T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə4/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

2. Logografik ýazuw.
Ýazuwyň bu görnüşiniň ady 
«logos»
– 
pikir

«grafo» 
– 
ýazýaryn
latyn sözlerinden döräpdir. Jemgyýetiň ös
-
megi netijesinde, her bir predmetiň aňladýan düşünjesiniň şekili ýa
-
zuw hökmünde ýüze çykýar. Diýmek, çekilýän şekil bilen aňladylýan 
predmetiň arasynda logiki baglanyşygyň bolmagy zerurdyr. Şonuň 
üçin hem bu ýazuw 
logografik ýazuw
diýlip atlandyrylýar. Meselem, 
iki eliň suraty – «
esger
» manysyny, bir elde naýza, beýlekisinde gal
-
kan bolsa «
uruşmak
» manysyny berýär. «
Görmek
» işligini bildirmek 
üçin iki gözüň suraty, «
ýöremek
» işligine bir aýagyň, «
ylgamaga
» iki 
aýagyň suraty çekilýär.
Ýazuwyň bu görnüşine 
ideografiýa
hem diýilýär. Logografik ýa‑
zuwa köp adamyň düşünmezligi hem mümkindir. Ondan, esasan, bi‑
lim li adamlar, hat‑ýazuw işleri bilen meşgullanýanlar peýdalanyp dyr. 
3. Bogun ýazuwy.
Miladydan öňki ikinji müňýylly gyň ortala‑
rynda we birinji müňýyllygyň başlarynda öňki ýazuwlara garanyňda 
sadarak bolan täze ýazuw kemala gelipdir. Bu ýazuwda sözler hem‑de 
gysga sözlemler bogunlary aňladýan belgiler arkaly bellenilipdir. Şol 
sebäpden hem ol 
bogun ýazuwy
diýlip atlandyrylypdyr. Bogun ýa‑
zuwynyň hem özüne mahsus ýetmezçilikleri bolupdyr. Ol sözleri bir 
ýa‑da iki bogundan ybarat bolan diller üçin amatlydyr. Beýle dil lere 
hindi diliniň belli bir taryhy döwürlerdäki şiweleri degişlidir. Şu kem
-
çiligi üçin hem bogun ýazuwy beýleki halklaryň arasynda giňden 
ýaýramandyr. 
Ýöne ýazuwyň bu görnüşine degişli bolan hem‑de «
pahna ýa
-
zuwy
» atlandyrylýan ýazuw görnüşi meşhurlyga eýe bolupdyr. «Pah
-
na ýazuwyny» miladydan öňki dördünji müňýyllygyň ahy rynda Me
-
sopotamiýada (häzirki Yrak döwletiniň çägi) ýaşan şu merler oýlap 
tapypdyrlar.


13
Ýazuw şekilleriniň myha ýa‑da pahna meňzeşligi onuň «
myh 
ýazuwy
», «
pahna ýazuwy
» atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr. «Pah
-
na ýazuwy» miladydan öňki birinji müňýyllygyň ahyrlaryna çenli 
wawilonlylar, assiriýalylar, hetler, finikiýalylar tarapyndan ulanylyp 
gelnipdir. Bu ýazuwdan Urartu döwletiniň ilaty, parslar we beýleki 
halklar peýdalanypdyrlar. 
«Pahna ýazuwy» piktografik ýazuwdan emele gelipdir. Ol 
ilkinji gezek italiýaly söwdagär Pestro Çella Walle tarapyndan 
öwrenilipdir. 
«Pahna ýazuwlarynyň» içinde iň köp ulanylany pars pahna ýa
-
zuwydyr. Bu ýazuw miladydan öňki V–IV asyrlara çenli Ahemeniler 
döwletiniň çäklerinde peýdalanylypdyr. Pars pahna ýazuwyny goňşy 
döwletleriň halklary, şol sanda Orta Aziýa halklary‑da ulanypdyr. 

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin