T. Bekjäýew Köne türKmen ýazuwy ﻯﻭﺯﺎﻴ



Yüklə 1,68 Mb.
Pdf görüntüsü
səhifə8/91
tarix11.11.2023
ölçüsü1,68 Mb.
#131909
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   91
Bekjäýew T~Köne türkmen ýazuwy-2013`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

5. Uýgur ýazuwy.
Bu ýazuw sogdy ýazuwynyň bir görnüşi bo
-
lup, oguz‑runa ýazuwlary bilen bilelikde peýdalanylypdyr. Mongollar 
XIV–XVI asyrlarda mongol diliniň özboluşly aýratynlyk laryny ha
-
saba alyp, uýgur ýazuwyna özgertmeler girizipdirler hem‑de mon
-
gol ýazuwyny döredipdirler. Soň uýgur we mongol ýazuwlary nyň 
esasynda manžur, oýrot, burýat dilleriniň ýazuwlary döredilipdir.
Umuman, Orta Aziýa halklary, şol sanda türkmen halky hem 
gadymy döwürden bäri birnäçe döwletleri döredip, olarda dürli ýa
-
zuwlary ulanypdyrlar. 
Türki dilli golýazmalar
hakynda maglumatlar 
Türki dillerde döredilen golýazmalar juda giň geografik çäkle
-
ri öz içine alýar. Oňa Orta Aziýa, Günbatar Sibir, Ural, Wolga der‑
ýasynyň kenar ýakalary, Demirgazyk Kawkaz, Krym, Türkiýe, Eýran, 
Owganystan, Päkistan, Hindistan, Müsür, Yrak, Siriýa, Bolgariýa we 
ş.m. onlarça ülkeler degişlidir. Bu golýazmalar türki dilleriň birente
-
ginde, şol sanda türkmen, tatar, başgyrt, gazak dillerinde ýazylypdyr. 
Taryhyň dowamynda Orta Aziýanyň çäkleriniň özgerip duran‑
dygy sebäpli, bu ýerde döredilen golýazmalaryň hem edil häzirki 
döwürdäkiden giň çäklere degişlidigini belläp geçmek gerek. 
Arap elipbiýinde döredeilen türki dilli golýazmalaryň iň gady‑
mysy XI asyra degişli bolup, ol 
Ýusup Has Hajybyň
«
Gut etgu 
 bilig
» (Bagt getirýän bilim) atly eseridir. Ol golýazma 1069–1070‑nji 
2. Sargyt № 426


18
(462‑nji hijri) ýyllarda ýazylypdyr. Bu eseriň bize gelip ýeten nus
-
gasy XIII asyrda göçürilipdir. Ondan soňky golýazma meşhur dilçi
Mahmyt Kaşgarlynyň
«
Diwany lugat et türk
» (Türki dilleriň di‑
wany) atly sözlügi bolup, ol 1073–1074‑nji (466‑njy hijri) ýylda dü‑
zülipdir. Sözlügiň iň gadymy golýazmasy 1266‑njy (664‑nji hijri) 
ýyl da göçürilipdir.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar 
institutynda saklanylýan türkmen dilindäki golýazmalaryň iň gady‑
mylarynyň biri Nusaýda ýaşan Salar baba Gulaly ogly tarapyndan 
1556‑njy ýylda (963‑nji hijri) ýazylan «Taryh» kitabydyr. Salar ba‑
banyň öz eli bilen ýazan bu kitaby diňe bir türkmen halkynyň däl, 
eýsem goňşy halklaryň taryhyny beýan edýänligi bilen has‑da gym
-
matlydyr. Bu institutyň golýazmalar hazynasynda entek şol şahyryň 
özü niň ýaşap ýören döwründe göçürilenleri hem bar. Nurmuhammet 
Andalybyň 1228‑nji bukjada saklanylýan «Ýusup–Züleýha» des sa‑
nynyň golýazmasy 1710‑njy (1122‑nji hijri) ýylda Muhammet Hü
-
seýin weledi Abdyrahman nohury tarapyndan göçürilipdir. 
Türki dilli golýazmalaryň iň köp ýazylan döwri XVIII–XIX 
asyrlara degişlidir. XI–XIII asyrlara degişli golýazmalaryň sany az 
bolup, munuň sebäbi, türki dilli golýazmalaryň köpüsiniň ýok bolup 
gitmegi hem‑de bu döwürde golýazmalaryň, esasan, arap we pars dil‑
lerinde döredilendigi bilen düşündirilýär.
Orta Aziýadaky ilkinji golýazmalaryň biri 

Yüklə 1,68 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   91




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin