T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ


Ýakut  ibn Abdylla er-Rumy al-Hamawy



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə11/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Ýakut 
ibn Abdylla er-Rumy al-Hamawy
seljuklar döwründäki Merw kitap
-
hanalary hakynda şeýle ýazypdyr: «Men Merwden 616‑njy (1219‑njy 
milady) ýylda, onuň iň oňat halyndaka çykyp gaýtdym. Men Merwde 
ömrümiň üç ýylyny geçirdim, ol ýerde hiç bir kemçiligi görmedim. 
Eger mongol‑tatarlaryň çozuşlary zerarly bu ýurt derbi‑dagyn edil
-
medik bolsady, onda men onuň ilatynyň sypaýylygy, mylakatlylygy, 
mähremligi üçin hem‑de ylymlaryň esasy pudaklaryna degişli köp 
sanly kitaplaryň saklanylýandygy sebäpli, tä ömrümiň ahyrky günle
-
rine çenli ol ýerden (Merwden) gaýtmazdym. Men ondan çykyp gaý
-
danymda bu ýerde on sany kitaphana bardy. Men bütin dünýä aýla
-
nyp, şular ýaly baý we ajaýyp kitaphanalary görmedim. Şolardan iki 
kitaphana has‑da ünsümi özüne çekdi. Olaryň birine 
Aziziýe kitapha
-
nasy
diýilýär. Ony 
Azizeddin Abu Bekir Atik ez-Zinjany
atly adam 
gurupdyr. Ol Soltan Sanjaryň köşgünde uly abraýdan peýdalanypdyr. 
Aziziýe kitaphanasynda 12000 (on iki müň) kitap bar ekeni. Beýleki 
kitaphana 
Kemaliýe kitaphanasydyr
. Bu adyň nireden emele gelendi
-
gini bilmeýärin. Merwde 
Şeref al-Mülk Mustafa Abu Seýit Muham
-
met ibn Mansuryň
medresesi we onuň kitaphanasy hem bar. Mun
-
dan başga‑da 
Nyzam al-Mülk al-Hasan ibn Yshagyň
medresesi we 
kitaphanasy‑da bar. Ýene iki kitaphana bolup, olaryň biri 
as-Samana
degişli, beýleki kitaphana 
Amydiýe
medresesinde ýerleşýär. Başga 


21
bir medrese bolsa wezir 
Mej al-Mülk
tarapyndan gurlupdyr. Şol ýer
-
de 
Hatunyýe kitaphanasy 
hem bar. Mundan başga‑da 
Dumariýe ki
-
taphanasy
hem özüniň kitaplary bilen meşhurdyr. Ondan kitap almak 
aňsatdy. Bu kitaphanadan alnan 200‑den köpräk kitap meniň öýümde 
mydama bolardy. Men Merwiň kitaphanalaryndan peýdaly maglu
-
matlary alyp, heziller ederdim. Meniň kitaba bolan söýgim tutuş şähe‑
ri unutmaga mejbur edýärdi. Olar meniň ünsümi, hatda maşgalamdan 
we çagalarymdan hem sowýardy. Men kitabymyň («Mujam al‑bul
-
dan») köp maglumatlaryny şol kitaphanalardan aldym». 
Orta Aziýada döredilen golýazmalar, şol sanda türkmen dilinde 
ýazylan gol ýazmalar 1895‑nji ýylda Aşgabatda Zakaspi oblast jem‑
gyýetçilik kitaphanasynyň döredilmegi bilen bir merkeze toplanyp 
başlaýar. Bu kitaphanada golýazmalary saklamak hem‑de öwrenmek 
üçin ýörite bölüm döredilýär. 1928‑nji ýylda Türkmen medeniýeti 
institutynyň döredilmegi netijesinde golýazmalary, folklor material‑
laryny toplamak babatda ýörite ylmy saparlar guralýar. 
SSSR Ylymlar akademiýasynyň ýardamy bilen, 1929‑njy ýyl‑
da Türkmen medeniýeti institutynda edebi, medeni mirasy öwren
-
mek üçin ýörite iş topary döredilip, oňa gündogary öwreniji meşhur 
alym 

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   7   8   9   10   11   12   13   14   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin