Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə22/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   72

Köpelmek كوفلمك – artmak, zyyat bolmak, hetden aşmak.

Kaysy welayatda köpelse zyna,

Zemin jünbüş eyläp, lerzana gelgey.

Köprük كوفريك – köpri, deryanyň, demir yoluň, yabyň we ş.m.-leriň üstünden geçmek üçin salynyan desga.

Ajal-köprük, gel, didara eteli,

Zunuby diyr, bizden habar beyledir!

Köpük كوفيك – 1) süyt bişirilende yüzünde emele gelyän köpürjik; 2) adam köp geplände ya-da belli bir ruhy kesele uçranda agzynda emele gelyän köpürjik; 3) neriň esrän mahalynda agzyndan saçyan köpürjigi.

Esrik ner dek ak köpükler saçypdyr,

«oglan, alla yaryň, bargyl!” Diydiler.

Köse (kö:se) كوسه – 1) pars dilinde «ku:se» şekilinde bolup, sakgal-murty bolmayan ya-da seyrek, selçeň bolyan adamlara aydylyar; 2) seyrek, az.

Şekilsiz, betnyşan, yylmanak köse,

Şoňa duçar bolsaň, işiň yol almaz.

Köst (p. Ka:st) كاست – kemçilik, etmezçilik, kemlik.

Kösti eter bir gün,yalan diymäňler.

Etmişde läş kaklanar,

Jan jesetde saklanar,

Gaygy-hasrat çoklanar,

Kösti bolar huşunda.

Köhne (p. Kohne) كهنه – 1) köne, sandan galan, zayalanan; 2) gadymy, esgi (ser.); köhne rabat (saray) – gm. Pany dünyä, şu dünyä.

Galmamyş bu köhne dünyä rüstem ile zalyňa.

Dünyä bir köhne rabat, ilni kerwan eyledi.

Köşe (p. Gu:şe) گوشه – 1) burç, künç, künjek, çet; gyrak, bujak; kenar; 2) çete çykyp oturylyan er; çar köşe – dört burç, dört tarap.

Gulak salyp, bir köşede oturdym.

Anyň üçin dähr era bir köşe kyldym ygtyyar.

Keşt etdim çar köşäni.

Köşek (kö:şek) كوشاك – 1) düyäniň bir yaşa etmedik balasy; 2) çagalara söylüp aydylyan söz.

Akmaya aldyrsa elden köşegin,

Bagryn bozup, bozlamayyn bolarmy?

Kubays (a. Kobays) قبيس – 1) mekgäniň gündogar tarapynda erleşyän bir dagyň ady. Yslamdan öňki jahylyyat (nadanlyk) döwründe ol dag emin diylip atlandyrylypdyr, çünki ilat meşhur tupanda hajaryl-eswet (gara daş) şonda amanat goylup, sag-aman galdy diyip ynanypdyr; muňa abu kubays hem diyilyär; 2) guş ady.

Kubays dagynyň burnunda,

Oglun tapmady ornunda.

Kubat (p. Koba:d) قباد – eyranyň sasanidler dinastiyasynyň patyşalaryndan biri, firuzyň ogly, anuşirwanyň kakasy. Ol 488-nji milady yylynda kakasynyň dogany bilaşy tagtdan düşürip, patyşa bolyar. Onuň döwründe mezdek atly bir adam döräp, täze din getiryär. Käbir taryhçylaryň aydyşyna görä, kubat belli syyasy maksatlary göz öňünde tutup, ol dini kabul edyär. Emma soňra olary goldamakdan el çekyär we öz ogly husrowyň kömegi bilen mezdekileri öldüryär. Iki gezek rimliler bilen uruş edyär. 531-nji milady yylynda aradan çykyar.

Kubat pederi husrowny gorkuzyp,

Olar diygen bilen din-iman bolsam.

Kubbatyl-yslam (a. Kobbat-ol-isla:m) قبّة الاسلام – ser. Kupbatul-yslam.

Kubra (a. Kobra:, ks. Eka:bir) كبرى - «kebi:r» sözünden; beyik, iň beyik, has beyik. Kubra «ekber» sözüniň ženskiy rodudyr; kubra güdaz – beyik ergin, has yakyjy.

Sen bu derdi yawutmazdyň özüňe,

Ol kubra güdaza nişe düşüp sen.

Kubra güdaz (a-p. Kobra: goda:z) كبرى گداز – ser. Kubra.

Kuwa (a. Kowa:, bs. Kowwet) قواء – ser. Kuwwat.

Kuwwat (a. Kowwet, ks. Kowa:) قوّت – 1) güyç, zor, gudrat, takat; 2) bir hökümetiň harby güyji; 3) saglyk, salamatlyk; 4) täsir.

Kuwwaty yok tutanda,

Ynjalmayyn yatanda,

Yaş segsene etende,

Tanymaz ugraşanda.

Gojalyp men, kuwwatymdan ayryldym.

Kudek (p. Ku:dek) كودك - çaga, yaşajyk oglan ya-da gyz, beçje.

Kudeklikden ayryldyň, şiweligi biler sen ...

Eken ekiniň bişip, orak ormana geldiň.

Kuyy-syr (p-a. Ku:ye-syrr) كوى سر – syr köçesi, gizlin köçe.

Kuyy-syr içre köşede

Otursam agaçlar bile.

Kulup (a. Kolu:b, bs. Kalb) قلوب – ser. Kalp i.

Kulhuwalla (a. Kol-huwa-alla:h) قـُل هُوَ الله - «kurúanyň» «yhlas» atly 112-nji süresiniň birinji ayatyndan bölek; doly görnüşi: kulhuwallaho ahad, yagny: ayt, huday birdir!

Leglek diyr: «kulhuwalla!»,

Hannan-mennan içinde.

Eger gahryna ugraşsam, okyram «kulhuwalladyr».

Kumaç (a. Koma:ş) قماش – 1) ser. Kumaş; 2) pars dilinde bugday uny bilen nohut uny gatyşdyrylyp bişirilyän bir hili galyň we port çörek.

Kumaş (a. Kuma:ş, ks. Akmaşa) قماش//كماچ – 1) mata; yüpek, nah mata; 2) geyim; 3) öy esbaby; pars dilinde nah mata; 4) her zadyň asly, mayasy; al kumaş – gyzyl mata.

Duzak durur al kumaşyň, sim-zeriň,

Güzergähin tutup durmuş bu eriň.

Kunut i (a. Konu:t) قنوت – 1) boyun egme, boyun sünme; 2) ybadat, hudayyň emrine doly suratda teslim bolma; 3) namaza durma, iki rekagat namaz okama, namazda ayak üstüne galma.

Huftanda witr okyp, yatsaň serişde,

Razy bolar senden kunut perişde.

Kunut ii (a. Konu:t) قنوط – umytsyzlyk, umyt üzme.

Kupbatul-yslam (a. Kobbat-ol-isla:m) قبّة الاسلام – yslamyň gupbasy. Birnäçe şäheriň lakamy. Owganystanyň balh şäheri mongollaryň hüjüminden öň şeyle lakama ee bolupdyr. Buhara şäherine-de şeyle lakam berlipdir. Käbir sözlüklerde yragyň basra şäheri-de şu lakama ee bolupdyr diyilyär.

Kupbatul-yslamda, jeyhun bahrynda,

Sidre sährasynda, isa şährinde,

Meniň sahypjemalymny gördüňmi?

Kurayyş (a. Korayş) قريش – araplaryň iň gadymy we meşhur taypalarynyň biri. Ol taypanyň öňbaşçysy nazr ibn kennana – muhammet pygamberiň ata-babalaryndan hasaplanyar. Kurayyş sözi aslynda «karş» sözüniň kiçeldilen formasydyr. «karş» diymek bolsa deňizde yaşayan we deňiz haywanlarynyň hemmesini eňyän bir uly janawardyr. Kurayyş taypasy-da beyleki taypalara üstün bolany üçin, şeyle ada ee bolupdyr.

Resulalla ol kurayşdan,

Ne jepalar çekip geçdi.

Kurbat (a. Korbet) قربت – yakynlyk, goňşy bolma, yakyn bolma; deri-kurbat – yakynlyk gapysy; kurbat etmek – yakynlaşdyrmak.

Bedergähi-deri-kurbat, erer ol hadiyi-wahdat.

Goydy diş barmakga munlar kurbatyň görgeç resul.

Habybyňy özüňe

Kurbat etgen alla sen.

Kurgan قورغان - «gurmak» sözünden; gala, berkitme; kurganly – galaly, berkitmeli.

Degresi derya, kurgan.

Garryp galmaz ölmez, yitmez,

Kurganly daglar görüner.

Kurp (a. Korb) قرب – ser. Gurp.

Kuruz (a. Koru:z, bs. Karz) قروض – ser. Karz.

Kurhan (a. Kor’a:n) – ser. «kurúan».

«kurúan» (a. Kor’a:n) قرآن – 1) aslynda işligiň nämälim formasy bolan «kara:’at» sözünden bolup, «okamak» dien manyny aňlatsa-da, «okalan, okalyan» manylarda ulanylyar; 2) «kelamylla» (hudayyň sözi), dini düşünjelere görä, muhammet pygambere huday tarapyndan asmandan inen (wahy bolan) kitap. Jarullah zamahşarynyň (yzmykşiriň) «kaşşaf» atly tefsir-kitabynda görkezilişine görä, «kurúan» bir yüz on dört süreden we alty müň alty yüz altmyş alty ayatdan ybaratdyr. Onda 77439 söz we 323015 harp bar. Emma bu meselede käbir gapma-garşylyklar hem yok däl. Käbir awtorlar ayatlaryň sanyny 6205, sözleriň sanyny-da 78 müň diyip belläpdirler. «kurúanyň» päkistan neşirinde 6238 ayat bar. Bir yüz on dört süräniň etmiş sekizi mekgede, yigrimi edisi-de medinede nazyl bolupdyr (inipdir). «kurúan» otuz bölümden (jüz’) ybarat bolup, her bölüm (jüz’) hem dört bölekden (hyzb) duryar. Ol okalanda on dört erinde sejde (ser.) Edilyär. Şayylar dört erinde sejde etmeli diyyärler.

Süreleriň köpüsi mekgede inipdir, käbir süreleriň birnäçe ayaty mekgede, birnäçesi-de medinede inipdir. «kurúanda» süreleriň erleşdirilişinde taryhylyk we tematiki prinöip saklanmandyr. Onda bir müňe golay kyssa, yüz doga we müňlerçe öwüt-nesihatlar, wadalar, buyruklar we ş.m.-ler bar. «kurúanyň» ayatlarynda käbir meňzeşliklere hem gabat gelmek bolyar. Meselem, «bakara» süresiniň 48-nji we 123-nji ayatlary az-kem tapawut bilen gaytalanyar. Ene-de «bakara» süresiniň 136-njy ayaty «al-e ymran» süresiniň 84-nji ayaty bilen meňzeş gelyär. «toba» süresinde-de iki (55 we 85) meňzeşräk ayat duş gelyär. Şular yaly meňzeşlikler başga-da bar. «kurúan» sözi häzirki zaman türkmen dilinde köplenç «gurhan» şekilinde aydylyar.

Diyrler hakdyr muhammet, uyupdyrmyz «kurúana»,

Herne bolsa yutarlar, halal-haram bilmezler.

Ataň hoşnut bolmaga, eneň mährin salmaga,

Ayatydan bilmäge, okyrga «kurúan» gerek.

Kurúanhan (a-p. Korúa:n-ha:n) قرآن خوان - «kurúan» okayan, kary.

Kiminiň tohmunda bolsa kurúanhan,

Barça müşgil asan bolar, yaranlar.

Kusur i (kosu:r, bs. Kasr) قصور – 1) ser. Kasyr; 2) saklanma, bir işi erine etirmekden saklanma; kusur etmek – saklanmak; kemçilik goybermek.

Kusur ii (kosu:r) قصور – 1) egsiklik, kemçilik; nogsan, ayyp; 2) boyun towlama, saklanma; 3) artan, galan, galyndy; 4) gysga.

Hamdyňa diller kusurdyr, arşy-perşler aglady,

Bidahan-u bizyban otlar, agaçlar aglady.

Kutah (p. Ku:ta:h) كوتاه – ser. Kuteh.

Kutbul-aktap (a. Kotb-ol-akta:b) قطب الاقطاب – ser. Kutp.

Kuteh (p. Ku:teh) كوته - «kutah» sözüniň gysgaldylan görnüşi, gysga, kelte.

Ger emiriň, ger weziri akly kuteh, ham olur,

Ol emiriň ady ahyr halk era betnam olur.

Kutp i (a. Kotb, ks. Akta:b) قطب – 1) er şarynyň iki deň böleginiň her bir tarapy, olara demirgazyk kutby (kutby-şemal) we günorta kutby (kutby-jenub) diyilyär; 2) yyldyz ady; 3) orta, merkez; her bir zadyň ortasyndan geçyän okuň iki ujy.

Kutpda say gözläp, kemana duşdum,

Neysan guydy, umman gaynadym-joşdum.

Kutp ii (a. Kotb, ks. Akta:b) قطب – pir, öwlüyä, sopularyň her bir toparynyň yolbaşçysy. Sufizmde kutp barlyk dünyäsinde bedendäki ruh hökmünde görülyär. Ol her bir döwürde allanyň nazar salan adamy hasaplanyar, dünyä barlygy şonuň töwereginde aylanyar; kutbul-aktap – pirleriň piri, sopularyň pikiriçe, uly şäherlerde adamlara ruhy yolbaşçylyk edyän pir, göyä er we gök (arş we perş) onuň garamagyndamyşyn. Kutbuň sagynda we solundaky adama gows we gyyas (ser.) (kowus we kyyas) diyilyär.

Edi gün almamyş taňry salamyn,

Kutbul-aktap atly betnamy gördüm.

Aktap bir menzildir, manzary hakdyr,

Ol ferşi-aglaya çöküp oturmyş.

Kufe (a. Ku:fe) كوفه – yrak respublikasynyň günortasynda, eyran araçäginiň yakynynda erleşyän şäher. Hezret omaryň halyfalyk eden döwründe sagd ibn ebi wakkas tarapyndan on edinji hijri yylynda (638) esasy goylupdyr. Hezret alynyň halyfa bolan wagtynda musulmanlaryň paytagty bolyar. Ondan öň halyfalar medine şäherinde bolyan ekenler. Bu şäheriň ilaty aly ölenden soň, onuň ogullary hasan bilen husayny goldap, şolaryň halyfa bolmaklaryny isläpdirler, olary goldajakdyklaryna söz beripdirler, emma soň wadalaryna wepa etmändirler.

Kufäni jöwenek, bagdat şährin ab,

Rey ülkesin dilnip er harap eylär.

Kuhy-mar (p. Ku:h-e ma:ra:n) كوه ماران – 1) yylynlar dagy; 2) dagyň ady, marköw.

Ol kim bir nazar kuhy-marana saldy?

Anyň wahemesine eyran-turana geldi.

Kuçan (p. Ku:ça:n) قوچان – eyranyň horasan welayatyna giryän şäher we etrap. Maşadyň demirgazyk-günbatarynda erleşyär. Oňa garaşly şäherleriň biri göni aşgabat şäheriniň günortasynda eyran territoriyasynda, iki yurduň araçäginde erleşyän bajygirandyr. Kuçanyň ilaty kürtler, gereyli türkler, az sanda hem parslardyr. Bu şäher gadymda habuşan atlandyrylypdyr. Kuçanyň golayynda «teppe-ye nadyry» («nediriň depesi») ady bilen meşhur bolan bir depe bar. Nedir şa şol depäniň üstünde 1160-njy hijri (1747) yylynda öz çadyryny dikdiryär we şol erde-de ol öz serdarlary tarapyndan öldürilyär.

Kuçan sözi magtymgulynyň goşgusynyň käbir wariantynda we neşirlerde «nuha» we «nuşan» şekilinde hem gabat gelyär.

Sapar edip barsak kuçan şährine

Köňül isläni dek yaylahlar bar.

Kuyaş قوياش – gün; gün şöhlesi.

Ne kuyaşdyr, hasabyny bileli,

Çendin saldyr, gözden nahan bolaly.

Her kaçan gelse başyga kaddy nayza ol kuyaş.

Küwtah (p. Ku:ta:h) كوتاه//كوته – 1) gysga, kelte, küle; 2) kiçi; çaga. Gysgalan formasy: ku:teh. Türkmen dilinde «kötä» şekilinde hem gabat gelyär.

Yagşy sagat, ajap wagtdyr, hoş eyyam,

Ömür azdyr, akyl küwtah, işiň ham.

Küwteh (p. Ku:teh) كوته – ser. Küwtah.

Ger emiriň, ger weziriň akly küwteh, ham olur,

Ol emiriň ady ahyr halk era betnam olur.

Küwfe (a. Ku:fe) كوفه – ser. Kufe.

Küwh (p. Ku:h) كوه – 1) dag; beyiklik; 2) gm. Göwüs; küwhi-tur – tur dagy, sina dagy.

Küwh erer eriň soltany.

Küwhi-tur üstide raz aytgan musanyň hormaty.

Küwhi-tur (p. Ku:h-e tu:r) كوه طور – sina dagy, tury-musa hem diyilyär. Musa pygamberiň mynajat (ser.) Etmäge üstüne çykan dagy, şol erde ol göyä hudayyň nuruny görenmiş; ser. Tur.

Küwhisar (p. Ku:h-sa:r) كوهسار – daglyk, daglyk er, dagyň köp eri.

Küwhisar içre köşede.

Otursam agaçlar bile.

Küdelemek كوده لمك – küde edip goymak, üyşürmek, üyşürip goymak.

Bigünä öldürip, küdeläp goygan,

Şirin janyn alyp, janyna doygan.

Küy كوى – ser. Köy.

Myhman bolduň bu dünyäniň öyüne,

Köňül berip gitme anyň küyüne.

Küylenmek (kü:ylenmek) كويلنمك – 1) hyyallanmak, yüregiňe düwmek, bir zady amala aşyrmagyň pikirini etmek; 2) akyly üytgemek, eldirgemek, telbelemek.

On bäş yaşa baraňda, oglanlykdan saylandyň,

Gyz-geline meyl edip, köňül berip küylendiň.

Kükrek كوكراك – döş, gursak, syna.

Ezelde her kime kylsa anayat,

Kükreginde nury-iman yaratdy.

Kükremek كوكره مك – köprimek, köpürjiklemek; gyzmak, joşmak; esremek; 2) agzy köpremek, joşup, agzyndan köpük saçmak.

Gözüm düşdi seyranymda, gardaşlar,

Kükreyir tamug dek nary dilberiň.

Kükreyur hem titreyur gahry-gazap birle sakar.

Kül – 1) yanan zatdan galan çal ya-da gara reňkli toz, galyndy; 2) gm. Yanan, köen, zayalanan, bozulan; kül bolmak – yanyp köymek, yanyp zayalanmak.

Baytal yapagysyn çekermiş çöle,

Eşek kürresini küle getirmiş.

Küla (p. Kola:h) كلاه – ser. Külah.

Külah (p. Kola:h) كلاه – 1) telpek, börük, şyrdak; keçe telpek; 2) hile, hokga, pirim; döwlet külahy – gm. Täç.

Başynda berk bolsun döwlet külahy.

Bir bölek başlary külahly geldi.

Külbe (p. Kolbe) كلبه – asly grekçeden; 1) öy, çatma, dayhan öyi, kiçijik öy, tünek; 2) dükan.

Ne külbe galar, ne çeten,

Senemler seyl edip öten.

Külendaz ( t-p. Kül-enda:z) كلنداز – kül taşlanyan gap, küldan; «kül» we pars dilindäki «endahten-zyňmak, taşlamak» sözüniň häzirki zaman düyp işligi bolan «endaz» sözlerinden emele gelen goşma at.

Kül bol, külendazga sowrul, ol güzere janyň yak,

Lazym oldy okymak «enel-hak-u minelhak».

Külender (p. Kelender) كلندر – ser. Kelender.

Külli (a. Koll) كلّ – 1) hemme, bütin, ähli, bütinley; jemi, bary, barça; 2) her.

Agalary gelip, tagzym kyldylar,

Külli-günälerin ötdi, yaranlar!

Külli gözelleriň hany.

«zi» - zor eylese hyşmyň, küllüsin derhem eylär;

Külli-watan – bütin watan; külli-älem – bütin dünyä, hemme älem, bütin eriň yüzi.

Terk eder ki, külli-watan, unudar ol yoluny.

Magtymguly, adyň seniň dolup külli-älemge.

Külli-älem boldy ykrar sünnetiň görgeç resul.

Külli-älem şahy sen-sen;

Külli-eşya – hemme zatlar.

Külli-eşya olup mejnun;

Külli-yowm – her gün; ser. Yowm.

Külli-watan (a. Koll-e watan) كلّ وطن – ser. Külli.

Külli-yowm (a. Koll-e yawm) كلّ يوم – ser. Yowm we külli.

Külli-eşya (a. Koll-e eşya:’) كلّ اشياء – ser. Külli.

Külli-älem (a. Koll-e a:lem) كلّ عالم – ser. Külli.

Küllüsinden (a-t. Kolli-sinden) كلـّى سيندين – hemmesinden; hemmelerden, baryndan, ählisinden.

Küllüsinden yady-alla öwladyr,

Kimse şeytan sözün bitip baradyr.

Küllühom (a. Kollo-hom) كلـّهم – hemme, bütin, olaryň hemmesi.

Akl-u huşuňga etişdiň, eylediň seyrany sen,

Istediň jemg eyleseň bu küllühom eyrany sen.

Külpet (a. Kolfet) كلفت – 1) muşakgat, zähmet, kynçylyk, mähnet, derdeser; yadawlyk; 2) agyr wezipe, özüňe zor salyp, kynçylyk bilen işleme; 3) pars dilinde: hyzmatkär ayal; gyrnak.

Garrylyk etişdi müň külpet bilen.

Namart külpetinden galyp men derde.

Külpetsera (a-p. Kolfet-sera:) كلفت سرا – gam-gussa öyi, gamhana.

Bu dünyä mähzi bir, müümünlere külpetsera erken,

Neçün ähli bu gün ertesi görse geda erken.

Kümbet (p. Gonbed) گنبد – 1) gupba; köplenç metjitleriň, gabyrlaryň ya-da belli-belli jaylaryň üstünde kerpiçden süyrümtik şekilinde salynyan üçek ya-da kiçijik tegelek jay; 2) gm. Asman, gök; 3) gm. Gabyr, mazar.

Bil nirde yaratdy sekiz jenneti,

Niçe binasy bar, niçe kümbeti.

Kümmet (p. Gonbed) – ser. Kümbet. Bu söz kümmez we gümmez şekilinde hem ulanylyar.

Janyň barlygynda hayyr gazansaň,

Rahat yatjak eriň - kümmet yagşydyr.

Kün (a. Kon) كن - «kawn» sözünden; bol (häzirki zaman birinji şahs buyruk formasy), esasan «kün-feekun» dien formada ulanylyar. Manysy, bol, şonda boldy. Dini düşünjelere görä, göyä huday «kün-bol» diyip buyruk berende, dünyä we asman we yaşayyş emele gelenmiş.

«käp» - «kün» diygen binaňa, «lam» - lemgatyň bes dälmi?

«kün» lefziden älemni

Möwjut etgen alla sen.

Kün-peekun (a. Kon-fe-eku:n) كـُنْ فـَيَكـُونْ – 1) ser. Kün. 2) derbi-dagyn, dargamaklyk; kün-peekun bolmak – derbi-dagyn bolmak.

Künd (p. Kond) كند – 1) yuwaş, aram; antonimi: tünd - çalt, tiz; 2) kütek, kesmezek, yiti däl; künd zehin – zehini kütek, zehinsiz, talantsyz; künd etmek – küteltmek, kütek etmek.

Mydam ah çekersiň, zehin künd eder,

Gündizki hyyalyň gije düyş bolar.

Künd zehin (p-a. Kond zihn) كند ذهن – ser. Künd.

Künde (p. Konde) كنده – tussaglaryň ayagyna urulyan yogyn agaçdan yasalan ujy demir halkaly abzal; kündelemek – künde urmak.

Zynjyr, künde bilen saklarlar seni.

Ya kündeläp, meni çaya salar sen.

Kündelemek كنده لمك – ser. Künde.

Künji-meyhana (p. Konj-e mehya:ne) كنج ميخانه – ser. Künç.

Künç (p. Konj) كنج – burç, çet, gyrak, bujak; çar (dört) künç - dört burç, dört tarap.

El uzadyp çar künjüne jahanyň.

Dünyäniň dört künjün çekip oturmyş.

Dünyä görmey, tutgun galsaň bir künçde;

Künji-meyhana – şerap satylyan dükanyň burjy.

Kyrklar le jem bolup, pyyala içsem,

Künji-meyhanada ayag etişse.

Küpür (a. Kofr) كفر – ser. Küfür.

Küpür dek kinäni tutujy bolma.

Küpürmek كوپورمك - joşmak, hyjuwly geplemek; gödek geplemek.

Bihuda sözleri aydyp, küpürme,

Her bir wagt keynindedir gara er.

Küren كورن – uly; giň, gür; küren oba (il) – gür ilatly oba, uly oba.

Bir lakgy çaşyrar ol küren ili.

Namart çaşyr, küren ile baş bolsa.

Kürk (p. Kork) كرك – içmek; geçi hasasy; yumşajyk geçi derisi.

Pygamber kimsäge wesiet kyldy,

Asasy, hyrkasy, kürki kimdedir?

Kürs (a. Korsi:, ks. Kera:si:) كرسى – 1) tagt; 2) oturgyç, stul; 3) metjitlerde wagyz aydyjylaryň kafedrasy; 4) wezipe; 5) asmanyň bir gaty, köneleriň düşünjesine görä, sekizinji pelek; 6) merkez, paytagt; aryş-kürs – asmanyň iň yokary we aşaky gaty.

Pelle-pelle sidre bile kürs çykar.

Altynmy sen, kümüşmi sen, zermi sen,

Ya arşmy sen, ya kürsmi sen, ermi sen.

Hasan, husayn arş-u kürsi geregim,

Kerbelada şehit sen etdiň, dünyä.

Kürsi (a. Korsi:) كرسى – 1) ser. Kürs; 2) azy; kürsi-dendan – azy dişler, azylar.

Ey köňül, kasryň esasy – ten bozulmasdan burun,

Taky-ebru kürsi-yi denden dökülmesden burun.

Kürsi-dendan (p. Korsi: dendan) كرسى دندان – ser. Kürsi.

Kütelmek كوتلمك – 1) kütel bolmak, kesmezek bolmak; 2) gm. Körzehin bolmak.

Kuwwatym kemeldi, küteldi dişim,

Yigitlik öwjünde henuz hyyalym.

Küfür (a. Kofr) كفر – 1) hudaya ynanmazlyk we oňa şärik goşmak; 2) dinsizlik, kapyrlyk, imansyzlyk; 3) buta çokunmak; 5) sögünç söz; küfür olmak – kapyr bolmak.

Magtymguly asy guluň,

Küfür sözden sakla tiliň.

Ger diyseler, küfür olur eşya senden halydyr.

Kylganyň küfürdir, kylganyň ryya.

Küffar (a. Koffa:r, bs. Kafir) كفـّار – ser. Kapyr.

On iki on üç bolmaz,

Diyip, tamam etdi küffar.

Küşada (p. Goşa:de) گشاده – ser. Güşada.

Tapmay küşada bagty ol talyg ile yyldyzydan...

Bilbil olup, yar sözüden okam yusup die-die.

Küşada bagt (p. Goşa:de-baht) گشاده بخت – ser. Güşada.

Küşayyş (p. Goşa:yiş) گشايش – ser. Güşayyş.

Küşat (p. Goşa:d) گشاد – ser. Güşat.

Küşt كوشت – güyç, kuwwat.

Sygyr aydar: «men başdym,

Etmez alajym-küştüm».

Küşte (p. Koşte) كشته – 1) öli, ölen; öldürilen; 2) kellesi kesilip ya-da başga yol bilen öldürilen jandar.

Kim zinde, kim küştedir,

Her bende bir işdedir.

Kybla (a. Kyble) قبله – 1) tarap, yönenilyän tarap, yüz tutulyan tarap, namaz okalanda yönenilyän tarap; 2) käbe, mekge öyi; 3) gm. Her kimiň yüz tutyan eri; 4) günorta şemaly.

Doga kylsam, jebri-jepam ekserdir,

Ylm öwreden ussat-kyblam pederdir.

Kyblagäh (a-p. Kyble-ga:h) قبله گاه – 1) kybla tarap; 2) gm. Kaka, ata.

Ya, mürewwetli şahym,

Umydym, kyblagähim.

Kybty (a. Kybty:) قبطى – 1) kybt kowumyna degişli adam, kybt müsüriň erli taypalarynyň biriniň adydyr, pyrgawnyň kowumynyň ady-da kybtdyr; 2) semit (samy) dilleriniň biriniň ady.

Samarkandy kybty yyglyp bek basar,

Buhar şirin nan gahatlyk türk basar.

Kyl (a. Ky:l) قيل – söz, sözleyiş. Kal – sözüň başlanyşy we sorag; kyl - jogap, sözüň jogaby; kyl-u kal – ser. Kal.

Soradylar: «ey adam, diy görem, halyň nedir,

Dünyäde hayr etmediň, bu kyl-u kalyň nedir?

Kyl-u kal (a. Ky:l e ka:l) قيل و قال – galmagal, gykylyk, garyşyk gürrüň; ser. Kal, kyl.

Her kişiniň iki bolsa ayaly,

Gije-gündiz işi kyl-u kal bolar.

Magtymguly, işim kyl-u kal boldy.

Çün yowuz ahy-nedamat kyl-u kallar ondadyr.

Kyla قيله – eder; ne kyla – näme eder; kerem kyla – kerem eder, yagşylyk eder.

Görüň, imdi ne kyla,

Istär – ol kerem kyla.

Kyldygym قيلديغيم – etdigim, edenim, eden.

Magtymguly aydar, keremli gaffar,

Galtyşma kyldygym pyglyma meniň.

Kylmayyn قيلماين - «kylmak - etmek» işliginiň öten zaman otriöatelü (yokluk) formasy; kylman, etmän.

Magtymguly, adam galmaz ölmeyin,

Haky yada salyp, gulluk kylmayyn.

Kylmak قيلمق – 1) etmek, eylemek, bejermek; 2) erine etirmek, eda etmek, berjay etmek.

Hoş temizli beg oglunyň naştasyn,

Sygyr yatagynda kylmak yaraşmaz.

Kylyşmak قيليشمق – aydyşmak, beyan edişmek.

Bir-birge derdin döküp, sergüzeştin kylyşmak,

Tow berilgen rişte dey çyrmaşyban çolaşmak.

Kyndyl (a. Kandi:l, ks. Kana:di:l) قنديل – ser. Kandyl.

Eltip, kyndyla gondurdy.

Kyrk çilten (t-p. Kyrk çihil-ten) قرق چهلتن – ser. Çiltenler.

Kysas i (a., bs. Kyssa) قصص – ser. Kyssa.

Kysas ii (a. Kysa:s) قصاص – 1) hun, adam öldürene dini kanun boyunça berilyän jeza; 2) öç, ar, jeza.

Kysasyl-enbiya (a. Kysas-ol-enbiya:) قصص الانبياء – ser. Kasasyl-enbiya.

Kysmat (a.) قسمت – 1) pay, nesip, bölek; yazgyt, täley; kysmat bolmak – paylanmak; kysmat etmek – paylamak, nesip etmek.

Bu közlerdir kysmat bolan bizlere.

Kysmat olmaz, gidem uzak yollara.

Kadyr kysmat etse, maňa bara sen.

Jäht kysmatdan getirmez.

Kyssa (a. Kyssa. Ks. Kysas) قصّه – erteki, gürrüň, hekayat, dessan; habar.

Hezreti-yusupny beyan eyläli,

Kyssasy şekerden datly, yaranlar.

Kyyam (a. Kyya:m) قيام – 1) ayak üstünde durmaklyk, turmaklyk; gopmaklyk; 2) gozgalaň; 3) birine hormat üçin ayak üstüne galma; 4) kyyamat; 5) namaz, namazyň ayak üstünde okalyan bölegi.

Ilahy, behakky-patmayy-kyyam,

Muhammettagyya bagyşla bizni!

Kyyamat (a. Kyya:met) قيامت – 1) gopmaklyk, galmaklyk, erden turmak; ahyrzamanda hemme ölüleriň direlmegi; 2) ahyrzaman, ol dünyä; 3) gm. Musybet, bela, apat (ser.), heläkçilik; 4) gürrüldi, patyrdy.

Magtymguly aydar, azap görmäge,

Kyyamat garasy gitmez gözüňden.

Magtymguly aydar, geler şu işler,

Kyyamat gün gullar görse gerekdir.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   18   19   20   21   22   23   24   25   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin