14
Ýazuwyň emele gelmegi adamzadyň taryhynda ägirt uly waka
bolupdyr. Ynsan ýazuw arkaly wagty hem‑de giňişligi ýeňip geçmegi
başarypdyr. Adamzat taryhynda döredilen medeni gymmatlyklar, esa
-
san, ýazuw arkaly nesillerden‑nesillere geçirilýär.
Orta Aziýadaky gadymy
ýazuwlar
Orta Aziýanyň bize mälim bolan iň gadymy halklary hasapla
-
nylýan saklaryň we massagetleriň öz ýazuwlary bolupdyr. Günbatar
Aziýanyň döwletleri bilen ykdysady hem‑de medeni gatnaşyklaryň
netijesinde Orta Aziýa arameý ýazuwy aralaşypdyr. Oňa çenli Orta
Aziýada «pahna ýazuwyndan» peýdalanylypdyr. Arameý ýazuwy
«pahna ýazuwyna» garanyňda
has sada bolup, takmynan, ýigrimi
harpdan ybarat bolupdyr. Miladydan öňki III–II asyrlarda Horezm,
Baktriýa, Parfiýa we Sogdy döwletlerinde arameý ýazuwynda kitap‑
lar ýazylypdyr. Mundan başga‑da, döwlet ähmiýetli diplomatik res
-
minamalar hem şu ýazuwda resmileşdirilipdir. Bu döwletlerde grek
ýazuwy hem belli bir derejede ulanylypdyr. Arameý ýazuwynda hat
sagdan çepe ýazylypdyr. Onda çekimli sesleri aňlatmak üçin harplar
bolmandyr.
Gadymy döwürlerde we orta asyrlarda Orta Aziýanyň çäklerin
-
de birnäçe ýazuw ulgamlary döräpdir. Bu ýazuwlar, esasan, aşak‑
dakylardan ybaratdyr:
Dostları ilə paylaş: