Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə20/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   72

Älem anyň sözünden tapdy nazm-u karar.

Köňül galkar, karar etmez, azadym.

Gördük sayy köňül sowar,

Sabyrsyz, kararsyz ärden.

Kararsyz (a-t. Kara:r-syz) قرارسيز – ser. Karar.

Karwan (p. Ka:rwa:n) كاروان – kerwen, bile yola gidyän birnäçe yolagçy (adatça düeli, atly, häzirki döwürde maşynly).

Dünyä bir köne ribat, ilni karwan eyledi.

Guwanjy güyçlüräk etgey bir söwda karwan görse.

Karz (a. Ks. Koru:z) قرض – 1) bergi, borç; 2) kesmek; 3) şygyr aytmak; karz bermek – birine bir zady wagtlayyn bermek; karz almak – borjuna almak, wagtlayyn almak.

Taňrynyň amanaty,

Jan teninde karz dälmi?

Karz malyňdyr, ene gaydyp biyr gider.

Karkayyl (a. Karka:yyl) قرقائيل – köne düşünjä görä, deryalaryň eesiniň ady; ser. Sarsayyl.

Karkara (m.) قرقره – 1) durna meňzeş, alkymynyň aşagy gara bir guş; 2) şol guşuň jyga hökmünde başa sanjylyan elegi.

Karkarasy begler içre şahana.

Kars (ka:rs) قارص – türkiyäniň gadymy şäherlerinden biri. Ol yurduň gündogarynda karsçay deryasynyň kenarynda erleşyär. Öň kawkaza degişli bolupdyr.

Deçjal dünyä iynse, goşun yygylsa,

Yzy hintde bolar, öňi kars çykar.

Karun (a. Ka:ru:n) قارون – 1) töwratda agzalyan bir ewrey bayyň ady. Dini rowayatlara görä, ol musa pygamberiň kakasynyň doganynyň ogly bolup, uly baylyga ee eken. Emma örän gysganç we husyt bolupdyr. Taypa başlyklary oňa kowumdaşlaryna kömek bermek barada näçe nesihat etseler-de, ol gulak asmandyr. Musa ondan zekat (ser.) Bermegi talap edyär. Emma karun boyun towlap, zekat bermeyär, tersine musa töhmet atyp, ony zyna (ser.) Etmekde ayyplayar, yöne onuň yalan töhmeti tiz paş bolyar we musa ony näletläp, oňa bet doga edyär. Netijede, göyä er yarylyp, ony bar baylygy bilen birlikde yuwdanmyş. «töwratda» ony we yaranlaryny huday oda yakypdyr diyilyär; 2) gm. Bay, maly köp, pully, gurply; genji-karun – karun baylygy; köp baylyk; karun hazynasy – karunyň baylygy.

Karun bu dünyäni aldy mal bilen,

Iblis asy boldy, gelmez yol bilen.

Yigrim alty keret, yüz müň är bilen,

Karun hazynasyn ele aldym tut.

Kary (a. Ka:ry) قارى – 1) okayan, okyjy; 2) «kuruan» okamagy başaryan adam, «kuruany» öz kadasy bilen okap bilyän adam. Magtymgulynyň ady bilen yazylan aşaky bent goşguda bu söz kör manysynda ulanylypdyr.

Agsak ayra düşse, agaçsyz galsa,

Yol aňlamaz, kary hemrasyz bolsa.

Karyp (a. Kari:b) قريب - «kurb» sözünden; 1) yakyn;2) garyndaş, yakyn garyndaş.

Bolma gapyl merkden, elbetde, ol saňa karyp,

Sen tarahhym, eylegil ymmatga ferda, ey habyp!

«kasasyl-enbiya» (a. Kysas-al-enbiya:) قصص الانبيا – 1) pygamberler hakynda rowayat-kyssalar; 2) yshak ibn ybrahym ibn mansur ibn halaf nişaburynyň pars dilinde yazan eseri. Ol takmynan xı asyrda (käerde xwı asyr diyilyär) yaşapdyr. Kitap adam atadan başlap, tä muhammede çenli bolan gadymy pygamberler hakdaky rowayat-gürrüňleri öz içine alyar. Kitabyň materiallary esasan «kuruandan» we edi sany sahabanyň (ser.) Beren maglumatlaryndan alnypdyr. Ol sahabalar: ibn apbas, muhammet ibn sa’ib al-kelbi we b. Kitabyň ikinji bölümi muawyyäniň ölümine (661 y.) Çenli bolan halyfalar baradaky gürrüňlere bagyşlanypdyr. «kasasyl-enbiyany» başga-da yazanlar bar. Meselem, abdylmelik ibn abulkasym atly adam-da bir müň bäş yüz listden ybarat «kasasyl-enbiya» eserini yazypdyr. Ol mundan başga otuza golay kitap yazyp neşir etdiripdir (seret: sobranie wostoçnyh rukopisey an uzssr, t. Iw, taşkent, 1957, 11 s.).

Depderler içinde bir kitap gördüm,

«kasasyl-enbiya» atly, yaranlar.

«kasasyl-enbiyayy-türki» (a-t. Kysas-al-enbiya: ye-türki:) قصص الانبياى تركى - 1) pygamberler hakyndaky rowayat-kyssalar; 2) aslynda arap dilinde bolup, soň parsça, ondan-da türki diline geçirilen eser. Bu eseriň awtory nasyretdin burhanetdin ogly rebguzy. Ol xııı asyryň ahyrynda we xıw asyryň başlarynda yaşapdyr. Bu kitap 1310-njy yylyň fewralü-mart aylarynda yazylyp tamamlanypdyr. Nasyretdin horezmiň rabaty-oguz dien erinden bolupdyr. Eser aslynda «kasasyl-enbiya» diyip atlandyrylsa-da, awtoryň özi oňa «kysasy-rebguzy» diyip at goyupdyr. Kitap ululy-kiçili etmiş iki kyssany öz içine alyar. Ondaky kyssalaryň köpüsi dini-fantastiki häsietde bolup, olar «kurúandan» we başga dini kitaplardan alnypdyr. «kasasyl-enbiya» 1859-1880-nji yyllar aralygynda gazan şäherinde bäş gezek neşir edilipdir. «kasasyl-enbiyayy-türki» ady bilen-de daşkentde daşbasma usuly arkaly çap bolupdyr (1895-1901 y.). Bu eseriň xw asyrda göçürilen bir nusgasy londonda britan muzeyinde saklanyar (seret: n. M. Mollaew. Uzbek adabiyoti tarihi, toşkent, 1963, 203-204 s.).

Kasdan (a. Kasden) قصداً – bilgeşleyin, göre-bile; türkmen dilinde «kastdan» şekilinde-de gabat gelyär. Magtymguly iki görnüşi-de ulanypdyr.

Kişi kasdan kaza kylsa yşadan.

Kastdan roza, namazyny goyanyň.

Kast i (a. Kasd) قصد – 1) maksat, meyil, niet, isleg; 2) erbet niet, garaz; 3) ortada gitmek; kast etmek (eylemek) – 1) niet etmek, meyil etmek, maksat edinmek; 2) erbet niet etmek, bilgeşleyin bir yaramaz niet etmek.

Kapyrlar kast etdi resul janyna.

Hemle kyldy maňa yüz müň kast birle.

Yok bolar kast eden saňa.

Ahyrъet öyi boldy kasdy atamyň.

Kast etse gurudar deryayy-nili.

Bendäge eyleme kasty,

Agyrtmagyl yary-dosty.

Kast ii (p. Kas:st) كاست – ser. Kest; kem-u kast – kem-käs, az-kem.

Kastdan (a. Kasden) قصداً – ser. Kasdan.

Kasyr i (a. Kasr, ks. Kosu:r) قصر – köşk, beyik ymarat.

Kasryn kişi kylsun manendi-ryzwan.

Ey köňül, kasryň esasy - ten bozulmasdan burun.

Gitdi goyup kasry, köşki, eywany.

Kasyr ii (a. Kasr) قصر – 1) gysgaltma, gysga kesme; 2) kesme, çäklendirme; 3) kemçilik, nogsan; 4) sözlemi gysgaltma, sözi gysgaltma.

Kasyr iii (a. Ka:sir) قاصر – 1) gysgaldyjy, kesiji; 2) kemçilikli, güyçsüz; 3) gysga, kelte; ejiz.

Kat i (a. Kadda) قدّ – 1) yarmak, iki yarym etmek; 2) ölçeg; uzynlyk; 3) boy, kamat, syrat; kaddy-kamat – boy-syrat (bu iki söz sinonimdir); gysga kat – boyy gysga.

Iki uzyn ärdir, bir gysga katdyr.

Ay, garaz her zülpüne etmiş müň är tussagydyr,

Kaddy-kamaty belent, zybaya aşyk bolmuşam.

Kat ii قت – tarap; öň, yan, garşy; alyn; hak katynda – hudayyň öňünde, allanyň garşysynda.

Hak katynda sözüm ötmez, men kibi awara yok:

Syhr edip her dem any, tartar özüniň katyga.

Katarat (a. Katara:t, bs. Katra) قطرات – ser. Katra.

Katg (a. Kat’) قطع - kesme, üzme; geçme; katg etmek (eylemek) – 1) kesmek, üzmek; 2) geçmek, yol geçmek; yol kesmek.

Umytly aşyklara wasl umydyn katg etdiň,

Aşyklara jebr andan bolgaymu bu yan, ey dost.

Katl (a.) قتل – 1) öldürmeklik, öldürip aradan ayyrma; heläk etme; 2) ölüm; katl etmek - öldürmek.

Diyrdi yar: «men aşygam, öz elim ile katl edem»,

Andan owwal gam meni paymal edip almalydyr.

Katla قتلا – gezek, sapar; nobat, keret (ser.).

Söwdügim, sen günde bir gez yadyňa salsaň meni,

Günde yüz katla tilär men yaradan hakdan seni.

Katlanmak قاتلانمق – 1) tagalla etmek; 2) gat-gat bolmak; bükülmek, egilmek; 3) nalaç kabul etmek, isle-isleme razyçylyk bermek.

Saht dil kükregi hergiz boş bolmaz,

Herniçe katlansa, köňli hoş bolmaz.

Katlan, dileg etme gidi namarda,

Işiň düşüp, dosta-yara yüz ursaň.

Katra (a. Ks. Katara:t) قطره – damja; yagyşyň bir damjasy; katra-katra – damja-damja.

Atadan enä baryp, bir katra gana geldiň.

Gara daglar katra-katra yaş döküban halyma.

Katyl (a. Ka:til) قاتل – 1) öldüriji, öldüryän; 2) adam öldüren; jenayatkär; zähri-katyl - öldüriji zäher, öldüryän awy.

Zähri jandarlar ierler, zähri-katyl bal menem,

Andalybyň aldyran şol bagty gara gul menem.

Kafur (a. Ka:fu:r) كافور – 1) ak reňkli, yakymly, hoşboy ysly derman, hytayda, yaponiyada we hindistanda bityän agaçdan alynyar. Şol agajyň çöpüni we köküni gaynadyp hem kafur alynyar; 2) gm. Iň ak zat.

Ya müşkmi sen, kafurmy sen, anbarmyň,

Etebilmen, ya çarhmy sen, çenbermiň?

Kafyr (a ka:fir, ks. Koffa:r) كافر – ser. Kapyr.

Sünnüe sütündir, kafyrga setdir,

Çalsa tygy-tizi döwletalynyň.

Kah (p. Ka:h) كاه – saman, arpa-bugday orlup, döwlenden soň galyan galyndysy; kahça – samança, saman yaly.

Kahça görünmez meniň asla gözümge bu jahan,

Aklyny zayyl kylyp, eylär junun dek her zaman.

Kahr (a.) قهر – ser. Gahr.

Kahhar (a. Kahha:r) قهّار - «gahar-kahar» sözünden; 1) güyçli gahar eden, yok eden, gaharlanmak güyjüne ee bolan – hudayyň sypatlaryndan biri; 2) iň güyçli eňiji, öç alyjy, iň eňiji.

Müň azapdyr başlarynda, niçeler her yan geçer,

Binamazy bendäge gazap bilen kahhar bar;

Wahydyl-kahhar – eke-täk güyçli, yalňyz öç alyjy, yalňyz eňiji. Alynjak mysalda bu söz erliksiz ulanylypdyr, goşgy magtymgulynyňky däl bolsa gerek.

Çün ezelde wahydyl-kahhara bolgan, naskeş,

Nebs üçin jandan geçip, bimara bolgan, naskeş.

Kaçan قاچان – wagt; haçan, näwagt, haysy wagt.

Akyl, pikir et her kaçan,

Yüz gonan bar, yüz geçen.

Kaş i قش – 1) ters, jet; 2) duşman, yagy; 3) şowsuz.

Ata oguldan daş bolar,

Dogan dogana kaş bolar.

Menden zynhar, iliň bile kaş bolmaň.

Kaş ii (p. Ka:ş) كاش – ser. Käşki.

Kaşgar (ka:şgar) كاشغر – gündogar türküstanyň ya-da hytay türküstanynyň (häzirki sinüözyan welayaty) şäherlerinden biri. Ol kaşgar derya-çayynyň kenarynda erleşyär, şäher iki sany gadymy we täze bölege bölünyär, derya şäheriň ortasyndan geçip, ony iki bölyär. Gadymy kaşgaryň harabalary kaşgar deryasynyň kenarynda saklanypdyr. Gadymy kaşgar mürze baykara bilen soltan sagydyň arasynda 919-njy (1513-1514) yylynda bolan uruşda weyran edilipdir.

Kaşgar, hotan, kapyr hindistan eger,

Hytaya asmandan keždumlar yagar.

Kaşmer (p. Ka:şmer) كاشمر – ser. Turşiz.

Kaşşak (kaşşa:k) قشاق – garyp, yoksul, pakyr, mätäç; geday; biçäre.

Kaşşak kişi zere rugsat has olmaz (?).

Kimse kaşşak bolup, kimse bay bolar.

Kaşyk قاشق - çemçe, galam; parsça, ga:şok.

Gahba pelek kaşyk salar,

Kimden alar, kime berer.

Kayakda قاياقده – haysy erde, nirede, haysy erde bolsa-da, nirede bolsa-da.

Ölmese kayakda ata-babaňyz,

Baryn bükläp, başyn atan gara er.

Kayan (kaya:n) قايان – asly «kaysy yan» - haysy tarap, haysy yan.

Magtymguly, bir mahluk, men aşygam, sen – magşuk,

Ger diyseň: «istegim yok», barayyn kayan, ey dost!

Kebap (a. Keba:b) كباب – 1) çişe düzüp otda bişirilen et; 2) otda gowrulan her hili iymit; 3) gm. Yanyk, yanan, ot alan.

Daşdan bişdim, içden köydüm, köz boldum,

Ki nar kaysy, kebap haysy, bilmedim.

Kebir (a. Kebi:r, ks. Kiba:r) كبير – 1) uly, beyik; goja; 2) uly yaşly, yaşy uly; 3) etginjek yaşyna eten; kebirlik – ululyk, etginjeklik yaşa etenlik.

Elli yaşa baraňda, dogrulykda bolar sen,

Kudeklikden ayrylyp, kebirligi biler sen.

Kebuter (p. Kebu:ter) كبوتر – kepderi, gumry; kebuter topukly – kepderiniň topugy yaly gözel topukly.

Humay oturyşly, laçyn turuşly,

Kebuter topukly, maral görüşli.

Kewakip (a. Kewa:kib, bs. Kewkeb) كواكب – ser. Köwkep.

Kewahyl (a. Kewa:hil, bs. Ka:hil) كواهل – ser. Kähil.

Keždum (p. Keždom) كژدم – içyan.

Ikinji gat eriň ady haldadyr,

Guyrugy nayza dek, keždum ondadyr.

Kezzap (a kezza:b) كذ ّاب – yalançy, köp yalan sözleyän, çypdyryan; aldawçy; bazygäri-kezzap – yalançy oyunçy, aldawçy oyunçy.

Dünyä owwal bedel, galpdyr, gallapdyr,

Çarhy-çenber bazygäri-kezzapdyr.

Ogry, kezzap bilen obadaş bolma.

Keywan (p. Keywa:n) كيوان – 1) saturn yyldyzy, zuhal yyldyzy; 2) edinji gat asman; edi keywan – edi gat asman.

Keywan geler astyma baksam ki gara gözlere.

Zahyr eyläp, gudratyny edi keywan eyledi.

Keywany (p. Ked-ba:nu:) كدبانو – bayry ayal, öy hojalykçy, öy işlerini oňat erine etiryän ayal.

Äri är hatyndan dogan keywany,

Özi il-gün hyzmatynda yol eder.

Çyn keywany saçagyndan bellidir.

Keyin كيين – yz, yzy; keyninde – yzynda.

Magşarga barygan bir ulug göçdür,

Keynimizden ajal etip baradyr.

Yagşylarga eriş, keyninden galma,

Bu yolda dag bilen hergiz çöl bolmaz.

Keykäwüs (p. Key-ka:wu:s) كيكاوس – taryhy rowayatlara we firdöwsiniň «şanama» epopeyasynda aydylyşyna görä, eyranyň keyan dinastiyasynyň ikinji patyşasy. Ol kakasy keygubat ölenden soň tagta çykyar. Keykäwüs mazendarana baranda, ak döw tarapyndan esir edilyär, bu habar rüsteme etyär, ol ak döwi öldüryär, keykäwüsi we onuň yoldaşlaryny boşadyar. Şondan soň keykäwüs hamaweran yurdunyň (arabystanda) patyşasynyň gyzy sudaba aşyk bolup, sawçylyga gidyär. Emma patyşa ony esir edyär. Ene-de rüstem gelip, ony azat edyär. Birnäçe wagtdan soň rüstemiň ogly suhrap (ser.) Eyrana hüjüm edyär (çünki ol öň turanda bolyar), ikiçäk söweşde kakasy rüstem tanamazlykdan, ony öldüryär. Bu waka zerarly çuň gaygy-gussa duçar bolan rüstem keykäwüsiň ogly syyawuşy terbieläp başlayar. Emma bu yigit hem sudabanyň hilegärligi zerarly eyrandan turana gidyär we şol erde efrasiyabyň elinden ölyär. Rüstem onuň ganyny almak üçin köp uruşlar edyär, sudabany-da öldüryär. Eyran bilen turan arasyndaky uruşlar gutarandan soň, syyawuşyň ogly keyhusrow eyrana gelyär. Keykäwüs bolsa patyşalygy oňa tabşyryar.

Neylediň soltany, öldürdiň hany,

Şahy-keykäwüsni, rüstem-u zaly.

Keyp (a. Kayf) كيف – 1) nähili? Niçik?; 2) saglyk, salamatlyk; 3) lezzet, hezillik, hoşlanma; eňil serhoşluk, neşe.

Kuwwatyň kemelder, güyjüň azdurur,

Keypi kellä gelse, aklyň azdyrar.

Kelam (a. Kela:m) كلام – 1) söz, gep, gürrüň; 2) doly bir many aňladyan sözlem; 3) sözleyiş, nutuk; 4) dil; dialekt; hudaylyk hakda gürrüň edyän ylym; 5) «kurúan»; hak kelamy – 1) huday hakdaky gürrüň; 2) hakykat söz.

Hyzyr seyran eder gudrat älemin,

Musa okyr hakykatyň kelamyn.

Gep-kelam tapmadym, galdym hayrana.

Muhammede inen kelamy gördüm.

Söhbetinde hak kelamyn söylän yok.

Kelamda gördügin sözlär tilimiz.

Kelamylla (a. Kela:m-alla:h) كلام الله – hudayyň sözi, «kurúan».

Kelamylla açyp, ykbal garanlar,

Tapmady derdiňe derman, çowdur han.

Kelat (p. Kela:t) كلات – 1) gala, gorgan, dagyň üstünde salnan oba ya-da gala; 2) horasanyň şäherleriniň biriniň ady. Bu şäher nedir şanyň döwründe mäkäm gala bolupdyr. Şol gala «kelaty-nadyry» ady bilen meşhurdyr.

Daň namaz tayyardyr owwal, bu kelat elde durar,

Anda pişin yyglap aydar: «ne günähim bar erer».

Kelew (p. Ku:la:k, kula:k) كولاك – 1) köleg, gom, tolkun; 2) kiçi gämi, kiçi lodka.

Kelew durmaz, duman başdan serpilmez,

Her zaman bir dert egser men söz bile.

Keleme (a. Kelime, ks. Kelima:t) كلمه – 1) söz, many beryän söz, gep, ynsanyň dile getirip, öz maksadyny şol arkaly aňladyan zady; 2) kelemeyi şahadat, yagny güwä geçmeklik sözi. Ol şeyle: «eşşedo en la ilaha illallah we eşhed-o enne muhammeden resul-allah». Terjimesi: «alladan başga hudayyň yokdugyna we muhammediň allanyň resuly-pygamberidigine güwä geçyärin»; keleme aytmak - «kelemeyi-şahadaty» dile getirmek, aytmak.

Är-hatyn ikisi keleme aydyp,

Musulman boldular rayyndan gaydyp.

Kelender (p.) كلندر – 1) deşli we güyçli adam; 2) galandar; 3) yoňulmadyk uly we yogyn agaç; 4) tiz açylmaz yaly gapynyň arkasynda goyulyan agaç, künde.

Ykbalym işigin bagtym bent etmiş,

Daşyn demir, için kelender bile.

Kelim (a. Keli:m) كليم – 1) sözlenilen, gepleşilen, söhbetdeş bolnan, yüzlenilen, özüne söz sözlenen; 2) musanyň lakamy; kelimulla – hudayyň gepleşeni. Dini rowayatlara görä, göyä musa pygamber tur dagynda huday bilen gepleşenmiş, şoňa görä, oňa «kelimulla», «kelim» (huday bilen gepleşen, hudayyň gepleşeni) dien lakam berlipdir.

Bardy turuň dagyna, hak birle boldy ol kelim.

Ne abesdir, ne hata, bakdy goyun musa kelim.

Baryp raz aydyşan sina dagynda,

Tury-musa kelimulla haky üçin.

Kelimi (a. Keli:mi) كليمي – musa pygamberiň dinine uyyan, jöhit, ewrey.

Kelimulla (a. Keli:m alla:h) كليم الله – ser. Kelim.

Saňa dat eyley, kelimulla, kany şehzadalar?

Kelle (p.) كله – baş, ynsanyň we haywanyň başy. Ikinji mysalda şahyr «kesik baş» rowayatyny göz öňünde tutyar.

O tördüň biri bar, mydam sebzepoş,

Kellesi buzdandyr, ayagy otdan.

Kelle geldi dergahyňa dat bile,

Nyzam berdiň serhetlere hat bile.

Kelp (a. Kelb, ks. Kila:b) كلب – it; kelbi-geda – ykmanda it; geday it.

Kemine bendeem, kelbi-gedayam,

Ya apbas alyya bagyşla bizni.

Kelpeze (p. Kelpa:se, kelba:se, çelpa:se, kerba:se) كلپاسه، كلپزه، چلپاسه – hažžyk, zemzem, paşlak.

Ene bir gudrat bar, edi kelpeze.

Güne gargyş eden sary kelpeze,

Dem çekedir aždarhany yuwutmaga.

Kelpese (p. Kelpa:se, çelpa:se) كلپاسه – ser. Kelpeze.

Öli yylan kyrk kelpesä aldyrmaz.

Kelte كلته – 1) gysga, uzyn däl; 2) türkmen halkynyň yomut taypasynyň bir tiresiniň ady.

Kelte diňden bolmaz beyik minara,

Yaman hatyn duşsa bir yagşy äre.

Kelhemeç (p-a. Kel-hemej) كل همج//كلهمج – 1) çybyn-çirkey; goyun-geçi yaly haywanlaryň gözüne, agzyna gonyan owunjak siňek, peşe; 2) gm. Pes, akmak adam, nadan adam.

Yamany goy, yagşylyga göz ildir.

Kelhemeç hem «öz oglanym gözel» diyr».

Kem (p.) كم – az, köp däl; kem-kem – az-az, yuwaş-yuwaş, az-azdan; kem suhan – az söz; az gepleyän; kem jürúet – yürek edip bilmeyän, gorkak, jüreheti az, batyrlygy az.

Sözge yakyn benden men, hayrym kem-u şerim zor.

Söweş jayynda kem jürüet, yüreksiz, bihünär namart.

Hoş mylayym boluň, kem suhan bolmaň.

Kem-kem geler jahana eger yüz yaşa etse.

Kem jürüet (p-a. Kem-jorüet) كم جرات – ser. Kem.

Kem-kem (p.) كم كم – ser. Kem.

Kem suhan (p. Kem-sohan) كم سخن – ser. Kem.

Kem-u kast (a-p. Kem we ka:st) كم و كاست – ser. Kast.

Kemal (a. Kema:l, ks. Kema:la:t) كمال – 1) etişenlik, dolulyk, yokary hetde etişmeklik, kämillik; 2) ayypsyzlyk; 3) ynsan ömrüniň orta yaşy; 4) ynsanyň bilim we ahlak jähtden nogsansyz bolmagy; 5) gadyr-gymmat; kemally – etişen, doly, kämil.

Dil bilen, akly kemally,

Yüzi hem bolsun görkana.

Kemal han (a-t. Kema:l ha:n) كمال خان – entek taryhy çeşmelerde gabat gelmedik magtymgulynyň döwürdeşi bolan bir adamyň ady. Şahyryň yazmagyna görä, ol owgan taypasyndan bolmaly. Magtymguly oňa çuň simpatiya bildiryär, onuň türkmenlere yolbaşçy bolmagyny arzuw edyär. Soňky döwürde tapylan maglumatlara görä, onuň gajarlar taypasynyň yokary baş tiresiniň yolbaşçysy kemal aly beg (kemal han) bolmagy çak edilyär. (seret: «kemal han», «türkmen dili» gazeti. 2003-nji yylyň baydak ayynyň 12-si).

Gam senden sowular, derdiň egsilur,

Kemal han owgan dek äre yüz ursaň.

Rowaç bergil yomut, gökleň birligne,

Ol kemal han owgan bolsun başymyz.

Kemalat (a. Kema:la:t, bs. Kema:l) كمالات – ser. Kemal.

Keman (p. Kema:n) كمان – 1) yay, ok atyan sowuk yarag; 2) yaya meňzeş atlar, meselem gaş.

Magtymguly, biz dey misgin hem baylar,

Oksuz keman, kirşsiz gurulan yaylar.

Kemelmek كملمك – azalmak, az bolmak, peselmek, pese düşmek.

Kuwwatym kemeldi, küteldi dişim,

Yigitlik öwjünde henuz hyyalym.

Häli hem bir pille, ey, adam ogly,

Yykar dagy, daşy, erider demi.

Kement (p. Kemend) كمند – duşmany ya-da käbir haywanlary tutmak üçin ulanylyan ujy syrtmakly uzyn tanap; 2) nogta; 3) gm. Poeziyada söygüliniň saçy, zülpi.

Döwletim boynuna gyl kement atmyş.

Başa baglap diwanalyk kemendim.

Kemer (p.) كمر – 1) guşak; 2) bil, guşaklyk; 3) dagyň yapgydy, dagyň bili, ortasy.

Magtymguly, çykmyşam,

Dag bilinde kemere.

Gar-yagmyrlar, burjy baglan

Kemerli daglar görüner.

Kemin (a. Kemi:n) كمين – 1) buky, gizlin er; 2) duşmany ya-da awy tutmak ya-da urup öldürmek üçin bukuda oturan adam.

Ajal yatyr keminde, okun, yayyn gezenip.

Hi – hamdin yat edip, hökm ile kemin eyledi.

Kemine (p. Kemi:ne) – 1) iň kiçi; iň az; pespäl, päli pes, kiçi göwünli; ejiz, biçäre, kemsidilen; 2) ayal; 3) xıx asyr türkmen şahyry mämmetweliniň edebi lakamy.

Magtymguly, bol kemine.

Halka yhlasyň kemine.

Nadanam, zat bilmenem,

Bir kemine gul menem.

Kemsitmek كمسيتمك – kem hasap etmek, pes görmek; nägile etmek, göwnüne degmek.

Göreş bir abraydyr, uruş bir destdir,

Kişini kemsiden - özi näkesdir.

Kem suhan (kem sohan) كم سخن – ser. Suhan.

Kemçinlik كم چينليك - jelepçilik, erbet işler etmeklik.

Kemçinlik eyleyip, yygan puluny,

Düzedip özüne daka başlady.

Kenar (p. Kena:r) – 1) gyra, eňrek, yaka, boy; deňziň, deryanyň gyrasy; 2) burç; 3) gujaklama, gujak; yan, her zadyň bir tarapy.

Eger ki çyksak kenara, tor gurar ol daşymyza.

Giren gaydyp çykabilmez kenara.

Ya reb, tanap atgaymu bir kenarda oturgan.

Kengan (a. Ken’a:n) كنعان – dini rowayatlara görä, nuh pygamberiň üçünji perzendi hamyň ogly. Ol batyrlykda meşhur bolupdyr. Nemrut onuň ogullarynyň biri eken. Kengan palestinada göçen fynykylaryň ata-babasy hasaplanyar. Şoňa görä, palestinanyň bir bölegine soňabaka kengan yurdy dien at galypdyr.

Ayryldyň ataňdan, kengan atly yurduňdan,

Ady belli, arap tilli söwdügim.

Yakup yurt etdi kengany,

Ogludyr müsür soltany.

Keniz (p. Keni:z) كنيز – 1) hyzmatkär ayal; 2) gyrnak, satyn alnan ayal, gyz.

Kenizdir hem syrdaşy –

Behişt hüyri dilberi.

Kenizek (p. Kenizek) كنيزك – kiçijik keniz, kiçijik hyzmatkär ayal. Sözüň ahyryndaky kiçeltmäni «k» harpy türkmençe «jyk, jik» goşulmanyň manysyny beryär.

Leyli saňa kenizek, züleyha bolsun bende,

Men hem seniň derdiňden galyp erdim dermende.

Kent قند//كند – 1) gala; 2) oba 3) şäher. Bu söz häzirki döwürde ulanylmasa-da, daşkent, samarkant, kokant yaly atlarda saklanyp galypdyr.

Dökülerler, galalaryn alarlar,

Yow kentlerniň üçi, dördi bilinmez.

Kepara (a. Keffa:re) كـفـّاره – ser. Keparat.

Keparat (a. Keffa:ret, keffa:re) كـفـّارت//كـفـّاره – 1) dini düşünjelere görä, edilen günäni yuwmak, bagyşlatmak umydy bilen berilyän sadaka, tutulyan roza, okalyan namaz; 2) örtüji, ayryjy.

Pähm eyle sözümni, aşyklar başy,

Kim bir huda oglun keparat etdi.

Kepemek كپه مك – 1) az-kem guramak; gurap galmak; suwy gurap galmak; 2) suwsuzlykdan guramak; suwsamak.

Giyalar gurayyp, deryalar kepär.

Ol it bolup şunça jezasyn tapdy,

Suwsuzlykdan agzy-burny hem kepdi.

Kepen (a. Kefen) كفن – 1) yapmak, dolamak, ölini dolamak; 2) ölä geydirilyän ak matadan edilen geyim, şonuň bilen öli jaylanyar; köpün.

Ol kependir yakasy bar, yany yok.

Geygenimdir kepen meniň, iygenim oldy zäher.

Günde kepen biçer bu ajal hayyat.

Kepil (a. Kefi:l) كفيل – 1) boyun almaklyk, güwä geçmeklik, zamun bolmaklyk; 2) biriniň töläp bilmedik bergisini tölemegi boyun alyan adam.

Ryzkyňa kepildir alla, mukatder.

Barçanyň ryzkyna özüň sen kepil.

Hergiz ataň bolsa, bolmagyl kepil.

Keramat ı (a. Kera:met, kera:ma:t) كرامت – 1) sahylyk, eli açyklyk; 2) hormat, hormatlama; 3) dinde öwlüyäler tarapyndan edilyär diyilyän geň iş.

Şemgy şugla urdy, yandy bilindi,

Ol şemgy-hak kime keramat etdi.

Şeytan pygly birlen keramat diyip.

Keramat ıı (a. Kera:ma:t) كرامات – ser. Keramat ı.

Keramul-kätibeyn (a. Kera:m-ol-ka:tibeyn) كرام الكاتبين – dini düşünje boyunça, adamyň iki egninde oturyp, onuň günä ya-da sogap işlerini yazyp hasaba alyan iki perişde. Sag eginde oturan sogaby, sol eginde oturan bolsa günäni hasaba alyarmyş.

Keramul-kätibeyn sag-u solunda,

Yazyp namaň tabşyr magşar gününde.

Kerbela (a. Kerbela:) كربلا – asly «kerb» - gaygy-gam we «bela» sözünden. Yrakda ewfrat deryasynyň kenarynda erleşyän şäherleriň biri. Kerbela welayatynyň merkezi. Onda ymam husaynyň (ser.), abulfazlyň we başga-da birnäçe şehitleriň we yslamyň görnükli wekilleriniň mazarlary erleşyändigi üçin, ol şäher mukaddes hasaplanyar. Ewfrat deryasynyň bir şahasy bolan husaynye çayy onuň ortasyndan geçyär. 61-nji hijri (680-681) yylyndan öň ol er çöl meydan eken. Ymam husaynyň ezit bilen urşy şol erde bolyar. Ymam husayyn şehit bolandan soň, ol er şehitleriň mazarçylygyna öwrülyär. Kem-kemden şayylar şol ere yygnanyarlar, soňabaka uly şäher emele gelyär. Häzirki wagtda her yylda müňlerçe şayylar ol ere zyyarata baryarlar; deşti-kerbela – 1) kerbela çöli; 2) gm. Horluk-suwsuzlyk çöli; azap meydany, kynçylyk çöli.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   16   17   18   19   20   21   22   23   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin