Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə19/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   72

Edi derwüş - ähli-hal,

Ispendiyar, rüstem zal.

Ispendiyar ruinten, rüstem zalynda...

Ya reb, habar bilerinmi, yar, senden.

Ispyhan (p. Ispihan, ispa:ha:n) اصفهان – bu at «sypah-goşun» dien sözden alnan, çünki gadym döwürde ol er eyranyň goşunlarynyň saklanyan eri eken. Arap dilinde oňa isfihan diyilyär, soňabaka şu forma eyranda-da yayrayar. Gadym döwürde bu şähere isbahan, isbehan we safahan-da diylipdir. Ol eyranyň merkezinde bolan onunjy ostanynyň (welayatynyň) merkezi şäheri, zaenderut deryasynyň kenarynda erleşyär.

Ispyhan eyranyň iň gadymy şäherinden biridir. Ahamenidler döwründe häzirki ispyhanyň erinde gawal, gawy ya-da gabe, gabiyan atly şäher bolupdyr. Soňabaka ol şähere ji, gi diylipdir, yslam dini döreyänçä şu at bilen belli bolupdyr. Bu şäher hezretи omaryň halyflyk eden döwründe 641-642-nji yyllarda araplaryň eline geçyär, üç yyl yyllap araplar şol şähere häkimlik edyärler. Ispyhan birnäçe dinastiyanyň, şol sanda seljuklaryň, sefewileriň paytagty bolupdyr. Mongollaryň we emir teymuryň döwründe çapawula uçrap, harap bolanda bolsa, soňlar abadanlaşypdyr, ylayta-da şaapbasyň zamanynda has hem ösüpdir, hatda halk arasynda oňa «ispyhan-nisfi-jahan» («ispyhan-dünyäniň yarysy») diylipdir. Ispyhanda ençeme taryhy yadygärlikler, binalar bar. Mes.: minar-jünban (gymyldayan minara), otuz üç köpri, kyrk sütün, alygapu, şyh lutfullanyň metjidi we b. Su binalar we yadygärlikler dürli asyrlarda gurlupdyr.

Ziri-pay esbiňiz yrak, ispyhan,

Dagystanyň haşam-hayly siziňdir.

Ispyhany bir sahyby-kär harap eylär.

Istiganat (a. Isti’a:net) استعانت – 1) kömek, yardam; kömek berme, yardam etme; 2) kömek isteme, yardam talap etme; 3) öz pikiriňi subut etmek üçin başga bir şahyryň goşgusyndan käbir bentleri öz şygrynda getirmek; istiganat kylmak (etmek) – kömek etmek.

Istiganat kyl aňa, ya seyyidi-hatmy-rusel.

Istihan (p. Ostoha:n) – 1) süňk, ynsanyň we haywanyň bedenini emele getiryän gaty jisim, madda; 2) miwäniň dänesi we şänigi.

Tenden jyda olar ganyň,

Bikär galar istihanyň.

Suratym nisyandadyr, istihanym häk ola.

Istihanym altmyş para etdiler.

Ishak (a. Isha:k) اسحاق//اسحق – 1) ybrayymyň ikinji oglunyň ady. «töwratda» aydylşyna görä, ol takmynan on tört yyl ysmayyldan soň dünyä gelipdir. Ejesiniň ady saradyr. Ishak sözüniň asly ybry dilinde «yashak» bolup, onuň manysy «gülyär» diymekdir. Oňa şeyle at dakylmagyň sebäbi aşakdaky yaly düşündirilyär: haçan-da perişdeler ybrayyma oglunyň boljakdygyny habar berenlerinde, sara geň galyp, gülyär, çünki ol şol wagtda togsan yaşan garry kempir bolup, ybrayym-da bir yüz yigrimi yaşyndaky garran adam eken. Soňa görä, sara oglunyň boljagyna onçakly ynanmandyr. Ishak kakasynyň döwründe pygamberlige bellenip, palestinanyň bir topar ilatyna yolbaşçylyk edipdir, olara dogry yol salgy beripdir. Ishak öz kakasynyň dogany nahur ibn taruhyň gyzy bolan refka öylenipdir. Ondan iki sany ekiz ogly bolupdyr. Olaryň biri yakup, beylekisi aysdyr. Rowayatlara görä, ishak garran döwründe görejinden mahrum bolup, bir yüz segsen yaşap aradan çykyar we häzirki döwürde «halyl» atlandyrylyan «hebrun» şäherinde, «mekfile» dien gowakda jaylanypdyr; 2) гaznawy emirleriniň biri bolan oluptekiniň ogly; 3) ishak ibn hanyn apbasylar döwründe yaşap geçen belli wraç we terjimeçi; 4) ishak türk – abu müslüm horasanynyň tarapdarlarynyň biri. Ol abu müslümi pygamber hasaplayan eken; 5) ishak musuly – ybrayym musulynyň ogly, meşhur sazandalaryň biri. Ol apbasylar halyfalary bolan harun ar-reşidiň, mamunyň we mugtasymyň köşgünde möhüm wezipeleri eeläpdir we 235-nji hijri (849-850) yylynda bagdatda aradan çykypdyr.

Ishak aydar: «pakyr men,

Gullugymga mukyr men».

Itagat (a. Ita:’at) اطاعت – 1) boyun egme; gulak asma, boyun sunma; 2) alnan buyruga görä hereket etme; tabyn bolma.

Gelleban arbaba dönüp, bolmuş arbaplar emir,

Sahlara yokdur itagat, ili naferjam olur.

Ihraç (a. Yhra:j) اخراج – ser. Yhraç.

Ihtida (a. Ihtida:ü) اهتداء – 1) dogry yola girme; yol tapmak, yola girmek; 2) yslam dinini kabul etme, musulman bolma.

Sen göyä mähtap sen, eshabyň ahtar,

Tapdy täjiň adyň bile ihtida.

Ihtimam (a. Ihtima:m) اهتمام - jan çekme, tagalla etme, дalaş etme; höwes etme, has üns berip дalaş etmek; ihtimam kylmak - höwes etmek; jan çekmek.

Kim haramny tahyr etse, nasny kylsa ihtimam...

Hanayy-yslam-u din küffara bolgan naskeş.

Içgin (içgi:n) ايچگين - 1) çyn yürekden, janypkeşlik bilen, mähirli; 2) gm. Yakyndan, çuň, düypli; içgin-içgin – has janypkeşlik bilen, tüys yürekden.

Aryflar bar, başa baglap keçeler,

Içgin-içgin sorsaň, many seçeler.

Içgu (içgu:) ايچگو – 1) içmek, noş etmek; 2) içgi; ser. Iygu.

Içmeyin ايچمه يين – içmän, içmezden.

Dözmenem, doymanam, durmanam, ey yar,

Bu saky döwründe içmeyin jamym.

Içre ايچره – içinde; hyjalat içre – utanç içinde; hayrat içre – geň galmaklyk yagdayynda.

Gullugyňda gün hyjalat içre galmyş hem zemin.

Hayrat içre galmyşam, ajyz boluban manda men.

Işa (a. I:şa:) ايشا – dawudyň kakasy. Ol ehut ibn yakubyň neslindendir.

Işa ogly dawut älemni sürdi,

Hak aňa «zeburyň» kelamyn berdi.

Işan (p. I:şa:n) ايشان – 1) pars dilinde at çalyşmasynyň üçünji şahs köplük sany; olar; 2) pir, mürşиt, şeyh, sufizmiň wekillerine, hormat üçin aydylyan termin.

Özi işan erdi – piri-hedayat,

Zamanynda bir iş «bina» eyledi.

Işwe (a. Yşwe) عشوه – ser. Yşwa.

Işik (i:şik) ايشيك – gapy, girelge, agyz.

Kyrk günden ilgeri işik açdylar.

Bismilla diyp işik açdy muhammet.

Işiksiz jay (i:şiksiz ja:y) ايشيك سيز جاى – 1) gapysyz jay; 2) gm. Gabyr, gör.

Işiksiz, tüynüksiz jaya,

Bir gün eltip salajakdyr.

Işme (i:şme) ايشمه - çeşme; er gazyp suw çykarma; guyy.

Gel, köňül, sabr eylegil, munçakly oda düşme,

Az bilip, köp sözleyip, gam çeşmesini – işme.


- y -
Ya, yi (a. Ya:) ى – arap-pars elipbiyiniň yigrimi sekizinji harpy, kesre üçin uzynlyk alamaty hökmünde gulluk edyär. Ebjet hasabynda – 10.

Ya – yaratgan yoluna nanyňny berseň az henuz,

Ten birehne olturyp donuňny berseň az henuz.

Yitirmek ييتيرمك - 1) elden gidermek, yogaltmak, gaçyrmak; 2) zyyan çekmek, zelel görmek; yol yitirmek - azaşmak, erbet yola düşmek; huş (akyl) yitirmek – 1) özüňden gitmek; däliremek, däli bolmak.

Yagşy yigit yol yitirmez,

Jäht kysmatdan köp getirmez.

Özümi unutdym, huşum yitirdim.

Beyik pikre galdym, aklym yitirdim.

Yüwrük (yü:rük) يوريك – 1) çalt ylgap bilyän, çabyk; 2) göçme halk, çarwa halk; 3) yyndam; antonimi çaman.

Aslyga dartadyr yüwrük, çamanlyk,

Yüwrükni çamanga satyjy bolma!

Yüwürmek يوويرمك – ser. Yügürmek.

Otuz yaşa barynja, göyä bir algyr şir sen,

Dünyä gamy başynda, göyä yüwrüp elir sen.

Yügürmek يوگورمك – ylgamak, yortmak, hars urmak.

Dünyä gaygysy birle boldy gara bagrym gan,

Ahyrъetni unutdym, eldim, yügürdim her yan.

Yüzmek يوزمك – suwuň yüzünde el-ayagyň kömegi arkaly hereket etmek, suw üstünde durup batmazlyk.

Derya içre yüzgen, çöllerde yörgen,

Dem hasabyn tükel etmeyin galmaz.

Yüň sakal (يونگ سقال) – gm. Masgara, gelşiksiz yagday; abraydan düşme; yüň sakal etmek – masgara etmek, abraydan düşürmek; yüň sakal bolmak – abraydan düşmek, yalançy bolmak, masgara bolmak.

Özüňi yüň sakal eder,

Bozulan ile baş bolan.

Yürek (يوراك) – 1) ynsanyň we haywanyň gursagynda erleşen we her demde gany bedene yayradyan möhüm organ, kalp (ser.); 2) gm. Batyrlyk, edermenlik; 3) rehim, şepagat (ser.), merhemet; yürek bulamak – hapa etmek, ynjytmak.

Yüregi hyruçly, göwni ganatly,

Göreldesi – hup ustady yigidiň.

Bir yaman söz yürek bular,

Yagşyny älem arzuwlar.

Yüreksuz (t-p. Yürek-su:z) يوراك سوز – yürek yandyryjy, yüregiňi yakyp baryan; yüregi yanan, jany köen, içi yanan.

Magtymguly şeb-u ruz,

Jangüdaz-u yüreksuz.

Yyglamak ييغلامق – aglamak, eňremek; yyglay-yyglay – aglap-aglap.

Ey yaranlar, yyglamayyn neyläyin,

Yşk meni yandyryp, yakyp baradyr.

Mejnun kibi sährada yyglay-yyglay gezdigim.

Yygmak ييغمق – 1) yygnamak, toplamak, jemlemek; 2) ormak, hasyly yygnamak, tirmek.

Munça yygdy ybrayym,

Nämäni aldy gitdi!

Dünyä doly gazna yygsaň ne peyda,

Çyn mal oldur - jayna berseň el bile.

Yygnamak ييغنامق – toplamak, jemlemek, bir ere üyşürmek.

Bihuda, adam ogly,

Yygnanyň galdy gitdi.

Yygyn ييغين – 1) goşun, leşger; 2) topar; yygnak; yygnanyp birigen halk; 3) yygyndy.

Yygyn görki, yow gününiň öresi.

Mertden dogan yygyn görse, yol başlar.

Yykam ييقام - «yykmak» işliginden; yykayyn. Işligiň buyruk formasynyň birinji yöňkemesiniň birlik sanynda gelen görnüşi, many tarapdan isleg aňladyar.

Hasratyma pelek aglar, aşyk boldy tilsiz zaglar,

Perhat kimin, beyik daglar yykam yusup die-die.

Yykylmak ييقيلمق – 1) weyran bolmak, berbat bolmak; 2) basylmak, eňilmek; 3) düşmek, gaçmak; 4) gm. Sagynmak, bil baglamak, yüz tutmak.

Ya bir merde yykyl, ya-da hudaya,

Bende işi baş tutmady, art oldy.

Yyldyrym يلديريم – 1) yagyşyň öň yanynda we yagyş yagyan wagtynda bulutlarda toplanan elektrikleriň partlap, emele getiryän yagtylygy; 2) gm. Çalt, tiz.

Yyldyrym dek bolar toynak kakyşy,

Sygyr sypatlydyr guyruk çykyşy.

Yylky (yylky:) ييلقي – gylyal sürüsi; gylyal, at, baytal, yaby sürüsi.

Boz güsbent, gyr yylky, gara gäwmişli,

Argaly, gäw bolar maly gürgeniň.

Yyrak (yyra:k) يراق//ايراق – ser. Yrak; yyrak eylemek – daş etmek; ayry tutmak; yyrak salmak – ayra salmak, daş tutmak.

Daş eyleyip, yyrak eyle özüňni.

Özüni yyrak saldy.


- k -
Kaba (a. Kaba:) قباء – don, erkekleriň geyyän uzyn üst geyimi; gülgün kaba – gülüň reňkindäki don, şol reňkdäki don geynen; gyrmyz don; rum kabaly – rumda (ser.) Tikilen donly adam.

Ey aty yüwrük yigit, özi goçak, gülgün kaba.

Sam abaly, rum kabaly jananym.

Kabayyl (a. Kaba:yyl) قبائيل – köne düşünjelere görä, ikinji gat asmanyň perişdeleriniň iň ulusy; ser. Arkalwyn, arfalun.

Kabul i (p. Ka:bol) كابل – ser. Käbil.

Kabul ii (a. Kabu:l) قبول – 1) alma, berlen zady alma; 2) razy bolma, muwapyk bolma; 3) alyp gullanma; 4) biriniň sözüni dogry diyip bilme; kabul kylmak (etmek) – kabul etmek.

Peyşini okasaň, üzersiň karzyň,

Kabuldyr alladan dilegiň arzyň.

Dileglerim kabul kylmay,

Malga zar eylediň meni.

Kaby-kowseyn (a. Ka:b-e kowseyn) قاب قوسين – 1) yay atylanda el tutulyan ortasy bilen uçlarynyň arasyndaky iki aralyk; 2) gm. Hudaya yakyn iki perişde, hudaya yakynlar.

Kaby-kowseyn baryp, haka gowuşdy,

Sol serweri-iki jahan geçipdir.

Kabyz (a. Kabz) قبض – ser. Gabyz.

Söz bilen için egser, kabz olup, dolan köňlüm.

Kabyl i (a. Ka:bi:l) قابيل – adam atanyň ilkinji oglunyň ady, ol öz dogany habyly (ser.) Öldüryär. Olar hakda «kuruanda» we «töwratda» yatlanypdyr.

Senbe gün kabyl habylyň,

Öldürip, ganyny içdi.

Kabyl urdy ol habylny daş bilen,

Ini agasyndan ayrylmadymy?

Kabyl ii (a. Ka:bil) قابل – 1) mynasyp, layyk; yaramly; 2) kabul edyän; 3) mümkin; 4) zehini bar, zehinli; kabyl bolmak – mynasyp bolmak, layyk bolmak.

Bu bazara gelgen kişi yhlasyn ary eylesin,

Kabyl bolan yhlasly gul merdanlaryň merdanydyr.

Kagba (a. Ka’be) كعبه – ser. Käbe.

Otny ur kagbaga täriki-künçde.

Kagbaröw (a-p. Ka’be-rew) كعبه رو – käbä gidyän, käbä zyyarata gidyän.

Arslan kibi kowduň kapyr awlary,

Küşat etdiň nije kagbaröwleri.

Kagry-bahr (a. Ka’r-e bahr) قعر بحر – ser. Kagyr.

Kagyz (p. Ka:gaz) كاغذ – 1) yazuw yazmak we kitap basyp çykarmak işlerinde ulanylyan pagtadan we ş.m. Zatlardan edilyän listler; 2) hat, nama (ser.), mektup; kagyz yazmak – hat yazmak.

Rast diydi, açdy agyz, hat edip yazdy kagyz,

Kabul eyledi wagyz, hem barça halayyklar.

Kagyr (a. Ka’r) قعر – düyp, tey; kagry-bahr – deňiz düybi; jähennem kagry – dowzahyň düybi.

Jähennem kagryndan çekse zybana,

Ner, bugra sypatly uçgun çykarlar.

Kadar (a.) قدر – 1) ölçeg, her zadyň ölçegi; 2) güyç, kuwwat, takat; 3) täley; huday buyrugy; allanyň öz bendeleri üçin bellän zady; ol kadar – şol mukdarda.

Men hem pyragy ol kadar,

Aklymny kyldym derbe-der.

Kaddy-kamat (a. Kadd we ka:mat) قد و قامت – ser. Kat i.

Kadym (a. Kadi:m) قديم – geçmiş, öňki zaman, gadym (ser.); eyyamul-kadym - öten zaman, öňki günler, geçen döwür.

Bardy turuň dagyna, hak birle boldy ol kelim,

Ötdi anlar, galdy dünyä, geçdi eyyamul-kadym.

Kadyr (a. Ka:dir) قادر – 1) güyçli, gudratly; gurply; 2) hudayyň epiteti; kadyr hak (alla) – gudratly huday; kadyr jepbar – gudratly huday.

Gözde yaşyn dökmeklik,

Kadyr haka arz dälmi?

Gözün tutar kadyr hakyň emrine.

Owwal başda, kadyr alla,

Senden bir kerem islärin.

Kaza (a. Kaza:) قضاء – 1) kazylyk, kazylyk etmek, derňäp, dogry baha bermek; 2) täley, takdyr, yazgyt; 3) erine etiriş; 4) tötänden, birdenkä; 5) öz wagtynda erine etirilmedik dini dessury soň erine etirmeklik; kaza eylemek – edilmedik işi erine etirmek; kazasy etmek - ölmek.

Eger dogry gelse ajal kazasy,

Müň yalbarmak bilen köňül güytmez hiç.

Kazanyň damyga bolduk giriftar.

Anda kaza yayy gurlup durupdyr.

Kazy (a. Ka:zy; ks. Koza:t) قاضى – 1) erine etiryän; 2) höküm edyän; 3) hajatlary erine etiryän; 4) şerigat sudüyasy, şerigat häkimi; kazy-al-hajat – hajatlary bitiryän, hajatlary beryän (hudayyň epiteti).

Kazysy aňlamaz, begi pis ülkä,

Yagmyr yagmay, erler gyzmana gelgey.

Eya kazy-al-hajat, barça işler kyn dörär.

Kazy-al-hajat (a. Ka:zy al-ha:jat) قاضى الحاجات – ser. Kazy.

Kay قاى//قايسى//هايسى – haysy; kay birin – haysy birin.

Häsietiň men aydayyn kay birin,

Çemeniň sayragan şeyda bilbilin.

Kayda قيده – nirede, haysy erde.

Tartar uzyn kaydyga, göyäki zengardyr çilim,

Kayda bolsa dowzahylar, bezmide bardyr çilim.

Kaydum (a. Kaydu:m) قيدوم – köne düşünjelere görä, edi gat asmanyň üçünji gatynyň ady. Bu at başga käbir çeşmede قلزم (gulzum) görnüşinde gabat gelyär. Munuň asly gyzyl yakutdan. Bu asmandaky perişdeleriň sanyny hudaydan başga hiç kim bilmeyär. Üçünji asmandan dördünji asmanyň arasy bäş yüz yyllyk yoldur. Perişdeleriniň iň ulusynyň ady gökbayyldyr.

Üçünji gök reňki ayynmaz otdan,

Ady kaydum, asly gyzyl yakutdan,

Perişdesi bardyr böri suratlyg,

Beyikleri bardyr gökbayyl atlyg.

Kaysar (a., ks. Kaya:syra) قيصر – asly latyn-grekçe. Gadymy rum patyşalarynyň lakamy, öarü; 2) kaysary we kaysaryya – türkiyäniň anatoly welayatynda bir şäheriň ady.

Magtymguly gezende,

Halap, kaysar düzünde.

Refrefil, küwfe tarap, basra, halap, şirwany sen,

Hem müsür, hem kaysar-u şiraz ile ispyhany sen.

Kaysaryya (a.) قيصرى//قيصريه – ser. Kaysar.

Kaysy قايسى – «haysy» sözüniň gadymy formasy; «nähili?», «neneňsi?» dien sorag aňladan çalyşma.

Pelek maňa gam badasyn bereli,

Wysal kaysy, hijran kaysy bilmedim.

Kayt (a. Kayd, ks. Koyu:d) قيد – 1) yüp, bent, haywanlaryň ayagyna baglanyan tanap; 2) baglanyşyk; baglamaklyk; baglylyk; gurşap almaklyk; 3) zynjyrlamaklyk; registrirlemek; spisoga salmaklyk; kayt etmek – 1) baglamak, daňmak (zynjyr ya-da tanap bilen); 2) registrirlemek; bellemek; gurşap almak.

Damy-zülpüň kaydyna özümni zyndan isterem.

Tartar uzyn kaydyga, göyä ki zengardyr çilim.

Kayyl (a. Ka:il) قائل – 1) gepleyän, sözleyän; 2) razy, razyçylyk beren; 3) rowayat eden; kayyl bolmak – razy bolmak, boyun bolmak.

Bu dünyä mülkünde soltandyr, şadyr,

Kysmatyna kayyl bolsa adamzat.

Magtymguly bir guldur,

Gullugyna kayyldyr.

Kayym (a. Ka:yim) قائم – duran, dik duran, ayak üstünde duran; biriniň erini eelän; pugta, mäkäm.

Kayym olsaň istemezler, gitseň ki awaz eyleyir,

Sözleseň, bermez seda, söylemeseň, raz eyleyir.

Kaklanmak قاقلانمق – 1) dilinmek, kesilmek; gatalmak; 2) gm. Ölmek, yok bolmak, et-süňk bolup galmak.

Etmişde läş kaklanar,

Jan jesetde saklanar.

Kakmak قاقمق – 1) urmak, çalmak; urup sokmak; 2) üstünden urup girizmek; 3) silkmek; ganat kakmak – 1) uçmak, perwaz urmak; 2) gm. Höwes etmek, höwes bilen yapyşmak.

Ganat kakyp, sayran bilbil,

Meylis eylär gül biläni.

Kaknus (p. Koknos, konu:s) ققنس//قوقنوس – sözüň asly grekçe. Mifiki bir uly guşuň ady. Feridetdin attar (xıı asyr) özüniň «mantyk at-tayr» («guş dili») atly eserinde bu guş hakda doly maglumat beripdir. Bu guşuň jübti bolman, özi-de hindistanda yaşayan bolmaly. Kaknusyň gargy tüydük yaly uzyn çüňki bolup, onuň-da köp sanly deşigi bolmaly. Yüze golay bolan şol deşikleriň her birinden ayratyn owaz çykyanmyş. Kaknus sayran mahaly hemme guşlar dymyp, bihuş bolyanmyşlar. Su guşuň owazy göyä sazyň - muzykanyň döremegine sebäp bolanmyş. Mifologik rowayatlara görä, ol müň yyl yaşap, öljek wagtyny-da açyk bilyänmiş. Haçan-da ölüm pursaty gelip etende, gury çöp-çalam yygnap, höwürtgesine getiryänmiş we şolaryň arasynda oturyp, zaryn sayrayarmyş, onuň çüňkünden her dürli owaz çykyanmyş, şonda ol ölüm howpundan we gussasyndan gorkup, agaç yapragy yaly titräp başlayarmyş. Onuň şol gaygyly owazyna hemme guşlar, wagşy haywanlar yygnanyarmyşlar. Ol guşlaryň we haywanlaryň käbiri ölüp, käbiri-de bihuş bolyanmyş. Kaknus ganat kakyp, ondan bolsa uçgun döräp, yaňky gury çöp-çalam ot alyp, guş hem şol otda yanyarmyş, ol küle öwrülende, şol külüň aşagyndan geljekde guş döremeli yumurtga peyda bolyarmyş. Seylelikde, täze bir kaknus emele gelyärmiş.

Kap dagy zeberjet reňbe-reň dagdyr,

Kaknus bir guş, dayym anda tussagdyr.

Kaknus guş müň saz bilen,

Sol hindistan içinde.

Kal (a. Ka:l) قال – 1) «kowl» sözünden, öten zaman birlik sanda «diydi, aytdy» dien manyda; 2) söz, gep, gürrüň; sözleyiş; 3) sözde ya-da soragda ilki başlama; «kyl» bolsa jogap diymek; kyl-u kali – 1) bulaşyk gürrüň, garyşyk gürrüň; adamlaryň gürrüňi; 2) galmagal, gykylyk.

Soradylar: «ey adam, diy, görem halyň nedir,

Dünyäde hayr etmediň, bu kyl-u kalyň nedir.

Kalam (a., ks. Akla:m) قلم – 1) gamyş, ujy yonulyp, yörite hat yazmak üçin ulanylyan gaty bir hili gamyşdan yasalan yazuw guraly; 2) umuman yazuw guraly; 3) hat, yazuwyň bir hili; 4) gm. Allatagalanyň takdyryny lowha (ser.) Yazyan gudrat guraly.

Häki-payyň totuyayy-dideyi-lowh-u kalam,

Asy ymmatga şepagat, ya muhammet mustapa.

Kalp i (a. Kalb, ks. Kolu:b) قلب – 1) yürek; göwün; 2) her bir zadyň içi we ortasy.

Kalbyma giripdir yslam höwesi.

Kalbymyň dünyäsi weyrana geldi.

Agzy gülüp, kalby bulan namarda,

Gardaş olma, yyrak eyle özüňni.

Kalp ii (a. Kalb) قلب – 1) degşirme, çalşyrma, öwürme, bir zady tersine öwürme; 2) nädogry, nädürs; 3) pars dilinde arassa bolmadyk, garyndysy bolan gyzyl, kümüş; 4) şygyr sungatynyň bir görnüşi; ser. «türkmen klassyky edebiyatynyň sözlügi», 165 s.

Kam (p. Ka:m) كام – 1) maksat; arzuw, isleg; 2) agyz, agzyň içi; kam almak – arzuwa etmek, maksada etmek.

Işini daşdan alur teprendiginçe kam alur.

Gelmenem aklyma görmeyin kamym.

Kamakym (a. Kama:kym, bs. Kamkam) قماقم – ser. Kamkam.

Kamar (a. Ks. Akma:r) قمر – ay, ay planetasy; kamar şöhlesi – ayyň yagtylygy, ay şöhlesi; şams-u kamar – gün we ay.

Ne zulmatdyr, kamar şöhlesin salmaz,

Ussat bolsaň, bize mundan habar ber!

Ey şems-u kamar yüzli,

Tabana gözüm düşdi.

Kamar şöhlesi (a-t. Kamar şo’lesi) قمر شعله سى – ser. Kamar.

Kamat i (a. Ka:met, ks. Ka:ma:t) قامت – 1) boy, syrat, kat; endam; adamyň ayak üstünde duran wagtyndaky uzynlygy; 2) azandan soň aydylyan sözler.

Kamaty serwi dek näzik bedenler.

Kaddy-kamaty belent, ey nury-haknyň walysy.

Kamat ii (a. Ka:ma:t, bs. Ka:met) قامات – ser. Kamat i.

Kamkam (a. Ks. Kama:kym) قمقام – 1) uly pyçak; 2) deňiz; 3) möhüm we uly iş; 4) jomart adam, taypa başlygy; 5) bir gylyjyň ady.

Geldiler ykrar edip, ol şiri düldül eesi,

Bagyş eden düldül bilen kamkamy sen-sen, ey peri.

Kamys (a. Kami:s, ks. Akmasa) قميص – 1) pagtadan dokalan ak mata; 2) köynek.

Gelin-gyzlar gyrmyz donlar biçdiler,

Kamysdan lybaslar hem don, çowdur han.

Kanagat (a. Kana:’at) قناعت – gözi dokluk; az zada razy bolmaklyk, öz payyňa kayyl bolmaklyk; berlene razy bolmaklyk, berlen bilen ylalaşmak; kanagat etmek – berlene razy bolmak; sabyr etmek.

Patyşadan adalat gider,

Derwüşden kanagat gider.

Öz ryzkyna hiç kanagat etmeen.

Kanadyl (a. Kyna:di:l, bs. Kyndi:l) قناديل – ser. Kandyl.

Kanda قنده//قانده – nirde, haysy erde; her kanda – her erde, her haçan.

Berimiň bolsa her kanda,

Gören saňa bolar bende.

Kandyl (a. Kyndi:l, ks. Kana:di:l) قنديل – 1) çyra asylyan, içine çyra salyp asylyp goyulyan yörite gap; 2) lampa, panar; 3) zeytun yagyň ya-da nebitiň batyrylan bir peltäniň yanmagy bilen yagtylyk beryän gural; köp şemli asma çyra; lyustra; 4) eyran azerbayjanynda bir dagyň ady.

Guşy ol erden göterdi,

Eltip kandylda olturtdy.

Kandahar (p. Kandaha:r) قندهار – owganystanda argandap deryasynyň kenarynda erleşyän şäheriň ady. Ol nedir şanyň patyşalyk eden yyllarynda eyran goşunlarynyň güyji bilen salnypdyr we nedirabat diyip atlandyrylypdyr, soň kandahara öwrülipdir.

Medinäni açlyk, mekgäni hebeş,

Hyrat, kandahary mar harap eylär.

Kanyg (a. Ka:ni’) قانع – kanagatly, kanagat edyän, payyna razy, bary bilen bazar eyleyän; ähli-kany - az zada razy bolyan, kanagatly, gözi dok adamlar.

Kanyg bolup, yzzatda tut özüňni.

Tamyga kanyg diyp, kanyglary zar bildiler.

Ähli-kanyg meňzär bahry-ummana.

Kap i (a. Ka:f) ق – arap-pars elipbiyiniň yigrimi dördünji harpy, dilardy yzky kentlewük «kü» sesini beryär, özi-de yogyn çekimliler bilen ulanylyar. Ebjet hasabynda – 100. Bu harp (ses) tüys pars sözlerinde gabat gelenok. Ol arap we türki dillerden alnan sözlerde duş gelyär.

«kaf» - karabet isteseň bu yolda biliň baglagyl.

«käp» - günähiň yat edip, tur säherler yyglagyl.

Kap ii (a. Ka:b) قاب – 1) yayyň iki tarapy, yayyň ortasyndan iki ujuna çenli aralyk; 2) mukdar, ölçeg; ser. Kaby-kowseyn.

Kaby-kowseyn baryp, haka gowuşdy,

Sol serweri-iki jahan geçipdir.

Kap dagy (p-t. Ka:f da:gy) قاف داغى – 1) mifiki dagyň ady; ertekilerde görkezilişine görä, bu dag eriň daşyny gurşap alanmyş; 2) kawkaz daglary; 3) symrug (anka) guşuň yaşayan dagy; göwni kap dagynda – gm. Ulumsy, gopbam.

Kap dagy zeberjet reňbe-reň dagdyr,

Kaknus bir guş, dayym onda tussagdyr.

Gurşun dey erider kap dek daglary.

Kapas (p. Kafas) قفس – arapçaقفص – 1) guş we eldeki däl haywany saklamak üçin agaç çybygy ya-da simden yasalan yörite jay, sandykça; 2) gm. Zyndan, türme.

Jeset bir menzildir, ten bir kapasdyr,

Jan bir gözi bagly guşdur, yaranlar.

Kapyr (a. Ka:fir, ks. Koffa:r) كافر – 1) yapyjy, üstüni yapyan, çünki dinsiz adam diniň üstüni yapyar we yslamy kabul etmeyär; dine ynanmayan, dinsiz, imansyz; 2) tanamayan, bilmeyän, yagşylygy bilmeyän, yagşylygy unudan; 3) hudaya ynanmayan, hudayyň birligini kabul etmeyän; pars dilinde bu söz «kafer» şekilinde ulanylyar. 4) gm. 1) garaňky gije; 2) demir donuň üstünden geyilyän geyim; 5) dayhan; 6) uly derya.

Bizden salam orazmeňli şahyra,

Musulman, kapyryň parhy nädendir?

Hanayy-yslam-u din küffara bolgan naskeş.

Karabat (a. Kara:bet) قرابت – yakynlyk, garyndaşlyk; ynsanlar arasyndaky yakynlyk.

«kap» - karabet isteseň, bu yolda biliň baglagyl.

«fi» - fikriň kylganga, «kaf» - kurbatyň bes dälmi?

Karar (a. Kara:r) قرار – 1) dynçlyk, aram; durmaklyk; 2) rahatlyk, dynç alyş; 3) dowam, dowamlylyk; 4) gepleşik ya-da barlagyň netijesi hökmünde gelinyän netije; 5) durnuk, durnuklylyk; kararsyz – durnuksyz, bir erde, bir pikirde durmayan adam; bir kararda – bir yagdayda; bikarar – ynjalyksyz, närahat; berkarar – hemişelik, dowamly; dikeldilen, karar tapan; karar etmek – rahatlyk tapmak; nazm-u karar tapmak – düzgüne we rahatlyga eebolmak.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   15   16   17   18   19   20   21   22   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin