Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə34/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   72

Derwüşleriň dogasydyr.

Paya-paya (p. Paye-pa:ye) پايه پايه – dereje-dereje, pille-pille, basgançak-basgançak.

Gelen nökeriňdir, gelmeen awuň,

Beyiklik zinesin gal paya-paya.

Çarh oldy nerdiwanym,

Gök paya-paya döndi.

Payan (p. Pa:ya:n) پايان – 1) soň, ahyr; yz; 2) uç, kenar, gyra; bipayan – soňsuz; köp, zyyat; payan bermek – ahyryna çenli etmek, baky bolmak; payanyna çykmak – soňuna etmek.

Yüz yyl okap payanyna,

Ne zal-u ne lukman çykar,

Yalan dünyä payan berendir kime?

Agalar, dünyäniň payany bolmaz.

Payana (p. Pa:ya:ne) پايانه – 1) soň, ahyr, yz; 2) uç, kenar; yarymadanyň deňze etyän soňky nokady.

Surud-u seda birle, jahan yüzi abatdyr,

Olma suruda magrur, payanasy bibatdyr.

Peder (p.) پدر – kaka, ata, däde.

Yashana diyp, yyglap geçdi pederiň.

Peder bize miras goydy bu derdi.

Pederim azady ötdi, galmady käbäm enem.

Kimi yakar boldy peder, gardaşy.

Pezayyh (a. Feza:yih, bs. Feza:het) فضايح – ser. Pezihat.

Pezihat (a. Fezi:het, feza:yih) فضيحت – 1) ryswalyk, şermendelik; peslik, yaramazlyk, erbetçilik; gabahatlyk, ayyp.

Yyl-yyldan pezihat artar eyyama,

Hakyň özi getirmese enjama.

Pey (p.) پى – 1) yz, arka; 2) ayak; 3) jayyň düybi, esasy, jayyň fundamenti; 4) damar, nerw.

Aryflar yanynda dünyä peyinden,

Awaralyk eyläp bilmek yaraşmaz.

Pygamber peysizdir, süleyman süňksüz.

Peywent (p. Peywend) پيوند – 1) bagly, baglanyşykly, birleşen, birleşip duran; 2) iki zadyň birikmegi; 3) bag (yüp); 4) sapma; peywent etmek – birikdirmek, sapmak.

Üçi ekiz, ol dört erer peywendi,

Ol ne jumag eylär, ne çykar yatdan.

Gel, akyl dolandyr indi,

Yürek peywendi, jan bendi.

Peywest (p.) پيوست – 1) baglanan, yapyşdyrylan, birikdirilen, bagly, birigen; 2) goşmaça, hemra; peywest kylmak – baglamak, birikdirmek; peywest olmak – goşulmak, birikdirmek; peywest olmak – goşulmak, birikmek.

Abdallardyr çyn peywesti atamyň.

Köňlüm hak peywestidir.

Peyda ı (p. Peyda:) پيدا – 1) görnüp duran, äşgär, mälim, ayan; peyda kylmak (etmek) – tapmak.

Hyruja gelip, älem, kylarlar pygan peyda.

Joşar sen, her sözi peyda eder sen.

Dag kylar duman peyda.

Bijanlar jana gelip,

Ederler dahan peyda.

Peyda ıı (a. Fa:ide) فائده – hayyr, gazanç, nep.

Yamanyň zyyany iline eter,

Nadanyň peydasy özüne degmez.

Peyker (p.) پـيكر – 1) beden, ten, endam; forma, figura; surat, obraz; 2) heykel, skulüptura; peri-peyker – peri görnüşli, peri şekilli, peri yüzli; peri endaml.

Bir peri pynhan oturmyş, «gelme!» diyip näz eyleyir,

Ol peri-peyker sypatlyg yary gördüm şondadyr.

Peyman (p. Peyma:n) پيمان - äht, şertnama, şert, karar; biriniň başga biri bilen karar goymagy; wada; peyman dolmak – gm. Ömür gutarmak.

Ruzy-ezel ruhuň, yagyn, şol ähdi, şol peymanydyr.

Peyman dolmay, gelsek takat etmeen.

Ol ne kimse ötendir äht ile peymany dört?

Peymana (p. Peyma:ne) پيمانه – 1) käse, pyyala, ölçeg gaby; 2) gm. Ajal; 3) şerap guyulyan käse, ryumka; peymanasy dolmak – gm. Ölmek, ömri tamam bolmak.

Ömrüň ahyr bolup, dolsa peymana.

Toba jamyn noş kyl, ol peymana dolmasdan burun.

Peyrew (p.) پيرو – eeriji, dowam etdiriji; tarapdar; peyrewi – birine eermek, biriniň yzyndan gitmek.

Peyrewiňde kaf şak-şak-u bu serinde lüúlüúi,

Ol aşygy gäwgaladyr, gayrasy ot mähfili.

Peyşin (p. Pi:şi:n) پيشين – ser. Pişin.

Pelek (a. Felek, ks. Efla:k) فلك – 1) asman, gk, älem; 2) bagt, ykbal, täley; 3) gm. Dünyä.

Serimizde söwda guran,

Gözel hakyň pelegidir.

Çün pelek saldy meni ol gün pena topragyna.

Pelek bu pikirden puşmana gelgey.

Peleň (p. Peleng) پلنگ – 1) yolbars, leopard (r.); 2) gm. Batyr.

Daglaryň arslany, babry, peleňi,

Muş bile deňeler pil-peşe jeňi.

Pelit (p. Peli:d) پليد – hapa, nejis, näpäk; pes, pis.

Ol pelitler kylmagay erdi uruşnyň adyny.

Neyge pikr etmes oşol kim bu pelitniň zatyga.

Pelle (p. Pille) پله – basgançak; dereje; iň yokary dereje; arş pellesi – asmanyň iň yokary eri, iň belent nokady; pelle-pelle – dereje-dereje.

Luw yylynda düşdi magraç gullasyna,

Byrag münüp çykdy arş pellesine.

Hakykatda yola giren derwüşler,

Pelle-pelle sidre bile kürs çykar.

Pelle-pelle (p. Pille-pille) پله پله – ser. Pelle.

Pelpellemek پل پللمك – 1) howada ganat kakyp durmak, ganat gerip durmak; 2) galgamak, elkildemek; 3) pyrlanmak oda-köze düşmek.

Laçynlar pelpelläp galar asmana,

Haram ölen porsy läşden ayrylsa.

Pelte (a. Feti:le) فتيله//فتيل – 1) çyra, şem we ş.m. Yşyk beriji abzallarda yanyan örülen lenta ya-da pagtadan işilip edilen yüp; 2) dermana batyrylyp, yara sokulyan pagta yüpi.

Ömrüň şugla ursa, yürek yagyňdyr,

Yag tükener peltäň yanar, öçer sen.

Peläket (a. Fela:ket) فلاكت – betbagtlyk, biçärelik, apat, musybat, uly bela.

Dünyäyi-peläket eliden dat ile bidat,

Sen tüys ki, aldagujy jilwegeri-perizat.

Pena i (p. Pena:h) پناه – 1) gorag, dayanç, gaçyp atalga, gaçalga, bukalga; 2) sygynma, dayanma; pena getirmek – gaçalga soramak.

Hudanyň penasynda

Gezerdim sähralary.

Rehröw idim, manda bolup oturdym,

Keremiňe sygnyp, pena getirdim.

Pena ii (a. Fena:) فنا – 1) yokluk, yok bolmaklyk, zowal tapmak, yitip gitmeklik; 2) sufizmde adamyň mydamalyk däl «özüniň» hudaya birleşmegi; pena kylmak - yok etmek.

Penada görewer bakalyk işiň.

Hazan bady pena kyldy.

Çün pelek saldy meni ol gün pena topragyna.

Penah (p. Pena:h) پناه – ser. Pena.

Hakdan gayry hiç erde penahym yok, puştum yok.

Pakyrlar penahy yaman günlerde.

Penje (p.) پنجه – 1) ynsanda el ayasy bilen bäş barmagyň jemi; 2) yyrtyjy haywanlaryň öň ayaklarynyň barmaklary bilen dyrnaklary; 3) gm. Güyç, kuwwat.

Gulatynyň sayasynda yaşynçaň,

Bürgüt penjesinde galan yagşydyr.

Penjire (p.) پنجره - äpişge, howa geçmek üçin diwarda edilyän dörtburç şekilli dilik, deşik.

O nämedir, penjiresiz binadyr?..

O gabyrdyr, penjiresiz binadyr.

Pent (p. Pend) پند - öwüt, nesihat; pent tutmak - öwüt kabul etmek.

Algyl pendim, akmak kişi,

Özüňe kylma käyişi.

Tut pendim, ne iş görer sen.

Gulak tutmaz zatlaryň pendinden.

Penç (p. Penj) پنج – bäş (san), bäş zat; penç wagt namaz – musulmanlaryň her gije-gündizde erine etiryän bäş wagt namazy (ser.).

Penç wagt namazy sen yagşy oky,

Ataşy-dowzahyň oduny söndir.

Per (p.) پر – 1) elek; ganat, guş ganaty; 2) uçujy, uçyan.

Tüy döküler, ganat gyrlar, per gider.

Kaza gahra mündi – perin syndyrsa.

Per-u bal (p. Per-o ba:l) پروبال – ser. Bal.

Peragat (a. Fera:gat) فراغت – ser. Parahat.

Perwa (p. Perwa:) پروا – ser. Perway.

Perwaz (p. Perwa:z) پرواز – uçma, uçuş, uçmaklyk; perwaz eylemek (urmak, etmek) – uçmak, asmana galmak, ganat kakmak.

Perwaz eyläp, seyran etdim dünyäni.

Köňül guşy perwaz urar pakyryň.

Bu döwran içre köňül guşlary eylär perwaz.

Perway (p. Perwa:) پروا//پرواى – 1) alada; 2) gorky; 3) sabyr, karar; üns; perway etmek – gorky etmek, gorkmak; alada etmek.

Magtymguly, gezip her tay,

Etmediň jahanda perway.

Perwana (p. Perwa:ne) پروانه – 1) kebelek; 2) rugsat; 3) buyruk, propusk (r.).

Yşk ataşyna düşdüm, perwana boldum imdi.

Yanyp perwana dek her dem.

Bilmeyin atmyş özün yşk oduga perwana dek.

Perwer (p.) پرور - «perwerden» - terbielemek, beslemek – işliginden; 1) besleyji, kömek beriji; 2) terbie edyän, etişdiryän; şahy-perwer – kömek beriji şah.

Älemge şahy-perwer,

Boldy ummatga serwer.

Perwerdigär (p. Perwerdiga:r) پروردگار – 1) terbieleyji, terbie beriji; 2) hudayyň atlaryndan biri.

Perwerdigär özi pakyra pena.

Sözüm diňle, perwerdigär.

Ne azmayyş eylär dostuna perwerdigär.

Perda (p. Ferda:) فردا – ser. Ferda.

Perde (p.) پرده – 1) gapa ya-da äpişgä asylyan örtgi; 2) bir eri ayyrmak we görünmesiz etmek üçin asylyan mata; 3) yüze tutulyan örtgi; nykap (ser.); gm. Namys; haya.

Iň içki perdesi nurdan,

Resulalla – şolar boldy.

Pereň (p. Fereng) فرنگ – 1) franöiya; 2) ewropa; 3) ewropaly.

Rum, pereň bolsa mülküň,

Heniz «azdyr», kän gerek.

Hüthüt kimin pereňden çyn-maçyna bardygym.

Burnun harameynde tutar,

Guyrugy pereňden öter.

Perzent (p. Ferzend) فرزند - çaga, züryat, nesil, ogul-gyz.

Her kişiniň öz perzendi

Özüne jemally görner.

Perzent bentdir, ayal-duşak,

Yüke werzişkär boz eşek,

Bolayyn diyseň, öylengin.

Peri (p. Peri:) پرى – ertekilerde aydylyşyna görä, örän owadan gyz şekilinde bolup, perişdeler yaly ganaty bolan mahluk, jyn; 2) gözel, söygüli; owadan ayallar şoňa meňzedilyär; peri-peyker – peri yüzli, peri görnüşli.

Peri-peyker, serwi-azat.

Seyr eden tokuz pelek asmany sen-sen, ey peri.

Peri-peyker (p. Peri:-peyker) پرى پيكر – ser. Peyker we peri.

Peridun (p. Feri:du:n) فريدون – eyran rowayatlaryna görä, eyranyň pişdady dinastiyasynyň altynjy patyşasy. Ol atbiniň ogly we tähmurysyň neslindendir. Haçan-da halk demirçi käwäniň yolbaşçylygy astynda gozgalaň turzup, zahhak atly zalym patyşany tagtdan düşürenlerinden soň, peridun onuň erine patyşa bolyar we bäş yüz yyllap adalatlylyk bilen patyşalyk edyär, zahhaky bolsa, demawent dagynda zyndan edip saklayar. Peridun öz yurduny ogullary ireç, selm we turuň arasynda paylaşdyryar. Selme rumy (kiçi aziyany), tura turany we ireje-de eyrany beryär. Ireç beyleki doganlaryndan kiçi bolany sebäpli, selm bilen tur oňa göriplik edyärler (kakalary oňa eyrany bereni üçin) hem-de ony tutup öldüryärler. Ireç öldürilen soň, onuň ayaly bir gyz doguryar, adyna mahaferid goyyarlar. Ol gyz ulalanda, peridun ony öz doganynyň ogly peşeňe durmuşa çykaryar. Ondan bir ogul dünyä inyär, oňa menuçihr at dakyarlar. Menuçihr ulalanda, peridun ony irejiň aryny almaga öjükdiryär. Ol-da urşup, selm bilen tury öldüryär. Şondan soň peridun patyşalygy bütinley menuçihre tabşyryar, özi bolsa az wagtdan soň aradan çykyar. Peridundan soň turuň ogullary (turanylar) bilen irejiň (eyranylar) ogullarynyň arasynda uzak yyllar uruş dowam edyär. Turanlylaryň serdary efrasyyap, eyranlylaryňky bolsa rüstem bolyar. Bu uruşlar barada firdöwsiniň «şanamasynda» giňden gürrüň berlipdir.

Dünyäni dört bölen hany peridun?

Peridunyň pert ykbaly siziňdir.

Perizat (p. Peri:-za:d) پريزاد – 1) periden bolan, periden doglan; peri çagasy; 2) örän gözel çaga.

Mejnun leyli perizady,

Söen dek söymüşem seni.

Dünyäyi-peläket eliden dat ile bidat,

Sen tüys ki, aldagujy jilwegeri-perizat.

Periş (p. Ferş) فرش – ser. Perş.

Perişan (p. Peri:şa:n) پريشان – 1) dagynyk, dagadylan, tertipsiz, bulaşyk, çaşgyn; 2) erbet, yaramaz; gamgyn.

Magtymguly, goly bagly, perişan.

Hatyryň yüz-müň perişan, kethudalyk gaygysy.

Köňlüm perişandyr, sähwim derazdyr.

Perişde (p. Ferişte) فرشته – 1) dini düşünje boyunça, örän owadan we hoş gylykly asmanda bolup, görünmeyän mahluk; melek; 2) gm. Iň gözel we mylayym tebigatly; 3) gm. Bigünä.

Goç yigide medet berse perişde,

Çar tarapyndan bolar serişde.

Perman (p-a. Ferma:n, ks. Fera:mi:n) فرمان – buyruk, emir, höküm, prikaz, ukaz (r.); perman bermek – buyruk bermek; perman bolmak – buyruk bolmak.

Hakdan etişse perman,

Ne çäre bar, ne derman.

Magtymguly, perman boldy alladan.

Til perman bermedi jowap etmäge.

Permanberdar (p. Ferma:n-borda:r) فرمانبردار – boyun, boyun egen, biriniň buyrugyna boyun egyän adam.

Emriňe permanberdar,

Erz-u sema, mafiha.

Perran (p. Perra:n) پرّان – ser. Parran.

Perraç (a. Ferra:ş) فرّاش – 1) düşek düşeyän, hyzmatkär; 2) nöker, hökümet nökeri, sud işgäri; 3) süpüriji, jay süpüriji.

Han eyläp il perrajyny,

Boşadyp sen aždaryny.

Perrende (p. Perende) پرنده – uçujy, uçyan guş; perrendeler – guşlar.

Ne guş galar, ne gurtlar,

Perrendeler galmazlar.

Perseň (p. Ferseng) فرسنگ – ser. Parsah.

Pertöw (p. Pertew) پرتو – nur, yşyk, şöhle, parlaklyk, yagtylyk, yalkym.

Zemin, asman, garb-u şark pertöwinde gerdandyr,

Zamanyya sen gerdan, zaman senden bihabar.

Pertüw (p. Pertew) پرتو – ser. Pertöw.

Perhar (p. Ferha:r) فرخار – 1) gadym döwürde hytay bilen kaşgaryň aralygynda türküstanda bolan bir welayatyň we şäheriň ady. Ol eriň ilatynyň görmegey bolanlygy hem-de buthanalarynyň köp bolanlygy sebäpli, onuň ady rowayatlarda köp duş gelyär. Bu şäheriň owadan gözelleri şahyrlaryň ünsüni özüne çekipdir. Şonuň üçin bu söz «owadan, görmegey» dien manyda hem ulanylypdyr; 2) buthana. Prof. Minorskiy bu eri mawerannähriň talygan dien erinde diyip belläpdir.

Şähri-perhar, kars, tiflis, rum, bagdat, sifliyan...

Tört tarykyň jemg olan ummany sen-sen, ey peri.

Perhat (p. Farha:d) فرهاد – rowayatlara görä, husrow perwiziň döwründe şirin atly owadan gyza aşyk bolan arhitektoryň (daş kesiji ussanyň) ady. Husrow perwiz onuň yşkyndan ägä bolanda, ony bisütün dagyny gazyp, suw çekmäge mejbur edyär. Bu rowayat esasynda köp çeper eserler döräpdir; ser. Şirin, «şirin-perhat», «perhat-şirin».

Leyli mejnunyndan, şirin, perhatdan,

Wamyk uzrasyndan ayrylmadymy?

«perhat-şirin» (p. Ferha:d we şi:ri:n) فرهاد و شيرين – ya-da «husrow-şirin» - gündogarda meşhur bolan epiki poema. Onuň dürli wersiyalary yakyn we orta gündogar hem-de kiçi aziya halklarynyň folüklorynda we yazuw edebiyatynda gabat gelyär. Poemanyň baş gahrymanlary yslamdan öňki döwürde yaşan taryhy şahslar. 1180-81-nji yylda nyzamy «perhat-şirin» poemasyny yazypdyr. 1484-nji yylda nowayy-da şu temada öz «perhat-şirin» poemasyny yazyar. Şu temada azerbayjan şahyry samat wurgun «perhat-şirin» dramasyny, türk şahyry nazym hikmet-de «söygi hakda legenda» dramasyny döredipdirler; ser. «şirin-perhat».

Damyganda yörgen ussat nowayy,

«çar diwany», «perhat-şirin» zibayy.

Perhaş (p. Perha:ş) پرخاش – 1) gowga, jenjel, dawa; gazap bilen birine gatyrganma; 2) uruş, söweş. Ferhaş görnüşinde hem gabat gelyär.

Kim kylur men halk era yüz müň kaş-u perhaşny,

Ber maňa towfyk, ulus azar bolmasdan burun.

Perç (a. Ferj) فرج – ser. Ferç.

Perş (a. Ferş) فرش – 1) yazma, yayma, her bir yayylyan zat; 2) düşek (haly, palas, keçe we ş.m.); düşeme, serme; 3) gm. Eriň yüzi; arş we perş – asman we eriň yüzi.

Arş, perş olmuş tejelli çün munuň dek şowkdan.

Gyzyldan gayrylmyş perşi, işigi.

Peryat (p. Ferya:d) فرياد – 1) gykylyk, galmagal; dat-bidat; pygan; kömek sorayan ses; 3) şikayat, zeyrenç. Peryat kylmak – gygyrmak; pygan etmek, kömek sorap dat-bidat etmek; ahy-peryat – ah çekip şikayat etme, ah çekip zeyrenme.

Magtymguly kyldy peryat.

Hiç kimse eşitmez ahy-peryady.

Pesakat (a. Fesa:kat) فساقت – hudayyň buyrugyndan çykmak; hakykat yolundan çykmak; yaramaz işler etmek, pyssy-pyjurlyk etmek (bu söz şu formada az duşyar).

Yyl-yyldan pesakat artar eyyama,

Hakyň özi getirmese enjama.

Pesihat (a. Fesi:hat) فصيحت//فصاحت - çeper sözlülik, diliň kadasyna layyk geplemeklik. Bu söz esasan «pesahat» görnüşinde ulanylyar.

Men diydim birniçe pendi-nesihat,

Bilseň nesihatdyr, yogsa pesihat.

Pest (p.) پست – 1) aşak; kiçi; biçäre, pes; 2) yaman, pes, nejis; 3) yuwaş, yuwaş ses.

Birin pest eyledi, birin serbelent,

Birin pakyr eyläp, birin döwletment.

Pester (p. Pest- ter) پست تر – iki sany «pest» we sypatyň artykmaçlyk derejesini aňladyan «ter» goşulmasyndan emele gelen söz; 1) aşagrak; biçäreräk, kiçiräk, pesräk; 2) iň yaman, iň erbet, iň yaramaz.

Görmedim gün astynda hergiz özümden pester,

Ataşa layyk bolmaz eda bolgan häkister.

Peth (a. Fath, ks. Fotu:h) فتح – 1) açma, açmaklyk, açyş; 2) eňiş, eňmeklik; 3) başlama, baş, başlangyç; peth kylmak – eňmek, eňip almak; peth-u nusrat – eňiş we kömek, açyş we yardam.

Lutf ediban bergeç ol musaga pethi-nusraty,

Dine dagwat eylegeç, fyrgawnyň artyp şirketi.

Peth serdar (a-p. Fath serda:r) فتح سردار – ser. Feth serdar.

Pethaly (a. Fath ali) فتح على – ser. Fetaly.

Peheň (p. Pa:heng) پاهنگ//پارسنگ – ser. Päheň.

Peş پش – selle, ahun-mollalaryň kellelerine oranyan matalary.

Pir bolup, peş orap, betpäl seg ogly.

«kurúan» görmey gezen pirler aç galar,

Ili unudyp seri peşden ayrylsa.

Peşawar (p. Pi:şa:wer) پيشاور – ser. Pişawar.

Peşgeş (p. Pi:ş-keş) پيشكش – asyl sözme-söz manysy öňe çekme; sowgat, sylag, serpay.

Kaydadyr ukba yolyga tahyr etgen peşgeşiň,

Diygen ol dem ah urup, efgara bolgan naskeş.

Peşe (p.) پشه - çybyn, ynsany we haywany çokyan kiçijik ganatly möjek, çirkey.

Peşe turup, dawa kylar pil bile.

Peşe haçan deň bolupdyr,

Ugraşanda pil biläni.

Peyam (p. Peya:m) پيام – ser. Pygamber.

Pida (a. Fida:) فدا – gurban, bir adamyň, zadyň ya-da ideologiyanyň ugrunda jandan geçmeklik, özüňi gurban etmeklik; 2) özüňi ya-da başga birini boşatmak üçin berilyän pul; esiri azat etmek üçin tölenyän zat, pul; pida bolmak – gurban bolmak; pida etmek (kylmak) – gurban etmek; jan pida - janyny gurban edyän, jandan geçen.

Jewahyryňdan jydalarga, köyüňde jan pidalarga.

Ajyz janyň pida kyl, sayasynda bir merdiň.

Niçe gullar hak yolunda eyledi janyn pida.

Ymamlar yolunda jany pidayam.

Pikir (a. Fikr, ks. Efka:r) فكر – 1) oy, oylanma; aň; 2) akyl, zehin; düşünje, düşüniş; 3) niet, maksat; 4) gelnen karar; yol.

Pikir deryasyna aklym gämisin,

Batyrmyşam, çyka bilmen, neyläyin.

Pil (a. Fi:l, p. Pi:l) پيل//فيل – gury erde yaşayan iň uly haywanlaryň biri. Onuň uzyn burny, takmynan bir metr uzynlykda bolan iki dişi bar. Tokaylarda köpçülik bolup yaşar, ömri yüz elli yyla etyär. Aziya we afrika yurtlarynda yaşayar. Pil örän akylly haywan hasaplanyar.

Daglaryň arslany, babyr-peleňi,

Bir güni deň bolar pil, peşe jeňi.

Pildar (p. Fi:l-da:r) فيلدار – pil we «daşten» işliginiň häzirki zaman düyp işligi bolan «dar» goşulmasyndan emele gelen söz; pilli goşun.

Üç müň nayzabazy bardyr nökerden,

Tört müň pildary bar gala yykardan.

Pilkus (pi:lku:s) فيلقوس – asly grek sözi. Filip ıı (biziň eramyzdan takmynan 182-336 yyl öň), makedoniyanyň patyşasy, isgender zülkarneyniň atasy.

Üç yüz elli alty yyl älemni gezseň,

Pilkus ogly şahy-iskender bile.

Pille (p.) پله – 1) ser. Pelle; 2) wagt, möhlet.

Häli hem bir pille, ey adam ogly.

Azap bilen medinäge getirdi,

Yolda yadap, niçe pille oturdy.

Pir (p. Pi:r) پير – 1) garry, goja, yaşuly; 2) sopularyň yolbaşçysy, başlygy; 3) sufizm taglymatynyň ugurlarynyň birini döreden ya-da oňa yolbaşçylyk edyän sopy. Meselem, bahawetdin nagyşbendi; piri-zal - örän garry, kempir; piri-mugan – 1) meyhanaçy; 2) gm. Mürşüt, yolbaşçy ruhany, sopularyň düşünjesine görä, kämil ynsan; piri-mükemmel – kämil pir, iň yokary derejedäki pir; piri-hedayat - yol görkezyän pir.

Rüstem olan bir gün piri-zal olar.

Eger pir sen, eger yaş,

Kylma syryň halka paş.

Her kem güyçli bolsa, oňa «pir» diyrler.

Kyrk müň müridi hem bar erdi kämil,

Özi bir işandyr – piri-mükemmel.

Özi işan erdi – piri-hedayat.

Pirdöws (a. Firdews) فردوس – ser. Firdöws.

Pirdöwsi (a. Firdewsi:) فردوسى – ser. Firdöwsi.

Pirzada (p. Pi:r-za:de) پيرزاده – 1) garrydan doglan, garrydan bolan; 2) pirden bolan, pir perzendi; sopularyň yolbaşçysynyň perzendi.

Olturypdyk, geldi iki pirzada,

Gözünden yaş akar, dili dogada.

Piri-zal (p. Pi:r-e za:l) پيرزال – ser. Pir.

Piri-mugan (p. Pi:r-e moga:n) پير مغان – ser. Pir.

Piri-mükemmel (p-a. Pi:r-e mokemmel) پير مكمّـل – ser. Pir.

Piri-hedayat (p-a. Pi:r-e hida:et) پير هدايت – ser. Hedayat.

Pis ı (pi:s) پيس – 1) hapa, hapysa, kirli, näpäk; 2) ayyply.

Nesihat eyläyin, diňläň, yigitler,

Pis hatyn başlagan toya baş bolmaň!

Pis ıı (pi:s) پيس – heywere kesele duçar bolan adam; endamynda ak menekler döräp, saçy düşyän nähoşluk.

Pisat (a. Fesa:d) فساد – bozuklyk, bozgakçylyk; yolsuzlyk; erbetlik; tertipsizlik; 2) agzalalyk; garyşyklyk; topalaň; günähi-pisat – bozgakçylygyň günäsi.

Pälleri bozulyp, pisat köpeler.

Günähi-pisady yagydyr-yagy.

Bu pisatlar er yüzünde gelende.

Zamananyň pisat bolanyn syzyp.

Piser (p.) پسر – ogul; erkek oglan; perzent (ogul); piseri-yakup – yakubyň ogly.

Muhannasdan bolur muhannas piser.

On hajyyan işi hup,

On bir piseri-yakup.

Pisint (p. Pesend) پسند – 1) halama, halamaklyk, yaramaklyk; 2) kabul etme; saylap tutma; 3) halayan, isleyän; pisint etmek – halamak; kabul etmek.

Gayta bedasyllar asylzadan,

Pisint etmey töre geçme başlady.

Pisse dahan (p. Piste-daha:n) پسته دهان – agzy pisse yaly; pissä meňzeş kiçi we gelşikli agyz.

Ajap pisse dahan içinde

Dendan düşer, gymmat gaçar, dil geçer.

Pitne (a. Fitne, ks. Fiten) – 1) azdyrma; bulagaylyk, bela, şer; 2) ryswalyk; apat; garyşyklyk, pisat (ser.); pitneyi-apat – bulagaylyk döredyän, ara bozyan.

Ahyrzaman olsa, pitneler tursa,

Zalymlar yamanlyk mejlisin gursa.

Gaşlary pitneyi-apat.

Pitneyi-apat (a. Fitne-ye a:fet) فتنهء آفت – ser. Pitne.

Pitre (a. Fitre) فطره – 1) oraza (remezan) bayramynda berilyän dini sadaka, adam başyna berilyän sadaka; 2) yaradylyş; tebigat.

Eger berseň roza-pitre edasyn,

Magşarda görer sen rahat sayasyn.

Piş (p. Pi:ş) پيش – 1) öň, öň yan, ileri; 2) öňki, geçen, geçmiş. Bu söz kä erde şygyrda pişe (ser.) Manysynda-da gabat gelyär; antonimi: pes, puşt.

Pişiň eyran bolsa, puştuň turandyr,

Dost işiňe hoşwagt, duşman hayrandyr.

Yagşy niet eyle, yagşy piş eyle.

Pişawar (p. Pi:şa:wer) پيشاور – pakistanyň demirgazyk günbatarynda erleşyän bir taryhy şäheriň ady. Ol owganystanyň araçägine yakyn. Pakistanyň söwda merkezleriniň biri.

Balhy bogaz derdi, pişawary daş,

Amman şähriň derya, basrany ataş ...

Hyrat, kandahary mar harap eylär.

Pişany (p. Pi:şa:ni:) پيشانى – 1) maňlay, alyn; 2) gm. Täley, ykbal.

Owwal-a hak emriden awara bolgan naskeş,

Meyniniň pişanasy yüz para bolgan naskeş.

Pişwa (p. Pi:şwa:) پيشوا – 1) yolbaşçy; serdar, başlyk; serkerde; yol görkeziji; 2) dini yolbaşçy, ymam.

Yygladym, yykyldym, tutdum elini,

Dört pişwa bilen hezret alyny.

Magtymguly, tä pişwa tapmay şypa tapmas kişi.

Täki men bir pişwa tapdym şypany gördüm-ä.

Pişe (p. Pi:şe) پيشه – 1) kesp, kär; 2) iş, amal; 3) adat, gylyk, hüy-häsiet; pişe eylemek (etmek) – iş etmek, bir käri özüňe saylap almak.

Yagşy niet eyle, yagşy pişe eyle,

Yagşylaryň sözün jana noş eyle.

Bu dünyä yüzüňe gülüm-gülümdir,

Pişesi jepadyr, jebr-u zulumdyr.

Pişede (p-t. Pi:şe-de) پيشه ده – 1) işde, bir kär, kesp bilen meşgul adam.

Her kim, görsem, bir pişede,

Meniň köňlüm endişede.

Pişekär (p. Pi:şe-ka:r) پيشه كار//پيشكار – 1) bir işiň eesi, bir sungatyň speöialisti; 2) gm. Hilegär oyunçy; 3) serediji, biriniň işlerini dolandyryan adam.

Ey peri, zülpüň feri walla, seniň dey huplara,

Aydadyr magtymguly, bes pişekärem dogrusy.

Pişin (p. Pi:şi:n) پيشين – 1) öň, öňe degişli; öňki, geçen, öň zaman geçen, gadym; 2) öňden, owaldan; 3) öylän namazy, öylän namazyň wagty.

Anda pişin yyglap aydar: «ne günähim bar erer?»

Bendäniň haly harapdyr, ne kylar, özi biler.

Polat (p. Fu:la:d) پولاد//فولاد - örän gaty bir metalyň ady, uglerodyň belli bir mukdarynyň demir bilen birleşdirilenden emele gelen bir metal.

Yşkyň ataşyny saçyp sen düze,

Jan polatdan bolsa, dözmez bu köze.


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin