17
rynda «Awestany» gaýtadan dikeltmek maksady bilen, täze ýazuw
döredilipdir, ol ýazuw taryha «Awesta ýazuwy» ady bilen giripdir.
Soň bu ýazuw pählewi ýazuwy bilen bilelikde ýerli halk tarapyndan
ulanylyp başlanylypdyr. Awesta ýazuwynda uzyn we gysga çekimliler
grek ýazuwyndaka meňzeş ulanylypdyr. Bu ýazuwy ýörite öwrenen
alymlaryň pikirine görä, awesta elipbiýi ortapars elipbiýiniň esasynda
döredilip, ondaky 20 harpyň sany 46 harpa çenli artdyrylypdyr, ola‑
ryň 14‑si çekimli sesleri aňlatmak üçin niýetlenilipdir. Ol VII asyra
– araplar gelýänçä peýdalanylypdyr.
Dostları ilə paylaş: