34
Muamma – orta asyr Gündogar halklarynyň edebiýatynda ýör
-
günli goşgy düzülişiň bir görnüşi bolup, onuň esasy aýratynlygy belli
bir adamyň adyny, taryhy senäni ýa‑da bir taryhy wakany duýup bol
-
maz ýaly edip özün de berkidýändigindedir. Şygyrda berkidilen ady,
senäni, wakany şygryň içindäki degişli harplary tapyp,
olary dory
ýerleşdirmek bilen bilmek bolýar. Dogry tapylyp, dogry ýerleşdirilen
harplar adamyň, senäniň ýa‑da wakanyň adyny emele getirýär. Bu söz
oýnatmaklygyň bir görnüşidir. Kämahallar
mejburlyk bolanda hem
muamma ýüzlen ýärler. Mätäjiden bir mysal:
«Bi» bilen «i»
bir astyna pataly,
Ýene «käp»
kelama üstün biteli,
Mätäji diýr, okap ismiň tutaly,
Ýogsa äşgär
alabilmen dillere
(R. Rejebow. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. Aş‑
gabat 1966, 123–124 sah).
* * *
Goşgy bentlerinde arap harplarynyň getirilişine degişli mysallar
başga‑da bar:
«Aýn», «elip»
atly zatym bar,
Görseňiz dürli sahawat.
«Sin», «i», «elip»
ygtykatym bar,
Ýaradan bersin şepagat.
Ötäýi şahyr
(Merjen däneler. Aşgabat 1963, 124 sah).
* * *
Adyň bir nokady «bi»‑dir,
Öňi elip, soňy «ti»‑dir,
Meýhanadan bir meý guýdur,
Geýip ýaşyl donly gelin.
Balgyzyl
(Güldesse. Aşgabat 1980, 245 sah).
Türkmen nusgawy edebiýatynda, halk döredijiliginde «elipna‑
manyň» ulanylyşyna ýygy‑ýygydan duş gelmek bolýar. Olara degişli
birnäçe goşgulary mysal getirýäris.