(Patyşa Hoja. Gülzar. Aşgabat, 2004)
«Aýn» harpy
ﻊ
ـعـ
ـع
ع
«Aýn» harynyň berýän sesi türkmen diline mahsus däldir. Ol ses
bokurdakdan zarply çykýan ses bolup, diňe arap dilinde ulanylýar.
Ony dogry aýtmak arap dilini gowy bilmeýän adamlara örän kyndyr
hem‑de uzak wagtlyk türgenleşigi, endigi talap edýär. Bu harp diňe
arap sözlerinde ulanylýar. «Aýn» dört görnüşe eýedir. Onuň özbaşdak
hem‑de sözüň ahyrynda gelýän görnüşleri setir çyzygyndan aşak
düşürilip ýazylýar. Sözüň başyndaky we sözüň ortasyndaky görnüşleri
setir çyzygynyň üstünde ýazylýar. «Aýn» harpynyň goşulyşy:
ﻊـعــع ع
بﺮع یلع ضوع بﻴﻟدﻨع
75
«Aýn» harpynyň aýratynlyklary
1. «Aýn» harpy sözüň başynda gelende «
fatha
», «
kasra
», «
zam-
ma
» hereketleri goýlup, «a», «o», «y», «i» sesleriniň birini aňladýar.
ﺽر َع لم َع ﺏر َع ده َع لق َع ﺎقن َع
مل ِع ﻕﺍر ِع ﺕﺭﺎم ِع ﺕرب ِع
ﺭذ ُع رم ُع
2. «Aýn» harpy sözüň başynda gelip, soňundan «elip» harpyny
kabul etse, «a» görnüşinde okalýar.
ﺕﺩﺎع لقﺎع قﺷﺎع مﻟﺎع
3. «Aýn» harpy sözüň başynda «elip» harpyndan soň gelende,
köplenç, türkmen dilindäki «g» sesini aňladýar.
ﻥلاعﺍ مظعﺍ ﺭﺎبتعﺍ لاعﺍ
4. «Aýn» harpy sözüň içinde gelende türkmen dilindäki «g» se
-
sini hem aňladyp biler.
ٌمِّلَعُﻣ ﺕﺩﺎعﺳ تعﺎﺳ یعنﺻ تعرﺳ تعنﺻ
5. «Aýn» harpy sözüň ahyrynda gelende türkmen dilinde köplenç
okalmaýar.
ﻊﻣﺎﺟ ﻊفن ﻊمﺟ
6. «Aýn» harpy dilujy «d», «r», «z», «l» , dilorta «ý», dilardy
«k» seslerini aňladýan çekimsizleriň öňünden gelende, köplenç, gys
-
ga «a» sesini aňladýar.
ﺵرع ﺏﺍذع
7. «Aýn» harpy sözüň başynda gelende «o», «u», «ö» dodak çe
-
kimlilerini hem aňladyp biler.
ﻥﺎمثع رمع
8. «Aýn» harpy käbir sözlerde sözüň başynda «ä», «e» inçe çe
-
kimli seslerini aňladyp bilýär.
رﮕﺳع ﮏنيع
76
9. Türkmen nusgawy edebiýatynyň tekstlerinde sözüň başynda
gelýän «aýn» harpy käbir sözlerde «a», «e» çekimlilerini aňladyp
gelse‑de, janly gepleşikde şol sözleriň öňünden, köplenç, «h» sesi
artdyrylyp okalýar.
لسع ثبع ﺕزع
Bu sözler «
hezzet
», «
hebes
», «
hesel
» görnüşinde okalýar.
Dostları ilə paylaş: |