58
Harpyň ýazylyşy «jim», «çim», «hy» harplarynyň ýazylyşyna meň‑
zeşdir, ýöne «hi» harpynda nokat ýokdur. Harpyň goşulyşyna üns be riň:
ﺢحﺣ ﺢﺣ ﺡ
تﺣﺍﺭ ﺡﻭﺭ ﺡون
1-nji gönükme.
«Hi» harpynyň her görnüşinden üç setir ýazyň.
2-nji gönükme.
«Hi» harpyny
ﺥ ﺝ چ ت پ ب
harplary bilen go‑
şup, sözleri düzüň we olary sözlem içinde ge tiriň.
3-nji gönükme.
Aşakdaky sözleri okaň we depderiňize göçüriň:
ﺡ ﻭ ﺭ ﺞﺣ ﭺ آ ﭻنيﺗ تﺟ ﺎﺣ ﺎيﺣ ﺝ ﺎﺗ تّنﺟ
ﺭﻭﺩ
ﺍدتﺣﺍﺭ ﺭﺎﺑ ینﺍﺩﮊﻭ یﺩرﺑ ربﺧ
4-nji gönükme.
Aşakdaky sözlemleri köne türkmen ýazuwyna
geçirip depderiňize göçüriň:
Ata irden habar berdi. Durdy çaý içýär. Jeren haty owadan
we tiz ýazýar. Oraz Abatdan Hajar üçin bitin nan iberdi.
«Alahy» harpy
ﻪ
ﻬ
ﻫ
ﻩ
«Alahy» harpy türkmen dilindäki ýumşak «h» sesine meňzeş sesi
aňladýar. Bu ses hasyl bolanda öýkenden gelýän howa akymy hiç ýerde
kesilmän göni agyzdan çykyp gidýär. Ol dört görnüşli harplara degişli
bolandygy üçin iki tarapyndan gelýän harplara goşulyp bilýär. Esasan,
dört hili ýazylyşy bar, ýöne bu harp başga‑da birnäçe görnüşde ýazylyp
bilner.
Hemra, para, hawa, bahar
ýaly sözleriň ýazylyşynda ulanylýar.
Görşümiz ýaly, türkmen dilinde ýumşak «h»
sesini köne türk
-
men ýazuwyndaky «hi» we «alahy» harplary berýär. Harplaryň beýle
atlandyrylyşy olar biri‑birinden tapawutlandyrmak üçindir. «Alahy»
har pynyň aňladýan sesi aýdylanda garyn boşlugynda ýeňil silkiniş du‑
ýulýar. Arap we pars dillerinden alnan sözler asyl dilinde haýsy «h»
bilen ýazylan bolsa, köne türkmen ýazuwynda hem şol harp lar bilen
ýazylmalydyr. Eger bu düzgün ýerine ýetirilmese sözüň ma nysy üýtge‑
ýär. Bu harplary tapawutlandyrmak, adatça sözleriň ýa zylyşyny öw‑
renmek we sözlük kitaplaryna salgylanmak arkaly amala aşyrylýar.