Sözleriñ etimologik derñewi
Sözleriñ semantik derñewi
1.Sözüñ göni ýa-da göçme manylylygyny anyklamak: frazeologik, idiomatik, metaforik, metonimik, sinekdoha ýaly häsiýetlerini ýüze çykarmak;
3.Sözüñ köpmanyly ýa-da birmanyly sözdügine häsiýetnama bermek;
Sinonime gatnaşygyny aýdyñlaşdyrmak;
Antonime gatnaşygyny ýüze çykarmak.
4. Sözüñ omonimiýa toparyna gatnaşygyny: omonim, omograf, omofon, omoforma bolup gelşini kesgitlemek
2.Söz manysynyñ daralyşyny ýa-da giñelişini seljermek;
GRAMMATIK DERÑEW BARADA WE MORFOLOGIK, SINTAKTIK DERÑEW GEÇIRMEK.
Grammatik derňew.Sözlemdäki sözleriň haýsy söz toparlaryna degişlidigini, sözüň köküni we goşulmalaryny, goşulmalarynyň nämäni (haýsy düşümi, ýöňkemäni, sany, zamany, derejäni we ş.m.) görkezýändigini, sözlemiň gurluşy, manysy taýdan nähili sözlemdigini, onuň baş we aýyklaýjy agzalaryny dilden ýa-da ýazuw üsti bilen anyklamak.
Morfologik derñew—sözlemdäki sözleri morfemalara, toparlara bölünişini, sözüñ leksik we grammatik manylaryny, goşulmalaryñ aýratynlyklaryny kesgitlemek
Sintaktik derňew sözlemde söz düzümleri, sözlem agzalary, sözlemiň görnüşlerini derňeýär
PUNKTUASION WE STILISTIK DERÑEW GEÇIRMEK
Punktuasion belgi dyngy belgi diýmekdir.
iki nokat (:),
nokatly otur (;),
köp nokat (…),
goşadyrnak (“”),
keseçyzyk (--),
çyzyjak (defis - ),
ýaý ()
sorag belgisi (?),
otur (,),
sorag-ýüzlenme belgisi (?!),
ýüzlenme belgisi (!),
nokat (.),
Sözlemiñ ortasynda goýulýan, ýeke (ýagny taýsyz) görnüşde ulanylýan dyngy belgiler (otur, nokatly otur, keseçyzyk, ikinokat, köpnokat
Taýly görnüşde ulanylýan dyngy belgiler (iki gapdaldan goýulýan oturdyr keseçyzyk, ýaýlar we goşadyrnak
Sözlemleri böleklere bölmek bilen baglanyşykly bolan dyngy belgileriñ toparlary:
Stilistik derñew—fonetik, leksik, grammatik, stilistik serişdeler arkaly dürs we täsirli sözleýşi, teksti (baglanyşykly ýazgyny ýa-da sözleýşi) ýüze çykarmagy, onuñ logiki yzygiderliligini saklamagyñ ugurlaryny, tekstiñ stilini, içki stilini, žanryny, haýsy ugra degişlidini, hyzmatyny, kimlere niýetlenendigini anyklamagy, stil alamatlaryny, tekstde ulanylýan pikir ýöretmäni, diliñ formasyny, tekstiñ stiliniñ dil alamatlaryny, stil ýalñyşlaryny ýüze çykarmagy, awtoryñ öz ýazyş stilini kesgitlemegi öwrenýän derñew.
Tekstiñ stilistik derñewiniñ doly görnüşi ýerine ýetirilende, öwredilrnde aşakdakylar göz öñünde tutulýar
2.Tekstiñ ulanylýan ugruny kesgitlemek (tekst haýsy ugra degişli bolsa, şol ugra mahsus aragatnaşyk çägini kesgitlemek; tekstdäki situasiýanyñ häsiýeti);
3.Tekstiñ esasy hyzmatyny ýüze çykarmak
4.Tekstdäki adresatyñ häsiýetini stilistik aýratynlyklary esasynda añlatmak;
1.Stili; içki stili; žanry anyklamak;
5.Tekstde ulanylýan pikir ýöretmäniñ tipini anyklamak;
6.Tekstde diliñ formasyny (dilden ýa-da ýazuw arkaly beýan etmek); diliñ tipini (beýan etme, suratlandyrma, habar berme, pikir ýöretme görnüşindedigini, olaryñ sazlaşygyny); diliñ görnüşini (monolog, dialog—gepleşik, polilog (köp adamyñ arasyndaky gürrüñ görnüşlerini) aýdyñlaşdyrmak
7.Tekstiñ stil alamatlaryny seljermek;
10.Awtoryñ indiwidual stilistik aýratynlyklaryny ýüze çykarmak.
8.Tekstdäki stiliñ dil aýratynlygyny (leksik alamatlary; morfologik alamatlary; sintaktik alamatlary) derñemek; (eger ol audio-medial görnüşdäki (radio-telewideniýe üçin niýetlenen, aýdym-saz we ş.m.) tekst bolsa, onda fonetik alamatlar hem göz öñünde tutulýar
9.Awtoryñ keşbini (obrazyny) we onuñ tekst ýazmakdaky maksadyny (tekstiñ bitirýän işiniñ maksadyny) beýän etmek;
Türkmen dilinde tekstiñ stilistik derňewiniň ýerine ýetirilişi aşakdaky ýalydyr:
Çeper stiliniň tekstini derňemek
- 1.Stil 2.Tekstiñ ulanylýan ugry3.Tekstiñ esasy hyzmaty 4.Tekstdäki adresatyñ häsiýeti 5.Tekstde ulanylýan pikir ýöretmäniñ tipi 6.Tekstde diliñ formasy 7.Tekstiñ stil alamatlary 8.Tekstdäki stiliñ dil alamatlary (leksik, morfologik,sintaktik) 9.Awtoryñ keşbi 10.Awtoryñ indiwidual stilistik aýratynlyklary
Janly-gepleýiş (sözleýiş) stiliniň tekstini derňemek
Dostları ilə paylaş: |