Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə25/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   72

Ol muhammet ahmedi-muhtary gördüm – şondadyr.

Mansap (a. Mansab, ks. Mena:sib) منصب – 1) orun, dereje; 2) resmi iş, resmi orun; sahyby-mansap – 1) orun eesi, yokary derejeli; 2) ofiöer.

Eger çendi bolsaň sahyby-mansap,

Sözün diňle, köňül bozgynça tiňläp.

Mansur (a. Mansu:r) منصور – 1) husayyn ibn mansur beyzawy (ıx-x asyr), lakamy hallaç. Oňa mansur hem diylipdir. Köplenç mansur hallaç ady bilen meşhurdyr. Ol 244-nji hijri (858-59) yylynda eyranyň pars welayatynyň beyza etrabynyň tur dien erinde eneden bolupdyr. Hallaç abu eyyup şahap atly bir eyranly zerdoştynyň neslinden hasaplanyar. Kakasy pagta satmak bilen meşgullanypdyr. Mansur wasyt ya-da şuşterde önüp-ösen, ylym alypdyr. Soň bagdada gidip, sufizmiň meşhur wekilleri bolan jüneyit we sufyan al-sowry bilen tanyşyp, yakyndan gatnaşyk edip başlayar. Hallaç birnäçe wagt hindistana, horasana, türküstana, mawerannahra syyahat edyär. Onuň döreden eserleri arap we pars dillerinde. Pars dilinde goşgular diwany neşir edilipdir. Ibn nedim özüniň «al-fihrest» atly kitabynda hallajyň ellä golay eseriniň adyny tutup geçyär. Mansur köp ylmy-derňew işlerini alyp barmak netijesinde kem-kemden diniň esaslarynyň puçdugyna göz etiryär, dine garşy söz aydyp, «enel-hak» («men huday») diyyär. Netijede öz döwrüniň reaköion ruhanylarynyň küşgürmegi boyunça bagdat häkimieti tarapyndan tutulyp, türmä salynyan we sekiz yyllap türmede yatyar. Soň arap halyfasy el-muktadyryň döwründe 921-922-nji yylda ony türmeden çykaryp, müň çybyk uryarlar, iki el-ayagyny kesyärler, soň oda yakyp, külüni tigr (dejle) deryasyna taşlayarlar (921-22). Mansuryň dünyägarayşy barada alymlaryň arasynda dürli pikirler bar. Käbirleri mansury keramatly we mukaddes pir hasaplasa, käbiri ony dinsiz, hatda diwana-däli diyip atlandyrypydyr. Hallajy meşhur klassyklar hafyz, sagdy, nesimi, attar, jamy we başgalar yagşy sözler bilen yatlapdyrlar. Hatda attar özüniň meşhur «tezkiretil-öwlüyä» atly eserinde ony «derňew tokayynyň şiri» diyip atlandyrypdyr. Mansur hallajyň ady, agyr yagdaya uçran adam hökmünde, türkmen klassyky edebiyatynda-da gabat gelyär; 2) kömek edilen, yardam berlen.

Mansur belasyna bolsaň giriftar,

Giderem sen sary süyrenip hamym.

Manyg (a. Ma:ni’, ks. Mewa:ni’) مانع – böwet, päsgel, ayyk; öňüni alyjy, böwet bolujy, päsgel beriji.

Emriňe yokdur manyg,

Erz-u sema ma fiha.

Maňlay مانگلاى – 1) alan, kelläniň gözler we burundan yokardaky yassy bölegi; 2) gm. Bagt, ykbal, täley.

Maňlayy bir garyş, bolsun at yüzli,

Tawus guş simaly, ütelgi gözli.

Mar (p. Ma:r) مار – yylan.

Medinäni açlyk, mekgäni hebeş,

Hyrat, kandahary mar harap eylär.

Genç üçin syhr okap, mara yüz ursaň.

Maral مرال – keyik we sugun yaly haywanlaryň urkaçysy. Türkmen dilinde köplenç gyzlara dakylyan at; maral gabak – gabygy keygiň gabagy yaly gelin-gyz.

Ak göwsün biyr jeren deňz eline,

Mäleyir maraly-çöli gürgeniň,

Kebuter topukly, maral görüşli.

Margir (p. Ma:r-gi:r) مارگير – 1) yylan tutyan, yylan tutujy; 2) yylan tutup ilata görkezyän adam.

Aşyk yansa ol yar üçin,

Margir yörse şamar üçin.

Degirmende margir men, semender dey ataşhor.

Maru-şahjahan (p. Merw-şa:h jaha:n) مرو شاه جهان – ser. Merw.

Mary (p. Merw) مرو//مارى – ser. Merw.

Masgaralyk (a-t. Mashara-lyk) مسخره ليق – 1) gülkünçlik, ryswalyk; 2) peslik; gülkünç halata düşmeklik.

Hiç bir masgaralyk mundan ötermi,

Giden gury gidip, gelen boş gelse.

Masewa (a. Ma:sewa:) ماسوا – 1) ondan başga, ondan gayry, ondan daşgary, bir zatdan başga zatlar; 2) «masewalla» sözüniň (ser.) Gysgalan görnüşi.

Masewany taşlap, goygul mejazyň,

Bir hakdan özgesi yagydyr-yagy.

Masewalla (a. Ma:sewa: alla:h) ماسواء الله – allatagaladan başga hemme zatlar.

Nefyg yokdur saňa masewalladan,

Kimse günin, kimse yatyp baradyr.

Maslahat (a., ks. Mesa:lih) مصلحت - «sulh» sözünden; 1) geňeş, ynsanyň hayryna, peydasyna we rahatlygyna sebäp bolyan zat; öwüt; 2) iş; möhüm iş, mesele.

Namart maslahaty-geňeşi söymez,

Namardyň her işi ayandyr, begler!

Masyl (a. Mohassil) محصل – 1) ele alyan, hasyl edyän; 2) öwrenyän; okuwçy; 3) yygnayan, salgyt yygnayan çinownik; 4) gm. Aldajy, jellat.

Kaza goymuş ajal atly masylyn.

Gapyl adam yada salsa asylyn,

Goymuş pelek ajal atly masylyn.

Mat (a. Ma:t) مات - «mowt» sözünden; 1) sergezdan, hayran, geň galan, aňkaryp duran; 2) küşt oynunda şanyň gabawda galyp, hereket edip bilmezligi, eňilmegi; mat etmek – eňmek; mat galmak (bolmak) – gm. 1) hayran galmak, geň galmak; 2) tutulmak, sergezdan bolmak.

Magtymguly zar aglayyr, mat bolup.

Gaçar agaň, iniň bolmaz hatyraň,

Guwanar duşmanyň, dostuň mat bolar.

Mat bolupdyr, sayramaz bag içre esirdir senem.

Mata (a. Meta:’, ks. Emta’e) متاع – 1) satyljak mal, haryt, ylayta-da parça we beyleki gymmatly zatlar; 2) gm. Kapital, maya.

Bazarynda mata adamyň jany,

Andan başga mata bolmaz, yaranlar!

Yşk matagy satylan bazary gördüm şondadyr.

Matag (a. Meta:’) – ser. Mata.

Matam (a. Ma:tem) ماتم – yas, ölen adam üçin aglap, şatlykdan saklanmak.

Gayraty kem bolar gahary azyň,

Depgini pes bolar matamda sazyň.

Niçäniň matamdan gutulmaz başy.

Matbah (a. Metbah) مطبخ – aşpezhana, aşöy, kuhnya (r.).

Hijran kuwwatlandy, yşk täzelendi,

Ol matbahda gaynap, gyzmaly boldum.

Yşk matbahynda gaynap,

Ölen barmy, yaranlar?

Matlap (a. Matlab, ks. Meta:lib) مطلب - «talab» sözünden; 1) maksat, talap edilyän zat, 2) isleg, islenilyän zat; 3) mesele, talap ediljek möhüm mesele.

Muhapbet öwjünden yar bir gel diyse,

Matlabyňny istäp, menden al diyse.

Magtymguly, öter gider,

Matlabyna eter gider.

Mah (p. Ma:h) ماه – ay (planeta); ay (wagt); mahy-taban – 1) yagty ay, şöhle salyan ay; 2) gm. Owadan, gözel; mah-u sal – ay-yyl.

Yüzi mahy-tabanym,

Gün yaly aya döndi.

Niçeler tagat bile ömrün ötürdi mah-u sal,

Niçelerni magsietde şermisar etgen kerim.

Mah-u sal (p. Ma:h we sa:l) ماه و سال – ser. Mah.

Mahal i (a. Mahall, ks. Maha:l) محل – 1) er, mekan, jay; 2) wagt, zaman.

Isanyň demi mahal, lukman o erde güň-u lal.

Iltifatyň imdi kyl, ötgen mahaly neylerem.

Mahal ii (a. Moha:l, ks. Moha:la:t) محال – 1) mümkin däl, mümkin bolmayan; 2) başsyz-ayaksyz gury we bolmajak söz; mahaldyr tapmak nejat – gutulmak mümkin däldir.

Mundag murda jesetge mahaldyr tapmak nejat,

Köydüm, bişdim, yar-dostlar, örtendim eda boldum.

Mahalat (a. Moha:la:t, bs. Moha:l) محالات – ser. Mahal ii.

Mahafyl (a. Maha:fil, bs. Mahfil) محافل – ser. Mähfil.

Mahbup (a. Mahbu:b) محبوب – 1) söylen, halanan, gowy görlen; 2) söygüli, magşuk, biwepa mahbup – wepasyz söygüli.

Yagşy bedew münen, hup mahbup guçan.

Şirin mahbup erur süňňüň kuwwaty.

Janyň berseň jayyzdyr beyle sypat mahbuba.

Köňül berdim bir biwepa mahbuba.

Mahjemal (p-a. Ma:h-jema:l) ماه جمال – 1) ay yaly owadan, ay yüzli; 2) has at bolan medhaljemalyň gysgaldylan formasy.

Seypelmelek mahjemaly,

Söen dek söymüşem seni.

Mahluk (a. Mahlu:k, ks. Mahlu:ka:t) مخلوق – yaradylan, döredilen, yasalan (adamlar we haywanlar); mäligi-mahluk – yaradylan zatlaryň eesi (huday).

Bir mahlukdyr, ne erkekdir, ne dişi.

Dünyä gadryn bilmez nadan mahluk men.

Mäligi-mahluk, her ne,

Kim etdi sunguň syrna.

Mahlukat (a. Mahlu:ka:t, bs. Mahlu:k) مخلوقات – ser. Mahluk.

Mahmyt päliwan (a-p. Mahmu:d pehlewa:n) محمود پهلوان – päliwan mahmyt ibn purbay weli horezmi, lakamy kytaly. Xııı-xıw asyrlarda yaşap geçen belli sopy-şahyr, esasan-da onuň rubagylary meşhurdyr. Mahmyt päliwan barada «ataşkedeyi-azarda», husayyn wagyz käşifiniň ogly fahretdin aly safynyň «letayyf-at-tawayyf» atly tezkiresinde, ryzagulyhan hedayatyň «tezkireyi-riyazyl-aryfyn» kitabynda, «muntazamy-nasyryda», «safarnamayy-horezmde» we başga-da birnäçe çeşmelerde maglumat berlipdir. Onuň ady hemme erde päliwan, tahallusy bolsa kytaly şekilinde gelyär. Emma kakasynyň ady purbay weli (yagny uly weliniň ogly, çünki «bay» uly diymekdir), puryayy-weli, puryary yaly görnüşlerde duş gelyär. Magtymguly ony päliwan puryary diyip yatlayar. Mahmyt päliwan ürgençde doglupdyr we 722-nji hijri (1322) yylynda hywada aradan çykypdyr, mazarynyň üstünde yadygärlik häzir hem bar. Mahmyt yigitlikden başlap eyranyň, turanyň päliwanlaryny eňip uly şöhrat gazanyar, onuň uly ruhy derejä etişi barada bolsa, hindistanda bir päliwandan bilgeşleyin eňlişi hakda aydylyan bir rowayatda giňden gürrüň berilyär (seret: relation de l`ambassade au kharezm (khiwa) de riza qouly khan, publie`, traduit et annote par charles schefer, texte persan, paris, 1876, p.90-93). Mahmyt päliwanyň eserleri pars dilinde, onuň rubagylary özbek diline terjime edilip, 1962-nji yylda daşkentde neşir edilipdir. Rubagylardan başga mahmyt päliwanyň sufistik temada döreden «kenzil-hakayyk» («hakykatlar hazynasy») atly bir mesnewisi hem bar. Ol şyh mahmyt şebesteriniň «gülşeni-raz» atly eseriniň ölçeginde yazylypdyr, özi-de 703-nji hijri (1303-1304) yylynda tamamlanypdyr. Mahmyt päliwan türkmenleriň arasynda ysmamyt ata, mahmyt ata, päliwan ata, hezret päliwan, päliwan puryary atlary bilen hem tanalyar we uly pir hasaplanyar.

Şiblini, mejnuny alyp gelmişem,

Päliwan puryary, weysi galandar.

Horezm yurdunda yatan jananlar,

Ismi mahmyt - är päliwan şypa ber!

Mahrum (a. Mahru:m) – 1) paysyz, nesipsiz, bir zatdan paysyz galan, payy yok; 2) arzuw we islän zadyny ele alyp bilmedik, eli boş galan; mahrum kylmak (etmek) – nesipsiz etmek, paysyz galdyrmak.

Mahrum kyldy gözel görküň hünärin.

Magtymguly mydama doga kylar dergaha,

Sayyl men, mahrum etme dergahyňdan, ya huday.

Mahtap (p. Ma:h-ta:b) ماهتاب//مهتاب – aydyň, ayyň yagtysy, gijede ayyň yagtysy.

Asmandaky ol mahtap,

Golun serip, yaşyp barar.

Sen göyä mahtap sen, eshabyň ahtar.

Mahfy (a. Mahfi:) مخفى – gizlin, gizlenen, pynhan, yaşyryn.

Magtymguly, sözleen,

Niçe mahfy gizleen.

Bir magny pähm eyleen,

Akylly yaran gerek.

Mahşar (a.) محشر – ser. Magşar.

Mahşar güni bolmasaň, sen maňa dalda,

Işim niçik bolar ya reb, şo halda.

Mahy (p. Ma:hi:) ماهى – balyk; mahyyy-bijan - jansyz balyk, ölen balyk.

Bir mahyyy-bijanam, derya ummana geldim,

Dört ay, on dört sagatda direldim jana geldim.

Mahy-taban (p. Ma:h-e ta:ba:n) ماه تابان – ser. Mah.

Eger açsa yusup yüzünden perde,

Şeyle husny mahy-taban geçipdir.

Mahyyy-bijan (p. Ma:hi-ye bi:ja:n) ماهى بيجان – ser. Mahy.

Mahym (ma:him) ماهيم - «zöhre-tahyr» dessanynyň gahrymanlarynyň biri.

Aşyk tahyr zöhre diyip durmady,

Mahyma bagş etmey güli, dünyä hey!

Maçyn (p. Ma:çin) ماچين – 1) «mahaçyn» sözüniň gysgaldylan formasy, uly çyn, uly hytay; gadymda çyn diyip, kaşgar, hotan şäherleriniň töwerek-golayyndaky erlere aydylypdyr; 2) hytayyň günorta we hindistanyň gündogar tarapynda erleşyän ülke.

Owazaň çyn-maçyn, daglar aşasy,

Seni görenleriň akly çaşasy.

Maşal (a. Maş’al) مشعل – ser. Maşgal.

Maşat (a. Maşhad) مشهد – 1) barylyan er, yygnanylyan mekan; 2) mazar, şehit bolnan er, ymamlaryň biriniň öldürilen eri; 3) häzirki eyranyň horasan welayatynyň merkezi şäheri. Bu şäher ıx asyra çenli tus şäherine garaşly bolup, onçakly ähmiete ee bolmandyr we senabat atlandyrylypdyr. 820-821-nji yyllarda ymam ryza şol erde mäúmun halyfanyň buyrugy bilen öldürilyär we şol şäherde hem jaylanyar. Şondan soň senabat şäher maşat (şehit edilen er) atlandyrylypdyr. Soňlar safawylar patyşalarynyň, ylayta-da, şa tahmasbyň döwründe ol şäheriň abadanlygy ugrunda köp işler edilipdir. Bu şäherde «nadyry» köçesiniň ugrunda nedir şanyň mazary erleşyär. Ymam ryzanyň (8-nji ymam) mazary şu şäherde bolany üçin, şayylaryň nazarynda bu er mukaddes we keramatly hasaplanyar, ol ere köp adamlar zyyarata gelyärler.

Maşat, gara baba, ya şeys pygamber,

Hasan, husayn, şahymerdan, şypa ber!

Maşgal (a. Maş’al, ks. Meşa:yl) مشعله//مشعل – 1) fakel; şem; 2) çyradan, içinde çyra yakyp goyulyan gap.

Bir öyde bar on iki çyrag,

Dört maşgal, bir yanar gördüm.

Niçäniň maşgaly täzeden yanar,

Niçäniň çyragy öçüp baradyr.

Maşk (a.) مشق – 1) yazmak, garalama yazmak; 2) işde howlugmak; türgünleşme, gönükmek; maşk etmek – türgünleşmek; howlugmak.

Aslyşar sen aç böri dek,

Maşk edip, meydana, gökleň!

Maşryk (a.) مشرق – gündogar, günüň dogyan tarapy; yokary; maşryga sary – gündogara tarap.

Magrypdan maşryga dünyäniň yüzi,

Diymäň, bize mälim däldir bu dünyä.

Magrypdan maşryga sary.

Maşryga yüz urup, çyksaň horasan.

Maşúal (a. Maş’al) مشعل – ser. Maşgal.

Maúmen (a. Meúmen) مأمن – ser. Mäúmen.

Maúyus (a. Maúyu:s) مأيوس – ser. Mäúyu:s.

Maya i (ma:ya) مايه – 1) bugra bilen arwanadan dogan inen düe.

Çöle çykyp maya bozlar,

Torum göze ilmeginçe.

Maya ii (p. Ma:ye) مايه – 1) her bir zadyň asly, tüysi; 2) bir iş tutmak üçin gerek bolan serişde, pul; emläk, baylyk, mal; 3) ylym, okalyp alnan ylym.

Töwekgel ner erer, endişe maya,

Köňlüňni iberme her kaysy jaya.

Mewazyn (a. Mewa:zi:n, bs. Mi:za:n) موازين – ser. Mizan i-ii.

Mewarys (a. Mewa:ri:s, bs. Mira:s) مواريث – ser. Miras.

Mewasym (a. Mewa:sim, bs. Mewsim) مواسم – ser. Möwsüm.

Meger (p.) مگر – 1) eysem, eger; 2) başga; 3) bolsun; belki.

Meger eyäm istese, bolgay nury-ala nur...

Yandym, bişdim, yar-dostlar, örtendim, eda boldum.

Meges (p.) مگس – siňek, yssy we hapa erlerde döreyän uçyan möjek.

Nebsiň bir megesdir, mal bir asaldyr.

Simap gyzyl tapsa, meges bal tapsa.

Meges şasy tartarus hemralyk etse, heyhat.

Med (a. Medd) مدّ//مدّه – uzy aydylyan elibiň üstünde goyulyan alamat. «~».

Harpyn harap eder, bozar lezzeti,

Assyn, üssün, teşdit, meddin näbilsin.

Medayyn (a. Meda:yin, bs. Medi:ne) مدائن – 1) şäherler; 2) eyranyň arşakidler we sasanidler dinastiyasynyň tisfun dien paytagtynyň ady, tigr deryasynyň gündogar tarapynda erleşyär. Anuşirwanyň döwründe iň uly şäherleriň birine öwrülipdir, araplaryň hüjüminde weyran edilipdir. Onuň harabalary bagdadyň kyrk bäş kilometr günortasynda erleşyär. Tisfuna araplar medayyn (şäherler) diyyärler, çünki ol bäş sany biri-birine yakyn şäherjikden emele gelipdir. Medayyny emele getiren şäherlerden aşakdakylary görkezmek bolar: tisfun, biherdeşir, bilaşabad, rumye (ya-da rumegan) we b. Şahyr hakany (xıı asyr) medayynyň harabalaryny görüp, «eywany-medayyn» atly kasydany yazypdyr we onuň geçmiş taryhyny çeper beyan edipdir.

Gör, ne ajap hakanyny «medayny»,

Istär men «şahnama», «sakynamany».

Medet (a. Meded) مدد – kömek, yardam, hemayat; medet istemek – kömek soramak, yardam soramak; medet bermek – kömek bermek, hemayat etmek.

Edi weli, yaran bolup, medet ber.

Hakdan medet hem hemayat gerekdir.

Çagyryn, medet islärin,

Yagşy-yaman halda seni.

Medetkär (a-p. Meded-ka:r) مددكار – kömekçi, yardam ediji; goldaw; kömek beriji, goldayjy, hemayat ediji; medetkär bolmak – kömek etmek, yardam ediji bolmak.

Magtymguly, ya jepbar,

Özüň bolgul medetkär.

Sen bolmasaň nigehdar, kimdir maňa medetkär,

Seniň dek gafyrym bar, jahanda ne gamym bar?

Medine (a. Medi:ne, ks. Meda:yin) مدينه – 1) şäher; 2) mekge şäheriniň demirgazygynda erleşyän saud arabystanynyň esasy şäherleriniň biri. Muhammet pygamberiň gabry şol erde bolan sebäpli, ol şäher musulmanlaryň nazarynda mukaddes hasaplanyar. Muhammet pygamber şol ere göçmezinden öň ol şähere yasrip diyilyän eken. Oňa medinetin-nebi we medine-ye münewwere hem diyilyär.

Mekgeden çykdy bir gözel,

Medinäge rowan oldy.

Düşdi seyrim dayyma mekge, medine dagyna.

Medinäni açlyk, mekgäni hebeş,

Hyrat, kandahary mar harap eylär.

Medrese (a., ks. Meda:ris) مدرسه - «ders – sapak» sözünden; 1) sapak berilyän er, ders okadylyan er, yokary mekdep; okuw jayy; 2) yokary dini okuw okadylyan er hem-de şol erde okayan okuwçylaryň yaşayan jayy; medreseyi-agzam – iň uly yokary okuw jayy.

Keramatly medreseyi-agzamlar,

Yapdy gapysyny, göçdi mugamlar.

Medreseyi-agzam (a.) مدرسه اعظم – ser. Medrese.

Medhaljemal (a. Melh-al-jema:l) مدح الجمال – 1) gözelligiň waspy, gözel görküň waspy; 2) xwııı asyr türkmen şahyry gurbanaly magrupynyň «seypelmelek-medhaljemal» dessanynyň baş gahrymanlarynyň biri; ser. Mahjemal.

Medhuş (a. Medhu:ş) مدهوش – 1) sergezdan, hayran, geň galan; ürküp gorkan; 2) pars dilinde «bihuş» manysynda hem ulanylyar.

Bähram gury tutup, medhuş eyleyip ...

Abu mähfuz, gyzyl arslan han bolsam.

Mejaz (a. Meja:z) مجاز – 1) hakyky däl, hakykatyň tersi; 2) öz hakyky manysyndan başga manyda ulanylyan söz; 3) söz sungatynyň çeper serişdeleriniň esasylaryndan biri. Mejaz şygyrda we prozada sözleri asyl manysynda däl-de, göçme manyda ulanmak sungatydyr. Emma ol ikisiniň arasynda beli bir baglanyşyk bolmalydyr; mejazy – hakyky däl, göçme many; hakyky bolmadyk zada degişli; antonimi: hakyky.

Mejaz bilip, müňkür bolma sözlere.

Masewany taşlap, goygul mejazyň,

Bir hakdan özgesi yagydyr-yagy.

Mejazy (a.meja:zi:) مجازى – ser. Mejaz.

Mejal (a. Meja:l) مجال – asyl manysy aylanylyan, dolanylyan, at salynyan er; 1) möhlet, pursat; wagt; 2) sabyr, karar; 3) mümkinçilik; 4) güyç, kuwwat, başarnyk; zerre mejal – azajyk güyç, azajyk karar.

Magtymguly, mejalym yok, söyläyin.

Hak gullugna yokdur zerre mejalym.

Gelene garşy çyk, bolsa mejalyň.

Goymady öz halymga, yörirge mejalymga.

Bir gün bitap bolup, gitse mejalyň.

Mejalys (a. Meja:lis, bs. Mejlis) مجالس – ser. Mejlis.

Mejlis (a., ks. Meja:lis) مجلس – 1) meylis, oturylyşyk; 2) bir topar adamyň maslahat üçin yygnanyan eri; 3) myhmançylyk ya-da zyyapat üçin yygnanyşyk; mejlis tutmak (gurmak) – yygnanyşyk etmek; agyr mejlis – uly meylis.

Mejlis içre yat edip, diy: «ol garyp gaygylydyr».

On üç yaşa etemde, agyr mejlis tutardym.

Mejlisinde bir nesihat eylän yok.

Mejlis halkasyny gurmaň beyle az.

Mejlis era (a. Mejlis era:) مجلس ارا – ser. Era.

Mejme (a. Mejma’, ks. Meja:mi’) مجمع – 1) yygnak; yygyndy, yygynçak; 2) yygnanylyan er, bir topar adamyň yygnanan eri; 3) etişilen er, gowşulan er, birigilen er. Mes.: mejmegul-bahreyn (ser.).

Mejmegul-bahreyn (a. Mejma’-ol-bahreyn) مجمع البحرين – 1) iki deňziň birleşyän eri; 2) dini rowayatlara görä, musa pygamber bilen abdy salyhyň (ya-da hyzyryň) duşuşan eri. Ol er barada üç hili maglumat bar: 1) hind okeany bilen gyzyl deňziň babylmendepde birigyän eri; 2) atlas okeany bilen orta er deňziniň birigyän gibraltar burnunyň yakynynda tenje portunyň öňünde bolan er; 3) orta er deňzi bilen pars aylagynyň birigyän eri. Bu at «kurúanyň» «kähf» süresiniň altmyşynjy ayatynda gabat gelyär.

Mejmegul-bahreyniň, niliň näheňi,

Gulagyna urlan har tek bolar sen!

Mejmug (a. Mejmu:’) مجموع – 1) yygnanan, toplanan; 2) yygyndy, şygyrlar we kyssalar yygyndysy; 3) jem, köpçülik; mejmugy-ummat – ummatyň hemmesi.

Maksudy mejmugy-ummat bolgusy sizden husul,

Asy ummatga şepagat, ya muhammet mustapa.

Mejnun i (a mejnu:n) مجنون – däli, diwana, telbe; mejnun bolmak – däliremek, diwana bolmak.

Hayran-mejnun bolup, çykam çöllere.

Deň-duşlar yanynda bir bikemalym,

Aşygam, mejnunam, şikeste halam.

Mejnun ii (a. Mejnu:n) محمنون – asyl ady kays, araplaryň beni amyr kabylasyndan. Ol yaşlykda leyli atly gyza aşyk bolyar, emma leyliniň atasynyň garşy çykany sebäpli, oňa öylenip bilmeyär. Netijede däliräp, çöle çykyp, haywanlar bilen öwrenişip gezyär. Ol mejnun ady bilen şöhratlanyar. Leyli-de mejnundan jyda düşendigi zerarly, keselläp ölyär. Mejnun haçan-da leyliniň ölüm habaryny eşidende, onuň gabrynyň üstünde ençeme günläp aglap, ahyrda-da jan beryär, onuň jesedini leyliniň yanynda jaylayarlar. Mejnun takmynan 80-nji hijri (699-700) yylynda aradan çykypdyr diylip yazylyar. Leyli we mejnunyň söygüsi baradaky dessan araplaryň iň meşhur dessanlarynyň biri hasaplanypdyr. Soňky asyrlarda bu temada köp şahyrlar poemalar döredipdirler. Mes.: nyzamy genjewi, emir husrow dihlewi, abdyrahman jamy, nowayy, fuzuly, andalyp we b. Mejnundan birnäçe meşhur şygyrlar, kasydalar saklanyp galypdyr.

Mejnun leyli perizady,

Söen dek söymüşem seni.

Mejnun iii (a. Mejnu:n) محمنون – sufizmiň meşhur wekilleriniň biri bolan lukman sarahsynyň lakamy, ol x asyrda yaşap geçipdir. Abu sagyt abulhayr ol hakda «lukman hudayyň azat edenidir» diyipdir.


Şiblini, mejnuny alyp gelmişem.

Sarahsyň arkasynda mejnun gurdy jadyny.

Mejhul (a. Mejhu:l) مجهول – nämälim, näbelli, gizlin; antonimi: maglum (ser.).

Mezalym (a. Meza:lim, bs. Mazlime) مظالم – ser. Mazlyma.

Mezaryk (a. Meza:ry:k, bs. Mizra:k) مزاريق – ser. Mizrak.

Mey (p.) مى – 1) üzüm çakyry, şerap, bada; içgi; 2) gm. Käse, bulgur, piyala; 3) gülap, gül suwy; jamy-mey – şerap käsesi, çakyr bulgury.

Jamy-mey sundugyň görmesin agyar,

Gelmenem aklyma görmeyin kamym.

Mey-mest (p.) مى مست – ser. Mest.

Meydan (a-p. Meyda:n, ks. Meya:di:n) ميدان – 1) giň er; at çapdyrylyan er; 2) az salym, az eri geçmek üçin wagt.

Yoldaş bolup, bile yördüm bir meydan,

Meydan içre dolup oturmyş merdan.

Meyil (a. Meyl, ks. Emya:l) ميل – 1) isleg, höwes; 2) egilme, bir tarapa egilme, tarapdarlyk; 3) söygi, muhabbet, arzuw.

Gulzumy garsanyp kyrk yol geçer men,

Eger ki meyl etse yar bizim sary.

Meyit (a. Meyyit) ميّت - «möwt - ölmek» sözünden; 1) öli, ölen adam; 2) jynaza, ölen adamyň bedeni, entek kepenlenmedik öli.

Her sährada yatan meyit bolarmy?

Kerbeladan gayry şehit bolarmy?

Meylis (a. Mejlis) ميلس//مجلس – oturylyşyk, myhmançylyk, zyyapat; ser. Mejlis.

Magtymguly, ne menzildir, durar sen,

Yurduňmydyr, agyr meylis gurar sen.

Meyhana (p. Mey-ha:ne) ميخانه – içgi içilyän er, arak, şerap we ş.m. Içgiler saklanyp hem-de satylyan er, meykede.

Mey içip meyhanadan, mestana boldum imdi.

Meyhanada mey içdim,

Mestana gözüm düşdi.

Mekan (a. Meka:n, ks. Emkene we ema:kin) مكان - jay, er, orun; yaşayyş eri, yaşalyan er; hup mekan – oňat er; ol mekanda meks etmek – şol erde saklanmak, durmak.

Magtymguly ol mekanda meks etdi.

Hup mekana, hup saraya sataşdym.

Galdy mekanyndan, çykdy bendinden.

Bu nakyldyr, adamzat, sen bu mekana geldiň.

Mekgar (a. Mekka:r) مكـّار - «mekir – hile, pirim» dien sözden; hilegär, örän mekir, örän hilegär; aldawçy.

Düşe almas bu mekgaryň diline,

Gapyllar guwanmaz dünyä malyna.

Mekge (a. Mekke) مكـّه – saud arabystanynyň günbatarynda bir şäheriň ady, hijaz welayatynyň merkezi şäheri. Ol gyzyl deňziň yakynynda daglyk erde erleşyär. Mekgäniň taryhy hezret ybrayymdan başlanyar. Rowayatlara görä, hezret ybrayym ayaly hajar we yaş ogly ysmayyl bilen şol etrapa baryar, ayaly bilen yaş çagany goyup gidyär. Hajar suw gözlegine çykyar, emma her gezek suw tapman, yzyna dolanyar, heläkçilige uçramak yagdayyna düşyär. Bir gezek suw gözleginden dolanyp gelende, görse, çagasy ayagyny depirjekläp yatan eken, onuň ayaklarynyň aşagyndan bolsa çeşme döräp, suw akyp başlayar. Çölüň içinde şeyle çeşmäniň döremegi yolagçy-kerwenleriň ünsüni özüne çekyär. Kem-kemden bu ere ilat üyşyär, şäher emele gelyär. Zemzem diyilyäni aslynda şol çeşme bolmaly. Ybrayym we ysmayyl şol erde ilkinji gezek käbe öyüni salyarlar, beytilharamy emele getirip, şonda hudaya ybadat edip başlayarlar. Şu bolsa hudaya ybadat etmek üçin ilkinji salnan öy-metjit bolyar. Emma ybrayymdan soň ol mekan birnäçe wagtlap arap kabylalarynyň butlarynyň saklanyan erine öwrülyär. Muhammet pygamber mekgäni basyp alandan soň, butlary döwdüryär we käbäni musulmanlaryň kyblasyna we zyyarat edyän erlerine öwrülyär. Müňlerçe musulmanlar her yyl şol ere zyyarat edip, hajy adyny alyarlar.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   21   22   23   24   25   26   27   28   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin