Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə23/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   19   20   21   22   23   24   25   26   ...   72

Kyyas i (a. Gyya:s) غياث – 1) yardam, kömek; kömege gelyän, dada etişyän; 2) sopularyň uly piri bolan kutbul-aktabyň (ser.) Sag we sol tarapynda bolyan iki şahsyetiň biri; ser. Gows.

Zekerya pygamber, ya hezret ylyas,

Kowus, kyyas, musa, ymran, şypa ber!

Kyyas ii (a. Kyya:s) قياس – 1) deňeşdirme, ölçeme; 2) bir zady başga bir zada meňzedip höküm etmek, netije çykarmak; iki zady deňeşdirmek; 3) dinde analogiya boyunça deňeşdirme; 4) ölçeg; güman; kyyas etmek - ölçemek, deňeşdirmek.

Kyyas ediň gyz-gelinden.

Käb-u nun (a. Ka:f we nu:n) كن//كاف و نون – käb - «k» harpynyň ady; nun - «n» harpynyň ady. Şu iki harpy goşun كن – kon diyip okasaň, arap dilinde «bol, döre» dien manyny aňladyar. «kurúanyň» otuz altynjy «yasyn» süresiniň 82-nji ayatynda «iza erade şeyen en ekula lehu kon feekun» - allatagala her wagt bir zady islese, oňa «bol-döre» diyyär, şonda ol zat bolyar – döreyär – dien sözlem bar. Dini düşünjelere görä, huday älemi göyä «kon-bol» diyip döredenmiş.

Kadyr alla gudratydan, yaranlar,

Käb-u nundan berpa boldy bu dünyä.

«kün!» lefziden älemni

Möwjut etgen alla sen.

Käbe (a. Ka’be) كعبه – 1) öy, hudayyň öyi, mekge öyi; 2) mekge şäherinde, «mesjidil-haram» atly metjidiň meydanynda bolan dört burç jay, onuň dört töwereginde kiçijik gümmezli ençeme sütün salnypdyr. Metjidiň dört burjunda minaralar bar. Käbäniň içine mermer daş düşelipdir, diwarlary dürli gözel yazgylar bilen bezelipdir, yokarsyndan tylla lyustralar asylyp goylupdyr. Onuň diwarlarynyň biriniň daş tarapynda «hajaril-eswed» («gara daş») atlandyrylyan meteorit gara daş berkidilipdir. Musulmanlaryň ynanjyna görä, käbe öyi salynyan wagtynda göyä perişdeler şol daşy behiştden getirenmişler we hezret ybrayym ilkinji gezek käbäniň diwarlarny salanda, şol daşy ayagynyň aşagynda goyup, diwarlary örüpdir. Dürli dini-taryhy kitaplarda aydylyşyna görä, käbe öyi beytilmukaddesden 913 yyl we isa pygamberiň dünyä iynmezinden takmynan iki müň yyl ozal salnypdyr. Ybrayymyň ilki salan jаyynyň üstünden häzirki käbäniň metjidi döredilipdir. Yslamdan öň käbede arap kabylalarynyň butlary saklanyan eken. Muhammet pygamberiň döwründe şol erde üç yüz altmyş but bolupdyr. Haçan-da pygamber mekgäni basyp alanda, şol butlaryň hemmesini döwmeklige buyruk beryär.

Yslamyň düzgüni boyunça, musulmanlar käbä bakyp namaz okayarlar, haja gidilende yörite kada boyunça onuň daşyndan aylanylyar we başga-da birnäçe dessurlar erine etirilyär. Bu jay dört burç bolany sebäpli, oňa «käbe» («dörtburç öy» diylipdir.

Käbä baryp, edi keret dolansam.

Edi gün käbe daşynda gurt-guşlar aglady.

Imanym yoldaş bolsa,

Barsam käbäni görsem.

Käbetaraş (a-p. Ka’be tera:ş) كعبه تراش – 1) käbe salyan; dört burç jay salyan; 2) hezret ybrayymyň lakamy.

Halylulla haknyň käbetaraşy,

Kim andan soň käbä ymarat etdi?

Käbil (p. Ka:bol) كابل – 1) owganystan respublikasynyň paytagty, ol yurduň gündogarynda, käbil deryasynyň kenarynda erleşyär. Onda taryhy jaylar we gözel baglar bar. Taryhy erleriniň biri bamyyandyr. Ol käbiliň 145 kilometrliginde daglyk erde erleşyär, onda uly heykeller, şol sanda buddanyň uly heykeli bar; 2) käbil deryasy. Käbir maglumatlara görä, käbil şäherini ilkinji gezek soltan mahmyt saldyrypdyr. Köp yyllar hind soltanlarynyň hökümet merkezi bolupdyr, soň nedir şa ony basyp alyar. Ondan soň owganlaryň eline düşyär.

Leklahurda, sekwan, käbil şährinde,

Jepa çekip, dinin açdy muhammet.

Käwüs (p. Ka:wu:s) كاوس – ser. Keykäwüs.

Käzim (a. Ka:zim) كاظم – ser. Musa käzim.

Käyinmek (kä:yinmek) كايينمك – zeyrenmek, käyinç bildirmek, nägilelik bildirmek.

Kim begliginden düşmez eywandan,

Kimse yoksullykdan käyiner jandan.

Käyiş (p. Ka:hiş) كاهش – pars dilindäki «ka:sten» - kemelmek; kemeltmek sözünden; 1) kemlik, kemelmek, kem bolmak; 2) kemçilik, nogsan; 3) horluk, horlanmaklyk; käyiş tapmak – horlanmak, kemçilik tapmak. Bu söz käyinç sözünden başgadyr.

Köňül awlayyn diyp ugrasam her yan,

Dawadyr, döwüşdir, käyiş tapar jan.

Käm (p. Ka:m) كام – ser. Kam.

Kämil (a. Ka:mil) كامل – 1) kemala gelen, etişen; bütin, nogsansyz; 2) ylma, hünäre, oňat gylyk-häsiete ee bolan, etişen; doly; 3) pir, sopulykda yokary derejä eten; kämil bolmak – etişmek, kemala etmek.

Yhlas bile bir kämile gol bergen,

Eter bir menzile, etmeyin galmaz.

Kämil bolmaz ol şerbetden datmayan.

Kämil tapsaň, kyl gullugyn serişde.

Kämil bolup, jan gulagyn bermeen.

Kämiyap (p. Ka:mya:b) كامياب – 1) maksada eten; bagtly; arzuwyna eten; 2) xıx asyr türkmen şahyry.

Yar wasly-jemalydan her du jahan kämiyap,

Bagtym müşterisine gurawer bazar, ey dost!

Kän i (p. Ka:n) كان – 1) magdan, hazyna, magdan eri; 2) çeşme; käni-saha - jomartlyk magdany, sahylyk magdany.

Aňlamayan yşk derdiniň käninden.

Dayyma käni-saha bolgan muhammet mustapa;

Käni-syr – syr magdany, köp syrly.

Käni-syr birle hayya bolgan muhammet mustapa,

«ymmatym!» diydi eda bolgan muhammet mustapa.

Kän ii (p. Kä:n) كان – köp, zyyat, artyk.

Ya yaradan, kadyr, gudratyň kändir.

Köpleri yok etdiň, käni yuwutdyň.

Käni-saha (p-a. Ka:n-e saha:) كان سخا – ser. Kän.

Käni-syr (p-a. Ka:n-e syrr) كان سر – ser. Kän i.

Käp (a. Ka:f) ك – arap-pars elipbiyiniň yigrimi bäşinji «k» harpy. Muňa «arap käbi» hem diyilyär. Ebjet hasabynda – 20. Pars sözleriniň ahyryna kiçeltmek maksady bilen goşulyan harp. Mes.: merd-merdek, piser-piserek.

«käp» - «kün!» diygen binaňa, «lam» - lemgatyň bes dälmi?

«käp» - günähiň yat edip, tur säherler, yyglagyl.

Käpir (a. Ka:fir, ks. Koffa:r) كافر – 1) tanamayan, bilmeyän, yagşylygy unudan; 2) dinsiz, hudaya ynanmayan; 3) şükür etmeyän; imansyz; 4) üstüni yapyjy; käpiri-mutlak – düypden käpir, asly käpir.

Til hem gybat, yalan sözläp durupdyr,

Şeytan bir käpirdir, nebis hem zalym.

Ol iş bile bolar käpiri-mutlak.

Käpiri-mutlak (a. Ka:fir-e motlak) كافر مطلق – ser. Mutlak, käpir.

Kär (p. Ka:r) كار – iş, kesp, pişe.

Barça iş hakyň käridir.

Şere şöhrat bermek – şeytanyň käri.

Kärsaz (p. Ka:r-sa:z) كارساز – alaç ediji; çäre tapyjy. «kar» - iş we «sahtan» - bejermek, gurmak dien sözlerden; kerimi-kärsaz – keremli alaç ediji (huday).

Ey kerimi-kärsaz,

Günähim güzeşt eyle!

Kärsizlik (p-t. Ka:r-sizlik) كارسيزليك – 1) işsizlik, bikärlik; 2) gm. Bihepbelik.

Kärsizlikden gam öyünde bişenden,

Çenden agdyk sere düşen iş yagşy.

Käsip (a. Ka:sib) كاسب – 1) kesp edyän; bir iş bilen meşgullanyan adam; ele alyan, gazanyan; 2) söwdagär.

Bidöwlet ynanjaň, käsip käyinjeň,

Edi eser bolsa, biri göwünjeň.

Kätip (a. Ka:tib, ks. Kotta:b) كاتب – 1) yazyan; mürze, sekretarü; 2) göçüriji, öň yazylan eseriň yüzünen göçürip beryän.

Bir niçeleriň aşyga, gör awy gatyldy,

Takdyr ezel kätipge neden beyle çatyldy.

Dawut kätipligin berse yazmaga.

Käfir (a. Ka:fir) كافر – ser. Kapyr.

Käfur (a. Ka:fu:r) كافور – ser. Kafur.

Kähil (a. Ka:hil, ks. Kewa:hil) كاهل – 1) yalta, sus, hayal, agras; 2) garry; güyçsüz; kähil bolmak – yalta bolmak; yaltanmak; güyçsüz bolmak.

Kyyamat gün hemme işi puşmandyr,

Hak işine kähil bolsa adamzat.

Kähiş (p. Ka:hiş) كاهش – ser. Käyiş.

Kähkeşan (p. Ka:h-keşa:n) كاهكشان – ser. Kehkeşan.

Käşgi (p. Ka:şki:) – ser. Käşki.

Käşgi soran bolsa, saçaydym dürler.

Käşi (p. Ka:şi:) كاشى – 1) syrçaly yuka kerpiç, syrçaly yuka plitka, kafelü (r.); 2) esasan eyranyň käşan şäherinde öndürilen dürli reňkde bolan syrçaly gap, tabak.

Dar mejlisde doly berseň käşini,

Aşyn içebilmez, käşi syndyrar.

Käşki (p. Ka:şki:) كاشكى – hayyş, arzuw ya-da bir zady arzuw edip, talap üçin aydylyan söz. Ka:ş hem diyilyär; gowy bolardy, oňat bolardy, bolaysady.

Käşki adam bu dünyäge gelmese,

Gelenden soň ömür sürse-ölmese.

- l -
La (a. La:) لا - yok, atlaryň we işlikleriň öňünden gelip, yokluk manysyny aňladyan predlog; «-syz,-siz,-suz,-süz» goşulmalary bilen manydaşdyr; la bolmak - yok bolmak; inkär edilmek.

«la» - lareyb özün äşgär eylemiş.

Niçe magbut bir magbutdan basyldy,

Kaysy isbat boldy, kaysy la boldy?

La ezal (em ezel) – ebedi, hemişelik, mydamalyk, hiç haçan yok bolmayan (hudayyň sypatlaryndan biri).

Her kimi bir köe saldy ol kerim-u la ezal,

Niçeler tagat bile ömrün ötürdi mah-u sal.

La ezal (a. La: eza:l) لا يزال – ser. La.

La ilaha (a. La: ila:ha:) لا اله - ... Yokdur huday.

Gök göteren sekiz melek,

«la ilaha!» dilegidir.

La ilaha illalla (a. La:ilaha: illal-la:h) لا إلهَ إلاّ الله – alladan başga taňry yokdur, hudaydan başga huday yokdur. «kurúanyň» «bakara» süresiniň 255-nji ayatyndan bölek.

«la ilaha illalla» diyp bitildi,

Üç yüz altmyş senem käbede öldi.

Barçany yaradan şol gözel alla,

We ya diygen «la ilaha illalla».

La mekan (a. La: meka:n) لا مكان – ser. Lamekan.

Laba (p. La:be) لابه – 1) yalbarma, ejizlik edip yalbarma; yüz tutma, hayyş etme; çöke düşüp yalbarma; 2) hayyş, kiçigöwünlilik, pespällik.

Hakyň yşkynda zinde, labaň baky hayatdyr,

Her tende yşk bolmasa, ruzy-ezel mematdyr.

Labyz (a. Lefz, ks. Elfa:z) لفظ – 1) söz, keleme, agyzdan çykan söz; 2) aňlatma, aydylyş.

Eger misgin, eger bir bay, taparmy sensizin hiç ray,

Yamandyr ayralyk, «ey way» arap labzynda «wayladyr».

Labyr (la:bir) لا بر – 1) gämini bir erde saklamak üçin tanabyň ya-da zynjyryň ujuna berkidilip, deňze, derya taşlanyan demirden yasalan iki ya-da dört şahaly gural, yakorü (r.); 2) gm. Agram, agyrlyk.

Rysmanyn berk edip, labyr salmayan.

Gämige labyrdyr, derya näheňdir.

Lagal (a. La’all) لعل – belki, meger, şayat (ser.).

Tenni ybadatdyr ylal,

Hem diwi-şeytandyr lagal.

Lagar i (p. La:gar) لاغر – arryk, hor, eti-gany bolmadyk.

Lagar çöküp, yüki galsa meydanda,

Myzlamasyn (?) Hatardaky ner çeker.

Lagar ii (p. La:gar) لغار – köne düşünjelere görä, edi gat eriň bäşinji gatynyň ady. Munuň ady «gyyasul-lugatda» «humalta», başga käbir çeşmede «mutayya» we «mutabba» şekilinde duş gelyär. Bu erde düyä meňzeş uly içyanlar, zäherli yylanlar barmyş. Eger şolaryň biri şu dünyä gelse, hiç zat galman, hemme närseler yok boljakmyş. Olaryň zäheriniň eserinden hemme deryalaryň suwuny içmek boljak dälmiş, miweleri iyip boljak dälmiş, ienler heläk boljakmyş.

Bäşinji er ady lagar zemindir,

Almaz daş urarlar her kim bidindir.

Lagl (a. La’l) لعل – ser. Lagyl.

Lagly-ahmar (a. La’l-e ahmer) لعل احمر – ser. Lagyl.

Lagly-badahşan (a-p. La’l-e badahşa:n) لعل بدخشان – ser. Lagyl.

Lagly-leb (a-p. La’l-e leb) لعل لب – ser. Lagyl.

Lagly-şekerbar (a-p. La’l-e şeker-ba:r) لعل شكر بار – ser. Lagyl.

Lagn (a. La’n) لعن – näletlemek; sökmek, payyş söz aytmak, gargamak; lagny-huday – hudayyň näletläni, allanyň gargany.

Tamugnyň dykynjy zekatsyz baydyr,

Derwüşe tagn eden lagly-hudaydyr.

Lagnat (a. La’net) لعنت – 1) hudayyň rahmatyndan mahrum bolmaklyk; 2) gargyş, gargama, nälet.

Yow güni gayrata gatlan,

Lagnat goyma riş üstünde.

Lagnatkerde (a-p. La’net-kerde) لعنت كرده – 1) nälet edilen, näletlenen; gargyş edilen, gargalan; 2) hudayyň rahmatyndan mahrum edilen.

Yagşy oguldan rahmat arygy akar,

Lagnatkerde ogul boldy, bolmady.

Lagnaty (a. La’nati:) لعنتى – 1) näletlenen, gargalan, nälet edilen, nälet siňen; 2) hudayyň rahmatyndan mahrum adam.

Magtymguly, yigit dogsa lagnaty,

Möhümiň bitirmez, goyar minneti.

Lagnaty şeytanyň talaşyn görüň!

Lagyl (a. La’l) لعل – 1) gyzyl reňkli gymmatbaha daş, rubin (r.); 2) gm. Gyp-gyzyl dodak; 3) gyzyl syya bilen yazylan hat; lagly-ahmar – 1) gyzyl lagyl; 2) gm. Al şerap; lagly-badahşan – badahşandan çykyan lagyl. Badahşanyň lagly geçmişde uly şöhrata ee bolupdyr. Şoňa görä, gündogar edebiyatynda «lagly-badahşan» dien düşünje köp duş gelyär; lagly-leb – gyp-gyzyl dodak; lagly-şekerbar – şeker saçyan dodak; süyji dodak. «lagyl» sözi parsça «lal» sözüniň arapçalaşanydyr.

Lagyl, yakutdandyr bolan zatlar.

Ey lagly-lebi göwher,

Ummana gözüm düşdi.

Deken käni, jahangiriň almazy,

Badahşan magdany-lagly siziňdir.

Lagyn (a. La’y:n) لعين – 1) näletlenen, nälet edilen, lagnat edilen; 2) hudayyň rahmatyndan mahrum bolan adam; lagyn-şeytan – näletlenen şeytan, pislenen şeytan, gargyş edilen şeytan.

Şol pursatda haydar çykdy meydana,

Gahr ile kast etdi lagyn şeytana.

Lazym (a. La:zim) لازم – 1) gerek, zerur, wajyp, gerekli; 2) şerigat boyunça edilmegi zerur hasaplanyan iş; 3) durnukly; lazym olmak - gerek bolmak, wajyp bolmak.

Lazym oldy okymak «enel-hak-u mine-el-hak».

Sapar kylmak lazym, azygyň eyle.

Çyksam dier yara lazym.

Lay (la:y) لاى – 1) suwag üçin tayyarlanan yörite suwuk palçyk; 2) bokur, palçyk gatyşykly; 3) gat; 4) bir yola, başdan-ayak; 5) gm. Bulaşdyrylan, el gatylan; dul.

Al şeraba el uzatdym, emendim,

Durusyn içmişler, laya sataşdym.

Layyk (a. La:yyk) لايق – mynasyp, yaramly; gelşikli; degişli; layyk bolmak – mynasyp bolmak.

Bu iş hezrete layyk,

Resulga boldy ayyk.

Afuw eylärge layyk sen,

Hem tebibi-hazyk sen.

Lakgy لاقغى – yaňra, bolgusyz gürläp yören, sözüniň ugry-utgasy yok adam.

Kazylar betpäldir, uzyndyr tili,

Bir lakgy çaşyrar ol küren ili.

Lakin (a. La:kin) لكن – ser. Liken.

Lam (a. La:m) ل – arap-pars elipbiyiniň yigrimi edinji «l» harpy. Ebjet hasabynda – 30.

«lam» - lutfun kyl umyt, şeytandan özüň saylagyl,

«mim» - myradyň isteyip, ajyzlygyň yat eylegil.

Lam elip (a. La:m elef) لا – 1) yok; yokluk aňladyan predlog; ser. La. Bu söz «lam-elipla» formada hem gelyär; 2) arap elipbiyiniň «lam» (l) we elip (a) harplarynyň birikmesi; 3) gm. Gayçy; 4) gm. Gol gowşuryp durma.

«lam-elip», yok ygtybar dünúeyi-biwepaga.

«lam-elip» lareyp özün äşgär eylemiş.

Lam-elipla (a. La:m elef-la:) ser. Lam-elip.

Lamekan (a. La:meka:n) لا مكان – mekansyz, jaysyz, öysüz (huday).

Gel, köňlüm, nesihat berem,

Lamekana yar olmagyl.

Seyr edip bardym pelege, lamekana ugradym.

Lap (p. La:f) لاف – 1) bolgusyz söz, biderek gürrüň; 2) magtanma, güpüleme, hetdenaşa öwünme; lap urmak (etmek) - öwünmek, güpülemek.

Tilleriň gybat kesip, lap-yalan sözler aygysy.

Öyünde lap urar her kim,

Batyr söweşde bellidir.

Her zaman magtymguly, halk içre gezme lap edip.

Lareyp (a. La:-reyp) لا ريب – şeksiz, şübhesiz, şek yokdur, gümansyzdyr.

«la» - lareyp özün äşgär eylemiş.

Sunguňa boldy lareyp, wes-sufla-u wel-ulya.

Lat (a. La:t) لات – yslamdan öň araplaryň çokunan butlarynyň biriniň ady. Ol tayyfda erleşipdir, özi-de dörtburç daşdan ybarat bolupdyr. Onuň ornunda häzirki wagtda tayyf metjidiniň çep tarapynyň minarasy erleşyär. Lat aslynda nebti dilinden alnyp, babylylaryň hudaylarynyň biriniň ady bolmaly hasaplanyar. «kurúan» kyssalarynda aydylyşyna görä, yslam dini eňenden soň muhammet pygamber abu sufyan bilen mugayrat ibn şa’bany halyt ibn welidiň yolbaşçylygy astynda iberip, laty weyran etdiryär. Olar butuň gymmatbaha zatlaryny, perdelerini getirip, pygambere beryärler. Ol-da ol zatlary ilata paylap beryär.

Melgun döw urunyp oşol zamanda,

«ya lat, ya lat!» diyip, jan berdi onda.

Abu talyp bolup çykar syrata,

Neyge dine girmez lat-u menata.

Latyf (a. Lati:f, ks. Lotafa:) لطيف - «lutf» sözünden; 1) mylayym, yumşak, näzik, hoş, yakymly; 2) gözel, owadan; gelşikli; näzli; 3) ruhany, jisme däl-de, ruha degişli; 4) yagşylyk ediji, hayyr ediji (allatagalanyň sypatlaryndan biri); ser. Habyr.

Müúmün-u käfir seniň dergahyňa başyn urar,

Perdelerni munda yyrtma, ya latyf-u ya habyr.

Laf (p. La:f) لاف – ser. Lap.

Lahat (a. Lahad, ks. Lahu:d) لحد – 1) gör, gabyr, mazar; 2) gabryň içinden gazylyan sowma.

Lahat atlyg dar, düşeksiz öy bardyr.

Köňül aydar: ölmeseň,

Lahatda tenha galmasaň.

Lahat içre janym galdy.

Kim ki müňkür bolsa, anyň aldyda bardyr lahat.

Lahur (la:hor) لاهور – päkistanyň günbatarynda erleşyän bir şäheriň ady, penjap welayatynyň merkezi.

Adan şahy etgeç lahura azmy ...

Aby-jeyhun harap eylär horezmi.

Laçyn (la:çyn) لاچين – aw awlamak üçin terbielenyän ayaklary gyzyl elguş; algyr.

Humay oturyşly, laçyn turuşly.

Gördüm bir laçyn gelür,

Howada howalanur.

Laçynsyz çöl erde galan maslyk men.

Le له - «ile - ايله» sözüniň gysgaldylan formasy. Meselem: elim ile – elimle, yagny elim bilen. Bu forma esasan poeziyada şeyle ulanylyar.

Diyrdi yar: «men aşygam, öz elim le katl edem.

Kaysy galanyň diwary

Muhammet le magraç aşdy.

Leb (p.) لب – 1) dodak; 2) her bir zadyň gyrasy, kenar, yaka; lebi-derya – deňiz kenary; derya lebi – derya kenary, deňiz gyrasy.

Leb üstüne leb goyup sen, zerreçe tagam bilmediň.

Derya lebi – olur lebap.

Lebi şeker, agzy gunça,

Tili süyji lebi handan.

Lebap (p. Leb-e a:b) لباب – 1) suw kenary, suwuň gyrasy; 2) amyderya boyunda erleşyän etrap.

Derya lebi - oldur lebap,

Içer bolsa her kes şerap.

Lebbeyk (a.) لبّيك – hawa, men tayyar, men häzir, men bar; buyrugyňyzy erine etirmäge men tayyn (biriniň ady tutulyp çagyrylanda, jogap hökmünde aydylyar).

Seda çykar perişdäniň perinden,

«lebbeyk» diyip, turar, geler erinden.

Lebiz (a. Lefz) لفظ – ser. Labyz.

Lebriz (p. Leb-ri:z) لبريز - «leb» - dodak, gyra hem-de «ry:hten» - dökmek işliginiň häzirki zaman düyp işligi bolan «ri:z» sözlerinden emeli yasama sypat; doly, pürepür, dolup, gyrasyndan dökülyän halat; lebriz bolmak – 1) pürepür bolmak; 2) gm. Hetden aşmak.

Lewa (a. Liwa:) لواء – baydak, tug.

Nury-mähweş bolan gutlug habybym,

Adyň serdefterde, lewada belli.

Ledun (a. Ledon) لدن – 1) yanynda, yakynynda; 2) hudayyň yanynda; 3) dini, mistiki; bir işiň gizlin taraplary; ylmy-ledun – dini ylym, hudaya degişli ylym; ussatsyz öwrenilen ylym, doga-bitdi ylym.

Okyr bolsa, ylmy-ledun açygly,

Hem diwana, hem beňňi, hem içigli.

Lejam (a. Lija:m) لجام – uyan, owsar, agyzzyryk.

Guzum deryasynda, düypsüz ummanda,

Aly, hatam salan lejamy gördüm.

Lezzet (a., ks. Lezza:t) لذ ّت – tagam, dat; 2) süyjülik, şirinlik, datlylyk; 3) hezil, keyp, hoşluk.

Togsan dürli tagam bolsa gaşyňda,

Ne lezzet içinde duz hem bolmasa.

Oyunyň lezzetin bilmeen adam,

Hünärli yigidiň sazyna degmez.

Leyl (a.) ليل – gije, agşam; leyl-u nahar – gije-gündiz.

Ne çopandyr, bakar leyl-u nahary,

Ussat bolsaň, bize mundan habar ber!

Leyletil-magraç (a. Leyletil-mi’raj) – leyl – gije; mi’raj - basgançak, merduwan. Asmana çykylan gije. Dini düşünjelere görä, göyä muhammet pygamberiň hakyň emri bilen asmana çykan gijesi.

Dostum diyip, lutf kyldy leyletil-magraç aňa,

Mustafanyň dostlaryny çaryyar etgen kerim.

Leyli (a. Leyli:) ليلى – 1) arap gyzynyň ady, mähd ibn sagd amyrynyň gyzy. Kays atly yigit oňa aşyk bolyar, emma leyliniň ene-atasy olaryň birikmeklerine garşy bolyarlar we leylini ibni salama durmuşa çykaryarlar. Kays leyliniň yşkynda telbe bolyar, düze çykyp, haywanlar bilen gezyär we mejnun adyna ee bolyar. Leyli-de söygülisinden jyda düşeni üçin, syrkawlap ölyär. Mejnun leyliniň ölenini eşidip, onuň gabrynyň üstünde köp aglap, ahyr hem 669-700-nji yyllarda aradan çykyar. Leyli bilen mejnunyň söygüsi iň meşhur yşky dessanlaryň biri bolup, köp şahyrlaryň ünsüni özüne çekipdir. Nyzamy ilkinji gezek bu wakany şygyr bilen beyan edip, poema yazypdyr. Soň onlarça şahyrlar bu temany işläp, dürli dillerde eserler döredipdirler. Nurmuhammet andalyp-da xwııı asyrda «leyli-mejnun» dessanyny yazypdyr; 2) içginiň ilkinji täsiri, serhoşluk.

Nejd dagynda gezen mejnun yşkynda,

Yanar otly leyli bolup galyp men.

Mejnun leyli perizady

Söen dek söymüşem seni.

Leyli mejnunyndan, şirin perhatdan,

Wamyk uzrasyndan ayrylmadymy?

Leymun (p li:mu:) ليمو – limon, hemişe gök öitrus agajynyň galyň gabykly miwesi. Ol turşy ya-da süyji bolyar. Süyjüsiniň gabygy yuka bolyar.

Narynjy, turunjy, leymun, almalar,

Bir abadan baga düşdüm, yaranlar.

Leyteni (a. Leyteni:) ليتنى – ser. Ya i.

Lek (p.) لك – 1) biderek söz, samrama; 2) sypat bolup gelende: akmak, pes; gysganç; 3) hindi sözünden: yüz müň, her bir zadyň yüz müň sanysy. Arap dilinde «lek» on million sany aňladyar; lek-lek – yüz müň-yüz müň; gm. Topar-topar.

Eger söze berseň gulak,

Perişdeler durar lek-lek.

Leklahur (lekla:hu:r) لكلاهور – päkistanda bir şäheriň ady.

Leklahurda, sekwan, kabul şährinde.

Haybar-u hyrat ile leklahury, sekwany sen.

Lemgat (a. Lemúa’) لمعه – yagtylyk, yaldyrawuklyk, röwşenlik, yşyk.

Sernegüwn oldy senemler lemgatyň görgeç resul.

«käp» - «kün!» diygen binaňa, «lam» - lemgatyň bes dälmi?

Lem ezel (a.) لم يزل – ser. La.

Lemmer-lemmer لنبر-لنبر – gat-gat, üst-üstüne, topbak-topbak, topar-topar.

Lemmer-lemmer möwç uran,

Şol deryalar galmazlar.

Lenber-lenber – ser. Lember-lember.

Bela geldi lenber-lenber,

Doga kyldy anbar-anbar.

Ya deryamyň, ya möwçmi sen, lenbermiň.

Lep (p. Leb) لب – ser. Leb.

Lepbeyk (a. Lebbeyk) لبيك – ser. Lebbeyk.

Lerzan (p. Lerza:n) لرزان – titreyän; titreme gymyldayan; gymyldama; lerzana gelmek, lerzan bolmak – titremek, gymyldamak.

Asman, gün-u ay lerzan,

Hem yyldyzlar galmazlar.

Köňlüm lerzan boldy dünyä gamyndan.

Zemin jünbüş eyläp, geldi lerzana.

Lerzana (p. Lerza:ne) لرزانه – ser. Lerzan.

Lerzana gelmek (p-t.) لرزانه گلمك – ser. Lerzan.

Lerze (p.) لرزه – gymyldy, titreme, gagşama; lerze urmak – titremek, gagşamak.

Görüň husayn mürzäni, haka yazar arzany,

Erler urup lerzäni ysrafyldan üyn dörär.

Lefz (a., ks. Elfa:z) لفظ – ser. Labyz, lebiz.

Edi piriň lefziden bir yadygärem dogrusy.

«kün» lefziden älemni,

Möwjut etgen alla sen.

Leşger (p.) لشگر – 1) esger; 2) goşun, orda; elemiň leşgeri – gaygy-gussa goşuny; köp gaygy-gussa.

Magtymguly aydar, meniň üstüme,

Elemiň leşgeri çozup başlady.

Liken (a. Li:ken, la:kin) ليكن – emma; diňe; iki sözlemiň arasynda getirilyän şert sözi; ser. Läkin.

Imdi, liken ayyrdylar zor bile.

Liken jan içre dosty pynhandyr.

Lisan (a. Lisa:n, ks. Elsene) لسان – 1) dil, agzyň içinde bolan gepleyiş organy; 2) bir halkyň gepleyän sözi; 3) gepleyiş, söz, nutuk.

Begler, magtymguly lisan joş geldi,

Şun dey isa gökde ne şähre iyndi.

Lowla (a. Law-la:) لولا – ser. Löwla.

Lowlak (a. Law-la:k) لولاك – ser. Löwlak.

Lown (a. Lawn, ks. Elwa:n) لون – ser. Elwan.

Lowh (a. Lawh, ks. Elwa:h) لوح – 1) tagta, daş; yüzüne hat yazmak üçin köne mekdeplerde ulanylan gara tagtajyk; 2) yagtylyk; her bir yasy zat; 3) gm. Allatagalanyň yazgydy yazylan ruhy tagta; köplenç «lowh-u kalam» şekilinde ulanylyar.

Häki-payyň totuyayy-dideyi-lowh-u kalam,

Asy ymmatga şepagat, ya muhammet mustapa.

Lowhul-mahfuz (a. Lawh-al-mahfu:z) لوح المحفوظ – göyä asmanyň iň yokary gatynda bolan yüzüne yaşayşyň syrlary, ynsanlaryň yazgydy yazylan tagta.

Zeminiň rafygy, gögüň diregi,

Lowhul-mahfuzda hem semada belli.

Loly (p. Lu:li:, ks. Luliya:n) لولى – 1) aydym aydyp tans edyän gyz; 2) yaramaz ayal, hayasyz; loly ayal (heley) – yaramaz gylykly ayal, gezegen ayal, jelep ayal, hayasyz ayal, utançsyz ayal.

Dostlar, höwes etmäň loly ayaly.

Dünyä bir loly heleydir,

Bir gün seni guçar gider.

Yola girmez, loly bolan zenanlar.

Löwla (a. Law-la:) لولا - «law» we «la» sözlerinden emele gelen, manysy: eger bolmasa.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   19   20   21   22   23   24   25   26   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin