Magtymgulynyň Düşündirişli Sözlügi, Türkmen ýazyjysy Nurmuhammet Aşyrpur (Aşyrpur Merdeow) tarapyndan ýazylyp birinji jildi 1997 ýylda Eýranyň Gunbedkabus şährinde çapa berildi



Yüklə 6,36 Mb.
səhifə7/72
tarix15.11.2017
ölçüsü6,36 Mb.
#31820
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   72

Emende Warka Gülşany,

Söen dek söýmüşem seni.

Warka kimin Gülşadan ölüp, umytüzdügim.

WARLAMAK - 1) war-war etmek, wagyrdy edipgürlemek; 2) ugursyz geplemek; ýaňramak.

Eý dostlarym, ölmeris diýp warlama,

ÝOldan çykyp, ýolsuz ýeri gözleme.

WARHAM (p. berhem) - bulaşyk, garyşyk; warhambolmak - bulaşmak, garyşmak, bulanmak, bulam-bujarbolmak.

Köp pakyrlar aglaşyp, geler andan amana,

Istäri bar az wagtdan warham bolsa zamana.

WASWAS (a. waswa:s, ks. wasa:wi:s) - 1) ýürekdäkierbet pikir, şeýtan pikiri, göwünlilik; 2) azdyryjy, aldaýjy,azaşdyryjy, ýoldan çykaryjy; 3) şübhe, howsala, dowul;waswasyl-hannas - şeýtanyň waswaslygy.

Serimde sansyz söwda, içde waswasyl-hannas....

Galynmaz, Zinde bolmaz, hut murda bolanköňlüm.

- ӝWASWASYL-HANNAS (a. waswa:s el-hanna:s) "Kur'anyň" "En-nas" atly 114-nji, ýagny iň soňkysüresiniň dördünji aýatyndan bölek; ser. waswas.

WASL (a) - gowuşma, ýetişme, duşma, birikme; 2)söýgülä gowuşma; 3) aruz ölçeginiň bir termini; 4)harplaryň goşulyp aýdylmasy; antonimi: hijr, Fasl(aýralyk); wasl umydy (umydy-wasl) - gowuşmaklyk umydy(birine), birikmeklik umydy.

Waslyň umydyna bir dem ygtybarym galmaz-a!

Waslyňa umyt etgen üzmüş elin janyndan;

wasl rutbasy - gowuşmak derejesi, birikmekderejesi.

Waw-wasl rutbasyn bir gizlin bazar eýlemiş.

WASLAT (a) - gowuşmaklyk, birikmeklik;aşyk-magşugyň bir-birine gowuşmagy; antonimi:pyrkat.

jyrkat, waslat, her ne ki,- aslyn ez hudabilim...

Köýdüm, bişdim ýar-dostlar, örtendim, edaboldum.

WASj D (a. wasF, ks. owsa:F) - 1) bir adamyň ýa-dazadyň eýe bolan ýagdaýy, sypaty; 2) öwme, taryp etme,magtama, bir şahsy ýa-da bir zady öwme; 3) öwgi sena;waspyny diýmek (etmek) - öwmek, taryplamak.

Waspyny diýmäge sözüm, tilim ýok.

Hakdan nuzul oldy Musaga "Töwrat",

"Injil" waspyn Isa eýledi isbat.

WASj DD (a. wasF) - 1) öwgi, taryp; 2) yslamdan öňkiarap poeziýasynda duş gelýän edebi janr Formasy.Waspda şahyrlar Arabystanyň çölüni, onuň Florasyny,Faunasyny, arap atlaryny, düelerini we göçüp-gonýanýurtlaryny öwüp, taryplapdyrlar. Wasp kasydanyň esasybölegini emele getirýär. Ol özbaşdak şygyr hökmündeseýrek duş gelýär.

WASYL D (a. wa:sil, ks. wa:sila:n) - 1) ýetişen, gowşan,ulaşan; 2) magşugyna ýetişen; maksadyna ýeten; 3)hudaýy tanamaklyga ýetişen; wasyl bolmak - ýetişmek,gowuşmak, duşmak; wasyl etmak - gowşurmak,duşurmak, bir-birine ýetirmek; wasyly-dergah - 1)derwüşleriň ýygnanan ýerlerine giren; 2) huzuryna ýeten;ez wasylan - gowşanlardan, birigenlerden.

Bolup erdi özi wasyly-derga,

Ady erdi anyň şeýhi-Bersysa.

Tapman anyň le hergiz,

Şemmeýi ez wasylan

WASYL DD (a. wasl) - ser. wasl.

- ser. WASYL RUTBASY (a-t. wasl rotbasy)rutba.

- ser. WASYLY-DERGA (a-p. wa:sil-e derga:h)wasyl.

WASYj (a. wa:siF) - öwýän, taryplaýan, magtaýan,wasp edýän, biriniň tarypyny edýän, öwüji, wasp ediji;wasyp bolmak - öwüji bolmak, taryplaýjy bolmak;öwmek.

Gurby-wahdat isteseň, bol wasyFy temjitile,

Ukdaýy-lebden gireh aç, nükteýi-towhyt ile.

WATAN (a. ks. owta:n) - bir adamyň dogup, ulalyp,ýaşaýan eri; ülke, ýurt; adamyň önüp-ösen ýeri.

Göz, köňül, til, akyl-galdy bu tördi,

Jan watan arzuwlap, turdy ýel bile.

WATAT (a. watad, ks. awta:d) - ser. owtat.

WAFYR (a. wa:Fir) - köp, kän, zyýat, artyk,

Zen talak, halal Fitwa bergen käFir,

Bu sözler aýat, hadys içre waFyr.

WAHDAT (a. wahdet) - birlik, ýekelik, ýalňyzlyk,täklik.

Gurby-wahdat isteseň, bol wasyFy temjit ile.

Bu dergahy durar kurbet, erer olhadiýi-wahdat.

WAHEME (a. wa:hime) - ser. wahime.

WAHIME (a. wa:hime) - 1) gorky; güman, hyýal; 2)görünýän we görünmeýän hem-de dogry we nädogryzatlary ynsanyň hyýalyna getirýän hyýaly güýç.

Anyň wahimesine Eýran-Turana geldi,

Ol ne guşdur uçadyr asmana, perwazy dört?

WAHÝ (a) - 1) ylham; dini düşünjelere görä, hudaýtarapyndan ses gelip, bir işiň ýa-da pikiriň pygamberlereylham bolmagy, tabşyrylmagy; 3) hudaý tarapyndaniberilýän habar; wahý indermek (etmek) - dini düşünjeboýunça, bir işi ýerine ýetirmegi hudaýyň pygamberleretabşyrmagy, habar bermegi.

Jebaýyldan wahý inderip rowana,

Käpirlere Şahy-merdan ýaratdy.

WAHYDYL-KAHHAR (a. wa:hid el-kahha:r) - ýeke-täkgahar eýesi, ýalňyz ýok eden. Bu söz düzümi hudaýyňsypatlarynyň biri bolup, bu ýerde ýerliksiz görünýär,goşgy Magtymgulynyň stiline çalym etmeýär,Magtymgula ýöňkelen "Naskeş" şygrynda duşgelýär.

Çün ezelde wahydyl-kahhara bolgan, naskeş,

Nebs üçin jandan geçip, bimara bolgannaskeş.

WAHYMA (a. wa:hime) - ser. wahime.

WAHYT (a. wa:hid) - ýeke, täk, ýalňyz (hudaýyňepiteti).

- ser. eýzan. WE LEHU EÝZEN (a. we leh-o aýzen)

- WE SAKAHUM ŞERABAN (a. we saka:hom şera:ben) olara (hudaý) arassa şerap içirer "Kur'anyň" 76-njysüresiniň 21-nji aýatyndan bölek.

Mü'müne hoş wagdadyr, we sakahum şeraban...

Ý reb, ol gün lutF eýläp, atmagyn oda bizni.

WEBAL (a. weba:l) - ýazyk, günä, tagsyr; zyýan,kynçylyk, azap, agyrlyk; erbet netije; işiň soňunyňýaramazlygy.

Diýdim: "Nedir mülki-jahan söýgüsi?"

Diýdi: "Derdeserdir, ýa boýna webal".

WEDA (a. weda:'') - hoşlaşyk; aýralyk, ýola gidýänadam bilen hoşlaşmaklyk; weda kylmak (etmek) -hoşlaşmak, aýrylyşmak.

Karun kylyp malyn weda,

Sed jan istär bolsa pida.

WEDAG (a. weda:'') - ser. weda.

WEJH D (a. ks. woju:h) - ýüz, keşp, surat, çihre (ser),her bir zadyň ýüzi; wejhi gara - ýüzi gara, gara ýüz;wejhi-ruýy wazzyha - ýüzi ýagty, açyk ýüz.

Ý nebi-Allah, tarahhym eýle, weji gara men.

wejhi-ruýy wazzyha,

Serwi-rowanym geldi.

WEJH DD (a. ks. woju:h) - 1) tär, ýol; tarap; niýet;sebäp; 2) pars dilinde pul manysynda ulanylýar.

Her närsäni bir wejh ile ýykar sen,

Jülgäni sil bile, dagy gar bile.

WEJHI-RUÝY (a-p-t. wejh-e ru:ýy) - ser.ru.

WEJHI-RUÝY WAZZYHA (a-t-a. wejh-e ru:ýy wazzyha:)- ser. ru we wejh D.

WEZIN (a. wezi:n) - 1) agyr, agramly; 2) abraýly; agyr,seýkin; salyhatly; wezin sorag - agyr sorag.

Uruglyg men diýme, taňla urug bar,

Hasab-u nama-ýu wezin sorag bar.

WEZIR (a. wezi:r) - 1) patyşaşanyň wekili bolup,döwlet işlerini dolandyrýan adam, patyşanyňmaslahatçysy; 2) döwlet agzasy, her bir ministerligiňbaşynda durýan adam, ministr; 3) wekil, ilçi.

Isa, Sahypzaman geler şol demde,

Adyl gurlar, wezir bolar şol günde.

WEZN (a., ks. awza:n) - 1) agram, agyrlyk; 2) çekme;çekip agramyny bilme; 3) ölçeg (poeziýada).

Uruglyg men diýme, taňla urug bar,

Hasab-u nama-ýu wezin, sorag bar.

WEÝIL (a. weýl) - ser.weýl.

WEÝIS (a. uweýs) - ser. Weýsil-Karan.

Şiblini, Mejnuny alyp gelmişem,

jäliwan jurýay, Weýsi-galandar.

WEÝL (a) - 1) heläkçilik, ýamanlyk ýetişmek;kynçylyk, gaýgy-gam, betbagtçylyk; 2) waý, haýp; 3)jähennem; jähennemde bir ýeriň ýa-da guýynyňady.

"Weýl" diýgen jaýda tütüniň çykar,

Edi gat ýerde kylmyş sakar dowzahy,

Weýildir guýusy, syçjyn bulagy.

Çilimkeşiň jaýy weýl bolur ermiş.

- gaýgy, gussa; WEÝL-WAÝ (a. weýl wa:ý)heläkçilik.

Ne aşretdir aşyga jennet içre jemaly,

Aýralyknyň ataşy tamug içre weýl-waý.

WEÝLA (a. weýla:) - 1) eý waý, ah-wah, iňňildi;bagtsyzlyk; 2) masgaraçylyk; 3) dini düşünje boýunça,jähennemiň bir bölegi.

Eger misgin, eger bir baý, taparmy sen-aizin hiçraý,

Ýmandyr aýralyk, eý-waý, arap labzyndaweýladyr.

WEÝRAN (p. weýra:n) - 1) bozuk, harap, ýykyk,ýykgyn, abat däl; 2) gm. gaýgyly, gamly; weýran bolmak -harap bolmak, ýykylmak, bozulmak; gm. gamlybolmak.

Weýran bolup, beýik daglar ýykylar.

Köpelse her iliň seri-serkary,

Nyzamy bozulyp, weýrana gelgeý.

- ser. WEÝSI-KARANY (a. Weýs-e Karani:)weýsil-Karan.

WEÝSIL-KARAN (a)- Soltan Uweýsil-Karan.Muhammet pygamberiň döwründe ýaşan arap sopusy.Onuň doly ady uweýs ibn Amyr ibn Jeze ibn Mälik Karany(657-658-nji ýyllarda aradan çykan). Weýis Emende Karandiýen ýerde ýaşapdyr, örän takwa we namazhon adambolupdyr. Ol ýerde şöhratly bolany üçin, gaçyp, KüwFeşäherine barýar. SiFFeýn urşunda hezret Alynyňgoşunlarynyň hatarynda uruşýar we şol uruşda hemöldürilýär. Weýis hakda köp rowaýatlar döräpdir.Onuň esasy käri düe çopançylyk bolup, çöldeterkidünýälik edip gezipir, halkdan gizlinlikde ybadatedipdir. Muhammet pygamber ölenden soň, onuň weşetiboýunça hezret Aly bilen Omar Karan obasyna baryp, onygörýärler we pygamberiň beren geýimini oňagowşurýarlar. Weýsil-Karanyň ady soltan Weýis,Weýsi-Karany şekilinde-de gabat gelýär.

"Ol Weýsil-karandyr, bilgil" diýdiler,

Ol weliler serweri soltan Weýis dek öwlüýä.

WEL-ULÝ (a. wel+olýa:) - ser. ulýa.

WELAÝT (a. wela:et, ks. wela:ýa:t) - 1) oblast',guberniýa (r); 2) häkimlik, hökümdarlyk; 3) welilik,öwlüýälik; 4) ýakynlyk; 5) ýer, ýurt, watan.

Kaýsy welaýatda köpelse eyna.

Mekgeden keşt eýlediň şähri, welaýat känisen.

WELET (a. weled, ks. ewla:d) - ser. öwlat.

WELI (a. weli:ý, ks. awliýa:) - 1) dost, ýakyn (hudaýa),keramatly, öwlýä; 2) eýe; kömek berýän, goraýan; başgabiriniň işlerine jogapkär adam (meselem, maşgalaagzalarynyň işlerine); 3) Alla tagala ýakyn adam(Lukmana we hezret Ala şeýle sypat berilýär); 4) emma,welin; 5) ser. öwlýä.

Çäre tapmadylar öten weliler,

Barçanyň başyga ýeter bu dünýä.

Bir sapar hatadan çekipdir Aly,

Seýl üçin sähraga çykypdyr weli.

WELI-ULLA (a. weli:ol-la:h, ks. awluýa:ol+lah) - haktagala ýakynlyk gazanan adam, öwlüýäleriň biri.

Saňa dat eýleý, weli-ulla, kany azadalar?

WEPA (a. weFa:) - 1) sözüňde durma, wadaňdatapylma; 2) söýgüde, dostlukda yzygiderli we durnuklybolma; 3) etişme, ýeterlik bolma; biwepa -wepasyz.

"Ýlançynyň wepasy ýokdur" diýsem, ýalanýok.

Gözläp köňül berme biweparga,

Bak, kim wepa görmüş biwepalardan.

WEPADAR (a-p. weFa:+da:r) - wepaly, sözündedurýan, wadada tapylýan.

WEPAT (a. weFa:t) - ölüm, ölme, ýogalma; merk;wepat kylmak (bolmak) - ölmek, aradan çykmak,ýogalmak.

Biziň mertler wepat kylyp,

jelek başa bela boldy.

AryF ähli bolup wepat.

WERDIŞ (p. werziş) - ser.werziş.

Bakyň bu eýýamy, görüň gerdişi,

Pakyra zulm etmak boldy werdişi.

WERZ (p) - 1) üznüksiz ýerine ýetirlýän iş; kär,iş, pişe; 2) ekiş, daýhançylyk, ekin ekiş.

Sekiz arşy göteren

"La ilaha!" werz dälmi?

WERZIŞ (p) - 1) bir işi üznüksiz gaýtalap ýerineýetirmek; işleme, çalyşma, taglla etme; 2) prktika,gönükme: 3) bedenterbiýe; werziş etmek - endik etmek,bir işi köp gezek gaýtalap ýerine ýetirmek.

Werzişiň ýok, ýaş sen, gidebilmer sen.

Çekdigim pygandyr, werzişim zardyr.

WERZIŞGÄR (p. werzişka:r) - 1) endik eden, öwrenen,praktika edýän; 2) bedenterbiýeçi, sportsmen (r).

Ýüke werzişgär boz eşek

Bolaýyn diýseň, öýlengin.

WES-SUFLA (a. wes+soFla:)- ser. suFla.

WEŞET (a. wesi:ýet) - 1) tabşyryk; nesihat; 2) her biradamyň diri wagtynda ölenden soň mal-mülkünimaşgala çlenlerine näme etmelidigini anyklap aýdanýa-da ýaayp galdyran tabşyryrgy.

jygamber kimsäge weşet kyldy,

Asasy, hyrkasy, kürki kimdedir?

WEHIM (a. wehm, ks. awha:m) - 1) esassyz we nädogrypikir, ýalňyş pikir; 2) şek, şübhe; 3) gorkmaklyk,çekinme, ätiýaç etme; wehim eýlemek (etmek) - gorkmak,ätiýaç etmek, çekinmek.

Müşgil sapar bolar ölüm sapary,

Wehimi çoh bolar, köpdür hatary.

Giň ýerde garga deý bolsun wehimli.

Halal işle, ahyretden wehmiň bar.

WEÇ (a. wejh, ks. woju:h) - ser. wejhDD.

WIRDI-ZYBAN - (a-p. werd-e zeba:n)- ser. wirt.

1) doga, zikir, biriniň her WIRT (a. wird, ks. awra:d) -gije-gündizde tekrarlap okaýan "Kur'andan" bir bölegi; 2)bir sözi ýa-da dogany üznüksiz gaýtalama; werdi-zyban -hemmeleriň dilinde bolmaklyk.

Baýguş aýdar: "derdim bar,

Tesbihim bar, wirdim bar.

WITIR (a) - 1) ýassy namazyndan soň okalýan üçrekagat (ser). namazyň ady; 2) täk, ýeke-täk zat.Metbugatda "wütF" şekilinde nädogry berlipdir.

HuFtanda witr okyp, ýatsaň serişde,

Razy bolar senden kunut perişde.

Üç witir hem tört bolmaz,

Kişi terk eýlese witrin beýekbar.

WUJUT (a. woju:d) - ser. wüjut.

WUSUL (a. wosu:l) - ýetişme, gowuşma; barma;girme.

"Sütüni syýamyş, nädir wusula?"

Haýypdyr janyňa, çilim çekmegil!

WÜJUT (a. woju:d) - 1) bolunma, bar bolma, barlyk,suşestwowaniýe (r); 2) göwre, beden; jeset; wüjuda gelmek- döremek, peýda bolmak.

Adem diýaryndan wüjut şährine,

Üç ýüz altmyş günlük ýolmuş bu dünýä.

WÜJUH (a. woju:h, bs. wejh) - ser. wejh we weç.

WYSAL (a. wisa:l) - 1) duşuşma, gowuşma; 2) aşygyňmagşuga gowuşmagy; antonimi: hijran we pyrak; wysalolmak - duşuşmak.

Ugradym Ylýasa, Hyzr oldy wysal.

Wysala umyt berip, ýüz tilli bilbil etdi.

Wysala doýmak olmaz, hijrana dözmekolmaz.

WYSALAN (a-p wisa:la:n) - wysal sözüniň parsçaköplük sany gowuşmalar, duşuşmalar; şemmeiý ezwysalan - duşuyklaryň iň kiçi böleginden. Bu söz käbirneşirde "wasylan - gowşanlar" şekilindeberlipdir.

Tapmaýyn hergiz eýläp,

Şemmeiý ez wysalan.

- asly Eýranly bolup, WÄHIj (a. Wehb ibn Monebbih) Emende önüp-ösen we Muhammet pygambrriňsahabalarynyň (egindeş-ýaranlarynyň) hem-deşägirtleriniň biri (646-739).

- ser. wahý. WÄHÝ (a. wahý)


G
GABAK (ga:bak) - gözüň üstki kirpikli ham örtügi;Maral gabak - gabagy urkaçy keýigiň gabagynameňzeş.

Golun sallap maral gabak periler,

Iner olumyndan däli Gürgeniň.

GABARTMAK (ga:bartmak) - çişirmek, gübertmek,pökgertmek.

Zalymlar mazluma syrtyn gabardyp,

Gamçysyndan ganlar saça başlady.

GABAT - duş, garşy, alyn, öň; gabat gelmek - duşgelmek, duşmak.

Hüjüm eýlär barça ary,

gabat gelse bal biläni.

GABAHAT (a. kaba:het) - 1) ýaramaz iş, hapa iş, erbethereket; 2) ýeňil günä, jürm.

Ne iş gördi gözlerim,

Gabahatdyr ýüzlerim.

GABSA (p. kaFasa) - 1) kapas ýaly, kapasa meňzeşzat; kitap ýa-da başga zatlar goýmak üçin diwardaýasalýan jaý; penjire we penjiräniň içinden ýa-dadaşyndan goýulýan gözenekli agaç gapy.

Kellesini süsňedip gabasany açdy,

Munuň müşgil işler başyna düşdi.

GABYZ (a. kabz) - 1) alma, ele alma; 2) tutgunlyk;daraltmak; 3) adamyň janynyň Ezraýyl tarapyndanalynmagy, ölme, aradan çykma; 4) pars dilinde pul ýa-dabaşga bir zat birine berlende, şonuň deregine alynýanhat-ýazgy ýa-da dokulment; gabyz olmak - alynmak.

Jan pany, jahan pany, kepene çolan köňlüm,

Söz bilen için egser, gabz olup, dolan köňlüm.

GABYR (a. kabr, ks. kobu:r) - 1) gör, mazar, olijaýlanan ýer; 2) ölini göre salma, ölini jaýlama.

Gabyr ýarylur, gum dökuler serinden,

"Waý, ummatym!" diýip galsa gerekdir.

GAGYR (a. kä'r) - ser. kagyr.

GADAM (a. kadam, ks.akda:m) - 1) aýak; gadambasmak - aýak basmak; 2) ädim; gadam ätmek - ädimätmek; 3) ýarym arşynlyk ölçeg; 4) gm. ugur, bereket;mübärek.

Gadam ýerne ganat baglap uçar men.

Basan gadamlaryň ýola myhmandyr.

GADYM (a. kadi:m) - 1) has öňki zaman, ozalky, esgi;geçmiş; 2) başlangyjy bolmadyk, ezel (ser.).

Bu gadymdan bolup gelen meseldir,

Kirpi ýaryp gider gawun ýagşysyn.

GADYR D (a. kadr) - 1) ynam, ähtibar; 2) dereje; 3)mukdar, ölçeg; 4) hormat; başarnyk; sylag.

Ýgşa gadyr bolmaýyp, döndi döwür ýamana.

Menem Pyragy ol gadyr,

Aklymny kyldym derbeder.

GADYR DD (a. gadi:r) - köl, akman, bir ýerdejemlenen suw.

GADYR GIJE (a-t. kadr gi:je) - Oraza aýynyň 27-sigijesi.

Derwüşler gadyr gijesin,

Söen dek söýmüşem seni.

- 1) baha, deger; 2) GADYR-GYÝMAT (a. kadr ky:mat)ähtibar; hormat.

Dök, getür Allaga bu gün gadyr-gyýmateşkini.

Magtymguly hummeti,

Galamaz gadyr-gymmaty.

GAET (a. ga:et, ks. ga:ýa:t) - 1) soň, gutaran ýeri,sonky dereje; 2) netije, maksat; 3) köp, zyýat, soňkyderejede; bigaet - hetdenaşa, soňderejede; hasapsyz, hasköp.

Bir biçäre görse - duran telmuryp,

Anyň işin gaet gerçek är çeker.

Owwalyňa ýok gaet.

GAZA (a. gyza:, ke. agziýe) - 1) iýmit, iýilýän zat,nahar; çaý-çörek; nan; 2) bir adamyň iýimäge weiçmäge endik eden zady.

Adam gazadyr, haý ismiň jilwe.

GAZAL D (a) - 1) mogazala - sözunden, ýagnyaýal-gyzlar bilen sözleşmek; söýmeklik; aýal-gyzlar bilenoýun-maza etmek, aýaz-gyzlara seýgi bildirip, şolaryňwaspynda aýdylan söz; 2) liriki şygyň Gündogarda giňýaýran bir Formasy. Onuň mazmuny aýal-gyzlara bolanyşk-söýgä degişli bolýar. Beýt sany 11-15-den köp we5-7-den hem az bolmaly däl. Eger beýt sany artlk bolsa,oňa "kasyda" diýlýär. Gazalda köplenç yşk-söýgi wemagşuk hakda wasp edilýär. Oňa "teşbip" hemdiýilýär.

Many bazarynda haýýata döndüm,

Şirin gazal donun biçdim, ýaranlar.

Husrow okydy niçe gazal, birniçe ebýat.

GAZAL DD (a. gaza:l) - 1) Keýik; keýik çagasy, tokar;jeren; 2) gm. gözel, söýgüli; çeşmi-gazal - uly we owadangöz.

Ak göwsun biýr jeren deniz ýeline,

Mäleýir gazaly (maraly) çöli Gürgeniň.

- 1) girdeji almak, gazanç etmek; 2) eýe GAZANMAKbolmak; haýyr gazanmak - oňat iş etmek, sogapgazanmak.

BU jan saglygynda haýyr gazangyn,

Er astyna girseň, sowap tapmas sen.

GAZAj (a. gazab) - gahar, gyzma; gyzgynlyk, güýçligahar duýgusy.

Magtymguly, aýama jan,

Biliň guşa, geý gazap don.

GAZAjNÄK (a-p. gazab+na:k) - gazaply, gaharly;gyzgyn.

Iki gürzli topuldy, sähmnäk-u gazapnäk,

Ruhum teslim etdiler, direldim, jana geldim.

GAZNA (a. hyza:ne we hazi:ne , ks. haza:in)- 1) pul wegymmatbaha zatlar saklanýan ýer; 2) her bir döwletiňkagyz we gyzyl-kümüş pulunyň saklanýan ýeri; 3)gömülip gizlenen baýlyk, pul.

Dünýä doly gazna ýygsaň ne peýda.

Gaznasy uruldy, öýi talandy.

GAÝB (a. gaýb, ks. gyýa:b we goýu:b) - 1) gözegörünmezlik, göz öňünde bolmazlyk, gaýyplyk; 2)näbelli zatlar; görünmeýän we bilinmeýän ahwal, syrlywe gizlin zatlar.

Her zişt-u ziwer-u zib,

Şahydy-älemi-gaýb.

GAÝGY - gam, gussa, ünjüli duigy.

Kethudalyk gözel ýoldur,

Gaýgy garrydyr, gam öldir.

GAÝGYÇY- gaýgy çekýän , gussa çekýän,gaýgylanýan.

Är ýigit köňlüne gaýgy getirmez,

Namart ogly deýin gaýgyçy bolma!

- 1) bulut, asmany tutp duran bulut; 2) GAÝN (a) teşnelik, suwsuzlyk; 3) bilbil; 4) arap-pars elipbiýiniňýigraimi ikinji "G" harpy, ebjet hasabynda - 1000. Bilbilmüň dürli owaz edýänligi sebäpli, pars dilinde oňa"hezar-mün" diýilýär.

Gaýn harpynyň-da müň sany bar. Şuňa görä,umumylaşdyryp arap dilinde bilbile-de "gaýn" diýlipdir."Gaýn" harpy pars dilinde az ulanylypdyr. Bu harp käwagt"G" käte "j" we başga harplara-da öwrülýär. Meselem: şagal - şagal.

"Gaýn" - gany men, maly-mülküm bakydyr diýpsanmagyn,

"Fi" - Feragat wagt eken, nebsiňni ram etmekgerek.

GAÝNAMAK - 1) suwuk bir zadyn ýokary temperaturazerarly lakyrdamagy, joşa gelmegi; 2) gm. joşmak, möwçalmak, rahat durmazlyk.

Gadam goýsam sähralara, çöllere,

Köňül gaýnap, söz joş eder tillere.

GAÝRAT (a. gaýret) - 1) eziz we mukaddes bir zadakesekiniň dokunmagyny görmekden ýüze çykýan duýgywe ýagdaý; 2) tagalla; 3) sabyr, çydam; 4) gujur, güýç,kuwwat; 5) namys.

Magtymguly beg ýanynda til başlar,

Gylyjy, gaýraty bolan il başlar.

GAÝR (a. ks. agýa:r) - 1) başga, özge; 2) keseki, ýat;3) besdeş, rakyp (ser.) Arap dilinde sypatlaryň öňündengelende ýokluk manysy bilen goşma sypatlar emelegetriýär; gaýry tebigy tebigy däl.

gaýr ile bezm eýleýip, eýlese hoş köňlüni ýar,

Mejlis içre ýat edip diý: "Ol garyp gaýgylydyr."

GAÝRY (a. gaýry:) - 1) başga, özge; 2) özgeriş; 3)keseki, bigäne, ýat; hakdan gaýry - hudaýdanbaşga.

Hakdan gaýry jumle jander galmazlar.

Hasylyň nedir seniň jürmi-günäden gaýry.

Hakdan gaýry bir kimse eşitmedidadymy.

GAÝRYLMAK - bejerilmek, ýasalmak,düzelmek.

Derwüş düýşde görüp, bolmuş aşygy,

Gyzyldan gaýrylmyş perşi, işigi.

GAÝTA - tersine, garamazdan.

Gaýta bedasyllar asylzadan,

jisint etmeý, töre geçe başlady.

GAÝTMAK - 1) öwrülmek, dänmek; yzyna dolanmak;3) aşak düşmek.

Ajal bendäniň boýnuna,

Gaýdawer münmezden burun.

GAÝYM (a. ka:im) - 1) aýak üstünde düran, dikdüran; 2) pugta, mäkäm; 3) biriniň ýerini tutýan.

Gulluk eýläp gaýym hyzmatda durdy,

Melekler seýrinde aňa ýer berdi.

GAÝYj D (a. ga:ib) - "gaýb, gyýa:b" sezlerden; 1)görünmeýän, gözden pynhan bolan; 2) ýok; ýokluk; 3)Ýiten, ýitirim bolan; başga ýerde bolan; antonimi: häzir;gaýyp bolmak - ýok bolmak, başga ýerde bolmak, gözegörünmeýän bolmak; gaýyplar - göze görünmeýänler,dini düşünje boýunça, göze görünmän gezýän weliler,erenler, keramatly adamlar.

Özi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam,

Gaýyp olgan ol erenler özün gurban eýledi.

Üç ýüz altmyş eren - bary gaýypdyr.

Birniçe gaýyplar jemg olmuş anda.

GAÝYRMAK - 1) döretmek, ýaratmak; 2) bejermek,ýasamak; 3) bitirmek, ýerine ýetirmek.

Namarda ýüz ursaň, işiň gaýyrmaz,

Itden süek islän bir zat aýyrmaz.

Akly, görki Alla gaýyrmamyş deň.

GALA (a. kal''a, ks. kala:'') - gorgan, berkitme;duşmandan goranmak üçin dört töwereginde beýikdiwarlar edilen we ok atmaga degişli diňleri bolanberkitme.

Gitdi Ýusup, gelmez habar, turar men ýyglap hersäher,

Gala-gala, şäher-şäher sökem Ýusupdiýe-diýe.

- 1) gamyş; 2) ujy GALAM (a. kalam, ks. akla:m) ýonulyp, hat ýazmak üçin ulanylýan bir hili gamyş; 3)gamyşdan ýonulyp ýasalýan ruçka; ýüwüş; 4) umumanhat ýazmak üçin ulanylýan gural; 5) hat; 6) nagyş, surat;gm. gözel; owadan; galam gaş - gözel gaş, gyýmagaş.

Oturşy-turşy edaly,

Gaşlary galam isläin.

GALANDAR (p. kalander, ks. kalandera:n) - 1) derwüş,dünýäden el çekip, ýalnyz gezýän adam, pakyr, ýoksul;2) dünýäniň maddy zatlaryndan el üzüp, hakykatyagtarýan päk adam; FilosoF.

Aşyklar ähliniň hany, soltany,

Tejlli tagtynyň şasy galandar.

GALAj (a. gyla:F) - gyn, gylyjyň, pyçagyn gyny,gap.

Şiri-huda döwnüň ýanyna bardy,

Zülpükaryn galapyndan çykardy.

GALAT (a. ks. agla:t) - 1) ýalňyş, hata, säw; 2) sözdeýa-da hasapda ýalňyşmak; galat etmek - ýalňyşmak,hata etmak.

Sözüm galat däldir, behştdir jaýyň.

Hak sözüme diýer mollalar galat.

GALBYR (a. garba:l) - çal elek, däne elenýän iri gölielek.

Galbyrda suw durmaz gözemek bilen.

Galbyrdan çal çykar syrym berenim.

GALEN (Kawdiý (129-201) - Rim wraçy we tebigathadysa laryny derňeýji. Antik medisinanyň klassygy.jergamda jlatonyň (EFlatunyň), Aristoteliň medisinasynywe FilosoFiýasyny öwrenýär. Birnäçe ýere, şol sandaIsgenderiýe (Aleksandriýa) syýahat edýär. 164-nji ýyldaRime gelip, imp. Mark Awreliň wraçy bolýar. Galen400-den köpräk traktat ýazypdyr. Olaryň köpüsimedisina we FilosoFiýa degişlidir. Şol eserlerden 100-dengowragy saklanypdyr. Magtymgula ýönkelýän goşgudaGalen EFlatuna ýol görkezýän hökmünde beýanedilýär. Hakykatda EFlatun ondan öň geçip, Galen onuňeserlerini öwrenipdir. Şeýlelikde, goşgynyň şular ýalynätakyk mazmuny onuň beýik şahyra degişlidigine esaslyşübhe döredýär.

Galen EFlatuna ýolun görkezip,

Dawut, Osman bilen aly ürküzip.

GALKAN - uruşda duşman ýaragyndan goranmaküçin, tegelek görnüşli, elde göterilýän metaldan ýasalangadymy uruş guraly.

Guş dumly, guş tilli galkan gulakly,

Depesi üstünde bäş gyraň geler.

GALKMAK - 1) turmak, aýak üstüne galmak; 2)göterilmek; 3) oturmak; 4) oýanmak; 5) ýokary çykmak;6) gm. aýaga galmak, topalaň turuzmak.

Anka sypat turup, "Huw!" diýp galkan guş,

Gijesi tirikdir, gündizi bihuş.

Derýa galkyp, howa uçdy,

Köpüginden ýere düşdi.

GALKYNMAK - 1) ruhuň göterilmek; ruhlanmak; 2)gurplanmak.

Niçeler galkynyp turabilmezler,


Yüklə 6,36 Mb.

Dostları ilə paylaş:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   10   ...   72




Verilənlər bazası müəlliflik hüququ ilə müdafiə olunur ©muhaz.org 2024
rəhbərliyinə müraciət

gir | qeydiyyatdan keç
    Ana səhifə


yükləyin