Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə17/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   72

Zelalat (a. Zela:let) ضلالت – 1) azaşmaklyk, yoldan çykmaklyk, azma, dogry yoldan çykma, gümra bolma; 2) yalňyşmaklyk, yalňyş pikire düşmeklik, hakykatdan daşlaşmaklyk.

Ol kimsedir zelalatyn joşdurdy,

Myrat elde eken, namyrat nedir?

Garky-zelalat boldum, hedayatny sen göster.

Yada salmaz hayr işi, tapgan zelalatdan nyşan.

Zelil (a. Zeli:l) ذليل – hor-homsy, biçäre, pese düşen, pakyr; zelillik – peslik, ejizlik, pakyrlyk.

Erenlerdir, zelil bolup sürünmez,

Ol beladyr, gelse, göze görünmez.

Bu zelillik içre sen köp goymagyl hara meni...

Köp ynanjym sen durar sen, uly diwan, ya resul.

Zelillik (a-t. Zeli:l-lik) ذليل ليك – ser. Zelil.

Zemayyr (a. Zema:ir, bs. Zami:r) ضماير – 1) yürekler, kalplar, wyždanlar; 2) iç, her bir zadyň iç yüzleri; 3) çalyşmalar.

Zemayyrny gonduryp,

Tagty arşa mündürip.

Zemzem (a.) زمزم – 1) köp suw; 2) mekgede käbäniň golayynda, 24 metr çuňlugy bolan bir guyynyň ady. Dini rowayatlara görä, bu guyy ybrayym halyl pygamber zamanynda, yagny biziň eramyzdan takmynan 2800 yyl öň gazylypdyr. Käbir rowayatlara görä, «zemzem» ysmayyl pygamberiň ayak basan erinde dörän bir çeşmemiş. Haçan-da ybrayym halyl özüniň ikinji ayaly hajar bilen yaşajyk ogly ysmayyly bir erde goyup gidende, hajar suw gözlegine çykyp, töweregine aylanyp başlayar, yzyna öwrülse, ysmayylyň ayak depirjikläp yatan erinde bir çeşme döräp, suw akyp başlandygyny göryär. Sol erde soň oba döreyär, soň mekge şäheri emele gelyär. «zemzemiň» suwy mukaddes hasaplanyar, haja gidenler ondan alyp gaydyarlar; aby-zemzem – zemzem guyusynyň suwy.

Agzyň aby-hayat, zemzem çeşmesi,

Aynalbaky suwnuň layy, gözel sen.

Aby-zemzem çeşmesi, safa, merwe arasy,

Süleyman dek ähdimni syndyrdygym bilmezmiň?

Zemin (p. Zemi:n) زمين – 1) er, toprak, gum; 2) er (planeta); zemin sary – ere tarap; zemin-yunan – greöiya topragy; zemin-u asman – er-gök.

Gam hüjüm eyläp gökden, zemin sary inende.

Zemin-yunan hem bolar ek hezar.

Pelekler nerdibanydyr, zemin sayasyna mätäç.

At deminden doldy zemin-u asman,

Horasanyň häki-gerdi bilinmez.

Zemin sary (p-t. Zemi:n sa:ry) زمين ساري – ser. Zemin.

Zemin-yunan (p-a. Zemi:n yu:na:n) زمين يونان – ser. Zemin.

Zemistan (p. Zemista:n) زميستان – dört paslyň biri, gyş, güyzden soňky pasyl; howanyň iň sowuk bolyan pasly.

Elli bäşde tabystany,

Göyä zemistana geldiň.

Garrylyknyň apatydyr bu gahry-zemistan.

Zemre (a. Zomre) زمره – ser. Zumra.

Zen (p. Kp. Zena:n) زن – ayal, hatyn.

Dünyä zendir, köp oynaşly, äri bir.

Namart oldur – geňeş eylär zen bile.

Ogul, gyz, mal-u zen saňa asgynjak.

Dodagyny dişläp, «ah» diyr zenine.

Zenabil (a. Zena:bi:l, bs. Zenbi:l)زنابيل – ser. Zenbil.

Zenan (p. Zena:n, bs. Zen) زنان – ser. Zen. Köplük sanda bolsa-da, türkmen dilinde birlik san şekilinde ulanylyar.

Niçik it eken diyp, onda ol zenan,

Ol ite rehm edip, berdi oňa nan.

Zenbil (a. Zenbi:l, ks. Zena:bi:l) زنبيل – sebet, gündelik, gerek-yarak zatlary daşamak üçin ekenden we ş.m.-den örülip bejerilen gap.

Ynsyň, jynyň patyşahy,

Ol hem zenbil dokap geçdi.

Zenbur (p. Zenbu:r) زنبور – ser. Zanbur.

Toty hemrahyndan, zenbur şekerden,

Bilbil gülüstandan ayrylmadymy?

Zende (p. Zinde) زنده – ser. Zinde.

Zenehdan (p. Zenehda:n) – ser. Zanahdan.

Zenjan (p. Zenja:n) زنجان – ser. Hamsa ii.

Zenjebil (p. Zenjebi:l) زنجبيل – 1) hindistanda we eyranyň käbir erinde bityän uzyn we inçe yaprakly ösümlik, onuň kökünden alynyan hoşboy önüm (imbirü); 2) dini düşünjelere görä, göyä jennetde bolan fantastiki bir arygyň ady.

Seyr etdi selsebil, zenjebil bile.

Dahy bir aryk anda selsebildir,

Birisi dahy anda zenjebildir (a).

Zeň (p. Zeng) زنگ – 1) pos, metallaryň yüzünde howanyň ya-da çygyň döredyän jismi; 2) jaň; 3) gm. Kir, çaň; gaygy, gussa; zeň bolmak – poslamak.

Içiň şerden sakla, gybatdan tili,

Saklamasaň, köňül gözgiň zeň bolar.

Altyn, kümüş zeň bolupdyr.

Zeňleri asarmyş eşek boynuna.

Zeňgar (p. Zenga:r) زنگار – 1) pos; hapa sary-yaşyl gatyşykly reňk; 3) gm. Gaygy, gam, gussa.

Tartar özüň özüne, göyä ki zeňgardyr çilim.

Kayda bolsa dowzahylar, bezmide bardyr çilim.

Zeňgin (zeňgi:n) زنگين – bay; mally, puldar.

Gyzyl gana zeňginem,

Sol horasan içinde.

Zeňgistan (p. Zeng-ista:n) زنگستان – 1) negrleriň yurdy, garalaryň yurdy, afrika, zeňňileriň yurdy; 2) afrikadaky zengibar yurdy, onuň ilaty negrlerdir.

Tört müň saklap, senjap, tört müň zeňgistan,

Göyä geçip bargan sildir bu dünyä.

Zeňňi (p. Zengi:, ks. Zengiya:n) زنگي – 1) negr, garayagyz adam; 2) afrikaly; 3) ilaty garayagyz adamlar bolan afrikadaky zengibar yurduna degişli adam, şol yurduň graždany.

Sap gurdy batyr beňňiler,

Döwüşe çykdy zeňňiler.

Zeňňi baba (p-t. Zengi ba:ba) زنگي بابا – ya-da zeňňi ata – süleyman hekim atanyň (ser.) Sägirdi, meşhur şyhlaryň biri. Onuň hakyky ady takyk belli däl. Ol gelşiksiz, garayagyz bolupdyr, halk arasynda keramatly hasaplanypdyr. Ol ahmet yasawynyň ussady bolan baba arslanyň neslinden eken. Zeňňi babanyň ata-babalaryň hem sufizmiň wekilleri bolupdyrlar. Ol süleyman hekim ata ölenden soň, onuň ayaly anbar bibä (ya-da anbar enä) öylenipdir. Zeňňi babanyň kakasy – abdylmälik hojanyň ogly täç hoja atlandyrylyar. Abdylmälik bolsa ahmet yasawynyň şägirdi mansur atanyň ogly bolan. Mansur atanyň kakasy-da baba arslandyr.

Zeňňi baba sygyr çopanlaryň penakäri, çopan ata bolsa goyun çopanlaryň penakäri – piri hasaplanyar. Zeňňi baba 1258-nji yylda aradan çykypdyr. Onuň mazary daşkent şäheriniň golayynda zeňňi ata atlandyrylyan erde erleşyär. Onuň yzyny dowam etdiriji dört şägirdi bolupdyr: uzyn hasan, seyit ahmet, bedritdin (bedir ata), sedritdin (sedir ata).

Bahawetdin, mirkülal,

Zeňňi babany görsem.

Biri zeňňi baba, ol-da namdardyr.

Zer (p.) زر – tylla, altyn, gyzyl; zer lybas – tylla geyim, altyn bilen bezelen geyim.

Köňül dünyä zerin yzlap durupdyr.

Kimler zer lybas geyse.

Mätäje nan bersem, elde zerim yok.

Pakyrlar mal dier, baylar zer dier.

Zer lybas (p-a. Zer liba:s) زر لباس – ser. Zer.

Zeragat (a. Zira:’at) زراعت – ekinçilik, dayhançylyk, ekin ekmeklik, eri bejerip hasyl öndürmek.

Akar suwdur zeragatyň enesi,

Ilsiz-günsüz yurtda gala yaraşmaz.

Zerbap (p. Zer-ba:f, zer-beft) زربفت // زرباف -1) tylla bilen dokalan; 2) parça, tylla sapak goşulyp dokalan mata.

Zerbaba zowkyn olma, baka yokdur döwletde ...

Hasylyň ataş bolgay, eyleseň yaman peyda.

Zerdap (p. Zerd-a:b) زرداب – 1) sar suw, yaradan çykyan sary suw; 2) öt.

Naskeş iki jahanda bolmaz asla şadyman,

Burnundan zerdap ile sasyg akmyş her zaman.

Zerefşan (p. Zer-efşa:n) زرافشان – 1) tylla pürkülen, altyn sepilen; altyn çayylan; altyn saçyan; 2) gül ady; 3) deryanyň ady; dony-zerefşan – altyn bilen bezelen don.

Diydim ki: «puşeş geymiş». Diydi: «dony-zerefşan».

Zerefşan dahy imesdir, nil-ummanym bar meniň.

Zernigär (p. Zer-niga:r) زرنگار - 1) altyn bilen bezelen, altyn suwy berlen; gyzyl çayylan; 2) bezelen; gyzyl suwy bilen yazylan.

Galadan daşa çykdy, geldi bir hoş zernigär. 

Gördi bir guş zernigär.

Zerre (a.) زرّه – tike, azajyk, her bir zadyň iň ownuk bölejigi; az mukdar, zerre-zerre – az-az, azajyk-azajyk; zerreyi – bir zerre, bir azajyk, bir bölejik.

Bir tarapdan zerre-zerre soralar.

Müň hünärden zerre döwlet yagşydyr.

Zerre-zerre (a.) زره-زرّه – ser. Zerre.

Zerre mejal (a. Zerre meja:l) زرّه مجال – ser. Mejal.

Zerreyi (a-p. Zerre-i:) زرّه اي – ser. Zerre.

Zerrin (p. Zerri:n) زرّ ين – 1) tylladan edilen, gyzyldan yasalan; tylla ..., gyzyl ...; 2) tylla yaly, altyn yaly; zerrin kemer – tylla guşak, tylladan edilen guşak; zerrin nakyş – tylla reňkli, altyn bilen nagyşlanan, bezelen.

Ol murgy-zerrin nakyş,

Asmanlara urup baş;

Zerrin hysar – tylla diwar, altyndan yasalan diwar.

Kany şasuwaryň, zerrin hysaryň?

Zerrin nakyş (p-a. Zerri:n nakş) زرّ ين نقش – ser. Zerrin.

Zerrin hysar (p-a. Zerri:n hysa:r) زرّ ين حصار – ser. Zerrin.

Zerur (a. Zeru:r) ضرور – 1) mejbur, näalaç; 2) mätäçlik, garyplyk, pakyrlyk; 3) wajyp, derwayys, gerekli.

Bir gün yaka tutar, bilseň, bigüman,

Emma ki bir zerur hajat dünyädir!

Zehin (a. Zehn. Ks. Ezha:n) ذهن – ukyp, talant, düşbülik, akyllylyk; zehin etmek – pikirlenmek, üns bermek.

Zehin etse, biler akylly bolan.

Mydam ah çekersiň, zehin künd eder,

Gündizki hyyalyň gije düyş bolar.

Zi (a. Za:) ز – arap-pars elipbiyiniň on üçünji harpy, «z» sesini beryär. Ebjet hasabynda – 7. Muňa «zayy-höwwez» we «zayy-mu’jama» hem diyilyär. Bu harp «j», käte-de «gayn» sesine öwrülyär.

«zi» - zyyada nefsiňi dünyä üçin indermegin.

«zi» - zor eylese haşmyň, küllüsin derhem eylär.

Zib (p. Zi:b) زيب – bezeg, zynat; bezeme.

Her zişt-u ziwer-u zib,

Sahydy-älemi-gayb.

Zibir (zibi:r) زبير – 1) hereket; gatnaw; 2) howsala; gowga.

Bigayrat han golunda,

Düşdi ilat zibire.

Ziwer (p. Zi:wer) زيور – bezeg, zynat, gözellik, owadanlyk.

Her zişt-u ziwer-u zib,

Şahydy-älemi-gayb.

Zikir (a. Zikr, ks. Ezka:r) ذكر – 1) yatlama, yat etme; 2) hudayyň adyny we epitetlerini gaytalap, doga etme; doga, namaz; zikir eylemek (etmek) – yada salmak, yatlamak, doga etmek; zikr-u sena - doga we alkyş.

Ryzk üçin gam iyme, haka zikr eyle.

Her kişi kim, hak zikrinden zindedir,

Köňli tagyyr tapmaz bolsa jem bile.

Magtymguly, alla adyn zikr eyle.

Zikr-u sena (a. Zikr we sena:) ذكر و ثناء – ser. Zikir.

Zille (a. Zillet) ذله – hor, biçäre, bizar; pes; zille bolmak – biçäre bolmak, horlanmak.

Men bu yolda şunça zille bolmuşam.

Manda galyp, ajyzlygym bilmişem.

Zillet (a.) ذلت – horluk, betbagtlyk, biçärelik; muşakgat; pese düşmeklik; yigrenç; hormatdan düşme.

Dertdir bu janyň zilleti, saglyk anyň soltanydyr,

Ten mülküniň ser döwleti dynmaz, öter, myhmanydyr.

Zin (p. Zi:n) زين – 1) eer; 2) bezeg.

Çekerler gyzyldan zini biläni.

Salaryň salary, yslamyň zini.

Zinde (p.) زنده – diri, janly; zindelik – dirilik, janlylyk; zinde bolmak - direlmek, jan girmek.

Ne hastayam, ne bimar, ne murdayam, ne zinde.

Muşty-häke jan berdiň, bir zinde guluň boldum.

Galynmaz, zinde bolmaz, hut murda bolan köňlüm.

Zindelik (p-t.) زنده ليك – ser. Zinde.

Hasylym usyandyr gendeligimden,

Ölüm asan erer zindeligimden.

Zine (p. Zi:ne) زينه – basgançak, merduwan; dereje.

Gelen nökeriňdir, gelmeen awyň,

Beyiklik zinesin gal paya-paya.

Zir (p. Zi:r) زير – 1) aşak, ast; 2) inçe, inçe ses; 3) dutaryň inçe kirişi; 4) arap-pars elipbiyinde assyn hereketi; zir-u ziber – 1) aşak-yokary, aşaky we yokarky; 2) bulam-bujar, garym-gatym; 3) uly-kiçi, beyik-pes; assyn-üssün.

Hiç aňlamay zir-u ziber;

Ziri-pay – ayak asty; ziri-pay esbiňiz – atyňyzyň ayagynyň astynda.

Ziri-pay esbiňiz yrak, ispyhan,

Dagystanyň haşam-hayly siziňdir;

Zir-ziberan – bulam-bujarlar, weyranlar, agdar-düňderler.

Ne ülkeler galdy weyran boluşyp,

Ili-halky zir-ziberan boluşyp.

Dildi daglaryň zirini,

Tapmayyn biri-birini.

Zir-ziberan (p. Zi:r we zebera:n) زير و زبران – ser. Zir.

Zir-u ziber (p. Zi:r we zeber) زير و زبر – ser. Zir.

Zire (p. Zirih) زره – ser. Zirih.

Gök zireden gyrmyz ganlar sepilip.

Ziri-pay (p. Zi:re pa:y) زير پاي – ser. Zir.

Zirih (p.) زره – 1) gysga eňli, köynek ölçeginde bolan, ownuk polat halkalaryndan dokalan we gadymda uruş wagtynda geyimiň üstünden geyilyän ok-yarag geçmeyän uruş eşigi; sowut; 2) halka, ysyrga.

Jüpbe, jöwşen, zireh, sowut,

Keserli gylyç, arap at.

Zit (a. Zidd, ks. Ezda:d) ضد – 1) ters, garşy; tersleşik; 2) duşman; bir zadyň tersi, garşysy; 3) çäre, alaç; zit bolmak – garşy bolmak, ters bolmak.

Boldy kapyr zit saňa ismi-mukarrabyň müumunun,

Iki dünyä boldy hoşnut rahmatyň görgeç resul.

Zih (p.) زه – 1) yay kirişi; 2) geyim etegine yapyşdyrylan gayma; 3) kitap sahypalaryna edilyän bezeg çyzygy.

Ol ne yaydyr, çekiler anyň zih peykany tert.

Zişt (p.) زشت – yaramaz; betgelşik, gelşiksiz; mayyp; pygly-zişt – erbet iş, yaramaz gylyk.

Pygly-ziştiňden yanyp her dem puşeyman eylegil,

Yat edip ruzy-kyyamat, gözni giryan eylegil.

Her zişt ziwer-u zib,

Sahydy-älemi-gayb.

Zowal (a. Zewa:l) زوال – 1) yok bolma, daşlaşma; ayrylma; 2) aşaklama, pese düşme; 3) jogapkärçilik; günä; 4) zyyan, zelel.

Kemlik eyle – kemal bar,

Menlik etme – zowal bar.

«ya» - yalançy dünyäniň pişesi al bilendir,

Alyn görüp guwanma, düybi zowal bilendir.

Zowwar (a. Zawwa:r, bs. Za:ir) زوّار – zyyarat edijiler, keramatly hasaplanyan erlere aylanyanlar.

Synayy-aşufta zowwary-älem,

Ya ymam ryzaya bagyşla bizni.

Zowk (a. Zawk) ذوق – 1) höwes, hyjuw; 2) keyp, şatlyk, hoşluk, hezillik; inçe duygy; 3) datma, dadyp görme; zowky-wysal – gowuşmaklyk hoşlugy.

Ger zowky-wysalyň jan beren alsa;

Zowky-sapa – hoşluk, şatlyk, döwran.

Yar-a, dildarlyk bolarmy sürmeyin zowky-sapaň.

Yok eken dünyäniň ähdi-wepasy,

Kany yigitleriň zowky-sapasy;

Zowky-surur – şatlyk höwesi.

Owwaly zowky-surur, hasratly maly neylerem.

Terk edip dünyäni zowk-u toyun goy.

Bu mukarraplar besi babähredir bu zowkdan.

Zowklanmak ذوق لانمق – höweslenmek, höwes etmek; hyjuwlanmak, joşmak, joşa gelmek.

Zikr eylegenler zowklanar,

Sükr eylegenler şowklanar.

Zowky-wysal (a. Zawk-e wisa:l) ذوق وصال – ser. Zowk.

Zowky-sapa (a. Zowk we safa:) ذوق و صفا – ser. Zowk.

Zowky surur (a. Zowk-e soru:r) ذوق سرور – ser. Zowk.

Zowkyn (a. Zawky:n) ذوقين – 1) höwesli, meyilli, hyjuwly; 2) keypli, inçe duyguly.

Zerbaba zowkyn olma, baka yokdur döwlete,

Ömrüňi bada berme, sen bu dary-mähnetde.

Zolomat (a. Zoloma:t, bs. Zolmat) ظـُلـُمات – ser. Zulmat.

Zor (p. Zu:r) زور – 1) güyç, kuwwat; başarnyk; güyçli; yokary; 2) jebir, sütem, zulum; 3) zähmetli, muşakgatly.

Yagşylykda ile özün tanydan –

Alkyş alyp, derejesi zor bolar.

Zöhre (a. Zohre) زهره – 1) yyldyz ady. Gün sistemasyna giryän planetalaryň ikinjisi. Ol merkuriden (otarud) soň erleşyär. Er bilen günüň arasynda erleşmek bilen, merkuriy yaly, kämahal agşam wagtynda asmanyň günbatarynda, käwagt bolsa, ertirlerine gündogar tarapynda örän yaldyrawuk suratda görünyär. Zöhre iki yüz yigrimi bäş günde bir gezek eriň töweregine aylanyar. Ululygy merkurä (otaruda) iki esse we erden biraz kiçiräk hasaplanyar. Pars dilinde «na:hit» we halk köpçüliginiň arasynda «çopan yyldyzy» ya-da «kerwen yyldyzy» atlandyrylyar; 2) gadymy döwürde yşk we gözellik hudayy hasaplanypdyr; 3) wenera; 4) «zöhre-tahyr» dessanynyň baş gahrymany.

Dogmady asmanyň zöhresi,

Çyn aşyga döwran bu gün.

Magtymguly sözleyir dokuz pelek zöhresi.

Misli tahyr ol zöhrany,

Söen dek söymüşem seni.

«zöhre we tahyr» زهره و طاهر – gündogar halklarynyň ençemesiniň arasynda giňden yayran erteki-dessan. Bu ertekini ilkinji gezek xwii-xwiii asyrlarda yaşap geçen özbek şahyry sayyady işläp, goşgy bilen «tahyr we zöhre» dessanyny yazypdyr. Xix asyrda bolsa, türkmen klassyk şahyry mollanepes «zöhre-tahyr» dessanyny döredipdir. Bu iki dessany deňeşdirmek bilen, mollanepesiň sayyadydan güyçli täsir alandygyny görmek bolyar. Käbir goşgy setirleriniň iki şahyrda-da birmeňzeşräk gelmegi muňa açyk güwä geçyär.

«perhat-şirin», «zöhre-tahyr» adynda,

Taglym alyp, boldum men hem perwana.

Zud (p. Zu:d) زود – tiz, çalt, tizlik bilen; bady-zud - çalt ösyän el.

Bibaka pany jahany bilmegil sen jayy-bud,

Erte-yu agşam gider sen sil-u bark-u bady-zud.

Zulal (a. Zola:l) زلال – 1) sap, tämiz, arassa; 2) sap we süyji suw; 3) garyň içinden çykyan we içinde arassa suw bolan bir hili gurçuk.

Güzerimni bendi kylsam, her günde kyrk açadyr,

Aby-köwser zulalymny içipdir güzerimden.

Zulmat i (a. Zolmet, ks. Zoloma:t) ظلمت – 1) garaňkylyk, tümlük; eriň gün görmän garaňkylykda galyan döwri; garaňky; 2) aleksandr makedonskiniň yaşayyş suwuny agtarmaga giden tüm garaňky yurdy; rahy-zulmat – garaňky yol.

Rahy-zulmat boldy röwşen ayatyň görgeç resul.

Zulmata salarlar, beklärler seni.

Zynaçylar, biliň, zulmatda segdir.

Ne zulmatdyr, kamar şöhlesin salmaz.

Zulmat içre goyduň suwuň yagşysyn.

Bir gün bolar, bir zulmata düşer sen.

Zulmat ii (a. Zoloma:t, bs. Zulmat) ظلمات – ser. Zulmat i.

Zulmy-jepa (a. Zolm we jefa:) ظلم و جفاء – ser. Jepa.

Zulum (a. Zolm) ظلم – 1) sütem etme; 2) sütem, jebir, horluk.

Zulmy artdy zalymyň, hiç köňülge rehm etmez.

Jahany zulum ilen zor harap eylär.

Zumerret (p. Zomorred) زمرد – yaşyl reňkli gymmatbaha daş, izumrud (r.)

Ilki asman tutmuş ahtardan zynat,

Ady rafga, asly yaşyl zumerret.

Zumra (a. Zomre) زمره – 1) jemagat; 2) topar, gatlak; 3) jyns; hil.

«zal» - zumrayy-günähe «ri» rehmiň merhem eylär.

Bu setirde «zal» harpyna «zumra» sözüniň mysal getirilmegi dogry däl, çünki «zumra» sözi «zal» bilen däl-de, «zi» bilen yazylyar. Göçürijiler nädogry göçüren bolmagy mümkin.

Zunnun ı (a. Zun-nu:n) ذوالنون – zu-ee-nun – balyk, balyk eesi, balygyň yarany. Ewrey pygamberleriniň biri bolan yunusyň (ser.) Lakamy. Ol hakda dürli rowayatlar bar. Neynewada (aysorlaryň paytagty bolan şäher) bir topar adam bilen gämä münyär, gämi hereket etmeyär. Bir adamy deňze taşlamak barada bije atyşyarlar, bije yunusyň adyna düşyär, ony deňze zyňyarlar, göyä hudaytagalanyň gudraty bilen bir uly balyk yunusy yuwudyar we birnäçe gün garnynda saklayar, soň ony deňziň kenaryna taşlayar. Yunus öz halkynyň arasyna gelip, ilata yolbaşçylyk edip başlayar, olary dogry yola gönükdiryär. Zunnuna «sahybel-huwt» («balyk eesi») hem diyilyär.

Zunnun baryp, rüstem zala zor salsa,

Rüstemiň derdine men derman bolsam.

Zunnun ıı (a. Zun-nu:n) ذوالنون – abulfayaz ya-da abulfazl sowban ibn ybrayym müsrüň meşhur sopularyndan we aryflaryndan biri. Ol köplenç zunnun müsri ady bilen tanalyar. Ix asyrda teosofik sufizmiň esasyny goyanlaryň biri. Ol mäliki mezhebiniň (sünnileriň dört mezhebiniň biri) esasyny goyan ymam mäligiň şägirdi bolupdyr, özi-de örän takwa adam eken. Ol hal (ser.) – ekstaz barada «tertibil-ahwal» atly eser yazypdyr. Ol 245-nji hijri (859-860) yylynda aradan çykypdyr.

Zunnureyn (zu-n-nu:reyn) ذو النّورين – ser. Zunnureyn.

Zunuby (a. Zonu:bi:, bs. Zenb) ذنوبي – 1) günäler, yazyklar; 2) günälere degişli; 3) xwııı asyrda yaşap geçen we magtymgulynyň döwürdeşi bir şahyryň edebi lakamy-tahallusy.

Ajal köprük, gel, didara öteli,

Zunuby diyr, bizden habar beyledir!

Zur (p. Zu:r) زور – ser. Zor.

Magtymguly, misginem, köňlüm öyi nämagmur,

Sözge yakyn bende men, hayrym kem-u şerim zur.

Zuha (a. Zoha:) ضحي – gün guşluk wagty, günüň oňat yagtylyk beryän wagty.

Meçjit içre zuha dek,

Halklar diydi suha dek.

Zübeyde (a. Zobeyde) زبيده – 1) magtymgulynyň ayal doganynyň ady; 2) jafar ibn mansuryň gyzy we harun er-reşidiň ayalynyň ady, eminiň ejesi. Ol haja gidende mekgede köpri saldyryp, birnäçe guyy gazdyryp, şu ugurda köp pul harç edipdir. Hyjazda, şamda, bagdatda-da köşkler, metjitler saldyryp, guyular gazdyrypdyr. Zübeyde 216-njy hijri (831-832) yylynda aradan çykypdyr.

Çykdy zübeyde alnymdan, ah, neyley, bagtym gara.

Zübeyde, naçarym, diňle!

Züleyha (a. Zoleyha:) زليخا – 1) «zalh» dien sözden alnan, manysy ayagyň tayyan eri diymekdir, çünki züleyha gözellikde şeyle bir kämil derejä etipdir, ony görenleriň akyly çaşyp, ayaklary tayypdyr. Sonuň üçin arap dilinde oňa şeyle at berlipdir. Züleyhanyň asyl ady «tefsiri-tabaryda» hem-de ibn al-esiriň «taryh el-kämil» kitabynda ragyl (ra:y:l) diylip görkezilyär. Käbir alymlar ragyl züleyhanyň siriyaça ady diyip belläpdir, araplar bolsa, oňa züleyha diyip at beripdirler. Züleyhanyň ady x asyrdan öňki kitaplarda gabat gelenok; 2) dini rowayatlara görä, müsür häkimi potifaryň ayaly. Potifar yusuby (ser.) Gul hökmünde satyn alyar. Züleyha bolsa oňa aşyk bolyar. Emma yusup züleyhanyň söygüsine perwaysyzlyk edyär. Soňa görä, züleyha ärine yusupdan şikayat edip, ony tussaga saldyryar. Ahyrsoňy yusup türmeden boşayar we müsüriň häkimi bolyar. Su döwürde horlanyp, iki gözi kör bolan züleyha yusubyň yolunda oturyp, köp aglayar. Iň soňunda-da onuň dinini kabul edyär. Züleyha, göyä, yusubyň dogasy arkaly yigdelenmiş we gözleri açylanmyş. Soň yusup züleyha öylenyär.

Bu rowayatyň asyl çeşmesi «kuruandan» öňki dini kitaplardan («töwrat» we bey.) Gaydyar. Rebguzynyň «kysasyl-enbiyasynda» hem ol hakda agzalyar. Şularyň esasynda gündogarda köp hekayalar, poemalar we dessanlar yazylypdyr. Xwııı asyr türkmen şahyry nurmuhammet andalyp hem «yusup- züleyha» dessanyny yazypdyr.

Yşk bilen açylan bir täze gül sen,

Yusup, züleyhanyň tayy gözel sen.

Misli yusup züleyhany,

Söwen dek söwmüşem seni.

Züljelal (a. Zu-l-jela:l) ذوالجلال – dabara eesi, şan-şöhrat eesi; mertebeli, şanly, şöhratly (hudayyň epiteti); ya züljelalym – ey taňrym, ey hudayym.

Ya yaradan, kadyr gudratly jepbar,

Armanda goymagyl, ya züljelalym.

Diydim: «bende jähdi başa barurmy?»,

Diydi: «barmaz, istemese züljelal».

Zülpükar (a. Zu-l-fika:r) ذوالفقار – 1) hezret alynyň gylyjynyň ady. Aslynda bu gylyç asyňky bolup, bedir urşunda as öldürilenden soň, ol muhammet pygambere geçyär, ol-da uhut urşunda ony ala bagyşlayar. Bu söz iki sany «zu» - ee we «fakara» - oňurga dien böleklerden ybaratdyr. Sol gylyjyň arka yüzi oňurga şekilinde yasalany üçin, oňa «zülpükar» diylipdir. Soňabaka ol gylyja iki yüzli, iki taraply gylyç hem diylipdir; 2) oňurgaly, iki yüzli.

«menem» dien goç yigide...

Almaz zülpükar gerekdir.

Ser jydasy zülpükary gerekdir.

Zümerret (p. Zomorrod) زمرّد – 1) yaşyl reňkli gymmatbaha daş; 2) gm. Örän yaşyl zat.

Degresi zümerret daşly,

Ner babatly, kerk gardaşly.

Besläp eşegine zümerret dakar.

Zünnar (a. Zonna:r, ks. Zena:ni:r) زنـّار – 1) guşak; 2) zoroastrizm ruhanylarynyň guşagy; 3) gadymy döwürde musulman yurtlarynda yaşan hristianlaryň özleriniň haysy dindendigini görkezmek üçin dakynan belli reňkli guşagy. Klassyky edebiyatda bu sözi şahyrlar özleriniň dini möwhumata ynanmayandyklaryny bildirmek üçin ulanypdyrlar.

Kelam getirdim tilime,

Zünnar urmuşam bilime.

Jigerin daglay-daglay,

Zünnaryn baglay-baglay.

Zünnun (a. Zun-nu:n) ذوالنون – ser. Zunnun.

Zünnureyn (a. Zu-n-nu:reyn) ذوالنورين – 1) iki nuruň eesi, iki yagtylykly; 2) üçünji halyfa osman ibn affanyň lakamy. Ol muhammet pygamberiň iki gyzyna öylenipdir. Ilki rukya, ol ölenden soň bolsa ummy-külsüme öylenyär. Sonuň üçin oňa şeyle lakam berlipdir.

Bagd ez an osmany-zünnurayn, andan soň aly.

Zürüe (a. Zorry:ye, ks. Zorri:ya:t) ذرّيه – perzent, çaga, nesil, nebere.

Bir käkilik aldyrsa zürüe balasyn,

Sayray-sayray gözlemeyin bolarmy?

Züryat (a. Zorri:ya:t, bs. Zorry:ye) ذريّات – bala-çagalar, perzentler, nebereler. Bu söz köplük sanda bolsa-da, türkmen dilinde birlik san şekilinde ulanylyar.

Yürek dayanjydyr ogul züryady,

Bolmasa yigidiň züryady,

Ölende tutulmaz ady.

Iki didäm – züryadymdan ayryldym.

Zyba (p. Zi:ba:) زيبا – gözel, owadan, görmegey, görkli.

Badam gabak, alma yaňak,

Bir zyba senem islärin.

Kaddy-kamat belent, zybaya aşyk bolmuşam.

Zyban (p. Zeba:n) زبان – 1) dil, gepleyiş organy; her bir halkyň ya-da kowumyň gepleyiş täri; 2) söz; sözleyiş; şirin zyban – süyji dilli, süyji sözli.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   13   14   15   16   17   18   19   20   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin