşyjy, uruşyan; 2) göreşyän; gorayjy; 3) esger, soldat.

Mukatyl etmedi teşwüş,

Aly bilen saldy döwüş.

Mukdar (a. Mykda:r, ks. Maka:di:r) مقدار – 1) san, ölçeg, bir zadyň bir bölegi; 2) bölek, parça; 3) gadyr-gymmat, ähtibar.

Her kimiň ne mukdar bolsa yhlasy,

Şol mukdar açykdyr hakyň dergasy.

Günde yüz müň göç hem bolsa ol dünyä,

Ol mukdar bu dünyä gelen-de bardyr.

Mukym (a. Moky:m) مقيم – 1) erleşen, jaylaşan; 2) oturymly, bir erde mesgen tutan, oturymly bolan; mukym bolmak – 1) erleşmek, mesgen tutmak.

Mysapyr sen, mukym işin gurar sen.

Mukym işni tutan myhmana nazar eyle.

Bir köşede bolsam mukym.

Mukyr (a. Mokyrr) مقرّ - «karar» sözünden; ykrar edyän, boyun alyan, dogrusyny boyun alyan, hakykaty ykrar edyän; inkär etmeyän.

Ishak aydar: «pakyr men,

Gullumga mukyr men».

Mum (p. Mu:m) موم – 1) bal eredilende galyan sary reňkli madda, ol gyzdyrylanda yumşayar; 2) bal arysynyň döredyän sary reňkli maddasy, şondan ary özi üçin öyjük yasayar; 3) gm. Yumşak; agzy mumly – geplemezek, gürlemezek, az gepleyän.

Çeşmeler höşk boldy, daşlar mum boldy.

Oba ujundan bardym öy soraşmaga,

Ya laldyr, ya agzy mumly çykypdyr.

Mumly (p-t. Mu:m-ly) موملى – ser. Mum.

Mumtaz (a. Momta:z) ممتاز – tapawutly, saylantgy, artykmaç; saylanan; mumtaz kylmak (etmek) – saylamak, tapawutly etmek.

Ähli-dünyä jümlesiden özüňi mumtaz kyl,

Tä saňa gam harmany harwar bolmasdan burun.

Munada (a. Mona:da) منادى – 1) «nida» sözünden; jar, çagyrma, gygyrma; 2) jarçy; munada kylmak - jar çekmek, yglan etmek.

Şepagathah resul munada kylsa,

Magtymguly diyip sorag etişse.

Munajat (a. Mona:ja:t) مناجات – ser. Mynajat.

Munakgaş (a. Monakkaş) منقش – nagyşlanan, bezelen, nagyşly, bezegli; dürli reňkler bilen bezelen.

Munakgaş sypatly zaty-jemaly,

Mysalydyr jennet hüyri dilberiň.

Munapyk (a. Mona:fyk) منافق – ser. Mynapyk.

Mundag (munda:g) مونداغ – asly: munuň dek, şunuň yaly, munuň yaly.

Mundag murda jesetge mahaldyr tapmak nejat.

Magtymguly, bildiň, mundag zamandyr,

Hälä sudy bolsa, soňra zyyandyr.

Munzer (a. Monzir) منذر – 1) dogry yola salmak üçin gorkuzmak; 2) muhammet pygamberiň atlarynyň biri, çünki ol hezret-de kapyrlary dowzah azabyndan gorkuzypdyr; 3) araplaryň lahmylar ya-da manazyra atlandyrylyan dinastiyalaryndan bolan bäş sany hökümdaryň ady. Birinji munzer – birinji nugmanyň ogly (1039/40-1080/81), ol bähram güwrüň döwürdeşi bolan. Ikinji munzer – birinji munzeriň ogly (1099/10-1106/7). Üçünji munzer – bu beni-lahm hökümdarlarynyň iň meşhury bolupdyr (1120/21-1159). Dördünji munzer – kabus ibn munzeriň ogly (1176/7-1184/5). Bäşinji munzer - üçünji nugmanyň ogly (1230/1-1234/5); 4) «kysasyl-enbiyada» görkezilen süleymanyň duşuşan garynjalarynyň patyşasynyň ady.

Murlar mülki-munzere gelse bihet, bigayat,

Musa dur golun açyp, isa okyp kyrk ayat.

Muntaha (a. Montaha:) منتهى//منتها – 1) soňa eten; aňrybaşy; ahyrky; 2) soň derejä eten; 3) soň, ahyr; 4) kämilleşdiren.

Jebrayylnyň ornuny men muntahada gördüm-ä.

Kamaty serwi-tuba,

Kaddy, özi muntaha.

Munus (a. Mu:nis) مونس - «uns» sözünden; 1) ysnyşan, ünsüň alşan, ülpet; sypayy; 2) yoldaş, dost, gürrüňdeş; 3) ynsandan gaçmayan; alçak; munus bolmak - öwrenişmek, ysnyşmak; dost bolmak.

Munus bolar, diliň bilseň wagşynyň,

Hakyn nähak eylemegin goňşynyň.

Munçakly مونچقلى – şu derejede, şeyle, şeyle çakly, şu çakly. Bu sözüň «munçally» dien warianty hem duş gelyär.

Gel, köňül, sabyr eylegil, munçakly oda düşme,

Az bilip, köp sözleyip, gaç çeşmesini işme.

Mundaş مونگداش – 1) dertdeş, gaygydaş, derdi bir, gam-gussasy birmeňzeş; 2) duygudaşlyk bildiryän, dertdeşlik edyän.

Alymlaryň mundaşy, akyllaryň yoldaşy,

Azyz janyň goldaşy bir gündäki bäş namaz.

Munlug مونگلوغ – ser. Muňly.

Muňly مونگلى – gaygyly, gamly, gussaly, hesretli; dertli; klassyky edebiyatda «muňlug» formasy-da gabat gelyär; muňly bolmak – gaygyly bolmak.

Hiç kim muňly bolup, galmasyn garyp.

Muňly bolar myradyna etmeen.

Mur (p. Mu:r we mu:rçe) مور//مورچه – garynja; mur-u mar – garynja we yylan; mur-u malah – 1) garynja we çekirtge; 2) gm. Örän köp, ummasyz.

Ynsan bir mur, yygyp üyşir bu jaya.

Yoldaş bolsaň dile düşmez mur bile.

Bişeler içre arslan her yyrtyjy derrendeniň,

Er yüzünde herne bar, mur-u mar jünbendeniň.

Mur we süleyman (p-a. Mu:r we soleyma:n) مور و سليمان – ser. Süleyman we mur.

Mur mäligi (p-a-t. Mu:r ma:liki) مور مالكى//مور ملكى – garynjalaryň patyşasy. «kysasyl-enbiyada» onuň ady manzara منظره diylip aydylyar. Ol süleyman bilen duşuşypdyr; ser.: süleyman we mur.

Mur mäligi manzara gelse bihet, bigayat,

Musa dur golun açyp, isa okyp yüz ayat.

Mur-u mar (p. Mu:r we ma:r) مور و مار – ser. Mur.

Mur-u meleh (p. Mu:r we malah) مور ملخ – ser. Mur.

Murassag (a. Morassa’) مرصّع – 1) gymmatbaha daşlar bilen bezelen, göwher bilen zynatlanan; 2) şygyrda iki bentdäki sözleriň her bir jähtden biri-birine meňzeş we heňdeş bolup gelşi; murassag halgat – gymmatbaha daşlar bilen bezelen halat, geyim.

Kimleri şa eyleyip, berdi murassag täç aňa,

Kimleri pakr-u penada eyledi mätäç aňa.

Murassag halgatlar, näzik hülleler.

Murassag halgat (a. Morassa’ hal’at) مرصع خلعت – ser. Halgat we murassag.

Murg (p. Morg, ks. Morga:n) مرغ – guş; towuk, her bir uçyan janawar; murgy-zerrin – tylla guş; tylla towuk, tylla reňkdäki guş.

Ol murgy-zerrin nakyş,

Asmanlara urup baş...;

Murgy-säher – daňdan sayrayan guş, bilbil.

Göyä murgy-säherdir, şeb suhan eylär agaz.

Murglarda bu gyrgydan

Jahan içre aman barmy?!

Murgzar (p. Mergza:r) مرغزار – ser. Mergzar.

Murda (p. Morde, ks. Mordega:n) مرده - öli, ölen; jansyz, jany çykan; murda jeset - öli jeset, jany çykan beden.

Mundag murda jesetge mahaldyr tapmak nejat;

Murdayy-sad sal – yüz yyl bäri ölen, yüz yyl öň ölen.

Murdayy-sad sal isem jana geler men;

Murda bolmak - ölmek, öli bolmak.

Galynmaz, zinde bolmaz, hut murda bolan köňlüm.

Jany tenden ayyrsaň, bir murda guluň boldum.

Ne hastayam, ne bimar, ne murdayam, ne zinde.

Murda dek uzanyp, yatyjy bolma.

Murda jeset (p-a. Morde jesed) مردخ جسد – ser. Jeset we murda.

Murdayy-sad sal (p. Morde-ye sad sa:l) مرده صد سال – ser. Murda we sad ii.

Murdar (p. Morda:r) مردار – 1) pis, erbet, näpäk; nejis; 2) haram ölen mal; öli; ölen haywanyň läşi; murdar ölen – haram ölen.

Her tilki bir şir dek gürlär

Murdar ölen läş üstüne.

Murdar bolar içen aşyň, nas atan.

Mursal (a. Morsal, ks. Morsali:n) مرسل – 1) iberilen, gönderilen, yollanan; 2) pygamber, resul (ser.); dini düşünjelere görä, göyä asmandan inen kitaby bolan pygamber; kitaby bolmadyk pygambere «nebi» diyilyär.

Niçe mursal geçdi, niçe müň nebi.

Magtymgulynyň käbir goşgusynda mursal «nebileriň» hatarynda gelyär, olaryň sany «nebiler» yaly üç yüz on üç müň diylip getirilipdir.

Üç yüz on üç mursal, galmady biri,

Kany asyf, süleymanyň weziri.

Mursalyn (a. Morsali:n, bs. Morsal) مرسلين – ser. Mursal.

Murt مورت – erkek adamlaryň yokarky dodaklarynyň üstünden ösyän irimçik tüy; murt towlamak – gm. Haybat atmak.

Murtun towlap, her yan tartar,

Haybaty peleňden artar.

Murtaza (a. Morteza:) مرتضى – 1) saylanan, halanan; 2) hezret alynyň lakamlarynyň biri.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   23   24   25   26   27   28   29   30   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin