BAZYGÄR (p. ba:zi:-ger) - 1) oýunçy, oýnaýan; 2) gm.al salýan, hile edýän; 3) artist; bazygärlik - hilegärlik,mekirlik; bazygäri - kezzap - ýalançy oýunçy, hilegäroýunçy.
Maly-dünýä assy bermez, bazygärdir, aldadur.
jelek gelip, biziň gaşda,
Bakyň, bazygärlik eýlär.
Dünýä owwal bedel, galpdyr, gallapyr,
Çarhy-çenber bazygäri-kezzapdyr.
Bu dünýä bazygärdir,
Bazysyn çaldy gitdi.
BAZYGÄR-KAZZAj (p-a. ba:zi:ger-e kezza:b)- ser.bazygär we kezzap.
1) bir döwlete, BAÝDAH (a. baýdak, ks. baýa:dyk) turama degişli, agja berkidilen belli bir ýa-da dürlireňkdäki mata; 2) galanyň burjunda dikilýän nyşana,alamat; baýdak; 3)ýol görkeziji, belet.
Şirwan galasydyr, any kim biler,
Her burçunda altyn baýdahlary bar.
BAÝRAK - sylag, hadat, serpaý, ýaryşda üstünçykandygy üçin berilýän sylag.
Öýlükde ýaýlany gursak,
At çapdyryp, baýrak bersek.
BAÝRAM - bir dinde ýa-da rejimde mübärekhasaplanýan gün, aýyt. mes.: gurban baýramy, orazaaýdy.
Goç ýigide toýdur, baýram,
Her iş gelse il biläni.
BAÝYNMAK (ba:ýynmak) - baý bolmak; heziletmek.
Magtymguly baş bermese, baýynmaz,
Mährimi inderip, nazar salanym.
BAKA (a. baka:) - 1) hemişelik, mydamalyk; dowam,bolnan ýagdaýda galmak; antonimi-pena (Fena); 2)kyýamat, ol dünýä; bakalyk - hemişelik; gm. Oldünýälik; bakasyz - hemişelik däl, wagtlaýyn;mydamalyk däl.
jenada görewer bakalyk işiň,
Gapyl galyp ýatma deme agzanyp.
Dünýä bakasyzdyr, aýan görüner.
BAKALYK (a-t. baka:lyk) - ser. baka.
BAKAM - "bakmak" işliginden; bakaýyn, seredeýin.Işligiňbuýruk Formasynyň birinji ýöňkemesiniň birliksanynda gelen görnüşi. many tarapdan islegaňladýar.
Meger Ýusup düşdi çaýa, jemalyň diýp bakamAýa,
Yrak zemin, Kerbelaýa, bakam Ýusupdiýe-diýe.
BAKASYZ (a-t. baka:syz) - ser. baka.
BAKGAL (a. bakka:l) - bakaleýa harytlaryny satýanadam, azyk harytlaryny we gök önümleri satýanadam.
jelek - bakgal, utar uruşsaň, söýseň.
jelek bir bakgaldyr, dünýä bir bazar,
Kimse ýagşy ýolda, kimseler azar.
jelek bir bakgaldyr, söwda eder sen.
BAKMAK - 1) seretmek, garamak, gözlemek, äňetmek;2) gözegçilik etmek, garaşyk etmek; 3) gm. seretmek,hyzmat etmek.
Döwlet üçin baksaň döwlet humaýa,
Genç üçin syhr okyp, mara ýüz ursam.
BAKY (a. ba:ky:)- 1) hemişelik, mydamalyk, ebedi; 2)galan, galyndy; 3) beýlekiler; baky haýat - hemişelikýaşaýyş, mydamalyk ömür.
Magtymguly, söz bakysy,
Garşyňda ajal sakysy.
"Gaýn" - gany men, maly-mülküm bakydyr diýipsanmagyn.
Hak yşkynda zinde jan, biliň, baky haýatdyr.
BAKY HAÝT (a. ba:ky: haýa:t)- ser. baky.
BAKYR (a. Ba:kyr) - 1) açyjy, ýaryjy, açýan, açypbilen; 2) köp mally adam; 3) alym, köp ylymly adam; 4)ymam Muhammet Bagyryň lakamy; 5) ser. ymam Bagyr weMuhammet Bagyr.
BAKYRGAN (Ba: kyrgan) - 1) Hoja Ahmet Ýsawynyň(ser) şägirdi Gul Süleýmanyň edebi lakamy. Ol HekimAta, Süleýman Ata ady bilen-de meşhurdyr. Bakyrgan(ýa-da Bakyrgany) Garagalpagystanyň Goňrat galasynyňdemirgazygynda, köne kerwen ýollaryň üstündäki birobada doglup, 1186-njy ýylda-da Horezmiň Bakyrgandiýen ýerinde aradan çykypdyr. Şol ýerde onuň mazaryhäzir hem bar. Ol Türküstanda, Seýramda, soňÜrgençde terbiýe we bilim alypdyr. Bakyrgan HojaAhmede eýerip, sopuçylyk, dini-mistiki temalarda şygyrýazypdyr. Onuň eserleri "Bakyrgan kitaby" ady bilenGazanda 1877-nji, soň şol ýerde ýene-de iki gezek neşiredilidir. Bakyrganyň ejesi Enwar ene, gyzy Aýşa Bibi,dogany Garahan (öwlüýä Ata). Ýzan kitaplary:"Ahyrzaman kitaby", "Bibi Mer'em kitaby". Bularyňmazmuny dini, sopuçylyk, mynajat (ser) häsiýete eýedir,olarda Feodalizm döwrüne degişli maglumatlar bar; 2)Horezmde ýeriň ady.
Bardyk saýy Bakyrgan,
Şol Türküstana sary.
Soltan Weýis pälwany, Hekim Ata Süleýmany.
BAL (p. ba:l) - 1) ganat; per-u bal - ganat bilen ýelek; 2)gol, bilek; bal urmak - ganat kakmak; 3) köňül, hatyr,ýürek, kalp.
Bir jumga gijesi gördüm düýşümde,
Bal urup göklere uçdum, ýaranlar.
BALA (ba:la) - çaga; perzent, beçje.
Bir jeren aldyrsa elden owlagyn,
Bala sesin diňläp, salar gulagyn.
- aw awlaýan guş ady, togan; 2) aýy; 3) gm. BALAMAN deşli adam ýa-da haýwan.
Garga ýiter baz, balaman jeninde,
Görnebilmez ol meýdanyň deňinde.
- Türkmenistanyň günbataryndaky BALKAN DAGY dagyň ady. balkan daglary iki bolege: uly (1881) we Kiçi(1376) Balkana bölünýär.
Salsalar mizana, Balkan dagy bolmazdyrpehäň,
Aýdadyr Magtymguly ähdiň ýalan, ýokdurwepaň.
BALH (p) - demirgazyk Owganystanda Mazary-ŞeriFiňgünbatarynda ýerdeşýän şäher. Bu şäher gadymdaBahtar atlandyrylypdyr we gadymy Horasanyň iň ulyşähelerinden biri hasaplanypdyr. Üj asyrda Balh araplartarapyndan basylyp alnypdyr. Ol H D - H DD asyrlardaGaznewitler, Seljukitler, Guritler dinastiýalarynyňgolastyna geçipdir. 1221-nji ýylda Balhy Çeňgiz han basypalýar. 1369-1370 -nji ýyllarda bolsa emir Teýmuryňygtyýaryna geçýär. Mongollaryň hüjüminden öň Balha"Kupbatul-yslam" diýlipdir. jählewi dilinde Balha derek"Bahl" ýa-da "Bähl" diýlipdir. Ahamenidler döwründe"Baktriýa", ençeme gadymy çeşmelerde bolsa, "Balhy -Bamy" şekilinde gelýär. Meselem, Farruhynyňşygyrynda.
Balhy bina eden adam hakda dürli rowaýatlar bar.Ibn-Esir ony Luhrasp bina edipdir diýip ýazsa, GazwynyMenuçihr bina edipdir diýýär. Käbiri Balhyň esasynygoýan Keýumers diýýär, ýene birnäçesi ony Guştaspsaldyrypdyr diýýär. Käbiri-de Balhy bina eden Isgenderdiýip belleýär. Emma bularyň hemmesinden has dogrusyGuştaspyň saldyrandygy hakdaky maglumat bolsa gerek.Çünki şahyr Dakykynyň bir şygrynda Balhyň Guştaspdöwründe bolanlygy we onuň ähmiýeti hakdabildirilýär.
Balhy bogaz derdi, jeşaweri daş,
Amman şährin derýa, Basrany ataş.
Medinäni açlyk, Mekgäni Hebeş,
Hyrat, Kandahary mar harap eýlär.
BALYG (a. ba:lyg) - 1) ýetişen, ýaşy ýeten;ýetişgenlik ýaşyna ýeten; 2) ýetýän; mynasyp; 3)takmynan.
Niçe mursal geçdi, niçe müň nebi,
Niçe balyg geçdi, niçe müň sabi.
BAMYÝN (p. Ba: miýa:n) - Owganystanyň gadymyşäherleriniň biri. Ol Balh bilen Hyratyň aralygyndaerleşip, daşynda mäkäm galasy bolupdyr. Köne dowürdebutparazlaryň "Surhbut" we "Hingbut" atly meşhur butlaryşol ýerde ýerleşipdir. Häzirki döwürde ol şäheriňharabaçylygy Kabulyň demirgazyk-günbatar tarapyndaerleşýär.
Gaýrasy horram Hytaý, Gypjak, jereňňi,Bamyýan,
Şargy, garby Hind-u Sent, Deken durardöwri-jahan,
BAŇGIRMEK - ser. baňňyrmak.
BAŇŇGRMEK - ses edip aglamak, gygyrp aglamak,möňňürip aglamak.
Degirmen deý baňňyr men, semender deýataşhor,
Ýndym, bişdim, ýar-dostlar, örtendim, eda boldum.
BAj D (a. ba:b, ks. ebwa:b) - 1) gapy, girelge; 2) birkitabyň bölegi; 3)geçit, bogaz; 4) derweze.
Haýran galdym bir jahansyz jahana,
Beýit kaýsy hem bap kaýsy bilmedim.
HeFtaýyl ebwabyn baryp kim açdy?
BAj DD (p. ba:b) - 1) hakda, hakynda, barada; 2)rowaç.
Magtymguly, sözlegil sen her bapdan,
Bu dünýä tutdurmaz, çüýrükdir düýpden.
BAR D (p. ba:r) - miwe, hasyl; pürbar - köp hasylly,köp miweli, bar almak- hasyl almak, miwe almak.
Bar almadyň bagyndan,
Hazan urdy tagyňdan.
Ekseň bar getirmez ol gury söwüt.
BAR DD (p. ba:r) - 1) ýük, agyrlyk; bary-mähnet -kynçylygyň ýüki; bary-yşk - yşkyň ýüki; bary-geran -agyr ýük; kynçylyk; agyr wezipe; 2) gezek, garen; sed bar -ýüz gezek.
BAR DDD (ba:r) - baýlyk, zat, mal, mülk; barsyz -baýlyksyz, zatsyz, malsyz; antonimi: barly.
Dura-dura dosty sowyr,
Garyp galan barsyz ärden.
Zamana beýledir, göze ilmezler,
Her kişiniň golda bary bolmasa.
- bolmaklyk, eýelik; antonimi: ýok; bar BAR 1Ü (ba:r) eden - ýaradan, döreden, bolduran.
On sekiz müň älem ählin bar eden rebbimjelil,
Dönderip dergahyna hem zar eden rebbimjelil.
- ýuwaş-ýuwaş, gitdigiçe, wagt geçdigiçe, BARA-BARA kem-kemden, barha.
Bara-bara köňül geçer,
Täsibi ýok, arsyz ärden.
BARABAR (p. bera:ber) - 1) deň; 2) birlikde bolan;bilelikde.
Bir eblehiň näkes sözi.
Barabardyr nar biläni.
BARADYR - barýandyr, bir işiň dowamly ýerineýetirilýänligini aňladýar; geçip baradyr - yzygiderligeçýändir.
Bu dünýä misli kerwensaraýmyş,
Gelen ýük ýazdyryp geçip baradyr.
BARAM (ba:ram) - "bardyr men, bardyryn men,bardyryn" diýen söz düzüminiň gysgaldylan Formasy; täbaram zinde - tä dirikäm, tä diri barkam.
Ýkyn köňül bile muştakam bende,
Ýdyňyz eýlärem, tä baram zinde.
BARAN (p. ba:ra:n) - ýagyş, ýagmyr, ýagyn;bady-baran - el-ýagyş.
ÝOgsa sönmes baran bile, buz bile.
Otlar hem diýr "Rebbena!",
Bady-baran içinde.
BARARGA - "barmak" işliginden ýasalan inFintiw,işligň nämälim Formasy; barmaklyga.
Bende men, bararga gaýry ýerim ýok,
Istegim özünden eýlemäýinmi?
BARGAN - "barmak" işliginiň gadymy ortak işlikFormasy; baran.
Magşar sary bargan bir ulug göçdür,
Keýnimizden ajal ýetip baradyr.
BARGU (bargu:) - barjak; barýan; bargu ýer - barjakeriň.
Gördür seniň bargu ýeriň ýatmaga...,
Bu işlere, meger, aklyň ýetmez hiç.
BARGÄH (p. ba:rga:h) - köşk, şa köşki, şalaryňadamlary kabul edýän ýeri.
Süleýman dek alyjahy,
Dört ýüz gurular bargähi.
BARDYK SAÝY- baran wagty, baranda; barýanwagty.
Bardyk saýy Bakyrgan,
Şol Türküstana sary.
BARK (a) - 1) ýyldyrym; 2)tok (r), elektrik; bark urmak- ýyldyrym çakmak.
Ýigitler, bu dünýä şuňa mysaldyr,
Bark urar asmanda, baran eglenmez!
BARMAK - 1)bir ýere gidip ýetmek, gelmek; 2) gitmek,öňe hereket etmek; 3) ýetmek, göterilmek.
Aç hem bolsaň, barma ile dilege,
Diý: "Köşkde men, başym barmyş pelege".
BARUK (p. ba:ryk) - ýagty, röweşn, ýaldyrawuk.
Bar ýüzi barukdyr, ýok ýüzi çirik,
Çirik diýp, gaty söz aýdyjy bolma.
BARHA D (barha:) - gitdikçe, bardykça, gün-günden,kem-kemden.
Magtymguly aýdar, barha ýol tany,
Bäş gün synamaga iberdi seni.
BARHA DD (ba:r+ha:) - ençeme gezek, birnäçe sapar.Iki sany sözden emele gelen: "Bar" - ýagny gezek we "ha" -pars silinde köplük sany aňladýan goşulmalaryňbiri.
Jary eýläp barha çeşmi-nedamat eşkini,
Gözleriňden akyzyp şory-kyýamat eşkini.
BARÇA - hemme, hemmeler; bütin, jem.
Barçany bidar gördüm, özüm uýkudabildim.
Ýgşy-ýaman, barça adamyň bary.
Barçasyn düýrleýip aldy, neýläýin.
BARY (ba:ry) - hemmesi, jemi.
Bir tört atly geldi, bary sebzebaz,
Asalary ýaşyl, aty teblebaz.
Magtymguly, bu dünýäniň höwesin,
Ýygyp, tirip, ýele berdim barysyn.
BARY-GERAN (ba:r-e gera:n) - ser. barDD.
- ser. bar BARY-MÄHNET (p-a. ba:r-e mehnet) DD.
- ser. bar DD. BARY-YŞK (p-a. ba:r-e yşk)
BARYŞMAK - 1)gatnaşyk etmek, baryş-geliş etmek; 2)ýaraşmak.
Hoş günüňde hoşwagtlaşyp gezmäge.
Baryşmaga, gelişmäge ýat ýagşy.
Bedew gerek - äre söweşde serhoş,
Ýt bilen baryşsaň, bolar garyndaş.
BASALAMAK - depelemek, aýak astyna almak;ýumurmak.
Bir gün basalap öldir sen,
Baky garyndaş bolmar sen.
BASAFA (p-a. ba:saFa:) - sapaly, arassa, päk; hoş,horram.
"Zal" - zelillik çekmesin diýp, basaFany eýledi,
"Ri" - rahmet bahrydan yhlas umyt tutmakgerek.
BASDYR (basdy:r) - basdyrar; batyrar, doldurar.
Bagzy gözel sirkä basdyr saçyny,
Artmaz, ýuwmaz tabagyny, daşyny.
BASMAK - 1) basalamak, depelemek, agram salmak; 2)üstün çykmak, boýun egdirmek, ýeňmek; 3)bir ýeretoplamak; aýak basmak - ýetişmek, ýetip başlamak;basyp ötmek - basalap geçmek.
ÝOl üstünde ölsem, ýola atsalar,
Razy men üstümden basyp ötseler.
Imdi aýak basdyň otuz öýüne,
Gözýaşy saçylar çagdyr bu çaglar.
BASRA (a. Basre) - Yrakda bir port şäheriň ady. OlTigr-EwFat derýalarynyň birigýän ýerinde - Şettilarabyň günbatar kenarynda ýerleşýär. Bu şäher ikinjihalyFa Omaryň döwründe onuň serdarlarynyň biri bolanAtaba ibi Gazwan tarapyndan bina edilipdir.
Amman şährin derýa, Basrany ataş...
Hyrat, Kandahary mar harap eýlär.
BASYM - tiz, çalt, derrew.
Adamzatdan çykar adamlyk ysy,
Galp adamyň basym biliner misi.
BAT (p. ba:d) - 1) ýel, şemal, howa, hereket edýänhowa; 2) çiş; bada bermek - ýele bermek, biderekgeçirmek, ýele sowurmak, bihuda harçlamak, hasapyzsarp etmek.
Wadaryg-a, geçdi ömrüm zaýa, berdim bada, heý;
ajal bady - ölüm ýeli.
Täze ömrüň solar ajal badyndan;
bady-baran- ýel-ýagyş.
Otlar hem diýr: "rebbena!",
Bady-baran içinde;
bady-saba - 1) ertir bilen ösýän mylaýym şemal; 2)sufizmde Allanyň ysy.
Bady-sart - sowuk şemal, sowuk ýel; bady hazan - güýzşemaly; gm. sowuk şemel; gaýgy-gussa.
Reňgi sollmuş bady-hazan ýelinden;
bady -häk - ýel bilen toprak, howa bilen toprak; bateýlemek - joşmak; çişmek, möwç urmak.
Magtymguly, yşk özünden bat eýlär,
Yşk işidir, aşnalary ýat eýlär.
BAT EÝLEMEK (p-t)- ser. bat.
BATAL (a. ks. abta:l) - 1)batyr, edermen; 2)sufizmtermini, ser. nakyp.
BATMAK - 1) çümmek, gark bolmak; bulamak(palçyga, laýa); 2) ýaşmak; çümmek; gara guma batmak- gm. ölmek, aradan çykmak.
Gün gyzdyrmaz, batmaz Aýlar.
Gana batdy üzeňňiler.
Tört müň tört ýüz ýaşan Lukman hekimiň,
Başy gara guma batdy, ýarandar!
BATYL (a. ba:til, ks. eba:ti:l) - 1) nädogry, nähak;bozuk; hakykata ters gers gelýän; antonimi - hak; 2) boş,bihuda, biderek; 3) ýapyk, bozuk; batyl galmak - ýapukbolmak, bozulmak; dagwaýy - batyl - biderek daea; batylbolmak - 1) ýatyrylmak; 2) kör bolmak.
Batyl galan aryk akmaz.
Eýleýip bir-birine dagwaýy-batylny heman.
BATYN (a. ba:tin) - 1) iç, içi; gizlin, pynhan; her birzadyň içi; antonimi - zahyr (ser); 2) syr, raz (ser); 3)ruh,jan, göwün.
Magtymguly, kimse bilmez batyny,
Öýlenseňiz, garap alyň Atyny.
BATYRLYK (ba:tyrlyk) - edermenlik, gorkmazaklyk,gorkmazaklyk, gahrymanlyk, gaýduwsyzlyk,gaýratlylyk.
Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde,
Ony başarmaga kişi gerekdir.
1) gark etmek, çümdürmek (suwa BATYRMAK -ýa-da başga bir suwuklyga); 2) gm. çuň oýlanmak,oýlanmaga sebäp bolmak.
jikir derýasyna aklym gämisin,
Batyrmyşam, çyka bilmen, neýläýin?!
Ýigitlik paslyny gyşa ýetirdim,
Kämillik keştisin derýa batyrdym.
BAHA (p. baha:) - nyrh, gyýmat.
Kimi berip, anyň bahasyn alyp,
Her kime bir belli baha eýledi.
BAHAWETDIN NAGYŞBENDI (a-p. Baha: od-di:n- ady Hojamuhammet, sufizmiň meşhur Nakşbendi:) pirleriniň we ýolbaşçylarynyň biri. Ol sufizmde"nagyşbendiýe" "nakşbendiýe" akymynyň esasynygoýupdyr. Bahawetdin 1318-1319 -njy ýyllar çemesindeBuharanyň golaýynda bolan Nagyşbent obasynda enedenbolýar. Seýit Emir. Kulalydan sapak alýar. Ondanbaşga-da hoja Abdylhalyk gajduwany, Möwlana AryF weHalyl Ata dagynyň ýanlarynda bolup okaýar. Onuň"Haýatnama" "Ýşaýyş Kitaby", "Delili-aşykyn""Aşyklaryň ýol görkezijisi" ýaly sufistik temada ýazaneserleri hem bar. Bahawetdiniň taglymaty doga we zikiridilden, gygyryp okap aýtmagy däl-de, ýürekden aýtmagytalap edýär. Magtymguly öz eserlerinde ençeme gezekBahawetdini ýatlap, oňa uly hormatgoýupdyr.
Bahawetdiniň mazary Buharanyň demirgazykgündogarynda Kakan şäherine degişli bolan Bahawetdinatly ýerde ýerleşýär we onuň doglan ýerinden onkilometr aralyk bar.
Bir gije ýatyrdym şa Nagyşbendi,
Keremi joş eýläp, bir nan getirdi.
Ol Bahawetdin, ol hem bir ärdir.
Bahawetdin Mirkulal,
Zeňňi BabanY görsem.
Bahawetdin atly diwana geldi.
BAHADUR (baha:dor) - batyr, edermen, pälwan,gorkmazak.
Gulan, keýik ol Karuna mal bolsa,
Bahadurlar göwni Rüstem Zal bolsa.
BAHAR (p. baha:r) - ýaz, ýaz pasly; bahar eýýamy -ýaz wagty, ýaz pasly; ýigitlik bahary - gm. ýigitlik çagy,ýigitligiň hoş günleri.
Bahar eýýamynda, heýhat gününde.
Ötürdim men ýigitligiň baharyn.
BAHR (a., ks. bohu:r we biha:r) - 1) deňiz; derýa; 2)aruzda şygyr ölçegi (mes.:remel, rejez, tewil, medit we b.,jemi 19 bahr bar); 3) gm. ylymda deňi-taýy bolmadykadam; bahr era - deňiz içinde.
Bahr era balyk içinde rahat eýläp uklanan;
Rahmat bahry - mähribanlyk deňzi.
"Ri" - rahmat bahrydan yhlas umyt tutmakgerek;
bahry-umman - umman deňzi; gm. giň göwünli, giňgöwrümli.
Ähli-kanyg meňzär bahry-ummana.
Bahary-Umman - (a. bahr-e Omma:n) - ser. bahr.
BAHS (a., ks. ebha:s) - 1) bir zat hakynda töwerekleýinsöz açyp, hakykaty ýüze çykarma; gürrüň; gepleşik,jedel; bahs etmek (kylmak) - jedel etmek, hakykaty ýüzeçykarmak üçin jedelleşmek; bahsy-jeň- jedel - uruş;uruş jedeli.
Diýdim: "Dünýä üçin nedir bahsy-jeň?",
- Bihuda bogaz ýyrtmak ýersiz galmagal.
- ser. bahs. BAHSY-JEŇ (a-p. bahs-o jeng)
BAXIIIAŞ (p. bahşeş) - ser. bagşyş.
BAHYL (a. bahy:l, ks. bohala:) - husyt, gysganç; näkes;jümri; pes; antonimi - sahy (ser).
Bahyllardan yrak eýde ýoluňny.
Bahyl baýda berim bolmaz,
Merdiň sözün bawar kylmaz.
BAŞ - 1) kelle, ynsanyň ýa-da haýwanyň kellesi; 2)gm. ýolbaşçy, ýol görkezýän; 3) üst, boýun; başgoýmak - pida bolmak, janyňy bermek.
Dört müň, dört ýüz ýaşan Lukman hekimiň,
Başy gara guma batdy, ýaranlar.
Kämil ýoluna baş goý, ýalançydan el göter.
Artyk salgydyny özüň tölir sen,
Agzy ala kowumlara baş bolman!
Kim belany satyn alsa başyna,
Reşk edip, rakyplar geçer daşyna.
BAŞARMAK - bir işiň hötdesinden gelmek, oňarmak,bir işi alyp baryp bilmek.
Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde,
Ony başarmaga kişi gerekdir.
- çak edilişine görä, bu sözler BAŞAŞAK AGAÇ arkaly şahyr "Bagy-muallagy" "Asylyp duran bagy" gözöňünde tutýar. Ol bagy Babylyň (Wawilonyň) patyşasy(biziň ermyzdan 562-605 ýyl öň) öz aýaly Semiramisüçin saldyrypdyr. Ol bag dörtburçluk şekilinde bolup,EwFrat derýasynyň gündogaynda ýerleşipdir. Gradotasalgylanylyp, käbir sözlüklerde ol bagyň sütünler arkalyýetmiş ädim ýerden ýokarda ýerleşýänligi hakdaaýdylýar.
Başaşak asdylar kaýsy agajy,
Hak kaýsy dostuna berdi magrajy.
BAŞDAŞ - erkegiň ilkinji gezek öýlenen aýaly ýa-dagyzyň ilki durmuş çykan adamy.
Jeň wagtynda ýigitleriň başdaşy,
Il üstünde namys biden baş döker.
BAŞÇY - ýol görkeziji; ýolbaşçy, başlyk.
Başçysyz, pähimsiz ýola girenler,
ÝOlun şeýtan urar, ýoly ters çykar.
BAEDEj (p-a. ba: edeb) - edepli, tertipli.
Towazyg pişe kyl, bolup baedep.
BAÝK - öň, öňräk, arada; ol gün, birnäçe günmundan öň.
Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda,
Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda.
BE (p) - herektiň ugruny görkezýän predlog. Bupredlog türkmen delindäki ýöneliş düşüme gagatgelýär. Mes.: behak - haka; bedergäh - bosaga:, gapa.
Ylahy behakky-jatmaýy-kyýam,
Muhammettagyýa bagyşla bizni.
BEG - 1) köne döwürde häkim gatlagyň belli birtoparyna berilýän titul; 2) rewolýusiýadan öňki döwüredebiýatynda we Folyklorynda käbir gahrymanlaryň adynahormat üçin goşulyp aýdylýan epitet.
Bedasyl özün beg saýar.
Ýrlygy ýöriban nurbatsyz begler,
jukaranyň gözde ýaşyn aňlamaz.
BEGZALA (t-p. beg-za:de) - begden dogan, beg ogly; ser.zada.
Hyzmat kylsaň, bolsun bir asylzada,
Ata-babasyndan beýik begzada.
BEDASYL (p-a. bed+asl) - asly ýaramaz, pes, erbet,asylsyz.
Bedasyla beglik ýetse bir günde,
Alar awun, salar guşun aňlamaz.
BEDGAT (b. bid''at) - ser. bidgat.
BEDEW (p. bedew) - ýüwrük at, çapylýan tohum at.
At gazanar goç ýigidiň,
Owwal bedew aty gerek.
BEDEL (a., ks. bedela:t we ebda:l) - 1) derek, öwez,ýerine, deregine; üýtgeýiş; 2) bir zadyň ýerini tutýanýa-da tutup bilýän; 3) garşylyk; bir zadyň ýerine berlen,ýasama, galp; 4) hormatly, uly, abraýly; bedel kylmak -garşylyk bildirmek, galpyk etmek.
Allanyň emrine kylmagyl bedel.
Dünýä owwal bedel, galpdyr, gallapdyr.
BEDEN (a., ks. ebda:n) - göwre, ten, endam.
Ruza tutmaz bendelerni hak jähennemde ýakar,
Suraty hynzyr sypat, nagşy bedenlerondadyr.
BEDARGÄH (p. be+derga:h) - köşge, gapa bosaga; ulyadamlaryň kabul edýän ýörite jaýlaryna;bedergähi-deri-gurbat - (hudaýa) ýakynlyk gapysynyňbosagasynda.
Bedargähi-deri-gurbat erer olhadyýy-wahdat.
- ser. BEDERGÄHI-DERI-GURBAT (p-a) bedergäh.
BEDI (p. bedi:) - ýamanlyk, erbetlik, ýaramazlyk;antonimi - hu:bi: - ýagşylyk; bedi eýlemek - ýamanlyketmek.
Diýrler, tapsak Ahmedi,
Eýlärmiz oňa bedi.
BEDIL (a. bedi:l, ks. bodala:) - ser.budala.
BEDIR-JEŇI (a-p-t. Bedr jengi)- Mekge bilenMedinäniň arasynda bir oba hem-de Bedir ibi Kuraýşyňgazdyran guýusynyň ady.
623 - nji ýylda şu ýerde Muhammet pygamber mekgeliküFFar (ser) bilen urşup, olary ýeňýär. Şu uruşBedirde bolany üçin, oňa "Bedir Urşy" "Jeng-e Bedir" atgalypdyr. "uhut" urşunda musulmanlar ýeňilýärler.Taryhy kitaplarda hakyky Fakt şeýle bolsa-da, nämeüçindir Magtymguly "Muhammet Bedir urşunda basyldy"diýip ýazypdyr.
Muhammet basyldy Bedriň jeňinde.
Bedriň urşunda daglar,
Edi aýlap duman oldy.
BEDIRKÜWH (p. Borz+ku:h) - ser.Burzküwh.
BEEKBAR (p. be+ek+ba:r) - 1) birdenkä, birden,tötänden;
2) bir gezek; ser. beýewbar.
Kişi terk eýlese witrin beýekbar.
Şa didigin halk diýdi, men hem soraýbeýekber.
BEZGEK - bezbeltek, toklutaýlar maşgalasyndan bolanguş ady.
Bezgek galyp haýrana,
Haýran bakyp her ýana.
BEZEMEK - bezeg bermek, gelşige getirmek,owadanlamak, gözelleşdirmek (bir zat artdyrmakarkaly).
Biribar boş etse aklyň käsesin,
Ne peýda daşyndan bezamek bilen.
BEZENMEK - özüňi bezemek, owadan görnüşegelmek, gelşikli bolmak, timarlanmak.
Eý ýaranlar, maly-dünýä maýasy,
Görünmekdir bir-birine bezenip.
BEZZAT (p-a. bed+za:t)- tüýsi ýaman, päli ýaman ,bolşy ýaman, zaty ýaman.
Başyň goşma gadryň bilmez bezzada,
Goşsaň, goşgul başyň bir asylzada.
- toý-meýlis, şatlyk, keýpi-sapa; 2) BEZIM (p. bezm) aýyş-eşret, içgi içip keýpi-sapa etmek; bezim eýlemek(etmek) - keýpi-sapa sürmek, şatlyk etmek, meýlisgurmak; döwran sürmek, aýşy-eşret etmek.
Bolsa-da bezm era bir ýada salmak.
Bezimiň lezzetin bilmeýen adam.
Gaýr ile bezm eýleýip, eýlese hoş köňlüni ýar.
BEZIR (a. bezr, ks. bozu:r) - 1) tohum, däne, ekiljekdäne; 2) keten tohumy.
Bezriňi ýere seper sen.
BEZIRGEN (p. ba:zarga:n) - sözdegär, täjir,alyş-beriş edýän uly täjir; bezirgenlik - söwdegärlik,täjirlik, başga ýerler bilen söwda etmeklik.
Hindistana bezirgenlik kylanlar,
Malyn satyp geldi, bular gelmedi.
Agyr bezirgenler, tüçjar eýeler.
Bezirgenler mydam ýola bil baglar.
BEZIRKÜWH (p. Bedrku:h) - ser. Bedirküwh weBurzküwh.
BEZM (p) - ser. bezim.
BEÝZE (a) - 1) ýumurtga; 2) tohum, erkeklik organy;beýzeýi - enwar - gm. Gün.
Haýbat ile Ferş öýün hemwar eden rebbim jelil,
Emr edip, bes, beýzeýi-enwar eden rebbimjelil.
BEÝZEÝI-ENWAR (a. beýze-ýe enwa:r)- ser. beýze weýenwar.
BEÝT D (a., ks. boýu:t) - öý, işik, mesgen, jaý,ýaşalýan ýer.
Beýt kaýsy, hem bap kaýsy bilmedim; beýtil-ahzan - 1)gaýgylar öýi, gam-gussa öýi; 2) dini rowaýatlara görä,Ýkup pygamberiň öz ogly Ýusubyň gamy zerarlyýekelikde ýaşan öýi.
Kyrk ýyl zar ýyglatyban beýtil-ahzaneýledi;
beýtil-hazan - gam öýi, gussa öýi. gm. saralyp solanwagty, garrylyk ýaşy.
Göiýa beýtil-hazan men, şat gelen gamnäk ola,
Tä haýaty-panyýam, synam seniň çün çäk ola.
BEÝT DD (a., beýt,ks. ebýa:t) - 1) Gündogarpoeziýasynda şygryň yzly-yzyna gelýän iki setiri. Mundasan taýyndan täkler ilkinji we jübtler hem ikinji setirbolup gelýär. Beýdi emele getirýän setirlerkapyýalaşmagy ýa-da kapyýalaşmazlygy-da mümkindir;2) türkmen dessanlarynda, bagşylaryň dilinde şygyr,goşgy, gazal manysynda ulanylypdyr.
Dostları ilə paylaş: |