24
da ky Duruz dagynyň eteginde ýaşaýan halkyň ýazuwy ha saplanylýar.
Onuň ýüze çykyş senesi miladynyň 323‑nji ýylyna degişlidir.
Zeýit ýazuwy
Ýefrat derýasynyň boýunda ýaşan halkyň ýazu‑
wydyr. Bu ýazuw 512‑nji ýylda döräpdir. Zeýit ýazuwynyň esasynda
568‑nji ýylda hyran ýazuwy, ondan soňra bolsa makalyý haty kema la
gelýär.
Makalyý haty
kufiý haty ýaly gadymy hatlaryň
biri bolup,
harplarynyň dogry çyzyklylygy bilen kufiý hatyndan tapawutlanýar.
VII asyrdan başlap, makalyý haty öz ornuny arap ýazuwynyň iň ga‑
dymysy hem‑de iň meşhury hasaplanylýan kufiý hatyna berdi.
Kufiý hatynyň
harplary towlamly, nokatsyz bolup, gadymy arap
ýazuwynyň bir görnüşidir. Kufiý hatyny öwrenen alymlar onuň be
-
zeg işlerinde giňden peýdalanylandygyny belleýärler. Kufiý ýazu‑
wy X asyra çenli örän giň ýaýrapdyr. Şondan soň ol öz ornuny ýu‑
waş‑ýuwaşdan nash we süls ýazuwlaryna beripdir.
Makalyý we kufiý ýazuwlarynyň esasynda arap ýazuwynyň 6
görnüşi ýüze çykdy. Olara –
muhakkak, süls, nash, tawik, reýhanyý,
rykga
hatlary degişlidir.
Häzirki zaman alymlary şu sanalan 6 görnüşiň
üstüne talyk
hatyny
hem goşup, hatlaryň görnüşleriniň sanyny ýedä ýetirýärler.
Ýöne bu hat, köplenç, pars diliniň tekstlerini ýazmak üçin niýetleni
-
lendir. Häzir
talyk
görnüşi
nesh
görnüşi bilen goşulyp,
nestalyk haty
döredilipdir. Nestalyk hatynda, köplenç, pars we türki diliniň tekstle
-
ri ýazylýar. Köne türkmen ýazuwynyň hem esasy ýazylýan görnüşi
nestalykdyr. Hatdatlar arap hatynyň görnüşlerini taraşlap, täze‑täze
hat görnüşlerini döredipdirler. Hatşynas alymlaryň işlerinde ýüzden
gowrak hat görnüşleri hakynda maglumatlar berilýär.
Biz şulardan
iň möhümleri hasaplanylan hem‑de türkmen dilindäki edebi miras
-
larymyzy ýazmakda ulanylan ýazuw görnüşleri hakynda maglumat
bermegi makul bildik.
Kufiý haty.
Bu hat VII asyrda Kufa şäherinde döredilendigi
üçin oňa «kufiý haty» diýlip at berlipdir. Kufa şäheri gurlandan soň
Hiýaranyň, Şamyň, Medinäniň alymlary Kufa şäherine ýygnanypdyr.
Ylymda ýokary derejelere ýetilmegi bilen hat ýazuwy, kitap ýazmak
-
25
da hem uly üstünlikler gazanylypdyr. Bu ýazuw X asyra çenli dowam
edip, ýuwaş‑ýuwaşdan nesh ýazuwy bilen ça lyşyrylypdyr. XIV asyr
-
da kufiý ýazuwy bezeglerde, zikge işlerinde ulanyldy.
Dostları ilə paylaş: