Melekniň zarbyndan durabilmezler.
GALLA (a. galle, ks. galla:t) - 1) däne; azyk; ýer ekipalynýan hasyl; 2) öýi ýa-da dükany kireýine berip,alynýan girdeji.
Arzan alyp gymmat satar gallany...
Haram peýdasyna berişin görüň!
GALLAj (a. galla:b) - galp pul zikge kakýan adam, galppul ýasaýan adam.
Dünýä owwal bedel, galpdyr, gallapdyr,
Çarhy-çenber bazygeri-kezzapdyr.
(ga:l+a:ç) - 1) garyp, mätäç, malsyz, pakyr, GALLAÇbiçere; 2) ykmanda, müFlis. Bu söz pars dilinde weşekilinde ulanylýar. Ol arap dilinde-de görnüşinde wehilegär, mekir manysynda ulanylýar; gallaç kylmak -garyp etmek, pakyr etmek.
Kimni gany kyldy, kimlerni gallaç.
Dermendeýem, mätäjem,
Şermendeýem gallajam.
Jomart herçent gallaç bolsa, bar eýler.
GALMYK - esasan hazirki Galmygystan Assr-indehem-de RSFSR-iň Astrahan, Wolgograd, Rostowoblastlarynda we Stawropol ülkesinse ýaşaýan hakyň ady.Biziň eramyzyň birinji asyrynda we ikinji asyrynyňbaşynda galmyklaryň ata-babasy bolan oýrotlar MerkeaiAziýada ýaşapdyrlar. Olar XIII-H1Ü asyrlarda Çingizhanyň we onuň nesilleriniň harby-Feodal imperiýasynyňsostawyna giripdirler. Galmyklaryň dili-de mongol dillertoparynyň gunbattar şahasyna degişlidir. Galmyklargeçmişde lamaizme uýupdyrlar. Häzirki wagtda ol ýokbolupdyr, häzir hristian dinine uýýarlar.
Rumuň tagtyna Hebeş soltany,
Käbe mesjidine galmyk ýaraşmaz.
GALj (a. kalb) - 1) öwürmek, çewürmek, çalyşmak;2) ýalançy, hilegär; 3) ýasama, hakyky dal.
Galp adamyň basym biliner misi.
Dünýä owwal bedel, galpdyr, gallapdyr.
- togalanýan; togalak, togalanyp GALTAN (p. galta:n) duran; göwheri-galtan - togalak göwher.
Ol kim idi genç-maly topraga batdy gitdi,
Ol ne sadap açylmyş göwheri-galtanydört?
GALTYŞMAK - gatyşmak, sokulmak.
Magtymguly aýdar, keremli gaFFar,
Galtyşma kyldygym pyglyma meniň.
GALYNDYRMAK - güýçelendirmek, gurplandyrmak,aýak üstüne galdyrmak; erbet ýagdaýdançykarmak.
Ömür saly artar alkyş alnyň,
Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar.
GAM D (a) - gaýgy, gussa, tukatlyk.
Binaýy-behiştde ol gün hoş ýüzer,
Dünýäde hemhana bolan gam bile.
GAM DD (p. ga:m) - ser. gäm.
GAM ÄHLI (a-t, gam ýehli:)- ser. ähl.
GAMGAM - hezret Alynyň gylyjynyň ady.Zülpükar.
Nyzam berdiň serhetlere hat bile,
Gamgam gylyç bile, Düldül at bile.
GAMGEŞTE (a-p. gam+geşte) - gamly, gaýgyly,gussaly.
ÝOgsa galyp sen tenha, sergeşte-ýu gamgeşte.
Aýdan sözüňe pyglyň bolmasyn ýalan,köňlüm.
GAMGÜSAR (a. gam, p.gosa:r) - gamhor, mähriban;arkadaşlyk edýän, gam-gussany aýryjy; dost, ýar.
Beýle maglumdyr ki, hiç bir gamgüsarymgalmaz-a.
Gamgüsar eýlediň meni.
GAMGYN (a. gam, p.gi:n) - gaýgyly,gamly,gussaly,tukat.
Magtymguly, ýakyn-ýatlar,
Gamgynlar-u köňül şatlar.
Gamgyny görende, ýagşy söz bergin.
GAMZA (a) - näz, kereşme; 2) näzli bakyş, göz-gaşbilen näzli yşarat etme; kirpik süzüp bakma.
Bir dilbere duş geldim, gamzasy ok, gaşy ýaý.
Gamza birle galam-gaşyn kakypdyr.
Gamzaň bimar eder, ýüzleriň timar.
GAMZEDE (a. gam, p. zede) - gaýgyly, gussaly, gamly,gam basan, tukat.
Magtymguly bir gamzede, tä ki bu dert ile gider.
Men gamzedäniň gökge çykyp düýt ile ahy.
GAMKEŞ (a. gam, p.keş) - gam çekýän, gaýgyly,gussaly, tukat.
Çekdigim naladyr, ýüregim gamkeş,
Höregim ataşdyr Semender bile.
GAMMAZ (a. gamma:z) - 1) gybatkeş, gep gezdirýän;töhmetçi, biriniň aýyplaryny ýüze çykarmaga çalyşýan;2) içaly, jansyz; 3) göz-gaş bilen yşarat edýän, gamzaedýän (ser).
Magtymguly gerçe dünýä gammazdyr.
Könlüm perişandyr, sözim derazdyr.
gaýgyly, gussaly, gamly, GAMNÄK (a. gam, p. na:k) -tukat.
Göiýa beýtil-hazan men, şat gelen gamnäkola.
Ajdarhanyň zährinden ol naskeş gamnäkolar.
GAMHANA (a. gam, p. ha:ne) - gam-gussa öýi, matamöýi; köp gaýgy-gussaly.
Gamhanadyr, belli menzil-mekan ýok,
GAMHAR (a. gam, p. ha:r) - ser. gamhor.
GAMHOR (a. gam, p. ha:r) - - 1) gam çekýän, tukat,gaýgyly; 2) mähryban, ýüregi awaýan; göwünlik berýän,alada edýän; 3) sözýgüli.
Ilsiz, garyndaşsyz galsa gamhorsyz,
Eşdilmez hiç ýerde ady ýigidiň.
GANA-GANA (ga:na-ga:na) - puta ganyp, doýa-doýa,doly doýup.
Içer boldum yşkyň meýin,
Aç göz bilen gana-gana.
- hezret Alynyň (ser). gulamynyň GANBAR (a. Kanbar) ady.
Ol şahy-Düldülsuwar
Neda kyldy Ganbary.
GANDYRMAK (ga:ndyrmak) - 1) suwsuzlygyny,teşneligini kanagatlandyrmak; doýurmak; 2) gm.ynandyrmak.
Aşyklyk bir joşgundyr, akmaz daşgyn derýadyr,
Bir jurgadan kyrk aşyk gandyrdygymbilmezmiň?
GANLY (ga:nly) - 1) bir adam öldürip, gan bergiliadam; 2) gan degen, gan ýokuşan.
Ganly bolsa, geç ganyndan,
Bir garyp myhman ýigide.
GANY (a. gani:, ks. agniýa:) - 1) baý, gurply, mally,döwletli, mally-mülkli; 2) mätäç del, hiç zatdan kemiýok; gany eýlemek - barly etmek, döwletli etmak, gurplyetmek.
Diýdi Ahmet ummatymny eýlegil nurdan gany.
"Gaýn" - gany men, maly-mülküm bakydyr diýpsanmagyn.
GANYM (a. gani:m, ks. gana:im) - duşman, garşy,tarap, ýagy, ýow; talaňçy; ogry, galtaman.
Ganym janyn gyýym-gyýym dograsam,
Sütemni, jebri köp eýlär ganymyn natuwangörse.
GANYMAT (a. gani:met, ks. gana:im) - 1) uruşdaduşmandan alnan mal, olja; 2) bir sebäp bilen goladüşüp, gaýtadan düşmegi mümkin bolmadyk zat ýa-dapursat; 3) peýda.
Ganymatdyr gardaş ýüzi,
Dowadyr gadamy, tozy.
GAŇRYLMAK - boýnüňy bir tarapa öwürmek; terseöwrülmek, boýnuňy bir ýana öwrüp seretmek.
Gögi büküp, ýazsa ýeriň ýüzüni,
Gurt gaňrylyp, gapabilmez guzyny.
GAjBAR (a. gaFFa:r) - ser. gaFFar.
Kim ýamanlyk eýlese, hem bilgüji gapbarbar.
Nebsimiň raýyna keremli gapbar.
GAjMAK - 1) oklanan zady ýere düşürmen howadatutüp almak; 2) zor bilen almak; uzakdan çekip almak; 3)dişlemek, agyz salmak.
Aýdarlar: "Ýyrtyk don görse, it gapar",
"jäli ýaman bende, hudadan tapar".
GAjYL (a. ga:Fil) - 1) habarsyz, bihabar, ünssüz;aňkaw; 2) duýdansyz; gapyl bolmak - habarsyz bolmak,bihabar galmak, bilmän galmak; gapyl otürmek(geçirmek) - biderek geçirmek, habarsyzgeçirmek.
Magtymguly aýdar, gapyl oturmaň.
Duşmandan gapyl idim.
Adam ogly, ýatma gapyl.
ÝOkmuş men dek jahanda ömrün gapylötürgen.
GAjYLMAK - 1) ýapylmak, baglanmak; 2) ker bolmak,eşitmez bolmak; 3) ker bolmak.
Gulaklarym gapylyp, gözlerim tutdy gubar,
Daşyma ýygyldylar kowum-gardaş, her ne bar.
Ykbal ýatsa, iki dide gapylar.
GAjYR (a. ga:Fir) - ser. gaFyr.
GAR (a. ga:r), - 1) köwek, gowak, dag gowagy; 2)ýapraklary söwüdiň ýapragyna meňzeş bir agajyň ady;müň ýyl ýaşaýar diýen düşünje bar; 3) gm.gabyr.
Gapyl adam, gar agzynda ýatyp sen,
Ötdi ömrüň uşak-duşak kär bile.
GARA ÄLEM ATA - Garrygala raýonynyň Hojagalaobasynyň golaýyndaky gadymy bir öwlüýäniň ady.
Gara Älem ata, ýa Halat nebi,
Gözli ata, Baba Selman, şypa ber!
GARAW - gaýtawul, jogap, garşylyk.
Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,
Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda.
- jogaply, gaýtawully, jogap bermeli. GARAWLY
Munda ne iş etswň anda garawly,
Sen hem ýagşylardan alawer bowly.
GARAGOL (garago:l) - bezzat, ýakymsyz.
At alsaň gyr algyl, mekrudyr akýal,
Kitapda görüner çaman-garagol.
GARAKÇY - galtaman, ýol kesen, garakçy, ýol urujy;ogry.
Garakçylar kerwen görse, guwanar.
Binasyn dargatdy, garakçy doldy.
GARAMAK - seretmek, nazar salmak,gözlemek.
Ötgün eýlen: "Bäri gel!" diýr, telmuryp, her ýan garar,Dostlar-a, men ne kylaý, şonda gider meýlimmeniň.
GARAMAMYŞ - garamandyr, seretmändir.
Akyl, görki Alla garamamyş deň,
Ýgşydan ýaman iş çyksa bolar geň.
GARAMAT (a. gara:met) - 1) töleg, tawan, borç, bergi;2) zyýan, zelel; muşakgat.
Gitmez garamaty iki gün üçin,
Neçün boýna ala-ala gider sen.
GARAT (a. ga:ret, ks. ga:ra:t) - talaň, çapawul,duşman topragyna talaň üçin edilen hüjüm; garaty-jan -jana hüjüm edýän, jana zyýan berýän.
Dostlarym, duşman biliň, älemde bir bardyrçilim,
Eýle mahbup eýlemän, bir garaty-jandyrçilim.
- ser. garat. GARATY-JAN (a. ga:ret-e, ja:n)
GARAÇY - 1) gelip çykyşy boýunça öwlatlara(mes.seýit, hoja, ata, şyh we ş.m.) degişli bolmadyk sadaadam; 2) ürkek haýwan.
Garaçymyň, ýa seýitmiň, hojamyň!...
Ý Aýmy sen, ýa Günmi sen, näme sen?
GARBAMAK - çalasyn almak, ur-tut almak,nebsewürlik bilen tiz almak.
Niçeler bar - haýyr islär, şer tapar,
Niçeler bar - gum diýp garbar, zer tapar.
GARGYŞ - birine ýamanlyk arzuw edilip aýdylýansöz, nälet, ýigrenç, bet doga.
Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar,
Gargyşym daşlary mum dek erider.
GARDAŞ - dogan, bir ene-atadan doglan oglançaga.
Gardaş-u ata-enemden,
Aýrylşyp doganymdan.
GARK (a) - suwa batma, suwa çümme, suwdabogulma, suwuň aşagyna gitme; gark bolmak - 1) suwdabogulmak; 2) gm. çuň pikire batmak; batmak; gark etmek- suwa batyrmak, suwda bogmak.
Gark etmänkä, rakyp gyrylsyn indi.
Gark eder, bolma biperwa.
Uçraşyp kölüge gark oldum diýr, "Haý!"
GARKAÝYL (a. karka:ýyl) - ser. Karkaýyl.
GARKAj (a-p. gark+a:b) - 1) gark bolan, suwa batan; 2)girdap, adamyň bilelikde gark bolýan çuň suwy.
Nuhuň ymmatyna berdi tupany,
Müňkürleri garkap etdi bu dünýä.
GARKYLDAMAK - gark-gark edip ses çykarmak,gagyldaşmak (gaz hakda), garkyldyly sesçykarmak.
Ýşylbaş sonalar, gazlar garkyldar,
Haly harap düşer, köli bolmasa.
- günbatar, günüň batýan tarapy; GARj (a. garb) antonimi: şark (ser.).
Zemin, asman, garb-u şark pertüwindegerdandyr,
Zamanyýa sen gerdan, zaman senden bihabar.
GARRA (a. gyrre) - bihuda bir zada aldanyp öwünýän,ulumsy, men-menlikli, tekepbir; garra bolmak -men-menlik etmek, güpülemek, ýerliksizöwünmek.
Bolma garra ariýet dünýäde mülk-u malyňa,
Ýt edip gör-u kyýamat, ýygla daýym halyňa .
Garra bolma iki günlük iýgu-içgu,malyňa.
GARRYMAK (garry:mak) - garramak, garrylyk halataýetmek, gojalmak.
Ýylan zähri bolup ýaýrar tenine,
Ýigit garryr hatyn ýaman ýoluksa.
GARSAK - 1) çölde ýaşaýan gysgajyk aýakly, tilkämeňzeş gymmat baha derili garny ak wagşy haýwanýňady; 2) gyzlaryň oýnaýan bir oýunlarynyň ady; 3) gysga,kelte.
Tilki özün gurt biler,
Garsak özün seg saýar.
GARSANMAK - 1) suwda ýüzmek, suwda elihereketlendirmek; 2) eli hereketlendirmek, eligymyldatmak.
Gulzumy garsanyp kyrk ýol geçer men,
Eger ki meýl etse, ýar bizim sary.
GARÇYGAÝ - awa salynýan el guşuň birgernüşi.
Ganatsyz uçup men, garçgaý guş bolup.
Aç garçygaý, algyr laçyn öňünde,
Müň ýygylsyn, ördek nedir, gaz nedir.
GARYBA (a. gari:ba:) - köne düşünjelere görä, ýedigat ýeriň ýedinji gatynyň ady. Bu ýerde şeýtanlarbolýarlar. Olaryň iki aýagy bagay, bir elleri gursagyna, birelleri-de arkasyna bagly. Şuňa garamazdan, şeýtan turupuruş etmek üçin birinji gat ýere ýokary çykýar. Bu gatýeriň her biriniň aralygy bäş ýüz ýyllyk ýoldur."Gyýasul-lugat" atly sözlükde ýedinji gat ýeriň ady"Ajiba" diýlip görkezilipdir. Başga käbir ýerde bolsa"Aýna" diýlip atlandyrylypdyr.
Edinji ýer ady Garyba weýlde,
Dowzahlardan gorkup, sedasy dilde.
GARYK (a. gary:k) - gark bolan, suwa çümüp heläkbolan; gark bolup barýan.
Sorsaň habar berer Nuhdan,
Garyga nawlar görüner.
GARYN (a. karn, ks. koru:n) - 1) buýnuz, şah; 2)ýüzýyllyk zaman, taryhyň her ýüz ýyly; 3) zaman, asyr,döwür; 4) ynsanyň we haýwanyň iýmit siňdirişorganlarynyň biri.
Ýüz ýigrimi garyn perzent getiren,
Adam Howa bile serbeser geçdi.
GARYj D (a. gari:b, ks. goraba:) - 1) ýat ýere düşen,keseki ýere düşen; 2) keseki, ýat, del; 3) garyp, biçere,pakyr adam; garyp düşmek - öz watanyňdan aýradüşmek, ýat illere düşmek; ýeke galmak.
Watandan aýrylyp, garyp düşmeýen.
Kerem eýle, ýa reb, güdratly subhan,
Garyp, gamgyn geçen halyma meniň.
GARYj DD (a. Gari:b) - "Şasenem-Garyp" dessanynyňbaş gahrymanynyň ady.
Aşyk Garyp Şasenemi
Söen dek söýmüşem seni.
2) öli ýuwýan GASSAL (a. gassa:l) - 1) köp ýuwýan;adam.
Gassal golun çyzgaýyp, meýdimi ýuwdular päk,
Agaç ata mündürip, eltdiler ol suýy-häk.
GASSAj (a. kassa:b) - 1) mal öldürip, etini satýanadam; 2) gm. rehimsiz; jellat; haýasyz.
Adamlar asylgy durar darlarňyz,
Ýüzden tutduň bil, gassaby sen, Fattah.
GASYK (ga:syk) - garnyň aşaky etegi.
Bir mada eşek dek gelip sen deme;
Gasygy gam bilen doly, dünýä, heý.
GATLANMAK - 1) gat-gat bolmak, epilmek; 2) kabuletmek, razy bolmak; 3) galmak, turmak; gaýratagatlanmak - gaýrata galmak, namys etmek.
ÝOw güni gaýrata gatlan,
Lagnat goýma riş üstünde.
GATMAK - goşmak, garmak; gatyşmak; el gatmak - eldegirmek, gatyşmak.
Bir gün aşymyza awy gatar sen,
Owwal aldap biýrsen baly, dünýä, heý!
Şir her çakda bir aw atar,
Diýr: "Awyma kim el gatar".
GATYLMAK - garyşdyrylmak, goşulmak,garylmak.
Birniçelerniň aşyga, ger awy gatyldy,
Takdyr ezel kätipge neden beýle çatyldy?
GATYR (p. ga:tir) - dogrusy türkmençe - 1) erkek eşekbilen baýtalyň ýanaşmagyndan emele gelen haýwan, olgysyr bolýar; 2) gm. hilegär; haýyn.
Eşekden ulugdyr, gatyrdan kiçi,
ÝÖrise bilinmez yzy Byragyň.
GAFLAT (a. gaFlet) - gapyllyk, habarsyzlyk, bihabarlyk;duýdansyzlyk; gaFlatda ýatmak - bihabar galmak.
Ruz-u şeb gaFlatda ýatyjy bolma.
GaFlat içre gapyl ýatma, turawer.
GAFFAR (a. gaFFa:r) - hudaýyň sypatlaryndan biri-köprehimli, günäni geçiji, şepagatly, ýarlygaýjy.
Barmy günä derdine, ýa, reb, men deý giriFtar,
Bu jürm ile gelip men dergahyňa,ýa,gaFFar!
Keremiň-le, ýa, gaFFar,
Günähim güzeşt eýle!
GAFYR (a. ga:Fir) - günäni geçiji, bagyşlaýjy; doganykabul ediji, hudaýyň epiteti.
Seniň dek gaFyrym bar, jahanda ne gamym bar,
Ne ýüregimde aram, ne köňlüm içre karar.
GAHAR (a. kahr) - 1) zorluk, zorluk etme, zulum, etme;2) eňme, üstün çykma; 3) gazap duýgusy.
Bilgil, uzak gitmez aýy dostlugy.
Gahary gelse, depäň üzre daş döker.
GAHAR ÝuWUTMAK (a-t)- ser. ýuwutmak.
GAHBA (a. kahbe) - 1) erbet gezýän aýal, jelep, loly,köwli; 2) gm. wepasyz, durnuksyz; hilegär, mekir; erbet,ýaramaz; ters; gahba pelek - wepasyz dünýä; gahba jan -durnuksyz jan, mekir jan.
Gahba pelek oýun salar.
Dünýä bir gahba heleýdir adamzadyňgaşynda.
Hormat bilen oýnadarlar gahbany.
GAHR (a. kahr) - gahar, gazap; ser.gahar.
Ezraýyl gahr ile iner şeýtana,
Şeýtan ajyzlaýyp, gaçar her ýana.
- ser. kahhar. GAHHAR (a. kahha:r)
GAÇAR - "gaçmak" işliginiň nämälim geljek zamanFormasy. Bu ýerde substantiwleşip (atlaşyp), düşümgoşulmasyny kabul edipdir; gaçýan wagtda;gaçalgada.
Uçarda, gaçarda - garga, gulana,
Edi ýüz ýaşaman ölmek ýaraşmaz.
GAÇGYN - 1) öz ýurdundan gaçan, öz ýerindengiden; 2) gaçylýan, islenmeýän.
Gaçgynym köplükdir, istegim hylwat,
Maňa hiç jaýy-pynhan tapylmaz.
GAÇMAK - 1) gizlin gitmek, daşlaşmak; jyrmak; 2)çekilmek; azalmak; 3) gm. aýrylmak, bozulmak; 4) gatyylgap gitmek; 5) eliňden ýa-da ýokardan aşakdüşmek.
Indi bildim zamananyň azanyn,
Ýmanlar ýagşydan gaça başlady.
GAŞ D (ga:ş) - 1) gözüň üstünde gyýlyp duran garatüý; 2) ýüzük ýaly bezeg şaýlaryň ýüzüne oturylýangymmat baha daş; gm. öň, barabar, garşy,ýüzbe-ýüz.
jelek gelip, biziň gaşda,
Bakyň, bazygärlik eýlär.
GAŞ DD (a.gaşý) - bihuş bolmak, özüňden gitmek;pars dilinde "gaş" şekilinde ulanylýar; gaş bolmak(etmek) - huşdan gitmek, bihuş bolmak, özüňdengitmek.
Her neFesde nas birle bolmasdyr ki gaş.
Aýdadyr Magtymguly: "Hunhara bolgan naskeş".
- ser. çytmak. GAŞ ÇYTMAK (ga:ş çytmak)
GAÝ - 1) uçut, uçrum, dagyň dik ýokary çykýan ýeri;2) iri we gaty daş; daşlyk uçrum; 3) dag, belentdag.
Seňriklep, abanyp duran gaýalar,
Öňi-ardy, sagy-soly Gürgeniň.
Duranda gaýa dek durup merdana,
Alar ýerden at salyşy gerekdir.
GAÝT (a. ga:et, ks. ga:ýa:t) - ser. gaet.
Diýr, eý şahy-welaýat,
Biz hoşwagt bolduk gaýat.
GEDAÝ (p. geda:) - gedaý, oňşuk-oňalgasyny el seripýa-da gapy gezip toplap oňýan garyp adam, saýyl.
Il gezdikçe, gözi doýmaz gedaýyň.
Seni istän gedalarga zekat husnunda öwladyr.
GEDEM - ulumsy, gopbamsy, boýny ýogynlykedýän.
Geçer ömür, öter bu dem,
Ne ýörir sen gedem-gedem.
Ne tama bar hamr içen gedemden.
GEDI - ser. gidi.
Gedi namart gitse, hyzmat bitirmez,
Gadyr bilmän, mert bahasyn ýetirmez.
GEZ D - gezek, mertebe, gaýta, keren.
Söwdügim, sen günde bir gez ýadyňa salsaň meni.
Şu gez ibermeseň köňlüm hoş olmaz.
GEZ DD - 1) uzynlyk ölçeginiň birligi (takmynan 105sm.barabar); 2) bir hili süýjiniň ady; 3. esse.
Hak ýaratdy şol pisleri,
Segsen gez boldy pesleri.
Barsaň imanyňny alyp,
On bäş gez bize dolanyp.
GEZ DDD (p) -1) ýylgyn, gadymda ýörite ok ýasalýanýylgyn agajy; 2) gm. ok, gezden, ýylgyndan ýasalan ok(ýaý üçin).
Ajal goýmuş ok gezini kerişe,
Bilip bolmaz haçan jana irişe.
GEZGEN - gezen; ýaşan; gezmek işliginiň gadymyortak işlik Formasy.
Eý, jahan mülkünde gezgen sereFraz,
Bir bende men, köp sezleýip bilmen, az.
GEZEMEK - çenemek, dogrulamak, uzatmak, tüpeňiatmak üçin uzatmak, tupeň çenemek.
Etmiş ýaşly gardaş, girmegil ýaýa,
Okuň ýola düşmez gezemek bilen.
GEZMEK - aýlanmak, gezelenç etmek; ýaşamak, wagtgeçirmek.
Hudanyň penasynda
Gezerdim sähralary.
GEÝGÜZMEK - geýdirmek, geýindirmek, egin-başlyetmek; geýgüziban - geýdirip, geýindirip.
Ziba boýuga geýgüziban hylgaty-şahy,
Bagzyny görüň, biser-u saman bolup ötdi.
GELGISI - "gelmek" işliginden iş ady; gelmegi,gelmekligi.
Garrylyk gelgisi bir gün apaty,
Ýigitlik gitisi bir gün kuwwaty.
GELLE (p) - süri, topar, ser. gele.
- çopan, süri çopany GELLEBAN (p. gelleba:n)(goýun, sygyr, düe we ş.m. sürüleriniň çopany).
Gelleban arbaba dönüp, bolmuş arbaplaremir,
Şahlara bolaz itagat, ili näFerjam olur.
GELMEZEM - gelmerin; "gelmek" işliginiň nämälimgeljek zaman Formasy.
Magtymguly aýdar, bir zat bilmezem,
Işlwr bardyr, öhdesinden gelmezem.
GENDE (p) - porsy, erbet ysly; pis, hapysa.
Ýby aýdar "Men gende,
Üstüme münen bende,
Azabym köpdür günde,
Günüm arman içinde.
GENDELIK - pislik, ýaramazlyk, gyňyrlyk.
Hasylym usýandyr gendeligimden,
Ölüm asan erer zindeligimden.
GENJI-BIjAÝN (p. genj-e bi:pa:ýa:n)- ser.genç.
GENJI-KARUN (p-a. genj-e Ka:ru:n)-ser.karun.
- ser.genç. GENJI-KÄN (p. genj-e kä:n)
GENJI-NAHAN (p. genj-e naha:n) -- ser.genç.
GENJI-ÄLEM (p. genj-e a:lem) -- ser. genç.
GENÇ (p. genj) - baýlyk, pul, hazyna, mal, döwlet,tylla-kümüş gaznasy, bir ýerde gizlenip goýlantylla-kümüş we göwher; genji-bipaýan - hetdenaşa känbaýlyk, aňrysy-bärisi ýok baýlyk.
Her köşeýi-weýranadan,
Sed genji-bipaýan çykar; genji- kän - köp baýlyk, känpul-baýlyk.
jelek, maňa mal berer sen, ol genji-ken gerekmes;genji-nahan - gizlin hazyna, gizlenp goýlan baýlyk. Käbirhalk düşünjesine görä, gizlin genjiň üstünde göýeýylan ýatýarmyş.
Döwlet üçin baksaň, döwlet humaýa,
Genç üçin syhr okyp, mara ýüz ursaň; älem genji -dünýä baýlygy.
Boýny renbe-ben hinji,
Gymaty älem genji.
GEŇ - seýrek, täsin, enaýy, taň, haýran ediji.
Aş, suw bilen gerçe tapar ten maza,
Şirin sözdür jan gulagna geň maza.
GEŇEŞ - maslahat; sowet, bir mesele baradamaslahatlaşmak, Bu söz pars diline girip, "kenka:ş"şekilinde ulanylýar.
Namart otyr, geňeş eder zen bile,
Goç ýigitler zen geňeşin aňlamaz.
- giňelmek, ýaýramak, ýazynmak. GEŇRENMEK
Bir menzildir, üç gün iýip-içensoň,
Ornaşyp, geňrenip, biliň açnsoň,
Üzeňňiň çekerler tört gün geçenson,
Bäş günden ýokary myhman eglenmez.
GEjLETMEK - 1) gürrüň berdirmek, söz sözletmek,2) çykyş etdirmek; 3) gm. käetmek.
Ýigit bar, gepletseň, çölüň haýwany,
Ýigit bar, gepletseň, janyň söeni.
GER (p) - "eger" sözüniň gysgaldylan Formasy.
Ger diýseler küFr olur, eşýa senden halydyr.
Erada diýarynda, ademde guluň boldum,
Ger pany-ýu, ger baky, her kanda guluňboldum.
- 1) agyr, götermesi kyn; 2) gymmat, GERAN (p. gera:n)bahasy ýokary.
jürhatar, ol ýol ýyrak, yşkyň geran, kuwwatymaz,
Duşmuşam bir müşgile, sen-sen bu işeçäresaz.
- aýlanýan, dolanýan, dolanyş; GERDAN (p. gerda:n)gerdana düşmek (geçmek) - dolanmak, aýlanypbaşlamak.
jelek gördi, gorkup düşdi gerdana.
Gökde pelek gerdandyr.
Gerdany keç gahba pelek elinden.
- 1) gezme, gezim; aýlanyş; hereket; akym GERDIŞ (p) 2) bir zadyn öz töweregine aýlanmagy; döwran gerdişi -durmuşyň akymy.
Döwran gerdişinde gapyl adamyň,
Üstünden salar sen ýoly, dünýä, heý!
gerdişi-çarh - durmuşyň aýlanynyp durmagy,aý-günüň gelip-geçip durmagy.
Ýrlar, gerdişi-çarhyň elinden,
Bu meniň ýüregim para-paradyr.
Bakyň bu eýýamy, görüň gerdişin.
GERDUN (p. gerdu:n) - 1) pekek, dünýä, asman; 2)takdyr, täleý, ýazgyt, maňlaý 3) aýlanýan, çarh,tigir.
Gerdana gelip gerdun, ýörür mydamsernegüwn.
Gerdun öýüniň hemme işi jana gelendir,
Yşk birle höwes ikisi hemhana gelendir.
GERIM (p. germ) - 1) yssy, gyzgyn; 2) gm. açyk ýüzli;gerim eýlemek (etmek) - gyzyşdyrmak, gyzdyrmak.
Germ eýlediň, pelek, sen bu bazaryň,
Maglumdyr ki, bu söwdada utar sen.
GERKEZ - gökleňleriň bir taýpasynyň ady.Magtymguly şol taýpadan bolupduyr.
Bilmeýin soranlara aýdyň bu garyp adymyz,
Asly gerkez, ýurdy Etrek, ady Magtymguludyr.
GERMEK - 1) asmak, ýazyp goýmak; 2) ýaýmak,uzatmak; el germek - 1) el uzatmak; 2) gm. haýyş etmek,kömek soramak.
Ýlançyda aýlanyp, altmyş ýana el gerdiň,
janyny baky bildiň, ýel deý ösdüň, ýüwrüdiň.
GERT (p. gerd) - tozan, çaň, gum, toz, gubar (ser.).
Yşk duş bolsa bir merde,
Toz bolar, döner gerde.
Horasanyň häki-gerdi bilinmez.
GERÇE (p) - pars dilindäki "egerçe" - sözüniňgysgaldylan Formasy; eger-de , eger hem; şeýle-de bolsa,emma, welin.
Hudawend-a, gerçe nebsim ýamandyr.
Gerçe oldum günäkär,
Sitr eýle aýbym, setdar!
Gerçe yşkyň derdidir diwanaýy jan apaty.
GERÇEK - 1) hakyky, dogry, düz; edermen; 2) pir,işansopularyn ýolbaşçysy.
Mollalar ahyret sözün söýlärler,
Müňkür olma, gerçek işdir, eýlärler.
Bir biçäre görse - duran telmuryp,
Anyň işin gaýat gerçek ýer çeker.
GETIRGEN - getiren; getirmek işliginiň gadymy ortakişlik Formasy.
Buýurdy tört atla-"eltiň, tabşyryň,
Getirgen jaýyňda goýgul!" diýdiler.
GIDEM - "gitmek" işliginden; gideýin. Işligiň buýrukFormasynyň birinji ýönkemesiniň birlik sanynyňgörnüşi; many tarapdan isleg aňladýar; goýmaz gidem -goýmaz gideýin, gitmege goýmaýar.
Kysmat olmaz gidem uzak ýollara,
Nesip goýmaz gidem, ýolum baglar heý.
GIDERMIŞ - gider eken, gidýän eken; gitmekişliginiň hekaýa öten zaman Formasy.
Imdi geldik, mü'mün gullar nedermiş,
Kaýsy işde, kaýsy ýollan gidermiş.
GIDI (p. gid we "i" degişlilik goşulmasy) - 1) namart;pes, bigaýrat; 2) galtaman; boş, bolgusyz.
Söz pähm etmez akmak-gidi,
Öz ýanyndan tilli görner.
GIEW - köreken, durmuşa çykan gyzyň adamsynagyzyň ene-atasynyň we garyndaşlarynyň berýän ady,damat (ser).
Dostları ilə paylaş: |