T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə14/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Muhakkak ýazuwy. 
Muhakkak ýazuwy arap ýazuwlarynyň 
nus gawy altylygyna girýän görnüşleriniň biridir. Bu ýazuw tärinde 
harplar tekizdir. Dik çyzykly harplar juda uzyn ýazylyp, olaryň uçlary 
inçe bolupdyr.
Reýhany haty.
Reýhany haty muhakkak ýazuwynyň esasynda 
emele gelipdir. Muhakkak we reýhany hatlarynyň ussady Ibn Baw
-
wap hasaplanylýar. Reýhany – owadan ýazuw usuly bolup, aýlanma 
şekilli harplar süls hatyna garanda ýatygrak, «waw», «re», «mim» 
harplary dikräk ýazylýar. Reýhany ýazuwy sahypalaryň bezeginde 
we doga kitaplary düzülende ulanylypdyr. 
Süls haty.
Süls – haýsydyr bir zadyň üçden bir essesi, üçünji 
bölegi diýmeklikdir. Ýazuw usulynda harplaryň burumynyň dogry 
çy zyga barabarlygy üçden bir ýa‑da altydan bir ölçege laýyk getiril‑
ýär. Bu ýazuwda «elip», «dal», «lam» harplary has owadan ýazylýar. 
«Waw», «re» harplary nepis burma bilen aýlanylýar.


26
Rykga haty.
Rykga hatynda harplar bir‑birine gurama edilip ýa‑
zylýar. Bu ýazuw Türkiýede, Osmanly türkmen döwleti döw ründe 
örän meşhurlyga eýe bolupdyr. Ryka haty çalt ýazmaklyk üçin ula
-
nylypdyr. Şonuň üçin hem ýazuwyň bu görnüşi häzirki wagtda arap 
döwletleriniň köpüsinde ulanylýar. 
Diwany haty.
Diwany haty diwanlarda, kitap çap ediş işlerinde 
ulanylýan şikeste (kem) hatdyr. Bu ýazuw Osmanly türkmen döwle
-
tinde soňky döwürlere çenli peýdalanylyp, onda dürli permanlar ýa
-
zylypdyr. Diwany haty gysgaldylyp ýazylýanlygy üçin onuň okalyşy 
hem örän kyndyr. 
Nesh haty.
Nesh haty hatdatlar tarapyndan giňden ulanylandygy se
-
bäpli, şol ada eýe bolupdyr. Nesh sözüniň arap dilindäki manysy 
göçür me, 
nusga
diýmekligi aňladýar. Hatyň bu täri beýleki hat usullary bilen bile
-
likde giňden ulanylýar. Ol hat, esasan hem X asyrda has köp gabat gelýär. 
Nesh hatynda hat ýazylanda çalt ýazmak mümkinçiligi uly bolansoň, ol 
örän rowaç lanýar. Bu ýazuw tärinde diňe bir kagyza däl, deriniň, agajyň 
we beýleki zatla ryň ýüzüne‑de hat ýazmak mümkin. Nesh haty örän owa
-
dan bolanlygy üçin, çap edilen edebiýatlarda‑da ol nusga hökmünde al
-
nypdyr. Şol sebäpden hem oňa basma
 
hat diýlip at berilýär. Aslynda nesh 


27
hatynda hem örän köp golýazma eserleri döredlilipdir. Ata‑babalarymyz 
tarapyndan eserleriň köpüsiniň nesh we nestalyk hatynda ýazylandygy se
-
bäpli, bu hat tärini çuňňur öwrenmeklik zerur bolupdyr. 
Orta Aziýa halklary gadymy döwürlerden bäri nestalyk haty
-
na has köp üns beripdirler. Soňlugy bilen nesh hat görnüşi çap iş‑
lerinde ulanylyp, neşir etmekde işjeň häsiýete eýe bolupdyr. Hatyň 
bu görnüşiniň aýratyn tarapy onda harplaryň dik bolmagy, harplaryň 
görnüşleriniň (harp birikmeleriniň başyndaky, ortasyndaky, ahy ryn‑
daky) üýtgewsiz bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Şunuň bilen bir
-
likde hem hatyň bu görnüşini öwrenmek aňsatdyr. Nesh hat usulyny 
öwrenen talyp basma ýazgylary aňsatlyk bilen okap biler, şeýle‑de 
ýuwaş‑ýuwaşdan nestalyk hatyny okamaga geçer. 

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   10   11   12   13   14   15   16   17   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin